6. Türkmenleriň XIV – XVI asyrlardaky
harby taryhy
Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy üçin bu asyrlar rowaçly döwürleriň hem-de ýeňlişe sezewar bolmagyň ajysy çekilen döwürleriň zamanasy boldy. Eger Kiçi we Alynky Aziýada, Kawkaz sebitinde Osmanly türkmenleriň imperiýasy, Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriň döwletleri häkimlik eden bolsa, onda Merkezi Aziýanyň üstünden agsak Timur ähli zady ýakyp-ýandyryp, oba-kentleri weýran edip geçipdi.
Ýöne ol hem türkmenleriň harby esgerler hökmünde başarnygyna we edermenligine mynasyp baha berýärdi. 1379-njy ýylda ol günorta tarap uly ýöriş gurady. Onuň goşunynda hemişe türkmenleriň atly topary bardy. Ýöriş rowaçly hem-de ýeňiş bilen tamamlanandan soň türkmenleriň hyzmatynyň aýratyn gadyryny bilýändigini görkezmek üçin hem-de olaryň nämä has ýokary baha berýändigini bilmek bilen, Timur ýörişe gatnaşan ähli türkmen taýpalaryna peşgeş hökmünde dürli arap taýpalaryndan paç görnüşde alnan arassa arap tohumly gylýallaryň bäş müň sanysyny iberdi. Timuryň 1391-nji ýylda Altyn Orda garşy guran ýörişinde hem türkmenler, ylaýta-da olaryň aňtawçylar toparynyň başlygy Şeýh Dawud aýratyn tapawutlandy.
Timur 1405-nji ýylda aradan çykdy we onuň ölüminden soň onuň döreden uly döwleti dargap başlady. Türkmenistan Timuryň neberelerinden bolan Şahruhyň eline geçdi. Türkmenler öz topraklaryny azat etmek ugrunda agsak Timuryň neberelerine garşy ýüz ýylyň dowamynda aldym-berdimli söweşleri dowam etdi. Türkmenler Kiçi Aziýa we Kawkaz sebitlerine gidýärdi, Türkmenistanyň sähralyklaryna çekilýärdi, sebäbi şol ýerlerde jeň guramakda olara taý gelip biljek ýokdy.
XVI asyryň başynda Şeýbany hanyň ýolbaşçylygynda çarwa özbek taýpalary ähli Merkezi Aziýada Timuryň neberesinden bolanlary häkimiýet başyndan aýyrdylar.
Ýöne Sefewi türkmenleriň täze uly döwletiniň dörejek pursaty eýýäm ýakynlap geldi. 1501-nji ýylda Akgoýunly türkmenlerden bolan Ysmaýyl tagt ugrundaky söweşde şol köne döwleti derbi-dagyn etdi, onuň ýerine bolsa täze döwlet döretdi.
Gysga wagtyň dowamynda ol tutuş günorta Azerbaýjany we onuň paýtagty Töwrizi özüne tabyn etdi hem-de «şa» diýlip jar edildi.
1510-njy ýylda Merwiň eteginde bolan gazaply söweşde Şeýbany hanyň goşuny sefewi türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edildi, hanyň özüniň bolsa kellesini çapyp taşladylar. Merwiň ilaty Ysmaýyl şany içine altyn teňňeler doldurylan mejmeler bilen garşylady. Şeýlelikde, bütin Horasan Sefewileriň eline geçdi. Ysmaýyl şanyň goşunyna parslaryň, azerbaýjanlaryň, kürtleriň we beýleki halklaryň goşulandygyna garamazdan, onuň leşgerleriniň esasy bölegi gandüşer garyndaşlary bolan türkmenlerdendi. Onuň iň uly harby serkerdeleri şulardyr: tekeli taýpasyndan Emir han Türkmen, baharly taýpasyndan Aly Şükür han we Muhammet han, şamly taýpasyndan Dana Muhammet Soltan, dulkadar taýpasyndan Halyl Soltan, gajarlar taýpasyndan Gara Böri Soltan we köp beýlekilerdir. Maglumat çeşmelerinde Ysmaýyl şanyň saýlama goşun toparlarynyň ýaýdyr peýkamy söweşlerde hemmelerden oňat ulanýan türkmenlerden ybarat bolandygy hakynda hemişe aýdylýar.
Özbegistanda Şeýbany hanyň ogullary Timuryň neberelerini gysyp çykardylar we olardan biri bolan Babyr (1483 – 1530-njy ýyllar) Hindistana tarap çekilmeli boldy. Şol ýere barýarka oňa türkmenleriň atly goşunlary goşuldy. «Babyrnama» diýen eserde türkmen serkerdeleriniň ençemesi, mysal üçin, Babyryň goragçylaryndan bolan Hadaýdad türkmeniň ogly Kaýyndadyň, gylyjy ulanmakda ussat bolan Ýar Aly Bilal begiň, Abul Fath Türkmeniň atlary agzalýar hem-de Mansuryň, Rüstem Alynyň, doganlar Şanazar we Söýündigiň baştutanlygynda türkmen atlylarynyň aýratyn toparynyň bolandygy barada aýdylýar.
Rüstem Aly özüniň batyrlygy we edermenligi bilen aýratyn tapawutlanýan eken. «Duşmanyň ýerleşişini aňtamak üçin iberilen Rüstem Türkmen», soňra bolsa «Naýbaşylaryň goldawçysy bolan Rüstem Türkmen hökümdaryň şahsy janpenalarynyň goşun toparynyň baştutanlygynda» sag ganatdaky serkerdeleriň biri boldy.
Türkmen taýpalary Hindistana orta asyrlaryň bütin dowamynda ýörişlere gelýärdi. Olar bu ýere X – XI asyrlarda hem gelipdiler, öz döwletlerini döredipdiler. Olar Hindistana agsak Timuryň leşgeriniň düzüminde hem, demirgazyk Hindistanda Beýik Mogollaryň şejeresini esaslandyran Babyr bilen hem gelipdiler. Hut şol ýerde, 1502-nji ýylda Babyryň imperiýasynda birmahal Garagoýunly türkmenleriň döwletine baş bolan baharly taýpasyndan bolan maşgalada Muhammet Baýram han dünýä indi. Onuň kakasy Seýf Alybeg hem Babyr bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýardy hem-de onuň döwründe Gaznanyň häkimi wezipesini eýeleýärdi.
Baýram han örän oňat bilim aldy, kakasy aradan çykandan soň bolsa 16 ýaşynda şazada Humaýunyň esgerler toparyna meýletinçi bolup gitdi. Bu ýaş meýletinçi esgeriň edermenligi hut şazadanyň özüniň hem ünsüni çekdi we ol Baýram hany özüniň ýakyn adamlarynyň sanyna goşdy. 1530-njy ýylda imperator Babyr aradan çykandan soň Humaýun tagta çykdy, ýaş türkmen bolsa onuň iň ýakyn geňeşçisi boldy.
1540-njy ýylda Baýram han Kannaujyň eteginde owgan serkerdesi Şerşahyň leşgerlerine garşy söweşe gatnaşdy. Ol Humaýun üçin elinden gelen ähli zatlary etmäge çalyşýardy, sebäbi 1539-njy ýylda Şerşah mogollar imperiýasynyň tagtyny basyp alypdy hem-de täze döwleti döredendigi hakynda yglan edipdi. Mogol goşunynyň öňdebaryjy toparyna serkerdelik edýän Baýram han ýesirlige düşüpdi. Şerşah bu zehinli we edermen türkmen serkerdesini oňat tanaýardy hem-de ony öz tarapyna geçmäge göwnetmek üçin ähli zatlary etdi. Emma Baýram han özüne edilen teklibi aýgytly ret etdi we tiz wagtdan ýesirlikden gaçmagy başardy. Köp sanly jeňňellikleriň içinden geçmek bilen, Baýram han ýolunyň ugrunda kiçiräk goşun toparyny düzdi. Ol diňe iki ýyl geçenden soň söweşlerde ýeňiş gazanyp, Humaýunyň ýanyna baryp, onuň goşunyna goşulmagy başardy.
Munuň özi şöhratly türkmeniň durmuş beýanyndan diňe ýeke bir parçadyr. Onuň ähli edermenliklerini taryplamak üçin köp sanly kitap ýazmaly bolar. Serkerde Baýram hanyň hemişe rowaçlyk bilen tamamlanan söweşleri we has tutumly ýörişleri soltan Babyryň tagtynyň onuň ogly Humaýuna gaýtarylyp berilmegine ýardam berdi. Aslynda bolsa beýik mogollar Hindistanyň basylyp alynmagy üçin köp babatda Baýram hanyň harby serkerdelik zehinine borçludyr.
Humaýun Baýram hana doly ynanýardy, ol imperatoryň iň oňat dostudy. Türkmen serkerdesi beýik mogollar imperiýasyny dikeltmek üçin köp tagalla edýärdi. Ol özüniň abraýyndan we gepiniň-sözüniň diňlenilýänliginden peýdalanyp, Humaýuny onuň doganlary bilen ýaraşdyrdy, şeýle hem tagtdan düşürilen imperatoryň Sefewi türkmenleriň şejeresinden bolan şa Tahmaspyň ýanyna haýyş bilen ýüz tutup sypaýyçylyk saparyna barmagyny gurady. Bu ýerde garyndaşlyk gatnaşyklary hem uly orun tutdy. Muhammet Baýram han Kazwin şäherine gelip aw-şikara çykan şanyň ýanyna bardy. Şol ýerde olar iki patyşanyň duşuşmagy hakynda şertleşdi.
Gepleşikleriň barşynda Tahmaspyň we Humaýunyň bilelikdäki permany bilen döwletiň bähbitlerini goramak ugrunda bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, Baýram han «han hanan» (hanlaryň hany) diýen ýokary derejä mynasyp boldy. Baýram hany ähli türkmen taýpalarynyň aksakgaly diýip yglan etmek hakynda pikir öňe sürüldi. Baýram hana birleşdirilen goşunlara serkerdelik etmek tabşyryldy. Beren kömekleri üçin Sefewilere Kandagar welaýaty berildi, ony dolandyrmak Tahmaspyň ogly Myrada tabşyryldy. Myrat duýdansyz ýagdaýda aradan çykandan soň Humaýun özüniň ýazan hatynda Baýram hany Kandagaryň häkimi wezipesine bellemegi teklip etdi. Tahmasp bu teklip bilen razylaşdy. Mundan-da başga ol Baýram hana kömek etmek isläp, türkmenleriň baharly taýpasyndan bolanlaryň ählisini şol welaýata «onuň öz taýpadaşlarynyň goldawyny duýmagy üçin» göçürip eltdi. Tiz wagtdan Humaýun Baýram hany özüniň 1542-nji ýylda doglan ogly Ekberiň atalygy (halypasy) wezipesine belledi. 1555-nji ýylda Baýram han ýene-de imperator goşunyna baştutanlyk etmek bilen Mathiwaryň eteginde Penjap häkimi Isgenderiň 80 müň esgerden ybarat leşgerini derbi-dagyn etdi. Soňky ýylda Baýram han 14 ýaşly şazada Ekberi ýany bilen alyp, ýene-de Isgendere garşy ýörişe çykdy. Saýlama goşun bölümlerine türkmen harby serkerdeleri baştutanlyk edýärdi. Kalanur diýen ýerde Baýram han Humaýunyň aradan çykandygy hakyndaky habary aldy. Onuň ogly Ekber dessine imperator diýlip yglan edildi.
1556-njy ýyldan 1560-njy ýyla çenli Baýram han şazadanyň halypasy bolmak bilen, beýik mogollar döwletini özbaşdak dolandyrýardy. Ekber özüniň atalygyna we terbiýeçisine örän hormat goýýardy hem-de ony «han baba» diýip atlandyrýardy. Baýram han Babyryň agtygy şazada gyz Selime Soltan Begime öýlendi.
1561-nji ýylda Baýram han Mekgä haj zyýaratyna ugrady. Ýolda Gujaratda birnäçe gün düşlenildi. 1561-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-inde Baýram han bir özi tokaýda gezim edip ýörkä Mübärek Lohani diýen atly owganlynyň baştutanlygynda 40 sany adam onuň üstüne çozdy we ony haýynlyk bilen öldürdi. Beýik ynsanyň şöhratly ömri, ine, şeýle tamamlandy. Türkmenler öz serkerdeleriniň maşgalasyny halas etmegi kynlyk bilen başardylar. Baýram han Patnada (Gujarat) jaýlanyldy. Baýram hanyň şeýle pajygaly ýagdaýda öldürilmegi hemmelere örän ýiti täsir etdi. 1578-nji ýylda hossarlary onuň jesediniň galyndylaryny Maşada getirdiler hem-de Ymam Ryzanyň (Gyzyl Ymamyň) guburhanasynyň golaýynda jere tabşyrdylar. Ekber patyşa Baýramyň ogly Abdyrahymy özi terbiýeledi hem-de soňra kakasyna birmahal berlen ähli derejeleri ogluna-da berdi.
Baýram han öz döwrüniň örän beýik şahyrydy. Ol öz goşgularyny köp dillerde ýazmagy başarýardy. Onuň şygyrlary okyjylara ahlak taýdan örän güýçli täsir edýärdi, onuň döredijiliginiň XVI asyrda Hindistanda şeýle giňden meşhur bolmagy hem şunuň bilen düşündirilýär. Baýram hanyň şahyrana mirasyny türkmen edebiýatynyň gözbaşlaryna degişli etmek bolar.
Baýram han Türkmen – beýik şahyr, döwlet işgäri, diplomat, ady şöhrata beslenen serkerdedir. Türkmen halky ony we onuň adyny hiç haçan unudan däldir we unutmaz hem-de şonuň üçin Aşgabadyň gözel seýilgähleriniň birini şu şöhratly şahyryň we serkerdäniň ýadygärligi bezeýär. Ýaňy-ýakynda bolsa onuň doglan gününiň 500 ýyllygy Türkmenistanda, Hindistanda we Päkistanda uly dabaralar bilen bellenildi.
XVI asyryň başynda Türkmenistanyň özünde örän gazaply wakalar bolup geçýärdi. Günbatarda osmanly türkmenleriň beýik imperiýasy, günortada Sefewi türkmenleriň imperiýasy, Hindistanda bolsa Beýik Mogollaryň imperiýasy gülläp ösýän, türkmenleriň şol ýerde aýgytly orun eýeleýän mahalynda olaryň ata Watanynyň özünde teke, ýomut, saryk, ärsary, salyr, alili, çowdur taýpalaryndan we beýleki taýpalardan bolan türkmenler Hywa hem-de Buhara döwletleriniň açgözlük bilen urýan zarbalaryndan köp ejirleri çekýärdi. Hywa we Buhara türkmenlerden düzülen goşun toparlaryny peýdalanyp, biri-birine garşy uruş alyp barýardy. Bu barada Ruhnamada şeýle diýilýär:
«Döwletsizlik, bölek-büçeklik hatda taryhy hakydanyň biraz kütelişmegine sebäp boldy. Gündogaryň özge ýurtlaryna düşen kowumdaşlar bilen aragatnaşyklar selçeňleşdi. Taryhy işjeňlik şol kowumlaryň eline geçdi». (294-nji sahypa) .
Taryhy makalalar