7. Ýaňykent türkmeniň mirasydyr
a) Ýaňykendiň ilatynyň gan, antropologik we medeni degilşligi
Ýokarda aýdyşym ýaly, Günorta Türkmenistan, hususanam, Ýaňykent, Namazga ýaly şäherler Oguz han Türkmeniň dörän ýurdudyr. Bu ýerleriň bäş müň ýyl mundan ozalky taryhy Oguz han Türkmeniň gadymky Oguznamalarda beýan edilen taryhy bilen doly gabat gelýär. Şonuň üçin hem Oguznamalarda beýan edilen taryhy rowaýatlaryň Günorta Türkmenistanyň ezeli taryhynda öz hakykat esasyny tapýandygyny aýtmalydyryn. Munuň özi Ýaňykent şäher – döwletiniň hem-de onuň dürli welaýatlarynyň we etraplarynyň ilatynyň gan, antropologik hem-de medeni degişliligi babatda-da dogrudyr.
Gadymy taryhymyzy öwrenmekde degişli ylymlaryň şu wagta çenli ýüze çykaran taryhy maglumatlary Oguz han ýurdunyň hut şu ýerlerden gözlenilmelidigini tassyklaýar. Eger şu wagta çenli degişli taryhy hakykatlar, maglumatlar bilen taryhy rowaýatlar özara baglanyşdyrylmadyk bolsa, onda munuň özüne ýeterlik aňyýet sebäpleri we päsgelçilikleri bolupdy. Oguznamalaryň orta asyrlarda düýpli ýoýulmagy we Oguzyň şejeresiniň özge halklar bilen baglanyşdyrylmagy şejere meselesinde adamlaryň ünsüniň häzirki Türkmenistandan sowlup, bütinleý başga ýerlere gitmegine sebäp boldy. Orta asyrlarda ýüze çykan ol ýoýulmalara hiç kim tankydy nukdaýnazardan garamady. Degişli meselede natkydy nukdaýnazaryň döremänliginiň nähili sebäpleri boldy? Aslynda, akyl ýetiriş işinde tankydy, ýagny saýlap-seçiji nukdaýnazar nähili ýagdaýlarda döräp bilýär?
Akyl ýetirişde tankydy nukdaýnazaryň döremeginiň bir, onuň döremegini aradan aýrylmagynyň bolsa iki sebäbi bolýar. Şeýle nukdaýnazar gözleýji, akyl ýetiriji aňyň ygtyýaryndaky zatlaryň we maglumatlaryň arasyndaky gapma-garşylyk mesaňa aňlanylanda ýüze çykýar. Türkmeniň gelip çykyşy we taryhy barada orta asyrlarda hem, sowet döwründe hem kemala getirilen we goldanylan garaýşyň ulgamynda düýpli gapma-garşylyk bardy. Şol düýpli gapma-garşylyk taryhy derňewiň ugur alyş nokady hökmünde saýlanyp alnanlygynda we degişli gapma-garşylygy aradan aýyrmak ylmy derňewiň esasy wezipesi we maksady edilip goýlanlygynda, türkmen taryhynyň bütinleý täze dogruçyl, galp maksatsyz nukdaýnazary döredilmelidi. Emma bu döremedi. Munuň hem, ýaňy aýdyşym ýaly, iki sebäbi bardy.
Birinjiden, ylmy – akyl ýetiriş sebäbi bardy. Taryhçylar degişli gapma-garşylygy esasy ylmy mesele hökmünde aňlamadylar ýa-da aňlamak islemediler. Ikinjiden, degişli döwürleriň dünýägaraýyş jähetinde şol gapma-garşylygy mesele hökmünde aňlamazlyga ýa-da ondan sowulyp geçmäge hemaýat berýärdi. Orta asyrlaryň taryhy dünýägaraýşyndaky mongol hökmürowanlygy we sowet döwrüniň taryhy dünýägaraýşyndaky ideologizm türkmeniň öz taryhyna nädogry göz öňüne getirmegine sebäp boldy.
Indi biziň elimizde Ruhnama bar. Ruhnama türkmeniň milli taryhyny bütinleý täze esaslarda göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän dünýägaraýyş ulgamydyr. Ol milletiň döreýşi, öüşi hem ýaşaýşy baradaky meselede täze taglymy ölçegleri özünde saklaýar. Ruhnamanyň milli taglymatynyň esasy jähetleriniň biri şu pelsepeden ybaratdyr: millet toprak bilen baglanyşyklydyr. Toprak, tebigy töwerek milletiň kemala gelýän rehemidir. Şol sebäpden hem islendik milletiň beden, maddy we ruhy barlygy diňe degişli toprakda mümkin hadysadyr.
Şundan şeýle netije gelip çykýar: millet öz dörän tebigat goýnundan daşarda ýaşap bilmez! Millet bir ýerden başga ýere göçüp bilmez! Adamlar, müňlerçe, hatda ýüz müňlerçe, millionlarça adamlar göçüp biler, millet weli öz topragyna örklenendir. Adam toplumynyň görnüşi bolan millet belli bir topraga gönüden-göni baglydyr. Çünki, bu topragyň tebigy aýratynlyklaryndan milletiň millet edýän aýratynlyklary gelip çykýar. Birinji aýratynlyklaryň jemi bolan toprak, watan ýokmy, onda ikinji aýratynlyklaryň jemi bolan millet hem ýokdur. Millet bir ýerden başga bir ýurda göçýärmi, diýmek, ol indi öňki millet däl-de, eýýäm başga bir milletdir.
Adamyň kölegesiniň hiç mahal ondan galmaýşy ýaly, millet hem hiç haçan öz oýkumeninden aýrylyp gidýän däldir. Şu manyda hem millet öz dörän goýnundan başga bir ýere göçüp hem bilmez, şu topraga başga bir millet göçüp gelip hem bilmez.
Özümiziň özge ýere gidenimiz özgä öwrüler.
Şu ýere gelen özgeler özümize öwrüler.
Bu düýpli ýaşaýyş hakykatydyr. Bu daşky tebigata uýgunlaşmak diýen beýik kanundan gelip çykýar. Şu manyda hem türkmen milleti diňe şu toprakda döräpdi, türkmen milleti özge bir ýerden gelmändi, türkmen hiç mahal özge bir ýere-de gitmändi.
Türkmen diýilýän hadysa şu toprakda mümkindir.
Türkmeniň antropologik keşbi, türkmeniň maddy we ruhy barlygy diňe şu topragyň goýnunda mümkin hadysadyr. Hut şu manyda-da mundan on müň ýyl ozalam, bäş müň ýyl ozalam şu toprakda ýaşan millet – türkmendir, ýene on müň ýyldanam, ýene bäş müň ýyldanam munda ýaşajak – türkmendir. Topragyň öz gudraty bar, ol öz goýnuna geleni edil kimiýa daşy deýin türkmene öwürýär.
Gep, hatda bu milletiň adynda ýa-da dilinde, bir gaýry daşky alamatynda hem däldir. Bu millet dürlüçe atlandyrylyp bilner, dürli daşky alamatlara we görnüşlere eýe bolup biler, emma mazmun şol öňküligine galýandyr. Diňe şu topragyň özüniň bütinleý, tanalmaz derejede başga bir zada öwrülmegi onuň goýnunda-da, ýagny täze goýunda täze mazmunyň döremegine getirip biler.
Şu umumydünýägaraýyş esasynda hem biz orta asyr taryhçylarynyň, esasan hem, mongol basybalyşlaryndan soňky ýazylan taryhlaryň awtorlarynyň türkmeniň gelip çykyşy baradaky gollanan nukdaýnazarlaryny inkär etmelidiris. Türkmeniň mongol gelip çykyşy baradaky orta asyrlarda ýoň bolan nukdaýnazar taryh ylmynyň ýüze çykaran maglumatlary bilen bir ýere sygyşmaýar we diňe şol döwrüň aňyýetinden başga diregi bolmadyk pikir bolup galýar. Munuň özi ylmy hem maglumat taýdan – medeni degişliligi, dil umumylygy taýdanam, antropologiýa taýdanam hiç hili heňe gelmeýär. Tersine, eger şu görkezijiler boýunça türkmeniň asyl esasyny, hamyrmaýasyny gözleseň, onda bu gözleg hökmany suratda seni türkmeniň şu günki ýaşaýan topragyna, şu toprakda ýaşap geçen gadymy medeniýetlere hem-de olary döreden adamlara alyp gelýär. Şeýdip ylmy gözleg orta asyr taryhy pikiriň içinde dörän gapma-garşylykdan türkmeniň biziň Watanymyzyň gadymy taryhy bilen arabaglanyşygyna tarap alyp gelýär. Munuň özi ylmy pikiriň tebigy hereketidir: gapma-garşylygy ýüze çykaranyndan soň, meselä başga tarapdan çemeleşip, degişli arabaglanyşyklary ýola goýmak gerekdir. Ylymda pikiriň bu birinji işi ylmy meseläni goýmak, ikinjisi bolsa aňladylan meseläni ylmy taýdan çözmek diýlip atlandyrylýar.
Eger taryhy maglumatlar türkmeniň aslynyň şu toprakda ýatandygyny tassyklaýan bolsa, eger türkmen milletiniň aslyny özge ýerlerden gözlemek işi dürli gapma-garşylyklar we petikler bilen çylşyrymlaşýan bolsa, näme üçin taryhymyzy biz şu toprakdan agtarmaly däl?
Şeýlelikde, bäş müň ýyl mundan ozalky gadymy oguz türkmen medeniýeti özüniň medeni, antropologiýa we hatda dil taýdan häzirki türkmeniň mirasyna degişlidigi gürrüňsizdir. Ylymda başga hili pikir bolupmydy?
Hawa, XX asyryň – sowet döwrüniň ylmynda başga hili pikir hem bolupdy. Ýöne bu pikir türkmeniň kimdigini tanamaýan, tanamak hem islemeýän sowet alymlary tarapyndan öňe sürlüpdi.
Men ol ylmyň esasy usulyýet aýbyny «Taryh ylmy we türkmen taryhy» diýen bölümimde agzap geçipdim: munuň özi arheologiýa bilen etnografiýanyň özara baglanyşyksyzlygydyr. Şonuň üçin hem gadymy oguz türkmen bilen häzirki türkmeniň medeni arabaglanyşygy hatda umumy mesele hökmünde hem goýulmandy. «Beýik sowet imperiýasynyň bir uzak çetinde salgym atyp oturan bujagaz halky bäş müň ýyllyk medeniýet bilen baglanyşdyrmak? Baý-bou!» Ine, ol alymlaryň aňastynda oturan pikir şeýledi. Aňastynda şeýle duýgy-pikir bolan adamyň aňüstüni nähili gözlegleriň eýelejekdigi düşnükli bolsa gerek.
Emma meniň ýokarda beýan eden maglumatlarym we olaryň many suraty bolan pikirlerim gadymy oguz türkmen bilen häzirki türkmen barlygynyň önüden-göni medeni-ýaşaýyş baglanyşygyny doly tassyklaýar. Şol bir wagtda-da türkmeniň halk hökmündäki medeni-ýaşaýyş aýratynlyklaryny öň tekrarlanan mongol – uzak gündogar esaslary bilen hiç bir jähetden baglanyşdyryp bolmaýar.
Diňe bir medeni-ruhy däl, eýsem antropologiýa tarapdan hem biz şuny tassyklamaly bolýarys. Häzirki wagtda antropologiýa ylmy – hatda sowet döwründe hem aňyýetden has daşrakda ýaşamak hem gözlemek mümkinçiligi bolan antropologiýa ylmy – ep-esli maglumatlary toplan, olardan ulgamlaýyn netijeler döreden ylma öwrülmäge ýetişdi. Şol ylmyň tekrarlamagyna görä, Orta Aziýada biri-birinden tapawutlanýan üç sany esasy antropologik görnüş ýa-da jyns bar.
1. Ortaýer jynsy.
2. Ortaaziýa derýaaralygy jynsy.
3. Günorta sibir jynsy.
Ortaýer jynsy – başgaça günortaýewropa jynsy diýlip atlandyrylýar. Munuň özi Orta Aziýada iň gadymy jynsdyr. Hut şu jynsyň wekilleri miladydan öňki VIII–V müňýyllyklaryň beýik medeniýetini – bezegli keramika medeniýetini döredendirler. Antropologik-arheologik barlaglara görä, bu jynsyň alamatlary Eýranyň, Mesopotamiýanyň hem-de Hindistanyň gadymy ýadygärlikleriniň çäklerinde duş gelýär. Häzirki wagtda Orta Aziýada ýaşaýan esasy halklardan özbekler we täjikler – ortaaziýa derýaaralygy jynsyna; gyrgyzlar bilen gazaklar – günortasibir jynsyna degişli hasap edilýär.
Türkmen milleti bolsa Orta Aziýada ortaýer jynsynyň ýeke-täk wekili hasaplanylýar.
Ortaýer jynsyna ýa-da antropologik görnüşine uzyn ýa-da togalak kellelik, uly gözlülik, at ýa-da inçe ýüzlülik, ortadan uzyn boýlulyk mahsusdyr.
Türkmenleriň antropologik görnüşine ylymda hazarýaka jynsy hem diýilýär. Türkmeniň häzirki antropologik görnüşi biziň milletimiziň öz süňňi boýunça şu topragyň goýnunda dörän milletdigini görkezýär. Eger biz bu jynsyň taryhyny arheologik-kraniologik barlaglar esasynda yzarlasak, onuň soňky ýedi müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň esasy ilatynyň jynsy bolandygyna göz ýetireris.
Ýeri gelenine görä aýtsak, türkmen topragyndan türkmen jynsly adamlar dünýäniň çar künjüne ýaýrapdyr, bu gün olar başga milletlere öwrülip ýazylyp-ýaýrap gidipdirler. Täze milletleriň, halkyýetleriň döremegine esas bolupdyrlar.
Aşgabadyň golaýyndaky Çopandepeden mundan ýedi müň ýyl ozal ýaşap geçen oglanjygyň kellesüňki tapyldy. Bu kelleçanagyň eýesi inçe, at ýüzli ortaýer jynsynyň wekili hasaplanýar. Şeýle-de Gowşutdan, Owadandepeden, Monjuklydepeden, Çagylly depeden, Garadepeden, Çakmaklydepeden tapylan kelleçanaklaryň hemmesi özüne süýrükellelik hem-de at ýa-da inçe ýüzlülik mahsus bolan jynsa degişlidir.
Başgaça aýdylanda, şu günümizden 7-8 müň ýyl ozal hem Türkmenistanda häzirki türkmenler bilen bir jynsa degişli adamlar ýaşapdyrlar.
Aýdylyşy ýaly, her bir zatda özboluşly kadadan çykma bar. Monjuklydepeden tapylan kelleçanaklaryň bir özüniň alamatlary boýunça awstraloid ýa-da negroid görnüşine degişli hasaplanypdyr. Şeýle görnüşe Hindistanyň juda gadymy ilaty bolan protoawsroloid jynsyna meňzeýär diýip alymlar tassykladylar. Emma bu kellaçanagyň ýeke-täkligi soňky alymlarda onuň alamatlarynyň jynsy degişlilik häsiýeti bilen däl-de, hususy-şahsy häsiýeti bilen baglanyşykly bolmaly diýen pikiri döretdi. Dogrudanam, munuň özi jynsy däl-de, şahsy üýtgeşiklikdir. Şol sebäpden hem bu maglumat gadymy eýýamlarda Türkmenistanyň çäklerinde awstroloid jynsynyň wekilleri ýaşapdyr diýen tassyklama asla-da esas bolup bilmez.
Soňky bürünç eýýamynda hem Türkmenistanyň, esasanam, Günorta Türkmenistanyň çäginde ortaýerdeňzi jynsy agalyk edýär. IV–III müňýyllyklara degişli Garadepeden tapylan kelleçanaklaryň eýeleri süýrükelleligi bilen tapawutlanýarlar. Ýöne Garadepäniň soňky gatlaklarynda jaýlanan adamlaryň ýüzi has giňdir. Munuň özüne ýetesi sebäpleri we esaslary bar. Ol sebäpler we esaslar tebigy şertleriň täsiriniň netijesidir, şeýle hem ilatyň başga ýerden göçüp gelenler bilen gatyşmagynyň netijesidir.
III müňýyllyga degişli Göksüýriniň we Hapuzdepäniň ilaty inçe ýüzli hem-de atýüzli süýrükelleli bolupdyr. Olaryň içinde inçemik burunlylaram, uly burunlylaram bolupdyr.
Ylaýta-da, göksüýrüler ortaýerdeňzi jynsynyň adaty nusgasyndaky adamlardyr. Gadymy oguz türkmenleriniň merkezi bolan Ýaňykent şäheriniň esasan göksüýrüleriň hasabyna ulalandygyny, ilatynyň köpelendigini biz bilýäris. Ýaňykendiň hem-de Göksüýriniň Günorta Mesopotamiýa hem-de Elam bilen garyndaşlyk we medeni aragatnaşyklarda bolandygyny tassyklamaga doly esas bar.
Miladydan öňki II müňýylyga degişli Namazgadepeden, Änewden alnan kraniologik maglumatlar ilatyň süýrükellelilerden we togalakkellelilerden ybarat bolandygyny görkezýär. Olar häzirki hazarýaka – türkmen antropologik görnüşine ýakyndyr. Meňzi boýunça olar inçe hem-de at ýüzli bolupdyrlar.
II müňýyllykdaky üýtgeşmeleri, bir tarapdan, tebigy töweregiň özgerişi, beýleki tarapdan, demirgazykdan hindiýewropalylaryň göçüş etmegi bilen düşündirip bolar.
Tebigatyň täsiri on ýa-da ýüz däl-de, müňlerçe ýyllaryň geçmeginden bildirýär. Adamyň tebigatyň bölegidigi sebäpli, tebigatdaky bir ýa-da bäş nesliň gözüne görünmeýän haýal özgermeler adamyň özüniň hem haýal üýtgemegine getirýär.
Galyberse-de, II müňýyllygyň ortalarynda hindiýewropalylaryň gelmegi bilen Türkmenistanyň ilatynyň antropologiýasynda protoýewropeid alamatlary diýilýänler – çüri, hatda süýrükellelik däl-de, togalak kellelik we giň, tegelek ýüzlülik mese-mälim bildirip ugraýar.
Elbetde, eziz okyjy, meniň bu aýdýan pikirlerimiň örän düýpli pikirlerdigini siz aňansyňyz. Bu pikirlere men her bir türkmen raýatynyň örän düýpli düşünmegini isleýärin. Goý, alymlar bu pikiri has düýpli öwrensinler. Çünki, bu pikirler aýratyn bir kitabyň mowzugydyr. Taryha bagyşlaýan köp jiltlik «ürkmen taryhy» kitabymyň birinji jildiniň giriş kitabydygyny göz öňünde tutup, köp pikirleri tezisler jähetinde beýan etmek bilen çäklenmeli bolýaryn.
Türkmen ilinde protoýewropeid alamatlar diýilýän hadysalar jynsyň üýtgemeginiň däl-de, şol bir jynsyň çäklerindäki özgerişiň hadysalarydyr.
Ahyrky netijede, olar ilatyň jynsyny üýtgedenok-da, onuň içinde dürli içki görnüşleriň peýda bolmagyna getirýär. Türkmenler bäş müň ýyldan ozalky medeni-ruhy ölçeglerini, medeni-ýaşaýyş ýörelgelerini saklap galyşlary ýaly, süňň-antropologik taýdan hem özboluşlylygyny ýitirmezlige çalşypdyrlar. Bu çalyşma türkmenlerde täze dogan çaganyň kellesiniň görnüşini ýaglyk ýa-da tahýa arkaly has hem nygtamak däbinde oňat görünýär.
Men şu ýerde bir pikiri aýratyn nygtamakçydyryn: türkmenlere ýasy kellelilik mahsus däldir. Türkmeniň ata-baba müňlerçe ýyllar bäri kesgitli sypaty süýri ýa-da togalak kellelikdir. Kelläniň şeýle görnüşini has hem artdyrmak, göze dürtülip duran etmek üçin, täze doglan çaganyň başyny entek bekemedik kelle süňki has hem süýreler ýaly edip daňypdyrlar, şeýle hem bäbege tahýa geýdiripdirler. Türkmen tahýasynyň beýleki halklaryňkydan, ylaýta-da goňşy halklaryňkydan tapawudy hemmä mälimdir – türkmen tahýasy inedördül däl-de, tegelek we depesi süýrümtil bolmak bilen süýri hem togalak kellä niýetlenendir, ýaş bäbegiň bolsa kellesini has hem süýreltmäge niýetlenendir.
Biziňkiden tapawutlylykda, goňşy halklaryň käbirinde, mysal üçin, Horezmiň türkmen däl ilatynda çaganyň kellesini ýasaltmak bilen baglanyşykly däpler bolupdyr. Bäbegiň kelleçanagynyň aşagynda ýa-da iki gapdalynda çägeli torba goýup, onuň kellesiniň ýasalmagyna hem-de kiçelmegine ýardam edipdirler. Şeýle däpler baryp müň ýyl mundan ozalam belli eken.
Baryp miladydan öňki bäşinji asyrda Gippokrat türkmenleriň eždaty hasaplanýan saklarda şeýle däbiň bardygyny ýazyp gidipdir. Gippokrat çaganyň kellesini emeli ýol bilen süýreltmek däbiniň halkyň özgelerden tapawudyny, onuň süňňi arassalygyny saklamak üçin ýerine ýetirilýändigini ýörite belläp geçipdir.
Diýmek, biziň mundan 2500 ýyl ozal ýaşap öten ata-babalarymyz öz süňňi arassalygyny saklamak däbini ýöredipdirler. Muňa diňe Gippokrat däl, eýsem Marynyň golaýyndaky Ýazdepeden tapylan, özem edil miladydan öňki V asyra degişli, ýagny eýesi Gippokratyň döwürdeşi bolan kelleçanak hem şaýatlyk edýär. Eger däbiň özüniň azyndan 2500 ýyl ýaşy bar bolsa, onda bu däp arkaly ata-babalarymyzyň has uzakdaky eždatlaryna meňzeşligi saklamak isländiklerini çekinmän aýtsa bolar. Eýsem-de bolsa olar kime bolan meňzeşligini ýitirmän saklamak isläpdirler?
Elbetde, mundan 7-5 müň ýyl ozal ýaşan beýik eždatlaryndan galan süňňi arassalygyny saklamak isläpdirler.
b) Ezeli oguz-türkmenleriň dil
we etniki-medeni degişliligi
Milletiň gadymylygyny subut edýän esasy görkezijileriň biri onuň ýazuwly taryhynyň näderejede gadymylygydyr. Belli bolşy ýaly, türkmenler milli ýazuwly taryhy bolan milletleriň hataryna girýär.
Men häzir milli ýazuwly däpler diýenimde, halkymyzyň oguznamaçylyk däbini göz öňünde tutýaryn. Biziň günlerimize gelip ýeten Oguznamalar miladynyň ikinji müňýyllygyna degişlidir.
Diýmek, diňe saklanyp galan oguznamalaryňam müň ýyl ýaşy bar. Özem degişli döwürde Oguznama ýazmagyň kämil hem gutarnykly däbe öwrülendigini hasaba alsaň, onda bu däbiň has irki eýýamlarda ýüze çykandygyny we uzak ösüş ýoluny başdan geçirendigini tassyklamak bolar. Diňe taryhy däl, eýsem dürli dil, edebiýat, syýasy häsiýetli işlerde öz döwrüniň Oguznamalaryna türkmeniň taryhynyň ýazgysy hökmünde ýüzlenilipdir. Ýekeje mysal. Biz XI asyrda ýazylan beýik bir eseri – Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwan-u-lugat-et-türk» eserini bilýäris. Adyndanam belli bolşy ýaly, onda türkidilli halklaryň, taýpalaryň dili, medeniýeti, etnografiýasy barada ummasyz köp maglumatlar jemlenipdir. Ine, şol eserde-de awtor «türkmen» sözüni düşündirende, türkmen – oguz taryhyna ýüzlenýär. Diýmek, şu meselä seredende, awtoryň elinde öz döwrüniň ajaýyp Oguznamasy bolupdyr. Şonuň üçinem biz oguznamaçylyk däbiniň ikinji müňýyllykdan has aňryk gidýändigini tassyklap bileris. Mahmyt Kaşgarly kitabynda oguzlar – türkmenlerdir, türkmenler oguzlardyr diýip buýsanç bilen nygtaýar.
Milli taryhy ýazmagyň şeýle kämil däbi diňe geçmişi örän beýik milletde bolup biler.
Oguznamalar bilen baglanyşykly bellemeli ikinji bir düýpli zat – degişli taryhy eserleriň awtorlary oguz-türkmen taryhyny juda-juda gadymy eýýamlardan alyp gaýdýarlar. Öňem belleýşim ýaly, olaryň hemmesinde nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň bäş müň ýyl ozal ýaşap ötendigini biragyzdan tassyklaýarlar. Olarda hatda «türkmen» sözi gadymy söz däldir diýen pikir aýdylaýanda-da, yz ýanynda bu pikiri öz-özünden ýalana çykarýan maglumat getirilýär.
Mysal üçin, XIII asyryň taryhçysy Reşideddin «Türkmen sözi gadymy däldir, ol «türkmanend» – türke meňzeş diýen jümleden döräpdir» diýýär. Emma bu jümläniň döreýiş taryhyny görkezýän rowaýat beýle bir ýaş hem däldir. Ol rowaýat şondan iki asyr öň – XI asyrda ýazylan «Diwan-u lugat et-türkde» öz beýanyny tapypdyr. Dogrudanam, «türkmen» sözi hatda Reşideddiniň nädogry düşündirişiniň çäginde hem o diýen «gadymy» däl eken: ol Reşideddiniň özünden «bary-ýogy» müň ýyl (!) ozal – Isgender Zülkarneýniň döwründe ýüze çykypdyr.
Orta asyr taryhy pikirlenmesine mahsus bir aýratynlyk bar. Mälim bolşy ýaly, anyk ýyllar, asyrlar bilen ölçenýän taryh, wagt hristiançylykda milady, yslamda hijri bilen başlanýar. Orta asyrlarda ondan öňki eýýamlar beýle anyklyk bilen ölçenmän, özge dürli ölçegler bilen berlipdir.
Aýdaly, Orta Gündogarly yslam taryhçylarynda, esasan hem, Eýran taryhynda iň aňrybaş gadymylyk «Keýumars zamany» diýen jümle arkaly aňladylypdyr. Çünki, gadymy mifologiki – taryhy hasaba görä, Keýumars ilkinji adamdyr. Ilkinjiden öň adamzat taryhynyň bolmajagy öz-özünden düşnükli. «Ilkinji», «iň aňrybaş gadymylyk» ýaly aňlatmalar akyl ýetiriş jähetinden nämäni aňladyp biler? Elbetde, hakyky manysy we bolup geçişi unudylan, emma bütin taryhy wagtyň sakasyndadygy ýatda galan eýýam we waka babatda ulanylýan jümläni aňladyp biler. Ine, biz oguznamaçylaryň Oguz han Türkmeniň eýýamy meselesinde hem şol ölçegi ulanandygyny görýäris. Mysal üçin, XV asyryň taryhçysy Handemir şeýle ýazýar: «Keýumars ölenden soň, tä Hüwşene çenli 170 ýyl Eýran şasyz galdy. Oguz han şol wagt Eýrany basyp aldy». Bu garaýyşda gadymylyk bilen anyklygyň sepleşigi haýran galdyrýar.
Meniň Oguznamanyň – türkmen milli taryhy ýazmak däbiniň şu tarapyny galdyrmak bilen bir meselä ünsi çekesim gelýär. Oguznamanyň mazmunynda Oguz han Türkmeniň dünýä ýörişleri aýratyn hem esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýörişleriň beýanynda halkymyzyň ezeli eýýamynyň – alty-bäş müň ýyl mundan ozalky döwrüniň türkmen-dünýä gatnaşyklarynyň ugurlary we gerimleri saklanyp galypdyr. Elbetde, orta asyryň söweşjeň hem dini ruhuna eýlenip, degişli gerimler we ugurlar has soňky döwürleriň waka anyklyklary bilen doldurylypdyr. Ýöne alty-bäş müň ýyllykly şol wagt anyklygyny saklap, taryhy gatnaşyklaryň gerimlerini we ugurlaryny täze yzşynaslyk, taryhy maglumatlar esasynda gaýtadan dikeltsek, onda munuň özi ylmy taýdan ygtybarly ädim bolardy. Şonda biz Oguznamanyň soň unudylan has hakyky nusgasynyň ruhuny dikeldip bileris.
Eýsem-de bolsa, Oguz han Türkmeniň, oguznamalara laýyklykda, syýasy, harby, medeni gatnaşyk eden ýurtlary haýsylar bolupdyr? Bular Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlarydyr. Munuň özi, yzşynaslygyň we taryhyň şaýatlyk etmegine görä, eždatlarymyzyň miladydan öňki IV–III müňýyllyklarda üznüksiz we ýakyndan gatnaşyk eden ýurtlarydyr. Ine, özümiziň ilkinji beýik şäherimiz bolan Ýaňykendiň medeni, etniki hem-de dil degişliligi, gatnaşyklary meselesine hem şu nukdaýnazardan seretmelidiris.
Munuň özi türkmen halkynyň ezeli etnogeneziniň, ýagny protoetnogeneziniň meselesidir. Gadymy oguz türkmen döwletiniň dil, medeni, etniki degişliligi barada ýazan alymlar bu ýere şumerleri, elamlylary, drawidleri getirip sokýarlar, emma meseläniň türkmen bilen baglanyşygyny sapagyň bir ujy hökmünde aňlamaýarlar. Şonuň üçinem ýaňykentlileriň süňňüniň – antropologiýasynyň, ruhy medeniýetiniň, ynançlarynyň gelip-gelip häzirki türkmende dowam edýändigi düşnüksizlik bolup galýar. Şundan ugur alyp, biz Ýaňykendiň türkmeniň medeniýetine, etnogenezine hem diline dahyllydygyny umumy jähetde göz öňüne getirmelidiris.
Miladydan öňki VIII müňýyllykda altaý dilleri (türkmen dili hem şuňa girýär – iň bolmanda, häzirki ýagdaýy we alamatlary boýunça) uly dil maşgalasyndan bölünip aýrylýar. Ondan soňra ural we drawid dil ugurlary bölünip aýrylýar. Dilçi, taryhçy we etnolog alymlaryň has soňky döwürlerde tassyklap başlaýyşlary ýaly, altaý dilleriniň asyl watany Orta Aziýanyň günortasy, ýagny Türkmenistandyr.
Miladydan öňki VII müňýyllykda hindiýewropalylar Alynky Aziýadan demirgazyga tarap, elamdrawidler Eýrandan Hindistana tarap, urallylar we altaýlylar Türkmenistandan gündogara we demirgazyga tarap süýşüp ugrapdyrlar. Häzirki wagtda ural-altaý-drawid-hindiýewropa dil, medeni, antropologik umumylygy, bolmanda, iň ezeli döwür babatdaky umumylygy umumy ykrar edilen hakykatdyr.
Alymlar jebellileriň Günorta Sibir, Ural, Eýran, Hindistan ýaly ýurtlaryň ezeli ilaty bilen ýakynlygyny tassyklaýarlar. Şeýle ýakynlyk gitdikçe öz serhetlerini daraldýar, jeýtunlylar, änewliler eýýäm diňe ýakyn ýerleşýän ýurtlaryň ilaty bilen bitewüligini saklap galypdyrlar.
Ýaňykent şäheri döwründe eždatlarymyz köplenç Mesopotamiýadaky şumerler, Eýrandaky elamlylar bilen gatnaşyk saklapdyrlar. Hut şonuň üçin hem häzirki türkmen dilinde we ynançlarynda, ruhy we maddy medeniýetinde şumerler, elamlylar, drawidler bilen gatnaşylan döwürden galan täsin galdyryjy aýratynlyklara, ýakynlyklara duş gelip bolýar. Oguznamanyň ölçegine we diline laýyk aýdylanda, bularyň bary Oguz han Türkmeniň bäş müň ýyl mundan ozal Ýakyn we Orta Gündogara eden ýörişlerinden galan yzlardyr.
Türkmenler bilen şumerleriň aragatnaşyklary we Türkmenistan bilen Mesopotamiýanyň özara gatnaşygy meniň üçin şol bir hadysadyr. Emma şu wagta çenli Ýaňykent, Namazga ýaly beýik şäherleriň Şumer medeniýeti bilen arabaglanyşygyny gutarnykly suratda tassyklasalar-da, bu baglanyşyga türkmeni salmaga howlukmadylar. Mundan bolsa Ýaňykendiň, Namazganyň bu günki türkmene dahyly ýok diýen many gelip çykýardy.
Emma şumer bilen gadymy türkmeniň dil – medeni-ruhy baglanyşygy bu gün gürrüňsiz boýun alynmaly hakykatdyr. Şumer – su-mer – iki suw – iki derýa aralygy diýmegi aňladýar. Türkmen we şumer dilleriniň arabaglanyşygy, umumylygy haýran galdyryjy derejede ýakyndyr. Türkmen hem-de şumer dillerindäki şol bir dil ahyryn diýdirýän sözler juda kän. Olaryň hemmesini kitapda sanawa salyp durjak däl. Şol dilleriň meňzeşdigini kiçiräk mysal getirsem hem ynanarsyňyz, göz ýetirersiňiz diýip pikir edýärin. Naharyň tagamyny bilmek üçin naharyň hemmesini iýip oturmagyň hökman däldigi baradaky köne pähim hem meniň bu pikirimi tassyklaýar. Şu ýerde ýene bir zady nygtap geçeýin: ol sözleriň diňe görnüşi däl, eýsem mazmuny-manysy hem doly gabat gelýär. Meselem:
şumer: türkmen:
az az
baba baba
gaba döşi «gapak» ýaly
şar şar (gara)
me men
mu bu
er, eren är, eren
syr syramak
ud o:t
uzuk uzak
ada ata
uç üç
Türkmen diliniň gurluşy taýdan hem şumer diline meňzeşligini tassyklamak gerek. Şumer diline singarmonizm hem agglýutinasiýa mahsus bolupdyr. Edil şonuň ýaly, türkmen dili üçin hem çekimli sesleriň sazlaşygy we söz ýasalyşyň goşulmalaýyn usuly esasy grammatiki kanunalaýyklyklardyr.
Eger Ýaňykendiň taryhy medeniýetine Şumeriň gönüden-göni täsiri ykrar edilýän bolsa, onda şumer – türkmen dil umumylygyna-da şol özara täsirliligiň we baglanyşygyň bir jäheti hökmünde seretmek bolar.
Diýmek, türkmen bilen şumeriň baglanyşygy, bir tarapdan, türkmen bilen Ýaňykendiň taryhy baglanyşygy, beýleki tarapdan, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýdip hem, antropologiýanyň, yzşynaslygyň, etnografiýanyň, taryhyň, dil biliminiň maglumatlary özara sazlaşyp, biri-biriniň üstüni ýetirip, bäş müň ýyl mundan ozalky taryhymyzy bütin aýdyňlygynda we dolulygynda gözümiziň öňünde düzýär.
Elbetde, antropologiýa, yzşynaslyk, taryh, etnografiýa meselesinde jedel ýok, ýöne dil babatda alymlaryň türkmen-şumer baglanyşygy däl-de, türki ýa-da umumytürki – şumer baglanyşygy hakynda gürrüň edýändiklerini aýtmak gerek. Ýöne taryhy hakykatyň hut türkmen – şumer dil arabaglanyşygyna iterýändigini aýtmalydyryn.
Sebäbi taryhy-etniki jähetde, ähli altaýlylaryň asyl watany Türkmenistan hasap edilýär. Bu bir. Ikinjiden, dilçiler türkmen diliniň ähli türki dilleriň esasynda ýatandygyny bireýýäm ykrar etdiler.
Mysal üçin, A.M.Şerbak ähli türki halklar ezeli eýýamda türkmen dilinde gepläpdirler diýen netijä gelipdir. Galyberse-de, ýene bir zady aýtmaly. Türki dilleriniň haýsy hem bolsa biriniň gadymylygy hakynda aýdýan gaýry milletli adamlar öz gürrüňiniň delili hökmünde, esasan, oguz-türkmen dilinden mysal getirýärler. Munuň özi esasy türki dilli halklaryň öz ezeli taryhyny Oguz handan alyp gaýdyşyny ýada salýar.
Aýdaly, gypjak asylly häzirki zaman türki milletiniň taryhyndan söz açýan alymyň gadymyýet baradaky gürüňleriniň mazmunyny içoguzlaryň taryhy wakalary tutýar. Diňe şunuň özem nämäniň-nämedigini görkezýän bolsa gerek. Şonuň üçin hem başga däl-de, hut türkmen – şumer dil umumylygy hakynda gürrüň etmek ylmy taýdan has maksadalaýykdyr.
Oguznamadan Oguz han Türkmen döwründe atyň söweşde ulanylandygy we türkmenleriň dünýäde ilkinji bolup söweş arabalaryny oýlap tapandygy görünýär. Dogrudanam, miladydan öňki V–IV müňýyllyklarda Türkmenistanda atyň we arabanyň giňden ulanylandygyna Änewde, Ýasy depe, Kermençidepede atyň süňkleriniň we dürli ýerlerde arabanyň bölekleriniň tapylmagy şaýatlyk edýär. Atyň we arabanyň söweşde ulanylmagy Oguz han Türkmene dünýäni basyp almaga mümkinçilik beren esasy artykmaçlykdyr.
Bedew Oguz han Türkmene tizlik beripdir.
Oguz han Türkmeniň bedewiniň tizligi dünýä ösüşine tizlik beripdir. Meniň bu pikirimiň astynda galyň bir kitaplyk pikiriň, maglumatyň, deliliň ýatandygyny taryh bilen gyzyklanýan her bir üşükli okyjy düşünendir. Ýöne men Oguz handan gözbaş alýan dünýä tizliginiň käbir ülüşleri hakda ýeri gelende aýdyp geçerin, ýöne Oguz han Türkmeniň bedew tizligi hakdaky düýpli pikirleri düýpli beýan etmegi alymlara, taryhçylara, ýazyjylara galdyrýaryn.
Ezeli türkmenleriň elamlylar bilen arabaglanyşygynyň ýüze çykmagyna-da Oguz hanyň ýörişleri sebäp bolupdy. Elamlylar häzirki Eýranyň günbatar-günorta böleginde ýaşapdyrlar. Elam diliniň saklanyp galan sözleriniň türkmen dilinde häzir hem ulanylýandygyny men size aýdyp bilerin: elam – adda, gat (habar), türkmen – ata, (habar) gatmak we ş.m.
Elamlylar Hazar deňziniň kenarlaryndan Alynky Aziýa süýşüp, III müňýyllygyň ahyrlarynda şol ýerde öz şalygyny döredipdirler. Elamlylaryň arasynda gutular, kassytler, hürriler ýaly taýpalar bolupdyr. Alymlar hürrileriň adyny «garawul» diýip okaýarlar. Şeýle okalyş «jür bolmak» diýen türkmen jümlesini ýada salýar. Elamyň taryhynda II müňýyllykda ýaşan türükki diýen halk hem kän agzalýar. Muňa türkmen sözüniň taryhy ýazuwda agzalmasy hökmünde seredip bolar.
Miladydan öňki II müňýyllygyň ortalarynda hürrüler bilen hindiýewropalylar birleşip, Mesopotamiýada Mitanny döwletini gurýarlar. Soňra hetler Kiçi Aziýa baryp, şol ýerde öz şalygyny döredýärler. Miladyň tä XVII asyryna çenli dowam eden Orta Aziýadan Kiçi Aziýa tarap hereket eždatlarymyz üçin öwrenişilen hem-de adaty hereket bolupdyr. Şonuň üçinem Oguznamadaky dünýä ýörişleri biziň üçin geň, adatdan daşary bir zat bolup görünmeli däldir.
Ýaňykentlileriň hettler bilen arabaglanyşygy olaryň şol bir toýun gaplaryň bezeglerini, nagyşlaryny ulanandygynda, hettleriň aýal patyşalarynyň saklanyp galan şekilleriniň türkmen-teke aýallarynyň eşigine juda çalymdaşlygynda, hettleriň at saklaýşynyň, seýisleýşiniň häzirki türkmenleriňkä aşa ýakynlygynda görünýär. Ylaýta-da, hettleriň at seýislemek medeniýeti türkmeniňki bilen jaýba-jaý gelýär. Dünýä alymlary hettleri Türkmenistandan çykan halk hasaplaýar.
Biz olary Oguz hanyň garyndaşlary hasaplaýarys. Şeýlelikde, Ýaňykendiň özünden onuň ilatynyň dili barada şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar galmadyk hem bolsa, ýaňykentliler bilen dil, garyndaşlyk aragatnaşygynda bolan we dili barada maglumatlar saklanyp galan milletleriň – şumerleriň, elamlylaryň, hettleriň taryhy ýaňykentlileriň dil babatda häzirki türkmenleriň gönüden-göni eždatlary bolandygyna şaýatlyk edýär.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar