19:44 Allatagalanyñ gudraty | |
ALLATAGALANYÑ GUDRATY
Ýassy mahaly musulman bendesi ýatjak ýerine girende, Beýik Alladan dünýäniñ abadançylygyny, abatlygyny, rahatlygyny diläp, jan saglygyny arzuw edýär. "Bu dünýäde abraý, o dünýede iman" diýip, süýji uka gidýär. Säher wagty irden oýanan adamyñ kalbynda begenç döreýär. Şol begenç günüñ dowamynda güýjüne güýç goşýar. Daýhan ýetişdiren hasylyna guwansa, maldar malyna guwanýar, özüniñ zähmetiniñ miwesine begenýär. Adam maksatsyz ýaşap bilmeýär. Haýsydyr bir zatlary maksat edinip, şolara ýetip bilse, begenip, iki bolup bilmeýär. Işe höwesi artýar. Ökjesi ýeñil gopýar. Saglygy sazlaşyp, durky bekeýär. Begenýän adam özüniñ durmuşdaky ornuny has ýokary duýýar. Begenmek kesellerden goranmakdyr. Sözümizi jemläp aýtsak, begenç bagtdyr. Kyrkynjy ýyllarda, Arkaçda, gum ýakalarynda, Küren dagyñ jüljelerinde keramatly, ady belli Mäter ahunyñ ogly Welbaý kaka (Tanalaryñ tirebaşysynyñ ady) bilen goñşy bolup oturdym. O pahyryñ gürrüñi köplenç türkmeniñ däp-dessury, yrymlary, haýyr-sahawat, Ýaradanyñ gudratlary barada bolardy. Ýetginjek döwründen üns berip diñlän gürrüñleriñ kalbynda mäkäm orun ýasap, ýadyñda mydamalyk saklanar eken. Welbaý kaka: "Allatagalanyn gudraty bilen ýüz ýyldan pygamber sypatly bir adam dünýä iner. Şol adam ulus-iline hossar çykar. Halkyny galkyndyrar, guwandyrar, begendirer, bagt getirer" diýerdi. Gulagym bilen eşidenimi gözüm bilen gördüm. Şonuñ üçin mähriban halkym bilen birlikde begenýärin, özümi bagtly saýýaryn. Ýaradanyñ müñde bir ady mähriban halkymyñ diliniñ senasy boldy. Hudaý diýene-Hudaý berdi! Allatagala ilimiñ ykbalyny parlatdy. Beýik Hudaýyñ syryny biljek ynsan ýok. Ýarym asyrdan bäri, türkmeniñ ak bagtynyñ dañynyñ atyp ugrandygyny hiç kimem añan däl bolsa gerek. Haçan-da hamyrdan gyl sogrulan ýaly, garaşsyz, azat, dünýewi döwletimiz döredi welin, halkymyz heniz-heniz Hudaýyñ bizi sylaýandygyna göz ýetirdi. Täze türkmen döwleti döredi. Ilime bagt gülýp bakdy. Bagtyñ çuñ manysyna doly düşünjek bolsañ, onda taryhyñ geçen döwürlerine ser salmaly bolýar. Iki döwri deneşdirmeli bolýar. Otuzynjy ýyllarda sowatly ahundyr mollalary ýeke-ýekeden çöplediler. Oba sowetiniñ, kolhozyñ başlyklary sowatsyz, hatda golunyñ deregine barmak basýanlardan saýlandy, bellendi. Raýondan gelýän wekiller ak diýse ak, gara diýse gara diýer durardylar. Bir goluñy galdyr diýseler, iki goluny-da galdyrardylar. Şeýle başlyksumaklar il-güne pent ýamanyny berdiler, görgi baryny görkezdiler. Adamlar Gurban aýy hiññillik gurap bilmezdiler. Gurbanlyga niýetlän janlysyny gije soýardylar. Damak ganyny bir ýerlerde gömüp, çukuryny bilinmez ýaly düzlärdiler. Sadaka-da gije berlerdi. Gol ýerin barmak basýanlar käbir adamyñ gurbanlyk janly soýanyny añsa "könäñ guýrugy" diýip, başyna ýok oýun salardylar. Indi gurbanlygyñ üç gününi baýram edip geçirýäris. Gülälekli meýdana meñzeýän gelin-gyzlarymyz birnäçe günläp hezil edip, hiññillik uçup "günälerini dökýärler". Bu halkymyz üçin bagtdyr. Bäş wagt namazy dagy ogrynça okardylar. Oraza tutanlaryñ agzyny açdyrjak bolup, gorkuzyp suw içirerdiler. Inde her bir şäherde, obada metjitler bar, köpçülikleýin namaz arkaýyn okalýar. Gam-gaýgysyz oraza tutulýar. Bulam bir ýetdirgisiz bagt. Gadymy döwürden bäri ata-babalarymyz keramatly öwlüýälere ýykylypdyrlar. Başynda sadaka beripdirler. Gurhan çykypdyrlar. Şeýle keramatly, ýetişikli diri öwlüýä hasaplanýan Parawbibi (il arasynda Paraw ejeke hem diýilýär) günbatar türkmenleriñ zyýarat edýän keramatly ojagy bolupdy. Sowet döwründe, ylaýta-da näsaglar, çagasy önmeýän zenanlar ogryn-dogryn zyýarata barypdylar. Haýyr-da tapypdylar. Zyndanda köýen, Hakdan icen Orazaly şahyryñ ajal jaýynda ýatan çaglary Parawbibiden haraý isläp düzen goşgusy hakydaña gelýär: Uruşda adam gyrylýa, Gyssanañda çagyrylýa, Ýetişiklim, diri öwlüýä, Parawbibim, senden medet! Paraw ejeke türkmen halkynyñ añyna berk ornaşandy. Sekiz onlugy orta atyp, togsany gädip ugran Gul hojaýyn Söýün ogly Paraw ejekä ýüregi, durky bilen sygynýardy. Gul hojaýyn öz hasabyna ussa tutdy. Zerur enjamlary, suwy ýükläp, dagyñ gap biline çykardy. Ussadan başga kömekleşen tapylmady. Göwünlerine organ işgärleri gapjaýjak ýalydy. Şol wagtlar Parawbibiniñ mawzoleýiniñ haly teñdi. Mawzoleýi birkemsiz bejertdi. Daşyny agartdy. Dagyñ guşaklygynda dañ ýyldyz dogan ýaly boldy. Şol bir wagtda Parawbibi çeşmesiniñ gözbaşynyñ ýanynda zyýarata gelýänler üçin iki otag jaý saldylar. Dil ujundan özüni hudaýsyz saýýan başlyksumaklar aş öýi ýumurdylar. Gul hojaýyny soraga çekdiler. Hernä, demir gözenekli jaýa dykmadylar. Häzir il-gün dört otagly, gapysy eýwanly şañlap duran ak jaý gurdy. Sadaka berlende oturmaga giñ bassyrma gurnadylar. Keramatly öwlüýäleriñ, ahunlaryñ gonamçylygynda metjitler guruldy. Öten-geçenler arkaýyn ýatlanylyp, sadakalar berilýär. Bulam ilimize nesip eden elin bagtdyr. Sowet döwri diýlen uzak ýyllaryñ dowamynda syýasy talañçylar gazymyzy, nebitimizi, altyna deñeýän ak pagtamyzy, elinden dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyñ dokaýan agramy altyna barabar halylarymyzy, öwşün atýan garaköli baganalarymyzy, ýerasty baýlyklarymyzy harteçjal kimin ýuwutdy ýatdy. Şonda-da iñ bolmanda iññe, çüý çykarýan kärhanalary açmagy ýatlaryna salmag-a beýle-de dursun, türkmenleri, Türkmenistanda ýaşaýan halklady mugtuna saklap-ekleýän ýaly teýene etdiler. Häzir ýurdumyzda iki ýüze golaý zawod-fabrik salynýar. Olaryñ birnäçesi işe girizildi. Elbetde, çykdajy çykman, girdeji girmeýändigini her birimiz bilýäris. Şonda-da bolelin ýaşaýarys. Her bir ildeşimiz ak ýoluñ azabyny çekýär, rahatyny görýär. Dünýä ýüzünde hiç bir döwletde duzuñ, gazyñ, suwuñ, elektrik energiýasynyñ halka mugtuna berilýän ýeri ýok, bolup hem bilmezmikä diýip oýlanýaryn. Bu zatlaryñ hemmesi halkyñ eşretki ýaşamagy üçin edilýär. "On ýyl abadançylyk" syýasaty durmuşyñ, ýaşaýşyñ, agzybirligiñ, parahatçylygyñ çynary bolsa, "Milli Galkynyş" hereketi, "Täze oba", "Däne", "Bilim" we beýleki il bähbitli maksatnamalar onuñ şahalarydyr. Çynar pajarlap ösýär. Bu-da ýer şarynyñ ähli künjeginde hormatlanýan halkymyzyñ gazanan bahasyna ýetip bolmajak bagtynyñ biridir. Eýran, Owganystan araçäginde çekilen tikenek simleriñ añyrsyndan-bärsinden biri-birine garan intizar gözlerden, gör, näçe ýyllar ajy ýaşlar döküldi. Gör, näçe bendeler aýralyk oduna ýanyp-bişdi. Dogan dogany, ata ogluny, ene gyzyny, ýar ýary görmän, ýagty jahan bilen hoşlaşdylar. Araçägiñ tikenekli siminiñ deregine gül düşeldi. Ikiara ak ýol açyldy. Intizar gözler tapyşdy. Ikiarada dostluk köprüsi peýda boldy. Eliñ aýasy ýaly maşyn ýol çekildi. Şeýle sahawatly iş bolar diýip hiç kim pikir etmeýärdi. Demir gapy açyldy. Ýer ýüzüniñ türkmenleri ap-arkaýyn gelip-gidip bilýärler. Bu Garaşsyzlygyñ, "Açyk gapylar" syýasatynyñ halkyma beren bagtydyr. Türkmen bedewiniñ, türkmen halysynyñ, başga-da köp täze toýlaryñ geçirilmegi olara uly sarpa goýmakdyr. Däp-dessurlarymyz añryýany bilen gaýtarylyp berildi. Oturyp pikir edýärsiñ, göwnüñe bolmasa türkmen halkynyñ öñüne Hydyr-Ylýasyñ ruhy düşüp, ak ýol görkezýän ýaly bolup dur. Dili senaly ýaşulylarymyzyñ her gerdeninde bir perişdäniñ ruhy mydamalaýyn akyl-paýhas berip, agzyna söz salyp berýän ýaly duýulýar. Hakyñ halan adamlary şeýle bolmalydyr diýip hakydaña gelýär. Ýaşulylar halkymyza ýol görkezýär, halkymyzam olary sylaýar. Gawun toýumyz daýhanyñ derini döküp çeken azabyna ýokary baha berildigidir. Gawun Allatagalanyñ nygmatydyr. Şeýle süýji nygmaty Ýaradan diñe türkmenlere beripdir. Başga bir halka şeýle nygmaty dözen bolsa, olar-da biz ýaly gawunyñ gününi belläp, dabaraly toý ederdiler. Ýokarda aýdylanlaryñ başyny çatyp aýtsak, bularyñ bary ak ýoluñ azabynyñ miwesidir. Eziz ilim, ak ýoluñ uzap, togalak şaryñ biline guşak bolsun! Şeýle ak ýoldan dogry ýöremek, güýjüñi gaýgyrman azap çekmek, ak ýol ot bitirmezlik her birimiziñ mukaddes borjumyzdyr. Ol ýol Hakyñ ýoludyr, türkmeniñ ýoludyr. Ýaşululara sala salmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Kethudalar bir işin başyny tutjak bolanlarynda ýaşululara maslahat salýan ekenler. Ýaşulularyñ beren maslahatyndan ugur almagy parz hasaplapdyr türkmen. Häzirki geçirilýän ýaşulularyñ maslahatynyñ gözbaşy hem däp-dessurlarymyzdan akyp gelýän ugur. Bu-da oýlanyp tapylan ýörelge. Ýaşulularyñ asyrlara uzap gitjek ak ýolunyñ şowly bolmagyny arzuw edýär. Il-halk üçin gijesini gündiz edip işlemäge taýýar watanperwer ýolbaşçylar kän bolmagyny, diñe şolaryñ eden ýagşy işleriniñ ugruna bolmagyny, janlary sag, ýaşlarynyñ uzak bolmagyny Ýaradan Beýik Alladan dileýärin! Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |