2. Oguz türkmenleriň jemgyýetiniň
harby we jemgyýetçilik düzümi
Täze eýýämyň ilkinji asyrlaryndan başlap, gadymy türkmen taýpalary dürli gatlaklara bölünip başlapdyr, jemgyýetde dürli synplar emele gelipdir. Göktürkmenleriň soltanlygynda iň ýokary derejeli adam han bolupdyr, käbir maglumat çeşmelerinde oňa hakan diýlipdir, ol soltanlygyň iň ýokary wezipeli hökümdary bolupdyr. Ikinji orunda häzirki dilde aýdylyşy ýaly, patyşanyň orunbasary bolupdyr, oňa ýabgu diýlipdir, ol patyşalyk edýän maşgalanyň agzalaryndan bellenilipdir. Emma ýabgu mirasdüşer şazada bolmandyr, mirasdüşer şazadany eýeleýän wezipesine garamazdan, tegin diýip atlandyrypdyrlar.
VI – VIII asyrlarda türkmenlerde şu tapawutlandyryş derejeleri giňden ýaýrapdyr: tegin, elteber, tarkan, şad, tadun.
Ähli döwürlerde halkyň esasy daýanjy bolan adamlara ärler, ýagny esgerler diýlipdir. Belli bir ýaşa ýeten islendik ýetginjek, aslyna garamazdan, «är» diýen ady götermäge hakly bolupdyr hem-de «är ady», ýagny «gerçek, edermen ady» diýilýäni almaga hakly bolupdyr. Munuň özi şol ýigidiň ýönekeý esgerleriň maşgalasyndan ýa-da hanlaryň neberesinden bolandygyna bagly däl eken. Ýöne hakyky är adyny almak üçin awda ýa-da söweşde hökman tapawutlanmak gerek bolupdyr. Diňe söweşe gatnaşan we harby edermenligini görkezen ýigit «kämillik ýaşyna ýetipdir» diýlip hasaplanýardy.
Oguz türkmenleriň «Gorkut ata» dessanynda şunuň ýaly däp beýan edilýär: Baý Böri hanyň oglunyň on bäş ýaşy dolupdyr, ol ýigit çykypdyr, «emma şol asyrda ýigitlere kelle getirmese, gan dökmese, at berilmez eken». Gürrüň ýigidiň asla adynyň bolmanlygynda däl, şol oglanyň ady Basam eken, ýöne onuň «är ady» ýok eken. Basam täjirleriň kerwenine çozan garakçylary öldürýär we şonda Baý Böri oguz beglerini meýlise çagyrýar, begler bilen bilelikde «Dädem Gorkut hem gelipdir, ol ýigide at beripdir: ...sen öz ogluňa Basam diýýärsiň, indi goý onuň ady Bamsy Beýrek – gyr atyň eýesi bolsun» diýipdir.
Şeýlelikde, «är adyny» alan esger oňa özüniň aslyny ýa-da döwletde harby-dolandyryş taýdan derejesini görkezýän beýleki atlaryny hem goşup bilipdir. Ýöne ähli halatlarda ol hemişe «är», ýagny, jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolmagynda galypdyr.
Garahanly türkmenleriň arasynda iň ýokary derejäni ilik hanlar eýeläpdir, urug-taýpalaryň ýolbaşçylaryna ilçi-başy diýlipdir, tanymal adamlaryň käbirine tamgaç-han, arslan-han, şaraf ad din diýlipdir. Begler begi, ulug begler ýokary wezipe eýeläpdir, ýerli han-begler bolsa bogra hanlar diýlip atlandyrylypdyr.
Oguz türkmenleriň beýik döwletinde Syrderýanyň sebitinde ýokary häkim ýabgu diýen ady göteripdir. Onuň orunbasaryny kudarkin (kölerkin) diýip atlandyrypdyrlar. Şol döwletde harby-demokratik gurluşly jemgyýetiň jümmüşinden gelip çykan jemgyýetçilik derejelendirmeleri saklanyp galypdyr, ýabgunyň häkimiýeti bolsa urug-taýpa ýolbaşçylarynyň geňeşine esaslanypdyr. Döwletde goşunbaşy bolan sübaşy möhüm orun eýeläpdir, ol öz hereketlerinde harby geňeşe daýanypdyr. Adaty esgerler bolan ärler gurplulara, ýagny baýlara, orta gurpdakylara we garyplara (çigaýlara, ýoksullara) bölünipdir.
XI – XII asyrlaryň maglumat çeşmelerinde han-beglere ýigit diýlip atlandyrylan ýörite nökerleriň hyzmat edendigi, şahsy esgerler bolan hass-ärleriň, şeýle hem adaty ärlere elgaramalyga düşen kulsyk-ärleriň bolandygy barada aýdylýar.
Seljuklar imperiýasynda jemgyýetçilik-syýasy gurluşyň ýokary derejesi soltandan soň tarhanlara, baýgulara, hanlara, inallara, iliklere, beglere degişli bolupdyr. Jemgyýetiň erkin agzalaryny ärler diýip atlandyrypdyr. Seljuklaryň emeldarlarynyň ýokary geňeşi kenkeş diýlip atlandyrylypdyr. Mirasdüşerler bolan inallaryň halypalary (atabegleri) bolupdyr, olary söweş meýdanlarynda şöhrat gazanan harby serkerdelerden belläpdirler. Wezir ikinji derejeli adam bolupdyr, şeýle hem ata-hoja diýen dereje hem bolupdyr.
Inanç we sagun ýaly hormatly we harby derejeler hem bolupdyr. Seljuk soltanlarynyň aýallaryny hatun diýip atlandyrypdyrlar, olar köşk durmuşynda uly orun eýeläpdir.
Ýokary häkim bolan soltanyň nökerlerini gulamlar, çakyrlar, hojataçlar, oglanlar diýip atlandyrypdyrlar.
Adaty hukugyň ýazga geçirilmedik kadalarynyň toplumy bolan töre örän uly ähmiýetli bolupdyr, onuň esasynda urugyň we taýpanyň ýaşuly agzasynyň häkimiýetiniň artykmaçlyklary nazara alnypdyr.
Yslam dini ugrundaky göreşde aýratyn tapawutlanan türkmen hökümdarlaryna we harby serkerdelerine «mu’aýýid ad daula wa ad-din» («döwletiň we diniň ýardamçysy») we «imad ad-din» («diniň daýanjy») diýen derejeler berlipdir.
Harby düzgün-nyzam boýunça ýaşaýan türkmen jemgyýeti has giçki döwürde köp sanly ýaşlary gulluga beripdir, olar gündogar häkimleriniň nökerleri, ýagny, ynamdar esgerleri bolupdyr. Hywa türkmenleri hanyň hemişelik goşunynda («goşun, sypaýylar») gulluk edipdir, şeýle hem wagtlaýyn toplanylýan goşun toparlaryna («çerik») gatnaşypdyr. Han diýen dereje käte ýörite nama – ýarlyk ýa-da perman arkaly berlipdir.
Türkmenleriň arasynda han hanan («hanlaryň hany») diýen iň ýokary dereje hem bolupdyr.
XVI – XIX asyrlarda türkmen asylzadalarynyň arasynda beg, han, emir, baý, biý, atalyk, işik-agasy, dadha, parwançy, kethuda, başlyk, wekil, bagşy, serdar, alp, bahadur (batyr), pälwan ýaly abraýly derejeler hem giňden ýaýrapdyr.
Kiçiräk harby birikmeleriň harby serkerdelerine bölükbaşy, müňbaşy, ýüzbaşy, onbegi ýa-da onbaşy ýaly derejeler berlipdir. 10 müň adamdan ybarat goşun toparlaryna serkerdelik eden tümenbaşylar hem bolupdyr.
Ruhanylar hem jemgyýetiň beýleki agzalaryndan aýyl-saýyl tapawutlanyp başlapdyr, olaryň arasynda mollalar, kazylar, işanlar, sopular, hojylar, şyhlar, hajylar bolupdyr. Jemgyýetde tarhanlar diýen derejäni göterýänler artykmaç ýeňilliklerden peýdalanypdyr.
Taryhy makalalar