SELJUK TÜRKMENLERINIÑ DÖWLETI
(1038 – 1157 ý.)
Türkmen halkynyň iň şöhratly hem-de beýik döwletleriniň biri Beýik Seljuk imperiýasy adyny göterýär. Beýik Seljuk imperiýasy türkmen taryhynda hem, dünýä taryhynda hem aýratyn şöhratly orny eýeleýär. Şonuň üçinem men türkmen ruhunyň üçünji eýýamyny seljuk türkmenleri başlady diýip aýdýaryn. Seljuk türkmenleri beýik imperiýa döretdiler, Gündogar medeniýetiniň täze hem-de özboluşly sahypasyny açdylar. Olar orta asyryň taryhynda aýratyn orny eýeleýändir.
Şeýle orna biziň ata-babalarymyz bolan seljuk türkmenleri birbada ýetmediler. Miladyň X – XI asyrlarynda rowaç bolan Seljuk diýen taryhy at özüniň döreýşi boýunça müňýyllyklaryň jümmüşine gidýär. Muňa bu adyň döreýiş hem-de kemala geliş taryhyny yzarlanyňda, oňat göz ýetirip bolýar. Geliň, bu şöhratly hem-de buýsançly adyň döreýiş taryhyny gysgaça yzarlap göreliň.
Türkmen diliniň aýratynlyklaryndan sähelçe baş çykarýan adam üçin bu adyň iki sany bölekden durýandygy bada-bat düşnükli bolýar. Ol bölekler sal sözüdir hem-de jyk goşulmasydyr.Häzirki güne çenli ylymda seljuk sözüniň manysyny hem-de gelip çykyşyny düşündirmekde dürli pikirler öňe sürlüpdir. Ol pikirler şular ýalydyr:
1. Seljuklaryň atasy, nesilbaşysy Seljuk ýaşlyk ýyllarynda Amyderýada gaýyk, sal sürmek bilen meşgul bolupdyr. Şol sebäpden hem oňa seljuk, ýagny gaýykçy diýen at, lakam berlipdir.
2. Seljuk ady sil we jyk diýen böleklerden durýar.
3. Seljuk sözi türkmenleriň tire-taýpa düzüminde duş gelýän salyr, salar, saltyk atlary bilen, şeýle-de türkmenler bilen kowumdaş halklaryň arasynda duş gelýän salah, salahly, salyk ýaly tire-taýpa atlary bilen kökdeşdir. Ýomut türkmenleriniň düzüminde salak, alilileriň we tekeleriň düzüminde saltyk ýaly tireler bardyr. Tekeleriň gagşal tiresiniň adynyň ikinji – şal bölegi-de sal sözüniň ses taýdan biraz üýtgän görnüşidir. Bulardan başga-da, häzirki türkmen taýpalarynyň esasylarynyň biriniň salyr atlydygy mälimdir. Orta asyrlarda salyr has uly taýpa birleşigi bolup, ol içki salyr we daşky salyr diýen iki topara bölünipdir. Häzirki teke, ýomut, ärsary, saryk taýpalary-da şol salyrlaryň bölegi hasaplanylýar. Bularyň bary Oguz han Türkmeniň bir agtygy bolan Salyryň (türkmen rowaýatlarynda – Salyr Gazanyň) nesilleri hökmünde tanalypdyr.
Ýokarky garaýyşlaryň üçünjisinde bize seljuk sözüniň gelip çykyşyny düşündirip biljek ylmy esaslar bar.
Ylmy esasylyk – munuň özi hadysalaryň mantygyny düşündirip bilýän, göz öňüne getirip bilýän kanunalaýyklaryň kemala gelmegidir. Üçünji garaýyşda şol bir kökden dürli, hatda onlarça etniki toparlaryň ýüze çykyşynyň ýönekeý, şol bir wagtda-da berk hem-de düşnükli kanunalaýyklyklygy bar. Munuň özi diliň tebigy ösüşinde etniki-taryhy ösüşiň deň şöhlelenmegidir. Ýokarky iki garaýyşdan üçünji garaýşyň tapawudy sap ylmy nukdaýnazardan seredeniňde, nähili aýyl-saýyl bolýar?! Birinji iki çaklamada hakykat ýüzünde eýýäm bolup geçen taryhy-etniki hadysa bolan subýektiw aň garaýşy bar. Ol garaýyş hadysa eýýäm nälaýykdyr. Çünki onda diňe, sap taryhy-obýektiw içki hakykat däl-de, eýsem aňyň daşky gatanjy, ol hadysanyň aň tarapyndan işlenilmegi özüni bildirýär. Üçünjide bolsa garaýyş daşyndan goşulanok, ýasalanok-da, eýsem içki hadysanyň tebigy dilde şöhlelenmesiniň jemi bolup durýar. Şol bir kök sözüniň dürli proseslerde gabat gelmegi kanunalaýyklykdan habar berýär. Munda ýekelik, ýeke-täklik däl-de, köplük we gaýtalanmaklyk esasy orunda durýar. Bu bolsa belli bir kanunalaýyklygy tutup almaga ýardam edýär. Islendik kanunalaýyklyk diýmek bolsa ösüşiň mantygynyň göze görünmegi diýmekdir.
«Seljuk» sözüniň aslynda ýatan «sal» köki taryhy taýdan bizi miladyň başky asyrlaryna alyp gidýär. Käbir maglumatlara laýyklykda, gadymy gunlarda sal diýen taýpa bolupdyr. Orta asyr taryhçylarynyň seljuklar Oguz han Türkmeniň neslidir diýen pikirine şonuň ýaly anyk hem taryhy manyda düşünmek gerek. Ýene şol orta asyr alymlarynyň seljuklary oguz-türkmenleriň kynyk taýpasyndan alyp gaýdýandygy hemmelere mälimdir. Ýeri gelende aýtsam, kynyk sözi-de gun (kun) sözündendir. Kynyk – gunlara (günlere) degişli, gunlardan gaýdýan diýen manyny ähli aýdyňlygy we anyklygy bilen özünde saklaýar. Şeýle taryhy – dil hakykaty seljuklaryň taryhyň sahypasynda X asyrda ymykly giren hem bolsa, olaryň kökleriniň juda aňyrda ýatandygyny görkezýär.
Her näme-de bolsa, özüniň aslynda ýatan «sal» köki arkaly seljuk ady salyr bilen gönüden-göni baglanyşýar. Seljuklar aýratyn bir taýpa hökmünde hem salyr türkmenleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Taryhy geçmişi hut şu günki taryh bilen baglanyşdyryp aýdanyňda, munuň özi nämäni aňladýar? Bu seljuklaryň häzirki Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler bilen gyýtaklaýyn däl-de, gönüden-göni baglanyşyklydygyny aňladýar. Muny orta asyr taryhçylary hem bilipdirler, şonuň üçinem olar «seljuk» hem-de «türkmen» sözlerini doly manydaşlykda ulanypdyrlar. Bu bir. Ikinjiden bolsa, «Seljuknama» («Seljuk türkmenleriniň taryhy») ýaly esasly we göwrümli işde seljuklar kynyklar bilen däl-de, salyrlar bilen baglanyşdyrylyp, olaryň salyrlardan gaýdýandygy açyk we aýdyň aýdylypdyr.
Eýsem-de bolsa, «salyr» we «seljuk» sözleriniň aslynda ýatan «sal» näme manyny berýär? Gadymy gun taýpasynyň «sal» ady uruş, söweş manysyndadyr. Seljuk we salyr diýen manydaş sözleriň ikisi-de şol kökden ýasalyp, olar urşujy, esger, nöker manysynda ulanylypdyr. Bu hakda Seljuk taryhynda şeýle diýilýär: «Bularyň guşy çakyr bolup, guşlaryň iň uçgury we batyrydyr. Salyr sol goldan we ähli boýlardan soňra aýdylsalar-da, Oguz olary derejeläp, bulara çakyry belledi. Ene tarapdan dagy bular türk iliniň gadym patyşasy bolan Efrasiabyň neslindendir». «Bularyň ulularyna Seljuk bin Lukman bin Dukak diýerdiler. Onuň dört ogly bardy. Ulusy Ysraýyl bolup, Soltan Keý Hysrowyň sekizinji arkasydy». Görnüşi ýaly, seljuklar Efrasiap bilen baglanyşdyrylýar. Özem ene tarapdan. Eýsem-de bolsa Efrasiap kim? Onuň ady «Awestada» Frangrasýan görnüşinde gelýär. Efrasiap Turanyň şasy bolupdyr. Ady «esger» manysyndadyr. Ol turanyň, ýagny Töräniň neslindendir. Töre bolsa Döw atly hudaýlara çokunýan halky aňladypdyr. Soň bu at biziň dilimizde patyşa, soňra-da asyl, aňry manysyna geçipdir.
Efrasiabyň türkmençe ady Alp Är Töňe bolmaly. Efrasiabyň ajaldan gaçyp, kyrk sany demir diwarly galada gizlenendigi, şonda-da ajalyň ony tapandygy baradaky rowaýat türkmenleriň arasynda soňky döwürlerde hem saklanyp galypdyr. Hatda bu rowaýat:
Kyrk gat öýüň bolsa demir galadan
Ajal tapar, emr bolsa Alladan
– diýen görnüşde Magtymguly tarapyndan goşga hem geçirilipdir.
Şeýlelikde, seljuklar gadymy turanlylaryň – gunlaryň neslindendir. X asyrda seljuklar bir türkmen taýpasydy. Bu taýpa Seljuk hanyň neberesi diýip aýtmak bolmaz. Tersine, Seljuk han öz adyny öz taýpasynyň adyndan alypdyr diýmek hakykata has golaýdyr.
Türkmenleriň milli taryhynda bu hadysa hemişe gaýtalanyp durýar: öňe çykan hanyň öz ady unudylyp, oňa taýpasynyň ady berilýär.
Emma eýýäm XI asyrda seljuklar ýönekeý bir taýpalygyndan bir türkmen halkyýetine öwrülip ugradylar. Şeýle hadysa Beýik Seljuk döwletiniň gurulmagynda syýasy taýdan doly aýdyňlaşdy. Seljuk döwletiniň gurulmagy bilen türkmenler Ýakyn we Orta Gündogarda, bütin yslam dünýäsinde esasy millete öwrüldi.
Bu taryhy öwrülişigiň başynda Seljuk han durýardy. Seljugyň kakasynyň ady Tugak, has dogrusy, Tuwak, onuň kakasynyň ady bolsa Lukman bolupdyr. Seljuk hanyň bäş oglunyň atlary taryhy çeşmelerde şeýle görkezilýär: Ysraýyl, Mykaýyl, Musa, Ýusup hem-de Ýunus. Arslan adyny alan Ysraýyl tagta çykýar.
1003-nji ýylda seljuklar Samany hökümdary Muntasir bilen ýaran bolup, garahanyly Eýmek hanyň goşunyny derbi-dagyn edýärler.
1004-nji ýylda seljuklar Eýmek hany ikinji gezek ýeňýärler.
1013-nji ýylda Eýmek han aradan çykýar, onuň ýerine bolsa dogany Mansur tagta çykypdyr. Bularyň bary garahanylardyr. 1004-nji ýylda garahany Alytegin Buhara häkim bolup, özbaşdaklyk syýasatyny ýöredip ugraýar. Seljuklaryň Türküstandan Buharanyň Nurata diýen ýerine göçüş etmegi şol döwürlere gabat gelýär. Seljuklar öňki mekanynda häkimlik edýän Şamälik bilen oňuşmandyrlar. Umuman, seljuk ürkmenleriň irki syýasy taryhy garahanylar bilen berk baglanyşyklydyr. Özem käbir düşünişmezlikler diýäýmeseň, seljuklaryň garahanylar bilen köplenç ýaran bolandygy görünýär. Munuň aňyrsynda gürrüňsiz olaryň garyndaşlygy ýatýandyr.
Seljuk hanyň ýüzden hem köp ýaşap ötendigini, özüniňem Jentde jaýlanandygyny orta asyr taryhçylary ýazypdyrlar. Ikinji ogly Mykaýyl ýaşlygynda ýogalandygy sebäpli, onuň ogullary Muhammet (Togrul beg) bilen Dawut (Çagry beg) atalarynyň elinde ösüp, ýigit çykypdyrlar. Iki doganyň ikisem aw guşuny özlerine at edinipdirler. Sebäbi olaryň ýaşan döwründe türkmenleriň erkinlige, azatlyga bolan höwesi gaty ýokarydy. Aw bürgütleri deýin al-asmana galmak höwesi ruhuň galkynyş alamatyny sypatlandyrýar. Olaryň dünýä taryhynda belentliklere galmak hyjuwynyň çäksiz bolandygyny örän köp nygtapdyrlar. Iki dogan aw ýyrtyjy guşy deýin galkmak maksatlaryna ýetenlerinden soň döwlet nyşanlary bolan baýdaklaryna hem iki bürgüdiň şekilini çekipdirler. Togrul, Çagry – bir guşy iýmek üçin müň guş awlaýan ýyrtyjy gözsüz batyrlykda deňsiz-taýsyz guş hasaplanypdyr. Iki beg – iki dogan özlerini goşa bürgüt hasaplapdyrlar. Men türkmen taryhynyň üçünji eýýamynyň oňony bürgüt diýenimde halkyň ruhy isleg-telwaslaryny göz öňünde tutdum.
Olaryň kakasynyň uly dogany Arslan beýgu (beýgu – beýik, şeýle hem han, hökümdar manysyndadyr) Orta Aziýanyň syýasy taryhyna işjeň girişip ugraýar. Garahanyly Alytegin bilen ýaran bolýar. Emma onuň garşydaşy Kadyr han beýik Soltan Mahmyt Gaznaly bilen arasyny sazlandan soň, Arslan bilen Aly syýasy dawalardan çete çekilmeli bolupdyrlar.
Türkmenleriň gaýa (häzirki ady – gökleň) taýpasyndan bolan, şol döwrüň musulman dünýäsiniň syýasy häkimdary beýik Mahmyt seljuklar bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. Şeýle gyzyklanmagyň aňyrsynda soltanyň seljuklaryň uly syýasy geljeginiň bardygyny duýanlygy ýatan bolmagy ähtimaldyr. Taryhy çeşmelerde seljuk serdaryň öz ýanyna çagyran Mahmyt bilen Arslanyň arasynda bolan gürrüňdeşlik anyk beýan edilipdir. Arslanyň üç oky bilen bir ýaýy bar eken. Ok-ýaýyň nähili syýasy alamatynyň we manysydyr ähmiýetiniň bolandygyny biz baryp Parfiýan döwrüniň zikgelerinden, ondan öň bolsa Oguz han Türkmeniň tymsallaryndan bilýäris. Arslan (Ysraýyl) bilen Mahmydyň duşuşygy şeýle suratlandyrylýar: «Soltan Mahmyt söz arasynda aýtdy: «– Bir hajat düşen wagty nähili nyşan bilen bize medet ýetişer?
Ysraýylyň bilinde üç oky, elinde ýaýy bardy. Ol bir ok çykaryp, Soltanyň öňünde goýdy we aýtdy:
– Muny biziň boýumyza gönderseňiz, size ýüz müň atly ýetişer.
Soltan aýtdy:
– Eger ýeterlik bolmasa?
Ýene-de bir ok çykaryp:
– Biziň Türküstandaky ýaýlamyz bolan Balkan dagyna gönderseňiz, size ýüz elli müň atly ýetişer – diýdi.
Soltan aýtdy:
– Eger ol hem ýeterlik bolmasa?
Ysraýyl ýaýy öňünde goýdy we aýtdy:
– Muny Türküstana gönderseňiz, size iki ýüz müň diýseňizem, leşger ýetişer».
Soltan Mahmyt seljuk türkmenleriniň beýle güýjünden howatyr edipdir. Ol Ysraýyly ilki Gazna, soňam Hindistana bendi edip iberdi. Arslanyň hasratly ölümine çenli şol ýerde bolandygy mälimdir. Bir gezek edilen gaçmak synanyşygy-da şowsuz gutarypdyr.
Arslanyň tutulmaly bilen seljuk türkmenleriniň Horasana tarap süýşmegi asla-da togtamandyr. Tersine, olar Mahmytdan güýçleri we emelleri häzirlikçe asgyn bolansoň, onuň özi ýaly mekirlige ýüz urupdyrlar. Olar özlerine Horasana tarap ýol açylsa, soltan üçin uly bähbit boljakdygyna, ýurdy gorap, maddy girdejiler getirjekdiklerine ynandyrypdyrlar. Şonuň üçin hem Mahmyt Gaznaly olara Kakany, Sarahsy we Parawy ýurt edip beripdir.
Seljuk türkmenleriniň Mahmyt, onuň ogly Masut bilen gatnaşyklary, olaryň Horasana gelşi seljuklaryň irki harby-syýasy taryhyny emele getirýär. Bu taryh şol döwrüň taryhçylary tarapyndan jikme-jik beýan edilendir. Gardiziniň «Zeýn al-ahbar», Abul-Fazl Beýhakiniň «Tarih-i Beýhaki», Muhammet ibn Najyp Bekranyň «Jahannama», Ibn al-Esiriň «Al-kamil fit-tarih», iki jiltden ybarat bolan «Seljuknama» we beleki birnäçe eserlerde seljuk türkmenleriniň irki taryhy söweşme-söweş beýan bolupdyr. Seneleriň anyklygy, jikme-jikligi, wakalaryň, maglumatlaryň köplügi bolan zatlary doly we anyk göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Emma bularyň bary seljuk türkmenleriniň gözi bilen ýazylan taryh däldir. Olar seljuklara o tarapdan, özem gaty bir dostlukly bolmadyk tarapdan seredilip ýazylan taryhdyr. Şol sebäpden biziň ata-babalarymyzyň hereketleriniň hakyky sebäbi bu ýerde açylyp görkezilýär diýsek, ýalňyşarys. Taryhçylar köplenç Seljuk türkmenlerini zada düşünmeýän, aňly-başly, öňünden ölçerip-döküp hereket etmäge ukypsyz adamlar edip görkezýärler. Olaryň yzly-yzyna gazanýan ýeňişlerini-de taryhçylar hamana tötänlik diýip görkezipdirler. Ol ýeňişlere göýä seljuk türkmenleriniň özi hem garaşmanmyşyn. Şeýle äheňde gürrüň edýärkäler, olar köplenç seljuk türkmenleriniň serkerdeleriniň öz aralarynda bolanmyş diýilýän gürrüňlere salgylanýarlar. Munuň bilen baglanyşyklylykda birnäçe pursatlary belläp geçmek gerek. Birinjiden, gaznaly taryhçylaryň zol-zol seljuk serkerdeliginde bolýan gürrüňlerden maglumat getirip oturmaklary gaznaly türkmenleriň içalylyk ulgamynyň gaty örňändigini görkezýär. Bu bolsa şeýle mekir hem güýçli duşmanyň hötdesinden gelen seljuklaryň hormatyny ýene bir gezek artdyrýar. Ikinjiden, mekirlik babatda seljuklar hem kem oturmandyrlar. Olar öz sözleriniň, hereketleriniň assyrynlyk bilen yzarlanyp, gaznaly köşgüne ýetirilýändigini oňat bilipdirler. Şonuň üçin hem olar öz hakyky matlabyny däl-de, başga zatlary aýdyşdyryp, garşydaşa al salmagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, bu taryhlarda köp çykyş edýän Togrul beg hemişe diýen ýaly öz goşunynyň asgyndygyny, soltan goşunynyň bolsa erjeşer ýaly däldigini tekrarlap gezýär. Emma sähel pursat boldugy hem duşmanyň üstüne dökülýär. Munuň özi harby-syýasy mekirlikden başga hiç zat däldir. Üçünjiden, ýokarky taryhçylar türkmenleriň seljuklaryň ýeňişlerini olaryň «ýa almaly, ýa ölmeli» diýen çykgynsyz ýagdaýy bilen düşündirjek bolýarlar. Emma çykgynsyzlyk entek hiç zady aňlatmaýar. Çykgynsyzlykdan bir däl-de, iki hili çykalga bardyr: garşydaş şeýle ýagdaýda aňsat boýun egip hem biler. Emma ol tersine ýeňip hem biler. Kim ýeňer, kim ýeňiler? Elbetde, ruhy taýdan garşydaşyndan rüstem adamlar ýeňip bilerler. Taryhçylaryň öz sözleriniň düşündirişleriniň aňyrsynda Seljuk türkmenleriniň beýik ruhubelentligi görünýär. Bu ruhubelentligiň aňyrsynda bolsa olaryň beýik asly, uly taryhy – milli geçmişi ýatýar. Garşydaş taryhçylary seljuklary goýnuň yzyna düşüp ýörmekden başga ýaşaýyş endigini bilmeýän, öňünden çykany talap ýörmekden başga hünäri bilmeýän bir toplum edip görkezjek bolmagyna garamazdan, wakalaryň mantygy, harby hadysalar nämäniň-nämedigini aýdyň görkezýär. Seljuk türkmenleri gözsüz batyr, garadangaýtmaz, şol bir wagtda-da olar mekir-hileli harby garşydaş. Olaryň parahat ilata nähili garaşyk hem-de rehim bildirendiklerini taryhçylaryň käbiri ýatlap geçýär. Üstesine-de, olar çölüň ýowuz şertlerinde endamy gatan, yssa, sowuga çydamly adamlaryň hilinden. Soltan Masut bir ýerde Togrul begiň düşeginiň eýer, ýassygynyň galkan ekendigini eşidip umytlanýar, begenýär. Sebäbi ol bu maglumatdan seljuklar halys ugruny ýitiripdir, sülsady dargapdyr diýen netijäni çykarýar. Munuň seljuk serkerdesiniň ruhy hem beden taýdan rüstemliginiň alamatydygy onuň küýüne-de gelenok. Tersine, gaznalylaryň goşuny lellim, yssy çölüň howa şertlerine, suwsuzlyga bütinleý çydamsyz goşun bolupdyr. Garşydaşyň tilsimleriniň, söweş tärleriniň bütinleý näbelli wagtynda gaznalylaryň serkerdelik okumyşlygyndan, saýlama söweş ýaraglaryndan we atlardyr pillerinden peýda juda ujypsyz bolup çykypdyr.
Seljuk türkmenleriň tötänleýin ýa-da düşnüksiz bir harby-syýasy hadysa däldigi aýandyr. Umuman, dünýäni ele almak, dünýä hökmüni ýöretmek tötänligiň netijesi bolup bilmez. Bu – umuman alanynda. Taryhy-anyklyk babatda alanynda bolsa, seljuklaryň ýokary göterilmeginiň aňyrsynda miladyň başyna çenli yzalyp gidýän taryhy baglanyşyklar jähetinden düýp esaslar ýatýar. Ilki parlar, gunlar, soňra göktürkmenler, ondan soň bolsa gadymy oguzlar seljuk türkmenleriniň taryhy esasyny kemala getirýär. Şeýle esasa daýanan halkyň ýeňiji bolmagynda hiç hili geň-taňlyk ýokdur.
Şu aýdylanlary nazara alyp, men ady agzalan taryhçylaryň düşündirişlerini olaryň öz ýanynda goýýaryn. Şonuň üçinem bize olaryň eserlerinde beýan edilen anyk wakalaryň tertibini yzarlap, seljuk türkmenleriniň şanly ýokary göterilişini jikme-jik yzarlaýmak galýar.
Soltan Mahmyt hilegär hem-de uzakdan görýän syýasatçy bolupdyr. Ol bir eli bilen seljuklaryň serkerdesi Arslan beýguny tutup, ömürlik zyndana atýar, beýleki eli bilen bolsa 4 müň öýli türkmene Horasandan ýer berýär. Paraw, Kaka we Sarahs etraplarynda ýurt tutunan seljuklaryň Ýagmyr, Buga, Gökdaş, Gyzyl atly öňbaşçylary bolupdyr. Bu serkerdeleriň edermenlikleri, şöhratly-şanly söweş ýollary aýratyn giň gürrüňe mynasyp. Ýöne men olar hakdaky hoş sözleri, jikme-jiklikleri taryhçylarymyza, ýazyjylarymyza galdyrýaryn.
1027-nji ýylda Soltan Mahmydyň huzuryna türkmenleriň üstünden arz eden kişiler barýar. Olar seljuklaryň parahat ilaty hamana talaňçylyga salýandyklaryndan şikaýat edipdirler. Emma seljuklaryň çäresini görmegiň Mahmydyň ýerlerdäki häkimleri hötdesinden gelip bilmändirler. Şonuň üçin indiki, 1028-nji ýylda soltanyň hut özi agyr goşun çekip, şol etraplara tarap ugrapdyr. Ol Tusdan goşun bilen serkerdesi Arslan Jazyby Parawa ugradypdyr. Dört müň adamyny ýitiren seljuklar ýeňlip, Balkana we Dehistana tarap çekilipdirler.
Seljuklary näçe garalajak bolsalar-da, olarda günäniň ýokdugy öz-özünden bildirýär. Soltanyň paç ýygnaýjylarynyň eden-etdiligi olaryň halys degnasyna degipdir. Soltanyň adamlary almaly paçdan artyk talap edipdirler, garry-gurta, oglan-uşaga azar berip, türkmenleriň mallaryny sürüpdirler. Seljuklaryň Soltana arz edilmegine sebäp bolan hereketleri diňe şol zuluma jogap bolmaly.
Soltan Mahmydyň ýogalmagy bilen seljuklaryň ýokary göterilişiniň öňüne böwet bolup biljek şahsy güýç aradan aýrylýar. Masutda kakasynyňkyça akyl-parasat, dogumlylykdyr batyrgaýlyk bolmandyr. Döwürdeş, gözi bilen gören taryhçylaryň suratlandyryşyndan çen tutsaň, Masut wagtynyň köpüsini çakyr içmek bilen aýşy-eşretde geçiripdir. Onda hiç hili syýasy pähim, geosyýasy öňdengörüjilik, pirim bolmandyr. Onuň özbaşdak pikirlenmän, töweregindäkileriň diýeni bilen bolýandygy, özem, köplenç paýhassyz maslahata eýerýändigi, akylly-başly geňeş berilse, gaýta kejeňeklik edýändigi çeşmelerden oňat görünýär. Özdiýenliligi üçin, töweregindäki akylly we dana adamlar onuň ýanynda öz dogry pikirlerini aýtmakdan hem çekinipdirler. Munuň özi Masudyň diňe harby tilsim taýdan däl, eýsem syýasy pirim meselesinde hem seljuklardan doly asgyndygyny görkezýän zatdyr.
Togrul bilen Çagry begiň ýolbaşçylyk işinde bolsa geňeş, demokratiýa, aç-açanlyk höküm sürüpdir. Munuň gadymy oguz-türkmen syýasy ýolbaşçylyk usulýeti bolupdyr. Diýmek, gaznalylar bilen seljuklaryň gapma-garşylygy syýasy dolandyryş jähetinde kejeňeklik bilen halk demokratiýasynyň özboluşly bäsleşigi hökmünde göz öňüne gelýär.
1031-nji ýylda Soltan Masudyň huzuryna ýene türkmenleriň üstünden şikaýat gelip gowuşdy. Muny bahana edinip, Masut goşun iberdi, goşun Parawyň ýanynda türkmenler bilen söweşe girdi. Aýgytly hem garadan gaýtmaz seljuklar arkaýyn söweşmek üçin, çagalaryny, garrylaryny Balkana iberip, gaznalylar bilen gaça uruş edipdirler.
1032-nji ýylda Masut öz serkerdesi Humar Taşy seljuklaryň üstüne dikme edip belledi, türkmen begleri Ýagmyry, Bugany, Gökdaşy we Gyzyly tutup getirmeklerini talap etdi. Ol seljuklary döwlet gullugyna almak isläpdir. Sebäbi ol öz serkerdelerine döwleti we janyny ynanmandyr. 1032-nji ýylda türkmen serkerdelerinden Ýagmyr tutulyp, öldürilipdir.
1033-nji ýylda öldürilen Ýagmyryň ogullary we garyndaşlary ar almak üçin Balkandan çykyp, Horasana ugrapdyrlar.
Şol döwürlerde türkmenler üç tarapdan – Balkandan, Yrakdan we Mawerannahrdan Gazna döwletini çekeleýärdiler. Türkmenleriň hereketiniň esasy aýratynlygy gaçdym-kowdum emelidi. Munuň özi gaznalylar üçin öň görülmedik uruş tilsimidi. Türkmenleriň kä yza çekilip, käte-de bütinleý garaşylmaýan ýerden çykmagy gaznalylaryň başyny çaşyrypdyr.
1034-nji ýylyň oktýabr aýynda Jendiň häkimi Şa Mälik Horezme gaýdan mawerannahrly türkmenleriň üstüni gapyl basyp, 7-8 müň töweregi türkmeni gyrdy. Agyr ýitgiden soň az wagtyň içinde özüni tutup ýetişen türkmenler 1035-nji ýylyň maýynda Horasana gelipdirler. 10 müň atly goşuny bolan seljuklar Merwde we Nusaýda aýak çekdiler. Şol ýerde seljuklaryň baştutanlary bolan Togrul, Çagry we Musa beýgi dagy gaznalylaryň bir häkimi Sura hat ýazypdyrlar. Olar öz hatlarynda Soltanyň köşgünde hyzmat etmäge taýýardyklaryny, munuň hakyna bolsa özlerine Nusaýyň we Parawyň berilmegini isleýändiklerini aýdypdyrlar. Berlen ýurt üçin Balkan, Dehistan, Horezm, Amyderýa tarapdan abanyp biljek howpuň öňünde durmaga güýçleriniň ýetjekdigini ýaňzydypdyrlar.
Seljuklaryň Horasana gelmeginiň özi geljekki syýasy we harby durmuşyň esasy ugruny öňünden kesgitläpdir. Muny gaznalylaryň pähimdar döwlet adamlary haýýaty göçüp, tekrarlapdyrlar. Olaryň biri hatda «Horasan elden gitdi» diýip, indiki boljak amatsyzlyklary we şowsuzlyklary öňünden aňyp, janhowluna gygyrypdyr.
Soltan Masut 17 müň saýlama esgeri seljuklary yzyna kowmak üçin iberipdir. Garşydaşyndan şondan ibaly jogaba garaşmaýan seljuklar beýle zat sebäpli alada düşüp oturmandyrlar. Olaryň ruhubelentligi 1035-nji ýylyň aprelinde Nusaýyň golaýynda bolan söweşde özünden harby taýdan has güýçli duşmandan üstün çykmagyna getiripdir. Bu söweşde Çagry begiň söweş tilsimi has oňat netijelere getiripdir. Ol bukuda gizlenip, duşmany duýdansyz güpbasdy etmek emelini ýerlikli ulanyp bilipdir. Şondan soňky ylalaşyk netijesinde Dehistanyň Çagry bege, Nusaýyň Togrul bege, Parawyňam Musa berilmegi gaznalylaryň ýeňlişi doly boýun alandyklarynyň alamatydyr.
1036-njy ýylyň oktýabrynda seljuklar özlerine Marynyň, Sarahsyň we Kakanyň berilmegini talap edipdirler. Sebäbi bir ýyldan hem köp wagtyň dowamynda bu seljuklara dürli sebitlerden – Balkandan, Amyderýa tarapdan, Yrakdan gelip goşulan türkmenleriň we olaryň mallarynyň sany-sajagy ýokdy.
1038-nji ýylda Sarahsyň Talhab atly ýerinde seljuklar gaznalylar bilen ýene bir söweşe giripdirler. Munuň özi maý aýynda bolupdyr. Seljuklara nobatdaky ýeňşi getiren bu söweşiň syýasy ähmiýeti şundan ybarat boldy: şol söweşden soň doganlar Togrul beg bilen Çagry beg özlerini hökümdar hasaplap ugrapdyrlar. Esasy, uly baştutan Togrul beg, ondan soň Çagry beg, üçünjilik bolsa Musa beýge degişli edilipdir. Nişapury Togrulyň, Sarahs bilen Merwi bolsa Çagrynyň ygtyýaryna beripdirler. Nişapurda Togrulyň adyna hutba okalyp, oňa Mälik ul-mülk (mülküň, ýurduň şasy) derejesi berlipdir. Şondan birnäçe gün geçenden soň, Togrulyň özi 3 müň saýlama atlysy bilen Nişapura barypdyr.
Edil şeýle derejelenmek Maryda Çagry bege hem miýesser edipdir.
Seljuklaryň şeýle ýokary galmagyna çydam edip bilmedik Soltan Masudyň hut özi Balha ugrapdyr. Indi onuň goşunynyň we özüniň ruhy ýagdaýy asla öwerlikli däldi. Goşuna umytsyzlyk, lellimlik we haýal-ýagallyk aralaşypdyr. 1039-njy ýylyň martyndaky gijeleriň birinde 10 sany türkmeniň bildirmän Soltanyň iň gowy görýän pilini alyp gaçmaklary munuň anyk we aýdyň ýüze çykmasydyr.
1039-njy ýylyň iýulynda bolan söweşde seljuklaryň yza tesmesi, olaryň tä Parawa çenli gaznalylardan çekilip gidip oturmaklary söweş tilsiminden we mekirliginden başga hiç zat däldir. Bu tilsimiň düýp manysy goşuny aýamak, garşydaşyň güýjüni saldarlap görmek, ony ýuwaş-ýuwaşdan ysgyndan gaçyrmak bolupdyr.
1040-njy ýylyň başlarynda Masut tapdan düşen goşuny bilen dynç almaga gitmegiň deregine, Mara tarap gaýdypdyr. Gaznaly türkmenleriň surnugan agyr goşunyna türkmenler wagtal-wagtal çozup, gyltyz ýaralary salyp durupdyrlar. Seljuk türkmenleri şol ikarada maslahat edip, garrylary, çagalary yza iberip, 16 müň saýlama atly bilen uly urşa taýýarlyk görüp ugrapdyrlar.
Seljuklar bilen gaznaly türkmenleriň bäş ýyldan gowrak wagta çeken harby-syýasy gapma-garşylygyny 1040-njy ýylyň maý aýynda Sarahs bilen Marynyň aralygynda bolup geçen Daňdanakan söweşi çözdi. 1040-njy ýylyň 22-nji maýynda gaznaly türkmenleriň üstüne seljuklar çar tarapdan hüjüm edip ugradylar. Şonda seljuklaryň harby we ruhy taýdan garşydaşdan näçeräk belent bolandygyna Ibn al-Asiriň «Al-kamil fit-taryh» eserinde getirilýän bir maglumat oňat görkezýär: awtoryň ýazmagyna görä, 10 sany seljuk 500 gaznala taý gelip bilipdir! Bu pikir gaznaly döwletiniň raýatynyň pikiri. Garşydaşyň hakda bu sözleri ýazmagyň oňa nähili agyr düşendigine men gowy göz ýetirýärin. Masudyň mürzesi, Masudyň taryhyny ýazan Beýhaky hem bu hakykaty nygtaýar. On sany seljuk esgerinden özüniň bäş ýüz gulamynyň gaçyp barşyny akylyna sygdyryp bilmän haýran galyp gygyrandygyny Beýhaky doly beýan edipdir.
Mara tarap barýan gaznaly türkmenler 1040-njy ýylyň 24-nji maýynda Daňdanakan galasyna ýetipdirler. Howa juda yssy, suw ýok, türkmenler ähli guýulary gömüp gidipdirler. Saklanyp galan bary-ýogy 7-8 sany guýy bolsa agyr goşunyň suwsuzlygyny asla gandyryp bilmändir. Seljuk türkmenleri şonda bölünip söweşmek tilsimini esasy söweş usuly hökmünde ulanypdyrlar. Çünki, ähli goşuny bilen birbada söweşe çykmak şeýle söweşe öwrenişen gaznalylar üçin aňsat we ele alnan bir söweş täri bolmagy mümkin eken. Gaznaly türkmenleriň sapynda aljyraňlylyk, howsala peýda bolupdyr. Olaryň saýlama goşunyndan 370 adam seljuk türkmenleriniň tarapyna geçipdir. Netijede, gaznaly türkmen goşuny ökje göterip başlaýar. Masudyň özi-de ýanynyň goragy bilen söweş meýdanyndan gaçyp, 31-nji maýda Garjystandan çykypdyr. Agyr goşundan ummasyz köp baýlyk galypdyr.
Şol ýerde – Daňdanakan sährasynda Togrul beg ýörite tagt goýduryp, özem şol tagta çykyp oturypdyr. Munuň özi şol döwrüň dünýäsiniň Seljyklaryň eline geçendiginiň alamaty bolupdyr. «Dünýä indi biziňki!» Serkerdeler bilen birlikde esgerler gygyryşypdyrlar, biri-birini gujaklapdyrlar. Şol ýerde uly meýlis guralypdyr. Soňundan türkmen topragynyň dürli künjeginden gelen türkmen wekilleriniň gatnaşmagynda seljuk türkmenleriniň döwletiniň ilkinji döwlet maslahaty – gurultaý geçirilipdir. Şol gurultaýyň kararynda Togrul beg soltan saýlanylýar. Iki dogan basyp alan ýerlerini öz aralarynda paýlaşýarlar. Şol gurultaýyň çykaran karary esasynda Çagry beg Maryny özüne paýtagt edinýär.
Meniň bu beýan eden üznüksiz söweş taryhym seljuk türkmenleriniň uruşdan başga bir zatdan başynyň çykmanlygy baradaky pikiriň döremegine sebäp bolup bilmez. Iki dogan Togrul bilen Çagrynyň özleriniň diňe bir harby ukyplary däl, eýsem syýasy-döwlet, hojalyk edara etmek işinde-de paýhasly kişiler bolandygyna irki seljuk taryhynyň bir wakasy şaýatlyk edýär. Olaryň özaralarynda bolan bir gürrüňde Çagry beg Togrula öz ygtyýaryndaky etraplary weýran etdiň diýip igenipdir. Şonda taryhy çeşmeler Togrulyň, «Eý, doganym, sen hem Horasany almak üçin ony weýran etdiň. Indi ýurdy abadan etmek gerek. Meniň ýurdumy bolsa menden öň weýran edip, tozdurdylar. Ony diňe düzetmeli» diýip jogap berendigini görkezýärler.
Çagry beg 1059-njy ýylda ýetmiş ýaşynda aradan çykyp, Maryda jaýlanypdyr. Seljuk döwletiniň beýik hökümdary Soltan Alp Arslan onuň ogludyr. Taryhy çeşmeler Çagrynyň kiçigöwün, paýhasly, adyl patyşa bolandygyny nygtaýarlar.
Öz doganyna wada berşi ýaly, Togrul beg 1042-nji ýylda Nişapury dikeldip, Jürjany we Tabarystany öz döwletine birikdiripdir. 1043-nji ýylda Reýi abadanlaşdyryp, ýurduň paýtagty edindi. Sanly ýylyň dowamynda Togrul töwerekdäki emirler tarapyndan soltan diýlip ykrar edildi.
Dünýä taryhynda käte yslamy ýekehudaýlygyň başlangyjy hasaplaýarlar. Ýöne türkmenler ýekehudaýlyga Oguz han Türkmenden – bäş müň ýyl bäri uýup gelýärler. Güne, ýagtylyga, nura sygnyp ýören eždatlarymyzyň ruhy, medeni, ahlak durmuşynda yslam köp öwrülişikleri geçirýär.
Türkmen täzeligi mähetdel kabul etmeýär. Nämäniň-nämedigine gowy düşünýänçä tykyrap gezýär. Täzeligi ýüregi alsa welin, oňa düýrmegi bilen berilýär. Yslam babatda-da şeýle bolýar.
Yslam 651-nji ýylda türkmen topragyna giren-de bolsa, käbir şäherlerde ýygyn gepsiz-gürrüňsiz, söweşsiz garşy alnan-da bolsa, halk birki asyrdan soň bu dini kabul edýär. Edibem, onuň hakyky din gylyjyna öwrülýär. Taryhy çeşmeler yslam üçin türkmen halky ýaly hiç bir halkyň köp iş bitirmändigini öwran-öwran nygtaýar. Has anyk aýdylanda, yslamy yslam eden, ony keseki basybalyjylardan halas eden, gorap saklan türkmenlerdir. Türkmenler yslamy diňe bir gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem onuň taglymat, aňyýet hökmünde kämilleşmeginde-de türkmen ulamalarynyň bitiren hyzmatlary çäksiz uludyr.
Abumuslym Horasany, Mawerannahry, türkmenleriň paýtagty bolan Maryny eýeländen soň Abbasylar döwletini döretdi. Şonda Kabul Abbasy Sewah ilkinji abbasylaryň halyfy boldy.
Kabul Abbasy Sefah adamlaryň gara geýinmelidigi hakynda kanun çykardy. Çünki, gara geýim gozgalaň etmegi, topalaň turuzmagy aňladýan nysakdy. Abbasylaryň din ýörişleriniň öňünde türkmen serkerdeleri durýardy. Togrul begdir Çagry begiň, Alp Arslanyň ömürleriniň köp bölegi at üstünde ýörişde geçipdi. Olar türkmen topraklaryna dolansalar-da, uzak wagt geçmänkä ýene döwletiň häkimlik edýän ýerlerini artdyrmak üçin, esasan hem yslam dini üçin ýa-da nirededir bir ýerlerdäki eden-etdilikleriň soňuna çykmak üçin ata atlanypdyrlar. Seljuk türkmen begleriniň türkmen bedewleriniň üstünde geçen menzilleriniň ýer şaryny ençeme gezek aýlanyp çykylandakysyndan hem kändigine ynanýaryn. Yslamyň atlandyrýan ýedi yklymynyň tas ählisinde diýen ýaly, türkmen hökümdarlarynyň hökümleri ýöräpdir! Olar ömürlerini ata Watandan alysda at üstünde geçirseler-de, ýurdy akylly-başly dolandyrmagyň, halkyň ösýän isleg-hajatlaryny kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelipdirler. Ybadathanalary, metjitleri gurupdyrlar.
Togrul beg ýeňişli ýörişlerini dowam etdirip, 1055-nji ýyla çenli, ýagny 15 ýylyň içinde Horezmi, Hemedany, Yspyhany, Azerbaýjany, Hindistany eýeleýär. Yspyhany özüne paýtagt edinýär. Togrul beg halyf Gaýym bin Ömrüllahyň kömek sorap ýüz tutmagy esasynda Bagdada girdi. Şol döwürde Bagdadyň harby ýolbaşçysy bolan türkmen Arslan Besasyry Togrulyň bu ýere gelmegini halamandyr we goşuny bilen Bagdatdan çykyp, başga bir halyfa – fatymy halyfyna gol beripdir. Togrul beg bularyň garşylygyny az wagtyň içinde basyp ýatyrypdyr. Ol dürli jaýlary, köşkleri gurup, özi hem köşkde oturyp, kabulhanasyny işledipdir. Bagdat halyfynyň Togrul bege ýedi sany dony üst-üstüne geýdirmegi Togrulyň ýedi yklymyň hany diýip yglan edilendigini alamatlandyrypdyr. Oňa Günbataryň we Gündogaryň soltany diýen dereje berlipdir. Togrul beg Bagdatda özi üçin guran kaşaň köşgünde 13 aý diýen ýaly galdy. Kem-kemden abbasylaryň elinde diňe Bagdat şäheri galýar. Ilhaldunyň aýdyşy ýaly, başynda bir totusy bolan, mydama şol guşy bilen gürleşip ýören halyf Bagdatda türkmen serkerdesi Togrul beg näme diýse şony ederdi. Sebäbi ol onuň halasgäridi. Halyf Gaýym bin Ömrüllah 1031-nji ýyldan 1075-nji ýyla çenli halyf bolýar.
Seljuk türkmenleriň hanedanlygy hakda gürrüň edilende Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn hakda ýörite durup geçmek gerek. Sebäbi bu zenan döwletiň şöhratlanmagynda çäksiz uly hyzmatlary bitiren aýaldyr. Togrul ýaňy ata atlanyp ýörkä, ýigrimi ýaşyň dälijesikä türkmenleriň garahany döwletiniň hany Eýmek hanyň ýanynda çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Ana şonda durşuna doguma ýugrulan bir gözel gyz ony halas edýär. Döwür-döwran geçip, Togrul uly döwletiň soltany bolansoň, garahanylarda özüni ölümden halas eden gözel gyza öýlenmek isleýär. Togrul beg gözsüz batyrlygy sebäpli ikinji gezek öz doganoglanyna ýesir düşýär. Soltanyň wezirleri, emirleri indi ony halas edip bolar diýen pikirden umytlaryny üzýärler. Täze soltan yglan edýärler. Şonda Altynjan köşkdäki ýöwsellik edýänleri zynjyrlap zyndana atýar-da, öz janpenalary bilen ata atlanýar, adamsyny halas edýär, Togrula garşy baş göterenler jezalandyrylýar. Ömrüniň paýawlandygyny, ýakynlap gelen ajaldan gutulyp bilmejegini bilip, adamsyna şeýle diýýär: «Eý, beýik hökümdarym! Meniň ömrüm paýawlady. Ýöne erkege ömür berip bilýän zenandyr, ýaş gyzdyr. Menden saňa tenekarlyk ýok. Sen halyfyň gyzyna öýlen. Şonda seniň bu dünýäňem, o dünýäňem abat bolar. Gyz endamy garry erkek kişiniň endamyna tenekardyr. Oguz han Türkmenden bäri türkmen şalary, serkerdeleri ömürlerini uzaldyp bilýän awyköwser suwunyň gözel ýardygyna gowy düşünip, zenanlara aýratyn sarpa goýup gelipdirler. Meniň ölmezimiň öň ýanyndaky iň soňky wesýetim halyfyň gyzy Seýidä öýlenmegiň. Elbetde, Muhammet pygamberiň öwlady başga milletden bolan kişilere gyz berenoklar, ýöne saňa bererler. Türkmen soltany pygamber öwlady bilen guda bolsa, dünýädäki abraýymyz hasam artar».
Altynjan adamsynyň iki dünýäsiniň hem abat bolmagy – Seýidä öýlenmegi üçin galan ömrüni, bar gujur-gaýratyny sarp edipdir. Seýidäniň ýanyna baryp Togrul soltany öwmek öwüpdir. Zenanlar bir maksat tutsalar, heý, onuň öňünde durup biljek böwet bolarmy?! Aýallar bir zat edeýin diýseler, şoňa düýrmegi bilen ýapyşyp maksatlaryna etýärler.
Togrul beg öňki gulluk garyndaşlygynyň netijesinde barha berkän dostlugyny has-da artdyrmak üçin öz paýtagty bolan Reýiň (häzirki Tähranyň ýakynlarynda) kazysy Abu Salhy Halyfyň ýanyna gudaçylyga sawçy iberýär. Halyf ilki gyzyny bermek islemeýär, şonuň üçin töläp bilmez diýip galyň hökmünde nagt 300 müň dinar we birnäçe zatlary talap edýär. Altynjan halyfyň galyň hökmünde soran bir zadyny iki edip beripdir. Türkmen bir zady maksat tutsa, almak islese, aljak zadynyň gymmatdygyna ähmiýet bermeýär. Almalymy – almaly, gutardy. Altynjan gerek bolsa has köp galyň tölemäge taýýardygyny aýdýar. Altynjan Mara gidip mas ýüklenip galyň getirýär. Togrulyň aýal dogany Hatyja hem Halyfa gelin edip berilýär. Şeýlelikde, Marydan Altynjan hatyn bilen birlikde örän köp sanly meşhur adamlar gyzy alyp gitmäge gelýärler. Togrul beg nika gijesi Seýidäni altyn tagtda oturdýar, özi bolsa kümüş tagtda oturýar. Bu nikadan soňra ol Reýe gelýär. Togrul perzendi bolmansoň, ol dogany Çagrynyň ogly Arslany ogullyga alýar, ony terbiýeleýär.
Togrul begden soň doganynyň ogly Süleýman tagta çykdy. Emma tiz wagtdan tagt Çagrynyň beýleki ogly Alp Arslana geçdi. Alp Arslan öňki iki dogan tarapyndan dolandyrylan döwleti bir bitewi imperiýa öwrüpdir.
1064-nji ýylda Alp Arslan Gürjüstany we Anadolyny boýun egdirdi. 1066-njy ýylda Maňgyşlakdaky pitneçileri basyp ýatyrdy. Jentde jaýlanan atasynyň mazaryna zyýarat edipdir.
1071-nji ýylyň 21-nji awgustynda ol Wizantiýa hökümdary Roman Diogen bilen söweşdi. Bu taryhda Malazgirt söweşi ady bilen bellidir. Garşydaşyň sanynyň köplügine garamazdan, Alp Arslan uly ýeňiş gazanypdyr. Şondan soň Anadoly türkmenleriň eline geçip ugrady. Alp Arslan ýogalandan soň, tagta 1072-nji ýylda Mälik şa geçip, 1092-nji ýyla çenli Soltan boldy. Döwletiň iň uly döwlete öwrülen döwri Mälik şanyň döwrüdir.
Mälik şadan soň imperiýa ýuwaş-ýuwaşdan bölünip ugrapdyr. Seljuk döwletiniň özi dürli geografik böleklerden ybarat bolupdyr. 1194-nji ýylda Bekeş Yrak seljuklarynyň iň soňky hökümdary Togruly Reýiň golaýynda öldüripdir.
Alp Arslan ýaşlykda atabegden serkerdelik we döwleti edara etmek tälimini alypdyr. Ýedi dili suwara bilipdir. Dünýä ylymlaryndan gowy baş çykarypdyr. Gowy şygyrlar ýazypdyr. Ol köşkdäki şahyrlaryň hem türkmençe şygyr ýazmagyny talap edipdir. Onuň durmuş ýoly hakda gaty köp şygyrlar ýazylypdyr. «Emir Alp Arslan» dessany bolsa Eýranda häzir hem meşhur, bu dessan söýlüp okalýan eser. Köşkde pars dilinde gürlemek dereje bilnipdir, pars, arap dilinde gürlemegi köpler sowatlylyk, dereje hasaplapdyrlar. Alp Arslan ine, şu nysagyň aradan aýrylmagy üçin çalşypdyr, özi türkmen dilinde gürläpdir, emirlerinden hem türkmençe gürlemegi talap edipdir. Günbatardaky seljuk türkmenleriň tabynlygyndaky ülkelerden tapylan iň gadymy türkmen şygyrlary seljuk şöwesinde ýazylypdyr. Alp Arslan 1072-nji ýylda Buhara beglerini boýun egdirýär. Ýelim şäherini alýar. Ol ýerde goşun serkerdesi bolan horezmli Ýusuby tutup, onuň huzuryna getirýärler. Soltan ony gödek hereketleri, dönükligi üçin dardan asmagy buýurýar. Ýusup hem hanjaryny çykaryp, Alp Arslanyň üstüne topulmakçy bolanda ony tutýarlar. Beýik soltan batyrlyk edip onuň goýberilmegini emr edýär. Pursatdan peýdalanyp, Ýusup hanjary bilen ýene soltana topulýar. Soltan tagtdan turup ýetişmänkä hanjar böwründen sanjylýar. Elbetde, Ýusup tutulýar, öldürilýär. Bu ýagdaý Alp Arslanyň ölümine sebäp bolýar. Ölüminiň öň ýanynda beýik soltan şeýle diýýär: «Bir wagtlar bir garry maňa şeýle öwüt beripdi: «Hiç kimi özüňden kem görmegin, nebsiňe çapyp, kuwwatyňa buýsanma». Bu iki nesihaty soňky döwürlerde berjaý etmedim. Düýn beýik bir depä çykyp seredenimde esgerlerimiň köplügi meniň garşyma hiç kim durup bilmez diýen pikiri hyýalyma saldy. Öz güýjüme buýsanyp, Ýusuba göwnüýetmezçilik etdim. Ynha, indi soltanlaryň gudratynyň ýazgyda kär edip bilmeýänligini gördüm. Öz eden hatam sebäpli ölýärin».
Alp Arslan 40 ýaşynda ölýär. Maryda jaýlanýar. Alp Arslan adyl, jomart, merhemetli beýik soltandy. 200 hökümdar hem şazada onuň aýagyna ýykylypdyr. Hakyky ady Soltan Alymeddin Arzuw Döwle Alp Arslan Mahmyt bolupdyr. 9 ýyl höküm sürdi. Alp Arslan bilimi ösdürmäge uly ähmiýet beripdir. Bu beýik soltanyň esasy aýratynlygy öz milleti türkmenleri söýmegidir. Hatda halyflar tarapyndan berlen arap atlarydyr lakamlaryny hem ulanmandyr. Şol döwür köp adamlar milletini ýitiripdir. Şam, Yrak iň azyndan müň ýylyň dowamynda türkmenleriň gol astynda bolupdyr. Türkmençe ýazgy köşkde ulanylan täk dildir. Hatda Jelaleddin Möwlany Rumynyň dili hem türkmen dilidir. Seljuk türkmen hanedanlygy ilki döwürlerde türkmen dilini ulanypdyr. Soň-soňlar pars diline ýykgyn edip başlapdyrlar. Köp wagt geçenden soňra ýene türkmen dilini rowaçlandyrypdyrlar. Emma musulmançylygyň netijesinde gündogar türkmenleri bu täsirden çykypdyr. Pars dili üstün gelipdir. Garaman begi bolan Mahmyt beg türkmençäniň ulanyşdan galyp barýandygyny, munuň millet üçin howpludygyny duýan we oňa garşy göreş alyp baran şahsdyr. Sözüň gysgasy, ol döwürlerde Anadolyda seljukça diýen dil ýokdy. Bu gün hem osmanlyça diýen dil ýok. Diňe olaryň ikisi-de türkmen dilidir. Osmanlylaram oguz neberesi ýaly oguz türkmenlerindendir. Osman Gazynyň aýdan şeýle bir bendi bar: «Osman, Ärtogrulyň oglusyň, Oguz Garahan neslisiň». Hazar deňzinden Pars aýlagyna, Hytaý serhetlerinden Ortaýer, Ak deňzine, Egeý deňizlerine we Gara deňzine çenli uzalyp ýatan aralyk seljuk imperiýasynyň tabynlygynda bolupdyr. Türkmenleriň şu imperiýasy Mälik şa zamanyna çenli özüniň bitewüligini gorap gelipdir. Mälik şanyň ölüminden soňra ägirt uly türkmen döwleti dört bölege bölünýär. Ine şonuň dörtden birem Anadoly Seljuk türkmenleriniň döwletidir. Bu bölek Hyrat derýasyndan Stambula, Şamyň serhetlerinden Gara deňze çenli topraklary öz içine alýardy. Anadolyny eýelemeklik Mälik şa zamanynda tamamlanypdy. Anadoly türkmenleri ilki Izmir şäherini, soňra Koniýany paýtagt edindiler. Şol sebäbe görä bu döwlet Koniýa seljuk türkmenleri diýen ada eýe bolýar.
Seljuk imperiýasynyň iň soňky hökümdary Soltan Sanjardyr. Sanjaryň Balhda bellän häkimi Kumaj oguzlaryň-türkmenleriň bu ýerlerden çykyp gitmeklerini talap edipdir. Türkmenler şol wagt Sanjaryň aşhanasyna ýylda 24 müň goýun salgyt töleýän ekenler. Paç ýygnaýjy olara azar baryny beripdir, artykmaç mal talap edipdir, ýerliksiz ýaşululara yrsarapdyr. Munuň türkmenleriň degnasyna degendigi bellidir. Şol sebäpden olar paç ýygnaýjyny ýitirim edipdirler. Bu bolsa olaryň üstüne Sanjaryň goşun çekip barmagyna sebäp bolupdyr. Sanjaryň goşuny 100 müň esgerden ybarat bolupdyr.
1153-nji ýylyň martynda çarwa türkmenler Soltanyň agyr goşunyny derbi-dagyn edipdirler. Beýik imperiýanyň hökümdary masgara bolup öz kowumdaşlaryndan gaçypdyr.
Gahar-gazaby köşeşmedik çarwa türkmenler Mara ýöriş edip, şäheri bir zarbada eýeläpdirler. Olar Sanjary ýesir alyp, şäheri-de talapdyrlar. Sanjar tagtynda oturypdyr, ýöne onuň hiç hili erk-ygtyýary bolmandyr. Çarwalar onuň adyndan höküm edipdirler.
1153-nji ýylyň dekabrynda çarwalar Nişapura gelipdirler. Ony erbet talapdyrlar. Olar nirä gitse, Sanjary hem alyp gidýän ekenler. Sanjar üç ýylyň dowamynda çarwa türkmenleriň arasynda göz tussaglygynda ýaşamaly bolupdyr. Diňe 1156-njy ýylyň oktýabr aýynda Aý Aba diýen bir egindeşi Sanjary saklaýan çarwalaryň gözüne güýdüşip, ony gaçyryp goýberipdir. Sanjar şeýdip Balhdan Termeze gaçýar. Soňra bolsa öz paýtagty Mara barýar.
Ýesirlikden boşanyndan 7 aý soň Sanjar gaýgy-hasratda aradan çykypdyr. Şeýdip beýik Seljuk imperiýasy derbi-dagyn boldy. Munuň özi meniň türkmen taryhyndan getirip çykarýan bir pelsepämiň aýdyň tassyklanmasydyr: türkmen döwletini hiç mahal daşyndan gelip ýykyp bilen bolmandyr, ony hemişe içki agzalalyk, oňşuksyzlyk ýykypdyr. Elbetde, şu anyk wakada günäniň kimdedigini anyklap oturmagyň hiç hili manysy ýokdur. Günä bir zatda – oňşuksyzlykda we agzalalykdadyr. Şonuň üçinem biz türkmen taryhynyň şu aýratynlygyny şu gün üçin hem, geljekki syýasy durmuşymyz üçin hem esasy sapak edinmelidiris.
Beýik seljuk türkmen imperiýasy musulman Gündogarynyň taryhynda düýpli öwrülişik, galkynyş zamany boldy. Köp alymlar muňa Gündogar Renessansy, ýagny Gaýtadan Döreýiş zamany diýýärler. Elbetde, muňa garşy çykmak niýetim ýok. Ýöne bu pikir bilen baglanyşyklylykda şu hakykaty nygtamak isleýärin. Ýokarky pikir döwrüň umumygündogar ösüşiniň çäklerinde, elbetde, dogrudyr. Ýöne hakykatyň bir bitewüligine garamazdan, onuň dürli aýry-aýry jähetleri bolýar. Degişli pikir şol beýik ösüşiň umumyyslam, umumygalkym jähetine degişlidir. Men bolsam ösüşiň hut milli jähetine ünsi çekesim gelýär. Şu tarapdan bolsa, Beýik Seljuk Galkynyşyny, hakykatdanam, türkmeniň milli Galkynyşy, hakykatdanam, türkmeniň milli Galkynyşy bolup durýar. Ýöne degişli döwürde türkmen diňe bir özüni ýokary götermän, eýsem tutuş yslam älemini hem ýokary göterdi.
Bütewi galkymyň düzüminde harby, syýasy, medeni, ruhy synalaryň hersiniň öz orny we özara tebigy gatnaşyklary, baglanyşyklary bolýar. Seljuk Galkynyşy türkmeniň bäş müň ýyllyk baý taryhynda bolup geçen ençeme milli Altyn zamanlaryň biridir. Men bu zamanyň harby we syýasy binýady hakynda aýdaýyn. Geçmiş babatynda üýtgeşik harby güýç-kuwwat hem-de syýasy rüstemlik, ýaşaýşa artykmaç ukyplylyk diýmek nämedir? Munuň özi dünýä taryhynyň çürbaşyna çykmak üçin Hudaý tarapyn millete berlen güýç-kuwwat diýmekdir. L.I.Gumilýowiň dilinde muňa passionarlyk diýilýär. Elbetde, ol şeýle güýç-kuwwaty, taryhy ýaşaýşa üýtgeşik ukyplylygy tebigat, tebigy hadysalaryň baglanyşykly netijesi hökmünde garaýar. Meniň bu taglymaty inkär etmek pikirim ýok. Ýöne meseläni has uly jähete getirip, meselä has aňyrdan seredip şeýle diýmelidirin: eýse tebigatyň aňyrsynda-da Beýik Ruh ýatýar ahyryn. Madda, şol sanda tebigat hem Ruh babatda ikilenji we ikileýinji zatdyr. Onuň kanunalaýyk netijesidir. Ýogsa-da, gaznalylaryň irki seljuk taryhyny ýazan taryhçylar seljuklaryň passionarlygyny ykbalyň hökmürowanlygy diýip kesgitläpdirler. Nähili atlandyranyňda-da, mazmun, hakykat birdir! Beýik Allatagala seljuklara taryhyň gidişini kesgitläre beýik taryhy energiýany, gujury berdi. Muny öz döwründe entek hiç bir ynsan ogly aňlamanka, beýik ýagşyzada Abu Sahyt Mähneýi bilipdir we seljuklara dünýäni almaga ak pata beripdir.
Beýik Seljuklar yslamyň serhetlerini giňeltdiler, hut şolar mynasybetli yslam dünýä möçberindäki syýasy-galkym hadysasyna öwrüldi. Hristiançylyk bilen taryhy bäsleşikde yslam Seljuklar mynasybetli doly üstün çykdy. Munuň özi taryhy geljek babatda nämäni aňladýar? Munuň özi edil müň ýyldan soň, ýagny häzirki döwürde yslam galkymy dünýäniň ykbalynda we durmuşynda nähili orun tutýan bolsa, beýle orun üçin bu galkym hut türkmenlere, seljuklara minnetdar bolmaly diýildigidir.
Beýik seljuk-türkmen syýasy-taryhy galkynyşy meselesinde bu hadysanyň düzüminde dini we milli gatançlaryň gatnaşygy diýen zat derwaýysdyr. Mundan biziň şu günümize, milli mertebämize we milli duýgularymyza dahylly amaly ähmiýetli hakykatlar gelip çykýar. Sowet döwründe taryhçylarda türkmen hem-de seljuk diýen düşünjeleriň arasynda çäk goýmak meýilleri bardy. Şeýle meýil anyk pikirlenmelerde, iş ýüzünde seljuk türkmen däldir diýen juda gödek pikir görnüşlerinde ýüze çykarylýardy. Eýsem-de bolsa, şeýle diýmäge hakykatyň özünde heý bir esas barmydy?! Elbetde, hiç hili esas ýokdy. Munuň özi diňe türkmeniň şol gününe – beýle taryhy pikiriň ýaňzydylýan gününe bolan göwnüýetmezçiligiň onuň müň ýyl ozalky geçmişine geçirmekden başga hiç zat däldi. Şeýdip, seljuklary-da, olaryň taryhy hyzmatlaryny-da türkmene rowa görmän, başga-başga milletleriň adyna bermek islegi amala aşyrylypdy.
Şeýle tersin meýil türkmen taryhyna garaýyşda has öňler hem bolupdy. Munuň özi ownukçyllyga, bähbitçillige esaslanyp, türkmeniň bitewi taryhy keşbini görüp bilmekden ejiz gelnenligi sebäpli bolýardy. Aýdaly, baryp XVII asyrda Abul Gazy «Türkmeniň şejeresinde» şeýle ýazypdy: «Seljuklar türkmen bolup, garyndaşymyz diýip, ile we halka peýdasy degmedi». Elbetde, bu pikirde ownukçyllykdan başga bir zat görünmeýär. Bu bir göwni galanyň gürrüňine meňzeýär. Seljuklaryň türkmene degen peýdasynyň manysy nämeden ybarat? Olar türkmeni yslam äleminiň hökmürowanyna öwürdi. Syýasy belentlige galdygyça, seljuk diýilýän hadysanyň mazmunynda gaýry yslam milletlerine mahsus alamatlaryň peýda bolup ugramagy onda türkmenligiň azalandygyny aňlatmaýar. Seljuk hadysasynda türkmeniň täze syýasy-taryhy sypatlary we çuňňurlyklary açyldy. Ol türkmenliginden başga bir zada öwrülenok-da, eýsem milletiň dünýä hadysasyna öwrülmegi mynasybetli täze bir ýüzüniň, jähetiniň açylmagydyr. Beýleki milletleriň taryhynda hem şeýleräk hadysalar bolup geçipdir. Aýdaly, rus taryhynda Pýotrdan öňki ruslar, Pýotrdan soňky ruslar bardyr. Pýotr milletini taryhy ösüşiň täze bir ýoluna atardy, netijede rus milletiniň mazmuny ep-esli üýtgedi.
Şeýle taryhy öwrülişik bizde XI asyrda – Beýik Seljuklar zamanynda bolup geçdi. Togrul bilen Çagrynyň döwletlilige bolan yhlasy we ukyby olary şol döwrüň oguz-türkmenleriniň beýleki bir görnüşdäki öňbaşçylaryndan – Gyzyl, Buga, Ýagmyr ýaly taryhy geljegiň gamyny iýmedik, bir güni bilen ýaşan öňbaşçylaryndan düýpgöter tapawutlandyrýardy. Bu iki ägirt türkmene döwletliligi bermek bilen onuň milli geljegini kepillendirdiler.
Beýik seljuk-türkmen medeniýeti dünýä ähmiýetli medeniýetdir. Bu döwürde seljuklaryň ýurdy edara etmekdäki deňsiz-taýsyz demokratiýasy, adyllygy netijesinde ýurduň ykdysadyýeti ösüp, abadançylyk höküm sürdi. Hususy eýeçilik gatnaşyklary özboluşly görnüşde – ikta görnüşinde döwlet tarapyndan kepillendirildi. Şu netijede bolsa syýasy häkimlik bir şahsyň ýa-da bir neberäniň däl-de, giden bir barly gatlagyň bähbitleriniň aňladylmasy bolup ýüze çykdy. Bu zatlaryň bary-da öz gezeginde ruhy göterilişiň alamaty bolan medeniýetiň gülläp ösmegine getirdi. Seljuklaryň syýasy edara ediş medeniýeti şeýle bir derejä ýetdi, hatda beýik Soltan Alp Arslan döwletde gizlin gulluk diýilýäni ýatyrmaga çenli barypdy. Beýle demokratiýany şol zamanyň hiç bir döwleti bilen däldir. Seljuklaryň syýasy ukyplylygy we syýasy taglymaty beýik wezir Nyzamylmülküň «Syýasatnamasynda» giňişleýin beýan edilendir.
Ýurdy dolandyrmakda türkmen dili bilen bir hatarda, arap we pars dilleri uly orun aldy. Çünki arap dili – seljuk medeniýetiniň ylmy dili, pars dili bolsa onuň edebi dili bolupdy. Bu ýerde degişli diller haýsydyr bir hususy milli dil derejesinden ýokary göterilýär we täze bir hile eýe bolýar. Seljuk döwletiniň onlarça ajaýyp şäherlerinde beýik-beýik ylym hem debiýat ojaklary döräp, medeniýetiniň gülläp ösmegini alamatlandyrýardy. Beýik alymlar Abu Hamid al-Gazali (1058 – 1111), Omar Haýýam (1048 – 1121), Abul Kasym Mahmyt Zamahşary (1074 – 1143), Mahmyt Kaşgarly, beýik şahyrlar Hoja Ahmet Ýasawy, Emir Muizzi, Enweri, Esedi, Azraky, Baba Tahyr, Abul Haýyr Mehneýi, Ferideddin Attar, Sanaýy, Abdylla Ensary, Fahreddin Gürgeni, ýene-de onlarça alymlar, şahyrlar, sungat işgärleri seljuklaryň öňe çykaran medeniýetiniň miwesidir. Munuň özi bitewi bir seljuk medeniýetidir. Ol ruhy medeniýetde pelsepe hem, dini ylymlar hem, sufizm hem, dünýewi ylymlar hem, sungatyň we edebiýatyň dürli-dürli görnüşleri hem gülläp ösüpdir. Olaryň her biri aýratyn bir iş ýazmaga mynasyp ägirtlerdir. Bu zamanda türkmen ruhunyň sufizm, felsefe ýaly düýpli hadysalary ýüze çykdy. Sufizm yslam bilen yslamdan öňki türkmen dini ynançlarynyň gatyşygyndan emele gelse, felsefe yslam bilen ýunan medeniýetiniň özboluşly sepleşigidi. Şeýle ruhy görnüşleriň düýpli derňewleri seljuk-türkmen dünýäsiniň içki barlyklaryny açmaga, ol beýik medeniýetiniň dünýä ösüşindäki gymmatyny we gaýtalanmazlygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer. Iň esasy zat bolsa – bular bize özümize düşünmäge, özümiziň XII asyrdan soňky taryhymyza we ruhumyza düşünmäge ýardam eder. Şeýdilse, türkmeniň ruhy-taryhy bitewüligi soňky müňýyllygyň tutuş dowamynda öňli-soňly dikeldiler.
Seljuklaryň syýasy we medeni bitewüligini bir özboluşly hadysada görüp bolýar! Örän köp seljuk soltanlary diňe bir medeniýetiň, sungatyň gadyr-gymmatyna düşünen adamlar bolman, eýsem özleri-de çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Olardan Soltan Sanjar, Jelaleddin Mälikşa, onuň ogly Soltan Muhammet, Arslanyň ogly Togrul has hem zehinli we meşhur bolupdyrlar. Olar köplenç şol döwrüň esasy edebi dili bolan pars dilinde ýazypdyrlar.
Beýik seljuk türkmen döwleti milletimiziň öçmejek şöhratynyň, ömürbaky buýsanjynyň alamaty bolup asyrlardan asyrlara şöhraty ýaýrap gider.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar