4. Mongol başybalyjylarynyň
Hindistanda we Kiçi Aziýada hereketleriniň şowsuzlyga uçramagy
Kiçi we Alynky Aziýada mesgen tutan türkmen taýpalary, şeýle hem Müsürdäki türkmenler haçlylaryň çozmagynyň howpuna sezewar bolmak bilen, olara gaýtawul bermäge, uruşmaga hemişe taýýardylar. Müsürde XIII asyryň birinji çärýeginde türkmenlerden bolan Mamlükler şejeresi häkimiýet başyna geldi.
1260 – 1277-nji ýyllarda Müsüriň tagtyna oguz türkmenleriň burjogly taýpasyndan bolan soltan az-Zahir Rukneddin Beýbars çykdy.
1250-nji ýylda ýaňy bir 27 ýaşynda bolan Beýbars Mangsuryň golaýyndaky söweşde haçlylaryň goşun toparlaryny kül-peýekun etdi. Şol zamana Mamlükler döwleti üçin çylşyrymly döwür bolupdy. Gündogardan mongollaryň leşgerleri, günbatardan bolsa haçlylar ýurduň serhetleriniň alkymyna golaýlaşýardy.
Baryp Çingiz han diri mahaly onuň baştutanlygynda basylyp alnan ähli ýer-ýurtlar onuň garyndaşlarynyň arasynda paýlanyldy. Türkmenistanyň we Eýranyň bir bölegi Hulagu hanyň paýyna ýetdi. Ol öz ilçilerini Kaire iberip, Beýbarsyň mongollaryň häkimiýetine boýun bolmagyny talap etdi. 1260-nji ýylda soltan Beýbars goşunlaryny jemläp, Hulaguileriň leşgerlerine garşy ýöriş gurady hem-de olary doly derbi-dagyn etdi. Heniz şeýle uly ýeňlişe sezewar bolmadyk mongollar köp wagtlap aýňalyp bilmedi. Şu söweşde ady şöhrata beslenen Beýbars soňra öz rowaçly goşunyny heniz hem matlaplaryndan el çekmedik haçlylara garşy sürdi hem-de olaryň hüjümini duruzdy.
Örän pähim-parasatly döwlet ýolbaşçysy we ussat serkerde bolan Beýbars daşary syýasat babatda hem köp işjeň tagallalary edýärdi hem-de mongol döwletleri bolan Altyn Orda bilen Hulaguileriň arasynda agzalalyklaryň döremegine hem-de güýçlenmegine ähli çäreler arkaly sebäp bolmaga çalyşýardy.
Eger günbatarda mongollar merdana türkmen esgerleriniň gaýduwsyz garşylyk görkezmegi netijesinde öz ýörişiniň badyny gowşadyp, seljuk döwletleriniň we beglikleriniň goşun toparlary bilen tükeniksiz harby çaknyşyklary geçirmäge mejbur bolsa, onda Hindistan heniz mongol wagşylarynyň zarbalaryna döz gelmek we olara gaýtawul bermek üçin köp tagalla etmelidi.
Türkmenler Hindistana X asyrda gelip başladylar, şol ýerde ençeme döwleti döretdiler. Olardan iň ähmiýetlisi XIII asyrda döredilen Deli soltanlygydy. Halajy türkmenlerden Jelaleddin şol döwletiň hökümdary boldy. Eýýäm iki ýyldan ol şol ýerlere süsňäp baran mongol goşunlarynyň 150 müň adamdan ybarat leşgerini kül-peýekun etdi hem-de harby işlerden başynyň çykýandygyny subut edip, öz döwletini goramagy başardy. Emma zehinli hökümdaryň rowaçlyklaryny hem-de il arasynda at-abraýynyň barha artýandygyny görüp bilmeýän haýynlaryň guran dildüwşügi netijesinde ol 1296-njy ýylda öldürildi.
Soltanlygyň tagtyna onuň giýewisi we ýegeni Alaýeddin Halaj geçdi. Ol ilkinji günlerden özüni örän aýgytly we oýlanyşykly hereketlere ukyply bolan harby serkerde hökmünde tanatdy. Ol baş-başdaklyk etmäge synanyşýan ähli ownuk-uşak han-begleri merkezi häkimiýete tabyn etdi, şeýle hem daşary syýasat babatda döwletiň berkemegine, abraýynyň ýokary göterilmegine ýardam berýän işjeň hereketleri amala aşyrdy.
1299-njy ýylyň fewral aýynda Alaýeddin Halaj öz goşunlaryny Gujarata tarap sürdi we ony öz döwletine berleşdirdi. 1305-nji ýylda bolsa kiçeňräk Malwa döwletini derbi-dagyn edip, ony hem öz döwletiniň düzümine goşdy. XIV asyryň ikinji onýyllygynyň başyna çenli Deli soltanlygynyň düzümine rajput hanlyklary hem girdi.
Alaýeddin soltan öz döwletiniň demirgazyk serhetleri hakynda alada etmegi hem unutmaýardy. Şol tarapdan rehimsiz we ganhor mongol leşgerleriniň islendik wagtda süsňäp gelmegi mümkindi.
Mongollaryň Hulaguiler şejeresi Deli soltanlygynyň goşunlaryny derbi-dagyn etmek üçin köp gezek netijesiz synanyşdy. 1297-nji ýylda Mawerannahrda Çingiz hanyň ogly Çagataýyň neberesinden bolan Dewa han hökümdarlyk edýärdi. Ol ýüz müň esgerden ybarat leşgere baş bolup, Demirgazyk-Günbatar Hindistanyň topraklaryna bardy. Mongollar Lahoryň töwereginde hindileriň hoharlar taýpasynyň obalaryny taladylar, ilatyň öý-ojaklaryny ýakdylar.
Soltan Alaýeddin dessine goşunlaryny jemläp üpjünledi hem-de Jallandharyň etegindäki söweşde basybalyjylary doly derbi-dagyn etdi. 1299-njy ýylda zandyýaman mongollar ýene-de leşger jemläp, Hindistanyň sahabatly topraklaryna garşy ýörişe ugrady. Hind derýasyndan geçmek bilen, mongollaryň 200 müň esgerden ybarat goşuny Deli soltanlygynyň paýtagtynyň golaýyna geldi. Ähli sebitde ýaşaýan adamlar galanyň diwarlarynyň aňyrsynda jemlendi. Şäherde örän köp adam toplandy. Daş-töwereginden gabalan, ilaty azyk taýdan kemlik çekýän galanyň içinde çylşyrymly, amatsyz ýagdaý döredi we soltanyň ýakyn emeldarlary ejizläp, tagtdan-döwletden el çekmegi, duşmana tabyn bolmagy oňa maslahat berdiler.
Alaýeddin şeýle kümsük maslahatçylaryň ýüzüni aldy. Ol ähli güýçlerini jemläp, goşunlaryny mümkin boldugyça oňat üpjünläp, Deliden gykardy we mongollara garşy aýgytly söweş gurady. Şol örän gandöküşikli söweşiň barşynda halajy türkmenleriň yhlasy ýerine düşüp, işi rowaç bolup, olar ýeňiş gazandylar hem-de ganym mongollary soltanlygyň çäklerinden daşaryk kowup çykardylar.
Emma näletsiňen mongollar Hindistanyň sahawatly ýerlerini basyp almak pirimlerinden el çekmeýärdi. Olar 1306-njy ýyla çenli çozuşlary hem-de has tutumly ýörişleri geçirmegi dowam etdi, ýöne ahyr soňy özleri doly derbi-dagyn edildi. Alaýeddin hakyndaky mahabatly sözler, onuň adyna okalýan alkyş dogalar Merkezi Aziýa sebitlerine hem gelip ýetdi. Hatda mongol serkerdeleri häli-şindi ýeňlişlere sezewar bolmakdan ýadap, onuň harby ussatlygyna göz ýetirip, öz goşun toparlary bilen onuň ýanyna gelip, musulman dinine geçip, oňa hyzmat edýärdi.
Şeýlelikde, Köneürgenç türkmenleriniň döwleti patyşalyk edýän maşgalanyň agzalarynyň arasyndaky oňşuksyzlyk we agzalalyk netijesinde mongollara mynasyp garşylyk görkezmäge ukypsyz boldy. Emma berk merkezi häkimiýet üpjün edilen döwletlerde Gündogardan gelen ganojak wagşylar örän uly ýeňlişlere sezewar bolýardy. Türkmenler özleriniň Aziýanyň hiç kimiň öňünde boýun egmeýän we hiç kimden asgyn gelmeýän hakyky merdana esgerlerdigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Taryhy makalalar