18:53 Täsin tebigat | |
TÄSIN TEBIGAT
Hekaýalar
• GÖREN GÖZÜŇ GÜRRÜŇI …Tebigat täsinlikleri hakdaky şu ýazgylaryň toslama däl-de, köp ýyllaryň dowamynda görlen-eşidilen, okalan maglumatlara daýanyp ýazylandygyny başda aýdypdym. Arada köne depderlerimdäki belliklerimi, ýazgylarymy dörüşdirip otyrkam, ýaşuly çopan Juma aganyň dilinden ýazylyp alnan gürrüňlerden käbir parçalara gabat geläýdim. Juma aga (Juma Seýitmyradow) ömrüniň köp bölegini çölde, goýun yzynda geçiren adamdy. Ol gözi bilen gören, kän gezekler içgin synlan zatlary hakda dilewarlyk bilen gürrüň bererdi. Söhbetiniň agramly bölegem çölüň özboluşly tebigaty, onuň haýwanat dünýäsi hakda. Şeýle söhbetiň beýlekiler üçinem gyzykly, gerekli bolmagy mümkin diýen pikir bilen, ýaşuly çopanyň gürriňinden käbir parçalary okyjylara ýetirmegi makul bildim. • GYÝUWÇY —Hemişe “gyýuw-gyýuw” diýip, gygyryp ýörenligi üçin, çopanlar bu guşy öz aralarynda “gyýuwçy” diýip atlandyrýarlar. Daşyndan göräýmäge gaty gykylykçy, şerraý ýalam bolsa, gyýuwçy özbaşyna batyrgaý, dogumly guş. Ol ýylanyň hötdesinden gelip bilýän seýrek guşlaryň biri. Ýylany görübildigi bes. Düwlen ýumruk ýaly bolup, şuwlap inýär-de, ýylanyň guýrugyndan tutup, dik ýokary alyp gidýär, soňam al-asmandan aşak göýberýär. Şol belentlikden ýere patlap gaçan ýylan bada-bat amanadyny tabşyrýar. Ýöne gyýuwçy ýylan etini iýmeýär. Diňe alakalary, syçanlary awlamak bilen güzeran geçirýär. Gyýuwçy näme üçindir köplenç gandymyň ýokarsynda höwürtge tutunýar. Özem haýsy gandymda gyýuwçynyň höwürtgesi bar bolsa, şol gandymyň endam- jany serçe höwürtgesindenem doludyr. Serçe görgüliler gyýuwçyny özleriniň ýeke-täk howandary, ýylandan goraýan janpenasy saýýarlar. Şondan haraý gözläbem, mümkingadar onuň golaýyndan höwürtge gurunmaga çalyşýarlar. • MEDENIÝETLI ÝAŞAÝŞYŇ HÖZIRI —Çölüň täsin jandarlarynyň biri-de oklukirpi. Ilat arasynda ony oklujeren diýibem atlandyrýarlar. Onuň oky-da, ýaragy-da endamyndaky syh-syh bolup duran tikenleri. Juda göwnüne degläýmese, oklukirpi adamyň üstüne hüjüm etjek bolup durmaýar, adamy gaty sylaýan bolara çemeli. Ýöne gazaba galaýsa welin… Il içinde “Oklukirpi tikenlerini gezäp, atýarmyş” diýlen gürrüňem bar. Ýöne bu gürrüňiň hakykata galtaşýan ýeri ýok. Oklukirpiniň “atyjylykdan” başy çykanok. Ol hüjüm edende, togarlanyp gelip özüni urýar, şonda öz tikenlerini ädigiň gonjundan parran geçirip bilýär, tikenem uran ýerinde galýar. Oklukirpiniň beýleki çöl jandarlaryndan has üýtgeşik taraplaram bar. Birinjiden-ä, onuň aýak yzynyň hut çagajygyň yzyna çalym edýänligi täsindir. Galyberse-de, oklukirpiniň medeniýetli, berk tertip-düzgünli ýaşaýşa örän höweslidigi haýran galdyrýar. Onuň hini birnäçe otagjyklardan ybarat. Özüniň ýatýan otagy, çagajyklarynyň otagy, nahar iýilýän otag we hajathana—bularyň hersi aýratyn. Şol otaglaryň tertibiniň asla bozuljak gumany ýok, hatda oklukirpiniň çagalaram gözi açylandan kän wagt geçmänkä, şeýle berk tertibe werdiş bolýarlar, her bir otagy aýyl-saýyl edip bilýärler. Eger olar garagolluk edip, ýatmasyz otagda ýataýsalar ýa-da ýatylýan, nahar iýilýän otagy hapalaýsalar, onda gaty berk temmi alýarlar. • ÖZARA HYZMATDAŞLYK —Bir gezek dürbi bilen töweregi synlap otyrkak, höküdikläp barýan bir tilki dürbä düşdi. Has siňňin seretsek, tilkiniň öň ýanyndan ýene bir alaja zat gybyrdyklap barýar. Alajagözen! Ilkibada tilki ony tutjak bolup kowalaýandyr öýtdük. Ýöne olar kowalaşýana meňzeş däl, köne ülpetler ýaly arkaýyn tirkeşen bolup barýarlar. Mekir tilki bilen çalasyn alajagözeni nämäniň şeýle dostlaşdyryp biljekdigi bizi gyzyklandyrdy. Birsalymdan ülpetler aýak çekdiler. Öňdäki alajagözen ýere giren ýaly ýitirim bolup gitdi. Az wagtdan soň onuň giren ýerinden bir alaka atylyp çykdy, çykan badyna-da tilkiniň girisine düşdi. Onuň yz ýanyndanam hälki alajagözen zompuldap çykdy. Görüp otursak, alajagözen tilki üçin alakalary hininden çykaryp berýän ekeni. Tilkiniň özi bolsa hine sygmaýar. Şonuň üçinem ol alajagözeni ýaran tutunmaly bolýan eken. Sebäbi, alajagözeniň üýtgeşik bir ysy bolup, alakalaram ol ysa asla çydamaýan eken, şoň üçinem alajagözeniň ysyny aldyklary, “Gaçan-gutular” bolaýýan eken. Geň ýeri, alajagözeniň özi alakalary ýa-da alaka etini halamaýar. Alajagözeniň hyzmatynyň öwezine tilkiniň oňa näme ýagşylyk edýändigi welin mälim däl. Belki, tilki hakykatdanam, ertekilerdäki aýdylyşy ýaly, şeýle mekir bolup, eýdip-beýdip alajagözeniň gözüni-başyny aýlap, ony özüne ýaranlyga yrandyr? Ýöne herniçik bolanda-da, tilkiniň aňlylygyna, düşbüligine-hä söz ýok. Gör-ä, ol alajagözeniň ysyny alakalaryň halamaýanlygyny bilipdir hem bu ýagdaýy aw üçin peýdalanyp bojakdygyna akyly çatypdyr. • ENEKE —Alabaharda, owlak-guzy alynýan möwsüm başlanda, çopandyr çoluklaryňam işi kän esse artýar. Tutuş süriniň aladasy birýana, onuň arasynda yzly-yzyna guzlaýan goýundyr geçileriň aladasam birýana. Ýaňyja dünýä inen guzujyklary, owlajyklary ýygnap alyp, goşdaky körpeje daşamaly, enekelerinem gözden salmaly däl. Şeýle urha-tutly günleriň birinde, sürini maýdalyna bakyp, soňam bir oýda ýatyryp, dynç berdik. Şol wagt gapdalymda eli dürbüli duran çolugym: —Juma aga, oňa seret-le! –diýip, hol garagörnümdäki alaňa tarap ümledi-de, dürbini maňa uzatdy. Dürbüden seredip görsem, häliden bäri hiç ýerde gara bermedik itimiz—Garagöz alaňdan äwmän aşak düşüp gelýär, biraz ýöräp, durýar, yzyna gaňrylýar. Gowuja synlanymdan soň, Garagözüň yzyndan bir guzujygyň ent-ment bolup, ýykylyp-sürşüp gelýänini gördüm. Görüp otursak, täze doglan guzujyklaryň biri enekesinden aýrylyp, sürüden galaýan eken. Ýaňky Garagözem ojagazy aldap-ogşap, yzyna düşürip, sürä alyp gaýtmanyň usulyny tapypdyr: ol guzujyk ýanyna gelip, süsňäp ugraýança garaşýar-da, soňam sürä tarap ýöreýär, soňam dört-bäş ädim ýöräp, ýene durýar, guza garaşýar. Guzujyk ymsynyp, onuň yzyndan ýetip, “emme” gözläp ugranda, Garagöz ýene ýöreýär. Şeýde-şeýde, it guzujygy sürä getirip goşdy. Soň bir gapdala çekilip, gyşardam welin, hälki guzujyk ýene baryp oňa ýapyşdy, tumşugy bilen onuň böwrüne dürtüp, sokjap ugrady. Garagözem ondan ýadan bolarly, “Munuň indikisi näm-aý?” diýen manyda biziň ýüzümize bir seretdi-de, turdy ötägitdi. Guzynyň enekesiniň ýerine “sagbolsunam” oňa biz aýtdyk. * * * Hawa, Juma aga ýaly köpügören adamlaryň gürrüňleriniň baryny ýaltanman ýazyp almanlygyma indi ökünýärin. Şonuň üçinem, ýaş okyjylara berjek maslahatym: şeýle adamlara gabat gelseňiz, olaryň gürrüňlerini başardygyňyzdan ýazga geçirjek boluň! Wagt geler — o gürrüňleriň hökman geregi çykar. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||