08:40 Muhammet pygamberli kyssa | |
MUHAMMET PYGAMBERLI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
(Bagşy Gurt ÝAKUPDAN ýazylyp alnan kyssalardan) ■ Ruhy baýlygymyzyñ gözbaşy Ruhy baýlygymyzyñ gözbaşy asyrlaryñ dowamynda özüniñ maksadyna ýetip bilmän geldi. Türkmenistanyñ öz Garaşsyzlygyna doly eýe bolmagy bilen şol gözbaşyñ batyl ýollary açyldy. Ruhy baýlygymyzyñ şol gözbaşy - bagşylarymyzyñ aýdym-saz hazynasynyñ baý hem egsilmez çeşmesi. Sowet döwründe folklor eserleriniñ dini häsiýetli nusgalaryny aýdandygy üçin kemsitmelere sezewar edilenleriñ birisi-de Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Gurt Ýakupdy. Ol diýseñ ýatkeşdi. Onlarça dessandan, ýüzlerçe aýdymdan başga-da halky kyssalaryñ uly bir toplumyny ýatdan aýdardy. Gurt Ýakup Rüstem Zal, Muhammet pygamber, Eýup pygamber, Hezreti Aly, Bibi Patma, Ymamlar, Çingiz han hakda aýdylyp ýörlen halky kyssalary gürrüñ bermäge ökdedi. Şol folklor nusgalarynyñ il arasynda galanlaryny toplap, okyjylar köpçüligine ýetirmegi maksat edindik. Goý, halkyñ özüniñ asyrlaryñ dowamynda döreden ruhy baýlygy ýene olaryñ özüne gowuşsyn. Akmuhammet AŞYROW, bagşyşynas. ♧ ♧ ♧ Rowaýatlarda Muhammet pygambere (s.a.w) hemmeler sylagly gözler bilen bakardylar. Onuñ ýaranlarynyñ, sahabalarynyñ kylgan işleri hemişe oña aýandy. Halaýyk onuñ tagzymlaryna, öwütlerine eýererdi. Oña eýerip, yslam dinine girenler ýamanlyk görmezdi. Tutan işleri oñlardy - diýipdirler. Emma Muhammet pygamberiñ aýdanlaryna pitiwa kylmaganlaram tapylýardy. Sahabalarynyñ arasynda-da onuñ aýdanlaryna ynanmadyklary boldy. Şol halatlary beýan edýän kyssa-hekaýatlarynyñ birisini dile getirdi. * * * Bir gün säher metjitde Muhammet pygamber özüniñ ýaranlary, sahabalary bilen olarga gürrüñ berip oturypdy. Ol gürrüñini dowam edip, bir gyzykly rowaýata başlady. Emma oturan sahabalaryñ biri Muhammet pygamberiñ aýdyp başlan rowaýatyny oñlamady-da, ýanyndaky sahaba bakyp: - Biler bolsañ, häzir Muhammet bizni aldap otyr. Onuñ bu aýdanlaryna ynanmañ. Ol ýalan sözläp otyr - diýip, oña müñkürlik etdi. Ol sahaba Muhammede öñem müñkürlik ederdi. Ol bu gezegem müñkürlik etdi weli, onuñ bu gezekki müñkürligi Muhammede hasam aýan boldy. Ine, onsoñ Muhammet pygamber ýanynda oturan sahabalara: - Sahabalar! Siz häzir öýüñize gidiñ. Soñ öýle çagynda öýle namazyna geläýiñ - diýdi. Hawa, Muhammet pygamber sahabalara "Öýleriñize gidiñ!" diýip, bir doga kyldy. Muhammet pygamberiñ kylan dogasynyñ gudraty özüñe belli. Onuñ kylan dogasy ýöräp ugrady. Muhammet pygamberiñ aýdyp başlan rowaýatyna müñkürlik edip ugran ýañky sahaba öýüne bardy. Görse, öýünde aýaly hamyr ýugrup oturypdyr. Sahabanyñ öýe gelenini görüp, aýaly: - Weý, geläýdiñmi, aksakal! Geleniñ gowy bolaýdy. Me, şu kündügi häziriñ özünde eliñe al-da, ilerki ýaba baraga-da, suwdan dolduryp gelsene- diýdi. Sahaba kündügi eline alyp, suwly ýaba tarap ýöredi. Ol ýaba barşyna elindäki kündügi suwdan dolduryp, ony bir pynhanja ýerde goýdy-da: - Men suw alyp barýançam, aýalymam garaşar-da - diýip, egnindäki eşiklerini çykaryp, suwly ýaba başşak urdy. Ol suwa bir çümüp çykdy weli, öñki bolşy däl-de, dört örüm saçly, ýetişen bir gyz görnüşine geldi. Sahaba özüniñ bu bolşuna haýran galyp, näderini bilmän: - Be, men nähili bolaýdym. Hany, meniñ öýden alyp gaýdan kündügim? Hany, meniñ eñegimdäki ören sakgalym? Men bi sähel wagtyñ içinde dört örüm saçly ýaş gyz boldum-da duruberdim-le. Hany, meniñ ol welaýatym nirede? Ol nirede galdy? Men indi neneñ edermen? - diýip, ol köp ah-arman çekdi. Hawa, ol, hakykatdan-da, başga bir jynsa öwrülen ekeni. Ol bu halda, alaç tapman, suwuñ içinde oturan çagynda obanyñ bir aýaly ol ýapdan suw almaga geldi. Ol suw almaga gelse, dört örüm saçly bir ýetişen ulugyz suw içinde oturypdyr. Suw almaga gelen ol aýal gyzy bu halda görüp: - Bu ne ahwal, bu nä boluşdyr? Seniñ bu bolup oturşyñ näteñenälet? Bu bolşuñ aýyp dälmidir? - diýende, ol hem: - Menä-hä hut şu ýerde geçip barýan kerwenleriñ birinden gaçyp galdym. Adymy sorasañyz, meniñ asyma Tapyldy diýerler - diýdi. Ol aýal bu gyzy öýüne alyp gitdi. Şol alyp giden aýalyñ öýünde bir ýetişen gyzyñ barlygyny eşidip, oña gudaçylyga gelip ugradylar. Tapyldyny öýüne alyp giden aýal ahyry ol gyza hyrydarlaryñ birisi bilen guda boldy. Hawa, ol: - Meniñ ýetişen oglum ýok. Özümem bir aýal adam. Bu gyzy ýeri-haýy duşsa, abraý bilen birine berip goýbereýin - diýen karara gelip, birew bilen guda bolupdy. Şeýlelik bilen, bir gün Tapyldyny äre berip goýberdi. Tapyldy berlen äri bilen bile ýaşaberdi. Ine, bir gün onuñ iki ogly birden boldy. Wagty-sagady gelip, ol iki ogul ylgaşyp ýördüler. Bir günden bir gün Tapyldy: "Oglanlarymyñ eşiklerini ýuwup geleýin" diýip, şol öñki baran ýabyna tarap ýöredi. Ol ýabyñ boýuna baryp, oglanlarynyñ eşiklerini ýuwmakçy boldy weli, onuñ öz endamam gijäberdi. Ol töwerek-daşyna seretdi-de, adam-garanyñ gelýänini görmänsoñ, eşiklerini çykaraga-da, akar ýaba başşak urdy-da, bir çümüp çykdy. Ol ýene bir çümdi weli, erkek adam sypatynda şol öñki çykan ýerinden çykaýdy. Ol öz bolşuna haýran galdy. Öz bolşundan gorkup: - Beý, bu nä boluş? Men öz ärim bilen ençeme ýyllap ýaşaşdym. Iki sany oglum boldy. Indi bu neneñai ahwalatdyr?! - diýdi. Görse, şol bir zamanky bu ýaba suw almaga getiren kündügem şol durşuna duran eken. Ol kündügini alyp, dogry öñki öýüne gaýtdy. Öýüne gelse, aýaly oña garaşyp oturypdyr. Ol gelşine aýalyna: - Heleý, men köpräk eglenäýdimmi? - diýende, aýaly oña: - Aý, ýok-la. Gelen ýeriñ bolar - diýdi. Onda ýañky sahaba ýene: - Entek irräkdir-le? Öýlän çagy bolan däldir-ä? - diýende, aýaly: - Ýok, öýlän bolanok - diýip, jogap berdi. Şondan soñ ol sahaba: - Men pygamberiñ metjidine öýle namazyna baraýmalydyryn - diýip, howlugyp, öýünden çykyp gitdi. Şol howlugyp öýden gidişine ýañky sahaba pygamberiñ metjidine bardy weli, pygamber onuñ bolşuny görüp gülüberdi. Sahaba pygamberiñ nämä gülýänine düşünmedi. Ol asyl özüne gülýändirem öýtmedi. Şol ýerde metjitde öýle namazy okaldy. Öýle namazy okalandan soñ, pygamber ýene öz ýaranlaryna gürrüñler berip başlady weli, bir waka oña aýan boldy. Pygamber şol zaman metjidiñ kölegesine çykdy. Görse, beýleden ýañky sahabanyñ telim ýyllap bile ýaşaşan äri iki oglunyñ elinden tutup, dogry metjidiñ kölegesini nazarlap gelýär. Ol şol alakjap gelşine ilki Muhammet pygamber bilen salamlaşdy-da: - Eý, Merhemetli tagsyr! Bu älemniñ Soltany Sizmi? Onda Muhammet pygamber: - Hawa, bu älemniñ Soltany-ha mendirin - diýdi. Ýañky iki ogly bilen gelen adam: - Siz şu älemniñ Soltany bolsañyz, bizlerge kömek ediñ. Elinden tutup duranlarym meniñ ogullarym. Bularyñ ejesiniñ adyna Tapyldy diýýändirler. Ana, biz ony ýitirdik. Gördüm-bildim habaram ýok. Ol diri ýitig bolaýdy. Siz bizlerge kömek ediñ - diýende, Muhammet Resulalla: - Siz bu çagalaryñyzyñ ejesini haçan ýitirdiñiz? - diýip soranda, ol gelen adam" - Wah, ol şu gün ir bilenem bardy-la. Birsen ýitip gidip, zym-zyýat bolaýdy. Onuñ bilen ýedi ýyllap bile ýaşaşdyk. Meniñ şu oglanjyklarymam şol ýiten aýalymdan bolupdy. Indi men nädermen? - diýende, ýañky sahaba, Muhammet Resulallaha müñkürlik eden sahaba ýedi ýyllap şol gelen adama aýal bolup gezensoñ, ol hem bu sözleri diñläp otyr. Özünden bolan iki ogluny hem gözi bilen görüp otyr. Bu syrlaryñ ählisi pygambere aýan bolup duransoñ, ol gözüniñ gytagy bilen müñkürlik edip, şu agyr ýagdaýa düşen sahaba seretdi-de, ýene söze başlady: - Çaga diýilýän örän tangyr bolguçdyr. Eger, bu oglanlaryñ ejesini gözleýän bolsañyz, onda iki ogluñyzam goýberiñ. Çaga öz ejesini dişinden tanarmyş. Oglanlary goýberiñ! Şu gelen ýeriñizde oglanlaryñyzyñ ejesi bar bolsa, olaryñ özleri aýlanyp-dolanyp tanarlar. Olary saklap durmañ-da, goýberiñ tanasynlar - diýdi. Ol oglanlar özleriniñ ejesini gözläp, aýlanyberdiler. Aýlanyp-aýlanyp, ahyrynda şol ejesi bolup gezen sahabany nazarlap, oña ýakyn baryberenlerinde, Tapyldy hem aljyrap, oturan sopularyny basgylaşdyryp, olaryñ üstlerinden ýöräp geçip, Muhammet pygamberiñ aýagyna ýykyldy, ýarym-ýaş aglap: - Ýa, Resulalla! Men kyýamat-ahyra çenli Siziñ öñüñizde günäkärdirin. Binamys, busuwytdyryn. Siziñ öñüñizde günäm uludyr. Amatylla maña göz görkezdi. Meni masgara kylmañlar! Men indi neneñ edermen? - diýip eñreýärdi. Muhammet pygamber ol müñkür sahabanyñ bu halda bolup oturyşyny görüp: - Seniñ bu bolup oturyşyñy görmek maña agyrdyr - diýip, ýene oña dözmän, bir doga kyldy welin, ýañky iki oglan we olarnyñ ýany bilen gelen kakasy jemi üç bolip, üç kişi kepderi sypatda şapyr-şapyr edip, asmana uçup gitdiler. Olar Allanyñ emri bilen bu ýere iberilen perişdelerdi. Bu zatlar müñkür sahaba göz görkezilip edilen zatlar-da. Bu wakadan soñ Muhammet pygamber ýene metjide baryp, gürrüñini dowam edip otyrdy. Hezreti Aly, Omar, Osman hem metjitde Muhammet pygamberniñ gyzykly gürrüñlerni üns bilen diñläp oturypdylar. Bu halatda ýene bir hyýanatyñ injegi aýan bolup ugrady. Bir betnyşan sakgally adam gelip, Yslam welaýatyna gyýa bakyp ýörşüne ahyry üç sany içaly iberip, Muhammet pygamber metjitde otyrka, ony gabap, wehim salarman boldy. Emma Yslamda welin, entek leşger taýýar däldi. Metjidiñ işiginde-de ýigrimi sany daýaw ýigidi goýup, olarga: - Menden bir yşarat bolmasa, siz duran ýerñizden gymymdaýmañ! Eger-de, gymyldaýsañyz, onda ýagşylyk tamasyny etmäñler - diýdi. Ine, birdenkä salam-helik ýok, ýañky içalylar gelýär-de, Muhammet pygamberiñ daşyny alýarlar. Bu ýagdaýy görüp, Hezreti Aly zülpükäre elini uzadýar weli, Muhammet pygamber onuñ budundan burup alýar-da: - Otur - diýip, yşarat edär. Ýogsam, Hezreti Aly olar bilen derrew bellisini etjekdi. Onda-da, garaz bularnyñ hemmesi: "Peslikde kemal bar" diýşip, geplemän oturdylar. Şol ýerde ýañky ýowuzlaryñ biri aýlanyp-aýlanyp, ahyry: - Haýsyñyz siziñ Muhammet pygamber bolarsyñyz? - diýip, rehimdar gözleri bilen bakdy. Soñra bolsa, ol ýene: - Heý, beýle adamyñ hem kellesini alyp bolarmy? - diýip, togalanyp-togalanyp, emedekläp gelip, Muhammet pygamberiñ aýagyna ýykyldy. Ol alaç tapmandan soñra: - Eý, Muhammet! Men biedeplik etdim. Siziñ Aly diýgen kişiñiz barmyş. Goý, ol meni kerçesin. Siz ýaly kişiniñ göwnüne degip, men örän gabahat işlerni etdim. Indi şol Aly diýgen kişiñiz meni kerçäp, bölek-bölek etsin - diýdi. Onda Muhammet pygamber hem: - Sizni kerçäp bolmaz. Sebäbi, entek seniñ eliñden ençeme kişiler musulman bolmaly. Sen başyñny galdyrgyl - diýdi. Ol şol taýda musulman bolmaga razy boldy. Ol şol zaman daşary çykyp, kelemeýi-şahadatny öwürdi-de, Muhammet pygamberge garap: - Menä-hä, musulman boldum. Muhammetniñ sabyrlylygyny, kaddyny görüp, takatlylygyny görüp, musulman boldum. Ýörüñ, sizen musulman bolsanyz-ha, boluñ, eger bolmasañyzam, onda özüñiz biliñ - diýip, öz nökerlerine ýüzlenende, olar hem säginmän, şol bada musulman boldular. Ýañky gürlükde duranlar bilen birlikde, olaryñ ýanlaryndaky üç ýüz sany pälwanam musulman boldy. Şondan soñra olar özleriniñ welaýatlaryna dolanyp geldiler. Öñ Muhammet pygamberniñ mübärek kellesini almaga wada beren pälwanlaryñ hemmesi musulman bolup, yslama uýup, öñki gulluk eden welaýatlarynyñ häkimlerine ýagy boldular. Olar tutuş welaýatyñ daşyny alyp, giden halaýyga ýüzlenip: - Sen musulman boljakmy ýa-da ýokmy? - diýip, gazap bilen gylyç göterdiler. Şonda Muhammet pygamber Burydalarny şu ýerlerge (Merw illerine - t.b.) hökümdar edip goýýar. Şeýdibem, yslamyñ örüsi barha giñäp, ol alyslarga ýetýär. Olarnyñ şan-şöhraty alyslarga ýetip, Aryş bilen barabar bolýar. Yslamyñ ýaýran ýerlerinde Muhammet pygamberge müñkürlik etmek kesilýär. Halallyk, sogap işleri rowaçlanýar. Rawylar Muhammet pygamberge müñkürlik edilen pursatynyñ kyssa-hekaýatyny şeýle nusgalarda dile getirerdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |