10.
Milletiň özeni onuň aňyýetidir. Milletiň ähli maddy we ruhy barlygy – dili, dini, medeniýeti, döwletliligi, jemgyýeti – bary şol özeniň üstünde gurnalýar. Bu özen bolmasa, bularyň hijisi hem belli bir düzgüne we bitewi görnüşe girip bilmeýär. Onsoň olar kanunalaýyklyk däl-de, özakymlylyk görnüşde ýaşaýarlar. Özakymlylygyň soňy bolsa ýoýulmaklyga we dargamaklyga barýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy milli aňyýeti bir bitewi ulgama we bitewi düzgüne salar. Şondan soň türkmeniň milli geljegi iş ýüzünde doly kepillendiriler.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly özen ýoludyr – ruhyýeti düzgünleşdirmek ýoludyr.
Düzgünleşdirmek – başyna goýbermän «näme bolsaň, şo bol» etmän, dargatman saklamakdyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly – ruhanalyk ýoludyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly – taryhyň erkini milletiň eline bermek ýoludyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly – geljegi milletiň aňyýetine we ruhyýetine baglap goýmak ýoludyr.
Geljegiň reňki milli aňyýetiň we ruhyýetiň berjek boýagyna bagly bolmalydyr.
Türkmeniň geljegi beýikdir, şöhratlydyr,
çünki onuň geçmişi we şu güni bardyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly – öňki ýollardan tapawutlylykda diňe geçmişi we şu güni däl, eýsem geljegi-de aňa we ele getirmek ýoludyr.
Türkmene iň täze eýýamda milleti maddy we ruhy taýdan dargatman, bir bitewülikde saklap duran özüne çekiji güýç gerek. Ol güýjüň orny häzir diňe döwlet we onuň milli ýörelgeleri tutup biler. Sebäbi özüniň tebigaty boýunça, özüniň manysy we hyzmaty boýunça döwlet bütin milletiň, tutuş jemgyýetiň ähli baralaryny özünde jemläp bilýän hadysadyr. Döwletiň tebigatynda mejbury erk we meýletini erk, höküm we hukuk, döwletiň manysynda jemgyýeti dolandyrmak, ony öňe alyp gitmek aýratynlyklary jemlenendir.
Döwlet – milletiň aňydyr we ýüregidir.
Döwlet – milletiň erkidir.
Döwlet – milletiň zerurlyklarynyň aňlanylmasydyr.
Döwlete boýun sunmak – millete boýun sunmakdyr.
11.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Bitaraplyk ýoly. 12-nji dekabrda Türkmenistan özüniň uzak bolmadyk Garaşsyz taryhynda ähmiýeti boýunça ikinji döwlet baýramy bolan Bitaraplyk gününi belläp geçýär. Her ýyl bu baýramçylyk has hem şan-şöhrata beslenýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy 50-nji mejlisiniň kabul eden «50/80 A» Kararnamasy Türkmenistana hemişelik Bitarap döwletiň derejesini berdi. Şol günden bäri geçen döwür diňe bir Türkmenistanyň döwlet daşary syýasat ýolunyň durmuşa ukyplydygyna baha bermek, seçilip alnan ugruň dogrudygyna doly göz ýetirmek üçin däl, eýsem bitaraplyk diýlip atlandyrylýan bu adatdan daşary giň manyly düşünjäniň we seýrek duş gelýän ýagdaýyň iş ýüzündäki hem-de dünýägaraýyş babatdaky düýp mazmunyna biziň taryhymyzyň, şu günki we ertirki günümiziň üsti bilen akyl ýetirmäge synanyşmak üçin hem ýeterlik möhletdir. Bitaraplyk düşünjesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ölçegleri örän uludyr, onuň jemgyýeti we adamy, döwleti hem-de raýaty hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini çözmekdäki orny syýasy jähtden ýokary derejede möhümdir. Türkmenistanyň Bitaraplyk esaslarynyň düýpli işlenip geçilmegi, ýurtdaky, sebitdäki we dünýädäki anyk ýagdaýlaryň nukdaýnazaryndan BMG-niň seljerme geçirmegi gysga taryhy döwrüň içinde anyk maksatlara ýetmäge mümkinçilik berdi.
Halkara hukugynyň bar bolan kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bitaraplygy:
gelip çykyşy boýunça ykrar edilendigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» kararnamasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň üçünji duşuşygynyň jemleri boýunça 1995-nji ýylyň 15-nji martyndaky Yslamabat jarnamasy, Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kolumbiýa döwletiniň Kartahena şäherinde bolup geçen 11-nji konferensiýasynyň Jemleýji resmi namalary bilen tassyklanyldy;
görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny möhleti çäklendirilmeýär we harby döwürde-de, parahatçylykly günlerde-de şol güýjünde galýar;
mazmuny boýunça oňyn bolup durýar. Muňa bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, döwletleriň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde döwletiň işjeň garaýşy diýip düşünmek bolar.
SSSR-iň dargamagy, munuň bolsa on bäş sany täze döwletiň emele gelmegine getirmegi, Gündogar Ýewropada sosialistik jemgyýetiň synmagy, Ýugoslawiýanyň (ÝUSFR) soňra bölünmegi XX asyryň soňky ýarymynda garaşsyz ýaşamaga taryhy tejribesi bolan we ilkinji gezek şol tejribäni ulanan täze döwletleriň döremegine umumy meýliň tassyklanmasy boldy.
50 ýyl mundan öň häzirki milli baýdaklaryň dörtden üç bölegi ýokdy. BMG-niň agzalary bolan özbaşdak döwletleriň sanynyň 2000-nji ýyldaky 51-den 188-e çenli artmagy bilen, täze döwletleriň ýüze çykmagynyň depgini hem üýtgedi. 1950–1990-njy ýyllar aralygynda her ýylda 2,2 täze döwlet döredi, 1900–1950-nji ýyllar aralygynda bolsa her ýylda, 1,2 döwlet döräpdi. 1990-njy ýyldan soňky döwür durnuksyzlygy bilen has hem tapawutlandy. 1990–2000-nji ýyllar aralygynda her ýylda täze ýurtlaryň 3-si döredi.
Müňlerçe ýyllaryň dowamynda döwletleriň dargamagy, esasan, olaryň arasyndaky uruş-dawalaryň netijesi bolupdy. Häzirki wagtda döwletler daşyndan däl-de, eýsem içinden howpuň döremeginden has köp ätiýaç edýärler. Sowet imperiýasynyň dargamagy muny has äşgär görkezdi, bu ýagdaý bolsa öz-özünden hem-de diňe bir ýurdy dolandyrmak däl, eýsem syýasy ýagdaýa düşünmek ukybyny ýitiren häkimiýetleriň aýratyn bir garşylyk görkezmezliginde ýüze çykdy. Afrikada, Aziýada, Ýewropada öz çäklerini giňeltmegiň hatyrasyna serhetýaka sebitler üçin döwletiň çäginden çykýan uly möçberli uruşlar we dawa-jenjeller içki dawa-jenjellere öz ornuny berdi. Döwletleriň içindäki ilatyň belli bir toparlary özleriniň millet, dini, dil, sebitleýin we milli aýratynlyklaryny saklap galmak ugrunda çykyş edýärler, munuň özi bolsa häzir bar bolan ýurtlaryň bitewüligine hem-de kanunylygyna şübhe döredýär. Içerki gapma-garşylykly dawa-jenjeller has ýygy-ýygydan serhetleriň tötänleýin üýtgemegine getirýär, bu bolsa bar bolan serhetleriň üýtgewsizligi hakyndaky taglymaty gümürtik edip goýýar. Bularyň hemmesi howpsuzlyga has uly wehim salýar.
Ösýän döwletlerdäki (Owganystan, Indoneziýa, Kolumbiýa, Kongo, Somali, Şri-Lanka we başgalar) we ozalky kommunistik ýurtlardaky raýat uruşlary hem-de dawa-jenjeller, hamala, diňe gowşak we ýeterlik derejede ösmedik ýurtlar dargamaga duçar bolýarlar diýen düşünjäni ýüze çykardy. Ýewropa ser salsaň hem munuň ýalňyşdygyna göz ýetirmek bolýar. Bilim derejesi ýokary bolan ilatyň, güýçli sebitleýin ykdysadyýetiň, demokratiýanyň, bir bitewi diliň, diniň we medeni hem-de taryhy üstünlikleriň bolmagy hem ol ýa-da beýleki döwletiň üstünlikli ösmegini ýa-da saklanyp galmagyny kepillendirmeýär. 1920-nji ýylda Ýewropada 23 döwlet bardy, 1994-nji ýylda bolsa, olaryň sany 44-e ýetdi. Eger 1500-nji ýylda Ýewropada, takmynan, 500 sany döwlet birikmeleriniň bolandygyny ýatlasaň, häzir yklymdaky ýurtlaryň bölünmek ýagdaýynyň diňe bir ylmy wehim däldigi äşgär bolýar. XXI asyrda howpsuzlyk ulgamy düzülen mahaly bu ýagdaý çynlakaý nazara alynmalydyr.
Umumy düşünjä garamazdan, häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ýaýran bölünmek meýli diňe bir gadymy milletçilik meýilleriniň hem-de heläkçilikli durmuş kynçylyklarynyň netijesi däldir. Bu, köp babatda, giň möçberliligi bilen düşündirilýär, ol ýiti meseleleri orta çykaryp, ähli ýurtlary gurşap alýar. Kim goşulyşyp, giň möçberde birleşmegi oýlap tapan bolsa, bu meseläniň düýp özeninde hamala birleşdiriji netijäni görmek bilen ýalňyşandyr.
Giň möçberleri gurşap almagyň ýurtlary birek-birekden daşlaşdyrman, eýsem ýakynlaşdyrmagyna hem garaşmak bolardy. Göräýmäge, serhetleriň bozulmagy we özbaşdaklyk hakyndaky üýtgäp durýan düşünjeler milli ymtylyşy möwjetmän, eýsem gowşatjak ýalydy. Hakykatda, bu ýagdaý döwletleri bir-birine ýakynlaşdyrýan ýaly bolsa-da, iş ýüzünde dünýäni iki bölege bölýär. Dünýä taryhynyň bütin dowamynda döwletler öz serhetlerini giňeltmäge çalşyp geldiler. Gadymy Müsürden we rim imperiýasyndan başlap, Ýewropa kolonozasiýasynyň asyryna çenli adamlaryň, ýeriň, agaçlaryň, altynyň, nebitiň ýa-da almazyň näçe köp boldugyça, ýagdaý hem şonça gowy bolar diýen garaýyş oňlanylýan ýaly bolup göründi. Sebäbi ýurtlar, köplenç, goňşularynyň ýerlerini basyp almak bilen kuwwatlandy. 1820–1945-nji ýyllar aralykda dünýäde bolup geçen uruşlaryň köpüsi serhet dawalary bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, 1945-nji ýylda ABŞ-nyň ilkibaşdaky çägi dört ýarym esse artdy.
Häzirki wagtda uruşlaryň köpüsiniň maksady ýurtlary giňeldip ulaltmak däl-de, kiçeltmek bolup durýar. Munuň sebäpleriniň biri häzirki uly döwletleriň köpüsiniň ösüşiniň pesligidir. Uly döwletleriň köpüsi, adam sany we tebigy serişdeleri näçe köp bolsa-da, has ösen döwletleriň hataryna girmeýärler we içki kynçylyklara köp duçar bolýarlar.
Sowuk urşuň bolmadyk we giň möçberli okgunly öňe gidişlik şertlerde dünýä möçberinde birleşmek meýli döreýär. Bu we beýleki ýagdaýlar uzak wagtyň dowamynda ýer togalagynyň halklaryny bir-birinden aýra salan we aýra salmagyny dowam etdirýän emeli şertleri ortadan aýyrmagy aňladýar.
Bu ösüşiň esasy gapma-garşylygy bolsa bitewi dünýäde adamzadyň bölünen ýagdaýda galýanlygyndan ybaratdyr.
Bu gapma-garşylykda haýran galara zat barmy? Megerem, ýok bolsa gerek diýip pikir edýärin. Sebäbi, tutuş köpasyrlyk tejribe adamlary, tutuş milletleri, döwletleri gapma-garşy durmagyň, barlyşyksyz bäsleşmegiň, dawa-jenjelleriň, uruşlaryň şertlerinde ýaşamagy öwretdi. Şeýle çylşyrymly dünýäde sag-salamat galmak üçin adamlar ýaraglanmaga we güýç ulanmak derejesinden pikir öwürmezlige öwrenişip gitdiler. Özi-de, olar bäsdeşleriniň we duşmanlarynyň garşysyna diňe goşuny däl-de, syýasaty, dini, hatda medeniýeti hem peýdalanmagy öwrendiler. Şunuň netijesinde, bölünen dünýäniň toplumlary «medeni urşy» döretdiler. Hut şu medeniýet syýasatçylaryň, dikdüşdi başbozarlaryň gylyk-häsiýetinde we aň-düşünjesinde, habar beriş serişdelerinde, millionlarça adamlaryň garaýyşlarynda, ýüze çykýan milletara dawalarda, täze dini uruşlarda, tireparazlyk, milletparazlyk çärelerinde ýüze çykýar. Adamzat üçünji jahan urşunyň wehiminden halas bolup ýetişmänkä, harby taýdan gapma-garşy durmak akyl ýetirip bolmajak derejede biziň gündelik durmuşymyza dolanyp geldi. Güýç ulanmak bolsa käbir syýasatçylaryň nukdaýnazaryndan, dünýäde göwnejaý tertibi saklamagyň hem-de jedelleri çözmegiň mümkin bolan, hatda ýeke-täk usulyna öwrüldi. Umuman, sowuk urşuň ýerine hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşygy däl-de, yglan edilmedik uruşlar we jeza beriji köpçülikleýin hereketler, çäreler ýaly dartgynly ýagdaýlar emele geldi. Bu ýagdaýlaryň ady üýtgese-de, düýp mazmuny öňküligine galýar. Şunda diňe harby güýç däl, eýsem, ilat hem ejir çekýär.
Biziň beýik ata-babamyzdan bolan, başarjaň harby serkerde we döwlet hökümdary Baýram han Türkmen «Ýeňmek başarnygy parahat we ylalaşykly ýaşaşmak başarnygyna garanyňda hiç zatdyr» diýip aýdyp geçipdir.
Öňler, gadymy döwürlerde hakykaty we arassa pähim-paýhasy gursaga guýýan pygamberler bolupdyr, adamlar olara hormat goýup, gulak asypdyrlar. Häzirki dünýäde hiç bir jogapkärçilik çekmezden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pygamberleriň işini bitirjek bolýarlar. Köplenç, betnebis we kimdir biriniň bähbitlerine eýerilýän täsiriň güýçli akymy şolaryň üsti bilen adamlaryň başyna inýär. Emma Platonyň akyl ýetirmegiň we terbiýelemegiň deňeşdirip görmek, öz-özüňi seljermek we mysallar arkaly amala aşyrylmalydygy baradaky wesýetlerini hemişe ýatda saklamak gerek. Parahatçylyk medeniýeti barada söz açmak bilen, men bu meseläni adamzada durmuşda, özüni alyp barmakda, özara gatnaşyklarda täze ahlak sypatlary zerur diýip beýan ederdim.
Haçan-da «Türkmenistanyň iş ýüzündäki daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde we giň manyda döwlet hem-de jemgyýetçilik gurluşynyň taglymy hökmünde bitaraplyk nusgasyny seçip almagy nämä esaslanýar?» diýip soranlarynda men «Gönüden-göni öz taryhyna esaslanýar» diýip jogap berýärin. Türkmen halkynyň durmuşynda öçmejek yz galdyran wakalara baý, gam-gussadan we şan-şöhratdan, şowlulyklardan we şowsuzlyklardan, gülläp ösmekden hem-de solup, pese düşmelerden püre-pür bolan taryhy Garaşsyz Türkmenistanyň şeýle syýasy ugry seçip almagyny öňünden kesgitledi. Ol bolsa bize bir bitewi halk hökmünde özümizi saklap galmaga, Türkmenistanyň döwletliligini we özbaşdaklygyny, özboluşlylygyny eýelemäge mümkinçilik bermelidi, bir uly döwlete ýapja bolmagyň gözgyny wezipesini ýerine ýetirmekden hemişelik azat etmelidi.
12.
Iňňän gadymy medeniýete eýe bolan Türkmenistan dünýä medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşdy. Biziň zamanymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap Ýaňykent, Marguş, Parfiýa, Margiana, Ürgenç ýaly gadymy türkmen ýa-da, alymlaryň atlandyryşy ýaly, ýönekeý türkmen döwlet birleşmeleri ep-esli derejede Gündogaryň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň häsiýetini, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň özara gatnaşyklarynyň derejesini kesgitledi. Akademik W.W.Bartold türkmenleriň babalary bolan parfiýalylaryň gadymy döwrüň dünýä syýasatyndaky orny barada söz açyp, olara ýokary baha berýär. Olar biziň zamanamyza çenli ikinji asyrda Hytaýdan Alynky Aziýa tarap açylan kerwen ýoluny has başarjaň peýdalanmagyň hötdesinden gelipdirler, Hytaý bilen Rim imperiýasynyň arasyndaky araçylar hökmünde özleri üçin peýdaly orny saklap galmagy başarypdyrlar. Bize gelip ýeten resmi namalar we gadymy döwrüň ýazuwçylarynyň bize galdyryp giden habarnamalary türkmenleriň ata-babalarynyň hytaýlylar, rimliler bilen syýasy-diplomatik taýdan giň hyzmatdaşlyk edendiklerine şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde Aziýanyň uly giňişliklerinde syýasy sazlaşygyň özboluşly ulgamy emele gelipdir.
Türkmenler soňky alty asyryň içinde döwlet bolmagyň arzuwynda gezipdirler. Ýöne şol bir wagtda özleriniň bir bitewi milli döwletini döretmek barada göwün ýüwürdipdirler. Orta asyrlarda Hindistan ýarymadasyndan Orta ýer deňzine çenli ägirt uly giňişlikde 80-den gowrak döwletiň emele gelmeginde türkmenleriň gönüden-göni gatnaşygynyň bolandygyny taryhçylar belläp geçýärler. Türkmenleriň dolandyran bu döwletleri milli düzümi, dini garaýşy boýunça örän dürli-dürli bolupdyr. Şol döwletleriň düzümine giren onlarça halklaryň we taýpalaryň diňe özlerine mahsus medeniýeti, urp-adatlary, däp-dessurlary, dünýägaraýşy bolupdyr. Bu ýagdaýa garamazdan, olar onlarça we hatda ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda gülläp ösüpdirler, içerki tertip-düzgüniň we ylalaşygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä görkezipdirler.
Gadymy döwürlerdäki we orta asyrlardaky türkmen döwletleriniň bütin dünýä üçin giňden açyk bolmagy, beýleki ýurtlar we halklar bilen hemişe gatnaşmaga ymtylmagy şol döwletleriň güýçli hem-de ösüşde bolmagynyň, milletiň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň baş şertleridir. Aýanlyk, hyzmatdaşlyk etmäge hoş meýillilik, täze zatlary özüne ornaşdyrmaga ymtylyş, duşmançylykdan, gyýa göz bilen garamak meýillerinden daşda durmak, parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk we kesekiniň pikirine sarpa goýmak – ine, şular türkmenleriň milli gylyk-häsiýetiniň esasy alamatlarydyr. Olar müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala geldi, türkmen halkynyň ata-baba mahsus özboluşly häsiýetlerini özünde jemledi. Türkmen halky şol gymmatly gylyk-häsiýetlerini öz başyna düşen hupbat-hunabalara garamazdan, saklap galmagy hem-de häzirki nesillere miras galdyrmagy başardy. Taryh türkmenlere öz pikirine çapraz gelse-de, kesekiniň pikirine sarpa goýmagy, parahatçylygyň we asudalygyň hatyrasyna eglişik etmegi öwretdi. Taryh bize milli bitewüligiň gadyryny bilmegi we başgalar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamagy öwretdi. Sebäbi türkmenler içki agzalalyklardan we daşky duşmançylyklardan köp hupbat-hunaba ýuwdup, jebir-jepa çeken halkdyr.
Gadymy döwürlerden başlap türkmenleriň mekan tutan ýerleri «ýedi ýoluň çatrygy» diýlip atlandyrylypdyr. Bu şahyrana at türkmenleriň «nesil şejeresiniň» manysyny aňladýar. Olaryň ata Watany Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, Günbataryň hem-de Gündogaryň medeniýetiniň sepleşýän ýerinde, dürli medeniýetleriň, dinleriň galtaşýan giňişliginde ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, köplenç, geografiýa halkyň geçen taryhy ýoluny, aslyny, derwaýys durmuş gymmatlyklarynyň we ahlak gylyk-häsiýetleriniň belli bir toplumyna eýe bolan hökmünde ruhy keşbini öňünden kesgitleýär. Bu ýagdaýlar türkmenleriň däp-dessurlarynda we urp-adatlarynda, halk eposlary bolan «Gorkut atada» we «Görogluda», türkmen edebiýatynyň we filosofiýasynyň ägirt ussatlary bolan Magtymgulynyň, Ýusup Balasagunlynyň, Jelaleddin Rumynyň, Ýunus Emräniň, Enweriniň, Mollanepesiň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň we başgalaryň özünde kuwwatly ynsanperwerlik güýji jemleýän we milletiň kemala gelmegine çynlakaý täsir eden ölmez-ýitmez eserlerinde ýüze çykýar.
Türkmenleriň milli häsiýetiniň özboluşlylygy bilen bir hatarda, umumyadamzat häsiýetine mahsusdygyny hem men kesgitli aýdyp bilerin. Olaryň medeniýetiniň goňşy halklaryň medeniýeti we dünýägaraýşy bilen işjeň hem-de uzak wagtlap özara gatnaşygynda bu başgaça bolup hem bilmez. Türkmen jemgyýetiniň gurluşy däp-dessurlary we erkinligi, häkimiýete, kanuna hem-de öz mertebesine sarpa goýmagy hemişe sazlaşykly utgaşdyryp geldi. Biz Aziýa ýurdudyrys, ýöne Ýewropanyň gylyk-häsiýeti hem bize ýakyndyr we düşnüklidir, sebäbi türkmen üçin hiç wagt ýat zat, keseki zat bolmandy.
Adamzadyň uzak taryhynyň dowamynda dürli ýurtlarda milletiň kemala gelmeginiň, öz-özüni ykrar etmeginiň, döwletleriň döremeginiň aýry-aýry döwürleri bolupdy. ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Hindistan, Müsür, Hytaý, Päkistan, Germaniýa, Malaýziýa ýaly ýurtlaryň ýakyn geçmişini ýatlap geçeliň. Şolaryň kemala gelmegi bolsa Jorj Waşingtonyň, Mustafa Kemal atatürküň, Şarl De Golluň, Jawaharlal Neruwyň, Gamal Abdel Naseriň, Mao Sze Dunuň, Den Sýaopiniň, Muhammad Ali Jinniniň, Konrad Adenauýeriň, Mahathir Mohammadyň ady bilen baglanyşyklydyr. Aýratyn ygtyýarlyklar berlen we ynam bildirilýän baştutanyň töweregine jebisleşen mahaly halk we jemgyýet hemişe has okgunly we netijeli hereket edýär. Käwagt olaryň abraýyny güýç bilen, üstesine-de hiç bir maksatsyz, awtoritarizm düşünjesi bilen çalşyrýarlar, bu düýbünden nädogrudyr. Täze jemgyýet täze aň-düşünjäniň, täze ruhy-syýasy gymmatlyklaryň binýadynda döredilýär. Onuň öňbaşçysy adamlary oňyn we netijeli taglymata ynandyryp hem-de şonuň daşyna jebisleşdirip bilýän abraýly we hakyky halk baştutany bolup durýar. Bu öz durmuş-syýasy binýadyny iş ýüzünde emele getiren we ykdysady taýdan özgertmäni tamamlap barýan Türkmenistanyň başdan geçirýän geçiş döwründe döwlet gurluşygyndaky tebigy ýagdaýdyr. Biziň garaşsyz bolanymyzdan bäri gazanylan, her bir türkmen üçin buýsanja öwrülen netijeler welin äşgärdir.
Şonuň ýaly gatnaşyk demokratiýanyň we kanunlaryň ileri tutulmagynyň esasynda döwlet gurluşygy üçin amatly ýagdaýy döredýär.
Häkimiýet ygtyýarlyklarynyň belli bir döwürde halkyň baştutanyna berilmegi, aýratyn hem täze düzülýän döwlet birikmelerinde kanunalaýyk ýagdaýdyr we maksadalaýykdyr. Hakyky demokratiýa güýçli häkimiýeti aňladýar diýip bir mahallar Sokrat aýdyp geçipdi. Şunda güýçli häkimiýet onuň güýjüni däl-de, oňa halkyň ynamyny we goldawyny aňladýar. Demokratiýanyň düýp mazmuny halkyň baş-başdak hereketi däl-de, onuň öz saýlanynyň üsti bilen akylly-başly kanunlary bellemäge hukugydyr diýip, beýik afinaly belläp geçipdir, halkyň özi hem şol taryhy kanunlara gyşarnyksyz tabyn bolmalydyr. Aýdylyşy ýaly, erkin bolmak üçin adamlar kanunlaryň guly bolmalydyr.
Türkmenistanda kanun ilkinji we üýtgewsiz bolan, ileri tutulýan jemgyýet döredilýär. Häzir jemgyýet we raýatlar düýpli özgertmeleri başdan geçirýän mahaly täze syýasy medeniýetiň, bitaraplygyň ahlak gymmatlyklarynyň ýörelgelerinde syýasy terbiýe döwletde täze gatnaşyklaryň esasyny döredýär. Bu babatda gyssanmak bolmaz, munuň geçiş döwrüniň sazlaşygyny bozjakdygyna we adamlara düzedip bolmajak zeper ýetirjekdigine akyl ýetirmän, bizi gyssaýanlar bar.
Döwletiň demokratik gurluşynyň onuň ahlagyna we ýagdaýyna laýyk gelmelidigini, jemgyýetiň we her bir adamyň göni demokratik çärelere taýýarlykly bolmalydygyny halk duýmalydyr, eger şeýdilmese, onuň hiç bir ähmiýeti hem, gymmaty hem bolmaz.
Dünýewi, demokratik döwlet, halkara gatnaşyklaryna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan garaşsyzlygyň we bitaraplygyň ýyllary içinde dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny eýeledi. Biz öz döwletimizi düýpli we hemişelik gurýarys, şunda özümiziň taryhda gazanan şan-şöhratly ýeňişlerimizi hem, başymyza düşen şowsuzlyklardyr ýeňlişlerimizi hem tejribe hökmünde miras alýarys.
Häzirki medeni ösüşiň düýpli, umumyadamzat, demokratik gymmatlyklary Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň mundan beýläk-de syýasy ösüşiniň esasyny düzýär. Ol bolsa türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, syýasy hem-de durmuş tejribesi bilen utgaşyp gelýär. Türkmen jemgyýetinde adam iň ýokary gymmatlyk bolup durýar. Türkmenistanda tutuş Aziýa boýunça ilkinji bolup jeza çäresi hökmünde ölüm jezasynyň ýatyrylmagy munuň äşgär subutnamalarynyň biridir. Mundan başga-da, hukuk tertibi, durmuş gurluşy babatda milli kanunlary ynsanperwerleşdirmek boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar. Ýurdumyzda geçirilýän bu çäreler onuň ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we taglymatlaryna, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga düýpli tutumlar edýändigini iş ýüzünde subut edýär. Baryp 1992-nji ýylda Helsinkide, Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna giren mahaly Saparmyrat Türkmenbaşy ýakynda garaşsyzlyga eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň muny öz döwlet gurluşynda Konstitusiýany ileri tutmak, kanuna sarpa goýmak, demokratik gymmatlyklara, adam hukuklaryna doly hormat etmek esasynda ykrar edýändigini aýdypdy. Biz demokratik hukuk döwletiniň nusgasynyň adamlaryň kadaly, howpsuz ýaşamagyna, her raýatyň söz hem-de pikir azatlygyna esaslanmagyndan ugur alýarys. Adam hukugynyň şygar, syýasy gep nokatlamak hökmünde ulanylyp bilinýändigi giňden mälimdir, bu ýagdaý, köplenç, soňky wagtlarda ýüze çykýar. Ýöne bizde adam hukugy döwletiň milli bähbitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, onuň iňňän möhüm düzümi bolup durýar. Biz bu nukdaýnazara häzir hem eýerýäris, biz syýasy ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynda şu garaýşy derwaýys hasaplaýarys.
Ynsanperwerlik we ruhubelentlik bitaraplykdan aýrylmaz düşünjelerdir. Bitaraplyk taglymatynyň özüni hem beýik we öçmez ynsanperwer taglymatlar düzýär. Döwlet hem dünýäde alyp barýan gündelik işinde şol taglymatlara eýermek bilen, kem-kemden şolary goldanýar, şol taglymatlar halkyň tutuş durkuna we ganyna siňýär, dünýägaraýşynyň bir bölegine öwrülýär. Bitaraplygyň ägirt uly terbiýeçilik güýji hem şundadyr.
13.
Biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtlular türkmenleriň göwnaçykdygyna, parahatçylyk söýüjiligine we sabyr-takatlydygyna, kesekiniň pikirine sarpa goýýandygyna, başgalaryň derdini deň çekişmäge we kömek-goldaw bermäge taýýardygyna, köplenç, göz ýetirýärler. Biziň syýasatymyzyň düýp mazmuny hem adama, halka ýaramly şeýle sypatlardan ybaratdyr. Türkmenistanyň esasyny ruhy gymmatlyklar düzýän bitaraplyk garaýşyny biz hökman türkmenleriň ruhy kanuny bolan Ruhnamada beýan edýäris. Biz ýene-de bäş-on, ýigrimi ýyldan, otuz ýyldan döwletimize baştutanlyk etjek ýaş nesli bu gymmatlyklara üýtgewsiz eýermek ruhunda terbiýeleýäris we terbiýeläris, şeýdibem, geljekde biziň alyp barýan ugrumyzyň mirasdarlygyny üpjün ederis.
Şu babatda bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri bolup durýar. Biziň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» atly on bir ýyllyk milli maksatnamamyzda hut bitaraplyk esasynda düzülen daşary syýasatymyza aýratyn ähmiýet berendigimiz tötänleýin däldir.
Biziň bitaraplygyň hatyrasyna seçip alan ýolumyzy kesgitleýän taryhy-dünýägaraýyş derejesinden başga-da, ykdysady hasaplamalaryň bardygyny hem aýdyp geçmek isleýärin. Biz nebitiň we gazyň dünýädäki bar bolan gorlarynyň ýüzden 30-dan gowragyna eýelik edýäris.
Häzirki zaman dünýäsinde bolsa, ýangyç serişdeleri döwletleriň bähbitleriniň çaknyşmagyna güýçli täsir edýär. Tebigy serişdelere baý we geljegi uly çäkleriň, sebitleriň we döwletleriň «täsirine» düşmek hem hut şundan ybaratdyr. Köp onýyllyklaryň dowamynda nebit-gaz çig malyna bolan tebigy gyzyklanma galapyn asudalyk we adyllyk bilen amala aşyrylmady. Şeýle ýagdaý özüniň dawa-jenjel nukdaýnazaryndan BMG-ni hemişe ynjalykdan gaçyrypdy we gaçyrýar. Munuň üçin mysal gözläp, uzaga gitmek gerek däl. Ýakyn Gündogar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hadysalaryň öňüni almak, haýsydyr bir ýaramaz bäsleşigiň, şu mümkinçiliklere eýe bolmak hyjuwynyň pidasy bolmazlyk üçin, biz bitaraplyk syýasatyny, haýsydyr bir syýasy, has beteri-de, harby-syýasy toparlanyşyklara we birleşiklere goşulmakdan ýüz öwürmek syýasatyny ileri tutduk. Ol ýa-da beýleki güýje ýapja bolmak bolsa ir-u-giç biziň özygtyýarlylygymyzyň we özbaşdaklygymyzyň elden gidirilmegine getirerdi.
Biz öz öňümizde bähbitleriň gönüden-göni çaknyşmagynyň öňüni almaga, gyzyklanýan taraplaryň Türkmenistanyň çäklerinde özara bäsleşmän, nebit-gaz serişdelerini işläp taýýarlamakda diňe hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik berýän halkara ykdysady arkalaşmasy üçin syýasy şertleri döretmek wezipesini goýduk. Muny diňe dünýäniň we sebitleriň esasy syýasy-ykdysady merkezlerine deň derejede ýakynlaşmak (eger olar sagdyn we adalatly bäsleşen halatynda) ýa-da olardan deň derejede daşlaşmak (eger güýç ulanmak usullary, zor salmak we hilegärlik meselesi örboýuna galsa) şertlerinde amala aşyryp bolardy. Bitaraplyk düşünjesiniň manysy şundadyr. Türkmenistanyň şeýle çemeleşmesini halkara ykdysady dartgynlylygyny gowşatmagyň netijeli ülňüsi hasaplan Birleşen Milletler Guramasy oňa ýokary baha berdi.
Ol, hususan-da, biziň üçin has möhüm bolan öz ýangyç serişdelerimizi halkara bazarlaryna çykarmak ýaly meselelerde ýüze çykýar. Gynansak-da, gürrüň häzir ýaramaz bäsleşik, hakyky ykdysady maksatnamalaryň syýasylaşdyrylmagyna sebäp bolan turbageçirijiler hakynda barýar. Şundan ugur alyp, biz esasy döwletara turbageçirijileri üçin halkara kepillendirilmeleriniň döredilmegi hakyndaky başlangyç bilen Birleşen Milletler Guramasynda çykyş etdik. Özi-de, şeýle turbageçirijileri XIX–XX asyrlaryň sepgidinde iň çylşyrymly syýasy we diplomatik wezipelerden biri bolan halkara deňiz bogazlary bilen deňeşdirmek adalatly bolardy. Häzirki wagtda bu bogazlar erkin gämi gatnawyny, şol sanda yklymyň içindäki döwletler üçin hem erkin gämi gatnawyny üpjün edýärler. Olaryň halkara-hukuk taýdan ykrar edilmegi bolsa dünýä bileleşiginiň döwletleriniň özara gatnaşyklary ösdürmäge ykdysady we syýasy taýdan gyzyklanmagy bilen şertlenendir. 1982-nji ýylda BMG-niň deňiz hukugy hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmegi bolsa bogazlaryň we adalar toplumyny gurşap alýan suwlardaky deňiz geçitleriniň üsti bilen erkin gämi gatnawyny saklap galmagyň möhümdigini hem-de zerurdygyny tassyklady. Ozal halkara adaty hökmünde ulanylan bu iş iň möhüm halkara-hukuk ýörelgeleriniň biri hökmünde hukuk taýdan resmileşdirildi.
Şu babatda Türkmenistan esasy döwletara turbageçirijileri boýunça ýangyç serişdeleriniň howpsuz we päsgelçiliksiz akdyrylmagyny kepillendirmekde BMG bilen göwnejaý iş alyp barýar. Biz bu meseläni birnäçe döwlet ýolbaşçylary, şeýle hem BMG-niň Baş sekretary bilen iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşdyk. Biz şol serişdeleri öndürijileriň, üstünden geçirýän ýurtlaryň we sarp edijileriň bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen halkara-hukuk usulynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris.
Bu meseläniň möhümdigini Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň Assambleýasynyň jemleri görkezýär. Şolar döwletleriň, halklaryň, yklymlaryň arasynda dürli hyzmatdaşlygy, ösen jemgyýetler bilen medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu nukdaýnazardan ulgamlar, ýollar, adamlaryň özara arkalaşmagyna hakykatda hemaýat edýän ähli serişdeler möhüm maddy gymmatlyklar bolup durýar. Şoňa görä-de, turba geçirijiler ýigrimi birinji asyrda dünýäniň, hakykatda, özboluşly gan damarlaryna öwrülýär.
Men özüme dogry düşünmeklerini isleýärin: – döretmekden ileri zat ýok. Alty ýüz ýylyň içinde ilkinji gezek bütewi, türkmenleriň ähli tirelerini-taýpalaryny öz içine alýan garaşsyz döwleti döretmek mümkinçiligine eýe bolduk.
Täze döwürde döwletleriň kadaly ýaşamagy üçin deň bähbitli şertleri döretmegiň zerurdygy hakynda meniň oý-pikirlerim ýöne ýerden döremedi, sebäbi, daşyndan göräýmäge, özüne çekiji çagyryşlar we taglymatlar öz mazmuny boýunça seýrek bolmadyk ýagdaýda başgaça mana eýe bolýar. Hususan-da, soňky döwürde şeýle garaýyşlar ozalky Sowet Soýuzynyň giňişliklerinde goşulyşmagyň meýline öwrüldi. Özbaşdak ýaşamagyň ilkinji ýyllaryndan soň çözülmedik içerki kynçylyklara duçar bolanlar üçin munuň içki manysy düşnüklidir: munuň sebäbini özüňden, öz hereketlerinden däl-de, ony daşyndan, ozalky aragatnaşyklaryň bozulmagyndan, göwnejaý, ýagny, berk ykdysady utgaşdyrmanyň bolmazlygyndan gözlemeli. Bu mazmuny boýunça şeýledir. Görnüşi boýunça bolsa bu goşulyşmak diýlip atlandyrylýan meseläni örboýuna galdyrýar. Ýöne hakyky goşulyşmak zabunlygy we galplygy däl-de, eýsem, meýletinligiň demokratik ýörelgelerini, deňeçer hukuklary, şertleri we bähbitleri aňladýar. Şu aýdylanlar babatda Ýewropanyň günbatar bölegindäki häzirki ýagdaýa salgylanmak bolmaz, çünki Günbatar Ýewropa ýurtlary üýtgewsiz jemgyýetçilik gurluşynyň şertlerinde we ykdysady esaslarda asyrlaryň dowamynda birsydyrgyn ösüşi başdan geçirdi. Bu bolsa şu günki günde olary düýpli bolmasa-da, garaz, birneme ýakynlaşdyrdy. Çünki goşulyşmak häzir Ýewropada onuň anyk syýasy we ykdysady ýagdaýyny görkezýän mundan beýläkki sazlaşykly ösüşi üçin özboluşly kanuna öwrüldi. Biziň täze garaşsyz döwletlerimizde bolsa, ýagdaý düýbünden başgaçadyr.
Ol dört sany esasy meseläniň çözülmegine bagly bolýar, ýagny, berk milli syýasy döwlet gurluşyny emele getirmegi, täze jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň binýadynda ykdysady özgertmeleri tamamlamagy, barabar sud-hukuk gurluşyny döretmegi talap edýär. Diňe berkarar edilen döwlet ulgamy täsirli goşulyşmagy üpjün etmäge ukyplydyr we tersine, bu işde gyssanmaçlyk etmek goşulyşmak işiniň diňe bir netijesiz bolmagy bilen çäklenmän, eýsem, onuň aýry-aýry bölekleri weýran ediji täsiri hem ýetirip biler. Başgaça beýan etseň, şu günki günde biziň üçin goşulyşmak – munuň özi pugta binýada esaslanýan gurluşdyr we ony çalt amala aşyrmagy teklip edýänler esasy zady – şol binýady emele getirýän döwletleriň her biriniň özüne mahsus ýagdaýyny nazara almaýarlar. Ol binýat pugta we durnukly bolmasa, geljegini öz garaşsyz döwleti bilen baglanyşdyrýan halklar üçin şol gurluş howaýydyr we weýran edijidir.
Men şu meseleler babatda has giňräk aýdyp geçmek isleýärin. Bu ýerde gürrüň haýsy hem bolsa bir harby ýa-da ykdysady birleşmeler hakynda barýar. Siziň bilşiňiz ýaly, öňki soýuz darganda, on bäş döwlete bölündi. Şol döwletleriň bir topary ykdysady taýdan gaty agyr günleri başdan geçirýär. Käbir döwletler bolsa ýaňadan birleşip, ykdysadyýeti, syýasaty, ýa-da harby işleri umumylaşdyrmak isleýärler. Emma biz hiç mahal ol zatlara goşulamzok.
Biziň häzirki syýasatymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmek, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny ýerlikli ulanmak, öz güýçlerimize daýanyp, türkmen döwletini özgertmek, Türkmenistanyň baýlyklaryny öz ýurdumyzyň halkyna sarp etmek esasy wezipe bolup durýar. Biz ol işleri alyp gidip barýarys.
Men şu ýerde her bir türkmeniň bilmeli zatlary hakynda aýtmak isleýärin. Biz ýetmiş ýyllap SSSR-iň düzüminde bolduk. Şol döwürde biziň ykdysadyýetimiz gaty pese düşdi. Dogrusyny aýtmak gerek, biz şol döwürde medeniýet, aň-bilim babatda köp zatlary öwrendik, dünýä gymmatlyklaryny, dünýä medeniýetini, sungatyny öwrenmäge hem mümkinçiliklerimiz boldy.
Emma, siz gören bolsaňyz, ýuwaş-ýuwaşdan biziň elimizden ähli ygtyýarymyzy aldylar, biz özbaşdaklygymyzy ýitirdik. Nebitimiziň, gazymyzyň, pagtamyzyň nirä gidýänini bilmeýärdik. Saparmyrat Türkmenbaşy 1985-nji ýylda Ministrler Sowetiniň başlygy bolanyndan tä 1991-nji ýyla çenli M.S.Gorbaçýow bilenem, ozalky SSSR-iň beýleki ýolbaşçylary bilenem gepleşikler geçirip, Türkmenistanyň paýyny almak isledi. Ýöne onuň ol islegi başa barmady. Ýetmiş ýylyň içinde Türkmenistanda bary-ýogy iki sany zawod guruldy. Olaryň biri Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawod bolup, ol hem uruş döwründe Tuapseden göçürilip getirilen köne zawoddy. Ikinjisi bolsa, Aşgabatdaky nah mata fabrigidir. Ol fabrik hem biýz bilen bir gödek ýüplük çykarýardy.
Türkmenistanda öndürilýän beýleki zatlaryň hemmesi – himiýa önümlerimiz, nebit önümlerimiz, gaz önümlerimiz, pagtamyz Moskwadan paýlanýardy, bize hasabatam berlenokdy. Türkmenistan her ýylda SSSR-iň umumy gaznasyna 15 milliarddan 20 milliard dollara çenli çig mal iberýärdi. Türkmenistan 1960-njy ýylda 17 million tonna nebit öndürýärdi. Biziň her ýylda berýän gazymyz 80-90 milliard kub metr bolýardy. Her ýylda bir million tonna golaý pagta ýygyp, hemmesini tabşyrardyk. Öndürilýän pagtanyň bary-ýogy 3 göterimini özümizde gaýtadan işläp, ýüplük edip ýa-da biýz edip çykarardyk. Çykarylýan biýzi hem harby işe gerek diýip elimizden alyp giderdiler. Biziň o taýda gören peýdamyz ýok.
14.
Türkmeniň ruhy taryhynda bitaraplyk ýolunyň özboluşly taryhy esaslary boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti bolanyndan soň, bu täze türkmen döwletini halkara bileleşigine goşmagyň, täze döwleti il hataryna goşmagyň aladasyny etdi. Saparmyrat Türkmenbaşynyň ähli tagallalary taryhy manysy taýdan gadymy we orta asyr türkmen patyşalarynyň aladasyny ýada salýardy. Şu ýerde onuň ýolunyň taryhy kökleri we häzirki zaman aýratynlyklary barada söz açasym gelýär.
Türkmen milleti, geçmiş türkmen döwletleri öz milli aýratynlyklary boýunça beýleki milletler babatda hoşniýetli we açyk häsiýetli bolupdyrlar. Milli häsiýet milli dilde öz üýtgeşikligini aýnada goýan ýaly goýýar. Türkmeniň hoşniýetli garaýyşlary onuň dilinde öz aýratynlyklary bilen saklanyp galandyr. Türkmenler beýleki milletlere, döwletlere ilçiler iberip, döwletara, milletara gatnaşyklary ýola goýupdyr. Siz şu «ilçi» sözüniň asyl manysy hakda pikir edip gördüňizmi? Bu ýerde türkmen milli taryhy ýörelgesiniň özboluşlylygy bar. «Ilçi» sözi elbetde, «il» diýen sözden. Emma hut «il» sözi edil häzirki gündelik ulanylýan manysyndan başgaça manyny berýär. «Il» gadymy türkmen dilinde diňe «halk, millet» diýen manylary aňlatman, eýsem «parahatçylyk» diýen manyny hem beripdir. Il bolmak – goňşular, özge halklar bilen agzybirlikde, düşünişip ýaşamagy aňladypdyr. Şeýle many Oguz han Türkmeniň eýýamynda döräp, gaty uzak mahallar türkmeniň daşarky dünýä gatnaşygynyň milli usulyny, türkmen özboluşlylygyny aňladyp gelipdir. Şu mahal taryhy taýdan şeýle bir uzak döwri öz içine alýar weli, hatda ýaňy – türkmeniň täze eýýamynda hem il bolmak jümlesi özüniň asyl, syýasy manysyny ýitirmän ekeni.
Gargyş gurduň zürýadyny azaldar,
Goýun kibi çar tarapa il bolgun!
Beýik Magtymgulynyň setirleri türkmeniň öňki taryhy ýaşaýyşdan sapak almagyndan döräpdi. Şahyr türkmeniň Oguz han Türkmen döwründe ýörgünli bolan bir ýoly täze eýýam üçin baş ýörelge hökmünde görýär. Il bolmak – oňşukda, ylalaşyp, parahatçylykda ýaşamak. Il manysy – ýaraşyk, ylalaşykdyr.
Diýmek, ilçi – ýaraşdyryjy, ylalaşdyryjy, milletler, döwletler arasyndaky gatnaşyklary diňe parahatçylyk häsiýetinde ýola goýujy adamdyr. Şeýle many häzir diňe türkmen dilinde bardyr.
Dildäki many – köňüldäki manydyr.
Türkmen köňülde, ýürekde ýok sözi dile getirmeýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmeniň şeýle anyk dil, durmuş hadysalarynda ýüze çykýan içki milli özboluşlylygyna esaslanýar. Türkmen milli ruhy aýratynlyklary, türkmeniň taryhy ýaşaýyş ýolunyň özboluşlylygy bizi hemişelik Bitaraplyk syýasatyna getirdi.
XX asyryň ahyrynda dünýä düýpli özgerdi. Dünýäniň ösüş ýoly, dünýäniň barýan ugry düýpli üýtgedi. Şu üýtgeşiklik bir taryhy-syýasy hadysasy hökmünde bütin dolulygynda ýüze çykdy.
XX asyryň ahyrlarynda dünýäde milli döwletler görlüp-eşidilmedik derejede köpeldi. Bary-ýogy 50–60 ýyl mundan ozal dünýäniň syýasy ösüşi başgaçady: milletler öňki bolşy ýaly uly döwletlere, kuwwatly imperiýalara birikmäge ymtylýardylar. Sebäbi şeýle ululygyň içinde ýaşamak ähli taraplardan amatlydy we ähli manylarda ýeňildi.
Emma soň milletler öz döwletini gurmaga, öz ykbalyny özi kesgitlemäge ymtylyp ugradylar. Netijede, dünýäde san taýdan juda köp döwletler kemala geldi. Olaryň köpüsi-de kiçi döwletlerdir.
Kiçiligiň öz gabarasy, öz ölçegi, öz ýörelgesi, öz gymmatlyklary bar. Kiçi güýji halamaýar, gara güýç ulanylanyny oňlamaýar. Sebäbi onuň maksady öz başyny özi çaramak, onuň maksady sag-amançylykda öz gününi görmek. Iliň işine goşulmak onuň küýüne-de gelenok. Sebäbi ol özüniňkini oňarmaga, özüniňkini abadanlaşdyrmaga meşgul.
Dünýäniň san taýdan şeýle özgerişi dünýäniň, halkara gatnaşyklarynyň täze hilini talap edýär.
Barha kiçelip barýan dünýä kuwwat taýdan kiçi döwletleriň kanuny boýunça ýaşamak isleýär. Sebäbi ahyrky netijede ýaşaýyş kanunlaryny san taýdan köplük bolanlar kesgitleýär. Ine, şu ýerde-de türkmeniň gadymy ilçilik gatnaşyklary dünýä ýaşaýşynyň täze düzgüni hökmünde öňe çykýar.
Şu wagta çenli dünýä başga dünýädi – ulularyň dünýäsidi. Ulularyň dünýäsi güýje, gara güýje we mejbur etmeklige görä gurlandyr. Hatda milletleriň ýaşaýyş pelsepesi, medeni-ýaşaýyş ýörelgeleri gara güýjüň rüstemligini ykrar etmek esasynda gurlandy. Milletleriň gündelik ýaşaýşy, hatda aň-düşünjesi güýjüň rüstemligi we onuň öňünde gürrüňsiz boýun egmek kanuny boýunça kemala gelipdi.
Indi başga dünýäde ýaşaýarys.
Indi dünýäniň ykbalyny kiçiler kesgitleýär.
Kiçiler bolsa güýji däl-de, ylalaşygy isleýärler. Ylalaşyk bolsa parahatçylykly, ilçilikli ýaşaýyşdyr. Şu ýerde hem türkmeniň köne ilçilik düzgüni, il bolmak dessury dünýäniň, dünýä halklarynyň täze hilli gatnaşyklary hökmünde öňe çykýar.
Dünýä XXI asyryň başynda köneden galan uruş endikleriniň ýerine parahatçylyk, ylalaşyk, il bolmak endikleriniň gelmegini talap edýär.
Türkmen halkynyň il bolmak dessury biziň eýýamymyzda, türkmeniň iň täze eýýamynda döwlet derejesinde Bitaraplyk syýasaty görnüşinde amal bolýar. Türkmeniň hemişelik anyk bitaraplygy düýp taryhy manysy boýunça öňki bitarap Ýewropa ýurtlarynyň ýörelgesinden bütinleý tapawutlanýandyr. Bu tapawut, iň bolmanda, türkmen Bitaraplygynyň halkara hukuk taýyndan resmileşdirilişinde hem ýüze çykýar.
Dünýä taryhynda ilkinji gezek 185 döwletiň makullamagynda Türkmenistan resmi taýdan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Munuň özi uly zatdyr. Munuň özi dünýäniň ümzüginiň türkmen ýoly bilen gitmäge meýillidiginiň alamatydyr.
Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň täze halkara gatnaşyklarynyň ýörelgesi hökmünde dünýä tarapyndan ykrar edilmeginiň alamatydyr.
Dünýä indi gara güýji däl-de, ynsanperwer ýörelgeleri ykrar edýärdi.
Dünýä XXI asyryň başynda täze ýola düşdi. Şol ýoluň esasynda bolsa türkmeniň milli ýoly ýatýar.
Täze halkara gatnaşyklarynyň nusgasy hökmündäki türkmen Bitaraplygynyň çuňňur esaslary bardyr. Bu esas türkmen halkynyň müňýyllyklarynyň dowamynda kemala gelen ahlak sypatlarydyr.
Hemme zat içki we daşky şertlere baglydyr. Türkmen ozalbaşda dürli halklaryň, dürli medeniýetleriň, dürli milletleriň gatyşýan, sepleşýän, täsirleşýän ýeri bolan sebitde – Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň, Günortanyň we Demirgazygyň çatrygynda özbaşdak ruh hökmünde kemala geldi. Şeýle gatyşyk özboluşly milli häsiýeti we milli ahlagy kemala getirdi. Türkmen öz asly boýunça köptaraplylygy öz süňňüne siňdiren halkdyr. Onuň dilinde-de, häsiýetinde-de, durmuş pelsepesinde-de özgeleriň aýratynlygyna düşünmek, ony hormatlamak, kesekiniňkini geň görmezlik aýratynlygy bardyr. Türkmen üçin ruhy taýdan ýat millet ýokdur. Hut şonuň üçinem türkmen halky täze halkara ýörelgelerine esas bolup biljek pelsepäni we syýasaty kemala getiren millet boldy. Bu pelsepe we syýasat Türkmeniň hemişelik Bitaraplygy görnüşinde ýüze çykdy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ykrar eden hemişelik bitaraplyk ýörelgesi we ýoly diňe geçmişiň we şu günüň ruhy-ahlak özboluşlylygyna däl, eýsem Türkmenistanyň geosyýasy we ykdysady özboluşlylygyna hem esaslanýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýoly bir ýa-da iki däl-de, birnäçe jähetleriň jeminden kemala gelendir. Syýasat – durmuşyň ähli taraplarynyň toplumyndan, ähli möhümlikleriň we şertleriň göz öňünde tutulmagyndan ýüze çykýan döwlet ýörelgesidir. Şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplyk ýoluny döredeninde, ol Türkmenistanyň häzirki halkara ýaşaýşyndaky ornundan hem ugur aldy.
Türkmenistanda uzak hem ýakyn ýurtlaryň, uly hem kiçi ýurtlaryň bähbitleri ýüzbe-ýüz bolýar. Umuman, biziň sebitimiz çylşyrymly hem-de dartgynly syýasy hem ykdysady ýaşaýşy bolan dünýä bölegidir. Häzirki wagtda kämahal göze görnüp, kämahal hem bildirmezden hut şu sebitde dünýäniň ösüşiniň ugry kesgitlenýär. Geljekki dünýä üçin ýörelgeler we gymmatlyklar hut şu sebitde döreýär. Adamzat ýaşaýşynyň usuly hökmündäki yslam we hristiançylyk, gündogar we günbatar medeniýetleri, dünýewi we dini ýollar şunda çaknyşýar we özboluşly reňk alýar. Şeýle syýasy we ynsanperwerlik ruhy çylşyrymlylykda ýoly özüňçe we özüň üçin aýdyňlaşdyrmak ýörejek ýoluňy kesgitlemek bilen barabardyr.
Ýörelgeleriň şeýle sepleşiginde we çaknyşygynda Bitaraplyk – munuň özi ähli halklar üçin oňaýly merkeziň – umumy tarapyň tapylmagydyr.
Merkezi Aziýada diňe dinler, aňyýetler we ruhyýetler däl, eýsem bähbitler hem ýüzbe-ýüz bolýandyr. Döwlet bar ýerinde, onda-da ululy-kiçili döwletler bar ýerinde, bähbitler hem bardyr. Öňden gelýän kada, endige görä, her kim öz bähbidini gögertjek bolýar. Emma häzirki ýagdaý beýle çemeleşmäni götermeýär. Şonuň üçin hem bähbitleriň gelişmesi, umumy dil tapyşmasy hökmündäki Bitaraplyk zerurdyr.
Bitaraplyk – bähbitleriň oňyn sazlaşygydyr. Eger-de dünýä öňküsi ýaly güýjüň we özüňki bitýänçä garadan gaýtmazlygyň ýoly bilen gitjek bolsa, onda bu hökmany suratda petige getirer. Dünýäniň ol ýa bu ýerinde wagtal-wagtal tutaşýan ýerli uruşlar täze dünýä pajygasynyň diňe başydyr we duýduryşydyr.
Bela ulalyp, adamzady heläkçilige uçratmanka, şu wagtdan pikir eden ýagşydyr.
Pajyganyň öňüni alan ýagşydyr.
Türkmeniň hemişelik bitaraplygynyň içerki esaslary barada aýdaýyn. Türkmen döwleti häzirki wagtda dünýä baýlygynyň ep-esli bölegini öz elinde saklaýar. Öňki saklanyp galan halkara ýörelgelerinde dünýäde şeýle baýlyga tokunjagyň, ony öz täsirinde saklamaga çalyşjagyň boljakdyg öz-özünden düşnüklidir. Şeýle pikirlerden saplanmagyň iň oňat ýoly, elbetde, hemişelik Bitaraplykdyr. Bitaraplyk, bileleşige, topara goşulmazlyk döwleti şeýle täsirlerden azat edýär. Oňa erbetlige goşulmazlyga esas berýär.
Türkmençilikde haýyr iş etmegiň bir oňat ýoly hem erbet iş etmezlikdir.
Haýra ymtylmak – şerden gaça durmakdyr, şere şärik bolmazlykdyr.
Türkmen halky XX asyryň bosagasynda özüniň müňlerçe ýyllyk taryhynda görülmedik belentlige ýetdi – dünýäde ilkinji resmi ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hukugyny aldy.
Munuň özi türkmeniň dünýäde ykrar edilmegidir.
Munuň özi türkmeniň täze bir taryhy ösüş mümkinçiligine eýe bolmagydyr.
Munuň özi türkmeniň dünýäge täze ösüş ýoluny görkezip bilmegidir.
Bitaraplyk türkmeniň hem ýeten derejesidir, hem ýene geçmeli belentliginiň girewidir. Sebäbi türkmene şeýle halkara hukugynyň berilmegi milletden öz ähli oňyn içki kuwwatyny tijemegi talap edýär. Bitaraplyga mynasyp ahlak-ruhy ýörelgelerimiz doly ýüze çykarylmalydyr.
Türkmeniň Altyn asyrynyň iki sany taryhy esasy boldy. Olaryň birinjisi – Garaşsyzlyk, ikinjisi bolsa Bitaraplykdyr.
Bu gün türkmen milletini asmanyň belentligine göterilip barýan guşa meňzetseň, ol guşuň bir ganaty – Garaşsyzlyk, beýlekisi – Bitaraplykdyr.
Bu iki taryhy ýeňiş türkmen üçin uly mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – goşa didämizdir.
Osman Öde.
Taryhy makalalar