08:36 Goñşokara | |
GOÑŞOKARA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmeniñ belli şahyry Magtymguly Myşşyýewiñ "Garrylar gerek" atly goşgusynda şeýle setirler bar: Goñşyña uzadyp goñşy okara, Oñ bilen bolmaga mydam duz-emek, Görmeýän zadyñ gözüñ açmaga, Bilmeýän zadyña bermäge kömek, Mañlaýy gasynly garrylar gerek. Şahyryñ şu setirleri bu gün türkmen halkynyñ arasynda iñ bir söýgüli aýdyma öwrülip gitdi. Goñşy, goñşokara bilen bagly oñat däp-dessurlar bütin gündogar halklarynyñ arasynda, şol sanda türkmenleriñ arasynda hem uly gadyr-gymmata baglanandyr. Muhammet pygamberiñ pähim-paýhasa ýugrulan Hadysynda hem goñşy bilen bagly mukaddes sözlere gabat gelýäris: - Hemişelik oturýan jaýyñda ýaman goñşyñ bolsa, Tañrydan pena dilegin. Elkinçilikdäki goñşy bolsa, tiz göçüp gidijidir. - Iki kişä Allatagala kyýamat-magşarda rehmet nazary bilen bakmaýar: - Garyndaş-doganyndan daşlaşyp giden adama; - Ýaman goñşa. - Goñşyñ öýüni talamak on sany ýat öý talandan hem ýamandyr. Türkmen halkynyñ arasynda asyrlar boýy dilden dile geçip gelýän "Ody ölçerseñ öçer, goñşyny gozgasañ göçer", "Kyýamat güni goñşudan" diýen ýaly onlarça atalar sözi bar.[1] Asla, goñşuçylyk, goñşokara bilen bagly däp-dessurlar türkmen halk döredijiliginiñ hemme žanrynda şöhlelenýändir. Halk sanawaçlarynda: Bar, okaram, gel okaram! Gelmeseñ, gitmeseñ, ara ýolda döwül, okaram! diýen setirleriñ bolmagam, şonuñ üçin bolsa gerek. Goñşokara däp-dessury baýlyk-garyplyk bilen asla bagly däldir. Munuñ özi halk köpçüliginiñ ahlaklylygy, edep-tertibi, belent adamkärçiligi bilen baglydyr. Türkmen halkynyñ iñ arzyly nahary işşek goýnuñ şorsuwy bilen palawy bolupdyr. Iñ bir gara günüñ garybynyñ nahary bolsa ýegesi ("gazanyñ içindäki gaýnap duran gara suwa bir gysym un bilen bir çümmük duz atylyp bişirilipdir. Şol un bolsa gazana ýelmeşip, duw-ak kesmek bolupdyr. Oña "ýegesi" diýilýär. "Tahýañ dagy nähili, ýegesiniñ kesmegi ýaly" diýen nakyly ýada salyñ) bolupdyr. Emma gadymy türkmenler şol goñşora dessuryna berk üns beripdirler. Iñ gazaply açlyk-horluk ýyllarynda hem ýegesi bişirip, goñşokara eltipdirler. Goñşokaranyñ diñe bir gara garnyñy doýurmak manysy ýokdur. Onuñ asman gümmezi ýaly belent, deñiz-derýalar ýaly çuññur manysy bardyr. Gurhanyñ sürelerinden, Muhammet pygamberiñ Hadysyndan belli bolşy ýaly, musulmanlar ýylda iki gezek öz baýramçylygyny geçirýärler. Oraza, Gurban baýramlarynda haýsydyr bir sebäp bilen biri-birinden göwni galan, biri-birinden kineli dogan-garyndaşlar, obadaşlar, tanyş-bilişler, goñşy-golamlar şol baýram günleriniñ üstünden geçmän ýaraşsalar, gelim-gidim etseler, onuñ sogaby köp bolarmyş. Şonuñ üçinem hemme zatdan öñürti kineli goñşyña ilki bilen goñşokara iberilip, haýyr-sogaba, hemme kineleri unudyp, goñşokara duzuny dadanyñdan soñra töwir galdyryp, yzyñdan öz maşgalaña, goñşy-golamyña, obaña, uly iliñe yrsgal, döwlet, bagt dileg etmeli. Bir goñşy öz beýleki goñşusyndan kine saklap, olaryñ getiren goñşokarasynyñ duzuny datmasa, tagamdan özüni uly tutsa, tagamyñ, duzuñ haky üçin töwir etmese, onuñ ýazygy uly bolar. Bir wagt, bir zamanlar ata-babalarymyzyñ döwründe bir gyza öýlenmekçi bolunsa, ýigidiñ hossarlaryndan biri gyzlara gudaçylyga barmazdan öñürti olaryñ goñşusyna baryp, hemme zatdan öñürti: "Goñşyñyzyñ aýal maşgalalarynyñ eli süýjümi? Goñşokara getirýärlermi?" diýip, sorar ekenler. Bu sözleriñ uly manysy bar. Birinjiden, esasy maksat goñşokara gelip gidýärmi ýa-da ýok diýen sowalyñ jogabyna garaşylýar. Ikinjiden bolsa, şol öýüñ aýal maşgalalarynyñ hojalyk işlerine ukyplylygynyñ soraldygy bolýar. Adamyñ adama nähili ýakyn, mähriban bolmalydygy üçin goñşokaranyñ nähili zerurdygyna indi düşünensiñiz. Goñşokara barada sizem öz gezegiñizde gürrüñ beriñ. Onuñ haýyr-sogaby juda köpdür. Allaguly NURSÄHEDOW, Türkmenistanyñ ussat mugallymy. # nesil_97 ________________________________________ [1] Goñşokara hakynda halk pähimleri: - Kyýamat güni goñşudan; - Goñşa geldi, gola geldi; - Goñşyny ýaman saýan golsuz galar; - Goñşyñy ýaman saýma; - Goñşy goñşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener; - Goñşy goñşudan ýatma-turmany öwrener; - Goñşy iti goñşa üýrmez; - Goñşyñ ýagşy bolsa, kör gyzyñ äre gider; - Öý alma, goñşy al; - Ýaman goñşydan göçüp gutul; - Goñşyñy gozgama göçmesin diýseñ; - Keçäñi satsañam goñşyña sat, ýene bir gün baryp özüñ oturarsyñ; - Goñşyñ howlusynda gül össe, ysy señ howlyña-da ýeter. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||