IÑ SOÑKY SÖZ
Günorta naharyndan gaýdyp iş ýerime ýetip gelýärkäm, öñümden tanyşlarymyñ biri çykdy-da:
- Ýañy seni Mämmet Seýit sorap ýördi - diýdi.
Barsam, ol kabulhanada tokmakçylar bilen gyzyl-gyran gülşüp oturan eken. Salamlaşyp Mämmet aga bilen kabinete girdik.
- "Gurt agzasañ, gurt geler" diýenleri çyn öýdýän. Häli, irden gürrüñini etdik...
- Gybatymy etmedik bolsañyz bolýa - diýip, ol myssaja ýylgyrdy.
Şahyry "Nebis" diýen satiriki goşgusy "Tokmagyñ" 6-njy sanynda (1987 ý) gidýärdi. Biz onuñ gulagyny, ine, şo mynasybetli şañladypdyk. Ýeri gelende aýtsam, bu goşgy onuñ žurnalda çykan iñ soñky goşgusydy.
Mämmet aga bilen söhbetdeş bolup ep-esli oturdyk. Ol çaýly käsesini eline aldy-da:
- Ýeri, onsoñ, Peredelkinoda döredijilik öýünde işląp bildiñmi? - diýip, gözlerini güldürip maña seretdi.
- Işledim. Ýöne biziñki näme, şol kijiçik hekaýalar-da. Uly zat men-ä dogrusy ýazjagam bolamok...
- Oñarýañ. Uly zatlaryñ adamyny kiçeldýän wagtlary kän bolýandyr. Öz ýodañ bilen gidiber - diýip, ol meniñ sözümi böldi.
Bu sözler ilhalar şahyryñ agzyndan eşiden iñ soñky sözlerimdi.
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Ýatlamalar