10:06 Aýagyñ düşsün, kümüş donly Täze ýyl! | |
AÝAGYÑ DÜŞSÜN, KÜMÜŞ DONLY TÄZE ÝYL!
Edebi makalalar
Täze ýyl! Ýurt abadanlygy, il agzybirligi, Watan ösüşleri jemlenen bu sözden täze başlangyçlar gözbaş alýar. Her Täze ýylda pederlerimiz ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler esasynda, ýagşy niýetlere besläp Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyndan, janly-jandaryň hereketinden, tebigy nyşanlardan ugur alyp, ýyl hasabyny — Ýyldyznama düzüpdirler. Gündogarda ýylyň häsiýetinden ugur alyp, olaryň reňkini, tebigatyny, ýyl sanyny hasaba alyp, ýylyň nähili geljegini anyklapdyrlar. Şol nukdaýnazardan seredenimizde, 2020-nji Syçan ýyly reňki boýunça ak, tebigaty boýunça metal (kümüş), sany boýunça dörtlük. Şonuň üçin, ak reňk dünýäde ähli reňkleriň gözbaşy, ýagtylyk, parahatlyk, ýagşy niýetlilik, halallyk hasaplanýar. Gadymyýetde ak reňki dünýäniň başlangyjy hasaplapdyrlar. Hatda käbir milletlerde aýry-aýry haýwanlaryň ak reňkde bolmagy ýagşylygyň we ýagtylygyň gözbaşy hasaplanypdyr. Mysal üçin, türkmenlerde ak at, kümüşsöw at (Gyrat), akmaýa, greklerde ak gaplaň, müsürlilerde ak öküz, hindilerde ak pil ýagşylygyň nyşany hasaplanypdyr. Metal (kümüş) bolsa berkligiň we kämilligiň nyşany hasaplanypdyr. Gündogaryň Ýyldyznama hasaby boýunça ýyldyzlaryň hereketine görä hasap ýöretsek, Syçan ýyly 2020-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan Ýere hakyky täsirini ýetirip başlaýar. 2020-nji ýyly Zuhal (Saturn) ýyldyzy dolandyrýar. Omar Haýýamyň, Hoja Abdykerim Termeziniň, Hekim Aly Töbriziniň Nowruznamalarynda Zuhal ýyldyzynyň dolandyrýan ýyly şeýle häsiýetlendirilýär: «Pagta, bakja, däneli ekinler, miwe bol biter. Ýüpekçilik öser, ýurtlarda bolçulyk bolar. Halal zähmet çekýän, akýürekli adamlar üçin mübärek ýyl bolar. Ýurtlar boýunça çaga köp doglar. Ol çagalaryň eden işi arassa we göwnejaý bolar. Olar, köplenç, sungat we döredijilik bilen meşgullanarlar». Gündogar Ýyldyznamalaryna görä ak, kümüş reňkli Täze ýyl, ýagny Müçenamanyň başynda oturan Syçan ýyly her bir ýurda, her bir adama öz täsirini ýetirer. Parahatlygy söýýän halklaryň arasynda ykdysady, medeni, ylym-bilim boýunça gatnaşyklar gülläp öser. Şeýlelikde, 2020-nji ýylda kümüş metalyň hemmelere şowlulyk getirjekdigine hem-de dartgynlylyk dowam edýän käbir ýurtlarda parahatçylygyň ornaşjakdygyna bil baglap bolar. Syçan ýylynda işini arassa ýöredýän telekeçileriň täze başlangyçlary şow alyp, uly üstünlikleri gazanyp bilerler. Ýöne bu ýylda aňyrsyna göz ýetirilmedik işe töwekgellik edilmese ýagşy. Öňünde aýdyň maksat goýup, eden işiniň ýurda, halka peýdasynyň degjekdigine ynanyp, halal hereket eden adamlar rysgal-berekediň çeşmesine eýe bolarlar. Tebigatyň adamlar bilen sazlaşykda boljakdygyny hünärmenler nygtaýarlar. Ýöne ýylyň başlangyjy aýazly gelse, ýylyň ahyrynyň hem şeýle boljagyny ýa-da ýyl başy maýyl gelse, ýylyň soňunyň hem şeýle tamamlanjakdygyny aýdýarlar. Ony bolsa ata-babalarymyz tebigatyň alamatlaryny synlamak esasynda şeýle kesgitläpdirler: eger Täze ýylda Aý demirgazykdan dogsa ilki sowuk, günortadan dogsa maýyl bolar. Täze ýyl çalşanda akar suwlar, deňiz bulanyk reňke girse, ýylyň ygally boljagyny, dury reňkde bolsa ýylyň gurak geljegini hem aýdypdyrlar. Täze ýylda ygal ýagsa ýa-da asman bulutly bolsa ýylyň ygally gelip, hasylyň bol bitjegi hem aýdylypdyr. Täze ýylda irden agaçlaryň çybyklary, bugdaý maýsalary damjalara beslenip, günortana çenli bugarmasa, miweli agaçlaryň, däneli ekinleriň bol hasyl getirjegi beýan edilipdir. Ýyl çalşanda horazlar bir aýagynyň üstünde dursa, howanyň sowuk boljagy hem nygtalypdyr. Halkara derejesinde «Täze ýyly nähili garşylasaň, tutuş ýyl hem şolar ýaly geçýär» diýen ynanç bar. Kalby ýagşy niýetli halkymyz her ýyl hem Täze ýyl saçagyny datly näz-nygmatlar, milli tagamlar bilen bezeýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, geljek ýylymyzyň nyşany bolan syçanyň dänäni gowy görýändigi üçin bugdaý, arpa, süle ýarmalary, palaw, mäşewe, noýbaly, otly işdäaçarlar bilen bir hatarda, gök önümlerdir miweleriň, milli tagamlarymyzyň islendik görnüşini saçaga goýsaň, Täze ýylyň hoşuna geler. Ýöne syçanyň rahatlygy oňat görýändigi üçin, seri sämediji içgilerden daşda durmaly. Täze ýylyň ak we kümüş reňke beslenendigini hem aýdypdyk. Şonuň üçin,Täze ýylda ak, goňur, sary, guba reňkli lybaslar geýilse ýa-da beýleki reňkli lybaslar geýlende olara kümüş we kümüş reňkli şaýlar dakylsa, göwnemakul bolar. Goý, Siziñ ähliñiziñ janyñyz sag, ömriñiz uzak bolup, täze ýylda tutjak tutumlaryñyz has-da üstünliklere beslensin! Oguljemal ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||