11:29 Ibn Sinanyñ durmuşyndan tymsallar | |
IBN SINANYŇ DURMUŞYNDAN TYMSALLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ IBN SINA WE BEDEW Abu Ali ibn Sina 1002-nji ýylda Buharadan Gürgenje (Köneürgenje) göçüp gelipdir. Bu ýerde ol dünýä meşhur eserlerini döredipdir. «Paýhaslar öýi» adyny alan Mamunyň akademiýasynda okap, bilimini artdyrypdyr, köşk emeldarlarynyň maslahatçysy bolup işläpdir. Işiniň agdykdygyna garamazdan, wagt tapsa, atly gezelenç etmegi halaýan ekeni. Günlerde bir gün ol kitap okap, halys ýadapdyr. Az-kem dynç almak üçin, ol dostlary bilen atly awa gidipdir. Aw wagtynda onuň ýakyn dostlarynyň biri Salyh diýen bir ýaş ýigit atdan ýykylyp, özünden gidipdir. Lukman Salyhyň aýagynyň we çanaklygynyň çykandygyny anyklapdyr. Ol gumdaky alakalaryň birini tutup getirmegi tabşyrypdyr. Alakanyň aýagyny çykaryp, ýene-de ýerine salyp görüpdir. Onsoň ýanyndakylara garap: — Salyhyň münen atyny beýleki atlardan aýratyn goýuň! Oňa suw bermäň, azrak duz goşulan arpa beräýseňiz bolar, biz diňe atyň kömegi bilen Salyhyň aýagyny bejerip bileris — diýipdir. Ibn Sinanyň oýlap tapan usuly hatarly ekeni, emma Salyhyň atasy oglunyň agyr ýagdaýa düşenini görüp, muňa razy bolupdyr. Ir bilen Ibn Sina Salyhy turuzmagy we ata mündürmegi haýyş edipdir. Salyh ata münensoň, onuň aýagyny suwsuzlykdan ýaňa garny içine çekilen atyň garnyna daňypdyr we ata suw bermegi buýrupdyr. Ysgyndan gaçyp, sütüni süýnen at köp suw içip başlapdyr. Atyň garny kem-kemden ulalypdyr. Atyň iki gapdaly kem-kem- den çişip, Salyhyň aýagyny, çanaklygyny ýerine salypdyr. Dostlary Ibn Sinany bu uly üstünlik bilen gutlapdyrlar. Başga bir rowaýatda ibn Sinanyň bedewiň süýdüniň hem jana derman- dygyny subut edendigi hakynda gürrüň berilýär. Aýtmaklaryna görä, günleriň birinde Horezmşanyň weziri Abul-Hüseýin Suheýli agyr derde uçrapdyr. Tebipleriň eden emleri wezire hiç kömek etmändir. Beýleki lukmanlar oňa böwreginde daş bardygyny aýdypdyrlar. Şonuň üçin-de operasiýadan başga hiç hili çykalganyň ýokdugyny hem duýdurypdyrlar. Wezir gartaşan adam bolansoň, operasiýa etmäge rugsat bermändir. Ibn Sina weziriň haýyşy boýun- ça onuň saglyk ýagdaýyny gözden geçiripdir we anyklaýyş işleriniň nädogry geçirilendigini ýüze çykarypdyr. Ol böwrekde daş däl-de, çägäniň bardygyny anyklapdyr. Muny eşiden wezir: — Sen meni operasiýasyz hem bejerip bilermiň? — diýip sorapdyr. — Hawa, ýöne sen her günde az wagt ýöremeli bolarsyň. Onsoňam maňa atyň süýdi, gymyz gerek bolar — diýip, Ibn Sina wezire ýüzlenipdir we iki sany gymyzly küýze getirip bermegi sorapdyr we — Gymyz seniň üçin iň gowy dermandyr. Basym muňa göz ýetirersiň — diýipdir. Aradan az salym geçensoň, hyzmatkärler iki küýze gymyz getiripdirler. Ibn Sina oňa gaýnan suw goşup, oňat garyşdyrypdyr we şakäsä guýup, wezire içiripdir. Soňra wezir bilen bagda iki sagat gezim edipdirler. Şeýlelikde, ibn Sina bir hepdäniň dowamynda ir bilen weziriň ýanyna baryp, oňa gymyz içiripdir we bagda iki sagat gezdiripdir. Ahyry wezir doly sagalypdyr. Wezir oňa çäksiz hoşallyk bildirip, sowgat bermekçi bolupdyr. Onda Ibn Sina: — Lukmanyň borjy hemmelere kömek etmekdir — diýip, sowgatdan ýüz öwrüpdir. ■ HOŞLAŞYK Ömrüniň ahyrky ýyllarynda ibn Sina gyjak ýasamaga höwes edipdir. Onuň ýasan şirin dilli saz guraly köpleriň gamgyn göwnüni şat edipdir. Ol sazyň güýji bilen näsaglary bejermegi başarypdyr. Alymyň bagynda dürli guşlar höwürtge ýasapdyrlar. Günlerde bir gün guşlaryň biri höwürtgeden gaçyp, aýagyny döwdüripdir, ibn Sina guşa kömek edip, ony doly gutulýança, ýüp bilen daňyp goýupdyr. Bagdaky guşlara däne berip duransoň, olar alyma gaty öwrenişipdirler. Ibn Sinanyň öýündäki bag hemişe näsaglardan doly ekeni. Lukman ömrüniň iň soňky pursadyna çenli näsaglary bejerip, olaryň alkyşyny alypdyr. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda alym Hemedanda ýaşapdyr. Lukman elli ýedi ýaşynda aradan çykypdyr. Ibn Sina 1037-nji ýylyň tomsunda aradan çykypdyr. Şol gün howa gaty yssy bolupdyr. Merhumyň tabydyny göterip alyp barýan wagtlary guşlar ganat kakyp, onuň üstüne kölege berip durupdyrlar. Toplap, çapa taýýarlan: Tirkeş HÜMMIÝEW, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |