JARÇY
Bu günem ak öýländen jarçynyň ýognas sesi küren obany ýaňlandyryp başlady:
— A-how, adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäň-how, ertir eli pil tutan erkek göbekli Gatakary gazmaga gitmelidir-how, eşitdim-eşitmedim diýmäň how, baranlar bellige alnyp, barmadyklara temmi beriljekdir-how...
Jarçynyň bokurdagyna agram berip, kä sokduryp, käte gyryljak jygyldylaň içinde ýitýän sesini diňläp oturan üç-dört sany jahyl gara öýüň kölegesinde oturan ýerlerinden boýunlaryny uzadyp, jarçynyň has golaýa gelerine garaşýardylar. Olar uzak garaşmaly bolmady. Uzyn gyrmyzy donunyň iki synyny garnynyň üstünde çigip, uzyn ýylgyn taýagyny iki eliniň tirseginden geçirip, arkasynda saklap gelýän girdenejik ýaşuly oglanlary görüp ýene-de köne heňine tutdy.
— A-how, adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäň how... Ertir eli pil tutan Gatakary gazmaga gitmelidir how...
Oglanlaryň biri onuň sesini böldi.
— Eşitdik, eşitdik, jarçy aga, özüňe zor salyp, çyglyp oturma. Barmaly bolsa bararys, ýöne näme üçin şu käre baş goşduň şony aýdyp bersene — diýdi.
Oturanlar gülüşdiler.
Jarçynyň sussy peseldi. Kiçijikden ýiti, «çakgyň çüýi ýaly» diýilýän gözlerini oturanlara dikip, olaryň kimdigini anyklajak bolýana çalym etdi. Ýeke-ýeke ýüz-gözlerine seretdi. Soňam şelaýynlyk bilen oglanlara ýaramsaklyk etdi:
— Bo-how, bu asyl öz inilerim eken-ow, geňem gördüm-le, başga biri maňa beýdip söz gatar diýip. Entek Atajanyň gep alyp galanyny gören ýokdur. Şeýle dälmi, inilerim?!
Oglanlaryň biri dillendi:
— Jarçy aga, siz gep alyp galmaly adam däl, gaýtam ilden alan gepiňizem ýene-de ile gygyryp ýetirýäňiz ahyry — diýdi.
Beýleki biri: «Wah, bu işigaýdan ondan lezzet alýar-a. gygyryp, gygyryp içini boşadýar. Onsoň sesini-üýnüni çykarman, boşan sanaç ýaly ýatandyr-da öýüniň dulunda».
Jarçy gaty gören kişi boldy. «Ýeri, ýeri, inijiklerim, öz işiňiz bilen boluň, öz deňiňizi gaşaň».
— Jarçylyk janyňa ýaraýan bolsa, Alla ýaryň, sesiň tükenýänçä gygyr, agam! Biz-ä saňa bir ýagşylyk etjek bolup diýýädik. Islemeseň ýagşylygam etjek däl, ýamanlygam. Epeý adam bolup, eliňi agzyňa tutup, oba-oba aýlanyp ýöreniňe dözmän aýdaýdyk.
— Sag bol-ow, inim, Baýramgeldi jan, dogrudanam bu işiň bir aňsat usuly heý, tapylarmyka? — diýip jarçy oglanlara golaý süýşdi.
Baýramgeldi oturanlaryň içinde iň garagoly bolmaga çemeli. Ol: Tapylar jarçy aga, ol özüňe bagly — diýip, oturanlara gözüni gypdy. Soňam sözüni dowam etdi.
— Bar arçynyň ýanyna. Aýt, indi menem utanýan diý. Çagalarymam halap baranok, şu käri başga bir kär bilen çalşyp beräýiň — diý.
— Wah, Baýramgeldi jan, haýsy kär diýseler, näme diýeýin?
— Ýasawullyk — diý.
— O näme boldugy?
— Ol bu käriňden uly. Gygyryp, galmagal edip ýörmeli däl. Görensiň-ä arada «Zöhre-Tahyry», baý artistler oýnaýar-a. Ana şondaky bili egri gylyçly, eli aýpaltadyr galkanly nökerleri. Şolar ýasawul-da.
— Aý, men olar ýaly zady başarman ahyry?
— Başararsyň! Adam edenini adam eder. Hökman gyljyňdan gan damyp durmaly diýen zat ýok. «Pylanyny çagyr» diýerler, ýolk ýasarsyň, bolany.
— Haý, bilmedim-ow. Men indi gylyç dakynyp, elim naýzaly, galkan göterip ýa at münüp, alan galam bolarmyka?
— Baý, jarçy aga, göwnüňiz kap dagynda eken-ow. Sähelçe emel ýetse ýumruk ýaly obany at tozanyna garaýjag-ow sen — diýip, Baýramgeldi başlyklaýyn ýene-de gülüşdiler.
Jarçynyň jibrinip duranyna dözmedimi ýa oglanlar ýaşlyk edip onuň göwnüne degäýmesinler diýdimi, öýden garma donuny ýasgynjak alyp, Çary aga çykdy. Ol oglanlaryň agzyna öwelip, sary-sadylla bolup duran jarça nebsagyrjylyk bilen ýüzlendi:
— Jarçy, aman-saglykmy? Näme ýaşlar gaty-gaýrym söz aýdyp, göwnüňe degjek bolýarlarmy?
— Ýok, ýok, Çary aga, bularyň aýdýanynyň jany ýogam däl, ýogsa...
— Jarçylyk ata-babalarymyzdan gelýän kär ahbetin. Näme kemi bar? Ynanma bu ýaş-ýuşlara. Olara gülki gerek — diýip, Çary aga ardynjyrady. Oturan oglanlaryň ýüzlerine birlaý garady. Soňam gaharynyň gelenini aňdyrmajak bolup, gel, Atajan, öýe gir, bir käse çaý içip git — diýip, oňa mürähet etdi. Jarçy Çary aganyň yzyna düşüp barşyna oglanlara öwrülip-öwrülip seretdi. Özüniňň obada sylanýan adamlaryň biri bilen öýe girip barýanyna monça boldy. Çary aganyň bu hereketi oglanlara telek işi edendiklerini, ýaşuly adama beýle sözleri aýtmaly däldigini, ony sylamalydygyny tabşyrdygydy. Ony özüň duýmalydy.
Jarçy bir haýukdan soň öýden çykdy. Onuň sesi ozalkysyndanam çasly ýaňlanyp başlady:
— Haý, eşitdim-eşitmedim diýmäňler-how...
Her niçigem bolsa oglanlar bilen bolan gürrüň jarçyny bir karara getirdi. Ol şol gün agşam arçynyň gaşynda häzir boldy.
— Allamyrat, diňle meni, men bir ýaş-ýuş däl, 40-a ýetip barýan. Beýdip ýüzümi göge tutup, öz-özüm gygyryp ýörmäýin — diýip, arçyna ýüzlendi. Arçyn ep-esli diňşirgenip oturdy. Soňam ýuwaşjadan söze başlady.
— Atajan aga, siz oba bäş barmagyňyz ýaly belet adam. Üstesine-de buýrulýan ýumuşam o diýen kyn däl.
— Aý, her näme bolsa-da, Allamyrat jan, maňa şu kysmy başga bir işjagaz tapyp beräýseňiz-le.
— Men-ä saňa düşünýän däldirin, Atajan aga, aýt, özüň näme iş bar?
— Aý, näme, gygyryp etmeli işiň ýüzüne köz degsin. Bolar-la bir sesiňi-üýnüňi çykarman etmeli iş.
Allamyrat aga loh-loh güldi:
— Men saňa düşündim, Atajan, saňa kimdir biri-hä bir zat diýipdir. Belki, kimdigini aýdarsyň?
— Ýok, ýok, hiç kim hiç zat diýenok. Ýöne, öz göwnüme jaý däl-dä bu iş. Men iň gowsy ýasawul bolaýaýyn. Ýasawul diýýänim näme, nöker-dä.
— Bolýar olar ýaly bolsa, ynha agşam Gulberdidir Mädaly dagy geler welin, maslahatlaşar-da çözäýeris meseläňi.
Iňrik kemsiz garalanda kontora gelen Gulberdidir Mädaly Allamyradyň Atajan jarçy baradaky gürrüňlerini diňlediler. Gulberdi:
— Häý, bu gürrüň Atajandan-a çykmaly däl welin, elbetde — diýip, yzyny aýtmady. Ony Mädaly dowam etdi:
— Çykmazam diýme, biri sähelçe ot berse, lowlap gidiberýär-ä adamlar.
— Hany, näme etmeli? — diýip, Allamyrat ýene-de maslahaty orta atdy. Yzyndanam:
— Öz-ä sesiňi çykarman etmeli işi soraýar? — diýdi.
Mädaly aga ýene gürrüňe goşuldy:
— Şol işini sesini çykarman edibersin, «ýasawul men» diýsin-de, «et» diýsek ýeter, «getir» diýsek getirer. Muny şondan gowy oňaran bolmaz. Maslahat çugdamlandy. Şol günden soň Atajan jarçy obada ýasawul bolup işläp başlady. Ol hemişe oba arçynynyň ýa-da baş hasapçynyň gapysynda durardy. Näwagty-biwagty ýokdur. Kimdir birini bu ýere çagyrmaly bolsa, ýüwrüp barýandyr edil ýyldyrym ýaly. Gören: «Bäh, bu adamyň ökjesiniň ýeňildigini-aýt, edil ýelgamak ýaly» diýerdi. Ol bolsa özüne diýilýän gepleri eşitmezdi. Bardy-geldi eşidäýse-de bilmezlige salardy.
Ýasawul öz işine berlipdi. Ýumuş tabşyrylandan soň buýtar-suýtary bolmazdy. Ýeke ýerde gepi çykmazdy. Käte oglanlar degşip:
— Neneň täze wezipe jarçylykdan nähili eken? — diýip, gülşerdiler. Ýasawul bolsa myssa ýylgyrardy-da, olaryň sowalyny jogapsyz galdyrardy. «Dilsiz-tikensiz bir bende, il bilen işi ýok» diýip, onuň tarapyny tutýanlaram ýok däldi.
Watançylyk urşunyň turmagy bilen oba galagopluk aralaşdy. Her gün diýen ýaly oba oglanlaryny ýygnap fronta ugrdýarlar. Olary çagyrmak, bir ýere toplamak ýasawulyň esasy wezipesidi. Ol içini köp gepledýärdi: «Ozalynda şor maňlaý bolsaň, sypma ýok eken. Ýeri, toý çakylyga-ma däl bu, höwes bilen aýdaýar ýaly. Garaňy görenlerinden «şumama» gelýä diýýän ýaly adamlar. Diýmez ýalymy näme? Birine baryp «dag ýaly ogluňy fronta ibermeli» diýäýmek ýeňil-ýelpaý işimi diýsene. Baý-bow, muň ýaly agyr zat ýok eken. Wah, käte o-da hiç bolup galýar. Kimdir biriniň frontda wepat bolandygyny habar bermegiň güzabyny diýsene. Alla görkezmesin... Emma diýeniň bolýamy näme? Gelip dur ajy habar, yzly-yzyna, eý toba».
Ýasawulyň aladasy ýetikdi. Ol soňky günler ozalkylaryndan horlanan ýalydy. Ýüz-gözleri kokuşyp durdy. Gijelerine-de rahat ýatyp bilmezdi. Bu günem gije ýarym boluberende ýüregine howul düşüp, daşaryk atylyp çykdy. Aýsyz garaňky gije-de daşarda palçykdan edilen sekiniň üstünde oturyp, gündizki bolan ýagdaýlary birin-birinden akyl eleginden geçirdi. «Ertire çykaýsam göni raýona gidip, fronta gitmäge arza bererin» diýip, öz-özüni köşeşdirdi. Birdenem ozalky arzalarynyň hem kanagatlandyrylmandygy ýadyna düşüp gamlandy. «Senem fronta diýip gitseň, Gurtdan hat-habary kim getirer» diýip, goňşusy Aýsoltanyň ýalbaryp aýdýan sözleri hakydasyna gelende hopukdy. Gurt neressäň wepat bolandygy baradaky gizläp ýören hatyny goýan ýerini barlamak üçin laňňa ýerinden galdy. Işikdäki köne kepbede asylgy duran içi aşykly torbany başaşak tutdy. Şu çakda oýnalman gum basyp giden aşyklar şakyrdap ýere döküldi. Soňundanam esgä dolangy üäburç hat ýere gaçdy. Ýasawul haty garbap aldy. Garaňky bolsa-da şol haty biri görüp barýan ýaly goltugyna gysyp, saman kepbä tarap ýöneldi. Saman kepbäň bir çetinde ýatan köne howudyň köçesiniň içine dykyp, görünmez ýaly etdi. «Heran-haçan fronta gitsemem, şu howut gozganjak zat däl» diýip birneme ynjaldy. Soň öýe girip, düşege gyşardy. Emma ukusy tutmady. Ýene-de ony oý-pikir basmarlady.
Wah, jarçylyk edip ýörenim ýüz paý gowy eken. Tapdylar-da bir zat «Ýasawul» diýip. Şol ady başga-da inim söýmedi meň. Bir hili «Buz üstünde tozan arap ýöreniň» ady ýaly. Ýasawul, entegem «galkan dakyn, at münüp ýüzin sal diýmediler. Baý-ba şonda tomaşa bolardy—ow, Hudaý saklasyn. O zeýilli bol diýseler, men-ä aklymdanam azaşardym. Hakyt şu ýasawullygy boýnuma aldym welin, derdim artan ýaly bolaýdy. Mydama içiňi gepledip ýörmeli. Kän içiňi gepletmegem mojuk zadyň üstünden eltäýjek eken-ow. Men-ä şu urşuň turanyna-da özüm günäkär ýaly bolup ýörün. Ýüregimdäkini dilime geçirip, zowladyp ýörkäme uruşam ýokdy, gygyryşam. Niçikmi, şony goýdumam welin, edil gury agaja ot düşen ýaly bolaýdy.
Ýasawulyň kellesine gelýän pikirler ony otdan alyp suwa salýardy. Ol obada bir betbagtlyk bolsa, özünden görüýän ýaly görünýärdi. Uruşam uruş-da, pidasyz bolýamy? Günde-günaşa şum habaram gelip dur. Muňa Ýasawulyň jany ýanýardy. Gargynýardy. Wah, urşy başlanyňam bir ýer bilen ýogsan bolanyny görüp, küren ile jar çeksem, derdim ýeňläýjek ýaly. Arman, ony entek başaramokda.
Birmahallar obanyň gumsak ýolundan çepekli aýagyny dyzyna çenli topura çümdürip. «Haý, eşitdim-eşitmedim diýmäňler-how» diýip, keýpihon gygyryp ýören jarçy, indi hiç kime görnesi gelenokdy. Onda-da:
«Hökümet işi bu, muny mähetdel etsem, ýüzügara bolaryn» diýip, buýrulana kaýyldy. Indi obada-da oňa degjek bolup, söz gatýan köp däldi, asla ýokdy diýseňem boljakdy. Hatda Çary Halyllaň ýanyndan geçende onuň bilen degişýän Baýramgeldiniňem bir hili sussy pesdi. Ýöne käte-käte ozalky oýun gatyşykly sözlere derek, tommaklyja sözlerem ondan-mundan eşidýärdi. «Ýasawulam-a gelýär, sowul-bela, sowul-bela». «Bu gezek kimiň öýi ýykyldy diýmäge gelýärkä», «Bu gezek kimi öňüne salyp alyp giderkä?» diýen sözleri eşitmek onuň ýürek-bagryny ezýärdi. Onsoň eli üç burç hatly howlyň agzynda sazanaklanyp durandyr bende, gözýaşyny süpürip. Ot yssyň içinde ýüzi-ýeňsesi tanadýan däldir.
Habar ýetirmeli öýünde parasatly bir ýaşuly bar bolsa bagtyna: — Bar, inim, gidiber, bendesinden göremzok — diýer-de, ugradar. Ýel ýürek bir aýal-ebtat bolsa: — Waý, şumlugy ahyry bize-de getirdiňmi, ütülmiş! — diýip, pahyryň al-petinden alardy. Saňňyllap durandyr, o-da bile aglap.
Käwagt-käwagt hoş habar aýtmaly bolsa donunyň iki synyny gysymlap, eňip ýörendir.
— Haý, biziňkiler ýeňiş gazanypdyr-how... pylany geroý bolupdyr-how... Indi uruş basym gutarar-how» diýip, heşelle kakyşyny dagy göräýseň. Ýöne, arman beýle şatlykly pursat köp bolanokdy.
Ine, bir günem oba «Ýasawulam fronta gidipdir» diýen habar ýaýrady. Bütin oba edil boşap galana döndi. Indi şähere gidýänem, hat-habar getirýänem ýokdy.
— Älhepus, munuň beýle bolaýşyny. Obany dünýä bilen çatyp ýören edil ýasawul ýaly bolaýdy — diýen gürrüňi häli-şindi eşitmek bolýardy. Bu ýagdaý bilen oba adamlary wagty bilen öwrenişip bilmediler.
— Wah, Ýasawul pahyra biderek igenipdiris, şoň köçe-köçe syryp ýörmegem bize teselli berýän eken. Ynha indi otyrys dünýäden bihaüar. Käte-käte o ýerden bu ýerden agy sesi eşidiläýmese, başga habar eşitjek gümanyň ýok. Hudaý jan, özüň gowsuny edeweri — diýip, birmahal Ýasawulyň göwnüne degenleriňem ökünýäni kändi.
Aradan 7-8 aý geçdi. Obamyzyň şol bir tukatlygydy. Frontdan habar seýrek düşerdi. Adamlar indi onuň bilenem öwrenişiberdiler. Başga alaç hem ýokdy. Onsoň Aşyr Gandym ýaly köpi gören oba ýaşulusy:
— Mertlik köp zady ýeňýändir. Öýüň tüýnügine ýa gapysyna gözüni dikip, fronta gidenlerimizi ýatlap, gaýgy-gama batyp otursaňyz-a Hudaýam halamaz. Öz iýjek çöregimiziň özümiz aladasyny etsek, artykmajynam fronta kömek diýip, bersek, göwnejaý bolar. Gözýaşyň, gam-gussaň bitirjek goşy bolmaz. Gözmonjugy ýaly çagajyklarymyzyň gözüniň alnynda müzzerşip otursaňyz, olaryň ýüreginde ünji goýarsyňyz. «Ýagşy niýet, ýarym döwlet» diýibem bir aýdylan söz bardyr. Alladan geleni mertlik bilen çekmegem, «Zeleliň ýarsyndan gaýtmak» diýen ýaly bir zatdyr — diýip, bilini guşap: — Ýörüň, hany — diýip, oba baş bolup meýdan işine çykansoň, onuň yzyna eýeren köp boldy. Bugdaý ekmäge ýer taýýarladylar, ekdiler. Bugdaýam başyna gören ýaly bitdi. Ynha indem ýerden ýörän bugdaýly meýdanda. Zähmet adamlaryň derdini ýeňledipdi. Agyr oýlar, aladalar az-kem unudylypdy. Her kim özüne berlen çägiň bugdaýyna esewan bolýardy.
Ine, bir günem günortana golaý oba tarapdan tozan turzup gelýän düýe furgon düşelgäň golaýyna gelip saklandy. Bir elinde owsar, beýlekisi uzyn ýylgyn saýgyçly daýanakly aýal furgondan ýeňillik bilen düşdi. Furgonyň üstünde oturan 8-9 ýaşly oglanjyga ýüzlendi:
— Bar, oglum. Ýagşy jan, daýhanlara buşla. «Ýasawul frontdan gelipdir» diýip.
Ýagşy furgondan düşüşine, ellerini bulaýlap ylgady.
— Buşluk, buşluk, Ýasawul aga uruşdan gelipdir.
Ýagşynyň inçejikden ýiti sesi bütin töwerege Ýeňiş habaryny buşlaýan ýaly bolup eşidildi. Şondan sanlyja gün geçenden soň hakykatdan hem Ýasawulyň özi köne endigine görä obada jar çekmeli boldy.
Ol beýik Ýeňşiň buşlugydy.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar