17:09 "Ma-Pa" / hekaýa | |
«MA ― PA»
Hekaýalar
― Papyçkam, çilimiň küli gaçjak bolup dur! Kiçi ylmy işgär Allan Allanowyň agzyndaky çilimiň akja gurçuga meňzäp duran küli, ýaňky sözlere mähetdel, özüni aşak ― kagyzlaryň üstüne oklady. ― Püf-f... ― Papyçkam, beýtmeli däl! Allan Allanow pedagogiki ylymlar institutynyň koridorynda däl-de, öz öýünde oturanlygyny unudyp, çilimini eline aldy-da, açyk penjirä tarap çenendi. ― Papyçkam, eýläk zyňma, Gülälegiň kakasy gygyrar. Allan Allanow balkona tarap seretdi. Balkondan zyňsaňam, Döwranyň atasy gygyrar. Düňküldäbräk ýöreseň, aşakdan Serýožanyň kakasy turbany kakar. Kelläňi penjireden çykaryp, çilim çekiberseň, ýokardan Ruslanyň ejesi ysyrganyp ugrar, soňam: «Bir zad-a ýanýar... Kakasy, näme ýanýar?» diýip, gykylyklap ugrar. Galyň millet-ä ondan gorkýandyr, o-da diňe otdan, ýangyndan gorkýandyr. Hernä, Allanyň aýaly keselhanada. Ýogsa, o-da bir iňirdemeli ýerini tapardy. Institutda «şef» oturandyr hüňürdäp: «Allanow, bi işiňde seniň perspektiwa ýok. Başga tema al diýsem, etmediň. Indi seniň o temaňdan oba göçdi...». Gygyryň-a, iňirdäň-ä, hüňürdäň-ä! Gapyşdyryň! ― Papyçkam, getir, çilimiňi tuwalete oklap gaýdaýyn. ― Me, doçam, şeýt! Näzik tüsseläp duran çilimi aldy-da, kakasynyň iş otagy hasaplanýan aşhanadan zymdyrylyp çykyp gitdi. Sanly salymdanam, Allanyň özi şol «tuwaletiň» ýarym açyk gapysynyň deňinden geçdi. Geçdi-de, doňup galdy. Gyzynyň agzy çilimlimidi? Ýa dälmidi? Edil şo pursadam Näzik tualetden atylyp çykdy-da: ― Papyçkam, zyňdym... ― diýdi. «Zyňdym» diýdimi, öňündenem «papyçkam» diýdimi? Ýöne ýere «papyçkam» diýýän-ä däldir, bu. Dil çykaranda ilki «papa» diýip çykaran, onam azyndan on dürli äheňde aýdyp bilýän şäher çagasydyr bu. «Pa-a-ap...» diýdimi ― arz etjekdir. «Po-po-o...» diýdimi ― bir zatdan ýa birinden öýkelänligidir. «Pä-pä...» ― näz etdigidir. «Papyçkam» diýliberse, onda ýa-ha bir etmesiz iş edilendir, ýa-da şonuň hyýalyndadyr. Mundan kiçisi Aýdymjyk bolsa, bu sözüň on dürli öwüşginini eýgerip bilmän, aljyrap, käte: ― Ma-pa! ― diýip gygyrardy. Allan Näzik gyzyna hiç zat diýmedi. Ikisem zatdan bihabar bolan bolup, üçünji bihabar ― Aýdymjygy ara alyp, ýatdylar. ― Pa-a-ap... ― diýip, soňrak Näzigiň sesi çykdy. ― Ertir mamamyň yzyndan bizem äkidäý, hä? Jigim aglaýa ýogsa... Allan ýalandan hor çekip ugrady. «Eý-toba! Ýaňy sekiz ýaşad-a bu... Ýa dokuzm-aý? On sekiz ― on dokuz ýaşanda näder? Gözüňe tüsse gapdyryp, «Pahanýa, men gitdim, çaw!» diýse, hä? Öwf... Ýataly, ýataly! Ertirem, saglyk bolsa, dynç günüdir illere. Irden turup, bir zatlar bişireýin-de, o görgüliň yzyndan gideýin». Näzigem uklady. Uklabersin... Ýeri, nätmeli bor indi? Urmalymy, sögmelimi, tualete gabap goýmalymy? Iň bolmanda, ýalandan, kakasynyň göwni üçin, gorkan kişem bolanog-aý, zaňňaryň çagasy. «Papyçkam, zyňdym...». Hym, zyňanmyş. Zyňdyraryn entek men saňa! Gapdalyndan eşidilen şygşyldy Allany diňşirgendirdi. Şygşyldy has golaýlap ugrady. Hä, Aýdymjykdyr bu, ejesini gözleýändir ukyň arasynda. Indi alty aýyň içidir, her gije şeýle, ýassykma-ýassyk sermeläp, barlap çykýar. Käte Näzigiňem zähresini ýarýar, onsoň uly yzlaşykdyr gijäň içinde... Ejeň ýok, köşejik, sermeläp ýörme, ejeň keselhanada. Sen haçan geljek, Ejeş? Asla geljekmi bir indi? Men tozdum-ow, Ejeş, lagar düşdüm, «ma-pa» boldum... Uly gyzyň eýýäm çilim çekip ýör... Ýeri, men nädeýin muny? Urma diýersiň, atasy uran gyz garamaňlaý bolarmyş diýersiň. Onda näme, baryp, saňa «Urup ber şuny» diýeýinmi? «Başda gyzyny urmadyk soňra dyzyny urar» diýlenem-ä bardyr. ...Allan geýindi-de, daşy «dokuz dolakly» köneje priýomnigini goltugyna gysdyrdy, gyzlarynyň üstünden gulplap, daş çykdy. Aňyrrak saýlanansoň, priýomnigini açdy, ýöne ondan ses-seda çykmady. Munuň gylygyna Allan belet. Asla gylyk ýok munda. Allan gaharlanyp, «Gürle, gürle diýýän!» diýip, onuň depesine, böwrüne pat-pat uruberse, bir-iki gezek haňk-huňk edýär-de, ýene dymýar. Käte-de, süýji ukuda ýatyrkaň, kakynlan ýaly, birden aldygyna zowladyp ugraýar. Ynha, häzirem şeýtdi, dymdy-dymdy-da, almytyny alansoň, «Wa-wa-waý... Na-na-naý...» diýip bir tükezzibana tutdurdy welin, Allana onuň sesini öçürmek iş boldy. Wah, seň ýalyny ýasan-a bir akmak, seni satyn alanam iki akmak eken... Aý, «Mal eýesine meňzemese ― şumluk» diýipdirler. Mal bilen eýesiniň, Adam bilen onuň Zätlarynyň arasynda, dogrudanam, bir baglanyşyk, bir meňzeşlig-ä bar. Ýöne nämedenkä? Her adamyň özüne laýyk zatlary satyn alýanlygyndanmyka ýa-da kän ýyllap bir ýassygy deň paýlaşan är-aýalyň soň-soň bir-birine meňzäp gidişi ýaly, zatlaram kem-kemden eýesine meňzäberýärmikä? Ýa-da zatlar eýesini özlerine meňzedýärlermikä? Hä-häý, Ejeş jan, sen ýene bu kelesaň priýomnigi getir diýýärsiň, diňläýin diýýärsiň, nä ýüzüme elteýin muny? Şunuň maňa meňzeşligini aňyp, şoň üçin getir diýýän bolaýma-how sen, Ejeş?! Sen-how, äriňi küýsäp ýören bolaýma ýene? Ýa-eý, Allan jan, haý, akmagyň ogly akmak Allan, alty aý bäri zordan jan saklap ýatan aýalyň är ýadyna düşermi diýsene... Ýa-da, saz bilen göwrä giren jan saz bilenem çyksyn diýýämikä? Dogrudyr, bu warak tilsimatdan jan salan-a bolmaz, jan alaýmasa. Eý, toba-toba... Ýaşam-a bir müçe gowrak bardyr-ow şu janawaryň. Birçak, ilki şähere göçüp geläýemizde, obadan karz alyp gaýdan pullarymyza düşek-püşek, goş-golam edindik, şeýdibem, bergili-zatly, hakyky maşgala bolduk. Bu priýomnigem şonda alnan bolmaly. Şäherde-de azyndan on ýere-hä göçülendir. Şol göçe-göçlükden ýaňa, indi şifonerimiz dagy aýak üstünde-de durup bilenok,diwara söýäp goýmaly. Bu priýomnik janawar welin, urulýar, ýenjilýär ― garaz, käte-käte hä berýär. Şeýdip, öz-özüne dynç beräýmese, bu görgülä gije-gündiz dynçlygam boljak däl. Tä bozulýança gygyrtdyg-a muny. «Şelpeli durna» aýdylanda, ýapylaýmasa... ...Allan keçäniň gyrasyndaky uzyn oturgyjyň deňinde aýak çekdi. Oturjak ýerini ilki eli bilen oňatja süpürdi-de, elinem plaşyna süpürip, oturdy. Anha, şeýle, Ejeş jan! Şol «Şelpeli durna» aýdylsa, bolamzok. Allan kiçijikkä, «Şelpeli durnadan» azasy alnypdy. Näme boldy, näme bolmady ― kakasy wagtal-wagtal Allanyň ejesini «suw pürküp» ýençmäni çykardy. Özem, şoňa başlamazdan öňürti, köneje patefona tow ýerip, «Şelpeli durnany» aýtdyryp goýberýärdi. Allanyň göz alnynda-ha urmazdy. Ýöne içki otagdan aýdym bilen garaşyp çykýan nala welin... ― «Haý, şo durnanyň perin gaplaň kümşe...» ― Waý, urma... ― «Durnanyň, durnanyň-how, durnanyň...» ― Waý, urma, sadagaň bolaýyn, urma... Seň öňüňde günäm ýokdur, günäm bolsa, şujagaz çagalarymdan tapaýyn, şularyň dyrnagynda dilineýin, urma! Anha, şeýle, Ejeş jan! Bir gezek, Allanjyk arkan düşüp, kitap okap ýatyrka, kakasy ejesini öňüne salyp, içeri girdi. Girensoňam: ― Geç törki otaga! ― diýip, ejesiniň ýeňsesinden itekledi. Şonda ejesi Allanjygyň ýüzüne şeýle bir naýynjar, şeýle bir delmuryp seretdi... Az salymdanam, törki otagdan «Şelpeli durna» ýaňlanyp ugrady. Ýöne geň ýeri, ejesiniň ahy eşidilmedi. Birdenem, hemmesiniň öwezine, «Al-la-a-an-n!» diýip bir perýat çykdy welin... Ýok, Allandan haraý bolmady. Ol diňe böküp turup, törki otagyň gapysyny depdi-de: ― Urm-eý... ― diýdi. Aljyradymy, gorkdumy, garaz, başga nätjegini bilmedi... Anha, şol ahmyram bardyr bizde, Ejeş jan! Ýöne sen «Şelpeli durnany» erbet görme, ol seni kän gezekler taýak-ýumrukdan alyp galandyr. Biz «Şelpeli durnany» aýtdyrmarys. Gyzyňam... gyzymyzam urmarys, gorkma! ....Ýaşulularyň biri utandyrdymy ýa-da özüne bir ýerden ynsap indimi ― garaz, kakasy soň-soň Allanyň ejesini ýençmesini goýdy. Diňe käte-käte, gep arasynda: ― Pylan ýerde biri aýalyny tutupdyr, tutan ýerinde-de kellesini alypdyr ― diýer-de, Allanyň ejesiniň ýüzüne serederdi. Ejesi çalaja tisginen ýaly ederdi, ýöne gürlemezdi. Soň tä ölýänçä-de kän bir gürlemedi görgüli. Hamana, agzynyň içinde dili baram ýadyndan çykaýan ýalydy. Allanyň dymma bolmagynyň sebäbem, belki, şodur. Munuň bilen deň-duş, işdeş ýigitler gürläp-gürläp adam boldular, alym boldular. Allanyň welin şol dymyp ýörşi. Ýöne eger içiňden hem daşyňdan aýdylýan zatlaryň baryny gürledik hasabyna urup bolýan bolsa, onda megerem, dünýäde dymmalardan ýaňra adam ýokdur. Eger olar içinden, öz-özüne diýýänlerini dile getirseler, dünýäniň gulagy kamata gelerdi. Allan Allanow «Şef» bilen bolan gürrüňi ýatlady... «Şef» onuň işiniň perspektiwasyzlygyny iki agyz sözde aýtdy-da, soňam aýlap-öwrüp, öwrüp-çöwrüp, çöwrüp-guradyp, institutyň, respublikanyň, ýurduň, bütin dünýäniň ýagdaýy barada bir gürrüňe başlady welin, ýagşy näme ― ýaman näme, peýda haýsy ― zyýan haýsy, ileri-gaýra nirede ― düşer ýaly bolmady. Bir sagatdanmy ― iki sagatdanmy soň ol birden dymdy-da, Allanyň ýüzüne çiňerildi: ― Ýogsa-da, sen nämüçin gürläňok-how?! Allan Allanow biriniň gürrüňini diňläp otyrka, başga birzadyň pikirini edip, jogap berende-de düýbünden başga zat hakynda gürläp bilýän ýigitleriň hilinden. Ynha, institutyň mejlisler zalynda uly bir ýygnak gidýändir, hemmeleriň, gözi-gulagy çykyş edýände, Allan bolsa şo pursat, prezidiumda aldygyna bir zatlar çyrşap oturanlaryň haýsynyň näme suratjyk, nähili şekiljik çekýänligi barada oýlanýandyr. Institutyň işgärleri her gün gapynyň agzynda Şefiň şlýapasy görnenden, ýakymlyja ýylgyryp, baş atyşyp ugraýarlar. Olar şol adybelli çal şlýapanyň astyndaky şol akylly kelläniň şol öňki ýerinde sag-aman oturanlygyna begenip, ýylgyrýarlar. Allanam ýylgyrýar, ýöne ol obadaky goňşusy Gurban garawulyň birwagt: «Öňräk şäherde bir edara bardym welin, eý-how, gapysynda oturan sakçysyna çenli şlýapaly eken» diýip haýran galyşyny ýatlap ýylgyrýardy. Allan Allanowyň ylmyň peýdasyna ýylgyrmaýanlygyny Şefem aňýan bolmaly. Ýogsam, ala-böle onuň işi «perspektiwasyz» bolup çykaýmalymy, şeýle köp garaşylan täze, ajap eýýam hemmelriň peýdasyna işlemli-de, gel-gel, bir garybyň zyýanyna bolaýmalymy? Şol «perspektiwasyz» gürrüňde, institutyň, respublikanyň, ýurduň, dünýäniň ýagdaýyny bireýýäm unudyp, «Uly gyzym-a okuwdan gelendir, açary tapdymyka? Kiçisem sadikde garaşyp oturandyr, ýetişermikäm? Agşam näme bişirsemkäm, kartoşkamyz barmyka?» diýen ýaly bütindünýä ähmiýetsiz pikirlere gümra bolup oturan Allan Allanow Şefiň ýaňky sowalyna birbada düşünmedem. Şonda, içindenmi, daşyndanmy, diňe bir zat diýeni ýadyna düşýär: — Aý, Pylany Pylanyýewiç, öň-ä ýurdy, dünýäni dymyp ýykdylar, indi bizem galanjasyny gürläp ýyksak... «Şefiň» gözleri tegelendi (diýmek, Allan ýaňky sözleri daşyndan aýdan bolmaly): — Sen-eý... nirelere, kimlere kakdyrjak bolýaň? Seniň-eý, nemäň kül üstünde, göwnüň Kap dagynda öýdýän? Sen-eý, gowuja bolgun, seniň nemäňi gara ýere goýdurarlar, ýaman basymjak goýdurarlar. — Aý, ol meniň öz nemäm, nirä goýsamam öz işim. Soňkularam daşyndan aýdaýdymykan-aý? Belki, dogrudanam, gürlemezlik bähbitdir. Şu görnüp ýörenleriň köpüsem, akylly adam görünýänligi üçin, belki, minneti diňe dymmaklykdan çekmelidir. Ejeş bir gezek «Oba göçeli!» diýip aýak dirände welin, Allan gaty kän — bäş minutlap dagy gürledi, janygyplar düşündirdi: — Men-how, on — on iki ýyllap şu işiň yzynda gezdim, indem agza-burna gelende, taşlap gidibereýinmi? Kärdeşlerim gülmezmi, obadaşlar gynanmazmy?! Ejeşem arkan gaýyşdy. Garaz, tas «Şelpeli durnanyň» üstünden barlypdy. Wah, o dawalaryňam bary perspektiwasyz eken... Haý, Ejeş, Ejeş! Sen soňam uruşjak-gyryryşjak bolup, näçe gezekler hyň tapdyň, kän gepiň başyny agyrtdyň, ýöne jogap alyp bilmän, ýeňildiň. Belki, aýallary-da diňe dymyp ýeňmelidir. Ýöne öňräk, keselhana giräýmeziň öň ýany, «Sen gürlemän meni keselletdiň» diýdiň welin, şonyň bolmady. «Keselletdiň» diýen sözüň ýaman gaty degdi, Ejeşjan! ...Allan bir-biriniň üstüne abanyp duran gat-gat jaýlara seretdi. Ilki obadan göçüp geläýenlerinde, bu jaýlar şeýle bir äpetdi, depesi ýyldyza degýändir öýtdürerdi. Köçelerem, ylla, derýa ýalydy. Ýöne, ýaşaldykça, jaýlar-a kiçelip, köçelerem daralyp ugrady. Soň-soň bugalasygybam boljak däl. Göçmeli bolsa, göçäýeris, Ejeşjan! Diňe, sen sagalyp, çagalaň arasyna bir gelseň bolýa! Başga zatdan geçdik. Indi diňe eýeriň gaşyna berk ýapyşaýmak galdy. Kandidatlygam jähennemiň teýine gitsin. Ata-babamyz kandidat bolup ötmändir, bizem öläýmeris. Bolmanda-da, utan oýnumyz ýok şunda, bir «Doçam!’ diýmäni öwrendik, birem çagalarymyza «Papyçka, mamyçka!» diýmäni öwretdik, başga gazanan zadymyz näme. Anha, indem gyzlarymyza çilim çekmäni öwretsek, onsoň boluberýärem... Senemmydamakeselhanada... Sered-ä, Ejeş, menden men boldumy indi? Ýok, mundan men bolmaz. Ne-hä şäherli men, ne-de obaly, ne alym men — ne daýhan, ne musulman — ne kapyr, ne halal men — ne haram, ne adam men — ne haýwan. «Ma-pa», «ma-pa!». Anha, şo «ma-pa» halyna-da, seňäriň, gör, nämeleriň küýünde gezip ýör eken. Haý, Ejeşjan, Ejeşjan! «Göwün bar-da, güýç ýok, göwüs bar-da, süýt ýok»diýen eken öňem meniň ýalyň biri... — Ýaşuly, çilimiň barmydyr? Allan astyndaky oturgyç bilen bile sarsyp gitdi, başyny göterdi. Görse, iki sany ýigdekçe üstüne abanyp dur. Allan olaryň hersiniň eline bir çilim çykaryp berdi. Ýarygijeden soň üstüňe abanyp çilim soraýandan azda-kände gorkulan bolunýandyr welin, Allanyň o-da ýadyna düşmändir şowagt. Gaýta, ýigdekçeler aňyrrak gidensoň, yzlaryndan gygyrdy: — E-eý, bärik geliň... Me, şuny gutusy bilen alsaňyz-la! Ýigdekçeleriň biri çilim gutusyny ýagta tutup: — «O-pal» — diýdi-de, ony jübüsine dykdy. — Sag bol, ýaşulişka! Bir-iki çatrykdan geçilensoň, ýigdekçeleriň ikisem birden sakgadurdy. — Ýaňky ýaşulişka pyýandy öýdýän?! ― Aý, ýanynda kör-köpügem ýokdur, baryny içendir. — Sagad-a bardyr. — Goltugynda-da dolangy bir zad-a bardy. Ýigdekçeler öwrülip gelseler, «pyýany» eýýäm ýer ýuwdupdyr. Bir ýerde ýykylyp galandyr öýdüp, töweregi sermenip çykdylar. Ýok. — Häk, miliseler öňürdipdir-ow! ...Allan ertesi giç oýandy. Esli salym böwrüni diňläbem ýatdy. Gyzlary bireýýäm turupdyr... telewizory açypdyrlar. Näzik jigisine çaý-çörek berjek bolup, ylgap ýör. Öz-ä «Papyçkam, tur!»diýmedi bu gün... Hawa, telewizor işläp dur, onuň üstündäki jaňly sagadam «juk-juk» edipdur, böwrüne diň salsa, ýüregem işläp dur, gyzjagazlaram joňkuldaşyp, özleriçe işlän bolup ýörler. Onsoň, Allan munça işliniň arasynda bikär ýatmaga namys edip, böküp turdy. Naharyň ugruna çykdy. Ýöne o nahardan Ejeş görgüliniň nesibesi ýok eken. Ony, Allanyň ýagdaýyny soramaga gelenler iýip gitdi. Soňam gap-çanakdyr kir ýuwmaly, garaz, «mapalyk» etmeli boldy. Şeýlelikde, keselhanaly mesele ýekşenbä galdy. Näzik käte kakasynyň ýüzüne ogryn-ogryn seredýärdi. Bir zatlar aňjak bolýardy. Ýöne bu bulut bürän ýüzden zat aňar ýaly däl. Onsoň Näzik şujagaz sekiz ýylyň öwreden tärleriniňiň güýçlüsini ulanyp gördi: — Pa-a-ap... Çilimi diňe samsyk çagalar çekýä gerek? Duruber, «mapyçka!» Ind-ä bir zat diýersiň, ýa «Howwa, çagalar çilim çekmeli däl» diýip, öwüt berip ugrarsyň, ýaman etseň, «Onda senem samsyk-da?» diýersiň, käýärsiň. Garaz, şol günki masgaraçylygy göreniňi ýa görmäniňi bileris häzir... Diňe, dymmasaň bolýar! Ýöne, erbet ýeri, Allan ýene hiç zat diýmedi. Diňe, ýüzüni kese sowdy-da, oňaýdy. şu iki günüň dowamynda ol ýekeje çilimem çekmedi. Ataly-gyz keselhana baranlarynda-da, bir-birine ters bakyşyp oturdylar. — Allan, nähili? — diýip, düşekli ýatan Ejeş dillendi. Allan egnindäki kirli halat bilen, plaşynyň kirlije ýakasyny gizläp, oturyşyna, jogap gaýtardy. — Äý, ýaman, däl. Ynha, nahar getirdik. Priýomnigem getir diýipdiň, ynha! — Çagalar nähili? — Äý, ýaman däl. — Wiý, size näm boldy bu gün? — diýip, Ejeş bir adamsyna birem uluja gyzyna seredip, ysgynsyz ýylgyrdy. — Hä, Näzikjan?! Näzik dodajyklaryny büzdi-de, soňam ulili bilen möňňürip goýberdi. Iki göz-de bir ýaş bolup oturyşyna, birdenem tarsa turdy-da, gapa tarap okduryldy. Batly açylyp-ýapylan gapynyň zarbyna, tumboçkanyň üstünde duran priýomnik arkan serrelip gitdi. Serreldi-de, az salym «şygyr-şygyr» edip, soňam bar güýjüni, bar yzasyny bir setire jemläp, bir wagt ejesiniň «Al-l-la-an-n!» diýip gygyryşy ýaly, birden: — Durnam, howa uçma, gözüň gamaşar... — diýip, gygyryp goýberdi. Soňam, ýeri däldigine akyly çatdymy ýa-da, hernäçe gygyrsa-da, sesiniň Kap dagyna ýetmejegini aňdymy ýa-da aşakdan, gapdaldan, ýokardan biriniň «Haýt!» diýerinden ätiýaç etdimi — sesini tapba goýdy. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |