12:46 Garga meñzeş towuk / hekaýa | |
GARGA MEŇZEŞ TOWUK
Çagalar edebiýaty
Howluda ýerleşýän ketekdäki towuklaryň arasynda garga meňzeş bir towuk bardy. Ol mäkiýan hemişe: – Ine, basym gargalar uçup gelerler, şonda menem olara goşulyp, uçup giderin. Biziň aslymyz uçýan şol gargalardandyr! – diýer ýörerdi. Beýleki towuklar onuň golaýyna baraýsa: – Baý, bularyň ýoknasyzdygyny göreňizokmy, özüňizden ýokarylary sylamany bir öwrenseňizläň? Aňňyrrakda, öz deňiňiz bilen geziň-dä. Ýanyma dykylyşyp, ýaranjaňlyk etjek bolup dursuňyz! – diýip, olardan çetiräge çykanyny gowy görerdi. Onuň deň-duş mäkiýanlary ýumurtga guzlap başladylar. Garga meňzeş towuk bolsa henizem gezip ýördi. Ol özüne gizlinje ýer gözleýärdi. – Bu porsy adamjyklara ýumurtgamy berip, men näme, şeýle akmakmy? – diýýärdi. Sebäbi beýleki towuklaryň samanyň üstünde ýaýrap ýatan ýumurtgalaryny birki sany oglanjygyň çöpläp, alyp gidýändigini görüp ýördi. – Menden ýumurtga alaýmarsyňyz! Emma onuň edýän gürrüňlerini gyzyl kekeç horaz bilen indi telim sapar kürk bolup, ýumurtga basyp, onlap jüýjäni hatara goşan ene towuk kän bir halamazdy. – Sen ýaş jüýjelere ters görelde bolýarsyň. Eýämiz bize iým, suw berýär. Şagaldan, tilkiden, pişikden, itden göraýar. Eger bilseň, şonuň özem hormatdyr. Seni soýubam, satybam bilerd-ä, olar. Sen minnetdar bolmaga derek, olara göwnüýetmezçilik edýärsiň... Emma garga meňzeş towuk öz diýenine tutýardy. – Olar siziň eýäňiz. Baryň, siz ol eýäňize altyn ýumurtga sowgat ediň. Ýöne, maňa azar bermäň. Meniň wagtym indi az galdy. Basym gargalar uçup geler. Şonda siz meni görmäge zar bolarsyňyz. Men öz ýumurtgalarymy şolardan başgalara rowa görmen... Ol ahyr soňunda buky ýer tapdy. Indi gaty köp wagt bäri howlynyň bir burçunda gurap ýatan töňňeleriň, adam bilmez ýerine sümülip baryp, her gün bir ýumurtga guzlaýardy. Ol öz ýumurtgasy köpeldigiçe, begenýädi. Öz ýanyndan «Meniň ýumurtgalaryň olaryňkydan hem owadan hem akja» diýip buýsanýardy. Beýleki mäkiýanlar indi towuk çykdy. Olar özleriniň ýumurtgalaryny başyp, birtopar jüýje çykarýardylar. Emma garga meňzeş towuk ol jüýjejikleri görüp, siňrigini ýygyrýardy-da, olara ýigrenç bilen garaýardy. – Wa-ýeý, bular nähili ýşarat-a! Şeýdibem ol öz ýumurtgalaryny döwdürmäge dözmedi. Wagt bolsa geçip durdy. Ol indi ýumurtga guzlanokdy. Ýöne özüniň şol gizlin ýerdäki üýşmek ýumurtgasyny baryp, pynhanlyk bilen synlap gaýdýardy. Olar barada buýsanç bilen ýatlaýardy. Ýöne iki gözi welin asmandady. Ol gargalara garaşýardy. Gargalar welin, geler ýerde geliberenokdy. Günleriň birinde onuň küýüne öz ýumurtgalaryny basyp, bu jüýjelerden üýtgeşik, tylla perlije jüýjeler çykarmak hyýaly geldi. – Goý, olar nähili jüýjejikleri çykarmalydygyny bilip galsynlar. Goý, olaryň kemsinmekden ýaňa janlary çyksyn!.. Ol şol hyýal bilen äpet töňňeleriň arasyna zordan sümülip girdi.. Ýere ilkinji gar düşüpdi. Bir gün öý eýeleri gelip, guran töňňeleri çekip alyp, uly byçgy bilen kesişdirmäge başladylar. Ine, şonda olaryň gözi zaýalanyp galan bir topbak ýumurtga we agajyň aşagynda galyp, soň çykyp bilmän, gatap galan towga düşdi. Olar ony howlynyň bir böwrüne taşlap goýberdiler. Ol şo-ol garga meňzeş towukdy. 27-nj maý, 2000 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |