05:55 Ot içinde dörän odalar | |
OT IÇINDE DÖRÄN ODALAR
Edebiýaty öwreniş
Beýik Watançylyk urşunyñ gazaply meýdany halkymyz üçin ägirt uly synag boldy. Ol meýden mertligiñ, gahrymançylygyñ, päkize watançylygyñ ajaýyp nusgalaryny ýüze çykardy. Söweş meýdanynyñ her ädimi täze-täze gahrymanlary döretdi. Ol esgerler mähriban Watanyñ her daban ýeri üçin jan berip, jan almaga taýyndylar. Olar her gezek söweşe girenlerinde: "Ölmeli, emma Watanyñ ýekeje daban ýerini hem bermeli däl" diýen beýik watançylykdan ugur alyp, ganym leşgerine wehim salýan ýigitlerdi. Türkmen şahyrlary harby kasama wepaly, iñ soñky damja ganyna çenli Watany goramaga taýyn bolup, söweşde şöhrat gazanan gerçekleri joşgun we söýgi bilen wasp etdiler. Ol ýigitleriñ watançylyk hereketi, durnuklylygy, çydamlylygy gyzgyn ýürekden çykýan lirikanyñ takyk mazmunyna siñdi. Söweş meýdanynyñ belli gahrymanlary hakda ýazylan odalar şol döwrüñ türkmen poeziýasyna aýratyn öwüşgin berýär. Şol eserlerde sosialistik Watanyñ özbaşdaklygy hakda otly söweşlere giren esgerleriñ sada keşbi mähir-muhabbet bilen wasp edilýär. Dürli milletleriñ ogul-gyzlary hakda ýazylan şol odalar SSSR halklarynyñ mähirli dostlugynyñ bozulmaz esasda gurlandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Kemal Işanowyñ "Ordenliler", "Edermenleriñ raporty" (pulomýotçy Iwanowa), Çary Aşyrowyñ "Gahryman", Soltan Bekmyradowyñ "Razwedkaçy Ulanowa", A.Çarygulyýewiñ "Şöhrat bolsun gahrymana" (Nowikowa), Ruhy Alyýewiñ "Biz aýryldyk beýik ýolda" (Çernýahowskä), Şaly Kekilowyñ "Mergen topçy" (Gromowa), Ata Nyýazowyñ "Deñiz ogullary", Gazak Gylyjowyñ "Söweş pälwany" (general-maýor Şeýpine), Aman Kekilowyñ "Gahryman Sarkizýan", Gara Seýitliýewiñ "Zoýa", "Seniñ gudrat ganatyñ" (kapitan Gastello), Rehmet Seýidowyñ "Tanýa", "Podpolkownik Belýäýewskä", "Asman awçysy", N.Pommanyñ "Kapitan Gastello" eserleri we başgalar. Ägirt uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolan bu eserleriñ köpüsi Sowinformbýuronuñ maglumatlary esasynda ýazylsa, birnäçesi gös-göni söweş meýdanlaryndaky şahyrlaryñ öz söweşdeş ýoldaşlary hakdadyr. Bu odalar köplenç ýagdaýda, çeper oçerk stiline golaý görnüşde hakykaty dogry hem operatiw beýan edýändikleri üçin gymmatlydyr. Bu eserlerde liriki gahrymanyñ gyzgyn ýüreginiñ batly urgusyny, wepaly dostunyñ sesini eşitmek bolýar. Frontçy şahyr Ata Nyýazowyñ Sewastopol şäherini goraýjylara bagyşlanan "Deñiz ogullary" diýen eserinde şol uruş hakykatlarynyñ biri beýan edilýär. Gazaply jeñleriñ birinde sowet esgerleri duşman goşunynyñ garşysyna durup, gaýduwsyz hereket edýärler: Ganym garşysyna bu bäş gahryman, Gaýduwsyz göreşde gyzyl ot saçdy. Jahan lerzan urul, turdy bir tupan, Asman ýere, ýer asmana ulaşdy. Şeýle söweşlerde gaýduwsyzlyk görkezen sowet esgerleriniñ mukaddes işi eseriñ mazmuny edilip alynypdyr. Gahrymanlar ölmeýärler. Olaryñ işi-de, şöhraty-da öz halkynyñ ýeñişleri bilen ýaşaýar. Bu eseriñ liriki gahrymanynyñ duýgy-düşünjesi-de şeýle esasda ösýär: Filçenko, Sibulko, Odinsew, Pawşin, Krasnoselskiý - gahryman atlar. Watanmyz ýatlar bularyñ işin Duşmanyñ bagrynda ýandyrar otlar. Şaly Kekilowyñ "Mergen topçy" goşgusynda-da gahrymançylykly söweşleriñ biri barada söz açylýar. Goşgynyñ ýokarsynda şeýle ýazgy ýerleşdirilipdir: "Seržant Gromowyñ top rasçýotynyñ üstüne faşistleriñ istrebitelleri bäş gezek çozdular. Emma her gezegem özleri zyýan çekip gaçdylar. Ýoldaş Gromowyñ asmana atyjy topçulary nemesleriñ hüjümini yzyna gaýtaranlarynda, 3 sany "Messerşmiti" urup ýykdylar we birnäçesine uly zyýan ýetirdiler". (Sowet informasion býurosynyñ maglumatyndan). "Mergen topçy" goşgusynda konkret waka poetik serişdeleriñ üsti bilen teswirlenýär. Eseriñ liriki gahrymany turuwdan duşmana ýigrenç bilen söze başlaýar. Göräýmäge ýönekeý habar sözlemleriniñ üsti bilen beýan edilýän waka onçakly ünsüñi çekerli hem däl ýaly. Emma liriji gahrymanyñ watançylyk hyjuwy bilen mylaýym intonasiýa arkaly edermen watandaşyna simpatiýa bildirişi okyja öz täsirini ýetirýär: Ganhor faşist lýotçikldri Motoryna berdi hody. Biziñ batyr Gromowmyz Oña garşy açdy ody. Görnüşi ýaly, öz gaýduwsyzlygy, päkize watançylygy bilen ähli sowet halklarynyñ söýgüsine mynasyp bolan topçy rus ýigidi türkmenleriñem hormatyna, waspnamasyna eýe bolupdyr. Onuñ sebäbi-de Gromowyñ edýän işiniñ ählihalk işi üçinligidir. "Sosialistik mülküñ" her bir sowet adamsyna gymmatlygy sebäpli, ony goraýjylaryñ ýalkymly obrazlary ähli sowet adamynyñ idealyna öwrülýär. Şöhrat gazanan goşun serkerdesi Çernýahowskiniñ 38 ýaşynda biwagt aradan çykmagy bütin sowet halky üçin agyr ýitgi boldy. Onuñ gaýduwsyz edermenligi sowet halkynyñ faşistik Germaniýa garşy alyp baran söweşinde hem beýik ýeñşe ýardam etdi. R.Alyýewiñ oña bagyşlanan odasynda gahrymanyñ şol şöhratly işleri, geçen ýoly ýatlanylýar. Eseriñ adyndan hem belli bolşy ýaly, goşun taýsyz ýeñişler gazanyp, beýik ýeñiş ýoly bilen barýar. Emma şol beýik ýolda, ahyryna çykylmanka, serkerdeden aýra düşmek duýulýar: Biz aýryldyk beýik ýolda... Ölüm aldy seni bizden Saña hormat, saña şöhrat! Biziñ soldat kalbymyzdan. Eý, Watanmyñ merdan ogly, Gahrymanlar gahrymany! Ölüm nirden çykyp geldi? Ýeñişleriñ komandiri! Näçe şöhratly iş üçin bolsa-da, nähili mukaddes iş üçin bolsa-da, ölüm ýowuzlygyna hem ajylygyna galýar. Muny şu goşgynyñ belent ritorika bilen sözleýän liriki gahrymanynyñ intonasiýasyndan hem añmak bolýar. Duýdansyz hem biwagt gelen ölûne ýigrenç bildirilse, hut şol sözlerde hem faşizme nälet, gadyrly dosta ýiti söýgi duýulýar. Gazak Gylyjowyñ "Söweş pälwany" goşgusynda liriki gahrymanyñ içki hasraty, minnetdarlyk duýgusy şeýle jemlenýär: Rahat ýat, atam, söweş alymym, Seni ýatlap, duşmanlary urarys. Öwreden tälimiñ ömür diridir, Postumyzda polat kimin durarys. Göräýmäge goşgynynyñ mazmunynda-da, gurluşynda-da hiç hili täzelik, üýtgeşiklik ýok ýaly. Bu, dogrudan-da, şeýleräk. Emma goşgynyñ obýektinden başlap, liriki gahrymanyñ setirsaýyn beýgelýän intonasiýasyna çenli - tutuş korpusyñ adyndan aýdylýan kasama çenli, belli derejede, özboluşlylyk saklanylýar. Şol sebäplem frontçy şahyryñ sesi bolup ýañlanýan bu goşgy-da özi dogrusynda gürrüñ edilmäge mynasyp. Türkmen ýigidiniñ rus generalyny öz atasy ýaly hormatlap, onuñ tabydynyñ başynda gözýaş etmegi sowet adamlarynyñ gazaply jeñlerdäki dostlukly aragatnaşyklaryny sypatlandyrýar. Eskadrilýa komandiri kapitan N.F.Gastellonyñ we onuñ ekipažy leýtenantlar A.A.Burdenkonyñ, G.N.Skorobogatyñ, starşiý seržant A.A.Kalininiñ 26-njy iýunda (1941) Minskiniñ demiegazygynda görkezen edermenlikleri urşuñ taryhynda altyn harp bilen ýazyldy. Gara Seýitliýewiñ, Aman Kekilowyñ, Çary Aşyrowyñ we beýlekileriñ şol döwürde ýazan ençeme goşgulary harby lýotçikleriñ uruş ýyllaryndaky gaýduwsyzlyklaryny wasp edýär. Gara Seýitliýewiñ "Seniñ gudrat ganatyñ" goşgusy kapitan Gastellonyñ edermenligi hakda. Şahyr bu ýerde lýotçigiñ watançylygyny belent ritorika bilen wasp edýär. Goşgyny okanyñda, onuñ asman jeñlerinde edermenlik, başarjañlyk bilen söweş edýän ýigitler hakdadygyny bada-bat añýarsyñ. Ýöne onuñ iñ soñky setirlerini okaýançañ, kim hakdalygy añylmaýar. Goşgynyñ liriki gahrymanynyñ hyjuwdan doly kalby seni heýjana salýar. Ol gahryman watandaşlarynyñ söweşlerde görkezen edermenliklerini eşidip, olara ýürekden guwanýar. Şol guwanjam eseriñ başyndan tä ahyryna çenli saýlama sözler bilen beýan edilýär: Halkynyñ guwanjy - polat ganat polk bilen Sen-de galkdyñ asmana, Ýyldyrym dek okdurylyp gök ýüzünde her ýana Ölüm seçdiñ duşmana. Her söweşden çykanda batyrlygña nyşana Alkyş geldi adyña. Hem bat geldi badyña. Liriki gahrymanyñ minnetdarlyk bilen ýüze çykarýan duýgusy goşgynyñ soñky setirlerinde şeýle jemlenýär: Gökde bulutlar oýnap, ýyldyrymlar çakanda, Ýa-da ýagmyrdan soñra älemgoşar çykanda, Görüp ol asmandaky parlaýan gözel yzy, Iller öz batyr ogly - Sizi ýarlaýar, Sizi. Eý, gahryman, Gastello! Eý, mähriban, Gastello! Gahryman laçynyñ başarjañlygyna bagyşlanan bu setirler uly waspnamalaryñ bir kiçijik bölegi. Aslynda, olaryñ özi gymmatly poemany hemmelerden öñürti gözüñ ýüzüne ýazdylar. Ç.Aşyrowyñ "Gahryman" eseriniñ mazmuny hem ýokarky waka örän ýakyn. Bu ýerde lýotçik Leonid Mihaýlowyñ edermenligi teswirlenýär: - Halk - diýip, biz üçin boldy ol gurban, Maslygy hem gymmat düşdi duşmana. Hoşlaşyp ahyry gitjek bolanda, Soñky zarbasyny urdy duşmana, Eziz Leonid, duşmandan gan sorarys, Duşmany ýok edip, ýurdy gorarys. Mazmuny-da, ideýasy-da bir maksat ugrunda göreşýän sowet adamlarynyñ doganlyk-dostlugyna syrygýan bu eseriñ liriki gahrymany özüniñ kämil düşünjesi bilen Leonidiñ watançylygyny teswirlän öz matlabyny hem ýüze çykarýar. Gahrymanyñ söweş wagtynda bitiren hyzmatlaryna baha bermäge okyjynyñ özüne goýup, onuñ jesediniñ hem duşman üçin gymmatdygyny teswirleýär. Bu okyjynyñ watançylyk duýgularynyñ has-da ösmegine ýardam edýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dörän odalar SSSR halklarynyñ arasyndaky gatnaşygt hasam ysnyşdyrdy. Doganlyk halklaryñ ogul-gyzlaryna başyşlanan şol eserler edebiýatymyzy täze-tä obrazlar bilen baýlaşdyrdylar. Rehmet Seýidowyñ Zoýa Kosmodemýanskaýanyñ ýadygärligine bagyşlanan "Tanýasy", lýotçik leýtenant Galileýe bagyşlanan "Asman awçysy" goşgusy, Ýakup Nasyrlynyñ "Tanýa", Berdi Soltannyýazowyñ "Zoýa" goşgulary, Ruhy Alyýewiñ Gata Zaýnulliniñ edermenligi hakdaky "Ganly bilet" eseri we beýlekiler muña mysaldyr. Watançylygyñ, durnuklylygyñ, edermenligiñ taýsyz nusgasyny görkezen Zoýa Kosmodemýanskaýanyñ şöhratly işi hakda ýazylan eserldr bütin sowet edebiýatynyñ sahypalaryny bezeýär. Ilki-ilkiler onuñ merdanalygyny Tanýa diýen gizlin ady bilen wasp etdiler. Soñra ol öz hakyky ady - Zoýa ady bilen taryha girip gitdi. Ýeri gelende, ýene bir zady belläsimiz gelýär. Türkmen edebiýatynda doganlyk halklaryñ edermen ogul-gyzlarynyñ obrazynyñ döredilişi ýaly, beýleki doganlyk halklaryñ edebiýatynda-da türkmen esgerlerj barada eserleriñ onlarçasy döredi. Gurban Durdynyñ, Annagylyç Ataýewiñ, Kerim Dosowyñ, Ýakup Kulyýewiñ we beýlekileriñ gahrymançylyklary bütin ýurdumyza aýan boldy. Şol gahrymançylyklaram ýazyjy-şahyrlaryñ ünsüni özüne çekdi. Beýik Watançylyk urşunyñ dürli frontlarynda gaýduwsyzlyk bilen mertlik görkezen sowet adamlarynyñ waspyny edýän ýokarda seredilen we şolara kybapdaş odalaryñ döreýiş taryhy-da biri-birine gaty ýakyn. Ol eserleriñ esasy ideýasy-da Watan ugrunda gan döken gerçekleriñ ýadygärliginiñ hiç mahal unudylmajakdygy, olaryñ umumy halk bähbidi üçin, doganlyk-dostlugyñ hatyrasy üçin göreşendikleridir. Şol sebäplem köpmilletli Watanymyzyñ abadanlygynyñ, azatlygynyñ ol esgerler üçin müdimilik ýadygär boljakdygy bu eserlerde doly nygtalýar. 1975 ý. Begmyrat USSAÝEW. #sowesjenpoeziya | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |