SALAM BERÝÄN KÄN
Salam almak nämelerne gerek-kä,
Salam berilmese almaň-da näme,
Akyl bermek nämelerne gerek-kä,
Ýaşy uly bolduň-bolmaň-da näme.
Aýny bolsa ardynjyrap, alarlyp,
Telegiňe telek diýmän gitmezler,
Kä halatda maňyzlarna batmasaň,
Göwün söýen söhbetlerni etmezler.
Käte bolsa diňleýäňmi-diňläňok,
Many-many gürrüň taparlar birden,
Irkilip gidenňe-de üns bermezler,
Gün guşluga galar başlansa irden.
Alňasamaz olar ýene-de ýüz ýyl,
Ýaşap ýörjek ýaly ýeriň ýüzinde,
Gije-gündüz hemme ýerden habarly,
Obada, çölünde, dagy-düzünde.
Harsal däldir, bar zatlary tygşytly,
Nirde näçe eglenmeli hasaplay,
Iýiň-içiň, ýatyň-turuň ýörüň-dä,
Gördüňiz-ä kän günleri güzaply.
Ýetginjekkäm heniz gögele wagtym,
Ine, şeýle oýlar bardy başymda,
Bu gün gojalyga ýetişip barýan,
Ogul, gelin, agtyk, gardaş daşymda.
Salam bermelimden salam berýän kän,
Adymyň yzyna goşgular aga,
Sesimi çykarman geçip bilemok,
Telek iş edäýse ýetginjek, çaga.
Goşgular