KERAMATLY SÖZ
Biziň obamyzda Kerim atly bir oglan bar. Ol ýuwaş hem edepli.
Kerim bir gün obamyzyň etegindäki öleňlikde sygyryny bakyp ýördi. Öleňligiň gyrasy giden baglykdy. Ol baglyga barjak gümanyň ýokdy. Ol bagyň sakçysyna Ýaman aga diýerdiler. Ol juda gaharjaň, hyrsyz gojady. Onuň öz-ä ile azar bermezdi. Eger özüne ýa-da goraýan bagyna azar beräýselerem her kim bolsa-da, aýap goýmazdy.
Ýaman aga goraýan bagyny gözüniň göreji ýaly gorap saklaýardy. Eger bagyň şahasyndan ýekeje ýaprak ynjasa, Ýaman aganyň jany çykjak ýalydyr. Mal-gara baga girdigem, öz howlusyna gabar goýaýardy. Onsoň, eýesi telim günläp azara galyp ýörendir.
Hojalygyň ýolbaşçylaryna aýtdyryp, malyňy alyp bilseň, razy bolaýmalydyr. Aý, onsoň, ikinji sapar malyňa bek bolarsyň-a. Şonuň üçin ol bagyň içinde aždarha gezip ýören ýaly, onuň golaýyna baryp bilmezdiler.
Bir bolmasyz ýagdaý boldy. Özi göz-gulak bolup durka-da, Kerimiň sygyry onuň gözüne çöp salyp, birden sümüldi-de, şol «aždarhaly» baga girdi gidiberdi. Kerim sygyrynyň yzyndan ylgady. Onuň töwereginde mal bakyp ýören oglanlar hem gaty gorkdular. Olardan goňşy oglan Ýaman aga Kerimi heläklär öýdüp, onuň kakasyna habar bermäge oba bakan aldygyna ylgap gitdi.
Köp wagt geçmänkä, Kerim baglykdan sygyryny alyp çykdy. Onuň elinde üç-dört sany alýaňak alma bardy. Oglanlar gyzyklanma, haýran galma bilen Kerimiň daşyna üýşdüler.
– Eý, Kerim, sen Ýaman agadan nädip sypyp bildiň! Ýa ol bagda ýok ekenmi?
– Bar eken, şu almalary maňa onuň özi berdi. Men oňa bir keramatly söz aýtdym. – diýip, Kerim ýene baga garşy gönügen sygyrynyň yzyndan ylgady. Oglanlar bolsa oňa haýran galma bilen seredip galdylar.
Bir gün Kerim okuwyndan öýlerine gelýärdi. Iki sany aýal ýoluň gyrasyndaky tamdyrda çörek bişirip durdy. Kerim olara nämedir bir zatlar diýdi. Ol aýallaryň biri Kerimi saklady-da, oňa tamdyrdan ýaňyja çykan kökejigi berdi.
– Me, köşejigim, ylahym, ömrüň uzak bolar, enşalla!
Onuň bilen mekdepden gelýän oglanlar muňa haýran galdylar. Olar gülüşip, gaty-gaty gürrüňleşip, öňlerinden eşekli ýaşulynyň gelýäninem görmediler. Emma Kerim eşekli goja deňlerine gelende:
– Ata, salowmaleýkim! – diýip, ýaşula edep bilen salam berdi. Ýaşuly eşeginden düşdi-de, Kerim bilen iki elini uzadyp salamlaşdy.
– Köşegim, sen kimlerden, kimiň ogly bolarsyň? – diýip, az-kem aýak çekip sorady.
Kerim atasynyň, kakasynyň adyny aýtdy.
Ýaşuly başyny atdy.
– Men seniň ataňa juda beletdirin. Ol juda adamkärçilikli, halalhon adamdyr. Tüweleme, ölmede, ýit diýenleri bolupdyr. Sen oglum, ataňa çekipsiň. «Salam!» keramatly sözdür. Gör, sen maňa salam berdiň welin, meniň ýüregimde nähili gowy duýgular döredi. Salamda Allanyň ady bardyr. Kim köňli salamly bolsa, onuň köňlüne nur ýagar – diýdi. Soň, ol Kerimden minnetdar bolup, eşegine mündi-de, ýoluna gitdi.
Obanyň oglanlary diňe şondan soň Kerimiň bilýän keramatly sözüniň nämedigini bilip galdylar.
25-nji ýanwar, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty