10:17 Şükürliniñ işi haýyr | |
ŞÜKÜRLINIÑ IŞI HAÝYR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Dar gursak ynsana dünýä darmyşyn, Kanagatly kişä Alla ýarmyşyn, Şükür etgin duşan bolsaň betere, Beterinden beteri-de barmyşyn. Gadymy zamanlarda Harun al-Reşidiñ döwründe Bagdada barýan kerwene daklyşyp ussat pirlik derejesine ýeten Zeýir atly bir derwüş hoja "Hem syýahat, hem zyýarat” diýip ýol rowana bolup gidipdir. Bu derwüş hemişe hudaýa sygynyp, hat-da düýşlerinde Allatagalla bilen söhbetler eder ekeni. Günlerde bir gün ýol azaby bilen göreş gurap barýan hojanyň öňünden bir baý musulman bende çykyp onuň bilen saglyk amanlyk soraşypdyr. - Essalawmaleýkim, keramatly kişi. Pir onuň bilen soraşyp: - Waleýkimessalam, öý içeri, dost-ýarlar sagmydyr. Soragçy: - Şükür. Taňra müňde bir şükür - diýipdir. Soňra soragçy: - Eý gudratly pirim, Allanyň peşgeşi bilen ine şu derejelere ýetdim. Her bir demim-de, ykbalymyň ýagşy ýamanynda diňe şükürli ýaşadym. Elime bir teňňe düşse ile paýladym, emma meniň özüme ol paýlanlarym on bolup yzyna gaýdýar. Ine görüp durşuň ýaly baýlygymy hiç azaldyp bilemok näme etsem bolar. Men ahyrýetden heder edýärin. Meniň şu aýdanlarymy bir Beýik Allama ýetirip, maňa bir jogap bermeseň bolmaz - diýipdir. Pir agyr kerwen bilen gidip barşyna ýene bir musulman bendäniň üstünden bardy. Görse bu kişi boýnuna çenli guma gömülipdir. Soňra bende derwüşe garap: - O näme üçin Allatagalla bendelerini deň görmeýär. Birini tütjar baý, birini bolsa ýykma garyp edip dünýä inderýär. Biriniň eden işine şowlulyk, beýlekisine bolsa betbagtçylyk berýär. Ine meni alyp göreli bu durmuşda hiç bolluk görmedim bir garnym aç, bir garnym dok ýaşadym. Göreşdim emma netije bolmady. Ahyrynda ine görüşiň ýaly hatda geýimsiz galdym. Sen aýt goý Taňry adyl bolýan bolsa hemmäni deň edip ýaradyp adalatly bolsun. Sen ondan meniň hem haçan baýajakdygymy sora - diýipdir. Derwüş hoja bu ýolda bu ikisiniň hem gürrüňini diňläp, Allatagalla nalyş edip, bularyň soragyna jogap beripdir. - Ynsan Allanyň söýen bendesidir. Ýaşaýan durmuşuňa başyňa inderilen her bir işe kanagtlanma, sabyr bilen jogap gaýtarsaň, şükür etseň onda bu bendäniň işi hem durmuşy hem ahyrýeti hem oňuna bolar. Bu bendämiň kalbynyň baýlygy sebäpli ol durmuşda hem özüniň sabyr kanagaty bilen baýlyga eýe boldy. Emma sen welin şükür diýen sözi bir gezek hem agzyňa almadyň. Gaýtam bolar-bolgusyz pikirler bilen kalp göziňi kör, diliňi lal, gulagyňy güň etdiň. Şonuň üçin seniň durmuşyňdan bagt we şowlulyk ýüz öwürdi - diýdi welin ýaňky garybyň gömülip ýatan çägesi ýel bilen sowrulyp, ýaňky bende çüp-ýalaňaç galypdyr. Ine, her bir işiň beteriniň bardygyna düşündiňmi? Sen her bir zada şükür edeniňde bu belalara ýolukmazdyň. Beýik Allanyň merhemedi giň! Häzir hem bolsa toba edere maý bar. Şükür et şu dünýä-de ýaşaýanlygyňa hem- diýip derwüş bulara jogap berip, ýene-de älemiň syrlaryny öwrenmäge uzak ýollara rowana bolupdyr. Toýly MUHAMMETDURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |