UMYT
Gijara obanyň içinden ylgawyny ýazdyrman ýoňsuz aralygy ýyldyrym çaltlygynda geçen oglan gara dere batyp gapylarynda daýandy. Ol gabsalaryny batly açdy. Iç işikde diriň-diriň bökdi.
Dulda oturan ejesi oglunyň bu bolşuna allaniçigisi bolup, ýakasyny towlap, içine tüýkürdi:
— Toba, toba şu oglan bir zat tapynaýmasa-da biri.
— Ejem jan, buşluk, buşluk, Medet gelipdir. Allamyrat agaň agtygy Medet. Buşluk gelneje jan buşluk. Ol diri eken. „Öldi” diýilse-de ol ýalan eken. Agam janam diridir, diridir. Ol hökman geler. Görüň-de duruberiň, onam men buşlaryn.
Aň-tak bolan gelnejem ýüwürjisiniň bolşuny geň görüp oňa aňaldy. Ejesi gatyrgandy.
— Samahyllap durmaň näme? Agaň gelmän dagy näme bolupdyr? Hatam özem, geler enşalla.
— Geler, geler diýdim-ä eje jan. Bu şatlykly habary getiren Atajan gitjek ýerini-de aýtman – etmän öýden çykyp gijäniň tümlügine siňip gitdi.
Onuň ugry hatgatnadyjylara tarapdy. Ol öz eşiden hoş habaryny Ýagmyr aga-da buşlamakçydy.
Gelin-gaýyn hiç zada düşünmän, onuň yzyndan seredip galdylar.
* * *
Nurnabat ir bilen işe gitjek bolup, eşegini gaňňalap durdy. Gapylaryna ýetip gelýän hatgatnadyjyny görenden, ol gaňňasynam düzetmän oňa tarap okduryldy. Onýança, öýden atylyp çykan Atajan hoş habary gelnejesine buşlamak üçin, ondan öňürtdi. Ol hatgatnadyjy Ýagmyr aganyň uzadan hatyny garbap aldy. Ýagmyr aganyň ýüzünden, hata basylan möhürden Atajanyň göwnüne müňkürlik gitdi. Bu gezek onuň hoş habar bilen gelen hat däldigini ony eline alan bada duýdy. Haty hasyr-husyr goltugyna salyp gizledi-de, alkymyna gelen gelnejesine ýalan sözledi;
— Gelneje, bu hat Berdi kakamlara gelen eken, bize Ýagmyr aga ýalňyşyp beripdir – diýip, olara tarap ylgap gitdi. Hatda Ýagmyr aga-da hiç zada düşünmän, Atajanyň yzyndan seredip galdy. Atajan ýalan sözlemändi. Berdi kakalaryna-da hat bardy.
Atajan ylgawyny ýazdyrman, obalarynyň günortasyny kesip geçýän ene ýabyň raýşyna çykdy. Elini sandyradyp üç burç bukjany hasyr-husur açdy. Onuň ýürejigi bükgüldäp, agzyndan çykaýjak boldy.
„Ogluňyz Şageldi söweşde gahrymanlarça wepat boldy”...
Asman depesinden inip, ýer sarsyp gidendir oý eden Atajan, ol sözlere ynanmady. Ýalandyr, ýalandyr... Pyşyrdap. Haty gaýtalap – gaýtalap okady. Soňabaka gözleri ümezläp haty görmedi. Batly – batly urýan ýüreginiň gürsüldisi gulagyna geldi. Jynyssyz gygyrdy:
— Agam jan!...
Bu gussaly hem zaryn ses bütin obanyň depesinde ýaňlanyp gitdi.
„Sen gelmelidiň-ä agam jan, bar umydymyz sende-dä”.
Oglan duran ýerinde ýüziň düşüp togalanyp – togalanyp aglady.
Atajanyň kakasyndan ýaramaz habar gelip, ýedisini sowanlaryna heniz on günem geçmändi. Ejesi pahyryň kakasynyň patasyny hiç alasy gelmändi.
Atajan köşeşer ýerde köşeşmedi. Ir bilen gelnejesine kömekleşmäge meýdana gitmelidi. Onuň garaşjagynam unutdy.
Esli wagtdan soň ol dikelip oturdy. Gözünden togalanyp – togalanyp gaýdýan gözýaşyny ýeňi bilen süpürdi. Birdenem kellesine bir pikir geldi-de, aýak üstüne galjak bolup, ysgynsyzlykdan entiräp, ýykylman zordan saklandy. Üsti – başyny kakyşdyryp, ýapdan el-ýüzüni çalak-çulak ýuwup, niredesiň Ýagmyr agalar diýip, olara tarap eňdi. Uly obany kesip geçip, onuň günbatarynda ýerleşýän jaýyň gapysynda aýak çekdi.
Ýagmyr aga öýlerinde ýok eken. Atajan her näçe howluksa-da hat gatnadyjynyň garasy görünýänçä, şol töwereklerde köwejekläp gezdi. Ahyr Ýagmyr aga alysdan göründi. Gelerine howlugyp Atajan onuň öňünden çykdy. Ýagmyr aga Atajanyň ýüzüne – ýüzüne seretdi. Onuň gözleri gyzaryp, ýüzi çişip durdy. Ol oglanyň özüne bir zat aýtjak bolýanyny aňdy-da aýak çekdi.
— Ýagmyr aga! Oglan ýuwdyndy. Ýene gözýaşa bogulyp gepläp bilmedi. Hatgatnadyjy oňa kömege ýetdi:
— Sen indi uly adam-a, aglama-da näme habaryň bolsa aýdyber, men seni diňleýän.
Atajan töweregine garanjaklady. Gara görmänsoň, ýene Ýagmyr aganyň adyny tutdy.
— Howa, aýdyber oglum, seň näme diýjek bolýanyňy, garaz, aňýan. Ýöne menden näme hyzmat.
Atajan ýalan sözledi:
— Agaň „dereksiz ýitdi” diýlip ýazylypdyr ýaňky hatda. Ol hamsykdy.
Ýagmyr aga oglanyň başyny sypady.
— „Öldi” diýilmedik bolsa bor oglum, onuň üçrüp aglap özüňi horlama.
Atajanyň ýüregi sarsdy. Ol dilinden bir zat sypar gorkusy bilen dodajyklaryny berk ýumdy. Ýagmyr aga oglany köşeşdirmäge çalyşdy.
— Şükür edeli oglum, urşam basym gutarýar diýýärler. Çykmadyk janda umyt bar, ynhalykga agaň çykar duruberer bir ýerden.
Atajan dili aýlanmaýan ýaly ýuwdunyp – ýuwdunyp peltekläp gürledi:
— Ýagmyr aga, bu habary ejem dagydan gizlesem sen aýytmarsyň gerek.
— Aýtma diýseň, aýtmaryn.
— Söz berýärmiň, Ýagmyr aga, çynyňmy? – diýip, Atajan uludan demini alyp çintgedi.
— Söz, söz bor oglum, men sakgalymy sallap saňa ýalan sözlemen-ä.
Atajan şundan soň öýlerine gaýtdy. Ony ejesi käýinip garşylady.
Oglan ejesine golaý barman, gapyda duran ýerinde onuň igenjini diňledi.
— Sen henizem gezip ýörmüň. Gelnejeň saňa garaşyp – garaşyp häli gitdi. Öý arasynda öý ýok. Ynha dälmi Berdi kakaňlar. Hatlaryny eltipsiň taň edipsiň, gaýdyberseň bolmaýarmy. Orazgeldi jan näme ýazypdyr. Saglykmyşmy? Atajan gyssagara jogap berip yzyna çykmaga howlukdy.
Emma ejesi ýüzüne seredenden, bir zat aňar öýdüp gapyda duran taýharyny mündi-de ýok bolaýdy. Ejesi yzyndan gygyryp galdy.
Dynç alyş günleri Atajan, gelnejesine uzynly gün kömekleşýärdi. Onuň özi bilen deň ýap gazsa, ýap gazýardy, çil çekse, çil çekýärdi, ýer depse, ýer depýärdi. Gelnejesini ýadatmajak bolup, ol näme başlasa, gapdalynda Atajanam bardy. Beýleki günler işe günüň ikinji ýarymynda barýardy. Sebäbi gelnejesi kösense-de, Atajany ýekeje günem okuwdan alyp galmaýardy. Eli sypyndygy onuň sapaklaryna-da kömekleşýärdi.
Atajan çaksyz, galdow işeňňir gelnejesiniň, nä wagt ýatyp, nä wagt turýandygyny bilmeýärdi. Kä wagtlar Atajan il ýatyp, it uklanda-da hysyrdanyp ýören gelnejesine dözmän, ejesiniň igenýändigine-de beletdi. Ol: „Sen bu bolup ýörşüňe bir gün ýykylarsyň, jan gelnim, beýtme, özüňe haýpyň gelsin” diýýärdi.
Nurnabat ýüwürjisiniň eglenmeginiň sebäbini soramady. Ýöne gülüp-degip ýa gyzlaryň bir zadyny bukup, käýarym hatda garagollygy üçin gyzlardan ýumruk iýýän ýüwürjisiniň dünýe bilen bolman, suslanyp ýörşüni halamady.
Nurnabat Atajanyň ýüzüne birki gezek çiňerilip – çiňerilip goýdy. Ol:
— Mekdepde, ýa meýdanda biri göwnüňe degdimi, aýt, agaň gelýänçä onuň ornuny tutmasam menden gelneje bolmaz – diýdi.
Oglan ýalan sözläp zordan sypdy.
Adamlaryň arasynda Nurnabat ýüwürjisini gyssap durmady. Ýolda welin oňa sorag üstüne sorag ýagdyrdy.
Atajan bir agyzam gürlemedi. Emma ýüregi aglap duran körpe bala gözünden goýbermän zordan saklandy. Ol bir wagt käýýänlerinde aglapdy. Siz mähriban agam jany mendenem eý görýädiňiz-ä. Sowukda üşär öýdüp, güjijegini öýe salypdy. Şonda agasynyň başjagazyny sypap: „Goý-a şonuň üçinem aglarlarmy? Sen indi goç ýigit ahyryn” diýeni ýadyna düşüp hasam suslandy. Atajan müýnürgäp gelnejesinden nazaryny sowup, içini gepletdi.
„Ýüzüme çiňerilip durma gelnejem jan, bary bir men saňa hiç zat aýtman. Umytly ýaşa, belki agam jan geler. Umytsyz ýaşamak kyn, kyn, jan gelnejem. Seniň bilmäniň, duýmanyň gowy. Horlansam men horlanaýyn, siz örtenmäň siz örtenseňiz çydaman gelnejem jan, çydaman. Ýüküm has agralar.
Nurnabat Atajany ýene gyssady. Ol gelnejesiniň ýakyp – ýandyryp barýan günden, top-tozandan gara ört bolan ýüzüne nebsi agyryp seretdi. Gelnejesiniň häzirki keşbi bir wagtky wakany oglanyň ýadyna saldy.
Şageldi bilen gelnejesiniň toýlarynyň tutulanyna geçen bolsa bir hepde geçendir. Atajan gapydan jyklady. Jaýda diňe gelnejesi bilen agasy çaý içip otyrdylar. Jigisiniň islegini duýan Şageldi böküp ýerinden galdy. Garşylygyna garaman Atajany otaga saldy. Ol jigisiniň näme höwesekdigini bilýärdi. Şageldi utanjyrap oturan gelniniň ýüzüni doly açyp, Atajana görkezdi. Çekinjiräp ýygrylyp durşuna Atajanyň gelnejesiniň owadan, käse ýaly balkyldap duran gözlerine saryýagyzdan üzümiň suwy ýaly bulduraýan ýüzüne gözüni aýyrman seredesi gelipdi.
Häzir oglanyň gelnejesine nebsi agyrdy.
Atajan öýlerinde-de soraglardan, bilesigeliji nazarlardan zordan sypyp dostlarynyň biriniň ýanyna çykyp gitdi.
Barybir ony ynjalygy gaçan gelnejesiniň soragly nazary uzak wagtlap sypdyrmady, horlady.
Emma Nurnabat gussaly gözleriň syryny bilmedi.
Wagt geçip durdy. Her gezek hatgatnadyjy görünse, öýde bolsa gelnejesi atylyp çykýardy. Ýagmyr aga bolsa sesini çykarman geçip gidiberýärdi. Agasy ýatsa düýşünde, tursa huşunda bolan soň, gelnejesiniň boýurganyp Ýagmyr aganyň yzyndan seredip galyşy Atajany otdan alyp suwa salýardy. Özüne hiç ýerde orun tapman zowzuldap ýörşüne alaga-da şum habary gelnejesine aýdyp otruberesi gelýärdi. Onuň gerdeni bu ýüki götererden ejizdi. Sebäbi ony hiç kim bilen paýlaşyp bilenokdy. Dostlarynyň birine aýytsa, onuň dilinden sypdyrmagy mümkindi.
Bir gün ir bilen işe barýarkalar, gelnejesiniň öz-özüniň gürläp barşyny geň görüp, Atajan onuň ýüzüne seretdi.
— Geň gördüňmi, bala. Men saba ýeli bilen gürleşýän. Şuwlap ösüp, gonup – göçüp ýören saba elinden agaňa salam ýollaýan. Rowaýat bar Atajan, sen ony eşidenem dälsiň. Saba ýelinden salam iberseň ol iberilen adama şol salamy, owaz bilen aýdarmyş. Salamymyz agaň jana ýeter bala. Gör-de duruber, „hä” diýmän, ondan hat geler. Atajan ýuwdunyp sesini çykarmady. Ol mahal – mahal agasyndan gelen hatlary okaýardy. Gyzyl oduň içinde bolup onuň tapan jadyly sözlerine haýranlar galýardy. Gelnejesiniň aýdyşy ýaly „Şageldiniň hatlaryndan” gulagyňa degişgen agasynyň şadyýan sesi gelip duran ýalydy.
Gelnejesi agasyny şeýle bir eý görýärdi welin, onuň işden gelerine howlugyp, öýe girmän gapylarynda aýlanyp ýörýärdi.
Atajan agasyna meňzäsi, mert şadyýan, işeňňir bolasy gelýärdi. Mahal–mahal göwünlik berip öz-özüni köşeşdirmäge çalyşýardy.
Onuň göwnüne gelnejesiniň yhlasy agasyny getiräýjek ýalydy. „Herki zady ýagşylyga ýoruň” diýýärdi kakasy. Belki ol ölenem däldir. Obadaşlary uruş gutaryp ýeňiş habaryna garaşyp otyrkalar, agasy birden geläýse...
Aga görnenokdy. Bir gün Atajan gelnejesiniň aýnanyň öňünde başyny darap, şol owadan gözlerinden buýur-buýur ýaş goýberip, özbaşyna gürläp duranyny gördi. „Şageldi jan, hatyňy berip gysganma-da. Hatlaryň bize gurp berýänini duýaňokmy?” Atajan eşidiler eşidilmez gürledi:
Garaşyber, gelnejem jan hatam geler, agamjanyň özem. Ýeňiş bilen geler, meni dili gysga etmez. Häzir oglan bir zada haýran galdy. Gelnejesiniň ne ejesiniň, ne-de öz ýanynda göz ýaş dökenini gördi. Ejesi darygyberse gelnejesi ony köşeşdirýärdi:
— Hudaýdan gelene çäre ýok, Atajanyň ejesi, şükür et, ynhalykga ogluň geler, bizem toý tutarys – diýýärdi.
Gelnejesiniň gün-günden hata garaşyp, elenişine çydamadyk Atajan soňabaka öz eden „ogurlygyndan” howatyr edip başlady. Onuň ýüki barha agraldy. Frontdan gelen şum habara özi günäkär ýaly müýnürgedi. Agasynyň ugrunda bu janserekligi bilen, onuň bir ýerlerde galanyny eşitse, gelnejesi bu aýralyga nädip döz gelerkä? „Wah gelnejem jan doganjygym gelmese agamsyz, ogulsyz, gyzsyz sen neneň ýalňyz ýaşarkaň. Deň-duşlaryň ogul öýerip gyz çykaranda kemsinmezmiň jan gelnejem. Ýa bizi terk edip gidiberermiň? Ýok, ýok sen beýtmersiň, beýtseň agam janyň ruhy ynjar. Sen biziň ugrumyzda janserek sen mährem gelnejem. Sähelçe ýoňlasak, ölüp-öçüp barýan sen dälmi. Dözümsiz gelnejem jan, özüňkiden bihabar, Atageldiden ölüm habary gelende, joraň bilen deň aglaşan sen dälmi? Sen biziň öýümiziň diregi, ýaraşygy, eýesi, soltany ahyryn jan gelnejem, isleseň, men hem ýüwürjiň, hem ogluň ornuny tutardym, aýamda saklardym, gelnejem jan.
Bir gün gelnejesi ýoňlady-da işe gitmäge ýaramady. Öňem adam az, Nurnabadam galaýsa, meýdanda tutuş iş togtaýjak ýaly, darygyp, öňem galjaňlykdan gatan gurbakga dönen brigadire dözmän, Atajan gelnejesine derek işe gidermen boldy. Nurnabat ýüwürjisiniň hyýalyny aňyp, oňa kes-kelläp garşy çykdy.
Atajan birinji gezek gelnejesiniň sözüni ýykdy. Okuwdan galyp meýdana gitdi. Gelnejesi muny juda gaty gördi.
— Sen indi gelnejeň diýenini etmän, ony sylaman başladyňmy? Agaň bir gelsin, bujagaz etmişiň üçin temmijigiňi alarsyň. Gizläp durmaryn, aýdaryn.
Gelnejesiniň garşysynda ýüzüni asyp oturan Atajan özem duýman birden diline gelenini aýdyp goýberdi. Soň welin puşman edip aňyrsyna çykyp bilmedi.
Agam gelmese näme?
Nurnabadyň ýüzi üýtgedi. Ol bir erbet bolup ýüwürjisine aňaldy. Gelnejesiniň şol bakyşy Atajanyň hiç wagt ýadyndan çykmaz. Ol bir erbet iş eden ýaly gelnejesinden bada ýüzüni sowdy.
— Agzyňdan haýyr aç – diýip gelnejesi söwer ýaryndan daşlaşyp barýan ýaly onuň al-petinden aldy. – Neneň agzyň gyşarman diliň aýlandy, neneň ýüregiň etdi. Ejeň bir eşitsin.
Nurnabat esli wagtlap ýüzüni sallap Atajan bilen gepleşmän gezdi. Söýgüli gelnejesiniň bu bolşy Atajanyň ýaraly ýüregine gülle bolup degdi. Bu ýagdaýyň heý soňy gelermikä? Atajan bu agyr ýüki ýene näçe wagtlap göterip ýörmeli bolarka? Ol şum habar getiren haty diňe käbesiniň hem gelnejesiniň umytly ýaşamagy üçin ýaşyryp ýör-dä. Haty ýaşyryp, olara ýagşylyk edýärmi ýa ýamanlyk, soňabaka bu pikirini dörjeläp başlady. Dörjeledigiçe-de ýüki agraldy.
Obadaşlaryndan başlap bütin dünýä ýeňiş toýuny toýlady. Atajanlaryň ol ýeňişde paýy bolmazmy?
Ejesidir gelnejesiniň gözaýdyňa gidýän öýleri köpelip başlady. Atajanam her gün umyt bilen ýola garady. Hatyň getiren habary ýalan bolup haýsydyr bir gudrat agasyny alyp geler oý etdi. Günler, aýlar yzly yzyna şol geçip durdy. Agasy görnenokdy. Atajanam umydyny üzenokdy. Garaşyp ýördi. Garaşyp ýördi.
Ine, bir günem ir bilen Atajan bir esgeriň agsaklap öýlerine ýetip gelýänini görüp begenjinden şeýle bir gygyrdy. Oglanyň sesi duru asmanda älem giňişliginde ýaňlanyp gitdi.
Agam jan...
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar