22:39 Altyn gabakmy ýa altyn takyk? | |
ALTYN GABAKMY ÝA ALTYN TAKYK?
Çeper edebiýatda öňki döwrüň dabaraly toýlary hakynda gürrüň edilende «At çapdyrdy, altyn gabak atdyrdy» diýen jümlä juda kän duş gelmek bolýar. At çapdyrmak sözi düşündiriş talap etmeýär. Ýöne «Altyn gabak atdyrdy» sözüne welin känbir düşünip baramyzok. Irki edebi çeşmelerde bu sözüň «Altyn takyk atdyrdy» görnüşine hem duş gelmek bolýar. «Takyk» sözüniň towugy aňladýanlygy düşnükli. Mälim bolşy ýaly, türkmen halky şahandaz halk. Hasyl ýygnanyp, el boşaşansoň, her bir obada dabaraly toýlary tutmak däbe öwrülipdir. Özem obada kimdir biri ogluny öýerse, galpak, diş toýuny bermek islese, ol tutuş obanyň toýuna öwrülipdir. Hemmeler toýa gatanç goşupdyr, odun getirmek, suw daşamak, myhman almak we beýleki hyzmatlary bilen ýardam edipdir. Dessanlarda kyrk, ýedi, üç gije-gündiz toýlaryň tutulandygy aýdylýar. Şol toýlarda göreş tutmak, ýaglyga towusmak, at çapdyrmak, keçe-keçe oýnamak, nyşana ok atmak ýaly köpsanly tomaşalar guralypdyr. Ýokarky sözler hem şeýle toýlarda nyşana ok atmak boýunça geçirilýän ýaryşlar bilen bagly. Şol ýaryşlarda ýaý, hyrly atýan mergenler üçin ýörite baýraklar goýlupdyr. Ýagny kädiniň, towugyň şekilinde guýlan altynlar nyşana ok atýan mergenlere ýörite baýrak üçin goýlupdyr. Şony atyp gaçyryp bilen mergen ony baýrak hökmünde alypdyr. «Altyn gabak atdyrdy» diýilýäni kädiniň şekili bilen bagly. Köne türki dilinde gabak, kabak sözleri kädi diýmegi aňladypdyr. Biziň dilimizde dürli däp-dessurlar bilen bagly köpsanly aňlatmalar saklanyp galypdyr. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |