WATAN GORAGYNDA
Säher ukusynyň neneňsi süýji bolýandygyny bilmeýän barmyka?!
Meger ýok bolsa gerek. Emma, uzak gijesini çirim etmän sepgitde gulluk eden serhet saklawynyň esgeriniň saba ukusynyň gadyryny biläýşi welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin!
Arly gije bir şahamçadan beýleki şahamça selpäp, yz gözegçilik zolagynyň garynja ýörese daban yzy mese-mälim bildirýän, ürpük, ak gumundan ýaňa gözleri agyryp giden esgeriň daňa ýakyn, näçe endikli bolsa-da gabaklaryna gola guýlan ýaly bolar. Endamy ýumşaşar. Beýnisi ýarym ukuly hala geler. Pikirler göýä gaýnap-gaýnap goýalan üzüm toşaby deýin, aňyň seljeriji merkezine “jomp-jomp” edip, dammar durarlar. Ýöräp barşyna uky bürüp, gözleriniň ýumulýandygyny duýman galar. Birdenem tötänden büdrär-de, ziňkildäp açylar. Allaniçigsi bolup tisginer-de, öz-özüne gaharlanyp, ukunyň agyr labyryny bedeninden zyňmak üçin, hereketini ýygjamladar. Ýassyk hakyndaky hyýallary aňyndan sogrup taşlap, ünsüni yz gözegçilik zolagynda jemlär. Daňdanyň barha ýagtylyp barýan alagaraňkysyna, salkyn çygly howa, düýbi çyzylyp ugran al şapaga begener. Gidip barşyna elçyrasyny öçürip, geriner welin, damarlaryna dirilik suwy ýaýran ýaly bolar. Dünýesi giňär. Süzülip duran gabaklary terpenip ýokary galar. Aram-aram säginip, ýaňy oýanan guşlaryň jürküldisiniň arasyndan bigäne sesleri eşitmäge dyrjaşyp, diňşirgener. Soňam ýene-de ýoluny dowam eder.
“Meger “Aby-Köwser” diýip köneler şu saba-säheri göz öňünde tutandyrlar.” diýip Merdan dogumly gadam urup barşyna oýlandy. Dessine-de bu pikirleri aňyndan kowdy. “Ýok-la, goýaýyn-la! Saýry oýlar kelläme päsgel bermesin. Daňdanlar araçäkde iň hüşgär bolmaly pursat. Çünki betpällerem akmak däl. Bilýärler. Serhetçiniň daňa ýakyn ýadaýandygyny, ony uky bürýändigini, ýoluň gyrasynda ýatan daşyňam, tümmejik depäňem, bir üýşmek gury jagramaň hem gözüne ýorgan-düşek, ýassyk bolup görünýändigini… Olar şony hem peýläp ýatýarlar. Öz bet niýetlerini amala aşyrmaga, mukaddes serhede hyýanat etmäge amatly pillä garaşýarlar.”
Merdan ähli ünsüni bir ýere çugdamlady. Ok gabyna assaja kakyp, saklawyň kiçisini özüne garatdy. Geplemän serhet yşaratlarynyň dilinde: “Eserdeň bol, uklama!” diýip duýdurdy.
Ýöräp baryşlaryna olar 38-nji şahamçanyň gür ýylgynlygyna girip gitdiler. Serhet gorag zolagy süsňäp, ummasyz meýdanda ýaýylyp ýatan, okgeçmez ýylgyn jeňňeline girýärdi-de, gündogara garşy uzalyp gidýärdi. Dogup gelýän Kuýaşyň azak-tenek gyzdyryp ugrandygy sebäpli, ýylgyn tokaýynyň üstünde bgaran säher çygyndan ýeňiljek, ýukajyk duman örtügi emele geldi. Bu ysgynsyz ümür daş-töwerekdäki ähli zadyň keşbini alasarmyk, bulaşyk etdi.
“Serhet galasyna aragatnaşyga çykmagyň wagty hem boluberýär” diýip pikir öwren Merdan aragatnaşyk nokady ýerleşýän til agajyna garşy gyýalady. Bäş-on ädim ätdi-de, birdenem sakga durdy. Özi etjek bolup hem etmän, günde türgenleşip, ganyna siňen endigine görä, serhet ýodasynyň gyrasyndaky gür otluga towsup girdi-de, aşak çommaldy. Bada-badam ýeňsesine dönüp, saklawyň kiçisiniňem öz hereketine eýerendigini gördi. Esger endigi olaryň aňyndan çalt hereket edýärdi.
Ymykly gizlenenden soňra Merdan özüni beýle tiz hereket etmäge mejbur eden hadysany synlap başlady. Olardan ýüz ädim dagy daşlykda ýylgynlaryň depesi yrgyldap-yrgyldap gidýärdi. Göwnüňe bolmasa biri ýylgynlygyň içinden seresaplylyk bilen ýöräp gelýän ýalydy. Ýöne haýwanmy ol, ynsanmy, düşnüksizdi. Yrgyldynyň ugry bolsa goňşy döwletden Türkmenistan tarapady ýa-da serhetçileriň dilinde aýtsaň “sepgitden arka” hereket edýärdi.
“Ýabany doňuzdyr-la!” diýip Merdan ulalyp barýan howsalasyny basyp ýatyrmaga çytraşdy. Şu pikiri eden badyna-da yz gözegçilik zolagyna ümürlikde sudury aýyl-saýyl görünmeýän kölege çykdy. “Çagyrylmadyk myhman!” diýen pikir çüý bolup Merdanyň beýnisine sanjyldy. Göwnünden howsala zym-zyýat boldy-da, ol atylmaga taýýar peýkam deýin göneldi. Onuň aňy şeýlebir çalt işläp başlady we;in, onuň göwnüne bolmasa ýyldyrym hem beýle tiz çakmaýan ýaly boldy. “Serhet galasyna habar berýänçäň, olar görer! Eger görseler, yzyna dönüp, goňşy döwlete tarap gaçmagy hem, gür ýylgynlyga urup, gözden ýitmegi hem mümkin…Onsoň ony tapjak bolsaň, tutjak bolsa, serhet galasy aýaga galýança, soňra serhet birikmesi “howsala habary” bilen galdyrylyp, tutuş serhetýakasy ýapylýança, bu bigäne saýak-sandyrak gör nirelerden çykyp, Ata Watanyň çäginde neneňsi hokgalar goparar!.. Ýok, diňe öz güýjümiz bilen, diňe özümiz hereket etmeli. Ýöne dur entek! Howlukma! Gyssanma! “Ajygan ölmez, alňasan öler!” Oňatja synla! Nähiliräk adam? Ýüklümi, ýüksüz? Neneňsi ýaragy bar?”
Merdan çapuwa goýberiljek bedewe dönen takatsyzlygynyň jylawyndan çekdi. Ýaňky kölege bolsa üşerilip durdy-da, sähel salym doňuz diňini saldy. Soňam: “howp ýok” diýip arkaýynlaşan bolara çemeli, emaý bilen, pişik basyşyny edip, öňe ätdi. Daňdanyň ümüş-tamşynda ol ümür zerarly däl-de adam sudurly sagyma çalym edýärdi. Onun daş sypatynda Merdanyň ilki bellän zady, gerşindäki goş haltanyň agramyna az-owlak ýegşerilýändigi hem-de göze görünýän ýaragynyň ýokdugy boldy. Kölege ýüzüni demirgazyga tarap tutup, yz gözegçilik zolagyndan heniz çykmanka ýene-de bir kölege ýaltaklap, ýylgynlykdan çykdy.
“Ikinji!” diýip sowukganlylyk bilen bellän Merdanyň göreçleri awuny gören gurduň gözleri deýin lowurdady. Ol misli “wawwasy” bar ýaly, tizataryny, emaý bilen eline aldy. Howpsuzlyk gulagyny gaýtardy. Ýöne ok sürmedi. Şakyrdysy ümsümlikde kölegeleriň gulagyna ilmeginden heder etdi.
Edil birinji ýaly arkasy goşhaltaly ikinji kölege hem azsalym säginip, diňşirgendi-de ýoldaşynyň yzyndan ýoneldi. Onda-da ýarag ýokdy. Onýança üçünji kölege hem peýda boldy. “Üçünji! Ýaragly! Elde ýasalan aw jysmygy. Howply! Ýüki ýok, diýmek janpenalary bolmaly” Merdan göýä serkerdesine habar berýän dek, öz-özüne hetjikledi. Üçünji kölegeden soň yz gözegçilik zolagyna hiç kim çykmady. Merdan olaryň üçüsini hem gözden salman, assajadan öňe emedekläp ugrady. Ol kölegeleriň golaýlygy sebäpli, çöp başyny gymyldatmazlyga çalyşýardy. Ol eýýäm mundan beýläk neneňsi hereket etmelidiklerini kesgitläpdi. Ýakynlaryna baryp, ýokaryk ok atar. Aljyraňňylykdan peýdalanyp, topular. Gundag bilen urup, ýaraglyny seňseledip bilse, beýleki ikisine güýji ýeter. Ol saklawyň kiçisine pessaý ses bilen: “Ýeňselerinden bar. Ok ataryn welin, okdurylarsyň, ýöne özlerinden ataýma!” diýip, buýruk berdi. Bukdaklap ugrady. Birdenem togtady-da, ýoldaşyna soragly baş atdy. Bu onuň: “Başararsyňmy?” Esger kellesini öýkeli silkeledi.
Olar bölünişdiler. Merdan gapdallap, “kölegeleriň” sol tarapyna gyýalap ugrady. Biraz wagtdan ol “kölegelere” ýakynlady. Indi ol juda tiz hereket etmelidi. Merdan içinden: “Bir, iki, üç!” diýip, sanady-da, birdenem laňňa galdy:
-Dur!!! Ýüzin ýatyň, haramzadalar!-diýip, bogazyna sygdygyndan arlady. Tizataryna ok sürüp, olara garşy topulyp barşyna, “kölegeleriň” üstaşyry ýeke oky “güzledip” goýberdi. Şol pille-de oglagsyz ýagdaý bolup geçdi. “Kölegeleriň” ortadan barýany tapyr-tupur ýere ýazylyp, agzy bilen gum garbady. Emma öňden we yzdan barýan iki bigäneler aljyramadylar. Öňdäki gaçyp ugrady. Yzdan gelýän ýaragly “kölege” bolsa tüpeňiniň nilini Merdan tarap öwrüp, “güwledip” goýberdi. Merdanyň ýüzüne ýalyn çabran ýaly, gözüniň öňi ýalpyldap gitdi, şol bada-da ysyrgalygy köz basylan ýaly awuşap başlady. Emma Merdan gulagynyň gyzgyn yzasyna üns bermän, özüni atan “kölegäniň” alkymyna dykylyp baryp, gundagyny salgady. Ýöne garma-gürmelikde onuň tizatarynyň gundagy gyltyz degip, “kölege” myzaýyk etmedi. Onuň jysmygynyň degäýen bolsa kellesini ýere gaçan garpyzyň paçagyna dönderjek gundagynyň öňünden bolsa Merdan zordan sowlup ýetişdi. “Op-ba! Degen bolsa kelleçanagy kül-uşak edýärdi!” diýip Merdan bu jygba-jyg ýagdaýa gabat gelmeýän alasarmyk pikiri etdi. Şol mahal “kölegäniň” ýeňsesinde gögeren serhet saklawynyň kiçisi tizataryny onuň süýr depesinden goýberdi. “Kölege” çalam-çaş bolup ýatyberdi.
-Ikisinem güýl-de, ýaraglaryny al! Serhet galasyna habar ber!-diýip, Merdan ol gaçan birinji “kölegäniň” yzyndan ylgap barşyna gygyrdy. “Kölege” bolsa yzyndan tazy kowalaýan tilki kimin, sap atyp gaçýardy. Ýöne egnindäki ýük onuň tizligini peseldýärdi. Şonuň üçin hem Merdan bahym arany ýygryp başlady. Sähel salymdan onuň ökjesini sydyrdyp barýan Merdan onuň sojap dem alýandygyny hem eşidip ugrady. “Daljygýar” diýen pikir Merdanyň hasam gujuryny artdyrdy. Şol wagt “kölege” garaşylmadyk hokga gopardy. Ylgap barşyna arkasyndaky goşhaltasyny ýere zyňdy-da, tizligini artdyrdy. Arany açyp bşlady. Merdanyň lapy keç boldy. Sebäbi “kölegeden” asgynlap ugrady.
“Gör muny! Tapýan oýnuny nämesini näme etdigimiň!” diýip içinden paýyş sögündi. Onýança “kölege” has hem mojugyny tapdy. Ol gyýalap, serhetden goňşy döwlete tarap gaçyp başlady. Merdan kowalap onuň yzyndan ýetip bilmejekdigine akyl ýetirdi. Ol: “Dur bakaly senjagaz! Men saňa nähili oýun etmelidigini görkezeýin!” diýip, saklandy-da, tizataryny ykjamlandy. Bir-iki sapar yzly-yzyna demini alyp, dem alşyny sazlady. Mäkäm durup, tizataryň mawut kemerini eline dolady. Gundagyny engine diredi. Çep gözüni ýumup, “kölegäni” didiwana mündürdi.
--Şemal ýok. Ýöne tizatar “depende” gülläniň ýoly az-kem üýtgemegi mümkin. Şonuň üçinem…-diýip pyşyrdady-da Merdan “kölegäniň” duzçanagynyň aşagyny nyşana aldy. “Nil silkinse-de gülle az-maz ýokarrak gidip, dyzçanagy pytradar”
“Kölegäniň” sapalak atyp gaçyşy nyşana almagy kynlaşdyrýardy.
--Dur! Dur… howlukma… hiç howlukma…
Barmagy bilen mäşäni sypalaýan Merdan öz-özüni hüwdüleýän ýaly myrlady-da, birdenem…Ine! “Tark” boldy. “Kölege” badak atylan ýaly tüwdürilip gitdi. Merdan atylyp onuň ýanyna bardy.”Kölege” agyrydan ýaňa iňläp ýatsa-da, bilindäki gamany gynyndan sogurmaga çytraşýardy.
--“Doňzuň hork-horky ýatmaz” Häý mahluk diýsäni!
Merdan onuň goşaryna depip goýberdi.
--Gymyldaman ýat, edil şeýtanyňky ýaly müň janyň bolsa birisem menden aman sypmaz!—diýip öz bitiren işine monça bolan Merdan “kölegä” haýbat atdy. “Kölege” nätanyş dilde, düşnüksiz hümürdedi-de, ýüzüni ýere berdi. Onuň takdyra ten berendigine düşünen Merdan ilki bilen-ä onuň bilinden gamaly kemerini sypyryp, ok degen aýagynyň budundan pugta çykady. Gan akmasynyň göz-görtele gowşandygyny görübem, onuň ýarasyny özüniň goltuk kisesinden çykaran hasasy bilen mäkam sarady. Soňra ätiýaçlykdan ötri, budundan kemeri aýyrdy-da şonuň bilen “kölegäniň” ellerini daňdy.
--Gymyldamaga het edäýme!-diýip ýene-de azm urdy:--Adam ýaly “dur” diýlende, gulak asan bolsaň bu güne duçar bolmazdyň.
Merdan: “Nurýagdyýew näme işledikä?” diýip öz ýoldaşy barada ünjüli oýlandy. ““Kölege” ýöräb-ä bilmez. Taşlap gitseňem, süýrenip, gelen yzyna gümüni çeker, araçäkden geçenden soň hem onuň sypdygy! Onda näme etmeli?”
--Äý näme-aý! Näme etmekden Hudaý saklasyn! Hany, tur how, nermeden doýan öküz ýaly bäbenegime seredip, gölerip ýatma-da! Näme agyrýarmy? Men saňa arkaňy zäher-zakgundan dolduryp biziň Watanymyza gel diýip çagyrmadym. Özüň haram nebsiň üçin geldiň.
Merdan “kölegäni” ýerinden galdyrdy-da, ony arkasyna hopba etdi. Emma ol heniz öz ýoldaşynyň ýanyna ýetmänkä onuň öňünden serhet galasynyň “dessin topary” çykdy. Esger ýoldaşlary gelip ýerli-ýerden oňa kömek edip ugradylar. Iki sany esger haýdan-haý kölegäni” onuň arkasyndan aldylar-da, göterip, ulaglaryna tarap alyp gitdiler. Şondan soňra Merdan az-kem gowşadymy nämemi, ol gulagynyň ysyrgalygynyň erbet sanjyp agyrýandygyny duýup başlady. Elini gulagyna ýetirende bolsa barmaklary gyrmyzy gana boýaldy. “gyltyzragam bolsa degripdir-ow, nejis!” diýip Merdan özüni atan “kölege” babatda içiýangynly oýlandy. Ýöne ýoldaşlarynyň “berekellasy” onuň agyrysyny ýadyndan çykartdy. Haçan-da serkerdeleri gelip elini gysyp, Ata Watanyň adyndan “sag bolsun” aýdanda bolsa, Merdan dünýäni unutdy. Ata Watanyň öňünde belent borjuňy berjaý edip, Ata Watanyň minnetdarlygyna eýe bolmakdan belent bagt ýokdur!!!
“Adalat” gazetiniň 2007-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky sany
Hekaýalar