TÜRKMENLERIŇ MARGUŞ ŞALYGY
(Miladydan öňki II müňýyllyk)
1. Taryh kanunalaýyklygy
Taryhy gatlaklanma hadysasy iki zatda amal bolýar: taryhy wagtyň özünde hem-de milletiň taryhy hakydasynda. Bular özara baglanyşyklydyr. Milletiň başdan geçiren taryhy wagtynyň dowamynda amala aşan gatlaklanma ahyrky netijede onuň hakydasynda şöhlelenme tapýar. Men «ahyrky netije» diýýärin, şunuň bilen hem wagtyň hakydada dowam edýändigini nygtaýaryn.
Türkmen taryhynyň birinji Oguz han Türkmen eýýamynyň täze bir döwri – türkmenleriň Marguş şalygy döwrüniň gürrüňini gatlaklanma hadysasy bilen başlamagym ýöne ýere däl.
Türkmenleriň Marguş şalygy arheologiýa ylmy tarapyndan soňky otuz ýylyň dowamynda sözüň hakyky manysynda toprakdan gazylyp dikeldildi. Ondan ozal bu gadymy ýurt we gadymy şalyk hakynda ylmyň bar bilýäni «Awestanyň» sanlyja sözlemi bilen eda bolýardy.
Gadymy otparaz ata-babalarymyzyň mukaddes «Awesta» kitabynda Ahura-Mazdanyň ýaradan 16 sany ýurdy sanalyp görkezilýär. Şol ýurtlaryň üçünjisi – Marguş hakynda şeýle diýilýär: «Üçünji ýurt – Mouru kuwwatly hem din-imanlydyr, Artä wepalydyr».
Marguşa-Mara degişli ikinji, eýýäm sap taryhy maglumat mundan 2500 ýyl çemesi ozal daşa pars, elam, akkad dillerinde ýazylan Bisütün ýazgylarynda (Gaýanyň ýüzündäki bu ýazgy Hemedandan Şama gidilýän ýoldaky dagda) duş gelýär.
Onda şeýle diýilýär: «Gepleýär Dariý, patyşa gepleýär: Marguş ýurdy pitneçi boldy. Frad atly birewi, marguşlyny özlerine baştutan edindiler. Mundan soň men Dadarşiş atly parsa, öz guluma, Bahdiniň tarapyna çapar gönderdim we aýtdym: bar, özüni meňki däl hasaplaýan goşuny derbi-dagyn et diýdim. Onsoň Dadarşiş goşun çekip gitdi we marguşlylar bilen urşa girdi. Ahuramazda maňa medet berdi. Ahuramazdanyň ýalkawy bilen meniň goşunym pitneçi goşuny kül-peýekun etdi. Gepleýär Dariý, patyşa gepleýär: şondan soň ýurt meniňki boldy».
Kuwwatly hem din-imanly Marguş – XXI asyryň başyna ylmy açyşlar arkaly biziň göz öňümizde dikelen ýurduň baryp üç müň ýyl mundan ozal özüne berlen bu sypatlandyrma şeýle laýyk gelşine haýran galýarsyň. Degişli açyşlar ýurdumyzyň taryhynyň tutuş müň ýyla uzaýan döwrüniň ýüzündäki nämälimlik tegmilini sypyryp aýyrdy. Netijede, bütin dünýä miladydan öňki II müňýyllygyň bütin dowamynda gülläp ösen Marguş şalygynyň bitewi hem ajaýyp keşbini gördi. Şeýle hem Oguz han Türkmen eýýamynyň uly bir döwri gaýypdan barlyga gaýdyp geldi.
Ine, şondan soň men türkmen topragynyň astyndan gazylyp alnan bu taryhyň türkmen hakydasynyň astky gatlaklarynda saklanyp galandygynyň açyşyny etdim. Bu şeýle-de bolmalydyr. Bu ýerde tötänlik däl, kanunalaýyklyk bardyr. Wagt bilen giňişligiň aýrylyşmagy netijesinde möwritden boşan maddylyk ýeriň astyna gidýär. Şol maddylyk bilen bir taryhy wagty kemala getiren ruhy barlyklar hakydanyň astky gatlaklaryna geçip, ýaşaýşyny dowam edýär hem-de maddylykdan tapawutlylykda ruh öz çarçuwalaryny özgerdýär. Onsoň ony, şol gadymky ruhy närseleri tanamak, saýgarmak gaty bir aňsadam düşüp duranok.
Bu aňsat däl işiň hötdesinden gelmegiň bir usulyny men «Türkmen taryhynyň» başky bölümlerinde görkezipdim. Ylmy akyl ýetirişiň şol ýerde görkezilen birinji basgançagyny men syzmak diýip atlandyrdym. Syzmak ukyby adam süňňi bilen baglanyşyklydyr. Adamyň süňňi, zandy bolsa onuň Milli degişliliginiň birinji görkezijisidir. Şahsyýetiň süňňi ata-babalarynyň genetiki hakydasynyň toplanmagyndan kemala gelýär. Bu özboluşly syzmak arkaly akyl ýetiriş guraly arheologik-taryhy tapyndylar bilen adam ýüzbe-ýüz bolanda işe girýär we öňünde duran tapyndylarda bar bolan informasiýa (hakykat) bilen öz içindäki hakykatlaryň arasynda täsin baglanyşyklary dikeldýär.
Şeýdip adam bilen geçmiş taryhyň arasynda meňzeşlikler ýüze çykýar. Taryhy wagtyň üzülen ýerleri gaýtadan baglanyşýar. Genetiki hakydadan uç alan baglanyşyk taryhy hakydanyň kömegi bilen doly kemala gelýär. Milli-taryhy hakydanyň nusgasy bolan has soňky döwürleriň şaýatlyklarynda adam gadymy geçmişiň hakykatlaryny saýgarmaga, görmäge ukyplylyk derejesine ýetýär. Men muňa şahsyýetiň öz içinde babalaryny tapmak işi diýip häsiýetlendirýärin.
Gadymy Marguşuň ýüze çykarylan (topragyň 5-6 metr aşagyndan ýüzüne çykarylan) arheologik tapyndylar5 bilen tanşanymda mende edil ýokarky ruhy ahwalat bolup geçdi. Men şu ýerde dört tapyndynyň gürrüňini etmekçi we bulary has soňraky taryhy döwrüň edebi-taryhy şaýatlygy bilen baglanyşdyrmakçy bolýaryn. (Ýogsa-da, hakyda bilen gatnaşygy babatda «gadymy döwür» diýilýän bilen «has soňraky döwür» diýýänimiň arasynda nähili tapawut bar? Hakyda kyrk gatlak bir zatdyr: onuň has jümmüşindäki barlyk, ýörite iş edinilip, dikeldilmese, öz-özlüginde şu gün bilen baglanyşmaýan barlyk «gadymy döwri» aňladýar, şu gün bilen baglanyşygy mesaňa bildirip duran, ýagny şu günüň janly ýaşaýşynda dowam edip duran döwri bolsa «has soňraky taryhy döwür» – diýýänimdir).
Birinji tapyndy. Marguş şalygynyň ösüşiniň 3-nji döwrüne degişli Togalak ýadygärlikler toplumy bar. Bu toplumyň miladydan öňki 1250-nji ýylarda gülläp ösendigini arheologlar belläp geçýärler. Toplumyň içinde iň görnükli şäherleriň birini şertli suratda Togalak 21 diýip atlandyrýarlar.
Togalak 21-de bütin Marguş ýurdunyň merkezi ybadathanasy ýerleşipdir. Men gadymy Türkmenistanyň bu ajaýyp binagärlik sungaty barada aşakda giňişleýin gürrüň ederin. Häzir bolsa ünsi dünýäde iň gadymy hem özboluşly ybadathanalaryň biri bolan şu binanyň harabasyndan tapylan bir tapynda çekmekçi.
Bu tapyndy bürünçden ýasalan kiçijik paltajyklardyr. Owadan aýpaltajyklaryň ýüzi ýasalanda, kütek edilip ýasalypdyr. Munuň özi aýpaltajygyň haýsydyr bir zady çapmak ýa-da kesmek üçin edilmändigini aňladýar. Paltanyň ýeňse tarapy gaýtalanmaz görnüşe eýe, ol özboluşly suratda uzalyp hem sallanyp gidýär. Paltajygyň ýüzünde adam gözi şekillendirilipdir. Aýpaltajygyň sap oturdylýan ýeri adaty paltalaryňky ýaly dik däl-de, ýapgyt görnüşinde edilipdir. Garaz, biziň elimizdäki zat ýarag-ha däl. Kütek ýüzi, ýapgyt deşigi, adam gözi – aýpaltajygyň göçme manyly nyşandygyny alamatlandyrýar. Bu tapyndynyň ruhanylary aňladýandygyny nygtamak isleýärin.
Aýpalta ruhanylaryň ornuny kesgitleýär. Halkyň aň-düşünjesini özgertmekde ruhanylaryň uly orun eýeleýändigine eždatlarymyz şol döwürde hem açyk göz ýetiripdirler.
Ikinji tapyndy. Marguşuň ussalarynyň ýasan dürli doga sadaplarynda şekillendirilen iň ýörgünli şekilleriň biri aždarhadyr. Sadaplarda aždarha bilen şamarlaryň söweşi esasy äheňdir. Aždarhalar şahly hem-de ganatly, guýruklary bolsa haçja görnüşinde. Aždarhalar bilen ýylanlar nämäniň üstünde uruşýarlar? Sadaplarda olaryň arasynda kä gaplaň, kä keýik, kä bürgüt, käte-de öküz goýlupdyr. Bu haýwandyr guşlaryň erkek jynsynyň aýratyn nygtalyp görkezilýändigi häsiýetlidir. Gadymy ata-babalarymyz ähli ýaşaýşyň başlangyjy erkeklik tohumynda diýen akyla we ynanja gulluk edipdirler.
Üçünji tapyndy atşynaslyk we atlar bilen baglanyşykly. Marguşuň paýtagt şäheri Goňurdan arheologlar atyň kiçijik bürünç heýkeljigini tapdylar. Uzyndan owadan boýunly, galyş gulak, okara gözli bu at şekili ahal-teke atlarynyň aslyny suratlandyrýar.
Dördünji tapyndy. Bu halkyň hakydasyndaky tapyndydyr. Halk özi üçin döş geren, göreşen serkerdelerini hakydasyndan öçürmeýär. Men Ahemen şasynyň eden-etdiliklerine garşy baş göteren Frad atly türkmen gahrymany hakda aýdýaryn. Basybalyjylara garşy baş göteren ilkinji türkmen gahrymany Frady halk hakydasyndan aýyraýmandyr. Onuň gaýduwsyzlygy, batyrlygy hakda her hili rowaýatlar dilden-dile geçip, halka agyr pursatlarda ýaşaýşa, göreşe hyruç beripdir.
Duşman Marguşy aňsatlyk bilen basyp alaryn öýdüpdir, çünki, şol döwürde Marguş şalygynyň köşgünde agzalalyk bolupdyr. Gün hanyň neberelerinden bolan şa ýogalansoň, ogullary tagt üstünde oňuşmandyrlar, doganlaryň biri beýlekisine boýun synmak islemändir.
Dariý I Marguşy basyp alyp, şalygy özümki diýip yglan edensoň Fradyň halk gozgalaňçylary duşmany derbi-dagyn edipdirler. Duşman uly ýygyn bilen gelýär, bu gelen ýygyn hem derbi-dagyn edilýär. Şonda Dariý I Fradyň ýanyna ilçi ugradýar. Uly welaýatlaryň birini peşgeş bermegi ýa-da şalygyň serkerdesi bellemegi, bolçulykda ýaşatmagy wada berýär. Şonda Frad gelen ilçä şeýle diýýär:
– Gep mende däl, men öz günümi nähili göremde tapawudy ýok, ýöne biziň ganymyzda erkinlik gany bar, biz kimdir biriniň garamagynda ýaşamaly halk däl, biz dünýä agalyk edip ýaşamaly halk. Eger şalygymyzda gelmişek şalyk sürjek bolsa, marguşlynyň birem çöregini arkaýyn iýip bilmez, birem öýünden girip-çykyp ýörmez. Biz tä siz gidýänçäňiz göreşeris.
– Frad, akylyňa aýlan! Ähli neberäňi bazarda gul edip satarys.
– Halkym gulka, meniň neberämiň gul bolmazlyga haky ýok. Men halkymyň diri ýerinde diri, öli ýerinde öli.
– Beýle beýik halk bolup, näme üçin ýeňildiňiz?!
– Nesilbaşymyz Oguz hanyň wesýeti tutulmanlygy üçin ýeňildik.
– Ýeri, nesilbaşyňyzyň nähili wesýeti bar?
– Oguz han atamyz aýdýa: «Oguz halkyna diňe üç ýagdaýda bela geler. Birinjisi, men-menlik. Sen kim bolsaň hem men-menlik etme, bu seniň başyňa towky getirer diýýä. Ikinji, berkarar, halal döwlete haramylykdan bela gelse, öňüni alyp bolmaz diýýä. Üçünji, oguzyň başyna agzalalyk düşse, bagty ýatar diýýä. Şanyň ogullarynyň agyzlary alardy. Ol hem başymyza bela bolup indi. Oguz atamyzyň wesýeti tutulmady. Şol üç wesýetiň bozulan ýerinde oguzyň başyna bela inýär.
– Şu ýagdaýy halkyňa düşündir, Frad. Goý, halk kysmatyna kaýyl bolsun!
– Halka düşündirmek gerek däl, halk bu zatlary bilýär.
– Özüňize haýpyňyz gelsin.
– Meniň yzyma düşenler – gelmişegiň golastynda ýaşandan ölümi ýeg gören adamlar. Sen bize töwella edip oturma – diýýär.
Frad sözünde hem durýar.
Eýrandaky gaýanyň ýüzüne ýazylan Bisütün ýazgylary ýöne ýere ýazylmadyk. Frad öz döwründe deňi-taýy bolmadyk gahrymançylyk görkezýär. Fradyň gahrymançylygy miladydan öňki II müňýyllygyň iň şöhratly gahrymançylygydyr.
Fradyň gahrymançylygynda türkmen halkynyň ruhy keşbi bar.
Frad türkmeniň erkinliginiň nyşany.
Frad türkmeniň batyrlygynyň, ýanbermezliginiň, gaýduwsyzlygynyň, watançylygynyň nyşany.
Türkmeniň taryhynda gaýanyň ýüzüne ýazylmaga mynasyp är gerçekleri juda kän bolupdyr.
Fradyň bir sözi nakyla öwrülip biziň günlerimize gelip ýetipdir: «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn!»
3-4 müňýyllyk ýaşy bolan bu dört tapyndynyň eždatlarymyzyň ruhy durmuşynyň soňky eýýamlarynda bu ruhy kesgitleýji ornunda galandygyny biz «Görogly» dessanynyň mazmunyndan görüp bilýäris.
«Görogly» dessanynyň geçmişiň üýtgewsiz ululyklaryny özünde iň köp saklaýan bölümleri başky iki şahasydyr. «Göroglynyň döreýşi» we «Göroglynyň öýlenişi» şahalarynda ýokarky gadymyýetiň indi juda çuňlukdaky gatlaklarda kä daşky ölçeglerini üýtgedip, käte olary üýtgetmän, içki mazmuny weli hiç mahal we asla-da üýtgemezden dowam edişi görünýär.
Göroglynyň döreýşi – munuň özi türkmen iliniň täze soltanynyň, täze häkimiýetiň döreýşidir. Bu gaýtadan syýasy döreýiş atdan hem-de ýaýdan başlanýar. Munda atyň we ýaýyň ala-böle aýratyn köp orny eýelemegi, aýdaly, diňe orta asyrlarda bularyň aýratyn ähmiýeti bilen baglanyşykly däldir. Baglanyşykly bolaýanda-da, bu diňe daşky görnüşleridir. Taryhy üznüksizligi görmekde munda esasy zat içki baglanyşykdyr. At hem ýaý – nyşandyr.
Nyşan näme? Nyşan – haýsydyr bir aňlatmada, şol sanda sözde taryhy-ruhy mazmunyň gatlaklanmagydyr. Milletiň ruhunyň gadymylygyny görkezýän esasy zatlaryň biri bu milletiň aňynda durnukly nyşanlaryň ulgamynyň barlygydyr. Şeýle ulgamyň ýoklugy ýa-da entek kemala gelip ýetişmänligi Milli ruhuň gögeleliginden habar berip biler.
«Şägirt bir hüjreden alyp çykdy. Ol ok-ýaýyň dokuz gabat teletinden gaty bar. Ýeke-ýekeden gapdan çykaryp goýdy. Lagly-jowahyrdan bina bolan ok-ýaý hüjrä ýalkym berip ýatyr. Ýaý Göroglynyň sustuny basdy».
«Üç ýylda bina kylnyp, lagly-jowahyrlardan, agyr merjenlerden, altyn-kümüşden ýasalan» bu ok-ýaýyň nyşan kemi ýok. Bütin dessanyň dowamynda Göroglynyň söweşde bu ok-ýaýy ulanmaýandygy häsiýetlidir. Çünki, Göroglynyň döremegi, soltanlyga ýetmegi bilen onuň manysy geçmişe gidýär. Nyşany göçme manyly däl närsäniň ornunda ulanyp bolmaýar.
Göroglynyň Agaýunusy almak üçin aždarha bilen söweş edýänligi hemmäniň ýadyndadyr. Bu aždarhany öldürip, perileriň mifiki alyslykly ýurduna ýetip bolýar. Periler ýurdy – gadymy eždatlarymyzyň bakylyk baradaky, ýaşaýyş güýji baradaky hyýallarynyň keşbidir.
Marguşuň şekillerinden çen tutsaň, ol ýurduň iň ilkibaşky nyşany aždarhalar bilen darkaş gurýan şamarlar bolupdyr. Soňabaka şamaryň özi perizadyň saçynyň nyşanyna öwrülip gidipdir.
Ýaýyň nyşan – syýasy nyşan manysy atamyz Oguz handan gaýdýar. Soň ol saklar döwründe, Parfiýa döwründe, soňky eýýamlarda-da ýaşaýşyny dowam edýär.
Umuman, ýaý türkmen ruhunyň iň köp ýaşly nyşanlarynyň biridir. Men häzir muny däl-de, başga bir meseläniň başyny gozgasym gelýär: näme üçin aralykda – türkmenleriň Marguş şalygy döwründe ýaýyň ornunda aýpalta görlüpdir? Şeýle sowal maňa taryhy-ruhy gatlaklanma gürrüňini has anyklaşdyrmaga we umumylaşdyrmaga esas berýär.
Miladydan öňki II müňýyllygyň birinji ýarymynda Türkmenistana Günorta-günbatardan täze bir etniki tolkun geldi. Bu tolkun türkmeniň etniki düşegine täze bir gatlagyň – ari gatlagynyň ýazylmagyna sebäp boldy. Bu bolsa, taryhy ýaşaýyşda, dowamatda täze bir döwrüň emele gelmegine içki we daşky taýdan güýçli täsir edýär. Degişli döwre çenli Günorta Türkmenistandaky – Köpetdag eteklerindäki Oguz medeniýeti halys egbarlapdy. Dürli galyplar Ýaňykendiň, Namazganyň, Änewiň näme sebäpden pese düşendigi we tozup gidendigi barada jedeller gurýarlar. Dürli pikirler aýdylýar. Olaryň käsi muny tebigat hadysasy, käsi daşky çozuşlar, käsi-de üçünji bir sebäp bilen baglanyşdyrýarlar. Bular daşky sebäplerdir. Emma esasy gep – içki ösüşiň netijesindedir. Men bu hakda taryhçylaryň galyň-galyň kitaplaryny kän okadym. Ýöne ol jedelleriň ählisi daşky täsir hakdaky jedeller. Gep diňe bir daşky täsirde däl. Içki täsiri taryhçylar mydama ünsden düşürýärler. Tas üç müň ýyllyk ösüşi başdan geçiren oguz medeniýeti adamzat jemagatyna berlen içki ösüş puryjalaryny sarp edip gutarypdy. Her bir zada berilýän gujuryň eda bolşy ýaly, jemagata berilýän puryja hem ahyrsoňy tükenýär. Şeýle içki hadysa käbir tebigy üýtgeşmeler bilen gabatlaşdy. Şol sebäpden ezeli ata-babalarymyz ýaşaýyş mümkinçlikleri tükenen Köpetdagyň eteginden II müňýyllygyň başlarynda bol suwly Murgap derýasynyň boýuna göçdüler. Munuň özi Marguş ýurdunyň ilatynyň döremeginiň birinji etniki-medeni düşegi boldy. Emma täze bir beýik medeniýetiň ese-boýa galmagy üçin bu öňden egbarlan esas terlik däldi. Beýik Marguş medeniýetiniň döremegine uly itergini elam (Mesopatamiýa) tarapdan gelen ariler berdi. Köne esas bilen täze goşundynyň (substrat bilen superstratyň) utgaşmagyndan täze döwür, täze medeniýet, täze gatlak kemala geldi. Ariler oguz ýaşaýşynyň täze bir demini açdy. Türkmen synasynda täze damar – ari damary peýda boldy. Türkmen häzire çenli, ol damara «daýa çeken damar» diýýär.
Takmynan, 4000 ýyl mundan ozalky gurakçylyk Köpetdagyň etegindäki derýalaryň suwunyň çekilmegine getirdi. Gurakçylyk has günbatar-günortadaky ýurtlaryň ilatyna hem täsirini ýetiripdir. Şonuň netijesinde iki ýerden hem ilat Murgabyň boýuna göçüpdir.
Ikinji müňýyllygyň başynda döräp ugran Murgap şalygy we Murgap medeniýeti oguz-ari utgaşygynyň netijesidir. Oguzlardan Marguşa heýkel ýasamak, möhür gazmak, toýun işläp bejermek endikleri we däpleri geçdi. Edil şonuň ýaly-da önümçiligiň esaslary, ylaýta-da binaçylyk we toýun önümçiligi aslyny Köpetdagyň eteklerinden alyp gaýdýardy. Şonuň bilen bir wagtda oguza täze gatlak bolan arilerden Marguş medeniýetine täze dini dünýägaraýyş hem täze dini dessurlar geçdi. Hut Marguşda ilkinji dünýä dini bolan otparazlygyň şineleri döredi we ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda täze döwlet ýörelgeleri, täze sungat we mifologiýa, amaly bilimleriň täze ulgamy kemala geldi. Bularyň bary hem birigip, durmuşa täze gatnaşygy, taryhy ýaşaýşyň täze usulyny – täze bir galkymy (siwilizasiýany) kemala getirdi.
Şu ýerde Marguş şalygynyň medeni-taryhy keşbini bitewüliginde göz öňüne getirmäge ýardam edýän «siwilizasiýa» – galkym adalgasynyň mazmuny hakynda käbir zatlary aýtmak zerur. Ylymda bu adalgany soňky üç ýüz ýylyň dowamynda dürlüçe kesgitläpdirler.
Adatça, akyl ýetiriş işiniň barşynda adalgalaryň, aňlatmalaryň we düşünjeleriň many anyklygyna olaryň gapma-garşylygyny tapanynda oňat göz ýetirip bolýar. Men muňa manynyň «El bile tutulyp, göz bile görülmegi» diýýärin. Şu nukdaýnazardan, «siwilizasiýa» – galkym düşünjesi «ýabany, medeniýetden öňki ýaşaýşyň gapma-garşylygy» manysyny berýär. Munuň özi bu adalganyň iň soňky taryhy ýaşaýşy hem örän dürli-dürlüdir, netijede şol köpdürlülikleri hem bir-birinden tapawutlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin «galkym» sözüniň ikinji manysy şundan ybaratdyr: munuň özi jemgyýetçilik-taryhy ösüşiň anyk bir derejesidir. Şeýlelikde, galkym, bir tarapdan, adamzat ýaşaýşynyň medeniýetlilik ukybydyr, beýleki tarapdan, taryhy ýaşaýşyň özboluşlylygydyr.
Galkym adalgasyny köplenç jemgyýetçilik-ykdysady ulgam hökmünde häsiýetlendirýärler. Men ony ruhy-medeni ulgam diýip kesgitleýärin. Jemgyýetiň ösüşi şeýle bir derejä ýetýär, şonda bu jemgyýeti emele getirýän halk ýa-da halklar biri-biriniňkä meňzemeýän, özboluşly medeni-ruhy gymmatlyklaryň gaýtalanmaz ulgamyny döredýärler. Milletiň ruhy gymmatlyklar ulgamynyň anyk düzüjileri hakynda men öň aýdyp geçipdim. Olary gaýtalap durmaýyn. Ýöne gürrüň «siwilizasiýa» diýen ählumumy düşünje hakynda gidýändigi üçin, şol aýdanlarymy bu ählumumylygyň jähetinde teswirläýin: siwilizasiýa – galkym adalgasynda Milli hem-de umumyadamzat pursatlary möhümdir. Şunuň üçin, galkym – munuň özi wagşylykdan soňky ähli milletlere we döwürlere düşnükli bolan umumyadamzat gymmatlyklarynyň gaýtalanmaz taryhy-ruhy görnüşlerde ýüze çykmagydyr.
Galkym – dünýä hem ýaşaýşa gaýtalanmaz, özboluşly, özgeleriň gözüne täsin, hatda düşnüksiz görünýän gatnaşykdyr. Her bir galkym adamzadyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özüne mahsus dilde teswirleýär. Eger medeni-ruhy ösüş umumyadamzat ähmiýetliligi we düşnükliligi derejesine ýetmese, onda ol galkym adyny alyp bilmez. Munuň üstüne ähli adamzat üçin täsirlilik sypatyny hem goşaly. Diýmek, Marguş galkymynyň özboluşlylygyny onuň döreden ruhy gymmatlyklarynyň görnüşlerinden gözlemeli. Çünki, dünýä, ýaşaýşa özboluşly gatnaşyk – bu görnüş aýratynlygydyr.
2. Türkmenleriň gadymy Marguş şalygy
hakynda umumy taryhy-arheologik
maglumatlar
Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäkleri adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň iň irki ojaklarynyň biridir. Bol suwly Murgap derýasy, mes toprak, amatly öri meýdanlary bu ýerde adamlaryň örän gadymy wagtlardan başlap mesgen tutmagyna sebäp bolupdyr. Adamlaryň ýaşaýşynyň yzlary bu topragyň her ädiminde bildirip dur. Ýöne kowçumlaýyn medeni-taryhy ýaşaýyş Mary topragynda bürünç eýýamda başlandy. Gadymy dünýä taryhynyň ajaýyp bir sahypasy bolan Marguş şalygy hut şol eýýamda döredi we gülläp ösdi. Bu galkymyň gözbaşlary has ezeli – Köpetdagyň eteginde dörän günortatürkmen, ýagny oguz esaslaryndan gaýdýar. Arheologiýa ylmynyň bu toprakda ýüze çykaran iň irki medeni-ýaşaýyş maglumatlary miladydan öňki IV müňýyllyga degişlidir. Şol wagtlar bu ýere az sanly göksüýrüliler Günorta Türkmenistandan göçüp gelipdirler. Olar Murgabyň iň gadymy hanalarynyň boýunda, çet demirgazykda mesgen edinipdirler. Häzirki Sähet ýesir guýusynyň ýerleşýän töwereklerinde awçylaryň, balykçylaryň ýaşaýşynyň galyndylaryny tapyp bolýar.
Daş-mis eýýamynda bu ýeriň Kelleli taraplaryna Günorta Türkmenistandan birnäçe taýpalar IV-III müňýyllygyň sepgitlerinde barypdyrlar. Bular eýýäm iň ilkinji ekerançylygyň düýbüni tutan adamlardyr. Olardan bize ýüzi nagyşly toýun gaplaryň bölekleri, mis temenler, dürli toýun heýkeljikleri galypdyr. Şeýle-de çakmak daşyndan ýasalan orak dişleri, burawjyklar – bularyň bary özüniň medeni ülüňi boýunça Köpetdag eteklerinden gelip çykan gurallar we önümlerdir. Marguş ýurdunda – hatda, dogrusy, entek bu topragyň şeýle atlandyrylmadyk wagty bolan mis-daş eýýamynda bu etraplarda irki ekerançylyk ýaşaýşy gülläp ösüpdir. Muňa topragyň 5-6 metr çuňlugynda ýüze çykarylan ekerançylyk gatlaklary gözli şaýat bolup biler. Diýmek, eýýäm şol eýýamda topragy işläp bejermek endiklerine eýe bolan ilat bar eken.
Göksüýrülileriň, ýagny ezeli oguzlaryň Marguş topragynda-da aýak çekmän, has gündogar – häzirki Özbegistanyň çäklerine aralaşandygyna şaýatlyk edýän arheologik maglumatlar bar. Göksüýrülileriň elinden çykan toýun gaplary, şeýle-de häzirki Owganystanyň hem çäklerinden tapyldy. Munuň özi Köpetdag eteklerinde ýaşan ata-babalarymyzyň medeni-ykdysady, şeýle-de syýasy täsirleriniň uzaklara ýaýrandygyny görkezýär.
Emma Marguş topragynda ösen ýaşaýyş esasan bürünç eýýamyndan başlanýar. Hut şol ösüşiň netijesinde we bu ösüşiň alamaty hökmünde-de Marguş şalygy, gadymymurgap galkymy dünýä ýaň salýar.
Marguş ýurdunyň sözüň hakyky manysyndaky açylyşy geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlandy. Ýunan ýazgylaryna laýyklykda Margiana atlandyrylan ýurduň häzirki wagtda çölüň çäklerinde – Mary şäherinden 60 kilometrden gowrak uzaklykda çölüň içinde ýerleşýändigi belli. Emma bürünç eýýamynda Murgabyň häzirki wagtda ýitip giden hanalarynyň boýunda suwly hem-de bag-bakjaly etraplar bolupdyr. Çöl bilen gurşalan şeýle etraplara oazis diýilýär. Şundan ugur alyp, alymlar täze açylan arheologik ojaklaryny oazisler şekilinde dürli etraplara böldüler. Türkmenlerde oazis görnüşli ýerlere oturymly ýerler diýilýär. Şonuň üçin hem men «oazis» adalgasynyň ornuna «oturym» diýen sözi alýaryn.
1974-nji ýylda Marguşuň Goňur hem-de Togalak oturymlary açyldy. Bu açylan oturymlarda 80-nji ýyllaryň ortalaryna çenli dürli gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Netijede, takmyny meýdany 3 müň inedördül kilometrden ybarat bolan Marguş ýurdunyň bolanlygy ýüze çykaryldy. Emma bu entek ahyrky netije däldir. Marguş galkymyny doly ýüze çykarardan entek irdir. Galyberse-de, gaty köp ýadygärlikleriň – şäherleriň, obalaryň gumuň astynda galandygyny, sowet döwründe köp ýadygärlikleriň ekin meýdanyny giňeltmek üçin weýran edilendigini hem aýtmak gerek.
Professor W.I.Sarianidi Marguş şalygynyň taryhyny üç sany medeni-taryhy döwre bölüpdir. Bu döwürleriň iň irkisine Kelleli oturymynyň ýadygärlikleri girýär. Kelleli oturymy Murgap derýasynyň iň gaýraky we iň gadymky hanasynyň ugrunda ýerleşipdir. Bu ýerde ata-babalarymyz miladydan öňki II müňýyllygyň başlarynda, ýagny mundan 4000 ýyl ozal mesgen tutupdyrlar. Marguşuň ösüşiniň Kelleli döwrüniň taryhyny – wagt çäklerini ylym miladydan öňki 1750-1500 ýyllar aralygy diýip kesgitleýär.
Marguşuň ösüşiniň ikinji döwri goňur zamanydyr. Bu zamanda Goňur, Awçy, Adambasan, Ajyguýy oturymlary peýda bolýar we ösýär. Goňur zamanynda Marguşuň medeni-taryhy ösüşi iň ýokary derejesine ýetipdir. Bu ösüş döwri miladydan öňki 1500-1250-nji ýyllary öz içine alýar. Ajyguýy hem-de Awçy oturymlarynda 20-ä golaý mesgen ýüze çykaryldy. Ýöne degişli döwrüň iň görnükli oturymy Goňurdyr. Bu oturymda-da ýigrimi töweregi mesgen saklanyp galypdyr. Olaryň içinde Marguşuň beýikligini görkezýän Marguş şalygynyň paýtagty Goňur şäheridir.
Goňur şäheriniň bize gelip ýeten sudury 20 gektardan köp giňişligi tutýar. Şäheriň merkezinde uly köşgüň sudury saklanyp galypdyr. Goňur şäherinde köşkden başga-da ot ybadathanasy, şeýle-de temenos – mukaddes meýdança ýerleşipdir. Bu binalaryň bary Marguşuň sözüň hakyky manysyndaky gadymygündogar şalygy bolandygyna, Goňuryň bolsa şol şalygyň paýtagty bolandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin hem men Goňur şäheri barada öz ýerinde giňişleýin gürrüň ederin.
Marguş medeniýetiniň ösüşiniň üçünji taryhy döwründe Togalak oturymy peýda bolupdyr. Munuň özi miladydan öňki 1250-1000-nji ýyllardyr. Togalak döwrüniň binalarynyň içinde şol döwrüň möhüm köşk-galasy bolan Togalak I we bütin Marguşuň dini paýtagty bolan Togalak 21 has ähmiýetlidir. Togalak 21-de uly ybadathana ýerleşipdir. Arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan bu köşk-u-eýwanly, mukaddes ybadathanaly, ötlem-ötlem galaly şäherlerden başga-da Marguş döwletiniň çäklerinde onlarça obalaryň bolandygy anyklanyldy.
Has dogrusy, bolandygy anyklanylan obalaryň, şäherleriň sany onlarçadyr. Emma entegem ýeriň astynda gömlüp ýatanynyň, wagtyň gerdişi bilen ýok bolup gidenleriniň näçedigini diňe Alla bilýär.
Şeýlelikde, gadymy türkmen topragynda dörän hem ösen, soňam ýok bolup giden Marguş şalygynyň tutuş müň ýyllap ýaşandygyny kesgitli aýdyp bolar. Bu patyşalyk miladydan öňki II müňýyllygyň dowamynda äleme ýaň salypdyr.
Bu döwletiň gülläp ösen ykdysadyýeti bolupdyr. Köpetdagyň eteginde dörän senetçilik täze derejelere ýetipdir. Senetçiligiň külalçylyk, demirçilik, daş hem-de süňk işläp bejermek, dokmaçylyk, ýonaçylyk we halyçylyk ýaly pudaklary hiç bir gaýry halkyňka we döwrüňkä meňmezeýär. Hatda uly şäherleriňem gyrak etraplarynda juda köp duş gelýän küreleriň özboluşlylygy Marguşuň ykdysadyýetinde bu ugruň aýratyn ornuny görkezýär. Bu ülkäniň külalçylyk önümlerinden diňe ýerli ilat peýdalanman, olary daşary ýurtlara-da iberipdirler.
Binagärligiň ösenligi we özboluşlylygy Marguşda amaly bilimleriň, geometriýanyň we hasabyň, münejjimligiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Emma biziň esasy gyzyklanmalarymyz Marguşuň ruhy durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýere marguşlylaryň döwlet-syýasy endikleri we düşünjeleri, ata-babalarymyzyň ondan öňki döwür üçinem, soňky zamanlar üçinem täsin hem juda manyly görünýän düýp dünýägaraýşy we dini dessurlary, şeýle-de Marguşuň ösen sungaty girýär. Degişli meseleleriň hem meniň Marguşy görşümiň we görkezişimiň badalgasy bolmagy ýöne ýere däldi. Ata-babalarymyzyň dininde biziň üçin juda düşnükli gymmatlyklar kesgitlenipdir. Bu düşnüklilik, belki, biziň häzir uýýan dinimiziň yslamyň ençeme ruhy-ahlak meselelerinde otparazlyk bilen ugurdaş gelýänligindedir. Garaz, otparazlyk dünýä derejesinde uly taryhy-ruhy hadysa boldy. Marguşda bolsa biz bu dünýä dininiň ilkinji ese-boýa galşyny görýäris.
Dini ynançlary ýaly, Marguşuň sungaty-da üýtgeşikdir. Bu ýerde juda inçe sungata duş gelýäris. Ol öz çeperçilik ähmiýetini doly saklap galypdyr.
Şu ugurlaryň we meseleleriň hersi aýratyn we diňläniňe degýän gürrüňlere mynasypdyr.
Marguş şalygy ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletidir. Müň ýyla çeken Marguş zamany türkmen taryhynyň birinji eýýamynyň möhüm we özboluşly bir döwrüdir. Bu zamanda taryhy yzygiderlilik we taryhy mirasdüşerlik kanunlary güýjünde galýar. Marguş medeniýeti özünden öňki taryh bilenem, özünden soňky taryh bilenem göze görünýän we göze görünmeýän sapaklar arkaly berk baglanyşyklydyr. Marguşuň gözbaşlary Köpetdagyň etegindäki ezeli medeniýetlerimizden gaýdýar. Marguşda kemala gelen medeniýet, din, sungat, mifologiýa, ahlak mifologiýasy tä yslamyň kabul edilen wagtyna çenli türkmeniň taryhynyň aýratynlyklaryny kesgitledi. Bu ajaýyp gymmatlyklaryň käbir parçalary we taraplary hatda biziň günlerimizde-de öz janly ýaşaýşyny dowam etdirip gelýär. Esasanam türkmen mifologiýasynda – rowaýatlarda, ertekilerde hem-de ynançdyr yrymlarynda Marguşdan miras galan täsinlikleriň köpdügini tassyklap bolar.
Marguşuň türkmen ruhunyň ösüşindäki esasy täzeligi we ähmiýeti hut degişli döwürde ataşparazlygyň esaslarynyň dörändigi bilen baglanyşyklydyr. Ataşparazlyk bütin adamzat ähmiýetli täze pelsepe ulgamyny we beýik bir dini alamatlandyrdy.
Marguş medeniýeti tutuşlygyna ataşparazlyk medeniýetidir. Öz döwründe ähli babatlarda uly öňe gidişlik bolan otparazlyk Marguş dünýägaraýşynyň we dünýäni duýşunyň esasynda ýatýar. Bu gadymy ýurduň maddy medeniýetiniň hem, ruhy medeniýetiniň hem içinden otparazlyk düşünjeleri eriş-argaç bolup geçýär.
Marguş zamanynda Milli paýhas öňküsinden goýazylaşdy, baýlaşdy, duýgy bolsa has inçeleşdi. Ruhuň şu hili ösüşi döwrüň dini ulgamynda hem-de täze özboluşly sungatynda aýdyň görünýär. Marguşly ata-babalarymyz ruhy öz durmuşlarynyň kesgitleýji esasyna öwrüpdirler. Olaryň beden hem ruhy päkizelige beren ünsi we ähmiýeti häzir hem akylyňy haýran edýär. Taryhy ýaşaýyşda kemala gelen täze gymmatlyklaryň alamatlaryny köşk-i-eýwanlarda, ybadathanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda, hatda gonamçylyklarda hem görüp bolýar. Sazlaşyklylyk, arassalyk we päkizelik olaryň seždegähine öwrülipdir. Şeýdip olar ähli babatda gaýtalanmazlyga we kämillige ýetipdirler. Şonuň üçin hem türkmeniň özboluşly şäher medeniýeti bolan Marguş medeniýeti diňe bir biziň Milli ösüşimize däl, eýsem adamzadyň maddy hem ruhy taýdan ýokary galmagyna güýçli täsir etdi. Munuň özi sözüň hakyky we doly manysyndaky beýik galkym boldy. Oňa beýik galkymyň ähli alamatlarynyň – şäher medeniýetiniň, özboluşly ruhy gymmatlyklaryň, inçe sungatyň, baý mifologiýanyň, ösen önümçiligiň, kämil amaly bilimleriň mahsus bolmagy ösüşiň müňlerçe ýyllyk netijesidir.
3. Şäher medeniýeti
Men başda Marguş ýurduna mukaddes «Awestada» berilýän beýik baha barada aýdypdym. Onda «kuwwatly hem din-imanly Moru» diýilýärdi. Bu ýurduň «Awestadaky» atlandyrylyşy türkmen adamynyň gulagyna has tanyş we has ýakymly eşidilýär, çünki, şeýle atlandyrylyş häzirki türkmençe aýdylyşyna juda ýakyn, onuň bilen tas bir zatdyr. Emma «Awestanyň» bahasyny ara salmak bilen meniň esasy aýtjak bolýanym bu däl-de, başga bir zatdyr. Ýagny, şudur: biziň döwrümiziň arheologik açyşlary netijesinde göz öňünde dikelen Marguş tüýs «Awestanyň» nygtaýan kuwwatlylygy hem-de din-imanlygy bilen tapawutlanýar. Hususanam, Marguşuň ykdysady, maddy kuwwaty-da, onuň ilatynyň Hudaýa berlenligi, din-imanlylygy-da arheologiýanyň gaýtadan dikelden dini binalarynda bütin aýdyňlygy bilen mälim bolýar. Munda ata-babalarymyzyň ylym-bilim derejesi-de, olaryň amaly başarnyklarydyr endikleri-de, ussatlygy-da, olaryň Hudaýa bolan yhlasynyň çäksizligi-de, durmuşlarynyň maddy bol-telkiligi-de doly ýüze çykypdyr.
Bu görkezijileriň jeminden hem türkmeniň miladydan öňki II müňýyllykdaky medeni ýaşaýşy diýen hakykat-hadysa hasyl bolýar. Şonuň üçinem arheologlarymyzyň ýüze çykaran maglumatlarynyň esasynda Marguşuň mukaddes binalary barada gürrüň etmek derwaýysdyr. Ýöne bu gürrüňden owal degişli mesele bilen baglanyşykly iki sany pursaty nygtap geçeýin.
Birinjiden, bir adam babatda ulanylanda, heçjikläp oturara zat ýok ýaly, giden bir ýurt, tutuş halk babatda «din-imanly bolmak» nämäni aňladýar?!
Munuň özi millet üçin hakykat pelsepesiniň tapylmagy we oňa millet bolup gulluk etmekdir. Pygamber Zaratustra miladydan öňki II müňýyllykda şeýle hakykaty açdy we ony marguşlylaryň ygtyýarynda goýdy. Bu pelsepe hakykatynyň düýp manysy şuňa syrygýar: barlygyň, ýaşaýşyň manysy gapma-garşylykdadyr we sazlaşykdadyr. Ähli zadyň manysyna diňe şu gapma-garşylygyň we sazlaşygyň çägine girip, şol çäkde ornaşyp, düşünmek mümkindir. Entek bu çägiň daşynda durkaň, barlyk bimanylykdyr. Gapma-garşylygy aňlap bilmezlik we sazlaşygy tapyp bilmezlik paýhas önelgesizligine hem-de petige getirýär.
Şeýle pelsepe hakykatyna düşünmek üçin iki sany göz öňüne getirmä ýüzleneliň: «çep» ýa-da «sag» taraplar, «aşaky» we «ýokarky» diýen düşünjeler diňe Ýeriň çäginde mümkindir we manylydyr. Ýeriň çäginden çykanyňdan soň, bularyň bary ýitýär. Eýsem-de bolsa diňe giňişlik däl, emma wagt, aýdaly, taryhy wagt babatda-da hakykat şeýledir. Geçmişiň haýsy hem bolsa bir alymynyň ýa-da akyldarynyň pikirleriniň hakyky manysyna-da diňe onuň döwrüniň gapma-garşylykly çägine girip, şondan soň düşünip bileris.
Diýmek, Zaratustra pygamber ilkinji bolup hakykaty, barlygy gapma-garşylykda gördi. Onuň pelsepe açyşyndaky esasy zat – haýyr bilen şeriň, ýagtylyk bilen tümlügiň baky gapma-garşylygydyr. Bu pelsepe hakykatdan pygamber özüniň ahlak hakykatyny getirip çykardy: ýokarky göreşde her kesiň orny mälimdir: adamzat hemişe şeriň garşysynda, haýryň tarapynda durmalydyr. Özem bu adamyň öz erkine, öz çözgüdine, öz ygtyýaryna baglydyr. Adamy şerden sazlaşyk halas edýär. Adamyň üç tarapynyň arasynda: halal pikiriň, halal işiň we halal sözüň arasynda sazlaşyk bolmalydyr. Sazlaşygy gazanmak we şerden üstün çykmak üçin millet bir Hudaýa gulluk etmelidir. Şeýle gulluk bolsa milletiň ýaşaýşynyň ähli taraplarynda ýüze çykmalydyr. Ine, bir adam däl, eýse tutuş il bolup imana ýetmegiň gysgaça manysy şudur.
Ikinjiden, taryhymyzyň Marguş zamany milli-ruhy, jemgyýetçilik ösüşde täze hili aňladýardy. Taryhymyzyň ilkinji Oguz han Türkmen zamanynda syýasat bilen din, Marguş zamanynda bu ikisiniň bir-birinden aýrybaşgalaşmak hadysasy bolup geçdi. Munuň özi döwrüň binagärlik sungatynda-da özüniň beýanyny tapypdyr. Marguş şalygynda dini binalar dünýewi binalardan üzül-kesil tapawutlanýar. Munda biz indii bitewi köşk-ybadathanany däl-de, aýry-aýry köşk-u-eýwanlary, olardan aýrylykdaky ybadathanalary görýäris. Bu hili aýrybaşgalaşmada türkmen ruhunyň dünýewilige tarap salnan ýolunyň ilkinji menzillerini görüp bolýar.
Marguş şalygynyň arheologiýa ylmy tarapyndan açylan mukaddes binalarynyň esasy biri Togalak-21 atlandyrylan ägirt uly ybadathanadyr. Munuň özi 1,5 gektar meýdanda gurlan beýik hem tutumly binadyr. Gabarasyndan we binagärlik gurluşygynyň aýratynlyklaryndan çen tutsaň, Togalak ybadathanasy bütin Marguşuň baş, merkezi ybadathanasy bolupdyr. Türkmenlerde otparazlyk ybadathanasy ataşkede diýlip atlandyrylýar. Şonuň üçin men hem mundan beýläk Togalak ataşkedesi diýip gürrüň ederin.
Togalak ataşkedesiniň merkezinde galyň diwarly gala ýerleşipdir. Ataşkede galasynyň görnüşi indedördül şekilde bolup, dört künjüň her birinde tegelek diň, sag we çep gapdal diwarlaryň orta bilinde hem ýarym tegelek diň salnypdyr. Şu ýerde köne türkmen binagärliginiň häzirki wagtda ýatdan çykyşan käbir adalgalaryna üns çekesim gelýär. Türkmen binagärliginde diňiň iki görnüşi tapawutlandyrylýar: eger ymaratyň künjündäki diň tegelek şekilli bolsa oňa ýöne diň diýilýär, eger ol inedördül görnüşde bolsa, oňa diň diýilmän, ol burç diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda «burç» sözi umuman «künç» manysyna geçip gidipdir. Emma türkmen binagärlik sungatynda diň bilen baglanyşykly üçünji bir adalga hem saklanyp galypdyr. Bu adalga küňre diýen sözdür. Köne türkmen binagärliginde goranyş üçin niýetlenen galanyň her burçundaky diňler küňre diýlip atlandyrylypdyr. «Küňräniň» sap harby maksatlar bilen baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsaň, biziň häzirki gürrüňimiziň çäginde şeýle adalgany ulanmak, elbetde, maksadalaýyk däldir. Şonuň üçin hem Togalagyň ataşkedesi barada diň ýa-da burç sözlerini ulanmak has dogry bolar.
Dünýä taryhy – munuň özi gürrüňsiz şäher medeniýetiniň we şäher adamynyň taryhydyr. Diýmek, gadymy türkmen taryhy-da gürrüňsiz dünýä derejesindäki taryhdyr. Şäher tebigat gurşawynyň çägindäki aýratyn bir ýaşaýyş giňişligidir. Şeýle gurşaw bilen bu giňişligiň arasyndaky düýpli tapawut şunda ýüze çykýar.
Şäher – ruhuň ýaşaýyş mesgenidir. Şu manyda ruhsuzlyk mekany bolan tebigatyň goýnundaky şäher öz mazmun parhlylygy boýunça ummanyň ortasyndaky adany ýada salypdyr. Şäher öz ýaşaýyş sazlaşygy boýunça tebigatdan tapawutlanýar. Ol ruhuň sazlaşygynyň ýüze çykmasydyr.
Şäheriň ruhy diliniň esasy aňlatmalary şäher binalarynda jemlenýär.
Bina ruhuň dilidir. Şu nukdaýnazardan Togalagyň ataşkedesi gadymy türkmen ruhunyň özboluşlylygyny doly aýan edýär.
Men häzir Togalak ataşkedesiniň kagyz ýüzünde dikeldilen ajaýyp binasyna gaýta-gaýtadan syn edýärin. Men şindiki ýalazy türkmen sährasynyň ortarasynda göz öňüne getirilen bu dikeltme binada ata-babalarymyzyň ruhy pelsepelerini hem olaryň amaly bilimleriniň derejesini-de görýärin. Bu dikeltmede suratçynyň göz öňüne getirmesiniň bir aýby bada-bat göze ilýär: häzirkiden 3,5-4 müň ýyl ozal Togalagy gurşap alan giňişlik, elbetde, beýle ýalazy bolmandyr. Murgabyň ýakynlygy, howanyň has ýumşaklygy bütinleý başga, göze has ýakymly we has mähirli tebigaty kemala getiripdir. Ygalyň hem yzgaryň bolçulygy gözel hem baý tebigaty emele getirýär, gözel hem baý tebigat goýnunda bolsa biziň ata-babalarymyzyň özboluşly, öwüşginlere baý we çuňňur manyly ruhy barlygy döräpdir.
Togalak ataşkedesi eždatlarymyzyň ruhy pelsepeleriniň we gözellik düşünjeleriniň ýüze çykyşy jähetinden manylara we aňlatmalara baý binadyr. Umuman, inedördül şekilli ataşkede biri-biriniň içinde salnan üç sany belent diwar aýlawy görnüşinde emele getirilipdir. Belent diwarlar uzaboýunda, orta billerinde ýarym aýlaw diňler iki-ikiden belli bir aralykda ýerleşdirilipdir. Ataşkedäniň girelgeli, ýüz tarapynyň belent diwarlarynyň hem-de binanyň iň içki, üçünji aýlawyndaky üçekli diwarlaryň gerişleri diş-diş çykyndylar bilen bezelipdir. Gepiň gerdişine, köne türkmen binagärliginde şeýle diş-diş çykyndylara-da küňňere diýilýändigini aýtmak gerek. Daşky iki aýlawdan tapawutlylykda üçünji, içki diwar üsti ýapyk, üçekli jaýyň diwary bolup durýar. Bu üsti ýapyk jaýy arheologlar gala diýip atlandyrypdyrlar. Ruhy pelsepäniň nukdaýnazaryndan, ataşkedäniň gurluşynda üç hatar diwaryň barlygy Bize diýseň geň bolup görünýär. Näme üçin iki däl, dört ýa-da bäş däl, eýsem hut üçlük san bu ýerde binanyň synasyny kesgitleýji san bolup durýar?
Muny diňe haýsydyr bir sap amaly zerurlyk bilen düşündirmek bärden gaýtma bolar. Akyl ýetiriş meselesinde islendik bärden gaýtma – hakykatyň ýaryny aýtmak ýa-da kem-käsleýin hakykaty aýtmakdyr. Bize kem-käsleýin däl-de, kemsiz-köstsüz hakykaty aýtmak gerek. Diňe şonda biz öz eždatlarymyzy tanap bileris, taryhyň ruhuna we ruhuň taryhyna düşünip bileris.
Islendik diwar – munuň özi daşky gurşawdan bölünip aýrylmakdyr. Islendik diwar – munuň özi daşky serhetsiz nämälimlik bilen içki ruhy-ýaşaýyş mälimliginiň arasynda goýlan çäkdir. Ol mälimligiň, kanunalaýyklygyň nämälimlikden, özakymlaýynlykdan gorag serişdesidir. Diwar oturymlylygy, milletiň aýagynyň ýer tutandygyny, tebigatdan bölünip aýrylandygyny alamatlandyrýar. Muňa akyl ýetirmek üçin çarwa halklaryň ýaşaýyş jaý serişdelerini ýada salmak ýeterlikdir.
Gara öý ýa-da çadyr daşky dünýä bilen hiç hili serhediň ýokdugyny aňladýar. Munuň özi diňe ýagyş-ýagmyrdan, beýleki tebigy hadysalardan goranmakdyr. Çarwanyň watany-da ýanynda. Sözüň ruhy giňişlik manysyndaky watan diňe belli bir topraga örklenen oturymly milletiň ýaşaýşynyň hadysasydyr.
Ataşkedäniň gurşawynyň üç kert diwar şekilinde bolmagy otparaz eždatlarymyzyň dünýägaraýşynda üçlük sanyň tutan orny bilen baglanyşyklydyr. Üçlük, ýedilik ýaly sanlar şol dünýägaraýyşda gudratly san hökmünde aňlanylypdyr. Munuň özi olaryň asylbaşky garaýyşlarynyň has üýtgän, eýýäm ulgamlaşdyrylan görnüşi bolan «Awesta» kitabynda hem oňat saklanyp galypdyr. Otparazlarda adam aradan çykandan üç on gün geçýänçä, aýratyn yhlas bilen ys-kok edilipdir. Üç on günden – otuz günden soň merhuma degsin diýip ikinji janly soýlupdyr. Bir ýylyň dowamynda bolsa jemi üç gezek mal soýlup, aş berlipdir. «Aş bermek» diýen aňlatmada we Milli dessurymyzda ata-babalarymyzy tanamaga esas we mümkinçilik berýän zatlar köpdür. Juda gadymy zamanlarda, ylaýta-da, tanymal, meşhur kişileriň patasynda at soýmak däbi aýratyn meşhur bolupdyr. «Aş», «at» we «Awestada» duş gelýän «as» sözleriniň köki birdir. Şol kökden başga bir ähmiýetli Awesta adalgasy – Aşa diýen aňlatma gelip çykýar.
Aşa – haýyrlylyk, ruhanalyk ýaşaýşynyň kada-kanun ýörelgesidir. «Aşa – Wahişta» – mukaddes «Awestada» baky öwlüýäleriň bir ýüze çykmasydyr. Munuň özi takwa, haýyrly ýaşaýyşdyr. Şol söz düzüminden soň-soňlar, häzirem işjeň ulanýan behişt sözümiz gelip çykypdyr. Aşa – wahişta – behişdi ýaşaýşyň düzgünleridir. Milli aňyň ösüşindäki syrly hem göze görünmez üýtgeşmeler üzre bu hili aňlatmalaryň arabaglanyşygy biziň zamanamyza-da gelip ýetipdir. Mysal üçin, XIX asyr türkmen şahyry Annagylyç Mätäji ahal-teke bedewine «behişti haýwan başy sen» diýip ýüzlenýär. Şundan çen tutsaň, gadymy eždatlarymyzyň merhumyň belli günlerinde aş bermekleri – at soýmaklarynyň şeýle manysy bolmaly: «gurban edilen ata münüp, merhum behişt sary rowana bolýandyr».
Umuman, merhuma jemi otuz ýylyň dowamynda aýat edilipdir. Iň soňky, uly aş berlenden soň, merhumyň ruhy bu dünýäden hemişelik çykyp gidýär, öz öýüne mahal-mahal gelmesini doly bes edýär diýip ynanylypdyr. Ýogalandan otuz ýyl geçenden soňky berlen aş merhumy aýat okama işinden goýulýan soňky nokat bolupdyr. Häzirki wagtda hem türkmenlerde merhuma aş berlensoň, ony ýatlap durmak juda seýrekleşýär, tas bes edilýär diýen ýaly. Bir zada ünsüňizi çekeýin: soňky aş edil eždatlarymyzyň dessuryndaky ýaly hut otuz ýyl geçenden soň berilmese-de, aş bermek bilen ýogalmagyň arasynda onlarça ýyllar ýatýar.
Üçlük san eždatlarymyzyň wagt hem-de giňişlik baradaky garaýyşlarynyňam içki mazmunyny kesgitleýji zat bolupdyr. Mukaddes «Awestada» dünýä ýaşaýşynyň taryhy üç sany uly eýýama bölünýär. Birinji eýýam – dünýäniň ýaradylyşy, ikinji – bulam-bujarlyk – şer bilen haýryň gatnaşygy, üçünjisi bolsa – aýralyk – şer bilen haýryň biri-birinden seçiliş, parhlanyş eýýamydyr.
Marguş zamanynda ata-babalarymyzyň edil Wagt ýaly, giňişligi-de üçe bölendiklerini tassyklamaga doly esas bar. Men muny milli taryhymyzyň ikinji eýýamyna degişli bolan «Gorkut ata kitabynda» gördüm. Elbetde, Gorkut ata eýýamyna çenli 1500-2000 ýyl geçenligi, Gorkut ata zamanynda milletimiziň diniň üýtgänligi sebäpli, «Gorkut ata» kitabynda üç giňişlik – üç dünýä baradaky garaýyş eýýäm göçme manyda beýan edilipdir. Kitabyň «Dersehan ogly Bugaç boýuny beýan eder» şahasynda Baýandyr han toý tutýar. Şol toýda üç sany öý – biri gara, biri gyzyl, biri ak öýleri dikip, ogly bolany ak öýe, gyzy bolany gyzyl öýe, ogly-gyzy bolmadyklary-da gara öýe çagyryp, hezzetlemegi buýurýar. Munuň özi Marguş zamanyndan galan dünýägaraýyşlaryň galyndysydyr.
Ak öý – ýokarky, baky dünýä (çünki, ogly bolan kişiniň nesli dowam edýär), gyzyl öý – ortaky dünýä (çünki, gyzy bolanyň hem nesli bolmasa-da, gany dowam edýär), gara öý bolsa – aşaky, nämälimlik dünýäsidir (çünki, perzendi bolmadygyň ýüzi ölüme tarapdyr). Şonuň üçinem Baýandyr han aýdýar: «Ogly-gyzy bolmadygy Alla gargapdyr, biz hem gargaýarys» diýýär.
Üns bermeli tarapy: üçlügiň dört essesi «Gorkut atanyň kitabynyň» on iki şahasyny, üçlügiň ýedi essesi bolsa mukaddes «Awestanyň» 21 kitabyny emele getiripdir.
Eždatlarymyzyň asman baradaky garaýyşlarynda-da üçlügiň täsiri bildirýär. Otparazlyk döwründe olar asmandaky Üç ýyldyzy Tiştriýa atlandyrypdyrlar we oňa Hudaý hökmünde garapdyrlar. Üç ýyldyz – Tiştriýa ýylda bir gezek Ýeriň ýüzüne ak argamak görnüşinde inýärmiş.
Üçlük san degişli döwrüň ruhunda aýratyn orun eýeläpdir. Ol eždatlarymyzyň ahlak dünýägaraýyş ulgamynda hem esasy kesgitleýji ygtykatlaryň biri bolupdyr. Mukaddes «Awestada» her bir imanly kişiden – durmuşda aşa ygtykatyna gulluk edýän kişiden üç zadyň birligini berjaý etmek talap edilýär. Bular – halal pikir, halal söz hem-de halal işdir.
Üçlük sanyň marguşly eždatlarymyzyň dini-dessurlarynda hem aýratyn möhüm orun tutandygyna biz aşakda anyk göz ýetireris. Häzirlikçe bolsa Togalak ataşkedesiniň binasyny gözden geçirmegi dowam edeliň. Ataşkedäniň gurluşynda eždatlarymyzyň amaly bilimleri oňat ele alandygy görünýär. Bu hakykat, hususanam, inedördül, binanyň çar tarapynyň jahanyň dört tarapyna laýyklaşdyrylyp dikeldilendiginde aýan bolýar. Dört tarapy anyk kesgitlemek üçin geometriýanyň, astronomiýanyň, beýleki ylymlaryň ýeterlik derejede ösmegi hem-de olar boýunça gazanylan maglumatlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy zerurdyr. Şu jähetden, men häzirki dünýä ylmynyň möhüm Ugry bolan «algebra» atly ylmyň adynyň gelip çykyşynyň meselesine degip geçmekçi. Munuň iki hili düşündirilişi bar. Birinjiden, köpler «algebra» sözüni araplaryň «al – jebra» aňlatmasyndan alyp gaýdýarlar. Şonda olar orta asyrlarda yslam dünýäsinde matematika ylmynyň ösendigine, «algebranyň» hem «jebir», «kyn» ylym manysynyň bardygyna esaslanýarlar. Emma ikinji tarapdan, bu adalganyň kökünde «gebr» sözüniň ýatandygyny tassyklaýan pikir hem bar. Şol nukdaýnazardan, algebra – gebrlerden miras galan ylymdyr. «Gebr» diýibem yslam kabul edilenden soň, oňa geçmän galan otparazlara aýdypdyrlar. Häzirki wagtda otparazlaryň iki uly kowçumy bellidir: Eýranda ýaşaýan otparazlar «gebr», Hindistanda ýaşaýanlary bolsa «pars» atlandyrylýar. Eger Marguş medeniýetinde matematiki pikirlenmäniň we amalyň ösendigini göz öňünde tutsaň, «algebra» sözüniň ikinji düşündirişi hakykata laýykdyr.
Togalak ataşkedesiniň girelgesi demirgazyk tarapda ýerleşipdir. Girelge göni içki, üsti ýapyk gala alyp barýar. Bu galany içki ybadathana diýip atlandyrmak mümkin. Ybadathana esasy bölege we kömekçi hojalyk jaýlary diýen bölege bölünýär. Hut şu ybadathananyň belent diwarlarynyň daşyndan hem ýene iki sany inedördül diwar aýlawy geçirilipdir, ybadathananyň esasy bölegindäki aýlaw-aýlaw dälizler içinde üsti ýapyk giňişlik – howly ýerleşýär. Diwarlary, ýeri, petigi ap-ak gips bilen suwalan bu ýapyk giňişlikde Hudaýlaryň ýoluna mal gurbanlyk edilipdir. Çalnan mallaryň damak gany akyp çykar ýaly toýun tokurtgalar geçirilipdir. Damak ganyny mukaddes ýere gömmek günä boljakdygy düşnüklidir. Gurban çalnan malyň etini bu dabara gatnaşýan dessurlar we keşişler, muglar degsin edipdirler. Dört müň ýyllyk taryhyň gürrüňi gidýändigi üçin bu ýerdäki käbir sözleri düşündirmek zerur hasap edýärin. «Dessur we keşiş – otparaz ruhanylary hem-de olaryň ýolbaşçylary, mug bolsa garamaýak otparazdyr.
Içki ybadathananyň diwarlarynyň galyňlygy 4,5 metre barabar bolupdyr, olaryň beýikligi bolsa 10-12 metre ýetipdir. Şeýle uly içki binanyň dört burçunyň hersinde tegelek diň, gündogar we günbatar tarap diwarlarynyň orta bilinde hem bir ýarym tegelek diň ýerleşipdir. Ybadathananyň içinde bolsa altmyşdan gowrak dürli giňişlikdäki otaglar bolup, olaryň hüjre hökmünde-de, ybadat jaý ýa-da kömekçi hojalyk jaýlary hökmünde-de häsiýetlendirilýänleri bar. Mukaddes ýer bolandygy üçin otaglar ap-ak gips bilen bezelip suwalypdyr. Olarda saklanyp galan dürli gaplar, enjamlar we beýleki zatlaryň hemmesi otparazçylyk dessurlaryny berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr.
Togalak ataşkedesiniň gündogar-gaýra künjünde iki sany özboluşly puhor ýerleşýär. Olaryň ikisi-de tegelek şekilde bolupdyr. Şu ýerde puhoryň otparazlyk dessuryny – ybadaty berjaý edilýän mährapdygyny aýdyp geçeýin. Gündogar – gaýra künçdäki uly hem kiçi puhorlarda ýörite dessur – ody ýagdan gandyrmak dessury bolup geçipdir. Uly puhoryň giňligi 7 metre, çuňlugy bolsa 3 metre barabardyr. Bu puhoryň içi pyýalanyň içi şekilinde bolup, ol ýerde dürli humlar gömlüp goýlupdyr. Şol ýerde ýakylan otlaryň küli we yzlary häzirem saklanyp galypdyr.
Indi bolsa biz ody ýagdan gandyrmak dessuryny göz öňüne getirjek bolalyň. Häzirki türkmen dilinde «maly suwa ýakmak» diýen aňlatma bar. Şeýle aňlatmada otparaz eždatlarymyzyň degişli dessurlar bilen baglanyşykly dünýäni duýşy saklanyp galypdyr. Bu jümledäki «ýakmak» sözi suwarmak, gandyrmak manysyny berýär, haçandyr bir mahallar «ýag we suw» sözleri umuman suwuklyk manysynda ulanylypdyr. Ody ýaga ýakmak ýa-da ýagdan gandyrmak aňlatmasynda oda özbaşdak, janly bir zat hökmünde garamak manysy bar. Otparazçylygyň ruhany ýolbaşçylary – dessurlary içki ybadathanadan çykyp, puhorlara tarap ýöräpdirler. Olaryň ellerinde bolsa iki sany gap bar, birinde – haoma atlandyrylan içgi, beýlekisinde-de eredilen mal ýagy bolupdyr. Bularyň ikisi-de içki ybadathanada uly yhlas we berk düzgün-kada laýyklykda taýýarlanylypdyr. Arheologlaryň şaýatlygyna görä, haoma içgisiniň içki ybadathanada taýýarlanandygyna ol ýerde tapylan gaplaryň düýbünde saklanyp galan tegmiller şaýatlyk edýär. Degişli tegmilleriň gülälegiň, kenebiň we borjagyň ergininden taýýarlanan bir içgä degişlidigini laboratoriýa derňewleri aýan etdi. Haoma diýilýän içginiň ady «Awestada» duş gelýär. Kitabyň birnäçe ýerleri ylah hökmünde görülýän haoma içgisiniň tarypyna bagyşlanandyr. Gülälegiň, kenebiň we borjagyň otlary ýenjilip, suwy salnypdyr. Bu suw hem köplenç turşy süýt bile garylyp, haoma içgisi taýýarlanypdyr. Haomanyň adam başyny humarlatmak häsiýeti bolupdyr. Ony içen dessurlar içginiň humarlaýjy täsiri astynda hamana hudaýlara akyl ýetiripdirler. Biziň Milli ruhy ösüşimiziň soňky döwürlerindäki hakdan şerap içmek hadysasy öz köklerini haoma içmek dessuryndan alyp gaýdýar.
Marguşuň şäherlerinde, olardaky ybadathanalaryň ýerinde haoma içilen turbajyklar, otlaryň suwundan taýýarlanylan erginler süzülen süzgüçler, beýleki zatlar saklanyp galypdyr. Guş süňkünden edilen turbajyklar bilen dessurlar haoma içipdirler. Başlary humarly ruhanylary pyýala görnüşli puhoryň erňegine ergin mal ýagyny sepipdirler. Ergin ýaglar puhoryň içindäki otlara baryp, oduň öňküdenem güýçli, ýalbyrap ýanmagyna sebäp bolupdyr. Bu hadysa ody ýaga ýakmak, ýagdan gandyrmak manysynda görlüpdir. Eždatlarymyz ýanan ýaglaryň ysy al-asmana galyp, ol ysdan gökdäki ylahlar gurp hem berdaşlylyk alýar diýip ynanypdyrlar.
Oda diňe mal ýagy gurban edilmän, eýsem hoşboý ysly otlar hem atylypdyr. Häzirki türkmeniň ys-kok diýýäniniň bir tarapy şunuň bilen baglanyşyklydyr. Oduň ruhy hoşboý yslar bilen iýmitlenýär diýip hasaplapdyrlar.
Eger Togalak ataşkedesiniň gündogar-gaýra künjünde ýaga ýakmak dessurynyň puhorlary ýerleşen bolsa, ataşkedäniň edil günbatar-gaýra künjünde gülhanlar – ataş puhorlary ýerleşipdir. Ol ýerde bäş sany inedördül çukur gazylyp, içinden kerpiç örülipdir. Kerpiçleriň ýüzünde hemişelik ýanan oduň yzlary saklanyp galypdyr. Bu inedördül çukurlaryň gapdalynda-da ýarym metr belentlikdäki sekiler we tekjeler örülip goýlupdyr. Bu ýerde hemişe ýanyp duran oda eždatlarymyz çokunypdyrlar. Olar mukaddes ody Atar diýip atlandyrypdyrlar. Ol häzir Ataş görnüşinde aýdylýar. Emma häzir ataşdan has işjeň we köp ulanýan ot sözümiz hem atar diýen gadymy mukaddes aňlatmadan gaýdýar. «Nahar atarmak» – nahary ot arkaly bişirmegi aňladýar. Mukaddes «Awestadaky» «hwar» aňlatmasy häzirki türkmen dilinde «howur», gor, gowurmak şekillerinde saklanyp galypdyr. Mukaddes «Awestada» adam jany ot bilen suwuň gatyşmagyndan emele gelipdir» diýilýän bolsa, XVIII asyryň beýik türkmen şahyry Magtymguly:
Bir yşykly suw eýläp owal atada bizni
– diýip ýazypdyr. Gepiň gerdişine, türkmen dilinde ot bilen baglanyşykly «tamug», «tamdyr», «tomus» ýaly sözleriň bardygyny, şonuň üçin hem «tam» sözüniň hem ilkibaşda ot saklanýan jaý manysynyň bolandygyny aýtmakçy. Şundan ugur alsaň, biziň Togalagyň ataşkedesiniň içki ybadathanasy diýýämizi tam diýip atlandyrmak has dogry bolar.
Otparaz eždatlarymyzyň guran ajaýyp binasyndaky ot puhorynda ýasalan ýörite sekiler we tekjeler ahura atlandyrylan ylahlara niýetlenilipdir. Ot ýanyp, ybadat edilýän wagty şol sekillerde we tekjelerde ahuralar ornaşyp, adamlaryň ybadatyny kabul edýärler diýip, eždatlarymyz berk ynanypdyrlar. Her ýylda bary-ýogy birnäçe gezek geçirilýän dini baýramçylyklarda bütin Marguşdan ýygnanan zyýaratçylar dessurlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ybadatlara gatnaşmagy özüne bagt saýypdyrlar. Dini ynanç eždatlarymyzyň durmuşynyň kesgitleýji zatlarynyň biri bolupdyr. Din üýtgese-de, dilimiz arkaly otparazlyk bilen, onuň dessurlary we ynançlary bilen baglanyşykly zatlar hatda dört müň ýylyň içinde ýok bolman, biziň günlerimize ýetip gelipdir.
Frad bilen baglanyşykly, Marguş şalygynyň taryhyndan ähli taryhy kitaplarda ýatlanylýan bir wakany gürrüň bereýin.
Fradyň çapawulçylygyna, salan uly zyýanyna çekip-çydamadyk Dariý I miladydan öňki 517-nji ýylda on müň goşun bilen Marguşa gelýär. Ol çöle siňip söweş edýän Frady nädip tapjagyny bilmeýär. Patyşa Syrak atly ýerli türkmen ýigidine ýüzlenýär:
– Eý, ýigit, hany, sen aýt, Frad nirede?
– Frady nädersiň?
– Frady, saklary tohum-tijini goýman ýok etmäge geldim men, derrew sen maňa ildeşleriňi tapyp ber.
– Şahym, men saňa bir akyl bereýin, Frady tapmak, saklary – türkmenleri ýok etmek üçin şunça menzil söküp gelen bolsaň, ýalňyş iş edipsiň. Biziň ilde: «Ýalňyşyň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda» diýen pähim bar. Senem, gowusy, yzyňa gaýt. Ýogsam ýitgiň gaty uly bolar.
– Akylyňy çagaňa ber, maňa diňe ýol salgy ber.
– Şahym, sen, gowusy, iliň edenini edäý.
– Il näme edýär?
– Il ýa-ha sowlup geçýär, ýa pajyny töläp, aman diläp geçýär, sak-türkmen gördügem gaçýar. Senem gaç, ýogsam türkmeniň bir çopanynyň on müň duşmana taý gelýändigini ýatladaýyn.
– Bir oguz heý on müň goşuna taý geljek gümanasy barmy? Näme samahyllaýaň sen?! Derrew öňüme düş, ýogsam kelläňi pyzlandyryp goýberýän.
Syrak on müň goşunyň öňüne düşüp Garaguma girýär.
Agyr goşun birnäçe gün ýol geçýär. Syrak öňe düşüp gidip barýar. Günüň jokrama yssysynda suw ýok, owkat gutarýar. Çoçgara çolaşandygyna akyly ýeten şa Syragy öldürermen bolýar.
– Şahym, saňa aýtdym ahyryn, türkmeniň bir çopany duşmanyň on müň goşunyny gyryp bilýär diýip! Sen ynanmadyň. Ine, türkmen ýylkybany Syrak men. Seret, on müň goşunyň goşun däl, jeset!
Garagum türkmeniň galasy, ar alyş ala meýdany.
Taryhy makalalar