01:27 Wezipeli işgärde bolmaly alty sypat | |
OLAR AMANADA HYÝANAT ETMEÝÄN WE ÄHDINE WEPALY KIŞILERDI...
Pedagogika we edep-terbiýe
• ýa-da WEZIPELI IŞGÄRDE BOLMALY ALTY SYPAT Dinimiz wezipeli işgärlerde bolmaly ahlak, adamkärçilik sypatlaryny şeýle kesgitleýär: 1). BEREN SÖZÜÑDE DURMAK (ÄHDE WEPALYLYK): Haýsy kärde bolsa bolsun, tapawudy ýok, ýolbaşçy wezipede ýa-da pes wezipede işleýän işgär sözünde durmaly, hatda munuñ üçin näme gerek bolsa etmeli we hiç hili ýaýdanmaçlyga ýol bermeli däl. "Eý ynananlar, ähtleriñizi ýerine getiriñ". ("Maide" 1); "Äht eden wagtlary ähtlerine wepa eden..." ("Bakara" 177); "Beren sözüñizi ýerine getiriñ, çünki beren her sözüñizden, hasap günündd hökmany suratda soraga çekiljeksiñiz". ("Isra" 34). Ähde wepa görkezmekde adamyñ Allatagala beren ýa-da adamyñ başga bir adama beren sözüniñ arasynda hiç hili tapawut ýokdur. 2). AMANATA HYÝANAT ETMEZLIK: Jemgyýetiñ howpsuzlygyny üpjün etmek ~ Alla tarapyn berlen amanatdyr we döwlet gullugynda durýanlaryñ wezipe borjudyr. Bu amanata biparh garamak we iññäniñ ujy ýaly hyýanat etmek haramdyr. "Şübhesiz Alla, amanatlary jemagatyna bermegiñizi we adamlaryñ arasynda höküm eden wagtyñyzda adalatly höküm etmegiñizi emredýär". ("Nisa" 58); Bu amanatlar maddy bolsun, ruhy bolsun, ýa-da şahsyñ kişilik haky bolsun tapawudy ýok, hökmany ýagdaýda hak eýesine gowşurylmalydyr. "Eý ynananlar, Allaha we Pygamberine hyýanat etmäñ we göre-bile amanatlaryñyza-da hyýanat etmäñ". ("Enfal" 27); "...We olar şeýle kişilerdir, amanatlaryna we ähtlerine ryýaýat* ederler". ("Möminin" 8). 3). PARADAN WE HARAMDAN GAÇA DURMAK: Wezipeli işgärler eger bilkastlaýyn ýagdaýda gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeseler, olaryñ alýan aýlyk haky haram bolar. Şeýle hem başgalaryñ hakyny iýmek, hakykaty örtmek we birine kömek etmek maksady bilen kanuny hem-de bikanun amala aşyran işleri üçin alan para-peşgeşi haramdyr. "Bir-biriñiziñ mallaryny haksyz ýere iýip gutarmañ we beýleki adamlaryñ mallaryndan bilgeşleýin haksyzlyk bilen tüketmek üçin hukuk çygryndaky hilelere baş goşmañ". ("Bakara" 188). *Bellik: Parahor adamlaryñ kalbynyñ çuññurlyklarynda gurruk guýy bardyr. Para beren adam şol guýa haram mal bilen doldurylan bir gowany sallaýar. Gowa ýokary çekilende guýynyñ binagärlerine ýürekbulanjy ysly hapa suw hödürlejek bu guýy kyýamatda orta çykarylyp peçan ediljekdir. "Ol gün ähli gizlin zatlar orta döküler". ("Taryk" 9). 4). ADALATLY BOLMAK: Adalat Allatagalanyñ adamzat üçin, galyberse-de ähli musulmanlar üçin wajyp eden iñ belent derejesidir. Emma, aýratynam wezipeli işgärler, hem Hakykatyñ hatyrasyna, hemem işe ilkinji başlan güni halkyñ öñünde eden ähtleriniñ hormatyna, adalat babatynda ýönekeý raýatlardan has ünsli çemeleşmelidirler. "Gurhan" bu barada şeýle diýýär: "Eý iman edenler! Adalaty seresaplylyk bilen aýakda saklañ; özüñiziñ, ene-atañyzyñ we ýakynlaryñyzyñ zyýanyna-da bolsa Allanyñ razylygy üçin şaýatlyk edenlerden boluñ. Şaýatlyk eden adamlaryñyz, baý-da bolsa, pukara-da bolsa adalatdan aýrylmañ. Allanyñ haky, olaryñ her biriniñ hakynyñ öñüne geçer. Duýgularyñyza aldanyp, adalatdan azaşmañ. Eger şaýatlygy buksañyz ýa-da gaçsañyz, bilip goýuñ, Alla hemme edip duranlaryñyzdan habary bardyr". ("Nisa" 135). 5). GEREKSIZ HÖWESLENDIRMELERDEN UZAK DURMAK; Elbetde wezipe borjuny ak ýüregi bilen ýerine ýetirýän işgärleri höweslendirmek üçin sylag-serpaý etmek gowy zatdyr. Emma gereksiz we nämynasyp bir şekilde, wezipe borjuny ýerine ýetirmekde üstünlik gazanmak beýlede dursun, tersine işe gelmän aýlygy ýöräp oturan işgäri sylaglamak ahyret azabyna sebäp boljak zatlaryñ biridir. 6). WEZIPEPARAZLYKDAN GAÇA DURMAK: Akyl-paýhasly we dana adamlar şertleri we serişdeleri hiç wagt öz bähbitlerine ulanmazlar. Hemişe Allany görüp duran ýaly ýaşarlar. Olaryñ bar maksady Hudaýyñ razylygyny gazanmakdyr. Musulman üçin dünýä maly we wezipe wagtlaýyn bir serişdeden ybaratdyr. Dünýä malyna göwnüni aldyryp wezipeparazlygyñ girdabyna düşen adamyñ kalbynda imana ýer ýokdur. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Zerr (r.a) diýen beýik sahabasyna şeýle sargyt edipdir: "Eý Ebu Zerr! Mal we wezipe söýgüsiniñ adamyñ imanyny alyp götermegi, iki möjegiñ gijäniñ tümlüginde duýdansyz goýunlaryñ arasyna çozup, olary parçalamagyndanam has erbetdir. Çünki wezipe we mal söýgüsi ornaşan kalpda imanyñ ady-sory bolmaz". Görnüşi ýaly, wezipeli işgärleriñ dünýä maly we wezipe yşkynda gezmegi olaryñ imanlarynyñ ejizlemegine getirýär. Beýik Allatagaladan halkymyza hyzmat etmek ýaly mukaddes borç, jogapkärli wezipe ýüklenen we dürli kärdäki ähli wezipeli işgärlerimize ýokarda agzalyp geçilen ahlak kadalaryna uýmaklaryny we işlerinde abraý bilen işlemeklerini arzuw edýäris! Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |