14:25 Goñşy haky / hekaýa | |
GOÑŞY HAKY
Hekaýalar
Atajan gapdalynda oturan on-onbäş ýaşlaryndaky ogly Şatlyga öwüt-nesihat berip, ertirlik çaýyny içýärdi. - Senem indi kiçi däl, toýa-tomga barybermeli oglum, sadaka beýlekä görünseňem bolman durmaz. Garaz köpçüligiň üýşen ýerinde senem boljak bol, gapdalda galma. - Galamok kaka. - Çepiksizje oglan burnuny çekip, ýylgyrdy.-Ynha, düýn köçämiziň adamlary suw içýän ýabymyzy gazyp-arçadylar. Şonda menem goňşular bilen baryp bir paý alyp ýabymyzy gazyşdym. - Berekella oglum, şeýdip iliň derdine ýarajak bol. - Kaka meniň işleýşime goňşularyň-a göwni ýetdi. - Şatlyk utanjyrap sözüni dowam etdi. - Köçämiziň adamlaram şu gezek suw gezegini menden başlajak diýdiler. Oglunyň soňky sözlerine gulak asman: «Hä-ä, bolýar onda» diýip ýeňiljek gerinen Atajan ýerinden turyp daşary ugrady. Tomus säheri özboluşly owadandy. Atajan işe ugramaga hyýallanyp, ulagyna tarap ýönelmekçi bolanda özüne garşy gelýän goňşusy Üzümgül ejä gözi düşüp, aýak çekdi. - Geliň, Üzümgül eje, şeýdip bizede käwagt geliň ahyr. - Amanlykmy, Atajan oglum! Üzümgül eje aýratyn mähir bilen onuň ýüzüne seretdi.-Sag-salamat işläp ýörmüň, öý-içeriň gurgunmy! - Şükür Üzümgül eje. Atajan sagadyna äňedip: - Üzümgül eje men-ä işe barýan. Siz içeri giriberiň, öýde gelin, çagalar bardyr. Üzümgül eje: - Işe barýan bolsaň şo gowy-da, Atajan oglum. Men seniň ýanyňa ýumuşlyja geldim - diýdi. Atajan: - Üzümgül eje aýdyberiň.-diýdi. - Elimden gelen kömegi gaýgyrmaryn. Üzümgül eje gyňajynyň ujuna düwülgi puly alyp, Atajana uzatdy-da: - Atajan oglum ikibaşdan şähere işe gidýäň, maňa iki haltajyk dökün äkelip bereweri -diýdi. - Ekişdiren gök-agym halys sülleräýdi, dökün diýip durlar. Säher bilen gapdal goňşusy ýekelli Üzümgül ejäniň sargydyny bitirmegi boýnuna alan Atajan giçlik bäşler töweregi işden çykyp, şäheriň çetindäki «Hojalyk harytlary» dükanynyň ammaryndan iki halta «azot» dökünini satyn alyp aýagulagynyň ardyna ýükledi. Gün gyzaryp ýaňagyny ýere berip, iňrik garalmaga az galypdy. Ýeňil aýagulagyny gyssanman sürüp öýe golaýlan Atajan her öwrümi tanyş bolup giden ýola kän bir ünsem bermän gelýärdi. «Hä-ä, bolýar onda, Üzümgül ejäniň iki halta dökün diýenini aldym, hälem Hudaý diýen ýerim bar eken, bäş minut gijä galan bolanymda dükan ýapyljak eken, wagtynda ýetişäýipdirin.» Atajan pikir-hyýala gümra bolup oba golaýlap gelýärdi. «Be-e... Üzüm ejäniň sargydy bitdi welin, şü öýe hem bir hala alaýmalydym. Hä-k... Öýdäki puluň ujundan gätseňem birhili. Ýene bir hepdeden aýlyk gelýär, şondan soň alaýaryn-da,» Atajan içini gepledip obanyň gumak ýoly bilen öýüne golaýlaberende, ýen ulagynyň badyny gowşatdy. Bu pikir onuň kellesini bada-bat ýyldyrym çakan deý duýdansyz geldi. «Ýa-da bolmasa edil şumat dükanda dökün ýok ekeni, ýöne ýene bir hepdeden geljekmiş diýip, Üzümgül ejä aýdaýsam bolmazmyka? Üzümgül eje-de: onda pul sende durubersin diýer. Aý, hawwa-la, puluny sorap durasy ýok. Oňa çenli hä diýmänkäň aýlyk geler welin, iki halta döküni oňa özüm gowşuraryn.» Atajan oý-pikirini bir ýere jemläp: - Dogru-da «Goňşy goňşynyň bazary» diýen gepem bar-a. Meniň bu işimde uly bir ýazygam ýok. Onsoňam Üzümgül ejäniň ekin-dikini tüweleme ýaşyl parça bolup pajarlap otyr-la. - diýip, öz-özünden hümmürdedi. Ol ýüregini bire baglap, ulagyny öýe tarap sürüberende «Hany dur» diýip böwrüne dürtülen ýaly tisginip gitdi. Ulagyny hem sakga duruzdy. «Üzümgül ejäniň öýleri öýümize degip dur, bu haltalary gapa düşüren wagtym birden göräýse juda oňaýsyz ýagdaý ýüze çykar.» Garaňky mazaly gatlyşan hem bolsa, Atajan ogry saly gowşak diýen ýaly, bir zatdan çekinip durdy. Ol aýagulagyny ýuwaşjadan sürüp yza basdyrdy-da, howlularynyň arka ýüzünden geçýänýabyň gyrasynda saklandy. Çola köçäniň ugrunda adam-gara ýokdugyna göz ýetirenden soň ulagyndaky dökünli haltalary gamyş basyp ýatan suwsuz ýabyň içine oklap goýberdi. «Il-aýak ýygnanansoň galtak arabaly gelip alyp gidibererin.» Atajan hiç zat bolmadyk ýaly öýüne ugrady. Uzak günüň ýadawlygyndan bolmagy mümkin, ol agşam naharyny iýensoň futbola seredip telewizoryň öňünde uklap galdy. Daňdan sagat bäşe golaý hasanaklap ýerinden galan Atajan: «Beh, ýatyp galypdyryn-aý» diýip çaý-suwuny hem içmän işine ugrady. Şol gün agşama golaý işden dolanan Atajan Üzümgül ejeniň melleginde eli pilli iki ýana aýlanyp, pelden-pele suw tutup ýören ogluny görüp ulagyndan düşmäge mejaly galman bir salym aňalyp galdy. Kakasynyň işden gelip, indem aýagulagyndan düşmän oturşyny geňräk gören Şatlyk onuň ýanyna geldi: - Kaka, sag-aman geldiňmi? Men-ä goňşularymyz suw nobaty seňki diýselerem Üzümgül eje ýekelli bolansoň, suw nobatymy oňa berip, özümem kömekleşip ýörün. Öten agşam gamyşly ýabyň içinde bukup gaýdan dökünli haltalary gözöňüne gelende oglunyň aýdyp duran sözleri Atajana zordan eşidildi. «Ýaba gelen suw bilen gant ýaly eräp akyp gidendir wah meniň dökünlerim...» Atajan uludan bir dem aldy: - Oňaraýypsyň oglum. - Atajan aýaguladyndan düşüp Üzümgül ejäniň suw tutulan mellegine bir laý göz aýlady. - Iki halta dökün boýnuma düşdi-dä. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||