11:28 Saz mirasymyzyñ hazynasy | |
SAZ MIRASYMYZYÑ HAZYNASY
Aýdym-saz sungaty
Türkmenistanyñ kino, surat we ses ýazgylary dokumentleriniñ Merkezi Döwlet arhiwiniñ işläp başlanyna ýarym asyra golaý wagt geçdi. Şu döwrüñ içinde arhiwiñ fondlarynda türkmen halkynyñ soñky ýüz ýylda başdan geçiren özboluşly beýan bolup duran kino, surat mirasymyzyñ, ses ýazgylarynyñ 135 müñe golaýy jemlenipdi. Şolardan 120 müñi surat, 7 müñüsi kino, 8 müñi ses ýazgylary dokumentleridir. Bu dokumentleri toplamakda Türkmenistanyñ Milli teleradiokompaniýasy, A.Garlyýew adyndaky (häzir Oguzhan ad.) "Türkmenfilm" kinostudiýasy, döwürleýin metbugatda zähmet çekýän fotohabarçylar bize uly kömek berdiler. Häzirem arhiwiñ fondlarynyñ birsyhly üsti ýetirilýär. Şonuñ üçin ýokarda ady tutulan guramalaryñ ýolbaşçylaryna, fotohabarçylara çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Kino, surat we ses ýazgylary halkymyzyñ taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmelerdir. Olaryñ hersi hakda giñişleýin gürrüñ edip bolardy. Emma biz şu makalada diñe saz mirasyna degişli dokumentler barada söhbet açmagy maksat edindik. Türkmen halky öz bagşy-sazandalaryny diýseñ eý görýär. Dutaryñ, gyjagyñ, aýdym-sazlaryñ döreýşi, olaryñ geçen kämillik ýoly hakda gyzyklanmaýan az-azdyr. Asla türkmeniñ şahyra, bagşa goýýan hormatyny hiç zat bilen deñeşdirer ýaly däl. Uly-kiçi olary üns berip diñläpdir. Şonuñ üçin baryp 100 ýyldanam gowrak wagt mundan ozal ýaşap geçen beýik bagşy-sazandalar Garadäli Gökleñ, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Durdy bagşy, Kör Gojaly, Şükür bagşy, Aly bagşy we beýlekiler häzirem halkyñ diliniñ senasydyr. Olardan soñky beýik ussatlar Hally bagşy, Sary bagşy, Pälwan bagşy, Nobat bagşy, Agajan bagşy we beýlekiler hakdaky gürrüñlerem eýýäm rowaýata öwrülip gidipdir. Emma, gynansak-da, bularyñ käbirleri (Hally bagşy, Nobat bagşy) bolaýmasa, köpüsinden ses ýazgylary galmandyr. Oña garamazdan, bu ägirtleriñ halk ýadynda galan ahlak hem senet sarpasy nesiller üçin nusgadyr. Häzir saz mirasymyza bolan garaýyş düýpli özgerýär. Beýik bagşylaryñ atlary ebedileşdirilýär. Sowet döwründe sungatyna mynasyp baha berilmedik ussatlara belent atlar dakylýar. Bagşy-sazandalaryñ ýaş nesliniñ kemala gelmegi hakda döwlet derejesinde alada edilýär. Bu zatlaryñ hemmesi halkymyzyñ saz mirasyny toplamak, aýawly saklamak we düýpli öwrenmek işleriniñ ähmiýetini has-da artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen sazlarynyñ ilkinji nota ýazgylary XIX asyryñ başlarynda rus sazandalary tarapyndan amala aşyrylypdyr. 1816-1818-nji ýyllarda Astrahanda çap edilen "Aziýanyñ saz žurnalynyñ" 8-nji sanynda Orta Aziýa halklarynyñ 35 sazy, şol sanda birnäçe türkmen sazlaram öz beýanyny tapypdyr. Şonda ilkinji gezek dutar we tüýdük barada aýdylýar. 1832-nji ýylda A.Alýabýew Stawropol türkmenlerinden "Biziñ hanymyz batyrlary ýörişe çagyrýar" atly türkmen halk aýdymyny ýazgy edýär. XIX asyryñ ahyrlarynda, XX asyryñ başlarynda atly türkmen bagşylarynyñ ýerine ýetiren mukamlary fonografa ýazylyp, gramplastinka çykarylýar. Türkmen saz mirasyny öwrenmekde 20-nji ýyllaryñ ikinji ýarymynda belli rus sazsynaşlary, professorlar W.A.Uspenskiý bilen W.M.Belýaýew uly iş bitiripdir. Olaryñ bilelikde ýazan "Türkmen sazy" diýen meşhur kitaby türkmen bagşylary, türkmen aýdym-sazlary hakynda giden bir merjenler toplumydyr. Onda bagşy-sazandalaryñ 250-ä golaýy hakda maglumatlar, aýdym-sazlaryñ hem 600-e golaýynyñ ýazgylary berlipdir. Şol kitapda ady tutulan aýdym-sazlaryñ aglaba köpüsiniñ ýazgylarynyñ biziñ arhiwimiziñ altyn fonduny düzýändigini aýtmak guwançlydyr. Bizde häzir Amangeldi Gönübegiñ şägirdi Kel bagşydan tälim alan, türkmen saz äleminiñ pälwany Mylly Täçmyradowyñ çalan sazlarynyñ 200-e golaýy saklanýar. Öz saz dinastiýasyny esaslandyryp, türkmen saz sungatynda uly yz goýan meşhur Täçmämmet Suhangulyýewiñ, Nobat bagşynyñ, Girman bagşynyñ aýdan aýdymlary, çalan sazlary hem biziñ iñ arzyly ýazgylarymyzdyr. Arhiwiñ fondlarynda beýik bagşylar Sahy Jepbarowyñ, Oraz Salyrowyñ, Garly bagşynyñ, Hydyr bagşynyñ, Çuwal bagşynyñ (Magtymguly Garlyýewiñ), Sygan bagşynyñ (Orazgeldi Ylýasowyñ), Gurbandurdy Jeñowyñ, beýik sazandalar Pürli Saryýewiñ, Çary Täçmämmedowyñ, Jepbar Hansähedowyñ, Durdy Myradowyñ, Han Akyýewiñ, gyjakçy Çary Gurbanowyñ, tüýdükçiler Baky Maşakowyñ, Hojanazar Berdiýewiñ we başgalaryñ aýdym-sazlarynyñ hem uly kolleksiýasy saklanylýar. Meşhur zenan bagşylaryñ aýdan aýdymlarynyñ hem arhiwiñ fondunda mynasyp orny bardyr. Mysal üçin, bagşylar Akjagül Myradowanyñ 20 aýdymynyñ, Nabat Nurmuhammedowanyñ 30, Nurjemal Adyýewanyñ 50 aýdymynyñ ýazgylary biziñ fondumyzyñ bezegidir. Türkmen saz sungaty häzirki zaman sazlarynyñ hasabyna hem ep-esli baýlaşdy. Häzir arhiwiñ fondlarynda zamanamyzyñ beýik kompozitory Nury Halmämmedowyñ döreden eserleriniñ, şeýle hem meşhur kompozitorlar Dañatar Öwezowyñ, Weli Muhadowyñ, Aşyr Kulyýewiñ, Çary Nurymowyñ, Rejep Allaýarowyñ, Aman Agajykowyñ we beýleki kompozitorlaryñ saz eserleriniñ uly kolleksiýasy saklanylýar. Arhiwiñ fondlarynda diñe aýdym-sazlaryñ däl, eýsem, şol aýdym-sazlary ýerine ýetiren ussatlaryñ dürli wagtlarda, dürli ýerlerde üýşmeleñlerde eden çykyşlarynyñ ýazgylary, ussatlaryñ öz ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen duşuşyklaryñ ýazgylary hem saklanylýar. Muña mysal edip, "Kompozitor Çary Nurymow we onuñ "Epgegiñ ölümi" atlt baleti", "Sahy Jepbarow bilen söhbet" diýen telegepleşikleriñ ýazgysyny görkezmek bolar. Arhiwde bagşy-sazandalaryñ, kompozitorlaryñ, saz öwrenijileriñ suratlary hem saklanylýar. Şol suratlaram taryh üçin gymmatly çeşmeleriñ biridir. Bizde saz äleminiñ ägirtleri Şükür bagşynyñ, Kel bagşynyñ, Oraz Salyryñ, Nazar Baganyñ, Sary bagşynyñ, Mylly Täçmyradowyñ, Täçmämmet Suhangulyýewiñ, Muhy bagşynyñ, Nobat bagşynyñ, Garlt bagşynyñ, Girman bagşynyñ, Sahy bagşynyñ, Çuwal bagşynyñ, Sygan bagşynyñ dürli görnüşli suratlary saklanylýar. Ol suratlaryñ saz mirasymyzy öwrenýänler üçin belli bahasynyñ ýoklugy öz-özünden düşnüklidir. Arhiwde diñe bir aýdym-saz ýazgylary ýa-da bagşy-sazandalaryñ suratlary aýawly saklanman, eýsem ussatlaryñ ömrüne we döredijiligine degişli albomlar döredilýär, fotosergiler hem guralyp durulýar. Soñky ýyllarda meşhur bagşy-sazandalara bagyşlanylyp, ýatlama duşuşyklarynu geçirmek oñat däbe öwrüldi. Belli bagşy-sazandalaryñ, şahyrlaryñ, taryhçylaryñ, sungaty öwrenijileriñ, žurnalistleriñ gatnaşmagynda geçirilýän şeýle duşuşyklarda milli saz mirasymyzyñ düýni, şu güni we ertiri barada örän düýpli gürrüñ edilýär. "Saz mirasy" siklinde geçirilen şeýle duşuşyklardam meşhur sazanda Pürli Saryýewe, soñra zenan bagşylar Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Sülgün Meretgeldiýewa bagyşlanan duşuşyklaryñ ýazgylary alnyp, arhiwiñ fondlarynda goýuldy. Mundan ýigrimi iki ýyl öñ, 1997-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda arhiwde bagşylar Ödenyýaz Nobatowyñ we Aşyrmämnet Dawudowyñ aýdym-saz sungatyna bagyşlanylan duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşyga sungat äleminde tanymal adamlar, alymlar, radio-telewideniýäniñ işgärleri, žurnalistler hem gatnaşypdylar. Duşuşukda milli saz mirasymyzy aýawly saklamagyñ we ösdürmegiñ ýollary hakda-da uly gürrüñ bolupdy. Bagşylar dinastiýalaryna üns bermek, dessançylygy ösdürmek we başga-da saz sungatynyñ köp meseleleri boýunça peýdaly maslahatlar, teklipler orta atylypdy. Özem şol duşuşyk tutuşlaýyn wideoplýonka ýazylyp, arhiwiñ fondunda goýuldy. Türkmen saz mirasy - giden bir umman. Ol hakda näçe aýtsañ, aýdyp oturmaly. Arhiwiñ işgärleri halkymyzyñ saz mirasyny saklamak we geljekki nesillere elýeterli etmäge goşýan goşantlary üçin ruhy kanagatlanma tapýarlar. Elbetde, özüne ýeterlik kynçylyklar bizde-de duýulman duranok. Saz ýazgylarynyñ, şeýle hem kino we surat dokumentleriniñ saklanýan şertleri häzirki zaman talaplaryny ödänok. Tehniki enjamlar we materiallar bilen üpjünçilik meselesinde kynçylyklar ýok däl. Ýöne biz ruhdan düşemzok. Milli saz ýazgylarynyñ we beýleki dokumentleriñ uly toplumyny özünde jemleýän Döwlet arhiwi - bu bir hazyna. Onda öwrenere, susup alara maglumat sanardan kän. Bu hazynany aýawly saklamak we ondaky maglumatlary ile ýaýyp, ýurdumyzyñ ruhy galkynyşyna ýardam etmek biziñ jana-jan borjumyzdyr. Bibisenem ORAZGYLYJOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |