TÜRKMENLERIŇ GADYMY HOREZM (AFRIG) ŞALYGY
(III-VIII asyrlar)
Häzirki Türkmenistanyň demirgazyk etraplary Amyderýanyň iki kenaryndaky şäherler, galalar, obalar miladydan öňki asyrlarda Horezm şalygynyň çäklerinde bolupdyr. Horezm şalygy – Afrig hanedanlygy III asyrda döräp, ýurda arap basybalyjylary gelýänçä – 712-nji ýyla çenli dowam edýär.
Horezmiň taryhy kökleri miladydan öňki II müňýyllyga gidýär. Miladydan öňki II müňýyllygyň ahyrlarynda Horezmde ekerançylyk medeniýeti gaýtadan döräpdir hasap edilýär. Amyderýanyň çep kenarlarynda – häzirki demirgazyk Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki IX – VIII asyrlarda Emirabat medeniýeti diýilýän arheologik medeniýetiň alamatlary döräp ugraýar. Ol häzirki Gaňňagyrda ýerleşipdir. Miladydan öňki VII – VI asyrlarda Emirabat medeniýeti Guýysaý medeniýeti bilen ornuny çalyşýar. Guýysaýlylar Günorta Türkmenistan bilen medeni-ykdysady aragatnaşykda bolupdyrlar.
Edil şol asyrlarda demirgazyk-günbatar Türkmenistanda biziň ata-babalarymyz bolan çarwa massaget taýpalary hem ýaşapdyrlar. Olaryň bir bölegi Garagumda çarwaçylyk bilen meşgullansalar, belli bir bölegi çomry ýaşaýyş düzgüninde bolupdyr.
Massagetleriň ýaşaýşy barada gadymy ýunan taryhçylary birnäçe ýazgylary galdyrypdyrlar. «Taryhyň atasy» adyny alan Gerodot ahemen patyşasy Karuşyň Orta Aziýa ýörişleri bilen baglanyşyklylykda massagetler hakynda özüne mälim bolan maglumatlary beýan edipdir. Ol şeýle ýazýar:
«Bu halky (wawilonlylary) boýun egdirenden soň, Kuruş massagetleri tabyn etmek isledi. Massagetler köpsanly we batyr taýpa diýip aýdýarlar. Olar Araks derýasyndan aňyrda, Günüň dogýan ýerinde ýaşaýarlar... Araksdaky adalarda tomsuna her hili kökler bilen iýmitlenýän adamlar ýaşaýarlar. Tomsuna olar dürli agaçlaryň miwelerini ýygnap, alapa edinýärler... Araks derýasy gözbaşyny Matiýen daglaryndan alyp gaýdýar, Hind hem şol ýerden başlanýar. Araksyň ýekeje goly açyk sähraň içinden akyp, Kaspi deňzine guýýar... Kaspiniň günbatarynda Kawkaz daglary serhetleşýär, gündogarda – Günüň dogýan tarapynda bolsa uç-gyraksyz düzlük ýaýylyp gidýär. Şol düzlügiň köp bölegini ýatlanylan massagetler mesgen edinipdirler. Kuruş hem omolara garşy uruşmak niýetine gelipdir... Massagetlere patyşanyň dul galan aýaly şalyk edipdir. Ady Tomirisdir. Kuruş öýlenjek bahanasy bilen ol aýala sawçy iberipdir. Emma Tomiris özüne däl-de, massagetleriň ýurduna göz gyzdyrylýandygyna düşünip, onuň sözüni gaýtarypdyr. Şonda mekirligi paşmadyk Kuruş göni urşa ugrapdyr».
Massagetler bilen pars patyşasynyň arasyndaky söweş miladydan öňki 530-njy ýylda bolup geçipdir. Gerodotyň Araks diýýäni häzirki Uzboýdur. Parslaryň bolşuny gören Tomiris – Tumar Kuruşa nama iberýär. Onda şeýle diýlipdir: «Midiýalylaryň şasy! Niýetiňden el çek. Eger-de, sen massagetleriň üstüne dökülesiň gelýän bolsa, onda derýanyň üstünde gurýan köprüleriňi gurmagy bes et. Biziň tarapymyza arkaýyn geçiber, sebäbi biz derýadan üç günlük ýola çenli öz tarapymyza çekileris. Eger-de seniň özüňem bizi öz topragyňa goýberesiň gelýän bolsa, sen hem şeýt».
Tumaryň namasyny Kuruş öz egindeşleri bilen maslahatlaşypdyr. Hemmeler derýadan bärde uruşmaly diýip maslahat beripdirler. Diňe öňki midiýa şasy Krez Kuruşa mekir ýoly salgy beripdir. «O kenarda uly meýlis guraly, köp goýun soýaly, dürli-dümen tagamlar, güýçli, ýiti çakyrlar bilen massagetleri hezzetläli. Şol ýerde garawul esgerleri goýup, esasy güýçlerimizi derýa tarap çekeris, duşman naz-nygmatlara topular, biz bolsak soň aňsat ýeňiş gazanarys».
Patyşa Kreziň maslahatyny tutýar, Tumara aňryk çekil diýip habar gönderýär. Sözüniň üstünde durýan Tumar yza çekilýär, sag kenara geçen parslar meýlis guraýarlar, şol ýerde garawul goýup, yza dönýärler.
Massagetler goşunyň patyşa aýalyň ogly Spargapys tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän üçünji bölegini goýýarlar. Gazaply söweşden soň, parslaryň kiçijik bölegi ýeňilýär, ýeňişden başy aýlanan massagetler naz-nygmata, çakyra topulýarlar, çakyrdan ýaňa olaryň başy hakykatdanam aýlanyp, özlerini ýitirip, serhoş ýagdaýa düşýärler. Şol wagtam parslaryň esasy güýçleri gelip, serhoş massagetleri gyrgyna berýärler, köpüsini ýesir alýarlar. Olaryň içinde Spargapys hem bar eken.
Kuruşyň haýynlygyna haýran bolan Tumar oňa täze bir nama gönderýär: «Ganojak Kuruş, üstünligiňe buýsanma! Sen meniň oglumy mert söweşde däl-de, üzümiň suwy bilen gola saldyň, saňa gowy maslahat bereýin: oglumy ber-de, dirikäň, ýurdumdan çyk; eger diýenimi etmeseň, gandan doýmaz gözleriňi gana boýaryn; şeýtjegime massagetleriň eýesinden – Günüň hudaýyndan ant içýärin».
Ýesirlikde özüne gelen Spargapys öz-özüni gurban edýär.
Şondan soňky gazaply söweşde garşydaşlary ilki biri-birine garşy ýaýdan ok atypdyrlar. Ok gutarandan soň, hanjarlar we naýzalar işe giripdir. Ahyrsoňy massagetler üstün çykypdyrlar. Pars goşuny tutuşlygyna synýar, patyşanyň özi-de wepat bolupdyr.
Tumar Kuruşyň jesedini tamagy buýurýar, onuň kellesini adam Gany bilen doldurylan meşige salyp, şeýle diýipdir: «Oglumy mekirlik bilen ele salyp, sen meniň ýeke dikrarymy ýok etdiň, meniň günümi weýran etdiň, emma men diri, seni söweşip ýeňdim; indem söz edişim ýaly, gözleriňi gandan doýurýaryn». Tumar Kuruşyň kellesi salnan meşigi duşman ýurduna ugradýar.
Bu ýeňiş halkymyzyň gadymy taryhynda-da, bütin gadymy dünýä taryhynda-da adatdan daşary uly ýeňiş bolupdyr. Ol pars imperiýasyny mazaly sarsdyrypdyr. Emma şoňa garamazdan, Ahemenleriň soň Horezmi boýun egdirendigi mälimdir.
Miladydan öňki IV asyrdan miladyň I asyry aralygynda Horezm çarwa taýpalaryň Kangly birleşiginiň täsiri astynda bolupdyr. Hytaýlylar oňa Kangüý, «Awestada» bolsa Kangha diýilýär. Alymlaryň geçiren derňewleri esasynda, Horezmiň patyşalyk hanedanynyň baryp miladydan öňki XIII asyrda kemala gelendigini tassyklamak mümkin. Oňa afrigler hanedany diýilýär. Afrigleriň patyşasy Syýahwahş ady bilen belli bolupdyr. Ýarym taryhy, ýarym rowaýat häsiýetli bu şahsyň aslynyň hasyllylygyň, dirilişiň, ekerançylygyň hudaýynyň adyndan gaýdýar.
Wahş sözüni suw, derýa manysynda ulanypdyrlar. Häzirki türkmen dilindäki pagyş-para, pagşyldy ýaly sözleriň asly hem Syýahwahşyň adyna baryp direýär.
Hanedany berkarar eden horasmiler massagetleriň bir taýpasydyr. Olaryň adyndanam Horezm ýurdunyň atlandyrylyşy gelip çykýar. Hwarizm – hwari – zom – hwarirleriň ýurdy diýmekdir. Hwar ýa-da par bolsa türkmen dilinde saklanyp galan «parlak ýyldyz» jümlesinden aňylyşyna görä, «nurlylar, asly nurdan bolan ylahy kişiler» diýmekdir. Horezmi esaslandyranlaryň biri bolan Syýawuşyň ylahy şa adyny almagy ýöne ýere däldir. Ylah – Gün – Asman, nur bilen baglynyşyklydyr. Bir söz bilen aýdanyňda, Horezm asly nurdan, günden diýen manyny berýän türk – iman – türkmen sözüniň III – VIII asyrlaryndaky aýdylyşydyr.
Horezmde şäher medeniýeti VII asyrlarda güýçli depgin bilen ösüp başlaýar. VI – V asyrlarda bolsa şäher medeniýeti Ahemenleriň täsiri bilen has gülläp ösýär. Horezmiň gadymy şäherleri barada «Awestada» köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol şäherler:
Küýzelikgyr – miladydan öňki VI asyr.
Galaly I – I asyr.
Köne Was, Galaly II, – IV – II asyrlar.
Akjagelin, Gaňňa I,
Şasenem, Diýarbekir,
Döwkesen.
Eýsem-de bolsa, Daraýwuş I eždatlarymyzy ýeňip, Garagumuň üstünden arkaýyn demirgazyga ýol salmagy netijesinde (hiç bir duşman hiç mahal Garagumy boýun egdirmän, Watanymyzy eýeläp bilmändir – munuň özi türkmen milli taryhynyň esasy kanunlarynyň biridir), miladydan öňki 517-nji ýylda Horezm ahemenlere doly boýun bolýar. Bu hakda patyşanyň özi Bisütün dagyndaky ýazgysynda şeýle mahabatlandyrýar: «Şu ýerde ulanylan pöwrize daşy Horezmden getirildi». Şu hili syýasy baknalyk we ykdysady elgaramalyk tä ýunan basybalyşlaryna çenli dowam edipdir.
Ýunan taryhçylar basybalyjy Isgender Zülkarneýniň Horezm bilen gatnaşygy barada anyk maglumatlar goýup gidipdirler. Miladydan öňki 329-njy ýylda Zülkarneýniň ýanyna Horezm hökümdary Farasman bir ýarym müň esgeri bilen Marakanda (Samarkanda) gelip, onuň bilen ylalaşyk şertnamasyny baglaşýar. Bu şertnama ýunan-makedonlylaryň basybalyjylykly talaňçylyklaryndan gadymy Horezm şalygyny halas edýär, netijede gadymy Horezm medeniýeti gülläp ösüpdir. Käbir taryhçylar Farasmanyň adyny Hwarasman diýip okaýarlar. Has türkmençe okalyşy Parasman bolmaly. Horezmiň esaslandyrylyşy baradaky türkmen rowaýatynda gadymy eýýamlarda Hebeş we Horezmin diýen iki sany ýetim doganyň taryhy beýan edilipdir. Horezmin has ady Horosmi diýen etnik at bilen, Hwarasman diýen taryhy şahsyň ady bilen meňzeş, tas şol bir zat bolup görünýär.
Horezm şalyk hanedanyny massagetleriň esaslandyrandygy mälimdir. Şonuň üçinem Horezmiň syýasy taryhynda çarwalaryň orny uly bolupdyr. Şeýle syýasy orun ýurduň özboluşly ykdysady gurluşy tarapyndan kesgitlenilip, çarwalaryň we çomrularyň arasynda ýer, suw, öri meýdanlar üçin çaknyşyklar ýüze çykyp durupdyr. Öri meýdanlary ekerançylyk meýdanlaryna öwrülip durupdyr, tersine-de bolupdyr. Çarwa we çomry ýaşaýyş endikleriniň özboluşly bäsleşigi aýratyn bir ruhy aýratynlygy kemala getiripdir. Çarwaçylygyň ýaýbaňlanmagy harby kuwwatlylygyň esasy orna geçmegine, çomrulygyň kadalaşmagy bolsa imi-sala ykdysadyýetiň ýokary galmagyna sebäp bolupdyr.
Miladydan öňki IV – II asyrlarda Akjadepede, Hajypda, Akjagelinde, beýleki kentdir obalarda maldarçylyk we ekerançylyk ýaşaýşy gülläp ösüpdir. Şeýle ösüşe miladydan öňki II asyrda çarwa sak taýpalarynyň köpçülikleýin aralaşmagy zyýan ýetiripdir. Amyderýanyň akymyny üýtgedip, Arala guýup başlamagy bilen (ondan öň ol Sarygamyşa guýýardy, Sarygamyşyň suwy belli bir derejä ýetenden soň bolsa, Uzboýyň hanasy bilen Kaspä tarap akypdy) medeni merkez derýanyň sag kenaryna – Toprakgala geçýär. Bu ýerde medeni ýaşaýyş miladyň III asyrynyň ortalaryna çenli dowam edipdir. Ilki Gürgenç, soňra Toprakgala, ondan soň bolsa Kät şäherleri Horezmiň medeni merkezi hökmünde taryhda yz galdyrypdyrlar.
Horezmiň taryhyny dikeltmekde patyşalaryň zikgelän teňňeleriniň uly ähmiýeti boldy. Şol teňňleriň öwrenilmegi netijesinde miladydan öňki II asyrdan miladyň IX asyryna çenli müňýyllyk taryh yzygider göz öňüne getirilýär.
Ilki bilen, Merkezi Aziýada meşhurlyk gazanan, häkimlik eden neberäniň arkadaýanjy bolan aýal hudaý Ardwysury Anahitanyň şekili bolan, miladyň birinji asyryndan bolsa guw şekili bolan teňňeler müň ýyllap höküm süren hanedanyň taryhyndan habar berýär. Anahita maňlaýy altyn egmeli, gulagy teneçirli, boýny monjukly, sugunyň derisinden tikilen kaşaň eşikli görnüşde palçykdan ýasalypdyr.
Miladyň 54-nji ýylynda Horezm eýýamy diýilýän ýyl hasaby girizilipdir. Miladyň üçünji asyrynda Efrasyýabyň1 – Alp Är Töňňäniň nesli häkimlige goşulýar. Belli bolşy ýaly, seljuk türkmenleri-de özlerini Efrasyýabyň neslinden hasaplapdyrlar. Şol döwrüň Horezm döwleti daşky ýurtlar bilen seýrek ykdysady we syýasy gatnaşyklarda bolupdyr. Munuň özi ýurduň hemmetaraplaýyn öz-özüni üpjün etmäge gurbunyň bolandygyndan başga-da, ýurduň geografik-tebigy taýdan özboluşly «ada» bolandygy bilen şertlendirilýär. Günortanyň täsiriniň Garagum sebäpli az ýetendigi, Gündogaryň bolsa medeni-etniki taýdan Horezme keseki bolandygy müňlerçe ýyllaryň dowamynda häkimligiň – syýasy endikleriň we medeni-ýaşaýyş usullarynyň durnukly bolmagyna getiripdir. Bir aýratynlygy belläp geçeýin. «Beýik ýüpek ýoly», Syrderýa boýunça Günbatar Ýewropa barýan ýollar gadymy Horezmden sowlup geçipdir. Şol ýollaryň öz üstlerinden geçmegini islän gadymy Horezm hökümdarlary täze-täze kerwen ýollarynyň düşelgelerini – kerwensaraýlary gurmagy, kerwen ýollaryny abadanlaşdyrmagy öz üstlerine alypdyrlar. Üstýurduň, şeýle hem Müňgyşlagyň üstünden geçýän kerwen ýollarynyň ugrunda guýular gazyp, kerwensaraýlar gurupdyrlar.
1 Efrasyýap – gadymy rowaýatlarda türkmenleriň gadymy Turan döwletiniň görnükli hökümdary. Bu türkmen hökümdary Mahmyt Kaşgarlynyň we Ýusup Has Hajybyň ýazmaklaryna görä, Eýranda Efrasyýap, türkmenleriň arasynda bolsa Alp Är Töňňe ady bilen meşhurdyr. Alp Är Töňňäniň – Efrasyýabyň kakasy Çeşeng Turanyň belli şasy bolupdyr. Ýeri gelende, Efrasyýap şäheriniň Samarkant şäheriniň ýakynynda bolandygyny, seljuklaryň özlerini Efrasýabyň neberesi hasaplandyklaryny hem aýtmak gerek.
Dürli arheologik tapyndylar miladyň III – IV asyrlarynda ykdysadyýetde, maddy ýaşaýyşda durgunlygyň ýüze çykandygyny görkezýär. Dürli şäherlerde ýaşaýyş togtaýar, önümçilik pese düşüp, maddy döredijilikde ýöntemlik peýda bolupdyr.
Gadymy Horezmde Irki demir asyrlary döwründe kem-kemden täze metalyň – demriň ýaýrap başlandygy bellenilýär. Gara metaly işläp bejermegiň täri-tilsimi bürünçden has çylşyrymlydygy bilen tapawutlanýar. Demirden ýasalan peýkam uçlary Uly Balkanda miladydan öňki VI – V asyrlarda peýda bolýar, Horezmde bolsa soňky bürünç peýkam uçlary miladydan öňki II asyrda hem ulanylypdyr.
Sarygamyşyň ýakalarynda adamlar mesgen tutup başlapdyr. Bu ýerde ýaşaýyş şertleri kyn bolupdyr, çünki şol wagt derýa suwy häli-şindi joşup, gyrmança, çökündi sürüp getiripdir, şonuň netijesinde hem çökündiler gitdigiçe artyp, batgalyklar döreýär, çökündili düzlük emele gelip ugraýar, bu ýerleri jeňňelli tokaý basypdyr, jeňňeliň içinden derýa ugruny dürli tarapa üýtgedip akypdyr. Emele gelen şeýle ýagdaýda diňe aýry-aýry belendräk gyrlarda – derýanyň aýagynda ýa-da Üstýurt baýyrlygynda mesgen tutmak mümkin bolupdyr.
Şu bolup geçen wakalar Gerodotyň Horezmi suratlandyryşynda, ýagny Akes derýasy hakyndaky hekaýatynda hem öz beýanyny tapypdyr.
Şäherleriň peýda bolşuny Awestanyň maglumatlaryna görä-de göz öňüne getirmek bolar, onda hindi-eýranlylardan bolan Ýiminiň (hindi Wedilerinde onuň adyna Ýama diýilýär) Warany, ýagny uzynlygy bir at gaýtarym1 bolan dört burçly
1 At gaýtarym – 3 kilometr.
mal agylyny gurandygy, ol ýere adam, ençeme tohum öküz, it, guş hem-de alawlap duran gyzyl ody; uzynlygy bir hatra1 ýetýän suw getirilendigi, şol ýerde kepbe, öý, gümmez, ähli tarapy ýazyk germew gurandygy aýdylýar.
Awestanyň maglumatlaryny Horezmdäki ilkinji şäherleriň keşbi bilen deňeşdirmek bolar. Galalygyr-I şäher harabaçylygynyň diwarlarynyň biri (1 km uzynlykda) otuz iki sany diň bilen berkidilipdir. Binanyň içinde gurlan käbir gurluşyklaryň diwarlary saklanyp galypdyr. Ortadaky giňişlik duşmanlar çozan wagtynda mal agyly hökmünde ulanylypdyr.
Awesta we irki döwürdäki arap taryhçylary Zaratustra Horezmdäki üç sany keramatly odundan ilkinjisini, ýagny iň bir möhümi bolan Frobat oduny (onuň başga hili atlandyrylyşy – Hurdad ýa-da Adarhurra) döretdi diýip habar berýärler.
Irki demir asyrlary döwründe täze ösüşiň we maddy medeniýetiň düýbi tutulypdyr, munuň özi diňe eýran dilli etniki topar bilen baglanyşykly bolupdyr, şol esasda hem Horezmde, Girkaniýada, Parfiýada, Ariýada, Margianada, Baktriýada, Sogdianada we başga ýerlerde döwlet gurluşy ösüp ugraýar.
Dariý I-iň saklary we massagetleri ýeňip, demirgazyk tarapa özüne ýol açmagyndan soň Horezm miladydan öňki 517-nji ýyl töweregi Ahemen döwletiniň düzümine girýär. Horezmiň birikdirilmegi uly bir uruş hereketlerine eltmändir, ýöne welin, Küýzeligyrda ýangyn yzlarynyň galyndysy göze ilýär. Biz ýazuw çeşmelerinden diňe massagetler bilen söweşleriň bolandygyny bilýäris.
1 Hatra – 1,5 kilometr.
Horezmde anyk şertlerde çomrulardyr çarwalaryň arasynda suwuň we peýdalanylýan ýerleriň üstünde bäsleşik ýüze çykypdyr. Ekerançylyk üçin peýdalanylýandygy sebäpli, çarwalara mallaryny ýakar ýaly suw ýetmezçilik edipdir. Ekin meýdanlarynyň giňeldilmegi bolsa olaryň örülerini gysypdyr. Güýçli döwlet häkimiýeti ýurduň içinde ilatyň dürli toparlarynyň bähbidini aramaga çalşypdyr. Munuň üçin hem güýç, hem ykdysady gysyş çäreleri ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, parahatçylykly şertlerde-de çarwalaryň käbir toparlary çomrularyň üstüne talaňçylykly ýörişleri geçirip durupdyrlar. Dürli taýpa toparlarynyň häkimiýet ugrundaky göreşleri hem-de agalyga dalaş etmekleri döwletiň gowşamagyna getiripdir. Duşmançylyk güýjäp, talaňçylyk artypdyr. Bu bolsa ýurduň ähli babatlarda gowşamagyna sebäp bolupdyr.
Ekerançylyk bilen meşgullanýan çomrularyň haryt öndürijiligi köplenç halatda çarwalaryň bazarlarynyň islegine bagly bolupdyr. Toplumlaýyn arheologik hem-de suwaryş düzgünleriniň derňewleri netijesinde döwletiň gumaçylyk orny hem ýüze çykaryldy. Çarwaçylyk etraplarynda olaryň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin aýratyn ekerançylyk sebitleri döredilipdir. Ol ýerlerde dürli hünärler bilen meşgullanypdyrlar. Aýratynam, küýzegärlik (gap-gaçlar ýasamak işi) giň gerim alypdyr, tohumlyk hem-de ot-iýmlik ekinler ekilipdir, üzümçilikdir çakyr ýasamaklyga-da uly üns berlipdir. Şu hili toplumlaýyn hojalygyň nusgasyny orta Döwdanyň aşak akymlarynda, Akjadepäniň (Nurumgyr) töweregindäki ýerlerde görýäris. Esasy meýdan işleri günbatar tarapda ýerleşen meýdanda alnyp barlypdyr. Oturymly ilatyň beýleki, esasy bölegi, Akjadepe diýlip atlandyrylýan uly ilatly merkezde ýerleşipdir.
Marguş, Parfiýa döwletleriniň binalaryndan tapylýan tapyndylar eždatlarymyzyň çakyra aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär. Gazylyp agtarylan çakyrhanalaryň biriniň 2000 litre çenli çakyr «goruny» saklamaga mümkinçilik berendigi anyklanylypdyr. Ýurduň suwaryş ulgamy çylşyrymly bolup, suwaryş noburlaryny, gaçylary, derýanyň golunyň öňüne gaçy galdyrmak, artykmaç suwlary kowar ýaly noburlary gazmak ýaly işleri özünde jemläpdir.
Horezmiň müňýyllygyň dowamynda özboluşly sungaty bolupdyr. Külal gaplarynyň ýüzündäki sugun, at, düýe, ýolbars şekilleri ýerli mifologiýany beýan edýär. Özüniň geografik ýerleşişi we taryhy ykbalynyň özboluşlylygy netijesinde Horezmde aýratyn bir taryhy ýaşaýyş bolupdyr. Oňa özbaşdak Horezm galkymy diýmek gerek.
Amyderýanyň aşaky akymlary, Sarygamyş kölüniň töwerekleri, gadymy Uzboýuň kenarlary, Müňgyşlak, Aral deňziniň ýakalary – bu ýerleriň taryhy türkmeniň millet hökmünde kemala gelmeginiň esasy ojaklarynyň biridir. Daşoguzyň hem, taryhy Üçoguzyň hem hut şol ýerlerde bolmagy, araplar gelmezinden öň ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň dil, antropologik, medeni taýdan türkmenler bilen gönüden-göni baglanyşykda bolmagy gadymy Horezm topragyna eždatlarymyzyň dörän we ömür süren bir taryhy gurşawy hökmünde seretmäge esas berýär.
Osman Öde.
Taryhy makalalar