3. Parfiýanyň soňky ykbaly
Parfiýa döwletiniň synmagy ýuwaş-ýuwaşdan II asyryň ahyrynda – III asyryň başlarynda bolup geçýär. Muňa üç sany hadysa güýçli täsir edipdir.
Birinji ýagdaý – ýurduň ykdysady binýadynda uly orun tutýan söwdanyň – Hytaý bilen alnyp barylýan söwdanyň pese düşmegidir.
Ikinji ýagdaý – demirgazyk tarapdan çarwa taýpalaryň hüjüminiň ýygylaşmagy bilen harby mejalsyzlygyň döremegidir.
Üçünji ýagdaý – Rim bilen duşmançylygyň artmagynda ýüze çykýan syýasy kynçylyklaryň, müşgillikleriň artmagydyr.
Rime ýakyn Medaýyn has hem köp ýitgiler çekip, juda kyn ýagdaýda galýardy. 217-nji ýylda rim imperatory Karakalla Arbelide ýerleşen Parfiýa şalarynyň gonamçylygyny tozdurmagy we ystyhanlary depelemegi buýurýar.
Şu zatlaryň barynyň netijesinde merkezi häkimlik gowşaýar, ysgyndan gaçýar, ýerli häkimiýetler özbaşdak hereket edip başlaýarlar. Hatda merkezi häkimlikde-de iki patyşa – Balagöz V bilen Ärtaban X hökümdarlyk edipdirler. Munuň nämedigine düşünmek kyn däldir.
217-nji ýylda Mesopotamiýada imperator Makrin iki gezek ýeňilýär. Netijede, Parfiýa 5 million altyn dinary paç hökmünde alypdyr.
Iň ahyrynda Parfiýany syndyryjy adam Persiýanyň içinden çykdy. Persiýanyň emiri Ärdeşir üç gezek Ärtaban V bilen söweşip, ony öldürip, 224-nji ýylda Parfiýa imperiýasynyň soňuna nokat goýdy. Munuň özi 28-nji aprelde bolup geçdi.
Sasanylar Parfiýa döwletiniň özüni ýykmak bilen çäklenmän, ol baradaky hakydany ýok etmäge synanyşdylar. Olar Ahemenlerden soň gelen parfiýalylary şejereden aýyrdylar. Sasanylaryň parfiýalylara şeýle ýigrenjini dürli sebäpler bilen düşündirýän alymlar bar. Nämemiş, hamana «müňlük» san zaratustraçylyk ýylnamasynda aýratyn orun eýeleýärmiş. Şoňa laýyklykda, Zaratustra pygamberden müň ýyl geçenden soň, Eýranda döwlet ýykylýarmyş. Şol «müň ýyl» bolsa sasanylaryň döwrüne ýakynlaşýar, şonuň üçin sasanylar arada duran bäş ýüz ýyllyk «Parfiýany» aýyrmagy ýüregine düwenmişler. Bu ynandyryjy pikir däl.
Sasanylar parlaryň Turandandygyny oňat bilipdirler. Hut şonuň üçin olarda parlara, parlaryň guran döwletine ýigrenç hemişe güýçli bolupdyr. Bu ýigrenç hem ahyrsoňunda Parfiýanyň ýok edilmegine getiripdir. Şahyr Ferdöwsiniň parlar hakynda: «Olaryň köki we pudaklary gysga bolupdyr. Şol sebäpden olaryň geçmişi şöhratlydyr diýip aýdyp bolmaz. Men olaryň adyndan başga eşiden zadym ýok» diýende, parlaryň şejeresiniň birwagtlar ýok edilendiginden bihabardy.
Sasanylar döwleti Ärdeşiriň başda durmagynda Parfiýa bilen baglanyşykly hiç bir zadyň galmazlygyny iş edinipdirler.
– Parfiýalylaryň ähli köşgi-eýwanlaryny ýykyp-ýumrup wes-weýran edipdirler.
– Parfiýalylaryň ähli şa neberelerini uçdantutma gyrypdyrlar.
– Parfiýa ýazuw edebiýatyny, parfiýanyň taryhyny gürrüň berýän ähli sene kitaplaryny otlapdyrlar.
– Parfiýa şalarynyň mazarlaryny köwüp, ystyhanlaryny otlapdyrlar, mazarlary ýok edipdirler.
– Parfiýa şalygy hakda ýekeje agyz gürlän adamy hiç hili gepsiz-gürrüňsiz dardan asypdyrlar, öldüripdirler.
– Parfiýa hakda gürlemek, ýazmak gadagan edilipdir.
Şeýdip, Sasanylar Parfiýa şalygyny halkyň hakydasyndan aýrarys öýdüpdirler. Bu sasanylara belli bir derejede başardypdyr hem. Ýöne olar hytaý, ýunan taryhçylarynyň ýazgylaryny ýok edip bilmändirler.
Parfiýalylar hakdaky maglumatlaryň şeýle azlygynyň sebäbini men halkyň bilmegini isleýärin.
Ärsaklar hökümdarlygynyň synmagynyň baş sebäpkäri – içki gapma-garşylyklar bolupdyr. Hökümdar Ärdeşir ýurtda iki häkimiýetlilik höküm sürýän mahaly özüniň ärsaklara tabyn bolmaýandygyny yglan edipdir. Ärsagyň oturan tagtyna iki dogan – Balagöz bilen Ärtaban göz gyzdyrypdyrlar. Balagöz Ktesifonda ornaşypdyr, Ärtaban bolsa Eýranyň merkezi welaýatlaryna gözegçilik edipdir. Dawa Rim bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşan şertlerinde döräpdir. Tagta dalaş edýänleriň ikisiniňem güýji asgyn ýagdaýda bolupdyr. Syýasy ýagdaýyň şol hili çylşyrymly bolmagynda parfiýan taýpalarynyň beýlekileriniň wekilleri dawalara gös-göni gatnaşmakdan, haýsydyr bir tarapa kömek bermekden saklanypdyrlar. Olar Ärdeşiriň turzan pitnesiniň garşysyna-da baş götermändirler.
Ärtaban V boýun egmezek garşydaşyny diňe özüne tabyn bolan kiçiräk goşuny bilen dyza çökermek isläpdir. Çaknyşyk Eýranyň häzirki Ahwaz şäheriniň golaýyndaky Hormezdagan düzlüginde bolup geçipdir.
Parfiýa döwleti özüniň dowam eden uzak döwrüniň içinde düýpli özgerişlikleri başyndan geçirýär. Özüniň döredileninden tä Mitridat II-niň hökümdarlyk eden döwrüne çenli diýip, şertli kesgitleme berip boljak birinji döwürde Parfiýa merkezleşdirilen döwlet bolupdyr. Parfiýa döwletindäki ýokary häkimiýeti üýtgewsiz monarhiýa diýip atlandyrmak mümkin. Uruşmak ýa-da parahat ýaşaşmak meselelerini patyşanyň bir özi çözüpdir. Geljekki tagt eýesini saýlamak meselesinde-de esasy çözüji ses oňa degişli bolupdyr. Adatça, geljekde tagty eýelemeli hökümdary, ýagny, ogullarynyň birini patyşanyň özi döwlet başyndan aýrylmazyndan esli wagt öň belläpdir.
Strabonyň ýazmagyna görä, patyşanyň ýanynda iki geňeşden ybarat «senaty» bolupdyr. Olaryň birine din wekilleri, beýlekisine bolsa patyşanyň dogan-garyndaşlary hem «dostlary» – ýagny, döwletiň ýokary derejeli adamlary giripdir. Möhüm meseleleri çözmekde birinji toparyň onçakly ähmiýeti bolmandyr. Patyşa ony käwagt maslahat beriji düzüm hökmünde peýdalanypdyr. Adatdan daşary ýagdaýlarda ikinji topar möhüm döwlet meselelerini çözmäge-de gatnaşypdyr. Patyşa özünden soň tagta kimiň eýe bolmalydygyny anyklaman, birden öläýen ýagdaýynda, olaryň işi has-da çylşyrymlaşypdyr. Fraat II-niň öldürilip, deregine Ärtaban I-niň saýlanylmagy şolaryň işiniň netijesi bolsa gerek. Olaryň parfiýalylar üçin mahsus bolan şeýle däbe eýeren bolmaklary mümkin: öýüň baştutany aradan çykan ýagdaýynda, şol nesliň kaka tarapdan bolan iň ýaşulusy onuň yzyny dowam etdirmeli. Adatdan daşary ýagdaýlarda şol geňeş halanylmaýan patyşany aýyrmak barada karar çykarypdyr. Miladynyň I asyrynyň başynda ýokary emeldarlaryň bir toparynyň başlangyjy boýunça Parfiýanyň tagty Fraat IV-niň uzak wagtlap Rimde girewlikde bolan ogly Wanona berlipdir. Rime ýaramly syýasaty ýöreden Wanon Parfiýanyň demirgazyk-gündogar welaýatlarynyň emeldarlaryna ýaramanlygy üçin, olar tagta Ärtabany çykarmak hakynda teklip girizipdirler. Ýöne köşkde bolup geçýän bulam-bujarlyklaryň, tagt ugrundaky göreşleriň ählisinde döwletiň döredilen ilkinji döwürlerinde girizilen şu düzgün saklanypdyr: Parfiýa – Ärsagyň patyşalygy. Tagty diňe onuň neberelerinden bolan adam eýelemeli. Ärsaklar nesliniň hemme wekilleri keramatly hasap edilipdir we oňa şek ýetirenlere ölüm jezasy berlipdir. Şalaryň şasy Hudaý bilen deň görlüpdir, «Günüň hem Aýyň dogany» hasap edilipdir, golastyndakylaryň ählisi oňa ylahy hormat goýmaga borçly bolupdyrlar.
Mitridat II-niň patyşalyk eden döwründen başlap, Parfiýa içki edara edişiň bir görnüşli gurluşyny ýitirýär. Gönüden-göni patyşanyň golastynda bolan ýerler bilen bir hatarda, aýratyn hukuklardan peýdalanýan ýerler hem ýüze çykýar. Öňi bilen, ýunan şäherleri-polisleri şoňa degişli bolupdyr. Olaryň patyşa bilen aýratyn şertnamasy bolupdyr we olara, ýokary häkimiýeti ykrar eden hem hazyna salgytlaryny tölän ýagdaýlarynda, özlerini özbaşdak dolandyrmaga rugsat berlipdir. Mundan başga-da, basylyp alnan ýerleriň belli bir bölegi ozalky ýagdaýynda saklanyp galypdyr. Olar basylyp alnan wagtlary täze hökümdara tabyn bolup, garşylyk görkezmedik ýerler bolupdyr. Ol «geňeşdeş patyşalyklar» dürli derejeli garaşsyzlyga eýe bolupdyrlar, olaryň hemmesi salgyt tölemäge hem-de talap edilen halatynda gerek diýlen mukdarda söweş tälimlerini oňat özleşdiren esgerleri ibermäge borçly bolupdyrlar. Patyşanyň ýerleri hökümdarlar tarapyndan edara edilipdir. Köplenç halatlarda ol wezipäni patyşanyň doganlary ýa-da beýleki garyndaşlary eýeläpdirler. Käte bolsa bu wezipe nesilden-nesle geçýän häsiýete eýe bolupdyr. Şonda ol welaýat özbaşdak «patyşalyk» hukugyny alypdyr. Mysal üçin, Ermenistany uzak wagtyň dowamynda ermeni Ärsaklary diýlip atlandyrylýan adamlar dolandyrypdyrlar.
Giçki Parfiýa döwründe ýerle hökümdarlaryň döremegi netijesinde welaýatlarda patyşalygyň hökümet emlägi, esasan, ýer örän kemelýär. Parfiýanyň golastynda diňe Midiýa we Mesopotamiýa galýar. Çäkli özygtyýarlylyga geçmek işi ownuk welaýatlara täsirini az ýetirýär. Miladynyň I asyrynda «şalar şasy» diýen hormatly ady hindi-parfiýa we Merw hökümdarlary ulanypdyrlar. Giçki Partawa döwründe ýurt azyndan iki «özbaşdak» welaýata bölünýär. Olar Partawa we Abarşahr, ýagny, Nişapur welaýatydyr. Eýranda Sasany döwletiniň döremeginiň öňüsyrasynda Parfiýa 240 özbaşdak welaýata bölünipdir.
Köşkde möhüm orun aýratyn häkimliklerdir patyşalyklaryň hökümdarlaryna degişli bolupdyr. Aýry-aýry welaýatlarda (ýerlerde) edara edişiň anyk basgançaklary bolupdyr. Döwletiň ýaşamagynyň soňky döwründe şalaryň şasy köplenç Mesopotamiýada – Ktesifonda oturypdyr. Ähmiýeti boýunça Midiýanyň hökümdary ikinji, Ermenistanyň patyşasy bolsa üçünji orny eýeläpdir. Kuşanlar tarapyndan derbi-dagyn edilen wagtyna çenli möhüm orun Sakstanyň hökümdarlaryna degişli bolupdyr. Olar däp boýunça weziriň wezipesini eýeläpdirler. Parfiýa dolandyryşynda atly goşunyň baştutany bilen hazyna sakçysyna-da ýokary orunlar degişli bolupdyr.
4. Parfiýanyň döwlet-syýasy gurluşy
we medeniýeti
Özüniň dört ýüz ýetmiş bir ýyllyk taryhynyň (miladydan öňki 247-nji we miladyň 224-nji ýyllary) dowamynda Parfiýanyň paýtagty üýtgäp durupdyr. Bu paýtagtlaryň ilkinjisi bolan Atalak şäherinde Ärsagyň özüni miladydan öňki 247-nji ýylda patyşa diýip yglan edendigi hakda gadymy taryhçylaryň kitaplarynda ýazylýar. Gürrüňi edilýän ilkinji paýtagt Nusaýdyr. Soňra Gekatompil, Ekbatana, Ktesifon ýaly şäherler Parfiýanyň paýtagtlary bolupdyr. Döwlet döränden tä ýykylýança, Ärsagyň nesilleri şalyk sürüpdirler. Bu hanedanyň iň görnükli wekilleri, patyşalyk süren iň uly şahsyýetler şulardyr:
1. Ärsak I – m.ö. 247 – 217-nji ýyllar.
2. Ärsak II – m.ö. 217 – 211-nji ýyllar.
3. Ärtaban I – m.ö. 211 – 196-njy ýyllar.
4. Priapat – 15 ýyl şalyk edýär.
5. Fraat I – m.ö. 175 – 170-nji ýyllar.
6. Mitridat I – m.ö. 170 – 138-nji ýyllar.
7. Fraat II – m.ö. 138 – 128-nji ýyllar.
8. Ärtaban II – m.ö. 128 – 124-nji ýyllar.
9. Mitridat II – m.ö. 124 – 88-nji ýyllar.
10. Fraat III – m.ö. 70 – 57-nji ýyllar.
11. Orod II – m.ö. 57 – 36-njy ýyllar.
12. Fraat IV – m.ö. 36 – 2-nji ýyllar.
13. Fraat V – m.ö. 2 – m.4-nji ýyllar.
14. Bonon I – m. 7 – 12-nji ýyllar.
15. Balagöz I – 52 – 80-nji ýyllar.
16. Mitridat IV – 128 – 147-nji ýyllar.
17. Balagöz III – 148 – 192-nji ýyllar.
18. Balagöz IV – 192 – 208-nji ýyllar.
19. Balagöz V – 208 – 223-nji ýyllar.
20. Ärtaban – 209 – 224-nji ýyllar.
Parlar çarwalardan çykypdyrlar. Şonuň üçinem olaryň döwletiniň gurluşynda çarwa halka mahsus edara ediş usullary hökmürowan bolupdyr. Döwletiň ilkinji syýasy taryhynda ýunanlardan galan edara tilsimleri güýçli bolupdyr. Şol bir wagtda-da olaryň öz milli dolandyryş tärleri hem ýitip gitmändir. Patyşalyk hökmany suratda ogla geçmän, patyşanyň doganyna-da geçip bilipdir. Şeýle mirasdüşerlik Merkezi Aziýanyň çarwa halkyýetlerine mahsus syýasy gurluşdyr.
Parfiýada tagtyň mirasdüşerligi berk kanun esasynda anyk düzgünleşdirilmändir. Munuň özi syýasy durmuşda belli bir derejedäki nämälimligi döredipdir, onsoň tagty eýelemek, bir tarapdan, şahsyýetiň dogumyna bagly bolsa, beýleki tarapdan, öňki gadymy dessurlara laýyklykda, patyşa, hatda şalaryň şasy-da asylzada neberäniň köpçüligi tarapyndan saýlanypdyr.
Syýasy taryhynyň ilkinji döwründe parfiýalylar ýunan syýasy medeniýetine eýeripdirler. Emma milli dessurlar hem uly orun eýeläpdirler. Parfiýany, onuň dürli welaýatlaryny asylzada nebereleriň, uruglaryň maslahat – geňeş ýoly bilen dolandyrandygy bellidir. Ýedi sany urugyň her biri imperiýanyň esasy böleklerini öz mülki hökmünde görüpdir. Nihawendde Karanlaryň urugy, Seýistanda Süwrenleriň urugy, Reýde Mihranlaryň urugy hökümdarlyk edipdir. Ýunan taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, parfiýalylar azat adamlara we garamaýaklara – garaçylara bölünipdir. Azat uruglaryň wekillerine berlen atlaryň, hormatly derejeleriň köplüginden hem-de tertipsizliginden ýaňa, olardan baş çykarmak juda kyn görünýär. Munda belli bir ulgam, anyklanan düzgün bolmandyr.
Ýerlerdäki esasy häkimiýet wekilleri satraplar bolupdyr. Olar Parfiýa administrasiýasynyň esasy daýanjydyr. Satrapdan ýokarda marzban durupdyr. Satrapdan aşakda dizpat – obanyň kethudasy bolupdyr.
Parfiýanyň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy emele getiripdir. Oba hojalyk pudaklarynyň içinde däneçilige, dowardarçylyga aýratyn üns berlipdir. Muňa arheologik tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Dowardarçylygyň ösmegi halyçylygyň giňden ýaýramagyna we halylaryň, haly önümleriniň meşhur bolmagyna getiripdir. Ylaýta-da, söweş atlary bilen baglanyşykly haly we keçe önümleri, şeýle-de, düýe ýüňünden dokalýan egin-eşikler giňden ýaýrapdyr.
Parfiýa şalygy döwründe halkymyzyň binagärlik sungaty hem özboluşly ösüşi başdan geçiripdir. Muňa içki Parfiýanyň ilkinji paýtagty bolan Nusaýyň binalary mysal bolup biler. Nusaý şäheri Köne Nusaý we Täze Nusaý diýip ikä bölünýär. Köne Nusaýyň iň ajaýyp we meşhur binalarynyň biri Inedördül binadyr. Şeýle-de, ol ýerde tegelek ybadathana we ot ybadathanasy ýerleşipdir. Inedördül bina miladydan öňki III asyrda bina edilipdir. Onuň diwarlarynyň galyňlygy 3 metr, beýikligi 2 metr. Bu binanyň dini dessurlary amal etmek üçin gurlandygyny duýmak kyn däl.
Parfiýa döwletiniň medeniýetiniň gatyşyk häsiýeti bar. Biz bu medeniýetiň ähli ugurlarynda diýen ýaly üç sany düzüjiniň: ýunan, pars (ahemen) hem-de par pullarynyň özboluşly gatyşygyny görýäris. Binagärlikdäki şekillendiriş we heýkeltaraşlyk, aýdym-saz sungatyndaky, çeper edebiýatdaky, geýim-gejimdäki, hatda dini ynançlardaky şeýle gatyşyklyk parfiýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň özboluşly keşbini emele getirýär. Şol bir wagtda-da medeniýetiň aýry-aýry ugurlarynda ýokarky üç düzüjiniň haýsy hem bolsa biriniň aýratyn kesgitleýji orny eýeländigini-de bellemek gerek. Aýdaly, heýkeltaraşlykda ellin täsirini inkär etmek mümkin däl. Şonuň ýaly-da, parfiýa şäherlerinde gadymy ýunan teatrynyň gülläp ösendigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Emma günbatar täsiriniň asla duýulmaýan ugurlary hem bellärliklidir. Ylaýta-da bu aýratynlyk zergärlik sungatyna, halyçylyga we beýlekilere degişlidir.
Taryhy maglumatlar we ilkinji çeşmelerden saklanyp galan ujyrsyz bölekler parfiýanyň ruhy medeniýetini ýeterlik derejede häsiýetlendirmäge esas berýär. Ruhy medeniýet diýlende bolsa, ilkinji nobatda, döwrüň dini garaýyşlary we dini ynançlary göz öňüne gelýär. Parlaryň dini ynançlarynda we şonuň bilen baglanyşykly dini dessurlarynda iki sany zat – Gün hem-de at aýratyn orun eýeläpdir. Çeşmelerde, hatda Parfiýanyň özi ak ata münen adam şekilinde sypatlandyrylypdyr. Parlaryň aty Gün hudaýy Mihräniň ýoluna gurban etmek däbi giňden belli bolupdyr. Mihr atyň piri hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem bu şahsyýete giçki Babagammaryň gadymky esasy hökmünde garamak bolar. Par patyşalary atyň şekilini öz teňňelerinde ýerleşdiripdirler.
Parlaryň dini ynançlaryny we bularyň dürli şekillendiriş eserlerinde beýan edilişini yzarlanynda, sungatyň we ynançlaryň baryp miladydan öňki III müňýyllyga ýetýändigni görýärsiň. Bu ýere, esasanam, kiçi heýkeltaraşlygyň öňümi bolan aýal heýkeljikleri degişlidir. Köplenç, Margianada tapylýan ýalaňaç aýal heýkeljikleri hasyllylyk, ýagyş-ýagmyr bilen baglanyşykly ynançlaryň we umytlaryň netijesidir. Munuň özi ezeli Ýaňykent döwründen gaýdýandyr. Eždatlarymyz edil ýaňy-ýaňylaram halkymyzda däp bolşy ýaly, suwa ylah, gudrat, hudaýpisint bir howaýy şahsyýet hökmünde garapdyrlar. «Essalowmaleýkim, suw aga!» diýip, suwa salam beripdirler.
Par halkyýetiniň esasy köpçüligi ýerli, ata-baba gelýän dini ynançlara ömürbaky wepadarlygyna galsa, parlaryň ýokary gatlagy, ylaýta-da, arşaklylaryň nebereleri, esasanam, döwletliligiň başky döwründe ýunan medeniýetine ymtylypdyr. Olar özlerini «Filellinler» – ýunançylygy söýüjiler hasaplapdyrlar. Emma par döwletliliginiň ikinji ýarymynda olaram ata-baba gymmatlyklara gaýdyp gelmäge jan edipdirler.
Her näme-de bolsa, ýunan medeniýeti Parfiýa şalygyna özüniň güýçli täsirini ýetiripdir. Ýaşaýşyň we ruhuň ähli ugurlarynda diýen ýaly ýunan – par jübütliliginiň kemala gelendigi munuň şaýadydyr. Şeýle jübütler, ylaýta-da, dini ulgamlarda orun alypdyr. Zews – Ormuzd, Apollon – Mihr, Gerakl – Artagna ýaly şahsyýetleriň jübütleşigi özboluşly dini-medeni gatyşygyň alamatydyr. Ýewropalaşan par asylzadalarynyň ýunan gymmatlyklaryna eýermegine birtaraplaýyn baha bermek taryhy ösüşiň gözedolulygyna zyýan ýetirip biler. Birtaraplaýyn baha – munuň özi par asylzada neberelerini milli köklerden daşlaşmakda, bigäne medeni gymmatlyklary kabul etmekde aýyplamakdyr. Aslynda başgaça bolup hem bilmezdi. Taryh kimdir biriniň – döwürdeşleriň ýa-da soňky nesilleriň göwün islegine görä däl-de, özüniň kanunalaýyklyklaryna görä hereketlenýär. Bu kanunalaýyklyk bolsa dürli jana-jan hajatlaryň we durmuşy bähbitleriň amala aşmagydyr. Asylbaşky gelip çykyşy massagetlerden bolan ärsaklylar hökmany suratda özleriniň ýokary göteriliş dowamatynda ýaşaýşyň özge uslyplaryny – ahemen hem-de ýunan-ellin uslyplaryny edinäýmelidi. Munuň özi islendik imperiýanyň kemala gelşiniň we ýaşaýşynyň kanunalaýyklygydyr. Uly imperiýany dolandyrmak üçin onuň başynda duran ärsaklylar bu ägirt döwletiň düzümine girýän medeniýetleriň jemine esaslanmalydylar. Syýasy erk bütin syýasy giňişlige gabat gelmelidi, oňa barabar bolmalydy. Syýasat bolsa medeniýetden başlanýandyr. Döwlet üçin esasy ýaşaýyş endigi syýasy medeniýetiň gazananlary tarapyndan kesgitlenýär. Ärsaklylaryň tas bäş ýüz ýyllap syýasy birlik hökmünde ömür sürüp bilmegi olaryň täze we täze medeni-syýasy barlyklara uýgunlaşyp bilendiklerindendir. Şonuň üçinem olar özleriniň asylbaşky çarwa ýa-da ýarym çarwa ýaşaýyş endiklerine örklenip oturman, selewklileriňem, olardan öňki ahemenlileriňem medeni-syýasy tejribesini özleşdirijiler bolup çykyş etmegi başardylar. Parlaryň, has soňraky türkmenler ýaly, özge dinlere we özge dinlilere sylaşyk hem-de giňlik bilen garandyklary bellidir. Uly imperiýada otparazlyk hem, hristiançylyk hem, jöhidilikdir beýleki ownuk-uşak dinlerem erkin ösüp bilipdir. Hatda belli bir döwürde parlaryň bir bölegi hristiançylygy hem kabul edipdir, emma bu diniň alamançylygy gadagan edýänligi sebäpli, tiz wagtdan ondan ýüz dönderipdirler.
Dürli etnoslaryň, dürli medeniýetleriň, dürli dinleriň hem-de dürli syýasy endikleriň gatyşygy Parfiýa taryhynyň imperiýa häsiýetinden habar berýär. Soňky türkmeniň özge halklara gyýa göz bilen garamanlygynyň, özgeleri özüniňkiden ala tutmandygynyň medeni-taryhy esaslarynyň bir bölegi parfiýa zamanynda tutulandyr. Parfiýa medeni-taryhy ýaşaýşynyň hut şu halkara, dinara, medeniýetara ysnyşykçyllyk aýratynlygy-da soňky türkmen taryhynyň belli-belli taraplaryny we hadysalaryny parfiýa kökleri bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hadysalar diýenimde men, esasanam, medeniýet hadysalaryny göz öňünde tutýaryn. Türkmeniň birnäçe beýleki milli eserleri bilen birlikde meşhur «Görogly» eposynyň hem düýbi parfiýa zamanynda tutulandyr. Bu eseriň iň ilkinji many gatlagy baryp Oguz han Türkmen eýýamynda tutulan bolsa, soňraky gatlaklarynyň biri parfiýa zamanyna düşýär. Muňa göze dürtülip duran bir umumylyk arkaly düşünip bileris. Parfiýa zamanynyň birnäçe teňňeleri saklanyp galypdyr. Ol teňňeleriň birnäçesinde eli ýaýly patyşanyň şekili bar. Şonuň üçinem ylymda bu şekile «parfiýan ýaýçysy» diýilýär. Şeýle şekiliň aşakdaky manysy bar: ýaýçy ýa-ha birine ýaý berýär, ýa-da kimdir birinden ýaý alýar, ýaý manysy, baryp Oguznamada aýdylyşy ýaly, patyşalykdyr. Diýmek, teňňelerdäki şekil taryhy häkimligiň, patyşalygyň berlişi beýan edilipdir. Edil «Görogly» dessanyndaky jöwher ýaýyň hem şeýle manysy bar.
Şu maglumatyň özi-de «Göroglynyň» bir taryhy esasynyň Parfiýadygyny görkezýär. Has aňryk gitseň bolsa, Parfiýanyňam, «Göroglynyňam» esasy, elbetde, massaget-dah etnosydyr hem-de medeniýetidir. Soňky medeniýet we taryh bolsa gadymy ýunan taryhçylarynyň işleri hem-de Gündogar Ýewropada we Orta Aziýada ýaşan skiflerden – saklardan galan arheologik ýadygärlikler arkaly mälimdir. Gerodot öz ýazgylarynda skifleriň gelip çykyşyny Gerakl bilen baglanyşdyrýar. Gerakl dag jülgesinde ýaşaýan ýylanaýakly gyza öýlenýär, olardan üç ogul bolýar. Gerakl hem Görogly atlarynyň meňzeşligi, Agaýunus periniň ýaşaýan ýeriniň, Göroglynyň ony almak üçin aždarha bilen söweşişiniň, Gerodotyň ýazyp alan skif rowaýaty bilen çalymdaşlygy göze dürtülip duran zatlar. Galyberse-de, parfiýalylaryň pars senenamalarynda pälwanlar diýlip atlandyrylmagy, «Görogluda» hem esasy äheňiň pälwanlyk we gahrymançylyk bolmagy biziň milli dessanymyzyň ikinji kökleriniň (Oguz handan gaýdýan ilkinjisinden tapawutlylykda) parfiýa medeniýetinden gaýdýanlygyny görkezýär. Bularyň üstesine Göroglynyň daşky sypatynyň – sag we çep äňleriň, eňegiň üstüni örtüp duran gyrçuw sakgal, şeýle-de ujy çowly gelşikli murt, geýim-gejiminiň – pereňi çäkmen, tuwulga we ş.m. dürli heýkellerde we suratlarda şekillendirilen parfiýa begleriniň suratyna juda laýyk gelýändigini belläp geçmek gerek. Bularyň üstesine, Göroglynyň häsiýetindäki dürli aýratynlyklaryňam hut parfiýanyň ruhy gymmatlyklaryna muwapykdygyny ýatlap geçeýin. Dürli dindäki, dürli milletden bolan adamlar bilen Görogly dostlaşyp, doganlaşyp gidýär. Şeýle häsiýetiň esasynda-da parfiýa medeni ölçegleri ýatýar.
Dürli çeşmelerde Parfiýanyň ösen taryh ylmynyň we çeper edebiýatyň bolandygyna şaýatlyk edýän ýazgylar bar. Emma taryhyň soňky öwrüminde olar aňly-düşünjelilik bilen ýok edilipdir. Diňe käbir dessanlaryň sudury galypdyr. «Ýatkar-i Zareran», «Draht-i asurik» ýaly eserler şolardandyr. Şeýle dessanlar halk döredijiliginiň ussatlary – gosanlar tarapyndan döredilipdir. Wagtyň geçmegi bilen gosan ady häzirki türkmen dilinde ulanylýan ozan sözüne öwrülip gidipdir. Şonuň üçinem türkmen ozançylyk sungatynyň, dessançylygynyň, Göroglynyň hem, Gorkut atanyňam düýbüni Parfiýanyň halk – milli sungatyndan, folkloryndan alyp gaýdýandygyny aýtmak gerek. Türkmeniň haly sungaty, ahalteke bedewi, türkmen şaý-sepleri degişli döwürde par halylary, nusaý atlary, parn zergärçilik sungaty hökmünde belli bolup, dünýä ýaýrady. Bu zatlaryň bary parlaryň gönüden-göni nesli bolan häzirki türkmene miras bolup galdy. Şol bir wagtda-da bu hakykaty hem tekrarlamalydyrys: Parfiýa medeniýetine Günbatardan – ýunanlardan gelen ellin teatry, özge uslyply heýkeltaraşlyk biziň dünýäni duýşumyza bigäne zatlar hökmünde özüniň dowamatyny tapyp bilmän, ýatdan çykyp gidipdir.
Emma özüniň asly boýunça ýerli medeniýete gidýän binagärlik we heýkeltaraşlyk parfiýa medeniýetiniň özboluşly nusgalary hökmünde häzir hem öz täsirini saklap galýar.
Türkmen alymlary Parfiýanyň ilkinji paýtagty Nusaýda onlarça ýyllaryň dowamynda gazuw işlerini geçirdiler. Bu işleriň netijesinde Parfiýanyň merkezi Parfiýakanyň, ýagny Ahalyň medeniýetine degişli gymmatly ýadygärlikleriň üsti açyldy, örän zerur maglumatlar ýüze çykaryldy. Maglumatlar diýenimde men Nusaýdan tapylan ýüzi ýazgyly hum böleklerini göz öňünde tutamok. Arameý elipbiýinde ýazylan ol ýazgylarda esasan hojalyk häsiýetli mazmun bar. Alymlar olary öwrenmek arkaly parfiýalylaryň diline hem-de dini ynançlaryna degişli käbir anyklyklary alyp bilýärler. Ol anyklyklaryň bolsa umumylaşdyryjy häsiýeti çäklidir.
Taryhy maglumat – ýadygärlikleriň we çeşmeleriň mazmunynda saklanyp galan habardarlyk gymmatlygydyr. Olaryň umumylaşdyryjylyk häsiýeti näçe ýokary bolsa, olar arkaly taryhy döwri bitewüliginde göz öňünden getirmek şonça-da has mükingadar bolýar. Şu nukdaýnazardan, gadymy taryhyň habaryny bize ýetirip bilýän iň ygtybarly we mazmunly ýadygärlikler binalardyr. Binalaryň habardarlyk mümkinçiligi çäksizdir, olar anyklykdan umumylyga geçmäge we taryhyň mazmunyny biziň gözleýji nazarymyzyň gerimine laýyklykda açmaga esas berýär. Başgaça aýdylanda, binalar şeýle bir ýazgylardyr, biz öz akylymyzyň görgürlik ukybyna görä, olardan has köp habarlary alyp bilýäris. Çünki, bulara habar, mazmun çäksizligi, gutarnyksyzlygy mahsusdyr.
Gürrüňi has giň jähete geçirip aýdanymda, men häzir taryhyň, adam tarapyndan göz öňüne getirilýän, ýazylýan taryhyň mazmunyny nämeler tutmalydyr diýen meseläni orta atýaryn. Aýratyn alnan adamy tutup, millet bilen deňeşdirmek kyýas etme – deňeşdirme ylmynda kabul edilen ýörelgedir. Şundan ugur alaly, göreli, şeýle deňeşdirme taryhy jähetde bizi nämeleriň üstünden elter?! Ilki bilen, adamy alyp göreli. Adam, şahsyýet hem öz taryhyna eýedir.
Şahsyýetiň taryhy – onuň gysga ýa-da uzyn ömrüdir. Şol ömrüň – taryhyň, aýdaly, soňky böleginde durus we geçen ömre nazar aýlaýarys diýeli. Eýsem-de bolsa, bu taryhyň ähli jikme-jiklikleri, her güni, hepdesi, aýy adam ömrüni düzýärmi näme? Elbetde, sap beden, fiziki geçmiş manysynda olar adam ömrüni düzýärler, emma ömrüň ruhy geçmiş manysynda bular adam ömrüni düzüp bilmez. Sebäp diýeniňde, şeýle bolsa, onda adam özüniň 60-70 ýyllyk taryhynyň her gününi, hepdesini özünde saklamaly bolardy – ýadynda saklamaly bolardy.
Ýat, başgaça aýdylanda, hakyda – hut şu-da adam ömrüniň taryhydyr. Näme üçin müňlerçe günleriň, ýüzlerçe hepdeleriň we onlarça aýlaryň adam hakydasynda diňe belli-bellileri saklanyp galýar? Haýsylary we näme üçin saklanyp galýar, haýsylary bolsa unudylýar? Adamyň şahsyýet hökmünde ýaşaýşyny ruhy taýdan, aň taýdan üpjün edýänleri saklanyp galýar, beýlekileri bolsa onuň beden ýaşaýşyny üpjün eden sap tebigy binýatlar bolup, hakydanyň ýaşaýşyna hiç hili gönümel täsir etmezden, ýok bolup, gaýyplyga öwrülip gidýärler.
Eger adam öz ömrüniň her sagadyny, her gününi unutmaly däl edilip ýaradylan bolsa, onda ol ýaşap bilmezdi, ömür diýilýän hadysa mümkin bolmazdy. Munça ýüküň astynda adam beden taýdanam, ruhy taýdanam ýegşerip, synyp, toza öwrülip galardy. Diýmek, adam bolmak, adam bolup ýaşamak üçin diňe bir ýatda saklamak däl, eýsem unutmak hem zerurdyr: şahsyýetiň ýaşaýşyny üpjün etmekden ötri belli-belli zatlary unutmak, bellilerini bolsa ýatda saklap galmak zerurdyr.
Ýokarky kyýas etmek tärini ulanyp, pikirimi dowam etdirsem, millet hem öz geçmişini sap fiziki manyda doly saklap galyp bilmez. Taryh milletiň şu günki we geljekki ýaşaýşyny üpjün edýän geçmişdir. Diýmek, geçmişiň diňe şol üpjünçilige hyzmat edýän taraplary taryh ylmynyň mazmunyny düzmelidir.
Men bu barada näme üçin aýdýaryn?! Biziň we biziňki däl taryhçylaryň ýazan işlerini okanyňda, kelläňde artykmaçlyk, gerekmejeklik duýgusy döreýär. Jikme-jik seneler, ownuk-uşak maglumatlar, jikme-jik, has ownuk zatlara çenli giňden beýan etmek, tekrarlamak... Munça zat nämä gerekkä diýip oýlanýarsyň. Pikir edip otursaň, bu sowala şeýle taryhy ýazan we ýazýan kişileriň özleri hem jogap berip bilenok. Olar diňe geçmişi gürrüň bermegiň hatyrasyna ony gürrüň berýärler.
Şonuň üçinem milletiň taryhyny ýazmagyň belli bir akabasy (konsepsiýasy) zerurdyr. Akaba – taryhy geçmişi göz öňüne getirmegiň esasydyr, özenidir, istihanydyr. Istihan bolmasa, bedeniň bolmaýşy ýaly, özeni pikiriň ýok ýerinde taryh ýokdur, oňa derek geçmişiň ummasyz, gerekmejek jikme-jiklikleri, gep nokatlamalary bardyr. Geçmişiň taryhy bilen geçmişiň arhiwini, taryhy güzeran bilen taryhy ýaşaýşy biri-birinden düýpgöter tapawutlandyrmak gerek. Men bu ýerde «adam ömrüni ruhy taýdan üpjün etmek üçin fiziki-psihiki taýdan unudylmaly» diýen jümläme gaýdyp geleýin. Adamyň özüniň 70 ýyllyk ömrüniň her günki iýip-içen pursatlaryny unudaýmaly bolşy ýaly, milletiň taryhy güzerany hem taryhyň mazmunynyň aňyrsynda, astynda galmalydyr. Taryhyň mazmunynyň özüni bolsa milletiň ruhy birlik, ruhy şahsyýet hökmünde kemala gelşiniň dowamaty we kanunalaýyklyklary düzmelidir. Ähli jikme-jiklikleriň içinden hem diňe şu hadysany göz öňünde dikeltmäge hyzmat edýänleri saýlanyp, galanlary bolsa perdeden aňyrda galmalydyr. Biz geçen döwürleri diňe häzirki döwrüň manysyna hem-de depginlerine akyl ýetirmekden ötri göz öňüne getirmelidiris, geljegi gurnamaga yşarat hökmünde aňlamalydyrys. Taryhy geçmiş howaýy akyl ýetirmek işine däl-de, ýaşaýşa hyzmat etmelidir.
Şu pikiriň nukdaýnazaryndan, Parfiýanyň medeni-syýasy taryhynyň bir aýratynlygy hökmünde men Nusaý şäheriniň käbir binalarynyň gürrüňini etmekçi. Adatça, geçmiş barasynda taryhy maglumatlaryň azdygyndan zeýrenmek endik bolupdyr. Men bolsam, taryhy jikme-jiklikleriň belli bir manyda artykmaçlygyny, munuň döredýän artykmaçlyk ýüküni tekrarlamakçy. Haýsy – belli bir manyda? Milli taryhy bir bitewi prosess hökmünde göz öňüne getirmekde bulam-bujarlygy döredýän ýa-da ýöne gerekmejek artykmaçlyklar bolup durýan sanlar manysynda. Her işde bolşy ýaly, bu ýerde-de san däl-de, hil bähbitlidir. Umumypelsepewi düşünje bolan hil bu anyk meselede taryhy geçmişi düzmegiň belli bir Ugry, daýanç pikiri manysyny aňladyp biler. Bu daýanç pikirini gurnamaga gatanç bolmaýan ähli zatlar artykmaçlyk hasabynda görülmelidir.
Men bu pikire dogry düşünilmegini isleýärin. Meniň bu pelsepäm asla-da taryhyň doly görülmegine zeper ýetirýän, «göwnüňe ýaramaýan zatlara göz ýummak» talabyny esaslandyrmaga synanyşyk däldir. Ýok, men diňe suwy aýryp, şiräni galdyrmagyň, süýdi aýryp, gaýmagy goýmagyň, hile hyzmat etmeýän sany çäklendirmegiň gürrüňini edýärin. Bu bolsa sözüň hakyky manysyndaky ylmy ýörelgedir.
Nusaýdaky taryhy binalar diýlende, häzirki ylymda şertli atlandyrylýan «inedördül zalyň», «tegelek ybadathananyň», şeýle-de «inedördül jaýyň» gürrüňini edýärler. Men häzir bu ajaýyp hem-de özboluşly binalaryň jikme-jik beýanyna baş sokup durjak däl. Meniň nygtamak isleýän pikirim bu binalaryň aňyrsynda ýatýan ýaşaýyş-ruhy pelsepesine degişli. Nusaýyň taryhyny, medeniýetini öwrenen alymlar olaryň hemmesini ärsaklar hanedanynyň wekilleriniň ylahylaşdyrylandygyny esasy hökmünde teswirleýärler. Bu binalaryň aňyrsynda ärsaklara häkimligiň hudaý tarapyn berlendigi baradaky pelsepe ýatýar. Örän dogry pikir. Munuň bilen ylalaşmak bolar. Ýöne par halkyýetiniň taryhy-syýasy ýaşaýşynyň möhüm hadysasy bolan hem-de degişli binalarda özüniň maddy teswirini tapan bu özboluşly pelsepäni alymlaryň selewklerden ýa-da ahemenlerden alnan zat hökmünde görkezmekleri juda nädogrudyr.
Binalaryň içindäki heýkellerde ýunan ölçegleriniň duş gelýändigine, olarda ahemenlerden geçen käbir zatlaryň bardygyna garamazdan, degişli pelsepe ýerli-türkmen köklerinden gelip çykan medeni-syýasy ýörelgesidir. Men näçe agtarsam-da, taryh ylmynda «parn, par, Parfiýa» atlarynyň gelip çykyşynyň düşündirişine gabat gelmedim. Aslynda bolsa hut şu ýerde-de ýokarky pelsepäniň köki we açary ýatandyr.
Parlar ýa-da parnlar dahlaryň bir tiresi, dahlar bolsa massaget birleşigine giren taýpalaryň biridir. «Par, parn» sözleri «Awestadaky» hwarna sözündendir. Hwarna – ýalpyldaýan, kuýaş diýmek, hwarra, farn – patyşalyk, şalyk mertebesi, beýiklik diýmekdir. Türkmen dilinde «parlak ýyldyz» jemlesi bar. Munuň özi şugla saçýan ýyldyz, nurly ýyldyz diýmekdir. Şundan ugur alsaň, par ýa-da parn (olaryň ýurdy Partawa) nur, şugla, asly nurdan diýmekdir. Parfiýa sözi türk iman – türkmen sözüniň miladynyň III asyrynda aýdylyşydyr.
Sözümi jemläp aýtsam, Nusaýda ýerli esaslara gidýän syýasy pelsepe beýan bolupdyr.
Osman Öde.
Taryhy makalalar