08:20 Hakeýesi | |
HAKEÝESI
Goşgular
Geçýän günüm, aýym, ýylym, Söýdüm özlerinden uzak, Ýigrendim eselse pälim, Her ýoluna gurdum duzak. Çekiberdim jylawyndan, Göýbermedim kiçelýänçä, Çekinmedim gylawyndan, Başyn basdym peselýänçä. Tanapyndan asdym ony, Dartyberdim ýuwaş-ýuwaş, Sypyrdym egninden dony, Uýaldy, boldy çalam-çaş. Durzup böwürslen üstünde, Çykardym aýakdan köwşün, Gyňyr garan gözlerinde, Ahyr gördüm boýun bolşun. Şeýde-şeýde etdim galmaz, Turjak bolsa badak saldym, Bir päliň eselip bilmez, Hakeýesi bolup galdym. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |