GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN DÖWLETI
1.
XX asyryň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan türkmeniň taryhynda iň täze eýýam – Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk eýýamy başlanýar.
Bu eýýamyň ähli aýratynlyklaryny meniň türkmeniň geçmişini, häzirki gününi hem-de geljegini şahsy görşümiň özboluşlylygy düzýär. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň taryhy ykbalyny Oguz han Türkmenden başlap şu döwre, Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk döwrüne çenli bir bitewi ýol hökmünde göz öňüne getirdi, muny ömürboýy aňynda göterip geldi. Milli ykbaly dürli eýýamlara bölüp, hersiniň aýratynlyklaryny anyklady. Bir eýýamdan beýlekisine geçişiň sebäplerini we usulyny ýüze çykardy. Çünki diňe şeýle anyk hem-de bitewi garaýyş milletiň geljegini öňünden kesgitlemäge we göz öňüne getirmäge ygtybarly mümkinçilik berýär. Men özümiň bu kitabymda Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymatyny esas edindim.
Her bir eýýam – üýtgeşik bir şahsyýetdir. Taryhyň ýaşaýyş usuly şahsyýetdir. Saparmyrat Türkmenbaşy milletiň iň täze eýýamyna mahsus aýratynlyklaryny öz şahsyýetiniň özboluşlylygyndan, özüniň durmuşa, taryha we ösüşe şahsy garaýşyndan we gatnaşygyndan getirip çykardy. Çünki şahsyýet milletiň kemala geliş ölçegidir.
Saparmyrat Türkmenbaşy adam ömrüni dokuz sany uly döwre böldi:
1. Çagalyk – 13 ýaşa çenli;
2. Ýetginjeklik – 13 ýaşdan 25 ýaşa çenli;
3. Ýigitlik – 25 ýaşdan 37 ýaşa çenli;
4. Kämillik – 37 ýaşdan 49 ýaşa çenli;
5. Pygamberlik – 49 ýaşdan 61 ýaşa çenli;
6. Ruhubelentlik – 61 ýaşdan 73 ýaşa çenli;
7. Aksakgallyk – 73 ýaşdan 85 ýaşa çenli;
8. Gartaňlyk – 85 ýaşdan 97 ýaşa çenli;
9. Oguz han ýaşy – 97 ýaşdan 109 ýaşa çenli.
Şeýle bölünişik türkmeniň durmuş barada ýöredýän dokuzy düzüwlik pelsepesinden gelip çykýar. Bu pelsepäni dürlüçe düşündirýärler. Emma dogry düşündiriş ýokarky ýalydyr.
Täze eýýama – täze ýola düşülende iň esasy zat wagt ýitirmezlik we ýoldan sowlup, azaşmazlykdyr. Ýolçulary bu howplardan ýola taýýarlyk derejesi halas edýär. Ýola taýýarlyk kerwenbaşa baglydyr. Saparmyrat Türkmenbaşy jemgyýetiň, onuň käbir taraplarynyň sözüň doly manysynda entek taýýar däldigini görýärdi. Sebäp diýeniňde, olar diňe şol gün bilen ýaşamaga endik edipdiler, olaryň ümzügi we pikiri geljege gönükmändi.
Ýol ýitirmezlik, azaşmazlyk üçin wagt ýitirmän, haýdan-haý işe girişmelidi. Çünki
ýol ýitirmek wagt ýitirmekden başlanýar;
giňişligi ýitirmek wagt ýitirmekden başlanýar.
«Ýöwsellik, ýaýdanmaçlyk ölüme barabardy. Çünki ýol ýitse, ýurt ýitjekdi, ýurt ýitse-de, soňlugy bilen millet ýitjekdi.
Şonuň üçin hem türkmeniň iň täze eýýamynyň baş ýoly hökmünde Milli Galkynyş ýoluna baş goýduk.
Milli Galkynyş ýoly giň ýol, uzak ýol. Milli Galkynyş türkmen milletiniň ösüşiniň baş ruhy ugrudyr.
Döwür çylşyrymlydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy diňe bir döwlet gurmak däl, eýsem milleti gaýtadan kemala getirmek işiniň taryhy eýýamyň esasy manysydygyna gowy düşünýärdi. Millet, onda-da türkmen milleti diýlende meniň şahyrana hakydama hemişe bir tymsal gelerdi: gaty gadymy döwürlerde kaknus guş diýip bir guş ýaşapdyr. Onuň höwri bolmandyr. Kaknus guş garrap, mejaldan gaçyp, öz oduna özi ýanarmyş. Oduň külünden bolsa onuň ýumurtgasy döräp, şol ýumurtgadanam ýene kaknus guş çykanmyşyn.
Türkmeniň uzyn taryhyny, göterilen we çöken döwürlerini öwrenenimde, aňymda şol tymsal peýda boldy. Türkmen milleti kaknusa meňzeýär. Ol garraýar, tapdan düşýär, emma hiç mahal ýok bolman, ýene gaýtadan döreýär. Şu manyda millet bakydyr. Ol öz külünden döräp bilýänligi üçin bakydyr.
Emma her gezekki gaýtadan döreýşiň öz kynçylyklary we agyrylary, öz hususy aýratynlyklary bar.
Biziň Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk eýýamymyzyň hem öz hususyýeti boldy.
Türkmen milleti öň ýedi asyrlyk dagynyklyk, soň 110 ýyllyk baknalyk şertlerinde köp zatlary ýitirdi. Milli duýgy, ylaýta-da, soňky döwürde küteldi, tas ýoga çykdy. Adamlaryň özüne millet hökmündäki ynamy, buýsanjy ýiteňkirledi. Hem beden, hem ruhy urgular we sarsgynlar milli düşünjäni aşa telperleşdirdi.
Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy halk üçin özüniň sözüň hakyky manysynda ýolbaşçy, ýagny täze bir ýoly başlaýan adam bolmalydygyna düşündi. Galkynyş ýolunda milletiň bir agza, bir kişä bakmalydygyny bildi. Bu taryhy zerurlykdy. Millete bir öňbaşçy, bir şahsyýet, bir ýörelge, bir ýol gerekdi. Saparmyrat Türkmenbaşy öz şahsyýetiniň şu zerurlygyň öwezini dolmalydygyny bildi hem muňa boýun boldy. Ýogsam bu ýerde onuň üçin gaty bir ýarap barmaýan pursatlar hem bardy. Ýetimlikde, ýekelikde önüp-öseni üçin, ol ömürboýy ikinji bir hatarda bolupdy. Muňa öwrenişibem gidipdi, hatda adamlaryň gatybir gözüne ilmezlige endik hem edinipdi. Täze ýagdaý bolsa başgaça boldy. Ol milletiň öňüne çykdy, onuň şahsyýeti bütin milletiň ünsünde boldy. Hatda öwgüler hem bardy. Bu oňa gaty ýeňil düşmedi, asyl oňa ýarabam barmaýardy. Çünki öňki endikler päsgel berýärdi. Emma akyl endikden, borç islegden rüstem gelmelidi. Saparmyrat Türkmenbaşy öz şahsyýetiniň indi diňe özüne däl, tutuş millete degişlidigini aňdy. Millete gerek bir nusga diýip türkmen onuň şahsyýetini we ýoluny saýlady. Şonuň üçinem, Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle nusga üçin özüni halkyna bagyş etdi.
Halkyň agzybirligine, jebisligine hyzmat edýän bolsa, öwülýändiginiň özüne ýaramaýandygyna garamazdan, ol muňa garşylyk görkezip biljek däldi.
Halkynyň agzybirligine, jebisligine hyzmat edýän bolsa, Saparmyrat Türkmenbaşy gije-gündiz ýatman, milleti bilen özara gatnaşykda bolmaga taýýardy.
Şeýdip, Saparmyrat Türkmenbaşy özünden başlady.
Ýoluny yglan etdi, ykrar etdi.
Ol öz ýoluny anyklaşdyrdy, hemmetaraplaýyn işläp düzdi.
Ol adam hökmünde özüni halkynyň bir bölejigi hasaplady.
Ol ýolbaşçy we öňbaşçy hökmünde halkynyň syýasy, ruhy gönezligini, özenini şahsyýetinde jemleýändigine göz ýetirdi.
2.
Täze ýoluň maksady hem-de wezipesi milleti gaýtadan döretmekdi. Milleti gaýtadan döretmek işi tutuş türkmeni öz içine almalydy, ýekeje adam hem ondan çetde durmaly däldi. Şu hakykata aňryýany bilen düşünen Saparmyrat Türkmenbaşy Galkynyş ýolunyň üç sany baş ýörelgesini – Agzybirligi, Asudalygy hem-de Jebisligi ykrar etdi. Bu üç ýörelge Türkmeniň sarsmaz binýady, owal-ahyr ýitmejek gymmatlygy boldy. Şonuň üçin hem eýýäm 1992-nji ýylyň başynda yglan eden bu baky ýörelgelerimiziň ruhy manysyna ünsi çekmekçi.
Bular sap türkmen düşünjeleridir. Biz olary döwletiň hem milletiň ýörelgesi derejesine çykardyk. Şonuň üçin hem biziň döwletimiz ruhy binýady boýunça milli türkmen döwletidir. Türkmen düşünjeleriniň türkmen asyl manysyny açmaly.
Agzybirlik – bir agza bakmakdyr.
Agzybirlik – milletiň adyndan we milletiň ruhy bolup bir şahsyýetiň, bir agzyň gürlemegidir.
Agzybirlik – betniýet agyzlaryň köp bolup, gep-gybatyň örňemeginiň, möwç almagynyň öňüni kesmekdir.
Beýik taryhy işler diňe asudalykda mümkindir. Asudalyk – jemgyýetiň rahat, gorky-ürküsiz ýaşaýşydyr.
Asudalyk – goh-galmagalyň we gykylygyň bolmazlygydyr.
Jebislik bolsa türkmen milletini düzýän dürli taýpalaryň we tireleriň bir ruhy-milli bitewülige öwrülmegidir. Jebislik dürli jemgyýetçilik gatlaklaryň bir bitewülige öwrülmegidir.
Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň ahlak-ruhy ýoluny anyklaşdyranyndan soň, bu ýoly amal etmegiň birnäçe jähetini kesgitledi. Onuň bir jäheti taryhdyr.
Milletiň özüne, öz güýjüne, öz geljegine ynamy we buýsanjy döretmek üçin oňa onuň geçmişiniň belentligini görkezmelidir. Bu ýoluň birinji şertidir.
Bu azmazlygyň birinji şertidir.
Çünki azmak – azaşmakdyr, azaşmak bolsa ýoldan çykmakdyr.
Onsoň Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhyny dikeltdi.
Milletiň taryhynda ilkinji gezek türkmeniň geçmişi bitewülik hökmünde dikeldildi.
Milletiň taryhynda ilkinji gezek öz ruhy döwlet ýörelgelerinde milli gymmatlyklar esas edip alýan türkmen döwleti döredi.
Biziň taryhymyz bolsa juda baýdyr. Onda öwrenere, öwredere, sapak alara zat kändir.
Ruhnamanyň baş mazmunyny taryhyň tutýandygynyň sebäbi hem şundadyr. Geçen baknalyk döwründe ürkmeniň adyndan aýrylan, türkmeniň elinden alnan taryhy onuň hak eýesine berildi.
Ol öz halkyna we dünýä şeýle diýdi:
Milli buýsanç, Milli galkynyş öz halkyň taryhyny öwrenmekden we bilmekden başlanýandyr.
Türkmeniň geçmişine guwanmaga haky bardyr.
Türkmen halky iňňän gadymy dünýä medeniýetiniň mirasdüşeridir.
Geçmişi gorap bilmedik halk, geçmişini öwrenip hem özleşdirip bilmedik halk geljekden hem gaty bir umydygär bolmaly däldir.
Taryhyna buýsanýan halk Watanyna buýsanmaga haklydyr.
Öz taryhyna, ata-babalarymyzyň geçen ýoluna sygynmak duýgusy türkmeniň bu dünýäde wagtlaýyn däl-de, ebedi ýaşamagynyň baş girewidir.
Gutarnykly millet hökmünde türkmen özüniň aňyrsyny bilmese, taryhy çeşmelerine göz ýetirmese, onda gaty kyn bolar.
Türkmeniň her bir ösen döwründe diňe içki oňşuksyzlyklar, özara uruşlar zerarly birek-biregi gyryp, kuwwatly döwletlerini ýykypdyrlar. Biz muny sapak edinip, agzybirligimizi has-da berkitmelidiris.
Taryhyň ýalňyşlyklaryny sapak edinip, dogry netije çykarsak, şonda biz Altyn asyra päk göwün bilen, arassa ýürek bilen halal geçip bileris.
Türkmeniň geçmişi barada oýlansaň, ol ýerden gelip çykýan esasy many – türkmeniň özara oňuşmazlygynyň, birek-birek bilen dawasynyň kuwwatly döwletlerini syndyrandygyny ýatda saklamakdyr. Dolanyp şu ýagdaý gaýtalanmaz ýaly, hiç haçan agzalalyk döremez ýaly, türkmen döwletinde tire-taýpa gürrüňi bolmaz ýaly, türkmen döwletinde milletara dawa bolmaz ýaly kanun kabul etmeli.
Sekiz ýüz ýyllap döwleti bolman, dagynyk ýaşap, dilini, dinini, milletini saklan halk taryhda başga ýokdur.
Türkmeniň taryhyny onuň özüne gaýtaryp bermek gerek.
Biz halkymyzyň taryhyny dikeltjek bolsak, beýik şahsyýetlerimiziň türkmendigini bildirmeli, olaryň guran döwletleriniňem türkmen döwletidigini aýan etmeli.
Türkmeniň geçmişine garaýyş we gatnaşyk şu hili pikirleriň esasynda gurnalmalydyr. Şulary serişde edinip, türkmeniň geçmişini doly dkeltmeli. Men şeýle diýenimde, esasan, iki zady göz öňünde tutýaryn:
Birinjiden, türkmen milletiniň geçmiş taryhyna degişli ähli maglumatlar, wakalar, hadysalar, seneler mukdar taýdan dolulygyna dikeldilmeli.
Ikinjiden, şol taryhyň içki mazmuny, içki manysy açylyp görkezilmeli. Sebäbi taryh biziň üçin okuw kitabydyr. Taryh şu günümize we ertirimize esasdyr.
3.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ykrar eden Galkynyş ýolunyň ikinji bir jäheti Garaşsyzlykdyr. Garaşsyzlyk biziň gözümiziň görejidir. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk düşünjesi türkmeniň esasy ruhy gymmatlyklarynyň biridir.
Çünki Türkmen döwleti, onuň Garaşsyzlygy, umuman, beýik Galkynyş biziň päkize umytlarymyzyň süýji hasylydyr.
Biz ýyl geçdigiçe Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyna barha oňat göz ýetireris.
Halkymyzyň beýik Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen onuň mertebesi dünýä ýüzüne doly göterildi. Biz millet hökmünde adamzadyň yzy üzülmez sapyna goşuldyk.
Men şuny esasy zat hasaplaýaryn. Türkmenler öz döwletini döretmek barada asyrlarboýy arzuw edip geldi. Ykbal türkmeniň bu mukaddes arzuwyny biziň durmuşa geçirmegimize miýesser etdi.
Garaşsyzlyk türkmen üçin baky mukaddeslikdir.
Çünki özbaşyňa döwletli bolmak, durmuşy öz çelgileriň bilen durmuşy gymmatlyklary, ahlak esaslaryny öz garaýşyň bilen gurmaga mümkinçilik almak – halkyň beýik baýlygydyr, bagtydyr.
Biz Garaşsyzlyga ahyrky demimize çenli gulluk etmelidiris.
Çünki Garaşsyzlyk türkmen halkynyň gadymy medeniýetini, taryhyny, edebiýatyny, dilini, umuman, ruhy baýlygyny giňden öwrenmäge, halka ýaýmaga uly mümkinçilik döretdi.
Türkmen halky üçin Garaşsyzlygymyzdan eziz düşünje ýok hasaplaýaryn. Ol biziň halkymyzy asyrlara barabar kemsidilmeden, jebir-horlukdan halas etdi we ýurdumyzy dünýäde kuwwatly, baý, iň ösen döwletleriň hataryna goşmagy giň ýol açdy.
Biziň bu ýolumyzyň esasy wezipesi Özygtyýarlylygymyzy pugtalandyrmak ugrundaky işleriň, Garaşsyzlyk syýasatynyň dolanuwsyzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Beýik Garaşsyzlyk biziň dünýägaraýşymyzy tutuş üýtgetmelidir. Garaşsyzlyk halky hakyky ruhubelent adamlar edip ýetişdirmelidir.
Garaşsyzlyk ýoly türkmen halkyna hemme zady – erkinligi hem özüňçe oýlanyp, özüňçe ýaşamak, öz baýlyklaryňdan özüňçe peýdalanmak, öz milli medeniýetiňi ösdürmek mümkinçiligini berdi.
Garaşsyzlyk – munuň özi XX asyryň ahyrynda beýik Allanyň türkmene salan nazarydyr.
Garaşsyzlyk ýoly barada gürrüň edenimde, men, ilkinji nobatda, döwlet garaşsyzlygyny göz öňünde tutýaryn. Ýöne meniň ýokarky aýdanlarymdan hem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk diýilýän beýik taryhy hadysanyň mazmuny munuň bilen çäklenmeýär. Aslynda, döwlet Garaşsyzlygy bu hadysanyň diňe başlangyjydyr, badalgasydyr we munuň indiki dowamlarynyň deslapky esasydyr. Döwlet Garaşsyzlygy ýuwaş-ýuwaşdan milletiň garaşsyzlygyna çenli ýaýrap we giňäp gitmelidir.
Sebäbi Garaşsyzlyk bir ajaýyp tenekar – derman bolup, ol dermanyň täsiri, sagaldyjy täsiri ýuwaş-ýuwaşdan türkmeniň bütin süňňüne ýaýrap gitmelidir.
Milli Garaşsyzlyk – türkmeniň dünýäde il hataryndaky millet hökmünde doly öňe çykmagydyr.
Emma milleti bir göwre diýip bilsek, döwlet onuň başydyr. Eliň-aýagyň, tutuş bedeniň erkinligi kelläniň garaşsyzlygyndan başlanýandyr.
Garaşsyz bolmak – dünýä gelmekdir.
Dünýä gelmek – sözüň oňyn manysynda ilden aýrylmak, öz rysgalyňy özüň gazanmakdyr we özüň iýmekdir.
Garaşsyzlyk türkmeniň içinde baslygyp ýatan güýç-kuwwatyň, ukyp-başarnygyň möwç urup galmagyna ýol açdy.
Garaşsyzlyk türkmene millet hökmünde öňde-soňda bir zat edip biljek bolsa, şony etmäge doly ýol açdy.
Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk bahar pasly kysmy bir zatdyr. Ol baharyň tebigaty jana getirişi ýaly, türkmeniň ähli döredijilik hyjuwlaryny oýardy.
Garaşsyzlyk – türkmen milletiniň nowruzydyr.
Ol her bir türkmeniň kalbynyňam Nowruzy bolmalydyr.
4.
Watan mukaddesligi Bäşinji eýýamyň ýolunyň üçünji bir jäheti her bir türkmeniň aňynda berkarar Watan düşünjesini, her bir türkmeniň kalbynda mukaddes Watan duýgusyny döretmek ýoludyr.
Bakna milletde Watan bolmaýar.
Çünki Watan diňe mesgen däldir.
Watan ruhuň giňişligi we ruhuň bakylyk mekanydyr.
Şonuň üçinem biziň Watan gymmatlygymyz Garaşsyzlygyň gönüden-göni netijesidir.
Watanyň duzy-da ene süýdi mysalydyr. Şonuň üçin Watany söýmek – käbäň eneňi söýmekdir, käbäň eneňi söýmek – ata Watany söýmekdir.
Her bir milleti ruhy taýdan bitewüleşdirýän mukaddes duýgular bolýar. Şol duýgularyň naýbaşysy bolsa Watan duýgusydyr. Şonuň üçinem meniň ýolumda Watan gymmatlygy ähli ýol gymmatlyklarynyň iň seresidir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy ýolunyň dürli jähetlerini – taraplaryny emele getirýän beýleki gymmatlyklar ýaly Watan gymmatlygy hem bir taryhy mana eýedir: bu hem beýlekiler ýaly türkmeniň iň täze eýýamdaky ruhy bitewüligini kemala getirýän sütünleriň biridir.
Ýöne şeýle gymmatlygyň beýlekilerden bir tapawudy bar: Watan gaty näzik, gaty süýji, juda ýürege ýakyn, adamlaryň her birine juda düşnükli, tas göze görnüp duran mukaddes gymmatlykdyr. Oguz han Türkmen, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly ýaly ägirtleriň taglymatlarynda Watan döwlet-syýasy, ruhy, pelsepewi, ahlak manylardaky gymmatlyk bolup gelýär. Bularyň üstesine Watan – biziň ýolumyzda hakyky duýgy gözelligi, duýgy näzikliginiň düşünjesidir. Çünki
Watan birlikdir, ýeke-täklikdir, üýtgewsizlikdir.
Bir ömrümiz, ýeke janymyz, bir Hudaýymyz bar.
Watan hem birdir.
Watany başymyza täç etmelidiris.
Watan – Allanyň başymyza geýdiren täjidir. Ýöne ýitireniňden soň zadyň gadrynyň bilnişi ýaly, ol täji diňe Watandan aýra düşeninden soň, duýup galýarsyň.
Saparmyrat Türkmenbaşy milletine ýüzlenip, söz sözläninde, Watana gezek gelende, ýüreginiň has hem joşgunly urýandygyny, kalbynyň möwç urýandygyny duýup, her sapar özüniň haýran galýandygyny nygtaýardy. Watan baradaky sözler kalbymyzy çagalyk päkligine, päkizeligine gaýtaryp getirýär.
Watan duýgusy – ýüregiňi tämizleýji duýgudyr.
Men beýik Watanymyzy ýöne ýere Biribar Hudaý bile bir sözde getiremok. Hudaý – ahlak gözelligidir, Watan – gözel ahlaklylykdyr.
Hemmämiziň ýüregimizde, kalbymyzda Garaşsyz Watan bolmaly. Watan üçin gerek bolsa, aç-horluga hem döz gelmeli, gerek bolsa, Watan üçin janymyzy gurban etmeli.
Sebäbi biziň yzymyzda galjak ýeke-täk baky miras Watandyr.
Sebäbi biz ölenimizden soň hem, özge ýere çykyp gitmeris – mazarlarymyz Watanda galýandyr.
Türkmeniň ýogalandan soň, nirede ýatjakdygy baradaky ölümiň öň ýanyndaky oýlanmalary we sargytlary mukaddesdir. Hiç kim nirede jaýlasaňyz, jaýlaýyň diýip sargyt etmeýär. Her kim ýakynynyň, dogan-garyndaşynyň ýanynda ýatasy gelýär. Her kimiň Watanda galasy gelýär.
Şeýdip, Watan duýgusy ölüme-de ruhanalyk, hoşmanylylyk çaýýar. Watan duýgusy türkmeniň soňky başdan geçirýän duýgusyna öwrülýär. Şol sebäpden:
Her daban ýeri atalarymyzyň ganyna boýalan ýurdumyz biz üçin iň uly mukaddeslik, iň uly buýsanç! Biz öz ata-baba ýurdumyzda bina edilýän döwletimiziň her bir tutumynda şu mukaddeslikden, şu buýsançdan ugur alýarys. Şol mukaddeslik biziň üçin iň uly hyjuw, ruh hem-de güýç-kuwwat çeşmesidir.
Watan beýikligi – ýüreklerimizdedir.
Biz öz ellerimiz, aňymyz we ýüregimiz bilen Watanymyzy bina edýäris. Bu binanyň kem-köstsüz bolmagyny islesek, elimiziň, aňymyzyň we ýüregimiziň işi kämil we owadan bolmalydyr.
Türkmeniň iň täze eýýamyndaky ruhubelentligiň iň astky, iň içki duýgy esasy, elbetde, Watana bolan inçe we näzik duýgudyr.
5.
Milletiň iň oňat, iň beýik ruhy güýçleri we mümkinçilikleri döwletde jemlenýär. Türkmeniň birnäçe asyrlap dowam eden taryhy pajygasy onuň iň oňat güýçleriniň bir ýere jem bolmagy başarmandygy bilen baglanyşyklydyr. Döwlete gulluk etmek – milletiň özüniň içki kuwwatlyklaryna gulluk etmekdir. Döwlete gulluk etmek bilen bütin millet öz şu gününi we geljegini üpjün edýär.
Milli döwlet – milletiň öz durmuşyny içki taýdan gurnamagynyň taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jemlenýär. Ol bir ýere jem bolubam, milli durmuşy taryhy taýdan rejeleşdirmek, sazlaşdyrmak işine girişýär. Milli döwleti gurnamak ukyplylygy – halkyň taryhy ýaşaýşa ukyplylygydyr, geljegini amal etmäge ukyplylygydyr. Milli döwlet keseki ýurtdan, özge ýerlerden getirilip oturdylan, şu ýurduň suwuna, topragyna laýyk gelmeýänligi üçin gurap galýan daragt däldir. Tersine, ol hut şu topragyň aýratynlyklaryndan ösüp çykan, şonuň üçinem köki çuňluklardan gaýdýan, örän berdaşly daragtdyr. Öýkünjeňlik hiç bir işde-de gowy däl, döwlet gurluşygy babatda-da öýkünjeligiň howpunyň has uludygyny düşündirip oturmagyň zerurlygy ýokdur. Çünki, munda milletiň bähbitleri we geljegi ara düşýär.
Döwlet gurmak – milletiň öz-özüni döretmegidir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy babatlarda öň bolmadyk gymmatlyklar döredilýär.
Beýleki halklary sylamak, hormatlamak, beýleki dinlileriň dinlerine, ygtykatlaryna sarpa goýmak türkmen halkynyň süňňünde bardyr. Türkmen halky owalbaşdan ynsanperwer, adalatly, sahawatly, giň gursakly, sabyr-kanagatly dostana halk bolup, başga halkyň wekillerine has ýokary hormat goýmagy özüne dereje bilýär. Türkmen halkynyň arasynda milli dawalar, göwne degmeler bolmandy, indem bolmaz.
Türkmen halky soňky sekiz asyrda agzalalygyň nämedigine set müň uruş arkaly göz ýetirdi. Sekiz asyrlap töwerekdäki döwletler «agzyny alart-da, höküm sür» syýasatyny ýöredip, türkmen taýpa-tireleriniň agzyny alardyp, maýdaly-irili uruşlara sezewar etdi.
Biz indi hiç hili urşa gatnaşmarys. Uruş – türkmeniň geçmişi bolsun. Bitaraplygymyz parahat ýaşaýşyň kepilidir.
Her bir müňýyllygyň başynda Allatagala türkmen halkyna täze jemgyýet, täze döwlet gurmaga mümkinçilik berýär. Üçünji müňýyllyga geçilýän döwürde-de täze döwlet, täze jemgyýet kemala geldi. Üçünji müňýyllygyň başyndaky biziň berkarar eden bu döwletimiz öňki döwletlerden hil taýdan düýpli tapawutlydyr. Munuň özi türkmeniň baky döwleti, baky jemgyýeti bolar. Çünki, biziň guran döwletimiz hil taýdan täze, kämil döwletdir we täze kämil jemgyýetdir.
Biziň zamanymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri şu zamanda türkmen milletiniň taryhy döredijilik ukyplarynyň iň ýokary derejede ýüze çykanlygyndan ybaratdyr. Millet öz ýurduna, öz ykbalyna eýe boldy. Millet öz-özüni döretmäge bolan mümkinçiligini aldy. Şu zamana çenli durmuş, taryh milleti amal edýärdi, indi millet durmuşy, taryhy amal edýär.
Biziň taryhy-döredijilik taglymatymyzyň esasy ugurlarynyň biri täze jemgyýeti döretmek baradaky pikirlerdir.
Döwlet bilen jemgyýet baglanyşyklydyr. Döwletsiz jemgyýet bolmaýar. Ilkidurmuş obşina gurluşy gaýyba gideli bäri hiç bir jemgyýetçilik döwletsiz ýaşap bilmeýär. Biziň, hatda türkmeniň sekiz ýüz ýyllyk döwletsiz ýaşan asyrlary diýen pikirimizem şonça wagtyň dowamynda türkmende jemgyýeti dolandyryşyň gurallarynyň bolmandygyny asla aňlatmaýar. Bu ýerde gep diňe türkmeniň milli taýdan ýokary galmagyny üpjün etjek syýasy-jemgyýetçilik bitewüligiň bolmandygy barada barýandyr.
Daragta kök gerek,
Köke suw gerek,
Gül bile miwä daragt gerek.
Edil şonuň ýaly, jemgyýete döwlet gerek.
Döwlete-de jemgyýet gerek.
Çünki daragt bolmasa, köküň ne manysy bar, kök bolmasa, daragtyň ne manysy bar?!
Döwlet jemgyýete serenjam berýär hem onuň ýaşaýşyny dolandyrýar. Emma bu hakykat diňe sözüň doly manysyndaky döwlete degişlidir. Aýratyn hem biziň gurýan döwletimize degişlidir.
Biziň gurýan döwletimizdäki üstünlikler biziň dogry ýoldan barýandygymyza güwä geçýär.
Biz ýurduň ähli önümçiliginiň pudaklary, şeýle hem syýasat, ruhyýet boýunça uly üstünlikleri gazanýarys.
Içerki ykdysady ösüşimiziň ençeme ýyl bäri dünýäde birinji orunda barýandygyny bilýänsiňiz.
Ösüp barýan ýurtlaryň arasynda biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistn döwletimiz içerki ösüşi boýunça hem dünýäde birinji orny eýeledi.
Bu gün biz «Açyk gapylar» syýasatymyz babatda-da köp zatlary aýdyp bileris.
Bu gün biz içerki we daşarky syýasatymyzyň sazlaşykly ýola goýlandygy barada-da köp zatlary aýdyp bileris. Biziň Eýran bilen 1500 kilometr, Owganystan bilen 864 kilometr, Gazagystan bilen 600 kilometr, Özbegistan bilen 2000 kilometre golaý serhedimiz bar. Biz goşy döwletlerimiz bilen hoşniýetli, ikitaraplaýyn, parahatçylykly gatnaşyklary saklaýarys. Ajaýyp syýasy we medeni gatnaşyklarymyzyň döwletara şertnamalary esasynda düzgünleşdirilendigi hakda-da köp zatlary aýdyp bolar.
Türkmenistan köp asyrlaryň dowamynda Gündogardan we Günortadan Demirgazyga geçýän ýollaryň çatrygy, taryhda ýazylyşy boýunça aýtsak, «Ýedi ýoluň çatrygy» boldy. Hytaýdan Ýewropa geçýän beýik Ýüpek ýolunyň merkezi böleginde esasy orny eýeledi, ol ýol bolsa tas bir ýarym müň ýyllap diýen ýaly parahatçylygyň we dürli halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ýoly bolup hyzmat edipdi. Bu ýol türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady we medeni ösüşiniň merkezinde bolmagyna ýardam edipdi. Ýüpek ýolunyň şu günki ähmiýeti hakda hem köp zatlary aýdyp boljak.
Bu gün Tejen – Sarahs – Maşat demir ýolunyň çekilmegi bilen Eýranyň we Türkiýäniň üstünden Ýewropa ýoluň açylandygy, munuň çäksiz uly ähmiýete eýedigi barada-da, ykdysadyýetimize bu ýoluň uly goldaw berjekdigi barada-da köp zatlary aýtsa bolar.
Köp mukdarda türkmen gallasynyň taýýarlanylmagy-da türkmeniň beýik gahrymançylygydyr, görkezen gudratydyr. Men welaýatlarda bolup, zähmetkeş halkyň işlemek, baýamak höwesi bilen galkýandyklaryny görýärin, guwanýaryn. Halk bu gün zähmet çekmegiň bagt gapysyny açmakdygyna, has baý ýaşamaga mümkinçilikdigine gowy düşünýär. Şonuň üçin hem her bir pudakda hil we netijelilik esasy aýratynlyk bolup durýar, sana kowalaşmak geçmişe, ýatlama öwrülip barýar.
Biziň bir dänäni müň edip gaýtaryp berýän bereketli topragymyz bar. Zähmetsöýer halkymyz bar.
Biz geçen ýyllaryň içinde oba hojalygynyň, halk hojalygynyň, önümçiligiň beýleki pudaklarynyň işini sazlaşykly ýola goýduk. Bu biziň gazanan üstünliklerimiziň seresidir.
Biz bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy we ykdysady, durmuşy we ruhy esaslaryny goýduk, bu esaslaryň goýulmagy biziň döwletimiziň synmazlygynyň, bakylygynyň kepilidir, güwäsidir. Men döwletiň
syýasy esasy goýuldy diýenimde: döwletiň Garaşsyz, baky Bitarap, dünýewi, demokratik döwletdigini;
ykdysady esasy goýuldy diýenimde: iňňän takyk işlenilip düzülen özgertmeleriň durmuşa ornaşmagyny we şol özgertmeleriň esasynda ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini;
durmuşy esasy goýuldy diýenimde: mähriban halkymyzyň erkana durmuşyny, gaz, tok suw bilen mugt üpjün edilmegini we hal-ýagdaýynyň gowulaşyp, bagtyýar durmuşyň hözürini görmegini;
ruhy esasy goýuldy diýenimde: milli medeniýetimiziň ileri tutulmagyny, milletparazlyga ýol berilmezligini, wyždan, ynanç-ygtykat azatlyklaryny, ruhubelentlik taglymatymyzy, mukaddes Ruhnamanyň kabul edilmegini göz öňünde tutýaryn.
Könelerimiz aýtmyşlaýyn, ýola düşen rozugärimiz bar, dokuzymyz düzüw. Şeýle bolansoň, biziň öňümizde, esasan, ruhy dünýämizi mundan beýläk hem has tämizlemek, has baýlaşdyrmak wezipesi galýar. Ruhnama şol wezipäni öz üstüne alýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy halkyň ynanç, ýörelge Kitabyna öwrüldi. Munuň özi gaty uly zat. Ynançsyz, ýörelgesiz ýaşaýyş ýokdur. Haýsy halk berk ynanç bilen ýaşaýan bolsa, şol halk güýçlüdir.
6.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy türkmeniň ikinji bir pähim-parasatly ýaşulusydyr. Türkmen mydama her bir işde ýaşulular bilen geňeşýän bolsa, Ruhnama türkmeniň ikinji geňeşdarydyr. Türkmeniň bir ganaty pähimdar goja bolsa, ikinji ganaty Mukaddes Ruhnamadyr. Goşa ganatly adam uçar. Ruhnama türkmeni uly-uly, şöhratly üstünliklere ruhlandyrjak güýç-kuwwatdyr.
Ruhnnama sowet ýyllarynda gowşan ynanjymyzy berkitjek guraldyr.
Ruhnama – Ynanç sütünidir.
Adamzadyň güýji-kuwwaty ynanjyndadyr.
Nirede agzalalyk bar bolsa, ol ýerde ynanç gowşandyr.
Biz dünýewi döwlet, biz dünýewi halk. Şonuň üçin ynanjymyz hem dünýewi ynanç bolmalydyr. Bu gün türkmen halky täze ynanç, täze ýol edinýär. Bu ynanç, ýol tarpdan dörän däldir. Bu ynanjyň, ýoluň bäş müň ýyllyk alyslyga gidýän milli kökleri bardyr.
Täze müňýyllykda Ruhnamamyz halky altyn bolçulykda ýaşatmagyň maksatnamasydyr, altyn ýoludyr. Biziň ýaşaýyş maksatnamamyz ruhubelentlikdir. Ruhubelent ýaşamak üçin dokuzy düzüw bolmaly, durmuş-güzeran aladalaryndan saplanan bolmaly. Altyn ýaşaýyşda adama iň zerur durmuş hajatlarynyň – gazyň, togyň, unuň, duzuň mugt edilmegi, oba hojalygyndaky, maldarçylykdaky, ýeri kärendesine almakdaky salgytlaryň aradan aýrylmagy ruhubelentligimiziň binýady boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy ol zatlary ýöne ýere mugt etmedi, ýok, türkmen halky durmuş hajatlaryna köp ulaşmasyn, hiç hili aladasyz bolelin ýaşasyn, netijede ruhubelent bolsun diýip etdi. Durmuş aladalary egninden basyp dursa, ruhubelent bolaýyn diýip, ruhubelent bolup bolmaýar. Ruhubelent bolmak üçin şert gerek. Gazyň, toguň, unuň, duzuň mugt bolmagy halkyň ruhuny belent etmek üçin ädilen ädimlerdir. Şol hajatlary, salgytlary mugt edendigi üçin Saparmyrat Türkmenbaşy daşary ýurt synçylaryndan köp şerebeli sözleri hem eşitdi. Ýöne maksat, halkyň bähbidi ähli zatdan ileri geldi. Şol zatlaryň mugt bolmagy halkda ruhy galkynyş döretdi. Halkyň ruhubelentligi ähli zatdan gymmatdyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň türkmen halkyna diňe bir Altyn asyrda däl, eýsem üçünji müňýyllykda ugur alyş, gözügiş gollanmasy boljakdygyna, şeýle gollanmanyň bolsa, türkmen halkyna, adamzada zerurdygyna ynanýardy.
7.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly – döwletlilik ýoludyr. Iň täze eýýamyň döwletlilik ýoly diýenimde, men bu söze köp manylary siňdirýärin. Munuň özi, ilkinji nobatda biziň bu ýoly milli döwlet usulynda amala aşyrýandygymyzy aňladýar.
Türkmeniň milli döwletlilik ýoly taryhyň sapaklaryny göz öňünde tutmalydyr. Özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda segsenden hem gowrak döwlet döreden türkmen bu meselede uly tejribe toplapdyr. Biz şol döwletlerden anyk taraplaryny görüp guwanýarys, öz işimizde tejribe hökmünde ulanýarys, käbir tersin taraplaryny sapak edinýäris. Taryhy ýollaryň tejribesi hem, sapaklary hem biziň döwrümizde zerur zatlardyr. Eýýamymyzyň özboluşly zerurlyklaryndan ugur alyp, tejribäni öz ýörelgelerimize ornaşdyrýarys. Gadymy hem orta asyr türkmen döwletlerinde alan esasy ýörelgelerimiziň biri döwlet işiniň we syýasatynyň adyllygydyr. Biziň ýolumyz – adalat ýoludyr. Adalat manysy iki tarapda – döwletiň öz-özüne gatnaşygynda we döwletiň raýatlaryna gatnaşygynda ýüze çykýar.
Birinji manydaky adalatlylyk – döwletiň öz-özüne barabarlygydyr. Döwletiň öz-özüne barabarlygy diýenimde döwletiň ýöredýän syýasatynyň hem-de alyp barýan işleriniň bir-birine barabar, deň gelmelidigini göz öňünde tutýaryn. Umuman, adalatyň döwletiň ygtykaty we syýasy ýörelge hökmündäki düýp manysy deňlik diýmekdir. Söz bilen işiň, höküm bilen syýasatyň deňligi biziň üçin gürrüňsizdir. Bu döwlet işinde açyklygy döredýär.
Elbetde, durmuş, onda-da taryhy durmuş çylşyrymly hadysa. Bu hadysada hemme zady öňden dolulygyna göz öňünde tutup bolmaýar. Jemgyýetçilik ýaşaýşy şu tarapy bilen tebigatyň ýaşaýşyndan düýpli tapawutlanýar. Jemgyýet – synag meýdany däl. Ony öňünden synag edip, başa barmasa, gaýtalap, has oňat görnüşde ýerine ýetirip bolmaýar. Şonuň üçinem – hemme zady öňünden hemmetaraplaýyn kesgitläp bolmaýandygy üçinem jemgyýet ýalňyşlyklary sapak edinmek arkaly ýaşaýandyr.
Biz türkmen jemgyýetini gutarnykly suratda kemala getirmegiň döwri diýip jemi ýigrimi ýyly kesgitledik. Şunça wagtyň içinde sözüň hakyky manysyndaky täze türkmen jemgyýeti kemala geler. Ýurtda bütinleý täze ykdysady gurluş, bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary we täze ruhyýet doly kemala geler. Bularyň bary hem täze türkmen milletiniň esasy bolup hyzmat eder. Şonda esasy ýük döwletiň üstüne düşýär. Türkmen döwleti öz işini taryhy ösüşiň barşynda barha kämilleşdirmek, barha anyklaşdyrmak ýoly bilen barýar. Şunda biz durmuşyň girizýän düzedişlerini hasaba almakdan we olary sapak edinmekden gaça durmaýarys. Çünki hut şu hem döwletiň öz syýasatlary babatdaky adalatlylygynyň ölçeg daşydyr.
Adyllyk ýolunyň deňlik manysyndaky ikinji jäheti jemgyýete gatnaşygy öz içine alýar. Jemgyýet diýenimizde, onuň içine köp zatlar girýär. Jemgyýet diňe adamlaryň ykbaly, durmuşy bilen bagly bolman, hut jemgyýet, onuň derejesi şol döwletde, şol milletde ähli daşary we içeri syýasatam kesgitleýär, onuň medeniýetinem, ykdysadyýetinem, şahsy adamlaryň ykbalynam kemala getirýär. Çünki islendik döwletiň esasy hem-de çeşmesi jemgyýetdir. Döwletiň topragy milletiň, jemgyýetiň özünden alynýar, şondan döredilip, kemala getirilýär. Şonuň üçinem döwlet gelip çykyşy hem-de işi boýunça jemgyýete bagly hadysadyr.
Adamzadyň taryhyna ser salsaň, dürli jemgyýetleriň bolandygyny görýäris. Jemgyýeti adam köpçüligi kemala getirýär. Jemgyýetiň hili – adamlaryň hiline baglydyr. Köpçüligiň oý-pikirleriniň, maksatlarynyň halallyga gönügen wagtynda, ol oňat jemgyýet bolýar. Emma jemgyýetiň içinde bidüzgünçilik, haramlyk agdyklyk etse, ol ýaramaz jemgyýet bolýar.
Emma jemgyýet janly bir birlikdir. Islendik janly zada bolsa kämilleşmek ukyby berlendir. Çünki kämilleşmek, öz-özünden gowulaşmak ýaşaýşyň dowam etmegi üçin zerurdyr. Adamzat jemgyýeti öz-özünden kämilleşmegiň guraly hökmünde döwleti döredipdir. Iň bir ýaramaz jemgyýetiň hem döwlet göwresi sagdyn ýaşaýşa ukyply bolsa, şeýle jemgyýetiň geljegi bardyr. Çünki döwlet jemgyýetiň iň oňat güýçlerini özünde jemleýär we ol güýçleri jemgyýetiň arassalanmagyna, sagdynlaşmagyna hem-de kämilleşmegine ugrukdyrýar.
Şeýle işiň hötdesinden gelmek üçin döwlet adalatly döwlet bolmalydyr. Adalatlylyk – sagdynlyk we arassalykdyr.
Döwletiň jemgyýet, öz raýatlary babatdaky adalatlylygy – jemgyýetçilik gatlaklaryň adamlaryň arasynda deňligi amala aşyrmakdyr. Deňlik şolaryň arasynda-da bolmaly, şol bir wagtda-da döwlet olaryň hemmesi üçin deň bolmalydyr. Munuň özi döwletiň kanunlarynyň öňünde hemmeleriň deňligi görnüşinde ýüze çykýar.
Biziň döwletimiz – milli döwletdir. Şonuň üçinem biziň baş gymmatlygymyz türkmen milletiniň öz ykbalyny öz kesgitlemek hukugydyr, milletiň maddy we ruhy taýdan ösüş hukugydyr. Bu hukuk türkmeniň öz dinini, däbini, öz milli dünýägaraýşyny, ähli milli gymmatlyklaryny, dilini döwlet derejesinde giňden ösdürmäge bolan hukugydyr. Elbetde, munda biz bu gymmatlyklaryň jemgyýetiň ösüşi üçin oňyn taraplaryny, türkmeniň bähbitlerini üpjün edýän we umumyadamzat bähbitlerine we gymmatlyklaryna ters gelmeýän taraplaryny göz öňünde tutýarys. Biziň döwlet ýolumyzyň millilik jäheti biziň geçmiş taryhymyz bilen hem, şu günüň aýratynlyklary bilen hem baglanyşyklydyr. Bu döwlet ýolunyň goldanýan gymmatlyklary Türkmenistanyň döwlet Gerbinde we döwlet Baýdagynda jemleýji manyda şekillendirilendir. Baýdak – munuň özi özbaşdak döwletiň garaşsyzlygynyň nyşanydyr.
8.
Biziň Baýdagymyz mukaddesdir. Halkymyz ençeme asyrlardan soň Döwlet Baýdagyny özüniň milli häsiýetine, ata-baba dessuryna laýyklykda kabul etdi we öz ýaşyl Tugunyň eýesi boldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy biziň milli guwanjymyza öwrüldi.
Türkmen Baýdagy türkmen halkynyň ganaty boldugydyr. Ol halkymyzy galkyndyrýan, onuň ruhuny göterýän Tugdur.
Biziň Baýdagymyza ata-babalarymyzyň ruhy siňendir.
Biziň Baýdagymyzda türkmen gölleriniň bolmagy – biziň üçin milli gymmatlyklaryň we milli agzybirligiň ileri tutulýan zatdygyny aňladýar.
Türkmeniň Döwlet Baýdagynda bizi ata-babalarymyz bilen baglanyşdyrýan zatlar hem, olaryň taryhy ýalňyşlyklaryny sapak hökmünde görýän zatlarymyz hem bardyr. Gynansak-da, köp türkmen döwletleri geçmişde türkmen milli diline geregiçe ähmiýet bermändirler. Biziň üçin bolsa milli dil – biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş aýratynlyklarynyň biridir. Biz türkmen dilini döwlet dili ökmünde yzygider ornaşdyrýarys. Sebäbi şeýle edilmese, onda baş gymmatlygymyz bolan millilik döwletiň mazmunyna we sypatlaryna siňip bilmez.
Baýdagymyzyň reňki biziň dinimiziň nyşanydyr.
Baýdakda bäş welaýatyň göli bar. Bereketli Aý we bäş sany ýyldyz hem biziň Baýdagymyzda şekillendirilendir. Bäş ýyldyz biziň bäş wagt namazymyzdyr we biziň bäş welaýatymyzdyr.
Bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzdyr.
Bäş ýyldyz biziň taryhymyzyň bäş eýýamydyr.
Emma biziň döwletimiz dini däl-de, dünýewi döwletdir. Din biziň üçin döwletden hem, hemme zatdan hem ýokarda durýan mukaddeslikdir. Döwletiň dünýewüligi raýatlar üçin dini amallaryň we dessurlaryň mejbury däldigini aňladýar. Dini tutmak raýatyň döwlet öňündäki däl-de, Allanyň öňündäki parzydyr.
Emma türkmen döwleti adamlaryň dini dessurlary berjaý etmegine päsgel bermeýär. Tersine, dini baýramçylyklary döwlet derejesinde bellemek, metjitleri gurmak arkaly biz halkymyza dini gaýtaryp berdik. Çünki mukaddes dinimiz adamlarda ynanjy we ahlagy terbiýeleýär. Ynanç hem ahlak bolsa milli gymmatlyklardyr. Döwletiňki – syýasat bilendir. Syýasat bolsa geçmişi, şu güni sapak edinýär we belli bir anyk maksatlary göz öňünde tutýar. Döwlet syýasaty jemgyýetiň we adamyň ýaşaýşyna maksat berýär, oňa maksatlylyk häsiýetini berýär. Biziň milli gymmatlyklary öz ýörelgämiziň esasynda goýýandygymyzyň maksady türkmen milletini ýokary götermekdir.
9.
Dil – ruhuň aýnasydyr. Orta asyrlarda ençeme türkmen döwletleriniň milli esasdan daşlaşmagynyň sebäpleriniň biri – ol döwletler milli däl, umumy dini ýörelgelere eýeripdirler. Olar milli diýen zady asla unudypdyrlar. Netijede bolsa raýatlar – türkmenler milli duýgudan, milli aň-düşünjeden barha daşlaşyp, özge bir halklar bilen garyşyp-gatyşyp gidipdirler, dillerini-de unudypdyrlar. Çünki dil – milli duýgy-düşünjäniň maddylaşmagydyr. Soňkular ýitensoň, dil hem ýitmek bilendir. Türkmen jemgyýetiniň milletiniň şeýle tersin özgermesi ol döwletleriň yslamyň umumy syýasy-medeni dili bolan pars dilini, yslamyň umumyruhy dili bolan arap dilini öz döwlet işlerinde ulanmagy netijesinde bolup geçdi. Türkmen dili bolsa galyberdi.
Iň täze türkmen eýýamynyň döwlet ýoluny berkarar edenimizde, millilik, garaşsyzlyk hem dünýewilik ygtykatlaryny goldanmagymyz taryhyň şeýle sapaklary bilen hem baglanyşyklydyr. Elbetde, biz hiç bir dile garşy däl. Emma ýene-de milletimizi ýitirmejek bolsak, onda hökmany suratda milli gymmatlyklar, şol sanda milli dil biziň üçin esas bolmalydyr. Çünki häzirki türkmen döwleti – bize millet hökmünde ýene belentliklere galmak üçin berlen puryjadyr. Çünki häzirki döwletiň eýesi-de türkmendir.
Millilik, dil meselesinde biziň soňky 110 ýyllyk baknalyk taryhymyz hem pajygaly mysal bolup biler.
Orta asyrlarda biziň özümiz meýletinlik bilen özge dillere geçmedik.
XX asyrda biziň dilimizi unutmaga mejbur etjek boldular.
Tapawut şundadyr.
Nähili bolanda-da taryhy sapak edinmelidir.
Sapak edinmek bolsa diňe hadysalardan däl, eýsem olaryň sebäplerinden hem baş çykarmakdyr.
Dil öz-özlügindäki zat däldir. Dil ruhuň ýüze çykmasydyr. Biziň geçmişde dilimizi unudaňkyrlandygymyzyň sebäbi öz milli ruhumyza üns bermänligimizdendir. Ozal-a muňa özümiz sebäp bolduk, soňam ruhumyzy bilgeşleýinden ýoýjak boldular.
Şonuň üçin dilimizi hem, umuman, milliligimizi hem dikeltmegiň, ösdürmegiň esasy – milli ruhy gaýtadan we çuňňur kemala getirmekdir. Muny bolsa göwnejaý we birkemsiz amala aşyrmak diňe döwlet we döwlet ýolbaşçysy derejesinde mümkindir.
(Dowamy bar)..
Taryhy makalalar