SANDYKDA SAKLANAN SÖÝGI
Tomusky synaglarymy tabşyryp, öýe - Tejene gitmek üçin, paýtagtyň teke bazaryndaky awtomenzile geldim. Ýolagçy petegini satyn aldym-da, awtobusa garaşyp oturanlaryň ýanyna bardym. Tanyş-biliş ýokmuka diýen pikir bilen töweregime garanjakladym.Hiç kime gözüm düşmedi. Edil şol mahal kümüş ýaly agaran saçlary saryýagyzdan tegelek ýüzüne gelşik berip duran aýalyň ýetip gelýanini görüp, oňa oturmak üçin ýer görkezdim.Ol hoşamaýlyk bilen baş atdy-da,görkezilen ýere tarap ýöneldi. Elindäki goşuň bineme agramy bar bolmaga çemeli. Göterip gelen torbasyny kynlyk bilen ýerde goýdy. Agyr göwresini oturgyja goýberip, demini dürsänden soň,assyrynlyk bilen toweregine göz aýlady.Torbalarynyň ykjamragyny çemesine alyp, ony dörüp başlady. Gözleýan zadyny tapmansoň, bolup oturşyndan ejap etdmi,nämemi, zeýrenip başlady;
— Adam pahyra gerek däl zat ýok. Hanjak ugrasaň düwün-düwünçekden ýaňa torbaňda el sokar ýaly ýer galanok. Onsoň gerek zadyňy tapjak bolsaň şol dökünjiräp oturmaly. Artyp, ýol petegimi nirä sokdumkam.
—Daýza ýaňja alan bolsaňyz bardyr, gitjek ýeri ýok. Awtobusyň ugramagyna entek ýoňsuzja mahal bar, howlukmaň-da agtaryberiň.
Daýza meniň ýüzüme dikanlap seretdi-de, özüne hossar tapylanyna begendi:
—Şeý diýeweri balam! Ýaşyň bir çene baransoň öýüňdejik oturybermeli welin,adam pahyryň demi gelip-gidip, aýagy ýorese,gözüni gapa dikip oturasam gelenok. Öň-ä çagam, soňam agtygym-çowlugym diýip, zir-zirwan.
Garry gözleýän zadyny tapansoň, birneme ýnjaldy. Goşuny ykjamlady. Daş-töweregine mähirli nazaryny aýlap, gürrüňiniň hörpýni üýtgetdi:
—Hudaý jan geçireweri, küpür geplenäýýärem käte, janyň ýangynjyna. Agtyk ýaly süýji zat bolarmy diýsene. Dyrnagyna zar bolup ýörenem gyt däl-eý. Tüf-tüf.
Daýza gasyn gasyn elleri bilen ýakasyny tutup,»toba etdimeý»diýdi. Soňra esli salym sesini-üýnüni çykarman daş-töweregi ýene bir gezek gözden geçirdi. Onuň gepi-sözi, özüni alyp barşy ymgyr tanyş bolansoň onuň bilen söhbeti dowam etdiresim gelip, oňa ýüzlendim:
—Ene, Tejene barýan diýdiňiz welin, şol yerlimi, siz?
—Aslymyz şo ýerli, Babadaýhan odasyndan. Atam döwründe —Patyşalygam— diýipdirler. Ir göçüp gaýtdyk. Nesibäň nirä çekse, rysgyňy şo ýerden çöplemeli-dä. Ýosam, Tejen-ä çörekli ýurtdy.Ol gahatlyk ýyllary dagy adam baryny açlykdan halas edipdi. Çaga-da bolsak, düýş ýaly çala ýadymyza düşýär.
Garry ene nazaryny bir nokada dikip, ep-esli oturdy. Soňam mylakatlylyk bilen sözüniň üstüni ýetirdi:
— Şükür, Hudaýa, ynha indi ýag iýip, ýüpek geýilýän zamana ýetdik.
— Dogry aýdýanyz, ene.Ýogsa-da, biz obadaşam ekenik.
Garry enäniň ýüzi ýagtylyp gitdi:
— Kimlerden bolarsyň, oglum?
— Çary Halylyň agtygy.
—Gülnabadyň oglumy? Ejeň dagy bilen kän oýnapdyk. Akgyz, Hally, Aýnagözel dagylar bilen-ä deň-duşrak bolanymyz üçin, joradyk. Wah-eý, olary görmänime-de kän wagt geçipdir. Gözümden uçaýypdyrlar-da gyz,hakyt. Barsaň göreniňe salam aýt. Menem bir günlüjek barýan. Nesibedir, duşsam duşaýarynam. Bardy geldi duşmasam,aýtgyn, oglum! Ylaýta-da, Aýnagözel daýzaňa, ejesi Ogulsoltan ejä aýratyn salam aýt.Aýatda bardyr-la görgüli, bir ýumry-ýumşak adamdy. Gördüm diý. Uly ogly Geldimyrat janyň harby gullukdaky oguljygynyň yzyndan görme-görşe barýan diýdi diý.
Garry ene sözüni soňlamanka awtobus gelip saklandy. Men onuň goş-golamyny göterşip, öz ornunda oturmaga kömek etdim-de, yzky hatara geçip ýerleşdim.Awtobus kemsiz garaňky düşende Tejene gelip daýandy.Men garry enä kömek etmek maksady bilen gapdalymdakylar gozganmanka ýerimden turdym.
Garry enäniň ornundan turmaga hyýallananam şoldy welin, daýanykly bir ýigit çaltlyk bilen awtobusa girip: -Ene, sag-aman geldiňmi-diýip, ony awtobusdan goltuklap diýen ýaly ýere düşürdi.Düşüşine-de golaýjakda duran ulagyna mündirip,ýola düşdi. Garry ýeňil maşynyň aýnasyndan näçe garasa-da awtobusdan iň soňky bolyp çykanym üçin onuň gözüne kaklyşyp bilmedim.
Men öýe baranymdan söň uzak gije ýolda duşan garry baradaky pikirimden aýňalyp bilmedim. Düýş gören ýaly alasarmyklyk meniň kalbymda köwsarlady durdy. Ol garrynyň ala-böle Aýnagözel daýzama, onuň ejesi Ogulsoltan mama salam ýollamagynyň bir syry bar bolaýmasyn diýip oýlandym. Onuň sebäbini aňşyrmasam ynjaljak däldim. Şonuň üçinem, ir bien Aýnagözel daýzamlara bardym. Döwiet daýym daşarda işe gitmek üçin zatlaryny jemläp ýören eken. Ol meni görüp:
Daýym bilen saglyk-amanlyk soraşyp başlanymyzdan Aýnagözel daýzam daş işige çykdy. Naýza boýy galan Günüň ýiti tygy onuň gözlerini gamaşdyran bolmaga çemeli. Ol ellerini gözlerine kölegeledeni bilenem oňman, gaşlaryny hem bürjeşdirip,bize tarap gyýtaklap seretdi.
—Wiý, ýegen, senmi asyl bi, gösümem almajak bolýa. Tüweleme, haçan geldiň? Gülnabat pahyr-a bir begenendir. Çagasy-da. Köpi-köji bolmansoň,şol haçan gelerkä diýip, zarlap ýör. Sag-aman geldiňmi? Gelen ýeriň bolaýar, haçan geldiň?
Meniň jogap bermäge synanyşanymam şoldy welin,daýzam ýene maý bermedi:
—Gel-ä şeýtde,okuw diýip garrylary undaýmaly däl-ä.
—Agşam geldim daýza, okuwyň iki ýylyny dyndym.
—Tüweleme, eýýäm iki ýyl geçäýipmi, şondan bäri. Aý, howwa-da, aý-da-günde-de salym ýok, eýläňe bakmankaň geçýä gidiberýä.
Daýzamyň ýene-de bir zat diýmäge hyýallananyny aňan Döwlet daýym öňürtdi:
—Ahally garyndaşlara salama beýlekä barýarmyň ýa-da öýdäki ýaly gije gündiz bagryňy ýere berip, okap ýatyrmyň?
—Barasy gelse barar, barmasy gelse barmaz, ýaş oglandyr-da mundan göwün-garyn edip duranam ýokdur diýip, daýzam arkamy alansoň, men daýymyň soragyny jogapsyz goýdum.Oňa derek düýnki ýolda duşan garry ene hakynda daýzama gürrüň bermäge başladym:
Ýüzi-gözi nurana aýal eken.Baryňyzy ýeke-ýeke tanap otyr.
Kimkä gyz ol,adyny beýlekisini soramadyňmy, ýegen?!
Aý, birhili utandymlaý, daýza!
—Wiý, sen-ä oňaraýdyň, yol boýy gürrüňdeş bolup, kimdigini soramazam bir adam bolarmy? Özi dagy bir ýalandan-çyndan biriniň adyny dagy tutmadymy neberelerinden?
Men «ýok» diýen terzde başymy ýaýkadym. Birdenem garry enäniň «Uly oglum Geldimyrat janyň gullukdaky oguljygynyň ýanyna görme-görşe barýan»diýeni ýadyma düşdi.Men ony bolşy ýaly edip,daýzama gürrüň berdim welin,ol «Geldimyrat jan diýdimi» diýip,bokurdagy dolup,yzyny aýdyp blmän ýuwdundy.Gözleriniň owasy ýaşdan dolup,gözüni gyrpmasa-da paýrap başlady. Daýzam duýdansyz dökülen göz ýaşlaryny gizlejek bolup synanyşdy, başarmady. Döwlet daýymam, menem çykgynsyz ýagdaýda galdyk. Daýzamyň häsiýetine öňden belet daýym başyny ýaýkady-da çalaja pyşyrdady.
—Geldimyrat—diýen ady eşitse, köne derdi gozgaýýa-da. Ýalňyz doganynyň ady-da, neresse geçen uruşda galdy.
Ep-esli wagtdan soň daýzam özüni dürsedi. Gyýňajynyň çowy bilen ýüz-gözlerini süpürişdirdi. Soňam edil çaganyňky ýaly kemşeren dodaklaryny çalaja gyýmyldatdy-da «Keýikdir ol»- diýdi. Ondan soň onuň gözüniň öňünden bir mahalky bolyp geçen wakalar hataryny üzmän geçip başlady...
Aýnagözeliň kakasy Gylyç aga pes boýly, tegelek ýüzli,ýuwaştap adamdy, kän geplemezdi, il bilen işi bolmazdy. Daýhançylyk onuň asyl kesp-käridi. Ýadamasam bolmazdy, ýaltanmasam, ertir gidip, agşam gelerdi. Gelse-de, çaý-çöregini iýerne mähetdel, haýsydyr bir iş bilen gümra bolardy. Eden işiniň hem kemini goýmazdy. Göwnüne sähel bir çiglik gitse, bar zähmetini reýgan edip, şol işe täzeden başlardy. Aýal-gyzlaryň ýüzüne dogry garap bi lmezdi. Entek gögelekä ata-eneden galmagy oňa ýekelikden ýekeligi söýmegi öwredipdi.Ulalyp,ýigit çykansoňam bu häsiýeti aýrylmandyr. . Daşgynrak garyndaşlarynyň gyzy Ogulsoltan bilen toý tutansoň onuň häsiýetiniň üýtgärine,ýüzüniňaçylaryna garaşanlaram bolupdy. Emma Gylyç şol ýasawyna galdy. Ogulsoltan welin dogumly gyzdy. Hiç zatdan hakyny gidirmezdi, alçakdy, wäşidi.Emma düşen ýeriniň düzgüni ony hem özüne öwürdi oturyberdi. Tiz wagtdan onuň ozalky bolşundan nyşanam galmady.Soralsa ejogap berdi,bolmasa hemişe el işine güýmenip, dümtünip oturandyr. Onuň gelin bolup gelensoň ýüzüni galdyryp, yşranyny gören bardyr öýdemok. Wagtyň geçmegi bilen owadan ýüzüne gelşik berip duran gaşlary hem çytylanyny kem görmedi.Onsoň «Är-aýalyň topragy bir ýerden alynarmyş, seret ynha,Ogulsoltanam Gylyjyň häsiýetini alyp götrer» diýenler mamla bolup çykdy.»Ýnha nesip bolsa haý diýmän çaga durarlar, baý, onsoň-a açylar-lar. Ellerem dek durmaz dillerem»diýenlerem, bulary görüp «Älhepus,beýle-de bir içimtaplyklyk bolar eken-ow. Hernä ahbeti haýyr bolaýsyn» diýip,oturyberdiler.
Maşgalanyň ilki perzendi Geldimyradyň dogulmagy bilenem üýtgän zat bolmady. Şowhunam artmady, şatlygam.Şeýle-de bolsa olar öz durmuşlaryndan razydylar. Biri-birleri bilen sözleşmän düşünişýän wagtlary seýrek bolanokdy. Üç ýyl geçenden soň Aýnagözel dünýä indi. Ýaňja aýak bitip, dil çykaran Geldimyratjygyň «bäpbe-bäpbe» diýip jommuldap ýörenligine ata-ene diňe ýylgyrşyp oňaýardylar. Onam ile duýduranokdylar. Çagalar üçin şolam ýetikdi. Sebäbi entek mana düşmez çagalar başgaça-da bolup bilinýänliginden habarsyzdylar. Aradan on-oniki ýyldan Gylyç aga dünýäsini täzeledi. Bu maşgala üçin agyr urgy boldy. Atalarynyň ertir agşam öýden girip-çykyp ýörmegem dünýe malyna çalşar ýaly zat däl eken. Bu ýagdaýy Aýnagözelem-ä duýdy welin, Geldimyradyň boýny burulaýdy. Onuň bolşuny synanlar, «Edil Gylyç pahyryň öz oglanlygyndaky hasrat başyndan inäýdi-dä» diýip, başlaryny ýaýkaýardylar. Ýetim galan iki çagany ese-boýa galdyrmak Ogulsoltanyň ejäniň gerdenine düşdi. Dogan-garyndaşyň, goňşy-golamyň hemaýatam degmän durmady. Şeýle-de bolsa, Geldimyrat işe ýarap, güzeranyň ugruna çykandan soň, maşgalanyň ýagdaýy birneme gowulandy.Indi Ogulsoltan eje öýe çelin getirmegiň derdeseri bilen ilki ýakynlaryna, bir gün ir bilen bolsa çaý başynda çekine-çekine ogluna ýüzlendi:
— Oglum, başym dikkä senem bir öý-işik edip bilsem.O günleri görmek kakaň pahyra-ha miýesser etmedi.
Geldimyrat ýüzüni galdyrman oturşyna zordan jogap gaýtardy:
— Ýok, eje.
— Wah, oglum, Aýnagözel janam kişi maşgalasy, bir gün törümizi garaldyp gider welin ikimiz galybereris zoňtaryp. Şonuň üçinem jigiň başy bogulmanka öýe gelin gelenini kem göremok.Ata – baba ýörelge şeýle, oglum!
Ejesiniň sözleri täsir etdimi, ýa-da ol pahyryň gam-gusa batyp oturşyna dozmedimi, oglanyň sesi aýgytly çykdy.
— Nesibeli gün bardyr, eje!
Geldimyratdan beýle sözlere garaşmadyk eneli-gyz biri-birleriniň ýüzüne serdişip kanagatlanma bilen dymdylar. Ozleriniň bolşuny görüp Geldimyrat başga bir zady göwnüne getiräýmesin diýibem basga düşdüler. Şeýle-de nesibeli gün baradaky söz entäk çigrägem bolsa eneli-gyzy edil öýlerine gelin gelen ýaly begendirdi.Emma Geldimyradyň soňky sözleri olaryň bar begenjini puja çykardy.
— Men entek öýlenjek däl.
Aradan bir hepde çemesi geçenden soň,Aýnagözel dogany bilen egri oturyp, dogry gepleşdi:
—Dogan, seniň bu bolşuň bolanok. Iki çagam diýip ömrüni kül edip oturan eneňi gyýnandyrmak saňa uslypmy?Ýa sen...
Aýnagözel ysyny aýtmady. Onuň pert-pert sözlerini ýüzüni aşak salyp oturan Geldimyrat derrew aňynda aýlap ýetişen bolarly. Ol çalaja hymy-symy etdi;
—Maňa-da düşünäýiň-dä. Näme men öýlenjek diýip, çapak çalaýynmy?
—Bary bir çapak çalmakmy. Ejeme aýtmaga çekinýän bolsaň, men bar-a.Aýt, kim-de göwnüň bar bolsa?
—Jigim, men özüme gelinlik saýladym. Ýöne onuň kimdigini entek aýtjak däl.
Ol bu sözleri diýse-dä diýdi welin, utançdan ýaňa çym-gyzyl boldy. Tegelek ýüzüni der basdy. Ol daş-toweregine çalt-çalt esewan etdi-de,nirädir bir ýere howlukmaç gitdi.Agasynyň bolşuna haýran galyp duran gyz bedrelerini egnagaçdan asyp, daşguýa suwa gitdi.
Aradan ýene iki gün geçdi. Annagözel agasyndan osmakladyp, ençeme gezek sorasa-da,ondan ýagşydan-ýamandan seda çykmady.Muňa gyzyň gahary gelmänem durmady:
—Agam, sen indi oglan-oglanjyk däl ahyry. Onsoňam senden ýat biri soranog-a. Men-ä ejemden zat gizlejek däl.
Aýnagözel öýe girip, barşyna ejesine ýüzlendi:
— Eje, agama özüne gelinlik saýlapdyr, ýöne kimdigini, kimiň gyzydygyny aýdanok. Zeleli ýok, gözümiziň ýetip duranja ýeri bolsa bolýa.
Ogulsoltan eje bir oglunyň, birem gyzynyň ýüzüne garap,çyny bilen ýyryş-ýyryş etdi. Geldimyradam olaryň bolşuna çalaja ýylgyrdy. Megerem bu ýylgyryş öýde ilkinji gezek bolan bolsa gerek. Geldimyrat indi çynlakaý görnüşe geçmeli boldy:
— A-how duruň, duruň, eýýäm toý tutup, gelnaljy ugratjak ýaly-la siz. Duraweriň!
Aýnagözel gürrüňe goşuldy.
— Bolýa, agam duraly, ýöne sen ol gyzyň kimdigini aýt, gizleme!
— Ol entek gizlin uýajygym, sebäbi men entek oňa gowy görýänligimi aýdyp bilemok ahyry.
— Wiý, onda daşyndan guwanyp ýören ekeniň-dä — diýip, Aýnagözel, nägilelik bilen doganynyň ýüzüne garady. Ogulsoltan eje ýaşlaryň gürrüňine päsgel bermäýin diýen pikir bilen daşaryk gitdi.Geldimyrat özelendi:
—Jigim, dogry düşün. Ol gyz gaty asylly gyz. Men oňa halaýanymy aýdyp bilemok. Her gezek duşuşam-da dilime badak atylan ýaly bolup, özümi ýitirýän. Onsoň ýüzüne seredýän-seredýän-de gaýdyberýän. Indiki duşuşykda men oňa halaýanymy hökman duýduraryn. Öz agzyndan bir söz eşideýin, onsoň siz kimdigini bilersiňiz. Bolmasa biriniň dulunda oturan uly gyzyna dil ýetriren ýaly bolar.
Aýnagözel agasynyň aýdany bilen ylalaşdy.Geldimyrat ýakyn günlerde hoş habar aýtmagy wada berip, öz işi bilen gümra boldy.Maşgaladaky bu günki şatlyk çende durmady.Ol täze bir durmuşyň başlanýandygynyň şaýady hökmünde kalplara ýatdan çykmajak gozgalaň saldy.Eneli-gyz süýji aruwlar bilen umytly daňa garaşmaga başlady. Emma...çarhy pelek bütüin adamzada, içinde bu maşgala-da başga bir garaşylmaýan habarý— faşistik Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen parahat ýurduň üstüne çozandygy baradaky habary getirdi.Geldimyrat ýüreginde tutaşan yşk odunyň sebäp kärine hiç zat aýdyp ýetşmän fronta gitmeli boldy.Diňe zordan:
—Aýnagözel, jigim, men saňa hatymda baryny ýazaryn, onsoň näme etmelidigini bilersiň diýip,ýetişdi.
Bir ýyla golaý ondan habar hatyr bolmady. Ine bir günem poçtalon biri-birine meňzemeýän iki sany bukjada hat getirdi. Olaryň birinde ýigidiň arzuw-umydy, beýlekisinde bolsa maşgalanyň umyt çyragynyň öçendigi baradaky ajy habar bardy.Adam başy daşdan gaty diýleni. Aýnagözeldir ejesi ýeke dikrarlaryndan gelen şol umytly haty hiç kime bildirmän, demir sandygyň düýbüne atypdylar.Şum habary öz bagyrlaryna siňdirip, hiç kime duýdurmadylar. Geldimyradyň göz astyna alan gyzyna ýazan hatyny hem hak eýesine gowşurmaga elleri barmady.Eneli-gyzyň kalbynda dörän «Ýene bir naçaryň ýüregini ýaralamaly» diýen pikir öz ornuny hiç zada bermändi.
Ondan bäri ýyllar tirkeş-tirkeş bolup geçip gitdi. Ogulsoltan eje pahyr başyna düşen agyr ýüki gurt bolup çekip gitdi. Aýnagözelem agasynyň «gelinlikli» şol syry ejesinden galan sandykdan çykarman ýördi. Emma durmuşyň üýtgeşik-üçtgeşik oýunlarynyň bardygyna ol indi göz ýetirdi.Hakyky söýgi dile-de, galam-kagyza-da mätäç däl eken.
Aýnagözel daýzam Keýgiň başga birine durmuşa çykanyny, bagtly maşgalasynyň bardygyny eşidipdi. Ýöne onuň öz ilkinji perzendine wysalyna ýetip bilmedik obadaşynyň— Geldimyradyň adyny dakandygyny şu gün bilip galdy.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar