05:24 Üç nama | |
ÜÇ NAMA
Goşgular
■ Ýol aýdymy Ýollaň azabyndan gorkmazym ýaly, Maňa ýa dost gerek, ýa-da ýar gerek. Bolmasa biderek azara galyp, Kötelli ýollarda ýadaýar ýürek. Hyýalymy alyslarda aparan, Nirde sen gün-günden daşlaşýan ýarym?! Kalbymda turýanam bolsa topalaň, Meň ömrüm täzeden başlanýan ýaly. ■ Dert Gaflata gark boldum, ýuwutdy zulmat, Bu pidaýy uky ne kyn zat eken?! Men şol pursat duýdum, bar zatdan gymmat, Daşyň gurşap alan ýakyn-ýat eken. Geregi ýok ýaly göreşmegiň-de, Häzir uklasaň bes, emma, wah, emma... Eziz ynsanlaryň göreçlerinden Ýagtylyp başlaýar garalan dünýä. ■ Oýanmak Ýaňyja turup otyryn, Oýanyp ukudan häzir. Hyýalda entek ýatyryn, Endigimiň çekip näzin. Diňe men şeýlemi, ýa-da Şeýle bolýarmy hemmede?! Şaýat bolýan täsin zada, Million küý bar hum kellede. Ýöne barysy ugursyz, Pytraşyp ýatan boş peşeň. Samsyk awçy deý ulumsy, Oky nyşandan daş gaçan. Men-ä gülüp başaramok, Başarsaň-da gülme maňa. Ýa men dünýä düşünemok, Düşünenok dünýe maňa. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |