ÝYLDYZ BOÝLY GUÝULAR
"... Ol guýular şeýle çuň, şeýle bir çuň, olar hut Ýeriň ýüregine baryp ýetýärler. Türkmen ol guýulara ýyldyz boýly guýular diýip at berýär".
Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan".
Türkmen halkynyň geçmişiniň syrly kitaby bolan gadymy topragymyz öz üstünde birnäçe döwlet guranlaryň, joş alan durmuşy söýen ynsanlaryň umumy öýüdir, mukaddes ata Watanydyr. Bu topragyň üstüne göbek gany daman her bir türkmen balasy, onuň goýnunda bagtly, abadan ýaşamagyň aladasynda gezip, pederlerimiziň döredijilikli dünýäsine gatylýar. Döredýär, öwrenýär.
Öten-geçenler bu mahrem topragyň üsti şepagatly Taňrynyň peşgeşi bilen süýji umytlaryň hasyl bolýan ýerdigini aýdyp gidipdirler. Şonuň üçin ata-babalarymyz bu mukaddesligiň gadyryny bilip, mümkin boldugyça, onuň göwsünde öz nesillerine miras galdyrmak üçin döredijilikli durmuşda ýaşapdyrlar. Bat alan durmuşyň bütin durkuny, mazmunyny söýüp ýaşapdyrlar.
Söhbetimiziň özeni bolan türkmenleriň guýy gazmak däbi hem halkyň özi ýaly gadymydyr.
Türkmen guýulary – olar müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň abadan ýaşaýyş ugrundaky göreşiniň nyşany hökmünde kalbyňda üýtgeşik tolgunma döredýär. Yeriň ýüregine baryp ýetýän türkmen guýulary, gör, näçe ynsanlaryň, gaýry janly-jandarlaryň teşneligini gandyryp, ömrüni heýjana getirendir. Olaryň her biriniň dünýä inmegine, gör, näçe ynsan zähmeti, azaby siňendir.
«Guýy» sözi XI asyra degişli taryhy çeşmelerde «kudug, kudhug, kuýyg» şekilinde duş gelýär. Şol döwrüň meşhur dilçi türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly «Türki dilleriň sözlügi» diýen işinde oguzlaryň guýa «çat» diýendiklerini hem ýazypdyr. Şonuň ýaly-da, Köneürgenç türkmenleriniň guýa «kudug» diýendikleri dogrusynda käbir taryhy ýazgylara duş gelýäris. Şulardan ugur alyp, «kudug,guduk» sözi gadymy döwürlerde ata-babalarymyzyň durmuşynda has işjeň ulanylypdyr diýen netijä gelip bolar.
Tebigat bilen göwündeş gopup ýaşan pederlerimiz guýy gazmak işini mukaddes saýypdyrlar. Guýy ussalary il içinde iň hormatlanýan, biçak sarpa goýulýan kişiler bolupdyr.
Ençeme gulaç ýer astyndan durmuş bulagyny çykaryp, halka suw beren guýy ussalary aşa üşükli, gaýratly adamlar bolupdyr. Olar haýsy ýerden, näçeräk aralykdan nähili suwuň çykjakdygyny biler eken. Agyz suwy we mal-garanyň içmegi üçin gazylýan guýularyň tebigy syry bolupdyr.
Guýy ussalary süýji suwly guýyny ýandagyň bitginliräk ýerinde gazyp, içime ýaramly suw çykarypdyrlar. Olar ilki şol ýeriň ýandagynyň ujundan çirtip, çeýnäp görer ekenler. Soňra şol ýerden nähili suwy alyp boljakdygyny anyk kesgitläpdirler. Ýandaklaryň tagamy ýerasty suwuň tagamyna bagly bolupdyr. Süýjümtik tagamly ýandak bitýän ýerinden garaşylýan suwy çykarypdyrlar. «Agaç öz kökünden suw içýändir» diýen pähime uýan ussalar, daş töweregi sazak-sözenli oýtagyrak ýeleri guýy gazmak üçin amatly hasaplapdyrlar. Şonuň ýalyda, olar «Gülşende gül biter, şor ýerde şora» diýip, şora bitýän ýerden gaça durmalydygyny ündäpdirler.
Guýy gazyljak ýer saýlanyp, indi gazybermeli diýlensoň, ussalar sähetli güni belläp, iş şowly bolsun diýip, guýynyň piri Şahyzendäniň ýa-da jykyryň piri Nalaç babanyň ýoluna janly gurban edip, sadaka, beripdirler. Il içiniň gürrüňine görä, gadym zamanlarda Hywa hany bir ýaşula we onuň kowumlaryna gyryň üstünden ýer berýär. «Nä alaç edip, gyra suw çykaryp, ekin ekip bilerkäm?!» diýip zeýrenýändigi üçin, ilat oňa Nalaç baba diýip at goýýar. Nalaç baba 6-7 ýerde jykyrgurup, gyra suw çykarýar we ekin ekýär. Ikinji bir maglumata görä, Nalaç baba araplaryň Horezmde daýhançylygy ýola goýmak üçin iberilen wekili. Guýy ussalarynyň däbine görä, sadaka güni guýy ornundan birinji depik alnypdyr.
Şunlukda guýy ussalarynyň ýanyna ýörite kömekçileri, olaryň her demde armasyny ýetirip, gyzykly söhbetleri aýdyp duran dilewar adamlary hem belläpdirler. Käbir maglumatlarda çuň ýap ýa-da guýy gazýana «merdikär» diýlendigi dogrusynda aýdylýar. Sebäbi gazuw işi merdiň işi hasaplanypdyr.
Türkmen ussalary guýynyň diwaryny berk çöl ösümliklerinden ýa-da daşdan örüp, onuň ömrüniň uzak bolmagy üçin çensiz yhlas siňdiripdirler.
Ussalar ilki bilen guýynyň agzyna örme, çöwlük usuly bilen «agyzlyk» edipdirler. Soňra guýynyň diwaryna gandymdan taýýarlanan çöwlügi nepislik bilen örüp başlapdyrlar. Guýynyň içki örüm däbi ýurdumyzyň ähli ýerinde birmeňzeş bolupdyr. Käbir etraplarda guýynyň örümi agaçlaryň goýluşyna görä, altyçot, sekizçot ýa-da alty ýaýlym we sekiz ýaýlym saýa diýlip atlandyrylýar. Guýy örümi, esasan, çygar sözenden çöwlük, her gezek aşak düşürilende, çöwlükden ýokarda galýan ýalaňaç diwaryň iç ýüzi agyz tegelegine çenli sözen örüminden örülipdir. Paýhasly ýaşulular guýy gazuwyna gelip, içidiň görnüşinde puç çykmazlygy arzuwlap, olaryň armasyny ýetiripdirler. Ýaşuly gojalar ussalara «Çeşmäň göz bersin!», «Ömrüňize bereket!» diýen ýaly ýakymly arzuwlary aýdypdyrlar.
Hawa, ýyldyz boýly guýulary gazmak üçin Aýa ýetip duran güýç-gaýratyň, Güne deňleşip duran ruhuň bolmasa, göwnemakul suw çykaryp bolmandyr. Käbir ýerlerde guýy ussalarynyň eden tamasy çykmandyr. Suw gözi açylmadyk guýulara ussalar: «kör guýy» diýipdirler. Suwa ýetensoň, çöwlügiň ýeňse ýüzüne süzgüç hökmünde owradylan gandym guýlupdyr. Bu bolsa guýy suwunyň tämizligine, süýjemegine haýyr edipdir.
Täze gazylan guýy göz berensoň, onuň ilki susulan suwuny ýagşy niýetler bilen öňelgesiz gelinlere beripdirler. Guýynyň agzy tegresi adamyň guşaklygyna çenli ýokary galdyrylyp, içine syçan ýaly haýwanjyklar gaçmaz ýaly hüşgärlik edilipdir. Guýy ussalary tegräni çäge basmaz ýaly gündogar tarapdan açypdyrlar.
Ýeri gelende aýtsak, il içinde ýylda bir gezek köpçülikleýin guýy arassalamak çäresi geçirilýär. Bu däp häzirem ýörgünli. Muňa halkyň dilinde «Guýy halallamak» diýilýär. Mundan başga-da köne, gözi biten guýulary arçamak, onuň suwuny barlamak üçin, onuň içine ýaş owlagy sallap görýärler. Eger-de, owlak guýudan diri çyksa, soňra adamlar arkaýynlyk bilen guýa giripdirler. Bu guýynyň içinde ýylan- içýan bar-ýoguny barlamak, hüşgärlik üçin edilipdir.
Türkmen guýy ussalary öz hyzmatlary üçin aklyk almandyrlar. Ol iş sogap üçin edilipdir. Şonuň üçin halk bu gaýratly kişileriň sarpasyny belent tutýar. Obalarda guýy gazýan adamlary her kim öýüne çagyryp, olara söwüşleýär. Biline täze ýaglyk, düýäniň ýüňünden örülen guşak orap, ussanyň eli agyrmazlygy üçin, sylag-serpaý edilipdir.
Ata-babalarymyzyň ýanbermez akyl-paýhasy, güýji esasynda dörän guýular öz häsiýeti boýunça birnäçe toparlara bölünýär. Garagumdaky guýularyň ençemesiniň suwy ýeriň daşly gatlaklaryndan syzyp, aşak damyp ýygnanýar. Olara damla guýular diýilýär.
Damla guýulary özüniň gazylyş usuly boýunça ýönekeýdir. Olar diwary berkidilmän, agaç, daş bilen örülmän gazylýar. Ussalar daşly gatlaklary emaý bilen gazyp, suw gözlerini arçap, damlany ulanyşa girizipdirler.
Ata-babalarymyz daş gatlakly gyryň gerişlerinden, gum eteklerinden hem guýy gazyp, geregiçe suw alypdyrlar. Damla guýusynyň gurluşyna çalymdaş gyr etek guýularyna «üdek, ödek guýulary» diýlipdir. Daş gatlakly gyrlaryň gerişlerinden, beýik gum depelerinden syrygan we siňen suwlary sarkdyryp almagyň aňsat hem ýönekeý täri bolan ödek guýularyň hem diwary berkidilmän gazylypdyr. Ýylboýy gyr üstüne düşýän asman nemi üdek guýularyna syzyp toplanypdyr. Olaryň arasynda agyz suwuna ýaramlysy hem çykypdyr. Üdekguýulary Merkezi Garagumuň çöllerinde, beýik gyr depeleriniň eteklerinde köp duş gelýär.
Çyrla guýulary çarwalaryň arasynda has meşhurdyr. «Çyrla» sözi «şyrlamak» işliginden bolup, suwuň sesi bilen baglanyşykly ýüze çykyp- dyr. Garagumda bu söz bilen gelýän guýy atlaryna köp duş gelýäris. Meselem: «Mürzeçyrla», «Garryçyrla», «Çyrlaguýy», «Tilkiçyrla», «Bürgüdiň çyrlasy» we ş.m.
Çyrla guýulary takyryň pes ýerlerinde gazylyp, ýagyş döwri takyra ýygnanýan suw şol guýulara akdyrylýar. Ýokardan eňýän suw guýynyň düýbündäki şor suwlary töwerege itekläp, süýji suw gatlagyny emele getirýär. Yagyş-gar suwlary näçe köp guýdurylsa, şonça-da süýji suw köp bolýar. Suwsuz, ýowuz şertli çölde ajy, şor suwy süýjetmegiň bu gadymy usuly biziň ata-babalarymyzyň ýaşaýşa bolan belent söýgüsiniň we olaryň suw-injenerçilik ukyp-paýhasynyň ýene-de bir nyşanydyr.
Türkmen geografiýasy boýunça alym M.Geldihanow türkmen guýularyny üç topara bölýär. Olar: akguýy, damla, go:lajy guýulary.
Go:lajy guýulary hem edil çyrla guýulary ýaly örme, berkitme usulynda gazylýar. Go:lajy guýularynyň suwy zäk ýaly ajy, aşa duzly bolýar. Adamlar üçin içimlige ýaramsyz go:lajy guýularynyň suwuny diňe mal-garalar üçin ulanyp bolýar.
Çopanlar ýaz otundan, guran samandan daýanan dowarlary go:lajy suwuna köpräk tutýarlar. Eger dowarlar go:lajy suwundan içip ýörseler, olar sagdyn bolýarlar. Bagyrgurt we gaýry keseller bilen kesselemezek bolýar. Go:lajy guýulary Günorta-Gündogar Garagumda, Badhyzda köp duş gelýär.
Türkmen guýy ussalarynyň arasynda ýene bir täsin guýy gazmak usuly has ýörgünli hasaplanýar. Oňa ak guýy diýilýär. Şeýle guýular köplenç, aklaňlarda gazylýar. Olaryň suwy çeşmeden aşak akyp gelmän, çägäniň çendenaşa gyzyp, gijesine çalt sowamaklygy, çägedäki buglaryň suwa öwrülmekligi we guýa syzyp ýygnanmagy netijesinde hasyl bolýar.
Hazar ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda dilme ýa-da işme guýular has ýörgünli eken. Dilme guýulary şor suwly deňiz kenaryndan bir-iki metr, käbir ýerler-de dyzboýy gazylypdyr. Çägesow toprakdan syzylan suw işme guýulary derrew doldurypdyr. Adamlar ony «içimlik üçin ulanyp, gerekli ak-gök, bakja ekinleri ekip, göwnejaý hasyl alypdyrlar.
Şunuň ýaly çuň bolmadyk, el ýetip duran «gol guýulary» diýlip atlandyrylan guduklar Uly Balkan we Kiçi Balkan daglarynyň eteklerinde, Uzboýuň guran hanalarynda gazylypdyr. Golguýularyň çuňlugy 2-3 gulaja, käbirleri bolsa 5-6 gulaja çenli ýetipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynda belleýşi ýaly, «Türkmen topragynda Dehistanda, Misserianda, Ahalda, Garagumda, Lebap ýakasynyň çöllerinde çuňlugy iki ýüz, üç ýüz metre barýan çuňňur guýular bar. Olaryň hemmesi diýen ýaly şu gün hem bol suwuny ilatymyza bagyş edip durlar». Hawa, şol guýular häzirem sähralarymyzda agyp-dönüp barýan millionlarça dowarlarymyzy ine-gana suwaryp, ulanyşdan galman gelýärler. Olar adam eli bilen döredilen türkmen täsinligi ahyryn!
Ata-babalarymyzyň çöl içindäki gudratynyň şaýatnamalary bolan şol gadymy türkmen guýulary. Türkmenler oba tutunjak bolsa, göçüp baryljak ýerleriň suwunyň, ot-çöpüniň tagamyny ýer gazyp, topragyny barlap görüpdirler. Ýer gazylyp, üýşen topragy ýene yzyna gömüp görüpdirler. Eger toprak öz çykan ýerine artyk gelse, ýer ýaramaz diýlip hasaplanypdyr. Bu barada Beýik Serdarymyz öz Ruhnamasynda: «Nirede et porsap,suw sadyr atan bolsa, şol ýerde mesgen tutmaýarlar. Diýmek, olar adam bedenine oňyn täsir edýän topragy ylmy esasda bilmeseler-de, tejribe üsti bilen takyklapdyrlar. «Ýurt düşmedi, ýer kabul etmedi» diýen düşünjeler hem türkmeniň ýeriň peýdaly hem zyýanly zolaklaryny bilendigine kepil geçýär».
Türkmenleriň guýy gazmak däbi kämilleşip, sungat derejesine çenli baryp ýetipdir. Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň eýýamy döwründe halkyň bu gadymy senedine aýratyn üns beripdir. Taryhy niaglumatlaryň tassyk etmegine görä, talaňçy mongollar türkmen topragyna aýak basanlarynda, şeýle kämil guýulary görüp haýran galypdyrlar. Sebäbi şeýle guýular olarda ýok eken.
ХII-ХIII asyrlarda jykyr guýulary ata-babalarymyzyň ekerançylyk, çomruçylyk durmuşynda giňden ulanylypdyr. Zähmetsöýer halkymyzyň yhlasy bilen giň çöl göwsünde, türkmen oba-kentlerinde dörän jykyrlar suw ýollaryny ýasap, suwaryş ulgamynda täzelik bolup, orta çykypdyr. Jykyrlaryň jemgyýetde giňden ulanylyp başlanmagy bilen küýzegärçilik hem gülläp ösüpdir. Jykyr çarhlaryna ençeme küýzeler berkidilipdir. Suwaryşyň şeýle usuly Köneürgenç, Hywa türkmenleriniň durmuşynda häsiýetli bolupdyr. Käbir taryhy maglumatlarda gadymyýetde pederlerimiziň guýynyň çarhyna «çigir, çyhyr»diýenleri, wagtyň geçmegi bilen bolsa bu sözüň «jykyr» sözüne öwrülendigi dogrusynda beýan edilýär. Garabekewül etrabynyň Lamma obasynyň golaýynda «Jykyrgüzer» diýen meşhur ýer bar. Şol ýerde Seýitnazar Seýdi öz harjyna jykyr gurup, suw çykardyp, il-güne paýlapdyr.
Geçmişde ata-babalarymyz kerwen ýollarynyň geçýän ugrunda süýji suwly guýulary gazypdyrlar, ötegçiler üçin baglary ösdürip ýetişdiripdirler. Il arasynda: «Müň metjiden bir geçit (köpri), müň geçitden bir içit» (guýy) diýen nakyl has ýörgünli bolupdyr. Has gelim-gidimli, köp adamly guýulara «şerbet guýular» diýilýän eken. Şeýle «şerbet guýulary» biziň durmuşymyzda häzirem köp duş gelýär.
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň deňindäki «Köse guýyny» diýarymyzyň çäklerinde bilmeýän ýokdur. Ony Köse lakamly Begmyrat aga öz eli bilen gazypdyr. Şol guýynyň mähellesi ýylyň islendik döwründe-de egsilenok. Bag diýseň ir-iýmişli bagy, çaýhanasy, kiçijik bazary-da bar. Begmyrat aganyň özünden soňkulara galdyran bu mirasy bezirgen üçinem, kerwenler üçinem süýji şerbet. Ötegçiler bu mukaddes guýydan içip: «Içidiňe şerbetgatylsyn,Begmyrat aga!» diýýärler.
Hawa, eždatlarymyz öz döwürlerini rowan etmek üçin ýyldyz boýly guýularyň, kärizleriň müňlerçesini döredip, nesillerine miras goýup gitdiler. Olaryň şol mirasy özleriniň durmuşa bakydygyny, köp asyrlyk ulanyşa ukyplydyklaryny bireýýäm äşgär etdiler.
Pähimli pederlerimizeklenç çeşmesini eşrepi ýaly gorapdyrlar. Olar azaby köp guýulary öwlüýädir tamdyr bilen deň derejede görüpdirler. Onuň başynda synjadyr täret kylmany tekepbiriň çyzykdan çykmasy diýip hasaplapdyrlar. Häzire çenli il içinde dowam edip gelýän däbe görä, guýa tüýkürmek, hapa zat oklamak, onuň başynda kir ýuwmak külli günä hasaplanylýar. Gije suwa barlanda, guýa salam bermeli. Pähimdar atalarymyzyň aýtmaklaryna görä, ýyldyz boýly guýularyň içine örülen gandymdyr tut agajy köp wagtyň geçmegi bilen suwuň düzümindäki duzlary sorup, garamtyl-goňur reňkli owadan närsä öwrülýär. Geçmişde ata-babalarymyz şol owadan närseden gamçynyň, hanjaryň, pyçagyň sapyny, gowanyň çiligini sünnäläp ýasapdyrlar. Şol owadan, ýylmanak närseden saç daragy hem ýasalypdyr. Oňa il içinde «şirmaýy darak» diýlipdir. Häzirki türkmen dilinde «şirmaýy» sözi pil süňki manysynda hem ulanylýar. Mollanepesiň zehin gazanyndan gaýnap çykan «Yrakyňdan» diýen goşgusynda «şirmaýy darak» diýen söz duş gelýär:
Daglara kylam seýran,
Aklymny alyp heýran.
Zülpüňni bölüp her ýan,
Şirmaýy darakyňdan.
Hawa, jemgyýetimiziň taryhyndan üzňe dörän zat ýok. Ýurdumyzyň gözel sähralaryny bezäp oturan müňlerçe türkmen guýulary syrly taryhy bilen Beýik Türkmenbaşy eýýamynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Olar ýene-de ýaşar. Onda-da öz manysyny artdyryp ýaşar. Türkmen çölünde gurruk guýularyň bolmazlygyny islän ata-babalarymyzyň isleg-arzuwlaryny Beýik Serdaryyz Saparmyrat Türkmenbaşy öz akyl-paýhasy bilen hasyl edip ýör. Ol häzirki zaman dünýäsiniň iň wajyp meseleleriniň biri arassa agyz suwuny aýawly saklamagy, onuň köpelmegi barada atalyk aladasyny edýär. Beýik Serdarymyz dünýä ilatynyň her ýylda 78 million adam köpelýän pursatynda türkmen gudraty bilen «Türkmen kölüni» döretmegi maksat edinýär. Ol eýýäm durmuşa geçip ýör.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
Taryhy makalalar