ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZÜÑ GUDRATY
Bir bar eken, bir ýok eken. Ýagşy zatlar-a köp eken, ýaman zatlaram elbetde, gözläp ýörseň, az-owlak tapylýar eken. Ýöne ýamanlykdan ýagşylyk artygrak eken. Atalarymyzyň atalarynyň ýaşan döwründenem has öň, bir kerwen, mawy asmanyň asty bilen, ak çägäniň üsti bilen, maşrykdan-magryba sary dähedem-dessemläp, alys ýoly enelerimiziň ýumagy kimin çözläp, gidip barýar eken welin, olaryň depesinden duýdansyz inen harasat, kerweni bulap-bujap, ýolundan azaşdyryp taşlapdyr.
Olar birnäçe günläp ýol-yz tapyp bilmän entäp ýörüşlerine meşik-mytaralary taňkyrap, teşnelik belasy üstlerine abanypdyr. Şondan soňam suwsuzlykdan horlanyp, uç-gyraksyz çölde birnäçe günläp selpänlerinden soň, olar bir guýunyň üstünden barypdyrlar. Ýöne, ine saňa ýene-de bir betbagtlyk, “bagty ýatany düýäniň üstünde it ýarar” diýlişi ýaly, bärden barsalar, guýunyň agzyny garawullap bir äpet hyrsyz döw, gorkunç gözlerini gazan ýaly tegeläp ýatyrmyş diýýär.
“Indi nätmeli bolarka?” diýşip kerwençiler sandyraklaşyp ep-esli wagt guýa ýakynlaşmaga het edip bilmän durupdyrlar. Teşnelik olaryň halys aňkasyny aşyryp barýarmyş, guýunyň ýanyna barany bolsa döw lak-luk atmaga taýýar bolup, hatyrjem duranmyş.
Ahyrsoňy kerwenden bir edermen, pälwan ýigit öňe saýlanypdyr-da:
-Bir başa bir ölüm, ýa şu döwi dynçlap, suwa ýol açaryn ýa-da şu gara başymdan dynaryn!-diýip iki ujuny hem deňläp, gylyç syryp döwüň üstüne gaýdypdyr. Ol baryp gyljyny aýlan dessine döw ýerinden turjak hem bolman, bir yňranjyrapdyr-da, ony demine sorup, ýuwdup goýberipdir.
Söweş hünärinde, güýç-kuwwatda öňüne adam geçirmeýän pälwanyň duçar bolan gününi gören kerwençiler hasam elheder alypdyrlar. Gorkularyna olar ýene-de ep-esli wagt gamyş kimin galdyrap, syýak kimin sandyrap durupdyrlar.
Birhaýukdan soň olaryň arasyndan bir adybelli alym-akyldar saýlanypdyr-da, döwüň ýanyna golaýlap, ilki bilen-ä özüniň kimdigini tanadypdyr, soňam örän pähimli äheňde döwe: “eýtme-beýtme, eýtseň telek bolar, beýtseňem palak” diýip öwüt-ündew berip ugrapdyr.
Döw gözlerini ýumjukladyp ýatyşyna ony üns berip diňläpdir-diňläpdir-de, soňam bir pallap, at-awazasy dünýä dolan danany-da lak-luk atyp goýberipdir.
Şondan soň ýene-de ýaňky waka gaýtalanypdyr. Adamlar bir ýere toplanyşyp ýene-de birsellem duranlaryndan soň, öňe bir tütjar baý çykypdyr-da:
-A-how, adamlar! Şu puluň-altynyň gudraty ýaly gudrat ýok. Şuňa tylla hödürläp göreliň-le!-diýip döwe tarap ýönelipdir. Emma ol hem öňküleriň gününe düşüpdir.
Mundan soň-a kerwençiler has-da aljyrapdyrlar. Olar: “Bu döw ýeke-ýekeden biziň barymyzy iýip gutarar. Tizräk bu ýerden garamyzy saýlalyň” diýşipdirler.
Şol pille-de olaryň arasyndan hälden bäri gepe-gürrüňe goşulman, dymyp duran bir garyp bende çykypdyr-da:
-Adamlar, şu döwüň ýanyna menem bir baryp göreýin-le!-diýipdir.
Öňem kelebiň ujuny ýitirip duran adamlar garybyň sözlerine gaharlanypdyrlar:
-Seniňki näme diýsene?! Sende söweşeýin diýseň güýç ýok, döw sylar diýseň paýhas-parasadyň, at-abraýyň ýok, bu nägehany satyn alara baýlygyň hem ýok, onsoň sen nädip döwi guýunyň başyndan gider ýaly etjek?
Emma garyp olary diňlemän döwüň ýanyna barypdyr-da, edep bilen salam beripdir:
-Essalawmaleýkim, döw aga!
Garybyň özüni alyp barşyny beýlekilerden üýtgeşik gören döw gözlerini açypdyr-da, garysyna galypdyr:
-Waleýkim essalam, adam ogly! Şunça salam bermedik bolsaň seni iki üzüp bir ýalmardym. Aýt, näme üçin meni bimaza edýärsiň?!
Garyp üýşenmän, aljyraman, uludan bir demini alypdyr-da, döwe ýüregini döküp ugrapdyr. Ol döwe özüniň garyp enäniň ýeke çagasydygyny, gazanç üçin öýünden çykyp gaýdanyna üç ýyl bolandygyny, ejesini görmäge neneňsi gyssanýandygyny gürrüň beripdir. Başlaryndan inen harasat hakynda-da, çölde azaşyp, selpeýişleri barada-da, şu guýudan teşneliklerini gandyrmasalar indiki guýa çenli ýetip bilmejekdikleri hakynda-da janyndan syzdyryp aýdypdyr.
Garyby üns bilen diňlän döw bolsa ýuwaşlyk bilen ýerinden dikelipdir-de:
-Hälden şeýdip, adam ýaly düşündiräýmeli ahbetin! Gylyç uran bolduňyz, akyl satan bolduňyz, teňňe hödürlän bolduňyz, näme isleýäniňizi aýtman, gaýta meniň ukumy bozup, gaharymy getirdiňiz! Üstesine-de meni çölde azaşanlardan gara suwy gysganýan zalym husyt ýaly edip goýaýdyňyz! Içiň, alyň, näçe gerek bolsa!-diýip bir al-asmana böküpdir-de, kerwençileriň gözünden gaýyp bolupdyr.
Ertekiler