10:48 51-nji raýonyñ gizlin syrlary | |
51-nji RAÝONYÑ GIZLIN SYRLARY
Geň-taňsy wakalar
51-nji raýon resmi maglumatlarda aýdylşyna görä, ABŞ-nyñ Goranmak ministrliginiñ we Howa Güýçleri komandowaniýesiniñ garamagyndaky ýer bolup, uçarlary we duşmanyñ ýaraglaryny öwrenýän, analiz edýän harby lagerdir. Bu ýer Las Wegasyñ 153 km demirgazygynda Grum kölüniñ eteginde ýerleşip, onda Newada okuw-türgenleşik meýdany bilen Nellis Howa güýçleriniñ meýdany bar. 51-nji raýonyñ tutýan meýdany 76 kilometr kwadrat. Bu bolsa Konnektikut ştatyndan az-owlak kiçi bolup, Liwandan birneme uly diýmekdir. Fotosuratlarda diñe birnäçe angar we dürli görnüşli çaklañja binalar göze ilýänem bolsa, ýeriñ astynda iññän möhüm we giñ planly kompleksiñ bardygy mälimdir. Raýona aralaşmak gadagan we gorag güýçleriniñ muña synanşany öldürmäge doly hukugy bar. "Geçmek gadagan!" ýazgyly duýduryjy uly ýazgylar bar we raýonyñ çar tarapyny gorag güýçleridir wideogözegçilik kameralary gurşap alan. "Guş uçsa ganatyndan, gulan geçse toýnagyndan" diýlişi ýaly, ne howadan, ne ýerfen bu gizlin harby bazanyñ 30 mil töweregine adam aýagy sekdirilenok. Birnäçe ýyl bäri kosmoslylaryñ bardygy öñe sürülýän 51-nji raýonda ABŞ-nyñ gelejekki söweşjeñ uçarlarynyñ öndürilýändigi barada myş-myşlar çykdy. "Gizlin bukjalar" ("The X-Files"), "Halas boluş güni" ("Independence Day") ýaly çeper filmlere-de sýužet bolan 51-nji raýonyñ barlygy uzak wagt bäri inkär edilip gelinýärdi. Merkezi Razwedka uprawleniýesi (MRU) ahyrynda gizlinlik möhleti geçen resminamalary çap etmek arkaly bir beýannama taýýarlap, 51-nji raýonyñ hakykatda bardygyny boýun aldy. Şeýle-de bolsa, MRU beýannamada başga saýýaralylar barad kelam agyz söz agzamady, gaýtam, 51-nji raýonyñ "hökümetiñ gizlim U-2 uçar maksatnamasynyñ bir bölegidigini" ýañzytdy. Dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni çeken bu syrly raýon geçen asyryñ 70-nji ýyllarynyñ ahyrynda MRU-niñ garamagyna berildi. 90-njy ýyllardan başlabam kän göze-dile düşüp ugrady. Bu ýere ABŞ-njy Prezidenti-de ýörite rugsatnamasy bolmasa girip bilenok. 51-nji raýona birugsat girenler kimligine we wezipesine garamazdan duran ýerinde öldürilýär. Atom energiýasy guramasynyñ ýadro bombasyny synag ediş meýdanynyñ ýanyndaky 51-nji raýon ("Area 51") MRU-nyñ öz içinde "Uçmah mellegi" diýip atlandyrylýar. Eger MRU-nyñ maglumatlaryna ynanmaly bolsa, onda 50-nji ýyllardan soñ bu raýonda UNO (Uçýan Näbelli Obýektler, ýagny NLO, UFO) görendiklerini aýdýanlaryñ artmagynyñ sebäbi gönüden-göni U-2 synag uçuşlary bilen baglanyşykly. Hünärmenler şol döwürde 20 müñ metr belentlikde uçup bilýän hiç hili uçaryñ bolmandygy sebäpli şaýatlaryñ UNO görendiris öýdendiklerini aýdýar. Ýöne uçaryñ UNO däldigini bilýän SSSR 50-nji ýyllaryñ ahyrynda Türkiýeden howalanyp içalyçylyk-diwersion işler bilen meşgullanýan U-2 uçarlara garşy protest bildirdi. SSSR 1960-njy ýylyñ maý aýynda bir U-2 uçary urup ýykyp, amerikan uçarmany Gari Powersi tussag astyna alansoñ, taslama tutuşlygyn goýbolsun edildi. Emma MRU beýannamada 51-nji raýonyñ 1974-nji ýyldan soñ nähili ulanylyşy barada hiç hili maglumat berenok. Birnäçe ylmy-fantastiki kinofilmlere we altmyş ýyldan gowrak wagt bäri komplomasiýa myş-myşlara mowzuk bolup gelen 51-nji raýonda başga saýýaralardan gelenleriñ bardygy dilden düşenok. Mähek daşy deýin mäkäm goralýan we daşarky dünýä bilen hiç hili baglanşygy ýok bu raýonda UNO-laryñ saklaýandygy, adatdan daşary synaglaryñ geçirilýändigi bilen birlikde, 1947-nji ýylda Roswelle düşen UNO-nyñ hem şu ýerde saklanýandygy öñe sürülýär. Saýlaw kampaniýasynda Hillari Klinton ABŞ-nyñ Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda Newada ştatynda başga saýýaralardaky ýaşaýyş baradaky maglumatlaryñ we delilleriñ saklanýandygy aýdylýan 51-nji raýon hakynda jemgyýetçilige doly maglumat berjegini wada beripdi. Klinton "Mümkin boldugyça köpräk bukjalary açjak bolarys" diýipdi. Klintondan UNO-lara ynanyp ynanmaýandygy soralanda: "Bilemok, ilki maglumatlaryñ näme görkezjegine serederis. Bu barada şeýle bir gep-gürrüñ köp welin, bularyñ barsyny kimdir biriniñ oturan ýerinden toslap tapmajagyny-ha bilýän" diýen jogaby berdi. Klinton mundan öñem UNO-lar barada "Biziñ ýanymyza-da gelip-giden bolmaklary ahmal" diýipdi. Şeýle-de 51-nji raýonda işlän bir inžener ölüm ýassygynda ýatyrka başga saýýaralylaryñ barlygy hakynda gyzykly maglumatlary berdi. Boýd Buşman ölmezinden az wagt öñ düşürilen wideoýazgyda geñ-tañsy zatlary aýtdy we başga saýýaralylaryñ amerikan harby bazasynda düşürilen fotosuratlaryny görkezdi. Lokhidde işlände amerikan harby bazalarynda bolandygyny we UNO-lar boýunça inženerçilik işlerini ýerine ýetirendigini aýdan Buşman 2014-nji ýylyñ 7-nji awgustynda edil häzirem UNO-lar boýunça işleýän birgiden adamlaryñ bardygyny mälim edipdi. Buşman aýdan zatlaryny başga saýýaralylaryñ we UNO-lary fotosuratlary bilen delillendirýär. Ol 51-nji raýonda we muña meñzeş beýleki raýonlarda iki toparyñ başga saýýaralylar boýunça barlag işlerini alyp barýandygyny aýtdy. Buşman başga uzyn barmakly, perdeli aýakly saýýaralylaryñ Kwintumniýa (Quintumnia) atly bir saýýaradan gelendiklerini aýdýar: "Olar iki topara bölünýär. Göýäki sygyr sürüsi ýaly. Birinji topary padyman (sygyr çopany) kimin hereket edýär, beýleki topar bolsa ylla sygyr ogrulary ýaly. Padymanlar bilen gowy düşünişýäris, olaryñ biziñ bilen arasy gowy". Öñ şu harby bazada işlän fizik Bob Lazar beren görkezmesine görä, 1947-nji ýyldaky "UNO heläkçiliginden" soñ başga saýýaralylara sud-medisina ekpertizasy geçirlipdir. Bob Lazar UNO-laryñ "Element 115" atly tehnologiýa bilen işleýändigini, bu tehnologiýanyñ atomyñ içindäki S4 ady berlen bir bölüminde saklanyp öwrenilýändigini aýdýar. Lazaryñ pikiriçe iki dürli UNO bar. Olaryñ birinjisi "Omikron" saýýarasynda ýa-da ýyldyzlar toplumynda gysga aralykdaky ýolagçylygy amala aşyrýan gapbarçanakdyr. "Delta" atly beýleki toparda bolsa kosmos-wagt aralygynda hereket edip bilýän we bu şekilde ýyldyzlardyr galaktikalaryñ arasynda ýolagçylyga çykyp bilýän adatdan daşary ulag bar. Lazar bu gapbarçanaklaryñ ýokary oktanly, nebitden bolmadyk, atom mukdary 115 bolan elementde işleýändigini aýdýar. Bu element bolsa kosmosa syýahat edilende 116 diýlen başga elemente öwrülip 100% energiýa öwrülýär. Lazar özüne görkezilen bu kosmos ulagynyñ biziñ döwrümizden müñlerçe ýyl soñ ýetilip bilinjek derejedäki tehnologiýa eýedigini aýdýar. Şeýle-de Lazar kosmosly jandarlaryñ jübüt ýyldyz topary bolan "Zeta 2 Retiku" ýyldyzynyñ dördünji saýýarasyndan gelendigini-de sözüniñ üstüne goşýar. Lazara ynansak, onda gürrüñi gidýän şol başga saýýaralylaryñ bir ýarym metr boýy, gazan ýaly uly kelleleri, hemme tarapyndan görmäge ukyply badam şekilli süýri gözleri bar we köplenjem saçsyz bolupdyr. 51-nji raýondaly başga saýýaralylaryñ klassyky çal reñkli jandarlardygyny aýdýan Lazar olaryñ biziñ DNK-larymyzy üýtgedip, adamzady "kosmos/wagt" ölçegine taýýarlaýandyklaryny we adamlary islän şekline girer ýaly derejä iterýändiklerini aýdýar. Belki çyn, belki ýalan. Maksat bu ýazylanlara sizi ynandyrmak däl. Özümizem ynanyp baramzok. Ýöne ata-babalarymyz "Pala ynanma, palsyzam galma" diýipdirler. Şonuñ üçin ýokarda agzalanlara düýbünden ýalan zatlar hökmünde seredip, señrik ýygyrmagyñam hiç hili manysy ýok. "Ot bolmasa tüsse çykmaz" diýip oýnamaga aýdylmandyr. Onsoñam "oturan ýerinden kimdir biri munça gep-gürrüñi toslamajagy belli" diýip ABŞ-nyn belli syýasatçysy Hillari Klinton hem amerikan hökümetiniñ başga saýýaralylar bilen halka aýan edilmeýän haýsydyr bir gizlin gatnaşyklarynyñ bardygyna yşarat etmegi, bütin bu aýdylan zatlaryñ ýalan bolup bilmejekdigini görkezýär. Hawa, haçanam bolsa bir gün başga saýýaralylar bilen adam nesli garyşdyrylan başga tüýsdäki adam sypatly gorkunç mahluklar üstümizi bassa, hiç zada geñirgenmesek gerek... Belki-de, şol adam sypatly gäbiazan mahluklar köne kitaplarda gürrüñi gidýän äjit-mäjitler kimin adamzadyñ başyna musallat bolup iner. Eger bu şeýle bolsa adamzat öz soñuny getirjek belasyny özi taýynlaýar diýmekdir... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |