INER HÄSIÝETI
— Çölde suw dannamak gowy zad-a dälse däldir welin, endik diýip örkleseňem durmaýan bir zadam bar — diýip, Çary Halyl taňkadaky çaýyň soňuny käsesine sarkyrdy. Gapdalynda ähli hereketlerini synlap oturan Soltan çolugyň bir zat diýerine garaşdy. Emma ondan ses-seda çykmady. Hemişe-de halypasyndan onça-onça söz eşiden çolugyň bu gezekki gökden düşen ýaly bolup oturmasy Çary Halyla geňräk göründi. Her niçigem bolsa, ol çolugyna dikanlap, bir zat diýmekden saklandy. Elindäki käsede galan şemmeli çaýy çalmaryň düýbüne serpip goýberdi. Soňra käsäni ojagyň gyrasynda düňderip goýdy. Çoluk taňkany çaýkap, täzeden dolduryp, söneňkirlän odyň gyrasynda goýdy. Bu zatlary synlap oturan Çary Halyl ýene-de suwly meselä dolandy:
— Suwumyzam-a baýap ugrandyr. Sen iň gowusy meşikleri al-da, aşaky guýa suwa git. Hem-ä içimlik suw getirersiň, hemem indi birneme tebsirän ineri suwa ýakarsyň!
Soltan ýeňillik bilen ýerinden turdy. Içinde sähel suw galan meşikleri dik- başaşak tutup, olary arassalamaga başlady. Çary Halyl ony saklady:
— Dur, dur, ýere dökme! Jürdegi doldur! Galan suwy hem kiçi meşige guý-da, goý, suwam bir pirli zatdyr, harlaberme!
Soltan çoluk işleri halypasynyň aýdyşy ýaly edensoň, ähli suw gabyny inere ýükläp ugramakçy boldy. Birdenem ýaňy örüp ugran mallara tarap, seredip oýurgandy.
— Suwa sen gitmeseň bolmaz. Men mallary giç agşama çenli özüm bakaryn. Nirede goş ýazdyrjagym belli däl. Ýene gara ýatak bolar-da. Ertir guşluk ahyrlaryna nesip bolsa dolanaryn.
Çary Halyl çopan taýagyny egnine atyp, goýunlaryň yzyna düşdi. Goýun itleri seňkilleşip ep-esli ýerden öwrüm etdiler-de, sürini gapdallap ugradylar. Üstüne oýulykdyr ýapynja, azyk-suwluk ýüklenen ak eşegem başyny aşak salyp, ýaltalyk bilen mytdyllap ugrady. Onuň bolup barşy göýä ýerden bir zat gözleýäne çalym edýärdi. Guýrugyny bulaýlap, gulaklaryny silkeläp, onuň „şapyr-şapyr» sesine birneme hereketini çaltlandyrdy. Az salymdan ýene-de köneje endigine-äwmezligine eýerdi.
Soltan çoluk aşaky guýa baranda Gün ýaňy eňegini ýere beripdi. Guýynyň daş-töweregi çop-çolady, yns-jyns ýokdy. Deriden edilen ykjam gowa şol bir asylýan ýabasyndady. Onuň ýogyndan berdaşly tanapy ýere gaçyp, tozan basypdyr diýäýmeseň, başga bir alamat bildirenokdy. Daşnowanyň düýbünde galan suw bir mahal gurap, üstüne çöken çägede guş-gumrularyň yzy bildirip durdy. Bular adaty zatdy. Soltan çoluk oňa ähmiýet hem bermedi. Diňe guýunyň agzyna ýapylan ýylgyn gapagyň ho-ol beýlede ýatmagy ony az-kem iňkise goýdy:
— Be, allajanlarym bu çakda adam yz-a düşmändir welin, gapagy ýel beýleki göteräýdimikä?
Soltan çoluk gapagy kakyşdyryp guýa golaý getirdi. Soň gowany suw çekmäne taýýarlady. Telim günüň suwsuzlygyna çydan iner gowa çekmäge howlukýardy. Uzyn boýnuny burup, ullakan gözleriniň agyny köpeldip, yzyna garanjaklaýardy. Suwdan doly gowa guýynyň agzyna gelerine mähetdel, iner patanaklap yzyna öwrüldi. Soltan çoluk gowany zordan sowup ýetişdi:
— Haýt-haýt, janawar, süwümsiz bolma, tagapyl et — diýip, inere tarap bir elini salgap durşuna beýleki eli bilen gowany daşnowaň içine agdaryp goýberdi. Iner bat bilen gelşine sowuk suwa salpy dodaklaryny basdy. Birdenem agzyny giň açyp, owurdyndaky suwy seçelendirip goýberdi-de, yza çekildi. Bu ahwalaty synlap duran çoluk käýindi:
— Näme aňryň ýanyp barýarmy? Dur-da nowany arassalaýançam. Ol nowadaky suwy çerkeziň püri bilen ikiýana bulap goýberdi. Soň eli bilen onuň diwarlaryny sypalap suwakaryna agaç dykyny sünçdi.
— Ynha indi-hä içersiň! Ynjyklygyňam gözüni çykaraýýaň-da. Bolmasa beýleki janawarlar hol kakyň düýbündäki gurtly suwdanam içip ýör-ä. Biz saňa ýaman öwretdik. Bolmajy bolup dursuň — diýip, Soltan çoluk gowany täzeden guýa taşlady-da, inere „çüw, çek» diýip, buýruk berdi. Iner öýkelän ýaly doňup durdy. Onuň buýruk bilenem, Soltan çoluk bilenem işi bolmady. Hamana özüne diýilmeýän ýaly, ýüzüni gaýrak tutup, uzyn-uzyn ýuwdunýardy. Soltan her hili tär ulansa-da, ineri ýerinden gozgap bilmedi. Käýindi:
— Göriň, muny doňňara daşa dönäýdi-le bu haýwan. Menem-ä ilki suwy özüm içmän görmän saňa berdim, içmediň. Nowa hapadyr öýdüp, ýuwup arassaladym, gözüň alnynda gabagyňam galdyraňok. Içmeseň içme, gowany bir çekip ber-dä, hudaýtutan!
Soltan çoluk hernäçe jibrinse-de iner ýerinden gozganmady. Näderini bilmedik çoluk zatlaryny ýygnap boş, suwsyz yzyna gaýtmaly boldy. Bolan ahwalaty halypasyna ýetiresi geldi. Emma bialaç ertire çenli garaşmalydy.
Entek bu ýere çolukçylyga gelmänkä:
— Çary Halyla çoluk bolmak saňa aňsa-da düşmez. Gaty talapkär, üstesine-de bir sözlüdir. Içki pikiriňi gözüňden okap oturandyr. Ýek-ýigrenýäni hem ýalançylykdyr. Gepiň iki çykdygy gülberiňi arkaňa al-da gaýdyber — diýip, Soltan çolugyň howuny basypdylar.
— Çopançylygyň syrlaryny öwrensem bolýa, ähli zada çydaryn — diýip, Soltan çoluk olaryň garaşýan jogabyny bermändi. Ol Çary Halylyň ýanynda geçiren ýarym ýyla basalykly wagtyň içinde başyndan geçiren wakalaryny birin-birin ýadyna salyp, halypasynyň beren sapaklarynyň ählisiniň kem-köstüniň bolmandygyna diýseň begenýärdi. Şu günki ahwalatyň hem soňunyň näme bilen gutarjakdygyny biljek bolup, näçe jan etse-de, suwutly pikir kellä gelmedi. Goşda galyp tabşyrylan işiň hötdesinden gelendigini ýatlady. Çalmara serenjam berdi. Içini daşyny arassalady. Ýatagyň sallam-sajak ýerleriniň sepini bildirmez ýaly etdi. Odun taýynlady. Itlerine, nançy goýna niýetläp çörek bişirdi. Garaz agyz suwy gelmedi, iner suwa ýakylmady diýäýmeseň başga iş galmandy. Ýöne esasy iş welin şolardy.
Soltan çoluk uzak gije çirim etmedi. Tä daň tilkiguýruk bolynça eýlesine bir agdaryldy, beýlesine bir agdaryldy ynjalygy bolmady. Ýerinden turdy. Çokaýyny -gowaldaň geýip, oýlugyny düýürläp çalmaryň düýbüne süýşdürdi. Bir mahal sönen oduň gyrasynda duran gara taňkany özüne tarap çekip, içine seretdi. Bokurdagyna çenli dolduryp goýan taňkasyndaky suw ep-esli azalypdyr.
— Ýylanyň dili ýaly ýalyn, suwuň dişinem döwüp bilesi ýok-la — diýip, ünsem bermedim welin, taňkany bir-ä bir çogdurypdyr bu — diýip, gapdalynda ýatan kesewi bilen çap-çal bolup ýatan küli ikiýana süýşürdi. Kesewini batlyrak galgatdymy nämemi ýelginine kül töwerege pytrap gitdi. Soltan çoluk gatyrgandy:
— Toza, gurbany boldugym? Öňem-ä tozama kemini goýmansyň!
Kül bilen „ýaňkalaşyp» otyrka ilki çoluk bolup geläýende Çary Halylyň „çopan oda imrikmeli däldir, diýen sözleri ýadyna düşür, çalaja ýylgyrdy:
— Şu bolup oturşymy göräýse näme diýerkä halypa — diýip, oýlandy-da, tarsa ýerinden turdy. Hamana Çary Halyl sözlerini eşidip, daşyndan syn edip duran ýaly töweregine garanjaklady. Ot ýakyp, çaý goýmak baradaky pikirlerinden el çekdi. Ýataga tarap ýöneldi. Sürä eýgermän galan bäşdir-üçdür malyň öňüne ýandak oklap, agşamky ineri baglan ýerine geldi. Gyzaryp dogan şapaga seredip çäwiş çalyp duran iner Soltana barmysyň hem diýmedi. Muny çolugam gowluga ýormady.
— Näme janawar, suwuňy alyp bilmedigiňi menden görýämiň? Gowany seň üçin sowdum, nowa guýdum. Nämeden tebil tapanyňy men näbileýin. Ozalama telim gitdik suwa seň bilen, beýle hötjetlik eden ýeriňi görmändim.
Iner boýnuny Soltana tarap burup, uly ses bilen bokurdagyny lugurdatdy. Soltanyň gorkusy artdy. Ol Çary Halyldan ineriň namysjaňlygy hakynda kän eşidipdi. Birden bir biabraýçylygyň üstünden baraýmaýyn, diýen pikir kellesine gelensoň, ineriň ýanyndan gaýra-gaýra çekildi. Eýesiniň özüne üns bermän gidibermegini islemedimi, nätdimi iner öňe dyzady. Bagly aýagyny galdyryp, omzanda gazyk diýlip dikilen agaç hem şatyrdan ýaly boldy. Muňa Soltan has hem howatyrlandy. Çary Halyl gelmänkä ýaňadan suw gitmek baradaky hyýalyndan derrew el çekdi.
— Näme bolsa görübermeli, bolar-da. Aýdylany-ha etdim. Özüm-ä hata goýberendirin öýdemok. Galanyny hem halypa aýdar-da — diýip, lapykeç bolan çoluk nahar taýýarlamagyň aladasy bilen boldy...
Çary Halyl goşa günortana golaý geldi. Soltan çoluk ony bir menzilde garşylady. Sançy çopan çolugynyň egnini sallap, agyr ýüküň aşagynda galan ýaly ýegşerip gelşini halamady:
— Indi näme muşakgatlyk tapdyka?
Çary Halyl syr bildirmedi. Oňa arz aýtmaga-da maý bermedi.
— Diýen wagtymdan gijä galmagymyňam sebäbi bar. Soltan jan! Käl ugruny syryp uzaga giden goýunlaryň öňüne taýak atmadym. Aýaklarynyň ýelini alsyn diýdim. Birgörsem, h-ol Nuryhanyň kakynyň ýeňsesine aýlanaýypdyrys. Onsoň şo ýerde garaýatak tutmaly boldy. Nuryhanyň kakyna-da suw az-owlak düşüpdir. Ýer ala, ýurt ala diýenleri-dä. Telpek ýaly bulut sähel „şitir-pitir» etse, aladaky suw kaka tarap şildiräberýa. Nuryhan diýilýänem daş ýeriň adamy däl. Öz obamyzdan, „Dypowly». Çölüň tabyny kemsiz bilýän eken. Ine, kak gazdyran ýerine daga seret, jüpüne düşüpdir. Barsam, bal ýaly suwy bar. Baý, hezil edip çaý içdim-ä. Mallaram gerk-gäbe etdim. Gaýdyşynam ynha tüňçämi dolduryp alyp gaýtdym — diýip, horjunyndan agzy pugta dykylan tüňçäni çykaryp görkezdi.
Halypasynyň kak hakda, suw hakda aýratyn ýanjap gürrüň etmegi Soltan çolugy ynjalykdan gaçyrdy. Ol daşyna çykarmasa-da, içinden bu barada pikir öwürdi.
— Be, Çary halypa nädäýdaýt, bar zatdan habarly ýaly.
Her niçigem bolsa, Soltan „öňürtmeli» diýen karara geldi. Ol Çary Halyly gapdallap gelşine düýnki bolup geçen wakany, bu gün ertirki ahwalaty — ineriň özüni alyp barşyny ýetişibildiginden gürrüň berdi.
Eýýäm birnäçe gezek synagdan geçiren çolugynyň bu gezegem bir zat goparjagyny öňünden duýan Çary aga aýdylanlar-a o diýen pitiwa etmedi-de:
— Sebäpsiz çöpbaşy gyýmyldaýan däldir Soltanjan, eserdeňlik gerek, eserdeňlik — diýdi-de oňaýdy.
Çolugynyň taýýarlan naharyndan işdämenlik bilen geregini edinen Çary Halyl Nuryhanyň kakyndan alyp gelen suwundan gaýnadylan çaýy soňky damjasyna çenli yrýa etmedi. Hatda ondan bir käse çolugyna hödürlemegi hem unutmady.
— Eýle bolsa, Soltan munda meýlis gurap oturmagyň hajaty ýok. Hany esbaplaryňy al-da, ineri howutla, ýola düşeli. Goýunlaram bäri-bärde örer öýdemok — diýip, Çary Halyl ýerinden turdy. Soltan çoluk alňasady:
— Neme, iner maňa topulyp...
— Goý, goý, „Gorkana goşa görner» diýenlerini etjek bolma! Etiňi gatalt, ýör!
Soltan ineriň ýanyna ýaýdana-ýaýdana bardy. Her ädimde bir sagynyp, köwejekledi, garaz bardy. Iner çöküp oturşyna kemteresinden ýerindenem gozganmady. Agyr howut örküjine atylansoňam:
— Çyw, tur hany — diýlip, owsaryndan çekilýänçä turmak bilen bolmady.
Çary Halyl ineri iýdip, gaýralygyna ýöneldi. Soltan çolugam gerek-ýaragyny eşege ýükläp, ýola düşdi.
Mallaryň bolsa şol ýatyşydy. Soltan olara seredip, ýaýdanjyran ýaly göründi. Çary Halyl ýoluny dowam edişine, çolugynyň berip ýetişmedik sowalynyň çözgüdini mälim etdi:
— Ýör, ýör, olar enteg-ä örmez. Örensoňam guýa tarap, biziň yzymyzdan barar ýaly ederis.
Çary Halyl sägindi-de:
— Garabaş, bäri gel — diýdi. Garabaş Çary çopanyň iň gowy görýän itidi. Daýawdy, edenlidi. Has beterem düşbüdi. Entek eýesini dilgir eden ýeri ýokdy. Çary Halyl edil ýoldaşyna aýdýan ýaly edip, oňa tabşyryk berdi:
— Garabaş, sen goşda gal! Dowarlar örer welin, gaýraky guýa tarap gapdalla-da ýöräber.
Garabaş guýrugyny bulaýlady-da, yzly-yzyna „wow, wow» edip, goşa garşy ýumlukdy.
Çopandyr çoluk birsellem ýöränlerinden soň guýa ýetdiler. Çary Halyl ineriniň owsaryny guýyň çarhyna iltedi-de guýynyň gapagyny birýana serpip goýberdi. Gapagyň iç ýüzüne öňräk ýelmeşip galan guş ýeleklerini synlap ep-esli güýmendi. Soňra daş-töwerege esewan etdi. Üýtgeşik bir zada gözi düşmänsoň, guýynyň içine boýnuny uzatdy. Birmahallar guýa golaýlandan bir ýerlerden gaýdyrylyp gelýän ýa-da guýynyň içinden pasyrdap turýan gögerçinlere gözi düşmänsoň, töweregine garanjaklady. Näme işlejegini bilmän ýaýdanyp duran çolugyny görüp pikirini çugdamlady.
— Düýn geleňde guýunyň gapagy ýerinde däl eken — diýdiňmi?
— Hawa halypa, h-ol beýle-de ýatan eken!
– Diýmek kimdir bir näbelet ötegçi seresaplylygy unudypdyr-da onda?
— Bilmedim, halypa!
— Bilmeseň, bilip goý! Guýyny ykjam arassalamaly. Şonda hemme zat aýan bolar. Ineriňem şol suwsuzlygydyr. Howanyň az-hem çigrekläninden çekäý minneti. Ýogsa onuň öňünde döw dursun!
— Ol gaty beres görünýä welin halypa, gowa çekermikä?
— Duýmasa çeker. Oň üçinem gowanyň tanapyny iki esse uzaldaly. Ol çarhyň jygyldysynam, suwuň pagşyldysynam eşitmesin. Gözlerinem mäkäm daňaly, näme işleýäninem görmesin.
Çary Halylyň aýdyşy ýaly etdiler. Başda gowa guýydan dolup-dolup çykanam bolsa, soňabaka suw azaldy, bulanyp başlady. Gowa bilen çişip, ep-esli bolan gögerçiniň, onuň ýaňy ýumurtgadan çykan eteneleriniň maslygy çykansoň, Çary Halyl çolugyny çagyrdy.
— Ine, Soltan jan, bular ýaly zat guýa düşer-de, ondan ineriň suw içermi? Bu-da hemmesi däl bolmagy ähtimal. Şoňa görä-de guýa girip, iň soňky damjasyna çenli aýryp, içiniň kemsiz arassalanandygyna göz ýetirmek gerek. Hany ykjamlan!
Ineriň düýnki suw içmezliginiň, yzyna suwsuz boş gitmeginiň sebäbine göz ýetiren çoluk halypasynyň diýeni bilen boldy...
...Gowadan ýapyşyp guýudan çykan Soltan çoluk näme diýjegini bilmän hol beýlede ineriniň boýnuny sypap duran Çary Halyla tarap elini salgap begençli seslendi.
— Çary aga, eşitýäňizmi, jaň sesi gelýär, mallar alkymda öýdýän!
— Hemme zat gözegçiligiňde, üns merkezinde bolsa kösençlik ýokdur, inim!
Soltan çoluk halypasynyň näme aýdanyny eşitmedi. Bilindäki tanapy çalasynlyk bilen aýryp, çarhyň agajyna ildirdi-de, halypasyna tarap ylgap gitdi. Onuň hereketine hol gyrada tümmeginiň üstünde tomaşa edip oturan gyrgy haýallyk bilen ganatlaryny ýaýdy-da, guýynyň üstünden bir öwrüm edip, gözden gaýyp boldy.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar