ARASSAÇYLYK TOPARY
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir uly tokaýda haýwanlar klasa girip okar ekenler. Bir daýhanyň howlusyndan Towşan, Güjük, Owlak, Guzy, Towuk, Horaz hem-de Hür-hür atly jojuk şeýle klasa gatnaýan eken.
Dynç günüdi. Şol klasa gatnaýan haýwanlar howludaky ullakan erik agajynyň saýasyna üýşüpdirler. Olar hem ýekşenbe güni dynç alýan ekenler. Haýwanlaryň arasyndan diňe bäşlik baha okaýan Alaja atly güjüjek gürläp başlapdyr.
– Geliň, şu gün arassaçylyk barada gürrüň edeliň.
– Hawa, arassaçylyk barada gürrüň etmäge wagt boldy. – diýip, Towşanjyk ýuwaşja aýdypdyr. – Özüm-ä arassaja.
– Seniň aýdýanyň näme. Men arassaja dälmi? – diýip, kekeji burç ýaly gyzyl Horaz Towuga seredip haýbatly sesi bilen gygyrypdyr.
– Biziň hemmämizem arasaja-la! – diýip, sakarja Owlajyk mäläpdir.
– Ýok! – diýip, Alaja salpy gulaklaryny gaharly silkeläpdir. – Ýok, ýok, hemmäňiz arassaja, ýöne arassa däliňizem bar, araňyzda.
– Ol kim?
– Ol kim? Menmi? – diýip, Towşanjyk howsala düşüp sorapdyr.
– Ol – Hür-hür!
– Wiý, ol Jojukmy?
– Näme, sähel gijä galsam, meniň gybatymy edip başlaýaňyz! Aýdyň, näme bolanmyş! – diýip, üst-başy palçyk, tumşygyndan sülekeý akyp duran Jojuk üstünde waglaşyp duran siňekleri salpy, hapa gulaklary bilen ürküzip, ýoldaşlaryndan zeýrenjiräpdir.
– Sen gaty hapysa! – diýip, Alaja çekinmän, Jojugyň ýüzüne aýdypdyr.
– Haçan görseň hapa suwlaryň içinde sümsünip ýörsüň. Sen asla, okuwça meňzäňok.
– Hawa, beýle hapa haýwan arassajalaryň mekdebine gatnamaga mynasyp däldir.
– Hapa ýerler onuň mesgenem, mekdebem! – diýip, gyzyl kekeç Horaz azm bilen aýdypdyr.
– Nämäm hapamyş? – diýip, Hür-hür özüni aklajak bolupdyr.
– Saňa üç gün möhlet berýäris. Ýa düzelersiň, ýa-da mekdepden çykarylarsyň. – diýip, Alaja bu gürrüňi jemläpdir.
Hür-hür ýoldaşlarynyň aýdan bu sözüni gaty ýokuş görenmişin. Ýöne, ol iki gün şunça düzeljegem bolupdyr. Emma öwrenen erbet gylygyň örkleseňem durmaýan eken. Ol ýene nirede hapa suw bar bolsa, şol ýere baryp, suwa girip oýnaýan eken. Onsoň, şol durşuna-da mekdebe geläýýän eken.
Emma arassaçylyk topary indi Hür-hüri mekdebe goýbermändir. Şeýdibem, Hür-hüriň mekdebem, mesgenem hapa ganawlar, porsap ýatan hapa suwlar bolup galyberipdir. Ol şondan soň her näçe arzuw etse-de, «indi gaýtalaman» diýip, aglap, ant içse-de, gaýdyp ony mekdebe almandyrlar. Asyl, şol jojujak sebäpli, onuň ähli kowum-garyndaşlary hem «hapysalar» diýip ady alyp gelýärmişler.
17-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Ertekiler