SYNAG
—Hä, Soltan coluk, senem indi etenelikden saýlanyp,ucrum boluberdiň. Şu gün agşam mallary otara özüň alyp çykaýmaly borsuň-da. Kerim çopanyňam yzyna köwlenmeli mütdeti –hä doldy welin, entejigä gara berenok. Aý, Kerimdir-dä, çemeli söhbetdeş tapsa, birki günüň neneňsi geçeninem aňşyrmaz. Geplemsegräk diýmeseň, polady ýumşak adam-da. Üstesine-de, äwmezek, dünýäni sil alsyn topugyndanam däldir. Tüýs töwekgeliň işini Alla öňarar diýilýänleriň hilindendir. Göwnüne görä-de bolýa, tutan işini oňarmanam duranok. Tüýs çolüň adamy, ýeke bol, iki bol tapawudy ýok. Içiňi gysdyrmaz. Men-ä oň bilen gaty öwrenişirdirin. «Içigüjükli» bolmansoň, ownuk-uşak tyýkyramalaryna çydap ýörün.
Çary Halyl gürrüňini böldi-de elindäki kesewi bilen söneňkirlän ody dörüp, ýyldyraşýan közleri çigräp oturan taňka tarap itekleşdirdi.vGürrüňine aňalyp oturan çepiksizragem bolsa, edenli görünýän çolugynyň eýýäm güne gaýzygan ýüzüne aşaklyk bilen syn etdi. Soňam lasyrdap daş-töweregine syçrap ugran taňkany özüne tarap çekmäge hyýallandy. Emma çoluk öňürtdi. Ol ýerinden tarsa turdy-da, tutaçsyz zatsyz taňkany bir gyra süýşürdi. Asyl reňkinden derek galman gataňsy bir zada öwrülen,telim gezek gödeňsi sapak bilen gyralary ýabşyrlan çaý haltanyň büzmegini açyp içindäki gemre çaýdan bir düwürini taňka oklady. Hol gapdalda çägä bulaşyp ýatan tutajy tokgalap, taňkanyň agzyna dykdy.
Çolugyň hereketleri Çary Halyla ýaramadyk bolarly. Ol gür gaşlaryny çytyp, seňrigini çala ýygyrdy. Onuň bolşuna gözi düşen çoluk aljyrady. Çary aga ýagşydan-ýamandan söz gatmasa-da, onuň hägileligini aňan çoluk üzlem-saplam gepledi:
—Bagyşla, halypa, men...neme... howlukmaçlyk edip...
—Çol harsallygy, halamalygy halaýan däldir...
Halypasynyň bu sözlerine çolugyň ýüzi gyzardy. Ol taňkanyň agzyndaky dykyny çaltlyk bilen aýyrdy-da, ony bir gapdala silkip göýberdi. Ýaňy demlenen çaýyň howruny eýýäm özýne siňdirip ýetişen tutaçdaky gumbaýraga öwrülen çage daş-töwerege pytrap gitdi.
«Ýaş çopanyň ugran ugruna eline kakyp otursam, lellim bir zat bolaýmasyn» diýip, içinden pikir öwren Çary Halyl derrew gürrüňiň hörpüni başga ýerden tutdy:
—Men bu zatlary häki bir gepiň gerdişine aýdaýdym. Herhal, bolşuň ýaly boluber. Seni wagt öz synagyndan geçirer. Sähel salymda, şatylap duran dogumly ýigdekçä öwrer. Onsoň öňüňde döw dursun.
Halypasynyň bu sözleri Soltan üçin edil «jana»diýlene döndi. Hälki ýegşerip oturan ýigit edil billenen ýaly boldy. Halypasynyň ýüzüne hoşallyk bilen garady. Onuň bu bolşundan many agtaryp oturan baş çopan,hälki gürrüňiniň yzyny degişmä ýazdyrdy:
—Be Soltan jan, bu gün agşam sürini örä özüň çykarmaly bolarsyň- diýdim welin, bir hili hereketiň üýtgän ýaly bolaýdy. Aljyraňlylyk aralaşdymy,nämemi galagop görnüp başladyň. Göwnüme bolmasa reňkiňem agyp-dönen ýaly bolaýdy.
Halypasynyň mylaýym degişmesine çoluk ýazylyp-ýaýrady:
—Göwnüňizedir,Çary aga!
—Şeý diýeweri, inim!Ýögsam menem bir aladaçyl adamdyryn. Sähel zada gysylybermämem ýok däldir. Ýaýdanmagyn, ýaş janyň bar. Nirä diýseler atylan ok ýaly bolgun. Gaýtmyşyň bolmasyn. Könelerimiz ähli zady görmäge gara başym aman bolsun»diýipdirler. Görübermeli,öwrenişibermeli. Goýun diýlen janawar-a, bir pirli maldyr.Ugrundan gopsaň – gopmasaň seni ýeldenem, ýagmyrdanam, aňzakdanam, ownuk uşak mör-möjekdenem gorar. Ýöne ugruny bilmeli-dä,her haýsynyň.
Käsesine guýan çaýyny soňuna çenli owurtlan Çary Halyl,demini alyp duran taňkadan ýaňadan çaý guýundy. Elindäki çygar çop bilen ojagyň külüni çermeşdirip oturan çolugynyň ýüzüne garady. Özüne dikilen hazary aňan Soltan uzyn-uzyn ýuwdundy. Soňam ony bildirmejek bolýan ýaly ysgynsyzja ardynjyrady. Onuň bolşuna nebsi agyran baş çopan içinden özüne käýindi:
—Ýeri, adam terbiýeledigiňmi, şü,takal baryny okap oturşyň-a Kerim çopandan oňňullygyň ýok.
Çolugyň çalaja saňňyldyly sesi bilen aýdan sözleri Çary çopany hasam ýumşatdy.
—Arkaýyn boluň, halypa.Çölüň abyny-tabyny alarça bolaýdyk öýdýän.Näme diýseňiz şo bolar...
Çary Halyl içini gepletdi.»Şu günki synaglardan geçişiňä ýabygorly. Bilip goýanymyz ýagşy. Soňa nepi deger.Düňle çölüň sapaklary başbermezekleri mugyra getirenini kän görendiris. Salygowşaklaram edil çeňklenen ýaly edýandir öz-ä. ..
Gün öýleden agyberende howa birneme üýtgedi.Güýzüň ahyrlap gyşyň golaýlaýandygyny duýdurýan sowujak şemal iýniňi tikenekledýänem bolsa, entek gaçara-kowara maý bar hasap edýän çoluk goş-golamyny ýygnap ugrady. Goşdaky keçe oýlugy eline alyp saldarlap gordi, soň egnine atdy. Soltanyň kiçijik göwresi ullakan oýlugyň içinde tas ýiteňkirläpdi. Ol muny duýan dessine oýlugy hasyr-husur düýrleşdirip, çalmaryň üstünde oklady. Oňa derek ýeňiljek ýapynjany goltuklap, goşlarynyň arasyna goýdy.Beýleki gerek zatlaryny,azyk-suwlugyny jemleşdirip ykjamlady.Soňam eşegine ýükläp,gaçaýmaz ýaly berkleşdirdi. Bu hereketleriň näme sebäpden edilýändigine werziş bolan eşek, ýüzüni aşak salyp, eýýäm örüp, birmenzile ýeten süriniň yzyndan ýorgalap ugrady. Çolugam egri taýagyny egnine atyp, ýola düşdi.Diňe Garabaş guýrugyny bulaýlap, gulaklaryny üşerdip, Çary Halylyň buýrugyna garaşýandygyny mälim edýän şekile girdi.Çary aga itine ýüzlendi:
—Sen meniň bilen galyber, Garabaş!Sen maňa düşünseňem, goluk düşünmedi.
Ikimiz haýalrak ýola düşeris. Entejik dynjyňy alyberseňem bolar.
Garabaş öýkeli ýaly bir gapdala bakyp, ýaýdanjyrady. Çary aga sözüni dowam etdi:
—Ýeri, bolýa, bar, olar bilen bir menzile git.Çoluk adyňy tutup gerekläbermese, gözüne güýdüşip, yzyňa gaýdyber. Sen muňa ökdä ahyry!
It hamana adam diline düşünýän şekilli bir «wof» etdi-de,gyýtaklap süriniň gidentarapyna selkilläp ugrady.
Çary Halyl ýola giç çykdy. Bu wagt eýýäm howanyň geň gylygy ýokdy. Gije ýarymdan soň ýel ugruny üýtgetdi, güýçlendi.Ýerden göge sowrulýan çäge göşzüňi açara maý berenokdy.Goýunlar otlamaga-ha däl, özlerini saklamaga-da gurbat tapanokdylar. Süriniň yzynda ylgap, halys lejigen çolugyň sesi gyrlypdy. Agzy-burny çägeden ýaňa gyçyrdap durdy. Goýunlaryň birdenkä şemalyň ugruna güpürdeşip öwrülmegi Soltany aljyratdy. Onuň «Dolan, aýlan, Garabaş ýet»diýýän sesi özünden uzaga gitmän garaňka siňýärdi. Ol öz buýrugynyň hiç zada täsir etmeýändigini hem aňmaýardy. Bir salymdan halys ýeke galandygyny, goýunlaryň, hatda üsti goş-golamly eşeginiň hem şemalyň ugruna gidendigini býilip, hasam aljyrady. Indi oňa elindäki çopan taýagam agyr bolup görünýardi.Ol şemalyň ugruna ylgap başlady.Ýap-ýaňam ysgynsyzja bolsa-da gulagyna gelip duran jaň sesem kesildi.Dodaklary gurap, dili agzynyň içinde öwrülmedi. Ses-seda çykmady. Çoluk indi bolan, boljak wakalary kellesinde aýlap,özüni hyýalynda daşyndan gürleýän şekilde hasaplaýardy:
—Ýagşam bir, çole öwrenişipsiň. Bir gijäň içinde it masgarasy bolduň. Hany goýun, hany it. Hany üsti ýükli eşegiň?Özüňem-ä nirä ýetjegiň belli däl. Ber habaryňy. Şu zeýilli dygysyz güýçli ýelde goýunlaryny boldürip, aňňalak gapyp ýören emelsiz bolduň oturyberdiň.Wah,özüm-ä owarram-la. Çary aga ýaly abraýly çopanam ile betnam etdim-ä men.
Agyr oý-pikirler çolugyň ysgyn-mydaryny aldy. Ol indi ejizläp başlady. Gepi-sözi üýtgedi:
—Wah, haçan men çoli görüpdirin. Haçan gije sürüni örä çykarypdyryn. Çary aga jan, özüň-ä bilýäň meň entek gögele, agzysary oglandygymy? Ýeri, şu günjük meň bilen gaýdyber-dä, örä. Şeýle boljagyny ýaňzytdyňama öwran-öwran.Ýa köneleriň «Ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň, salyp ur» diýenlerini edäýdiňimi? Eý, Alla!
Entirekläp gelşine çoluk gabat garşysynda gögerip,oturan uly çerkezi süsüp bir gapdala agyp gitdi. Şemala püri-pudagy bilen ýegşerip oturan çerkeziň düýplerini eli bilen sermeşdiren çoluk onuň ygyna çeçip, biraz ynjaldy.Hamana ýel gowşan ýaly boldy.Ol hiç kim eşitmedigem bolsa, küpür geplänine ökündi:»Öz ysnatlygyňy ilden görjek bolmasan-a.»
Ol çerkeziň düýbinde ymyzgandy. Daň saz beriberende ýalpa gözuni açdy.Hasanaklap ýerinden galjak bolanda üstüne atylan agyr oýluk päsgel berdi. Ol düýşüdigine, huşudygyna göz ýetirip bilmän, zordan ýerinden galanda,taýak atym ýokarda süriniň tegelenip ýatandygyny, Çary Halylyň köne, çäge basaňkyrlan çalmaryň içinde çaý süzüp oturanyna gözi düşüp, utandy.Ol ylgaşlap barşyna halypa çopana ýüzlendi:
—Salawmaleýkim, halypa!
Çary Halyl hiç zat bolmadyk ýaly jogap gaýtardy:
—Waleýkimessalam,inim!Aman saglykmy?
Soltan çoluk sürüniň daşyndan ylgawyny ýazdyrmam iki gezek aýlandy. Soňam halypasynyň ýanyna gelip, müýnli gepledi:
—Süri az görünýä welin, bölünäýen-ä däldir-dä halypa?
—Ýok inim, malymyz baş bitin.Hergiz bilip goýun, uly ýelde çoýunlar biri-birine şeýle ýakyn ýataklaýandyrlar. Bilmedik bölünäýendir öýdüp basga-da düşe düşäýer. Malyň yzyny eýgerip, içine özüňi atyp ýetişen bolsaň, senem beýle horukmazdyň. Zyýany ýok .Aýtdym-a «çölüň synagy köpdür» diýip. Nirede näme hata goýbereniňi unutmasaň, şeýle ýagdaýda indi kösenmersiň!
Köpi gören halypanyň hoşamaý sözlerine çoluk ähli ýadawlygyny unutdy.
Çopan ody
— Çopan ody-diýseler, diýibersinler. Tutaşdyrlyk pisint ýalaň ot-çöpden bir goltuk üýşürip, üstüne-de 3-4 sany jomursak çüýrüntgini atanaklaýyn ataga-da otlap goýberersiň welin, dünýäň ýaza dönäýer. Salym geçmänkä mis tüňçäň lakyrdap ses edip durandyr. Çaýyň demini almanka ot söneňkirlär. Arkasyna bir garyş çygar çybyk diräp goýan el ýaly ýernanyň kakabam ýetişmez. Ot eýýäm sönüp, küli gaýmalaşyp başlar. şoňa syn kylyp ýürekse edinip, bokurdagyňy öllärsiň. şoň bilen çopan odunyň ömri gutarmalydyr — diýip, Çary Halyl täze gelen çolugyna gözüniň gyýtagyny aýlady.
Soltan çoluk aljyrady. Ýakmak üçin üýşüren odunyna seredip, ýygryldy, utandy. Küme ýaly bolup üýşüp duran sazagy bir gapdala oklap goýberesi geldi. Emma eýýäm giçdi. Aşakdan berlen oduň dili ýokarlarda köw-söw edip, özüniň bardygyny bildirýärdi.
— Bilmeseň bilip goý, inim, senem-ä çöli, çopançylygy şu gün görmeli däl. Eňegiňe gyl dürterip başlaly bäri malyň yzynda. Aý, hawa-da, «alan terbiýäm şu» diýmegiňem ähtimal. Ýöne gowy zady aljak, götergilejek bolmaly — diýip, Çary Halyl mylaýym ýylgyrdy.
Soltan sesini-üýnüni çykarman diňleýärdi. Özüniň ozalky çolukçylyk eden ýerinde ýagdaýyň başgaça bolandygyny aýdasy gelip «içini it ýyrtsa-da», «mert bolmaly» diýen pikir süňňüne aralaşypdy. Müýnli gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldatýardy. Çary Halyl öz sözüniň ähli öwrümlerine kemsiz düşündi hasap etse-de, ýene-de gürrüňini dowam etdi:
— Oda imrikseň salyň hemişe gowşak bolar. Bedeniň emeli ýyla öwrenişip, çeýeligini ýitirer. Gaçgynyň ot bolsun! Malyň örüdekä-hä asla ot ýakyjy bolmagyn, endigiň ýaramazydyr. Özüňi berseň howa sähel çigrese, çöp görseň ýakasyň geler durar. Ýyla öwrenişseň ukyňa agyr bolarsyň. Janyňa dözmeseňem, dilsiz-agyzsyz janawarlary horlarsyň.
Çary Halylyň ot hakyndaky tymsallary Soltan çolugy ekezlendirdi, «etiňi gataltmaly, ýaramaz endigi ýaran edinmeli däl» diýen pikire uýmaga mejbur etdi. Berlen öwüt onuň üçin ähli zatdan ýyly hem mähirlidi. Çünki ol sährada taplanan, Garagumuň ýowuz hem keremli terbiýesini alan çopanyň şägirdine beren ilkinji sapagydy.
Boýunalmak
— Be, Çary halypa diýýän-ä, şu Soltanyň gulagyndan, burnundan çekip, çopançylygyň syrlaryny öwredäýjek boldum welin, halys bolmady. Aýdanym, bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykdy durdy. Onsoň näme, permäni görsem, şundan bir meni dyndar — diýip, gulagyny gazadym durdum. Aşyr perme-de bir giň adam. Hiç kimiň ýüzüne gelip bilmän kösenip ýör-dä. Ahyry bir gün ýüregini bire baglap, Soltanyň gülberini arkasyna daňyp goýberdi — diýip, Kerim çopan hil bir iş bitiren ýaly dylym-dylym etdi.
Çary Halylyň muňa gahary geldi. Gaşlary çytyldy. Haýbatly murtlary tirpildäp gitdi. Daşyndan synlasaň, ol edil şu pursat Kerimi düýt-müýt edäýjege çalym edýärdi. Herhal, çopan parasatlylygy ýetişdi.
— Gögele çybygyň döwülmeýänine ähli ümdüşigiňi berip, towlaberseň bir ýerinde bertigiň galjagy gümansyz-a.
Bu sözüň manysyna düşünmedimi, ýa-da ozalkylary ýaly büžlügini etdimi, Kerim ýene-de mortasyny atdy:
— Boljak oglan bolşundan belli diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir.
Çary Halyl bu gezek düşnüklisini aýtdy:
— Köp gepleýäniň köp ýalňyşýandygy derrew bilinýär. Ýöne onuň hatasyny iliň üstüne ýüklejek bolup, ýüz urýan hilegärligi soň-soňlar aňdyrýar. şeýle dälmi, Kerim çopan?
Kerim çopan bialaç başyny atdy.
Açylman galan syr
— Iner tapylar, howut gitdi, howut. «Inwentar» şol ahyry — diýip şyhberdi aganyň zowzanaklap ýörşüni geňlän az bolmady.
Çary Halyl ýaly oňa beletler-ä «hä» diýip oturyberýär welin, Kerim çopan ýalylar, gepiň änigine-şänigine ýetjek bolup, oda-köze düşüberýä-dä.
— A-how, şyhberdi, howut diýeniň ýitäýende-de bir opurylýan zat ýog-a. Inerden habar ber.
Ýa-ak, Kerim jan, sadalygyňam gözüni çykaraýýaň. Ineriň gitjek ýeri ýok. Ölmese, aýagy alakaň ýa beýlekiň hinine gidip, omrulaýmasa geler. Gelmese-de öz inerim. Howudy nireden tapaýyn. Ana, gep şunda.
Kerim çopan jogapdan nägile boldy öýdýän. Çalaja gülümsiräp, başyny ýaýkady.
Beýleki oturanlaryňam içi «hiý» diýmeýänleri bardy. Ýöne olar Çary Halylyň ýüzüne seredip, oňaýdylar. Oturanlar onuň bir zat diýerine garaşýardy. şyhberdi aganyň özem şony isleýän ýalydy.
Onsoň Çary Halyl çaýly käsesini ýerde goýdy-da:
— Ineriň tapyljagyna ynamyň howutdan el üzäýmelidigiňi aňladýan ýaly-la, görýän welin, şo howut öňräkden bäri göwnüme bolmasa «zäher» göterip ýören ýaly görünýärdi. Senem, şol «zähere» suw meýilliligiň.
Taňry seni bir «beladan» halas edipdir — diýdi-de, şyhberdi aganyň ýüzüne köp manyly garady.
Sazanaklap, gam laýyna çümüp oturan şyhberdi agadan başga o sözleriň manysyna düşünen bolmady.
Menem bu gezek o syry açjak däl.
Saňa-da çalym etmän duranok...
— Çary aga, çölüň çöpüne, jandaryna sizden belet adam bardyr öýdemok. Aýdan gepiň edil ýüregime jüňk bolýar — diýip, Kerim çopan goýar ýerde goýmady. Aladaňdandan goýunlary örä çykaryp, yzynda dyzyny epmedik Çary Halylyň oýlugyny ýazyp, dynjyny almaga çemelenenem şoldy welin, ol ýene-de peýda boldy.
Gele-gelmäne-de demi-demine ýetmän, gürläp başlady.
— Çary jan, seň sözüň yrýasy ýok. Han-ha seret, hol, syrdam sazaga, şony görýän welin, seň aýdyşyň ýaly bir parasatly goja göz öňüme gelýär. Gyşyn-ýazyn göm-gök bolup oturan borjaga baksam, ýaş gelin, seleňläp oturan çerkeze seretsem, saçyna ak giren ene ýadyma düşýär.
— Dogrudyr, inim, dogrudyr!
Çary Halyl sözüni soňlamanka, Kerim çopan ýene-de suňsurdy:
— Çölüň çöpi-çöri-hä gyt däl-ow, Çary aga. Bularyň hersini bir adam häsiýetine meňzetjek bolsaň, aňsad-a düşmez!
Bolgusyz sowallardan halys ýadan Çary aga ýene-de:
— Dogrudyr, dogrudyr — diýip, oturybermekçi boldy. Kerim çopan ýene köne heňine tutdy. — Çogan nähili adamyň häsiýetini ýatladýar?
Çary Halyl göwünli-göwünsiz jogap berdi.
— Çoganam häsiýeti berk, öz diýenli kişilere meňzeýändir.
Çary Halyl agras dem aldy. Onuň sörtük şemala gaýzygan ýüzi yşyranokdy. Emma mundan bihabar Kerim ýaşulynyň çat maňlaýyna geçdi-de, oýkanjyrap oturdy. Onýança-da ýele tarapdan togalanyp gelen peşmek olaryň alkymyna dykyldy. Çary Halyl çala ýylgyran ýaly etdi-de, çopan taýagy bilen peşmegi galdyryp goýberdi. Togalanyp gözden ýitip barýan peşmegiň yzyndan seredip oturan Kerim çopan:
— Ýeri, muny kime meňzetjek? — diýip, Çary Halylyň ýüzüne soragly bakdy. Ýaşuly salymyny bermän jogap berdi:
— Ol-a Kerim jan, saňa-da çalym etmän duranok.
Ikijaňyň aralygynda
— Çary aga, menem-ä goýny biriçe bakýamykam diýýän welin, mallar halys etine çykanok. şol bir ýeri öňe-yza dönüp, torç edýärler. Onsoň aňyrlaryna zat baranok. şunuň sebäbini bilip bilemok — diýip, Kerim çopan Çary Halylyň otursa-tursa peteň-bizaryny çykarypdyr. Ozalam Kerimiň köp gepleýänine, agzynyň dek durmaýanyna gahar edip ýören Çary Halyl oňa teýenesini sürtdi.
— Wah, Kerim jan, türkmende «Pylanynyň eňegine jaň kakylan ýaly» diýen bir söz bardyr, ana, onuň sebäbi.
— Düşünmedim, Çary halypa!
— Düşünmeseň, gulak goý! Süriň başyny çekýän tekäň-ä boýnuna, seniňem eňegiňe dakylan jaňdan ýaňa goýun janawarlar örä näme üçin çykarylandyklaryny unudýan bolaýmasynlar — diýip, Çary Halyl ýylgyrdy.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar