5. Goňur şäheriniň astanasy
Biz miladydan öňki II müňýyllykdaky taryhymyz hakynda gürrüň edenimizde, öwran-öwran «Marguş şalygy» diýen aňlatmany ulanýarys. Şeýle jümleden degişli döwürde häzirki Türkmenistanyň çäginde birgiden şalyk, döwlet bolupdyr diýen many gelip çykýar. Döwlet bolsa ýöne bir jemagat ýa-da adam jemgyýeti däldir. Döwlet jemgyýetiň üstünde gurnalan, jemgyýeti dolandyrmak, edara etmek wezipesini öz üstüne alan guramadyr. Diýmek, döwletli gurluş özüniň iki – astky we üstki gatlaklylygy bilen jemgyýetli gurluşdan düýpgöter tapawutlanýar. Döwletiň ýüze çykmagy üçin degişli eýeçilik gatnaşyklary, jemgyýetiň gatlaklardan ybarat bolmagy degişli ykdysady ulgam, önümleri paýlamagyň degişli usuly, şeýle-de jemgyýeti edara etmegiň degişli syýasy we medeni däpleriniň bolmagy zerurdyr.
Türkmeniň şäher-döwlet medeniýetiniň taryhynda ösüşiň üç sany döwrüni tapawutlandyrmak mümkin.
Men häzir diňe Oguz han Türkmeniň eýýamy barasynda gürrüň edýärin, häzir soňky eýýamlaryň jemgyýetçilik-medeni ösüşiniň aýratynlyklaryny hasaba almaýaryn. Şeýlelikde, Milli taryhymyzyň ilkinji eýýamynda üç sany şäher medeniýeti kemala geldi we ösdi.
Bularyň birinjisi – ezeli şäher medeniýetidir. Ezeli şäher medeniýeti hökmünde miladydan öňki III müňýyllygyň soňky ýarymynda, III we II müňýyllyklaryň sepgidinde bolup geçen taryhy-jemgyýetçilik ösüşini häsiýetlendirmek mümkin. Oguz han Türkmeniň guran Ýaňykent şäher-döwleti özüniň ähli aýratynlyklary boýunça ezeli şäher medeniýetiniň hadysasydyr. Munuň syýasy-edara gurluşynyň aýratynlygy şundan ybarat – ilkinji gezek häkimiýet diýen fenomen peýda boldy. Häkimiýetiň düýp manysy bolsa mejbury ýa mejbury däl häsiýetde jemgyýeti erk-ygtyýaryňa salmakdyr. Türkmençe aýdylanda, ýurt soramakdyr. Oguz hanyň häkimligi – munuň özi bir şahsyýetde ruhy, dini, syýasy we harby häkimligiň jemlenmegidir. Häkimligiň şeýle görnüşleriniň bir elde jemlenmegi göräýmäge bir zada – häkimiň, patyşanyň ylahylaşdyrylmagyna, onuň hudawylaşdyrylmagyna getiräýjek ýalydy. Ylaýta-da, gadymy Gündogaryň Müsür, Şumer ýaly patyşalyklarynda şalaryň özlerini hudaý diýip yglan edendiklerini ýada salanynda, bu hökman şeýle bolaýmaly bolup görünýär. Emma bizde taryhy ösüşiň şu ugur bilen gitmändiginiň düýpli bir ruhy-aňyýet sebäbi boldy: Oguz han Ýekehudaýlylygy yglan we ykrar etdi. Yglan – dilde tekrarlady, ykrar – işleri we hereketleri bilen tekrarlady. Munuň özi iň ýokary häkimi-de baky meselelerde beýleki adamlar bilen bir derejede goýdy. Oguz han faraonlar ýaly häkim – hudaý däl-de, häkim – pygamber boldy. Munuň ahyrky netijesi takmynan ýüzlerçe ýyllar geçenden soň, bizde döwletiň täze görnüşiniň – häkim, patyşa tarapyndan syýasy taýdan dolandyrylýan, ruhany tarapyndan ruhy taýdan dolandyrylýan, dünýewilik bilen diniligiň aýry-aýry, ýöne baglanyşykly ýaşaýan döwletiň ýüze çykmagy boldy.
Bu eýýäm ikinji – irki şäher medeniýetidir. Irki şäher medeniýetinde pygamberlik bir şahsyýetde, häkimlik başga bir şahsyýetde, harbylyk – serkerdelik bolsa üçünji şahsyýetde kemal tapdy. Marguş şalygy hut irki şäher medeniýetiniň döwrüne degişlidir.
Marguş şalygynda dünýewi, syýasy we medeni-ruhy häkimligiň aýrybaşgalaşandygyna onuň binagärlik sungaty-da şaýatlyk edýär. Biz bu ýerde indi bitewi köşk-ybadathanany däl-de, hersi aýry bolan ybadathanadyr ataşkedeleri – bir tarapdan, köşkdür astanalary – beýleki tarapdan görýäris.
Diýmek, Oguz handan başlanan ruhy-syýasy ösüş ahyrky netijede Zaratustra pygamberiň aňyýetiniň döremegine getirdi. Emma şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. Marguşuň II müňýyllykdaky taryhy – munuň özi otparazlygyň öz taryhy däl-de, otparazlygyň esasy bolan ruhuň taryhydyr.
Indi bolsa men ýokarda wada beren meseläme dolanyp gelýärin.
Türkmenistanyň taryhy, miladydan öňki III we II müňýyllyklardaky şäher – döwletleriň taryhy hakynda ýazan – taryhçylar biziň ýurdumyzy hökmany suratda şol döwürleriň dünýä medeniýetleriniň bir gyrak-çeti hökmünde görkezmäge çalyşýarlar. Olara gulak salsaň, III we II müňýyllygyň sepgidindäki Ýaňykent (Altyndepe, Ätew) Şumeriň gyrak-çeti, II müňýyllykdaky Marguş bolsa Hett şalygynyň gyrasy bolup çykýar.
Meniň pikirimçe, bu ýerde şeýle pikirleriň awtorlarynyň psihologiýasy bilen baglanyşykly bir hadysa bolup geçýär. Bu ýerde çylşyrymly meseläniň ýöntemlik derejesine çenli düşürilýän ýaly bolup görünmegi mümkin, Emma hakykat, dogrudanam, şondan ybaratdyr. Aslynda, çylşyrymlylyk bilen ýöntemligiň arasyndaky menzil köpleriň pikir edişi ýaly, beýle bir uzagam däldir. Ine, «dile geldi – bile geldi» – hak bilen ýalanyň arasyndaky menzil meselesini alyp göreliň. Biziň beýik şahyrymyz Nowaýy Soltansöýüniň «Ýalan bilen çynyň arasy näçe garyş?» diýen sowalyna «Dört barmak» diýip jogap beripdir. Şeýle diýmek bilen ol göz bilen gulagyň arasyny ölçäp görkezipdir diýýärler: Gulak bilen eşideniň – ýalan, göz bilen göreniň – çynmyş. Emma ýalan bilen çynyň arasy beýle daş bolanlygynda, adamzat durmuşynda we taryhynda ýüze çykýan meseleleriň, müşgillikleriň aglabasy öz-özünden ýok bolup giderdi, has dogrusy, döremezdi hem. Durmuş, barlyk beýle göz öňüne getirilişinden has inçedir. Nowaýyňkydan tapawutlylykda degişli aradaşlyk barada meniň pikirim şeýle: ýalan bilen çynyň arasy şeýle bir golaý weli, ony tapawutlandyrmak üçin mahal-mahal Magtymgulynyň diýýän «gara daşdan gara gyly saýlan gözi» – adam gözi däl-de, Allanyň gözi gerek bolýar. Hut şonuň üçinem ýalan-çynyň dawasy Adam ata ýaradylaly bäri ýatman gelýär.
Çylşyrymlylyk bilen ýöntemlik hem şeýle. Birinjiniň ikinjä öwrülmegi üçin ýekeje öwrüm, gylyň ýekeje öwrümi ýeterlik bolýar. Aýtjak bolýan zadym: sowet döwründe Türkmenistanyň gadymyýeti barada ýazan taryhçylaryň garaýşyna olaryň durmuşdaky aňy, aňasty garaýyşlary täsirini ýetiripdir: Sowet imperiýasynyň bir gyrak-çeti bolan Türkmenistanyň geçmiş babatda gyrak-çet ýaly bolup görünmegi aňasty tebigylykdyr, has dogrusy, sowet koloniýasy bolan topragyň geçmişde dünýä merkezi bolandygyny diňe aňlamak üçinem birnäçe aňasty psihik päsgelçilikleri öz içinde ýykyp geçmek gerekdi. Muňa bolsa gaty seýrek adam ukyplydyr. Aglaba köpçülik bolsa diňe aňyndaky öz döwrüniň suratyny geçmişe geçirmäge ukyplydyr.
Emma biziň eýýamymyzda geçen aň öwrülişigi – düşünjeleriň, garaýyşlaryň mynasybetiniň üýtgemegi, taraplaryň ornuny çalyşmagy, ruhy gözýetimiň «ilerisiniň – gaýra», «sagynyň – çepe» we tersine öwrülmegi bilen geçmişimizi-de täze ýagtylykda görmäge we görkezmäge ruhyýet esaslary döredi. Indi biz, amal edilen arheologik açyşlara daýanyp, Türkmenistanyň ömürbaky «gyrak – çet» däl-de, eýsem taryhyň aýry-aýry döwürlerinde merkez bolandygyny tassyklap bileris. Munuň özi beýik Marguş ýurdy babatda hakykatdyr. Taryhyň soňky iki müň ýylynda Günbatar Aziýanyň hut Merkezi Aziýada – Türkmenistanda başlanan, bat alan medeniýetleşme tolkuny tarapyndan zabt edilendigini aýdyp bolar. Men beýik Parfiýa we Seljuk-türkmen fenomenlerini göz öňünde tutýaryn. Onsoň näme üçin şeýle hereket has ozalky müňýyllyklarda bolan däldir? Marguş binagärliginiň, hyýalatynyň we gaýry hadysalarynyň Hettleriň, Mitannylaryň (Mesopotamiýa) şalyklarynda öz meňzeşliklerini tapýandygy bu zatlaryň barynyň bize şol ýerlerden gelendigini aňladýar diýmek ýöntemlikdir. Onda-da bu ýerde hindi-ýewropa alamatynyň bardygyny göz öňünde tutanyňda, çünki Günbatar Aziýa ýewropalylaryň asyl watany hasaplanmaýar. Umuman, bu meselede-de psihologiýa öz oýnuny edýär: rus alymlary arileri rus sähralaryndan getirseler, günbatar alymlary olary günbatar Aziýadan alyp getirýärler!
Biz näme üçin ata-babalarymyzy özge bir ýurtdan getirmeli?! Beýtmek aň garaşlylygynyň bir görnüşi bolmazmy?!
Şonuň üçin, aňyýet we ylmy esaslara daýanyp, men aýdýaryn: biziň ata-babalarymyzyň ystyhany-da, ruhlary-da öz topragymyzyň goýnunda ýatyr. Gaty gadymy eýýamlardan başlap dünýä hereketleri hut türkmen topragyndan başlanýar. Bu toprak sözüň ähli manylarynda – geografik, medeni, taryhy manylarynda merkezdir! Günorta bilen Demirgazygyň, Günbatar bilen Gündogaryň, Turan bilen Eýranyň serhetidir. Taryhda hut serhet hem köplenç dünýä merkezine öwrülýär. Dürli medeniýetleriň işjeň alyşygy, gatnaşygy täze hadysanyň döreýän ojagy, nokady bolup durýar. Soň merkezden dörän tolkunlar çar tarapa möwç urup, ýaýrap gidýär.
Türkmenleriň Marguş şalygy hem şunuň bir mysalydyr. Marguşdan başlanan ösüş Günbatar Aziýa baryp ýetipdir. Şol sebäpden bu ikisiniň arasynda meňzeşlikler köpdür. Bu ýerde Marguşdan gözbaş alyp gaýdýan binagärligi-de, şekillendiriş sungatyny-da, atşynaslygy-da agzamak bolar. Kiçi Aziýada miladydan öňki XVIII – XII asyrlarda hökmürowanlyk eden Hett şalygyny Ýewropa ylmy oňat öwrenipdir. Hett şalygyny Merkezi Aziýadan gaýdan maldar taýpalar esaslandyrypdyrlar. Hettler atşynaslykda aýratyn uly üstünlikler gazanypdyrlar. Atlara serpme dakylyp, söweşde ulanylmagy Hettleri deňsiz-taýsyz harby güýje öwrüpdir. Hut Hettleriň atlary häzirki ahalteke atlary bilen asyldaş atlardyr. Olardan saklanyp galan «Atşynaslyk kitaby» miladydan öňki XIV asyrda Kikguly diýen atşynas tarapyndan döredilipdir. Hettleriň we häzirki türkmenleriň at seýisleýiş tärleri doly gabat gelýär. Marguşda tapylan möhürleriň ýüzündäki dürli hyýaly we hakyky şekiller hem hett sungatyndaky äheňler bilen doly gabatlaşýar. Arheologlaryň we taryhçylaryň aýtmagyna görä, gadymy relýefleriň ýüzünde şekillendirilen hett patyşa aýallarynyň we ylahy zenanlaryň eşigi häzirki türkmen zenanlarynyň eşiklerine şeýle meňzeşligi bilen akylyňy haýran edýär.
Bu zatlaryň bary hut türkmen topragyndan başlanýar. Türkmenistan Merkezi Aziýanyňam Merkezinde ýerleşýär. Günbatar bilen Gündogary, Günorta bilen Demirgazygy birleşdiriji merkez hemişe dünýä syýasatynyň jümmüşinde orun eýeläpdir. Ýewropadan – Ortaýer deňzinden Gündogar Aziýa hem-de Günorta Aziýa üç sany ýol alyp barypdyr. Bularyň iň gaýrakysy Egeý deňzi – Gara deňzi – Orta Aziýa görnüşinde bolupdyr.
Munuň özi gadymy Ýüpek ýoludyr. Günbatardan Gündogara barýan ikinji dünýä geosyýasy ýol Şamyň, Mesopotamiýanyň we Pars aýlagynyň üstünden geçipdir. Eger Ýüpek ýoly ýokarky ýol bolsa, ikinji ortadan geçýän ýoldur. Gündogar bolsa, ikinji ortadan üçünji, aşaky ýol – Nil – Gyzyl deňzi – Hind ummany boýunça geçip gidýär.
Juda gadymy taryhdan bäri şu üç ýoly eýelemegiň ugrunda geosyýasy darkaşlar guralyp gelnipdir. Şu üç ýoluň jeminden özboluşly bir dörtburçluk emele gelýär. Bu dörtburçlugy gola salan döwlet hem gös-göni suratda dünýä agalygyny gazanyp bilipdir. Şol bir wagtda-da dünýäniň hut şu böleginde beýik-beýik döwletler, medeniýetler kemala gelipdir. Dünýäniň men diýen döwletleriniň arasynda bu «dörtburçlugy» ele salmak we elde saklamak ugrunda uly göreşler gidipdir. Has gadymy zamanlar, entek gämiçiligiň dünýä hadysasyna öwrülmedik, döwletler arasyndaky baglanyşyk entek gury ýer boýunça amal edilýän zamanlary ýokarky üç ýoluň birinjisi esasy ýol bolupdy.
Biziň Watanymyz Türkmenistan bolsa Ýüpek ýoluň edil ortarasynda ýerleşip gelýär. Şol sebäpden hem bu üýtgeşik hem ajaýyp toprakda aşa gadymy eýýamlarda uly-uly döwletleriň döränligi, bu ýerde syýasy we geosyýasy pikirleriň hem-de onuň amalyýetiniň kemala gelenligi bütinleý tebigy ýagdaý bolup görünýär. Beýik atamyz Oguz han Türkmeniň döwletiniň (miladydan öňki III müňýyllyk) beýik Marguş şalygynyň (miladydan öňki II müňýyllyk) döränligine hem-de gülläp ösenligine hut şu tebigylygyň nukdaýnazaryndan garamak gerek. Türkmeniň gadymdan gelýän beýik ruhy dilinde aýdylanda bolsa, munuň özi tebigylygam däl-de, hut hudaýyň nazarynyň düşmegidir. Şu nazaryň gudraty bilen baryp bäş müň ýyl ozal, dünýäniň aglaba böleginiň entek wagşylyk we ýabanylyk gaflatynda ýatan mahaly türkmende döwlet-syýasy fenomenleri peýda boldy.
Ondan bäri wagt taýdan şeýle bir köp aralygy geçipdiris weli, indi ol zamanlar hakynda syýasatyň hem-de geosyýasatyň jikme-jiklikleri terzinde gürrüň etmek hem mümkin däl. Syýasatyň we geosyýasatyň anyklyk gürrüňi sanlaryň, maglumatlaryň, wakalaryň we seneleriň täze we ter anyklygyny talap edýär. Juda köp wagt geçeni üçin bolsa ol eýýamlardan bize diňe rowaýatlar hem arheologik ýadygärlikler galypdyr. Bular bolsa eýýäm ter anyklyk däl-de, taryhy wagtyň bary-ýogy sulbasydyr.
Rowaýat – halkyň ruhy hakydasyndaky, arheologik ýadygärlikler – ene topragyň zemin hakydasyndaky sulbalardyr.
Birinjisi juda alysdaky geçmişi umumy suratda, halkyň hyýalatyna eýläp beýan etse, ikinjisi ony dilsiz-agyzsyz gürrüň berýär. Şonuň üçin hem men miladydan ozalky I müňýyllykdan aňyrdaky taryhy ruhy hakydanyň hem-de Zemin hakydasynyň esasynda dikeldýärin. Munda dykyz hem-de ter taryhy anyklygyň bolmajaklygy düşnüklidir.
Anyk seneler we wakalar manysyndaky taryhy anyklyk diňe miladydan öňki I müňýyllykdan başlanýar. Beýik Marguş döwletiniň we ýurdunyň taryhyna degişli şeýle anyklygyň biri hakynda aýdyp geçeýin. Şol müňýyllygyň ortalarynda Marguş gadymy Eýran döwleti bolan Ahemenleriň golastyna düşýär. Miladydan öňki VI asyrda Marguş juda çylşyrymly we dartgynly taryhy wakalary başdan geçiripdir. Ahemenleriň sütemine çydap bilmedik halk yzy üzülmeýän gozgalaňlary turzup durupdyr. Marguşlylar şol döwürde Fradyň ýolbaşçylygynda azat edijilik göreşine goşulypdyr. Bu hakda Ahemenleriň daş ýazgylarynda aýdylýar diýip, men başda ýatlapdym. Ahemenleriň Dadarşiş başlyklaýyn gelen goşuny bilen azat edijileriň arasyndaky aýgytlaýjy söweş miladydan öňki 522-nji ýylyň 10-njy dekabrynda bolup geçýär. Marguşlylardan 55243 adam öldürilip, 6972 adam hem ýesir alynýar. Gozgalaňyň ýolbaşçysy Frad tutulyp, jezalandyrylýar. Munuň netijesinde Marguş köp wagtlap Bahdiniň – Ahemenleriň golastyndaky ýurduň tabynlygyna geçýär.
Elbetde, bu anyk hem gussaly taryhy waka Marguş döwletliliginiň synan döwrüne degişlidir. Ondan has ozalky eýýamda – miladydan öňki II müňýyllykda bolsa Marguş gülläp ösen, kuwwatly döwlet bolupdy.
Muňa arheologiki açyşlaryň netijeleri, şol sanda Marguşyň paýtagty bolan Goňur şäheriniň dikeldilen arheologik keşbi we durky şaýatyk edýär. Ýokarda men Goňur dini, mukaddes binalary hakynda aýtdym. Bu ajaýyp ýurtda döwletliligiň ösendigine Goňur şäheriniň dünýewi binasy – Goňuryň astanasynyň galyndylary şaýatlyk edýär. Goňuryň astanasynyň giňligi 120x115 metr çäklerde bolupdyr. Munuň özi her burçunda inedördül diň galdyrylan, galyň diwarly gala görnüşinde bolupdyr. Astananyň girelgesi demirgazyk ýüzde ýerleşip, ondan içde ýaşaýyş jaýlary bilen gurşalan köşkli meýdança bolupdyr. Köşkli meýdançanyň iç ýüzünde iki binadan ybarat barçäh ýerleşipdir. Barçähiň diwarlarynyň arasyndaky giňişligiň 10 metre ýetýänliginiň özem onuň nähili uly binadygyny görkezýär.
Goňuryň astanasynyň çäklerinde tagtyň ýerleşýän jaýy, patyşa maşgalasynyň ýaşan jaýlary, patyşa maşgalasynyň hanadanyň agzalarynyň jaýlanan aramgähi, beýleki binalar ýerleşipdir. Olar dürli geçelgeler, dälizler arkaly birikdirilipdir. Astanada kiçijik howlular hem bolupdyr. Bu binalaryň bary ap-ak gips bilen suwalyp, bezelipdir. Görnüşi ýaly, Goňuryň astanasynyň içinde ýurdy dolandyran patyşanyň ajaýyp köşgi ýerleşipdir. Şu ýerde gürrüňimiň we göz öňüme getirmelerimiň okyja düşnükli bolmagy üçin, degişli aňlatmalaryň manysyna ünsi çekmekçi. Türkmen dilinde gadymdan bäri ulanylyp gelýän «astana», «köşk», «bargäh», «kasr» ýaly sözler bar. Astana – paýtagt şäheriň patyşanyň häkimlik edaralarynyň ýeridir. Munuň özi aýratyn syýasy-häkimlik binalarynyň ulgamy bolup, ol öz gezeginde paýtagtyň erkgalasyna – ýurduň administratiw-syýasy merkezine girýär. Köşk – astananyň içinde ýerleşýär, köşgüň içinde bolsa bargäh – patyşanyň adamlary kabul edýän, dürli syýasy çäreleriň, dolandyryş, maslahat işleriniň geçirilýän resmi binasy bolýar. Bargähden başga köşgüň düzümine patyşa maşgalasynyň ýaşaýan jaýlary, beýleki binalar giripdir. Kasr bolsa patyşanyň paýtagtyň çäginden daşarda ýerleşýän köşk-galasy bolupdyr.
Bu sözleriň hemmesi köne türkmen edebiýatynda giňden orun alandyr. Edil şol sözleriň aňladýan binalaryny biz miladydan öňki II müňýyllyga degişli Goňur şäheriniň galyndylaryndan tapyp bilýäris. Diýmek, zemin hakydasynda binalaryň galyndylary, ruhy hakydada – dilimizde bolsa olaryň dürli aňlatmalary saklanyp galypdyr. Edil Marguşyň çäkleri babatda unudylan hem bolsa, degişli adalgalar Türkmenistanyň beýleki ýerlerindäki ilatly ýerleriň adynda saklanyp galypdyr. Mysal üçin, Ruhabat etrabynda, gadymy Nusaýyň bir bölegi bolup durýan Herrikgala obasy (edebiýatda, «Görogly» dessanynda – Erkgala), Garrygala etrabynda Könekesir (edebiýatda – Könekasr) obasy häzir hem bar. Munuň özi zeminiň hakydasy bilen ruhy hakydanyň özara baglanyşykly bir ulgamy kemala getirýändigini aňladýar.
Meniň ylym, taryh ylmy barada başda beýan eden pikirlerime laýyklykda bolsa, hakykaty dikeltmek – munuň özi zatlaryň we hadysalaryň arasynda birbada göze görünmeýän, has içki ugurlarda we aşak gatlaklarda bolup geçýän baglanyşyklary dikeltmekdir. Şu, baglanyşyklary dikeltmek nukdaýnazaryndan çemeleşeninde, Marguşyň ruhy-dini we döwlet-syýasy durmuşy Watanymyzyň ezeli taryhynyň bir bölegi bolup göz öňüne gelýär.
6. Marguşyň sungaty
Men, elbetde, Marguşyň «sungaty» diýenimde, bu soňky sözi şertli manyda ulanýaryn. Munda sungat sözi häzirki zaman manysynda – jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi manysynda däl-de, eýsem, umuman, dünýäni çeper suratlandyrmak manysynda ulanýaryn. Aslynda bolsa meniň göz öňünde tutýan suratly kyssalarym şol döwrüň adamlary – ol kyssalary dörediji hem olary kabul ediji adamlar üçin hem sungat, hem dini garaýyşlaryň, hem umuman dünýägaraýşyň surata, şekile geçirilmesi bolupdyr. Gürrüňi edilýän eýýamlarda aňyň bu görnüşleri biri-birinden häzirki wagtdakysy ýaly aýrylyşan ýagdaýynda bolmandyr.
Döwrüň adamlarynyň çeper duýgularyny görkezýän suratly kyssalar, esasan, üç sany zatda beýan edilipdir. Bularyň birinjisi dini dessurlaryň ýerine ýetirilişinde ulanylan gap-gaçlaryň erňeklerinde ýerleşdirilen heýkeljikler, dürli daşlardan ýasalan doga-tumarlar bilen möhürler hem-de ýörite ýasalan heýkeljiklerdir. Eždatlarymyzyň çeper duýgusynyň we aňynyň ösüşi nukdaýnazaryndan şuny tekrarlap geçeýin: Ýaňykent zamany – miladydan öňki III müňýyllyk bilen deňeşdirilende, Marguşuň sungaty hut çeperçilik kämilligi tarapdan has ýokarydyr. Munuň özi çeper aňyň täze bir basgançagydyr. Marguşuň sungaty has inçe, has nepis gelýär. Özem gep bu ýerde ýöne bir tilsimat, çeperçilik endikleriniň tehniki, emeli kämilliginde däldir. Bu ýerde endikleriň kämilleşmegi bilen bir hatarda, sungatyň mowzuk, äheň, uslyp, usul görnüş taýdan ösüşi we köpdürlüligi bada-bat gözüňe ilýär. Sungat eserlerinde beýan edilen kyssalar we äheňler eždatlarymyzyň dünýägaraýşynyň, düşünjeleriniň esasy taraplaryny, olaryň gözýetiminiň ähli giňişligini öz içine alýar. Şonuň üçin hem doga-tumar daşlarynyň, möhür daşlarynyň ýüzündäki şekiller, dürli heýkeljikler marguşlylaryň ýüpek ýaşaýşynyň esasy ugurlaryny we meselelerini töwerekleýin açyp görkezýär.
Şu nukdaýnazardan Marguşdan tapylan daş doga-tumarlaryndaky şekiller möhümdir. Olaryň esasy äheňi iki sany ýaşaýyş güýjüniň – Haýryň we Şeriň baky göreşi, baky gapma-garşylygydyr. Edil şu durşuna munuň özi Zaratustra pygamberiň dininiň esasy pikiri, esasy tapyndysydyr. Emma Marguşuň sungatynda şol gapma-garşylyk entek sap ahlak-etiki jähetden däl-de, tas biologik jähetden aýan edilýär. Daş tumarlarda erkek gaplaňyň art aýaklarynyň arasynda towlanyp ýatan ýylan şekillendirilipdir. Munuň düýp manysy gaplaňyň erkeklik güýjüniň ýylan tarapyndan «ogurlanýandygyna» syrygýar. Şeýle kyssalarda bütin ýaşaýşyň, diriligiň çeşmesi erkek jandaryň (adam, haýwan, erkek hudaý) jyns agzasyndan başlanýar diýen garaýyş özüni aýan edýär. Degişlilikde, Haýyr we Şer diýen düşünjeler şu ýaşaýyş gymmatlygynyň nukdaýnazaryndan kesgitlenilýär. Bu Zaratustranyň iki gapma-garşylyk barasyndaky ahlak garaýşynyň iň ilkinji taryhy-ruhy esasydyr.
Marguş sungatynyň eserlerinde iki tarapyň baky göreşi ulgama öwrülip giden äheňlerde berlipdir. Bir tarapdan – aždarhalar, beýleki tarapdan bolsa ýylanlaryň – şamarlaryň gazaply hem barlyşyksyz göreşi gidýär. Özem aždarha Şeriň, şamar Haýryň esgeridir we nyşanydyr. Bular güýç ugrunda, diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesini ele almak ugrunda darkaş gurýarlar.
Nepis hem-de inçe Marguş sungatynyň diňe bir aň we çeperçilik ähmiýeti bar diýsek, bärden gaýtdygymyz bolar. Men hut şol sungat eserleriniň şekillerinde, olaryň esasy äheňlerinde we mowzuklarynda Marguş diýen ýurduň adynyň gelip çykyşyny görýärin. Marguş diýmek, has gadymy görnüşinde – Moru diýmek – Asman hudaýlarynyň, ganatly hudaýlaryň ýurdy diýmekdir. Marguş sungatynda asmanda pel-pelleýän (per – ganat sözünden) dürli hyýaly jandarlaryň ganatly şekilleri esasy mowzugy hem-de äheňi emele getirýär. Ýeri gelende aýtsam, häzirki türkmen dilindäki pel-pellemek, parlamak, pasyrdamak sözleri hem aslynda per – par – ganat sözündendir. Wagtyň geçmegi bilen bu sözler diňe guş bilen däl, eýsem baýdak bilen hem baglanyşdyrylyp ulanylyp ugrapdyr. Şonuň üçin hem aslynda parlamak, pasyrdamak häzirki aňylşy ýaly, ses aňladýan däl-de, hereket aňladýan, ganatyň hereketini aňladýan sözlerdir.
Marguşuň möhürlerinde bürgüt kelleli, ganatly adamlaryň şekili köp duş gelýär. Olar käte tagtda oturan görnüşinde, käte aždarhalar bilen uruşýan görnüşde suratlandyrylypdyr. Kämahallar kellesi guşuňky däl-de, adaty adam kelleli jandarlaryň hem ganatly şekillerine gabat gelip bolýar. Bu äheňleriň bary taryhymyzyň Marguş zamanynda Oguz han Türkmeniň dinindäki Gök Taňrynyň özboluşly bir şekili göz öňüne getirilendigini görkezýär. Marguşda tapylan bir heýkeljik hem şu ulgama girýär. Bir erkek eli çagaly dur, garşysynda aýal ýüzüni asyp dur. Erkegiň arkasyndaky paltany alymlar esasy nyşan hasaplaýarlar – ol palta gök gümmürdisiniň alamatydyr diýýärler. Biz bu ýerde Gök Taňrynyň heýkelini görýäris. Bu kyssanyň düýp manysy Gök Taňrynyň zenandan – ene toprakdan çagany alyp gidýänligine syrygýar. Türkmeniň asman – ata, toprak – ene diýen garaýşy hem şol zamanlardan gaýdýar. Soň bu garaýyş adam janynyň asmana uçup gidýändigi baradaky ynanja öwrülip gidipdir.
Massagetler – miladydan öňki I müňýyllykda türkmeniň çarwa keşbine girmegidir.
Miladydan öňki I müňýyllygyň ilkinji çärýeginde Marguş medeniýeti eda boldy. Takmynan şol wagtlar hem Türkmenistanyň taryhynda jemgyýetçilik-maddy ösüşiň täze bir eýýamy – irki demir eýýamy başlanypdy. Munuň özi biziň topragymyzda täze bir medeni taryhyň başlangyjy boldy. Bütin müňýyllygyň dowamynda çylşyrymly hem-de baý taryhy ösüşleri başdan geçirdik. Bu döwür alymlaryň arheologik medeniýetler diýýän taryhy özgerişliklere we taryhy ýaşaýyş tipine baý döwür boldy. Türkmenistanyň dürli böleklerinde, bir tarapdan, biri-biri bilen baglanyşykly, beýleki tarapdan bolsa, aýdyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan arheologik medeniýetler döredi we gülläp ösdi. Günorta Türkmenistanda Emirabat, Guýysaý medeniýetleri, Uzboýuň kenarýakalarynda Uzboý medeniýeti diýilýäni döredi. Bular miladydan öňki I müňýyllykda ýurdumyzyň taryhy keşbiniň ondan öňki müňýyllyklardakydan bütinleý üýtgemegine getirdi. Degişli döwürde – şol müňýyllygyň VII asyrynda Merw şäheriniň düýbi tutuldy. Sarahs, Ýelken, Galalygyr, Küýzeligyr, Şasenem, Diýarbekir, Madaw we beýleki şäherler döredi hem-de gülläp ösdi. Bularyň bary hakynda juda köp gürrüň edip bolardy. Emma men taryhy tutuşlygyna ýazamok-da, onuň diňe bir jähetini, taryhy ýaşaýşyň diňe bir görnüşini – medeni-döwlet taryhyny beýan edýärin. Şonuň üçinem men häzir gürrüňi miladydan öňki I müňýyllykda biziň topragymyzda gülläp ösen döwletlere syrykdyrmakçy.
Miladydan öňki I müňýyllykda Türkmenistanyň syýasy taryhynda möhüm wakalar bolup geçdi. Şu nukdaýnazardan müňýyllygyň esasan ikinji ýarymy has ähmiýetli boldy. Bu döwürde Türkmenistan iki sany dünýä imperiýasynyň geosyýasy bähbitlerine dahylly ýurt boldy. Bu imperiýalaryň birinjisi gadymy Eýranyň Ahemender döwletidi. Gadymy ýunan döwletleri bilen dünýä agalygy ugrunda darkaş guran Ahemen döwleti Günbatar Aziýada öz agalygyny ýola goýandan soň, Gündogara ýüzüni öwürdi. I müňýyllygyň 540-njy ýyllarynda Ahemender Türkmenistanyň Gürgen, Parfiýa, Marguş, Arel ýaly böleklerini az wagtyň içinde basyp aldy. Soňra Ahemeniň neslinden bolan Kuruşyň (grekçede – kir) ugry demirgazyk Türkmenistana sary boldy. Kuruş dünýä basybalyjysyna mahsus bolşy ýaly, gaty uzaga gidýän hyýal atyna münüpdi: ol gadymy Gündogaryň baý ýurdy bolan Hytaýa ümzük atýardy. Şol wagtlar dünýäniň ikinji bir bölegi – Hindistana-da Türkmenistanyň üstünden geçip gitmek mümkinçiligi bardy – gadymy grekler Uzboýyň içi bilen Hindistan tarapa gidip bolýandygyny ýazypdyrlar. Galyberse-de, demirgazykda dünýä basybalyjysyny maýyl edýän beýik Horezm göz gamaşdyryjy gözelligi bilen özüne çekýärdi. Bu zatlaryň bary birigip, Kuruşyň geosyýasy tutumlaryny artdyrýardy.
Emma Kuruşyň bu niýetleriniň amala geçmegine biziň azatlyk söýüji eždatlarymyz päsgel beripdiler. Demirgazyga, demirgazykdanam Gündogara we Günorta gitmek üçin Garagumuň üstünden geçip gitmelidi. Garagumda bolsa I müňýyllykda massagetler ýaşaýardy. Umuman, türkmeniň bütin taryhynda Garagum aýratyn bir kyssa bolup durýar. Taryhyň aýry-aýry döwürlerinde Garagum türkmen milletiniň energetikasyny özünde jemleýän giňişlik bolupdy. Taryhy ýaşaýşyň galagoply we ýowuz döwürlerinde türkmen Garaguma özüni atyp, halas bolupdy. Soňra çölüň kyn şertlerinde taplanyp, gaýtadan köpelip we örňäp, ýene medeni ýaşaýşa gaýdyp gelýärdi. Çölüň ýowuz şertlerinde önüp-ösen, ýetişen nesil ýaşaýşa has ukyply bolýardy. Çünki ol beden taýdan sagdyn, berdaşly bolýardy. Muňa Garagumuň tebigy şertleri ýardam berýärdi. Garagumda erkanalyk hem-de hemmeleriň deňligi ýaly jemgyýetçilik şertleri bolsa degişli ruhy hem-de ruhyýet, ahlak gurşawyny döredýärdi. Garagumda türkmen halk hökmünde özüne gelýärdi. Şonuň üçin hem Garagum türkmeniň genogorunyň hem, ruhyýet gaznasynyň hem halasgäridir. Şonuň üçinem men öz şygyrlarymda bu türkmen sallançagyny şahyrana wasp edýärin. Garagumy näçe wasp etseň hem azdyr.
Taryhyň bütin dowamynda türkmeniň ýitmän – ýok bolman, millet hökmünde müňlerçe ýyllap ömür sürmeginiň aňyrsynda hut Garagum bilen baglanyşykly gudrat hem täsinlik bardyr. Türkmen taryhy hökmürowanlygyň talap edýän pursatlarynda durmuş hem ýaşaýyş endiklerini üýtgetmegi başarany üçin şonça wagtlap ömür sürendir. Muňa bolsa Garagum ýardam berdi. Türkmeniň taryhy ýaşaýşa ukyplylygy – onuň oturymly hem-de çarwa ýaşaýşy gezekleşdirip bilenligindendir. Oturymlylykdan – çomurlykdan çarwalyga we tersine geçmek – munuň özi uzak milli taryhymyzyň bütin dowamynda göze ilýän hadysadyr. Eger şu hili geçiş, öwrüliş, taryhy şertlere uýgunlaşma, soňam ýene güýç bilen galkma ukyby bolmasa, millet ýitip giderdi. Edil şu hili hadysa miladydan öňki müňýyllyklarda-da bolup geçipdir. Ýaňykent ýykylandan soň, türkmen Garaguma siňýär, güýçlenibem, Marguşda oturymly ýurt tutýar.
Marguş ýykylandan soň, ýene Garaguma siňip, halas bolýar. Şu ýerde möhüm bir hakykaty nygtamalydyryn. Türkmeniň medeni-çomry ýaşaýşy öz-özünden, ýöne ýere bozulmandyr. Ýa içki agzalalyk sebäpli, ýa-da daşky basybalyjylykly zarbalar netijesinde, medeni ýaşaýyş bozulyp, eda bolupdyr. Şonda çomrulyk çarwalyk bilen ornuny çalşypdyr. Hut I müňýyllygyň başynda Marguşuň dargamagy bilen hem şu hadysa bolup geçdi. Marguşuň medeni ýaşaýşyndan Garaguma geçen eždatlarymyz bary-ýogy 1-2 asyrdan soň, gadymy ýunan taryhçylarynyň massagetler diýýän taýpalar birleşigi bolup döredi hem-de islendik basybalyjynyň zarbasyna gaýtawul berip biljek beýik güýç bolup öňe çykdy. Massagetleriň taryhy gürrüňine geçmezden ozal, bir jäheti belläp goýmakçy: meniň bu ýerde beren taryhy öwrülme şeklimi gury shema öwürmekden gaça durmak gerek. Men gury, öli shemanyň däl-de, umumy hem janly kanunalaýyklygyň gürrüňini edýärin. Uzak wagtlyk taryhyň dowamynda bu hadysanyň hiç hili üýtgewsiz galman, onuň täze we täze jähetleriniň, öwüşginleriniň peýda bolmagy, her döwürde degişli kanunalaýyklygyň amalynyň özboluşly nusgasynyň peýda bolmagy tebigy zatdyr. Aýdaly, miladydan öňki III müňýyllygyň ahyrynda, I müňýyllygyň başynda ýa-da miladyň XVI asyryndan soň çomurlykdan çarwalyga geçiş her gezekde özboluşly suratda bolup geçipdi. Çünki taryhda hadysalar gaýtalanmaýar. Emma taryhda kanunalaýyklyk öz mizemezligini biziň gözümize basýar.
Miladydan öňki I müňýyllygyň başlaryndan Garagumuň ümmülmez giňişliklerinde ýaşaýan taýpalar özlerini massagetler hökmünde tanadyp ugraýarlar. Massagetler barasynda gadymy ýunan taryhçylary birnäçe ýazgylary galdyryp gidipdirler. Häzirki zaman taryhçylary, antropologlary, arheologlary massagetleriň häzirki türkmenleriň ata-babalarydygyny doly ykrar etdiler. Häzir hatda olaryň pikirini gaýtalap oturmagyňam zerurlygy ýok. Antropologiýasy, ýaşaýyş obrazy, medeniýeti, mentaliteti, ruhy, däp-dessurlary babatda massagetler bilen häzirki türkmenleriň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar. Diňe bir meselede – dil meselesinde iki hili pikiriň bolmagy mümkin. Taryhçylaryň belli bir topary ylymda öňden gelýän endige görä, massagetleri ary, ýagny hindiýewropa dilli taýpalar hasapladylar. Emma olaryňam elinde ýalana çykaryp bolmajak deliller bolmandy. Ýöne soňky döwürlerde massagetleriň diliniň türkmen bolandygyny tassyklaýan alymlaryň sany artýar. Umuman-a, men şeýle jedeli gaty bir ýerlikli hem gutulgysyz zat hasaplamok. Çünki dünýä lingwistikasynda soňky döwürde toplanylýan barha we barha täze maglumatlar, ýüze çykarylýan kanunalaýyklar hem-de gurluşlar öňki dil bölünişikleriniň hakykata o diýen bir laýyk gelmeýändigine şaýatlyk edýär. Eger türkmen dilinde – hem sözlük düzüminde, hem grammatik gurluşynda hindiýewropa dilleri diýilýäne-de, altaý dilleri diýilýäne-de mahsus aýratynlyklar bar bolsa, biziň dilimizi bularyň diňe birine degişli etmek nädogry bolar.
Aslynda bu zatlaryň baryny bir tarapda goýup, diňe ýekeje ýagdaýy nygtamak taryhyň soňky 5-4 müň ýylynyň dowamyndaky nesilleriň arasyndaky gönüden-göni baglanyşygy ykrar etmek üçin ýeterlikdir: türkmen diliniň taryhy düşegi bolup hindiýewropa – ary dili hyzmat edipdir. Gürrüňiň alynmalar däl-de, düşek barasynda gidýändigini aýratyn tekrarlasym gelýär.
Özüniň gan-süňň-antropologik aýratynlyklary boýunça türkmenleriň gaty gadymy – ezeli taryh döwürlerinden bäri şu toprakda ýaşap gelen halkyýetleriň gönüden-göni neslidigine şeýek-şübhe ýok. Bu hakda dünýä belli dürli alymlaryň pikiri mälimdir. Türkmenistanyň ilatynyň antropologik keşbi miladydan öňki IV müňýyllykdan, hatda ondan öňki döwürlerden başlap, tä mongol basybalyşlaryna çenli umuman üýtgewsizligine galypdyr. Diňe miladyň birinji döwürlerinde käbir mongolpisint aýratynlyklar göze ilýär. Emma bu hem, hatda soňky mongol gatyşmalary hem türkmeniň antropologik – gan-süňň keşbiniň asylbaşky bolşuny üýtgedip bilmeýär. Şonuň üçin hem taryhçy alymlar «türkmenler – gündogar ariýlar», «Syrderýanyň we Amyderýanyň aralygynda, olaryň aşaky akymlarynda türküleşen arylar, parfiýanlaryň ýakyn garyndaşlary – türkmenler – oguzlar ýaşapdyrlar», «Oguzlar dili boýunça türki, antropologiýasy boýunça ýewropeiddirler» ýaly düýpli pikirleriniň üstünde durýarlar.
Şu düýpli pikirden ugur alyp, biz massagetleri türkmenleriň – men häzirki türkmenleriň diýmek isleýärin – gönüden-göni eždatlary hasaplamalydyrys. Olaryň diliniň hindiýewropa dili bolan bolmagam, emma altaý dil maşgalasyna giren, häzir unudylan bize näbelli dil bolan bolmagam mümkin. Bularyň haýsy bolanda-da – bu meseläni bolsa ylym geljekde hökman çözer – munuň özi olaryň häzirki türkmenimiz bilen araýakynlygyny ýene bir gezek tassyklar diýip pikir edýärin. Türkmeniň göze görnüp duran bütin bäş müň ýyllyk taryhy halkymyzyň Günbatar Aziýa bilen üznüksiz baglanyşygyny görkezýär. Şol ýerde jyns hökmünde dörän günorta ýewropaly jynsyň wekili bolan türkmeniň taryhynyň ähli eýýamlary Günbatar Aziýa bilen baglanyşyklydyr: Ýaňykent – Şumer; Marguş – Hettler, Mitannylar; saklar, massagetler – ahemenler; parfiýanlar – rimliler; diňe miladyň I müňýyllygynyň ortalarynda türkmeniň ýüzi Gündogara bakyp ugraýar, munuň özi uzaga çekmeýär, seljuklar döwründe ata-babalarymyz ýene ýüzüni Günbatara öwürdiler, şondan soňky taryham diňe Günbatar bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, miladydan öňki I müňýyllykda eždatlarymyz bolan massagetler Garagumuň çarwa ýaşaýjylary hökmünde taryha girdiler. Massagetler Güne çokunypdyrlar we onuň ýolunda atlary gurban edipdirler. Olaryň ýaşaýyş däp-dessurlary, adatlary mal yzynda gezýän çarwaçylyga degişli bolsa-da, massagetleriň dini düşünjeleri, dini dessurlary Marguşuň oturymly ilatynyňky ýaly, otparazlyga degişli bolupdyr. Muny Garagumuň jümmüşinde, Uzboýuň kenarlarynda saklanyp galan mazarystanlyklar, olarda merhumlaryň jaýlanyş dessurlary doly subut edýär. Ýaşaýyş dessurlary bilen deňeşdirilende, adam jaýlamak dessurlary has haýal üýtgeýär we uzaga gidýär. Çünki, durmuş, ýaşaýyş, güzeran ykdysady, maddy we hojalyk şertlerine baglydyr, olaryň üýtgemegi bilen birinjiler hem üýtgäp bilýär. Emma merhum jaýlamak dessurlary halkyň has gadymdan gelýän ynançlaryna baglydyr, bu bolsa juda haýal hem-de aşa uzak wagtyň dowamynda özgerip bilýär. Hut şu-da miladydan öňki II müňýyllykdaky massagetleriň miladydan öňki II müňýyllykdaky marguşlylaryň dowamatydygyna şaýatlyk edýär.
Massaget adynyň gelip çykyşy baradaky mesele köne ylmy çekişmeleriň biridir. Alymlaryň aglabasy «massaget» sözüni mas – sake-te görnüşinde göz öňüne getirýärler. Bu sözüň ortasyndaky «sake» – sak diýmegi aňladýar. «Mas» bolsa baş, esasy, aňrybaş, tüýs diýen manylary berýär. Munuň özi tüýs türkmençe aýdylyşdyr. «Mas» sözüniň «baş» bilen bir zatdygyndan başga-da, bu söz hut şol üýtgewsiz görnüşinde-de häzirki dilimizde saklanyp galypdyr. Ýöne onuň ulanylyş çägi, gerimi diňe bir söz düzümine çenli çäklenipdir. Men häzirki dilimizdäki «mas ýüklemek» jümlesini göz öňünde tutýaryn. Hut şu jümläniň içinde-de «mas» sözi aňrybaş ýokary derejede diýen aňlatma bolup durýar. Sözüň ahyryndaky – te bölegi bolsa köplük san goşulmasydyr.
Sözüň aslynda ýatan «sak», saklar barasynda men öň aýdypdym. Saklar miladydan öňki I müňýyllykda Garaguma siňen çarwa eždatlarymyzdyr. Saklar – şol döwürde türkmeniň çarwa sypatynda gaýtadan döremegidir.
Diýmek, massaget – baş saklar diýip düşündirýärler. Men muňa nädogry diýmekçi däl. Emma janly türkmen diliniň köpleriň gözüne ilmeýän käbir tejribesine esaslanyp, bu sözi başgarak hem düşündirip bolar.
Türkmen dilinde başarmak işligi bar. Men oňarmak, hötdesinden gelmek manysyndaky başarmagyň gürrüňini edemok. Gürrüň başga bir söz bilen gelip, diňe şonuň bilen ulanylýan «başarmak» barasynda. Umuman, iň gadymy sözler juda çäkli, diňe belli jümlelerde ulanylýan sözlerdir. Meniň çagalyk wagtymda «goýny başarmak», «sygry başarmak», «düýäni başarmak» jümleleri köp ulanylýardy. Olar maly irden sürä goşmak manysyny berýärdi. Şu manydan ugur alsaň, onuň gizlenip galan düýp manysyny ýüze çykaryp goýsaň, başarmak – topluma goşmak diýmek bolýar. Baş – toplum, birleşik manysyndadyr. Massaget – munuň özi saklaryň taýpa birleşigidir, çarwaçylyga geçen eždatlarymyzyň bitewüligi saklamak üçin döreden birleşigidir.
Sözüň esasynda ýatan sak barasynda.
Gadymy eždatlarymyzyň munuň häzirkisi ýaly sak, batyr, hüşgär manysy bolupdyr. Emma I müňýyllyk babatda bu sözüň ilkibaşda «sag» sözünden bolmagy paýhasalaýyk görünýär. «Sag» bolsa öküz (sygyr) diýmekdir, bu ýere «suguny» hem goşmak gerek, çünki, massagetleriň sungatynda sugunyň şekili köp duş gelýär. Meşhur Pazyryk halysy – häzirki teke halylarynyň asyl nusgasy hasaplanýan bu halyda sugunlaryň şekili bar. Sug-un, syg-yr sözleriniň aslynda-da şol bir bogunly «sag» sözi ýatýar. Şundan hem sake sözi – taýpa ady kemala gelipdir. Bu ýerde saklaryň, massagetleriň türkmen bilen iki jähetdäki baglanyşygy dikeldilýär. Birinjiden, «sak» aslynda «öküz», «sygyr» manysyny berýär, şeýdip ol oguz bilen gönümel baglanyşýar. Ikinjiden, «sake» sözüniň wagtyň geçmegi bilen «teke» görnüşine girmegi dil taýdan doly kanunalaýyklyk bolup görünýär. Orta asyrlardaky teke türkmenleriniň antropologiýasy, egin-eşigi, däp-dessurlary we beýleki görkezijileri boýunça massagetleriň dowamydygyny aýdan alymlar öňem köp bolupdy.
Şeýlelikde, massagetler türkmeniň täze bir kowçumy bolup döredi. Olar takmynan müň ýylyň dowamynda Uzboýuň kenarlarynda, Üňüz aňyrsynda, Balkan daglarynda, Maňgyşlakda, Etrekde, Köpetdagyň eteklerinde ýurt tutundylar. Hut şolar miladydan öňki I müňýyllygyň VII asyrynda gadymy Horezm döwletiniň, şol müňýyllygyň III asyrynda bolsa beýik Parfiýa imperiýasynyň düýbüni tutujylar boldular. Birinji halatda massagetleriň horasmiler taýpasy, ikinjide bolsa dahlardan çykan parn (par)lar döwlet döredijiler hökmünde çykyş etdiler. Meniň ýokarda-da nygtap geçişim ýaly, massagetler sak taýpalarynyň uly birleşigi bolup, bu birleşige onlarça güýçli taýpalar we tireler giripdir.
7. Goşmaça
1.
Marguş şalygy miladydan öňki III müňýyllygyň ahyryndan miladydan öňki I müňýyllygyň 522-nji ýylyna çenli dowam edýär. Türkmenleriň Milli gahrymany Fradyň gaýduwsyz gaýtawulyna garamazdan Ahemenler Marguş şalygyny basyp alýarlar. Bisütün ýazgylaryndaky Dadarşiş Baktriýa welaýatynyň häkimi bolmaly. Şondan soň Marguş Baktriýanyň düzümine girizilýär. Köp ýitgileriň bolandygyna taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlar şaýatlyk edýär.
Miladydan öňki IV asyrda Aleksandr Makedonskiniň goşunynyň gelmegi bilen ahemen hökümdarlygy synýar.
Aleksandr Makedonskiý Marguşuň gözelligine haýranlar galyp, şähere, ýurda öz adyny dakýar.
Aleksandr ýogalansoň onuň ägirt uly imperiýasy dagaýar. Miladydan öňki IV asyryň ahyrynda Selewk Nikator Mary şäherini eýeleýär. Ol hem şähere öz adyny dakýar. Antloha-Soter döwründe (miladydan öňki 280-261 ý.) uruş zerarly weýran edilen Mary şäheri täzeden dikeldilýär.
Parfiýa patyşasy Mitridat 1-nji miladydan öňki II asyrda Mary welaýatyny duşmanlardan halas edýär.
2.
2009-njy ýylyň 14-nji maýynda türkmen jemgyýetçiliginiň durmuşynda uly bir waka bolup geçdi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Marguş şalygyna degişli täze tapyndylar barada halkara konferensiýasynda görnükli arheolog W.Sarianidi täze tapan tapyndylaryna, anyk maglumatlara esaslanyp, Türkmenistany Zaratustranyň watany, dörän ýeri diýip, dabaraly ýagdaýda yglan etdi
Bu açyş biziň taryhçylarymyzyň öňünde has düýpli wezipeleri goýýar.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar