GARAGOÝUNLY TÜRKMENLERIŇ DÖWLETI
(1378 – 1469 ý.)
Mongol basybalyşlary adamzat taryhy üçin iň uly heläkleýji zarbalaryň biri boldy. Mongollar adamzat taryhynyň ösüşine uly zyýan etdiler. Emma olaryň ýetiren zyýanlary türkmenler üçin has hem uly we pajygaly boldy. Şeýle zyýanyň biri hem türkmenleriň ep-esli böleginiň Günbatara gitmegidir. Mongol zarbasyndan Günbatara göç eden türkmenleriň bir bölegi garagoýunlylardyr.
Garagoýunlylar türkmenleriň uwa taýpasyndan gelip çykan hasap edilýär. Uwa bolsa türkmeniň iň gadymy taýpalarynyň biri bolup, olaryň bir bölegi häzir hem Buhara sebitlerinde ýaşaýar. Orta asyr «oguznamalarynda» uwa Ýiwa, Iwa görnüşinde berlip, Oguz han Türkmeniň agtyklarynyň biri hökmünde görkezilýär. Kiçi Aziýa baranlaryndan soň, ywalar Wan kölüniň kenarlaryny ýurt tutunypdyrlar. Iwalardan gelip çykan garagoýunlylar güýçlenip, Azerbaýjanyň, Gündogar Anadolunyň, Yragyň taryhynda uly orun eýeläpdirler.
Garagoýunlary döwletini döredenler diňe bir uwalar däldir. Bu döwleti binýat edenler Oguz hanyň Ýuwa, Ýazyr, Düker, Owşar agtyklarynyň nebereleridir. Olar öz aralarynda baranly, duharly, sadly, garamanly, hajyly, bozdogan ýaly tirelerden düzülipdir. Bu türkmenleriň başynda 1380-nji ýyla çenli Baýram Hoja atly serdarlary bolupdyr. Şol ýyl Baýram Hoja aradan çykansoň, ogly Gara Mämmet döwleti ulaltmaga başlapdyr, 1388-nji ýylda Töwrizi alyp, ony paýtagty edipdir.
Garagoýunly we Akgoýunly diýilmeginiň sebäbi, Garagoýunly döwletiniň baýdagynda gara goçuň şekili, Akgoýunly döwletiniň baýdagynda ak goçuň şekili bolupdyr, şol sebäpli hem olar şeýle atlandyrylypdyr. Garagoýunly döwletini esaslandyran Baýram Hoja Türkmen soltan Üweýs Jelair emirleriniň biri eken. Ol Töwrizde ýaşapdyr. Soltan Üweýs ýogalandan soň, Baýram Hoja özbaşdak bolupdyr we öz ýanyna taýpadaşlaryny toplap başlapdyr. 1380-nji ýylda Baýram Hoja Türkmen ýogalandan soň ogly Gara Mämmet Wanyň töwereginde döwlet döredýär.
Bu döwlet Gara Ýusubyň hökümdarlygy döwründe güýçli derejä çykýar. Soltan Agsak Demiriň ölmegi bilen Garagoýunlylar sebitde iň güýçli döwlet halyna gelýärler. Gara Ýusup 1409-njy ýylda Mardini eýeläp, Artyklylar döwletini syndyrýar. 1410-njy ýylda Erzinjany, 1415-nji ýylda Azerbaýjandaky Soltaniýäni alýar, soň Bagdady eýeläp, uly döwlet derejesine ýetirýär.
Garagoýunlylaryň döwletiniň başynda Gara Muhammet Durmuş durýar. Emma onuň özi entek doly azat, garaşsyz häkim bolmandyr. Onuň ogly Gara Ýusup Töwrizi basyp alypdyr we ony Garagoýunly döwletiniň paýtagtyna öwrüpdir. Töwriz şäheriniň orta asyr türkmen dessanlarynda köp duşmagy şol döwürdäki türkmen medeni-ruhy bitewüliginiň we umumylygynyň bir şaýatnamasydyr.
Gara Ýusup gaty edenli we dogumly kişi bolupdyr. Ol şol döwrüň uly basybalyjysy Agsak Demire garşy uruş yglan edipdir. Emma güýji asgyn gelip, Müsürde hökümdarlyk edýän mamlük türkmenleriň arasyna gaçypdyr. Diňe 1406-njy ýylda, ýagny 6 ýyldan – Agsak Demir ýogalandan iki ýyldan soň Töwrize gaýdyp gelipdir. Döwleti mazaly aýaga galandan soň, garagoýunlylar öz garşydaşlary akgoýunlylar, gruzinler, şirwanşalar, şeýle-de Agsak Demiriň ogullary, agtyklary bilen uruş alyp barypdyrlar. 1408-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ne il arasynda ýigrenilendigi sebäpli Miranşah (ýylanşa) adyny alan Agsak Demiriň agtygyny we Şahruhuň goşunlaryny Gara Ýusup derbi-dagyn edýär. Miranşa söweşde öldürilýär. Netijede, Agsak Demir döwletiniň Ilerki Aziýa agalygy gutarýar.
Garagoýunlylar ele alan ýerleri bilen kanagatlanmandyrlar. Olar Merkezi Aziýany eýelemek maksady bilen Gara Ýusubyň ogly Jahanşa döwründe (1438 – 1468 ý.) Şahruha garşy harby ýörişler gurapdyrlar. Paýtagtany Samarkantdan Hyrada geçiren Şahruh garagoýunlylar bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşmaga, Jahanşanyň talaplaryna boýun bolmaga mejbur bolýar.
Garagoýunly döwleti XV asyrda ilerki Aziýada güýçli döwletleriň birine öwrülýär. XIV – XV asyrlarda Ermenistan doly türkmen serdarlarynyň garamagynda bolupdyr.
Bir gezek Ermenistanda bolanymda, ermeni taryhçylary Garagoýunly türkmenleriň Ermenistany edara edişleri, guran binalary, gümmezleri hakda, şeýle hem türkmenleriň we ermenileriň Parfiýa döwletinden bäri ýakyn aragatnaşyklary hakda buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Matenadaran gadymy golýazmalar institutynda 500 töweregi türkmen-ermeni taryhyna degişli golýazmalaryň bardygyny gördüm.
Gara Ýusupdan soň tagta Isgender, Isgenderden soň bolsa Jahanşa geçipdir. Jahanşa diňe bir patyşa bolman, eýsem ajaýyp şahyr hem bolupdyr.
Jahanşa garagoýunly döwletiniň ulalmagy üçin köp hyzmatlar bitiripdir. Ol Farsy Kirmany, Omany öz döwletiniň düzümine girizýär. Ol Akgoýunly türkmen Uzyn Hasanyň üstüne çozup, şonuň ýaragyndan hem wepat bolýar. 1468-nji ýylda onuň ogly Hasan Alp hem elinden zat gelmän, wepat bolýar.
Garagoýunly hanedanlygynyň Zakawkazýede türkmenleriň öňli-soňly ornaşmagynda, ol ýerde ýaşaýan halklaryň türkmenleşmeginde uly ähmiýeti bolupdyr.
Jahanşa Hakyky Garagoýunly XV asyryň görnükli türkmen şahyrlarynyň biri hasaplanýar. Ol 1405-nji ýylda dünýä inýär. Kakasy Gara Ýusup Jahanşanyň sowatly, ukyply serkerde bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalanypdyr. Onuň atabeglerden birnäçe dil, Oguz han Türkmenden bäri gelýän serkerdelik, soltanlyk tilsimatlaryny düýpli öwrenmegini gazanypdyr.
Jahanşa Hakyky Garagoýunly türkmen 1437-nji ýylda 32 ýaşynda Garagoýunly soltanlygynyň başyna geçýär. Jahanşanyň soltanlyk eden ýyllarynda döwletiň daşky we içki gatnaşyklary dartgynly ýagdaýda bolupdyr, häkimlik, ýer-ýurt ugrundaky içki we daşky darkaşlar birsyhly bolupdyr. Köşkdäki oňşuksyzlyklar, her kimiň soltan bolmak höwesi bilen hars urmasy, Jahanşaga her hili ýollar bilen badak atmalar soltanlygy has gowşadypdyr. Akgoýunlylar garagoýunlylaryň içki agzalalyklaryndan ýerlikli peýdalanmagyň hötdesinden gelýärler: 1467-nji ýylda Uzyn Hasanyň ýolbaşçylygynda Jahanşanyň goşunyndan üstün çykmagy başarýarlar. Netijede, Jahanşa Hakyky Garagoýunly Türkmen şol ýylyň 10-njy noýabrynda, 62 ýaşynda öldürilýär.
Jahanşa Hakykydan türkmen dilinde ýazylan 91 gazal, 36 rubagy, pars dilinde ýazylan 116 gazal, 11 müsteza miras galypdyr.
♧ Türkmen halky Jahanşa Hakykynyň, Sefewi döwletini esaslandyran Ysmaýyl Hataýynyň baý döredijilik mirasy bilen türkmen halkyny tanyşdyrmak, olary özbaşdak kitap edip çykarmak biziň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridir.
Türkmen taryhynda goşgy-gazal ýazan şahyr soltanlar bir ýa iki däl, olar kän. Şolaryň döredijiliklerini, şahsyýetlerini öwrenmek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Jahanşanyň eserlerinde hurufizmiň, türkmeniň beýik şahyry Nesiminiň täsiri güýçli duýlupdyr.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar