21:51 Höwes / hekaýa | |
HÖWES
Depäniň eňňidinde köw-söw edip ýörenine eýýäm üç gün geçen-de bolsa, tomsuň uzak üç gününiň dowamynda onuň bitiren goşy bolmady. Her agşam çolpusyna hiç zat ilmän öýüne dolandy. Dördünji gün oýananda, ýadawlykdan ýaňa endam-jany syrkyrap durdy. Şol gün öýde galyp, dem-dynjyny alan bolsa oňat bolardy, emma aladalary bilen gümra bolup ýörşüne, beýle pikir kellesine-de gelmändi. Daňyň düýbi agaryberende oýanyp, meýdana tarap haýdady — tomus günleri nähili uzak, garynjalar nähili kindiwanja bolsa bolubersin, olara-da hemişe wagt ýetmezçilik edýär. Gün ýüzüni görkeziberende — garynjalar üçin Gün, adamlara garanda, has giç dogýar — ol eýýäm jardan, san-sajaksyz mekgejöwen üýşmekleriniň aşagyndan geçip ýetişip- di. Onuň şonça päsgelçilikden aşyp bilşini diýsene! Günortanlar ol nähilidir bir haýwanyň hinine düşdi — ol şonda, baý, gorkmak gorkd-a! Bolsa-da, şol wagt hiniň hojaýyny ýokdy. Garynjajyk daşaryk çykyp, ol ýerden arany açmak bilen boldy. Soňra ýoluny ýitirip, kädiniň üstüne dyrmaşdy, ahyrsoňy ýere düşýänçä kädiniň üstünde ýüz gezek dagy aýlanandyr. Içi halys eljuk diýmese, onuň säginjek gümany ýokdy. Telpeginde gargalaryň unudan dänejiginiň üstünden barmak umydy bilen, günebakar baldagyndan ýokarlygyna ýörmüldedi. Dik kötelden geçip, depesine ýe- teňkirläberende, birden ýel öwsüp, ony ýere pylçap goýberdi. Garynjajyk ýere bijaý düşüp, aýagyny agyrtdy. Ýöne garynjalar üçin bu üýtgeşik bir çykgynsyz ýagdaý däl — onuň ýene bäş sany sagat aýagy bar ahyryn. Onsoň ol agsaklap gidiberdi. Günebakar meýdanyndan soň ekini orlan eňňerä düşdi, görgüli bu ýerde külpet baryny gördi. Orlan meýdan garynja üçin jähennem- den enaýy däl ahyryn. Ol her baldajygyň üstünden ýekme-ýek aşmalydy, beýle baldajyklar bolsa, olaryň hinindäki garynjalardanam esli köpdi. Aýdyşlaryna görä, dünýäde garynjanyň eňňerede ýoluny ýitirmeginden ýaman zat ýokmuş. Her niçik-de bolsa, eýtmeli-beýtmeli ol ýerden geçmelidi, diňe ýeke aýagy sagat galsa-da, hökman geçäýmelidi. Bolsa-da, oňa bu kötelden aşmak başartdy. Ol ýerden bolsa günebakarçylyga düşdi — ýöne seredip sygyryp oturmaly. Gelşikli we ýap-ýaşyl, çür depesi bolsa diňe ýaprak bolup duran güne bakarlar — şol ýapraklaryň birine galaga-da, gözleriňi süzgekledip, mymyk şemalyň ugruna hallan atsaň. Ol şeýdip birsalym çaýkanmagy ömürboýy arzuw edipdi, ýöne etjek alajyň barmy — aladalar... Höwesi oňa hiç ynjalyk berenokdy. Onuň ses-sedasyz şol ýöräp barşydy, ýöne sagy-solunda misli üstüne münmäge çagyrýan dek müňlerçe ýapraklar şybyrdaşýardy. Bolsa-da, ýapyşagyň dänesine gabat geläýdi, ony arka- syna ýükläp ötägitdi. Bu dänäniň oňa geregi ýokdy, ony häkibir, ýöne agramlyk üçin ýanyna alypdy; ýogsam ýapraklar diýseň özüne çekijidi. Günebakarçylykdan çykan ýerinde tagtabitine gabat geldi. Ol Günüň astynda ymyzganyp ýatyrdy. Arkasy agyr ýükli alňasap barýan garynjany görüp, ýigrenç bilen murtuny gymyldatdy. Dünýäde tagtabitden işýakmaz jandar ýok bolsa gerek. Onuň ýerinde başga bir garynja bolanlygynda, oňa güýz geldigi siňekler bilen bilelikde açlygyndan gatap galjakdygyny aýtmak üçin aýak çekerdi. Ýöne biziň garynjamyz dilini dişläp, ýoluny do- wam etdi. Soňra ol ýer sürüp ýören daýhana gabat geldi. Heý, Ýeriň ýüzünde bir sürümçä duş gelip, onuň aýagyna dyrmaşmajak garynja barmyka beri. Emma ol beýtmedi, sebäp diýseň, eýýäm dördünji gün tegelenip barýardy, garaz, wagty çäklidi. Birdenem bedene höwürtgesiniň ýanynda çigidiň galyndysyna gözi düşdi-de, bu gün dişine zat degmändigini ýatlady. Ýapyşa- gyň tohumyny taşlagetdin, arkasyna tagam- lyja dänäni aldy-da, ýoluny dowam etdi. Ol ädimlerini haýallatman, ýöräp barşyna garbandy. Dänäniň ýarysyna çenli iýensoň, beý- leki ýarysyny taşlamaly boldy. Sebäp diýseň, bir titije onuň yzyna tirkeldi. Ýok, ol muny oňa göwün berendigi üçin däl-de, onuň özüniň çeýneýşini synlamagyny islemändigi üçin şeýdipdi... Onsoň ol agsamaklygynam bes etdi. Eýýäm dördünji gün ahyrlap barýardy, her edip-hesip edip, hine bir zat eltmelidi... Ahyrsoňy bolmajagyny bilen titije ony gününe goýdy, şeýdenem gowy boldy, ýogsam beýleki garynjalar olara mölerilip başlapdylar. Köne hiniň deňinden geçip barýarka, ol täsin bir wakanyň şaýady boldy: garynjalar Günüň astynda gurap ýatan çigitleri süýräp bukalga geçirýärdiler. Günüň ýaşaryna entek esli wagt barka, olaryň ber-başagaý bolup ýörmesi nämäniň alamatyka?! «Bularyň bolup ýörşi dagy nähili?» diýip, garynjajyk geň galdy. Ol nätanyş garynjalaryň deňinde aýak çekip, olara sowal berip durmagy aýyp gördi. Indi ol ylganokdy, onuň hatda ýöremäge-de ýagdaýy ýokdy. Ýapragynda dem-dynç almak üçin günebakar saýlamaga durdy, ýöne birdenkä ýere ýaprak bary seçelendi, ýyly ýagtylyk öçüşdi. Şemal töwerekdäki ähli zady çaýkaýardy, ýokardan bolsa şapbat ýaly ýapraklar dökülýärdi... «Diýmek, ýagyş ýagjak-da...». Garynjalar çigitleri ýöne ýere ýygşyrman ekenler. Barybir, bir zat tapmasa bolmaz... Golaý-goltumdan birki sany garynja haýdaşlap geçip gitdi. Olaram yzyna elleri boş do- lanyp barýardy. Olaryň şu mahal zat ýadyna düşenokdy, ýagyş bilen oýnuň deň geljekmi, eýsem?! Ýapraklaram şol dökülip dur, indi ýöremegem howply: üstüňe bir zat düşse, çyk-da çykybilseň aşagyndan. Ynha, ýagşyň ilkinji damjalary damdy, garynjajyk sakga durdy. Ol ahyrsoňy günebakar harpygyny tapypdy. Ol hut şu harpyk üçin dört günläp elewredi ahyryn... Garynjajyk onuň daşyndan dört gezek dagy aýlandy, soňra-da onuň abatlygyny barlamak üçin üstüne münüp gördi. Harpyk oňatdy, berkdi, özem zolaklydy, garaz birkemsizdi. Ony arkasyna alansoň, yzyna dolanmak bilen boldy. Ahyrsoňy olam hinine bir zat alyp barýardy. Ynha, garynjalar daşyny gallap alarlar-da, ony magtamaga durarlar — şeýle ajap harpygy tapany hem-de ony hinine getireni üçin, baý, onuň öwgüsini ýetirerler-ä... Ony ýadygärlik hökmünde dikläp goýarlar — beýle ajaýyp harpygy nirede goýmalydygyny onuň özi oňat bilýär. Ýagyş barha güýjeýärdi. Wagtal-wagtal ýagyş damjasy günebakar harpygyna degende, onuň garajany galanokdy. Ýagyş damjalary ýygjamlandy. Olar ony barha we barha haý- damaga mejbur edýärdi — öýüne çenli entek esli aralyk bardy. Olam-a haýdaýardy welin, höwesem onuň yzyndan galarly däldi. Daş-töwerekde, her bir ýapragyň astynda özüne çekiji gury ýer bardy — şu dünýäde ýagşyň geçerine garaşmak üçin ýapragyň aşagynda gizlenmejek garynja barmyka... Emma oňa beýtmek bolanokdy, ol harpyk tapypdy, ony häziriň özünde, haýdan-haý hinine eltäýmelidi. Ol köne hiniň deňinden geçip barýarka, gijä galanlar üçin niýetlenen gädijekleri gördi. Belki, onuň üçinem ýer tapylar, aý, ýok, bu ýagdaýda nätanyş garynjalaryň arasyna girmek bolmaz ahyryn. Harpyk ýagşa şeýlebir ezilipdi welin, ony götermäge halys mejaly ýokdy. Ol dynuwsyz arkasyndan typyp ýere düşýärdi, oňa toprak bary ýelmeşýärdi, her gezeginde-de, zolakly ýük has agralýardy. Bir gezek ol penjejigini arassalap durka, hälki titijäni gördi. Häzir onuň zat ýadyna düşenokdy. Görüp otursak, ol tiz ruhdan düşýär eken. Ol aýagyny süýräp, zordan ýöre- ýärdi, hälki dogumyndan, dim-dikliginden derek galmandyr. Birden ol allaniçigsi bolup aýak çekdi: ekini orlan meýdan!.. Ýagyş, garaňky gije we orlan meýdan... «Garynja üçin şu dünýäde ýagmyr mahaly, esasanam, gijagşam orlan meýdana düşmekden ýaman zat ýok bolsa gerek» diýip kim aýdanam bolsa, rast aýdypdyr... Ýöne garynjajyk «Häzir ýagyş diňer, harpyk gurap ýeňlär hem-de ýarygije öýde bolaryn» diýen umyt bilen özüni köşeşdirýärdi. Ol aýagyny laýdan zordan çekip alyp, harpygy her ädimde gaçyryp, garaňkyda ony gözläp tapyp hem-de öz ýanyndan: «Ynha, ýagşam diňer» diýip gaýtalap, şol ýöräp barýardy. Umyt ýeke-täk bolanda beýik bolýar eken. Garynjajyga harpygyň nämä derkar bolandygyny, ony nämesine ýaratjak bolandygyny bilýän ýok. Harpygy hinine çenli äkidip bilendigini ýa-da bilmändigini hem bilemzok. Ýagyş uzak gije dynuwsyz ýagdy. Belki, oňa şol gün, belkem, ertesi gün öýüne ýetmek başardandyr. Her nähili bolanda-da, başyna näme gelen bolsa, ýolda geldi. Onuň durmuşynda-da özüniň kiçeňräk wakasy bolupdy — diýmek, olam ýaşapdy. Ion DRUSSE, moldawan ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden: Timar MÄMMETGURBANOWA. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |