SEFEWI TÜRKMEN DÖWLETI
(1501 – 1736 ý.)
Sefewi döwletini esaslandyran türkmen taýpalaryna gyzylbaşlar diýlipdir. Gyzylbaş adyny olara Anadolyda ýaşaýan türkmenler beripdir. Gyzylbaş diýilmeginiň sebäbi bu taýpalaryň erkek adamlary on iki sany gyzyl zolak mata dakylan selle geýipdirler. Gyzylbaşlaryň döremegi we aýaga galmagy türkmen tire-taýpalarynyň bir-birine gatnaşygy nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir hem-de bu meselede köp zatlary düşündirip bilýändir.
Sefewi neberesinden bolan Şyh Jüneýit öz niýetleri amal bolmansoň, Erdebilden Anadola gelipdir. Türkmenleriň yslamdan öňki käbir ynançlary tebigaty boýunça şaýylyk bilen meňzeşräk gelýärdi. Bu ýerde, hususanam, türkmenleriň porhanlara garaýşyny ýatlap bolar. Porhana olar özboluşly bir ylahy şahs hökmünde garapdyrlar. Baryp birinji müňýyllygyň ahyrlarynda oguzlaryň arasynda syýahat eden bir arap porhanlaryň oguzlara doly hökümdardygyny ýazypdyr. Munuň özi tebigaty boýunça şaýylaryň hezreti Alyny ylahlaşdyryşyny ýada salýardy. Galyberse-de, şol döwrüň dürli syýasy-ykdysady kynçylyklary ýönekeý türkmenlerde häkimiýetlere dini ortodoksal garşylyklaýyn meýilleri döredipdir, şeýle meýiller bolsa şaýylyk tarapyndan goldanylypdyr, hatda oňa meçew hem berlipdir.
Bularyň üstesine häzir gürrüňi edilýän şyh Jüneýit özi hem şaýylyga meýilli hadym bolupdyr. Ol Anadola gelip, türkmenleriň oturan obalaryna aýlanyp görüpdir. Şonda ol özi üçin türkmenleriň ruhy islegleriniň Hezreti Aly we onuň nähak şehit edilen ogullaryna üýtgeşik hormat bilen baglanyşyklydygyny açypdyr. Öňki porhanlary ýatladyp duran derwüşler bu meselede has hem ilgeziklik görkezipdirler. Adamyň köňlüne gynanjyň, onda-da adalatsyzlyk zerarly döreýän gynanjyň nähili güýçli täsir edýändigi bellidir. Üstesine, hezreti Alynyň ogullarynyň perzent ölümi bilen baglanyşygy, beýleki duýguly pursatlar obaly türkmen zenanlaryna-da uly täsir edipdir. Bu zatlaryň barynyň netijesinde şaýylygyň türkmen köňlünde orun almagy üçin amatly şertler döräpdir. Belli-belli taýpalarda sünnülik bilen ara sowuklyk düşüpdir. Çünki, sünnüligiň adyndan çykyş edýän jemgyýetçilik toparlarynyň belli bir adalatsyzlygy adamlary beýleki bir mezhebe iteripdir. Munuň özi jemgyýetçilik we ruhy hadysalaryň giden bir ulgamynyň netijesi bolupdyr. Sünnülik bilen şaýylygyň arasynda näçe menzil ýatandygyny biljek däl, ýöne türkmen taýpalarynyň käbirleriniň birinjiden ikinjä barýan ýolunda öýke, kine, içi ýangynlylyk, gahar-gazap ýatýardy.
Şeýle ýagdaýda şyh Jüneýit türkmen taýpalarynyň arasynda uly abraý gazanypdyr. Akgoýunlylaryň hökümdary Hasan begiň uýasyna öýlenmegi onuň türkmenler tarapyndan ykrar edilmeginiň alamatydy. 1460-njy ýylda Jüneýit Şirwan şa bilen urşa giripdir. Emma ol ýogalypdyr. Yzynda ogly bolup, oňa-da Alynyň hormatyna Haýdar adyny goýupdyrlar. Haýdar ýaşlygyndan juda edenli, dogumly, töwekgel bir ýigitdigini görkezipdir, şonuň üçinem kakasynyň tarapdarlary onuň daşyna ýygnanypdyrlar. Hasan daýysynyň Eýrana şa bolmagy Haýdaryň hem işiniň rowaçlygyna sebäp bolýar. Şondan soň ol Erdebiliň şyhy bolýar. Güýçlenip, 1488-nji ýylda kakasynyň aryny almak maksady blen Şirwan şahyň garşysyna goşun çekýär. Ýöne daýylaryndan – akgoýunly hökümdary Soltan Ýakup urşuň öňüni alypdyr. Şondan soň Haýdaryň goşunlary dargadylyp, onuň özi öldürilýär. Yzynda üç sany ogly galýar.
1490-njy ýylda Hasan Uzynyň agtygy Rüstem beg Haýdaryň ogullaryny bendilikden azat edipdir. Şondan soň derrew müridler – Haýdaryň okuwçylary onuň ogullarynyň daşyna toplanypdyrlar. Rüstem öz garyndaşy Baý Şuňkary şolaryň kömegi bilen ýeňipdir. Emma şaýylaryň aşa güýçlenmegi akgoýunlylary gorkuzýar, şondan soň Haýdaryň ogullary gorkusyndan Gilana gaçyp gidipdirler. Edil şol döwürde Akgoýunly türkmen döwletiniň hem-de Osman türkmen döwletiniň gowşamagy, hökümet bilen halkyň arasynyň barha daşlaşmagy sefewi türkmenleriň öňe çykmagyna amatly şert döretdi. Netijede, Haýdaryň ogly Ysmaýyl öz adamlary bilen Erzinjana gelipdir we 1500-nji ýylda çarwa türkmenlere çakylyk iberipdir. Pir-işanlara aýratyn hormat goýýan çarwa türkmenler Ysmaýylyň çakylygyna derrew seslenipdirler. 1502-nji ýylda Ysmaýyl akgoýunly Elwendi ýeňipdir, Töwrize gelip, ◆ ony öz paýtagty diýip yglan edipdir. Türkmenleriň sefewi döwleti şeýle döräpdi.
Şa Ysmaýyl 10 ýylyň dowamynda juda uly hem güýçli döwleti döredipdir. Eýran, Gündogar Horasan, Yrak, Gürjüstan, Azerbaýjan, Dagystan, Türkmenistan, Gündogar Arabystan, Gündogar Anadolynyň bölekleri sefewi döwletiniň düzümine girizilipdir.
Sefewi döwleti Osmanly döwletine, şaýylyk sünnülige bir bäsdeş hökmünde güýçlenip ugrapdyr. Türkmeniň bir böleginiň, ylaýta-da, çarwa türkmenleriň sefewilere ýüz öwürmeginiň sebäpleriniň içinde osmanlylaryň harby wezipelere türkmeni däl-de, gaýry milletleri çekendigi hem bardy. Şeýle syýasy şowakörlük türkmenleriň oppozision duýgularynyň möwç urmagyna sebäp bolupdyr. Türkmenler şaýy-şahlaryna zyýarata barypdyrlar, özlerine «Ondan-a Pygamberiň mazaryna zyýarat ediň» diýýänlere «Ölä däl-de, dirä zyýarat edýäris» diýip, jogap bermeginde türkmenleriň kine gatyşykly men-menlik duýgusy ýüze çykýardy.
◆ Sefewi döwletini esaslandyran gyzylbaş türkmenleridir.
Taryhy çeşmelerde gyzylbaş sözi türkmen sözüniň gös-göni sinonimi hökmünde getirilýär. Degişli döwleti guran gyzylbaş taýpalarynyň arasynda aşakdakylaryň atlary tutulýar: ustahajyly, rumly, tekeli, zulkadyr, şamly, afşar, gajar. Bularyň hersiniň Anadolyda oturan ýerleri we ýaýlalary bolupdyr. Olaryň özara çaknyşyklary bolmandyr. Ustahajylylar Siwasda, rumlylar Tokaçda, tekeliler Teke welaýatynda (Antaliýada), zulkadyrlar, awşarlar hem öz ýaýlalaryna eýelik edipdirler.
Emma Sefewi türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda ýokarkylardan başga taýpalar hem işjeňlik görkezipdirler. Olardan warsaklaryň, çepnileriň, turgutlylaryň, baýatlaryň, bozajylylaryň we beýlekileriň atlaryny tutýarlar.
Gyzylbaş türkmenler mezhebleri arkaly özlerinde eýranly duýgusyny döredipdirler, emma şol bir wagtda-da olar türkmendiklerini unutmandyrlar we ýerli ilata göwnüýetmezçilik bilen «tatlar» diýipdirler.
Sefewi döwletini doly döreden şa Ysmaýyl hasaplanýar. Ol Hataýy lakamly Beýik şahyr hem bolupdyr. Hataýynyň ajaýyp şygyrlary Orta asyr türkmen edebiýatynyň ösmegine güýçli täsir edipdir. Onuň eserleriniň diliniň arassalygy, gadymy türkmen sözlerini köp ulanandygy şu gün hem akylyňy haýran edýär.
Gyzylbaş türkmenleriniň döwletinde ýazuw dili pars dili bolsa-da, köşkde we goşunda, gündelik durmuşda türkmen dili ulanylypdyr. Muny taryhy çeşmeler doly tassyklaýar.
Eýranda türkmen döwletiniň döremegi köpsanly türkmenleriň Eýranda ornaşmagyna getiripdir. Şol bir wagtda-da mezhep aýrylygy sebäpli, sefewileriň döwleti Kiçi Aziýadaky türkmenleriň ata Watan bilen gönümel aragatnaşygyna böwet bolupdyr. Häzir hem Türkmenistandaky türkmenleriň dilinde «bimessep (bimezhep – mezhebini üýtgeden)» sözüniň ýigrenji, tersin manyda ulanylmagy gyzylbaşlara olaryň garyndaşlarynyň garaýşynyň ýönekeý bolmandygyna şaýatlyk edýär.
Sefewi döwletiniň görnükli patyşalarynyň biri Şa Apbas bolupdyr (1587-1628). Şa Apbas men-menlik edýän arbanlary, hanlary mazalyja gysypdyr. Apbas olaryň deň ýaryny diýen ýaly jezalandyrmakdan hem gaýtmandyr. 1598-nji ýylda Şa Apbas paýtagty Kazwinden Yspyhana geçiripdir. Şa Apbasyň häkimiýeti barha türkmenden daşlaşyp, pars gatlaklaryna ýakynlaşypdyr. Sefewi döwleti Şa Apbas döwründe Osman döwleti bilen, Ýewropa döwletleri bilen bäsleşip bilipdir. Netijede, ol Gruziýany, Ermenistany, Azerbaýjany, Kürdüstany, Diýarbekiri, Arabystany yzyna alyp bilipdir. Bu döwürde Eýranyň ykdysadyýeti gülläp ösüpdir, ylaýta-da ýüpekçilik, däneçilik, bagbançylyk ýaly pudaklar, senetçilik güýçli depginler bilen ösüpdir. Emma XVIII asyryň başlarynda Sefewi döwleti pese düşýär, ilki ýedi ýyllap owganlar häkimiýet başynda bolýarlar. Emma soňra Eýranda häkimiýeti Nedir şa Türkmen eýeleýär.
Şa Apbas Merkezi Aziýaly türkmenleriň hakydasynda «Şasenem-Garyp» dessany arkaly, şeýle-de öz zikgelän apbasy teňňeleri bilen saklanyp galypdyr.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar