DÜNÝÄ HEM SEBIT SYÝASATYNDAKY ORNY
(Daşary syýasaty. Baky Bitaraplygy gazanmagy)
Garaşsyz döwletli bolandan soň, türkmen halkynyň taryhy ýaşaýşynda täze bir ontologiki barlyk kemala geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä syýasatynyň bir döwleti hökmünde çykyş edip ugrady. Munuň özi milletiň ýaşaýşynda öň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda bolmadyk barlygyň – syýasy barlygyň kemala gelendigini aňladýardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran döwleti arkaly türkmen ruhy, türkmen aňy hem türkmen dili bilen sazlaşan täze bir syýasy giňişlik açyldy.
Milli garaşsyzlygyň maglumaty hökmünde, özem milleti ýokary göteriji maglumaty hökmünde aýdyň göze görünýän ugry dünýä syýasatynyň subýekti bolmakdyr. Munuň özi milletiň şahsyýetiniň dogulmagydyr. Türkmençe aýdylanda, onuň adam sanynda görülmegidir.
Şeýle täze ontologik barlygy açan, elbetde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Garaşsyzlygyň ykrar edilen ilkinji günlerinden ol daşary syýasat ugruny kesgitlemäge, türkmen diplomatiýasyny döretmäge ur-tut girişdi. Onuň şahsyýetiniň adatdan daşary üýtgeşiklige eýedigi bu ugurda hem tiz özüni bildirdi. Türkmenistan dünýä syýasatynyň, halkara gatnaşyklarynyň subýekti bolup döremek bilen Türkmenistan beýleki ýüzlerçe döwletden özüniň syýasy «ýüzüniň» üýtgeşikdigini görkezdi. Munuň özi oňa halkara gatnaşyklarynyň, dünýä syýasatynyň taryhynda ilkinji gezek resmi suratda hemişelik Bitaraplyk hukugynyň berilmeginde ýüze çykdy. Şeýle hukuk Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy gahrymanlygynyň netijesidir. Baky Bitaraplyk hakykatyna iki jähetden – ýurduň içerki durmuşynyň hajatlary hem-de halkara durmuşynyň ewolýusiýasynyň jähetinden seretmek bolar. Birinji jähetden alanyňda, hemişelik Bitaraplygy wezipe edip goýmak we ony amala aşyrmak bilen, Beýik Serdar döwletiň garaşsyzlygyny daşarky taýdan doly berkitmek we garaşsyzlyk maglumatyny halkara ýaşaýşynyň dolanyşygy bilen gutarnykly ykrar etmek maksadyny öňde goýdy. Beýleki jähetden bolsa, XX asyryň ahyrynda, dünýäniň syýasy ykbalynda barha görnükli orun eýeleýän Aziýa sebitinde hemişelik Bitaraplygy tekrarlap, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy halkara ýaşaýşynyň täze pelsepesini we täze ýaşaýşyny dünýä üçin açdy. Ine, biz hemişe Şweýsariýa, Awstriýa ýaly döwletleriň bitaraplyk taryhyny dile alýarys. Emma olaryň bitaraplygy bir başga, Türkmenistanyň bitaraplygy-da bir başgadyr. Beýle aratapawut dünýä syýasatyndaky taryhy wagtyň we geosyýasy giňişligiň başga-başgalygyndan gelip çykýar.
Birinjiden, ýaňky agzalan döwletler diňe Ýewropa ähmiýetli bitaraplyga eýe bolan döwletlerdir. Ol bitaraplyk wagt taýdanam gitdigiçe wajyplygyny ýitirip barýar. Olaryň bitaraplyk alan wagtlary we şol wagtky dünýä gatnaşyklary ýuwaş-ýuwaşdan geçmişe öwrülip barýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygy bolsa häzirki zaman dünýäsinde emele gelýän täze şertler we gatnaşyklar mynasybetli gitdikçe özüniň wajyplygyny artdyrýar. Geljekde dünýä syýasatynyň merkeziniň Aziýa yklymyna geçjekdigini, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň durmuşy ähmiýetiniň indi hasam açyk-aýan boljagyny aýtmak mümkindir.
Ikinjiden, Awstriýa, Şweýsariýa ýaly ýurtlaryň bitaraplygy diňe syýasy, halkara gatnaşyklarynyň amalyýetiniň hadysasydyr. Elbetde, islendik amaly ýörelge ýa-da hereket haýsydyr bir manyda eýýäm maksatdyr. Emma bu ulgamlaýyn praktiki hereketlere esas bolýan we olaryň öňünden işlenip düzülen taglymaty däldir. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy şeýle taglymatdyr. Ol XX asyryň ahyrynda dünýä ýaşaýşynyň derwaýyslyklaryny we meselelerini derňemek arkaly akylly-başly işlenip düzülen täze syýasy dünýägaraýyşdyr. Bu dünýägaraýyş XXI asyr dünýäsinde ýaşamagyň iň täze we özboluşly pelsepesiniň biridir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynyň öňünde şeýle wezipeleri goýdy:
– döwlet Garaşsyzlygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak, daşarky ýaşaýyşda garaşsyzlygynyň berkemegi üçin amatly ykdysady hem syýasy şertleri üpjün etmek;
– daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny we bähbitlerini üpjün eder ýaly edip guramak;
– döwletiň syýasy hereketleri arkaly halkara kada-kanunçylygyny berjaý etmek;
1995-nji ýylyň okyýabr aýynyň 22-sinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy häzirkizaman dünýäsiniň ösüşi barada çykyş etdi. Bu çykyş onuň häzirki zamanyň iň bir çylşyrymly meselelerinden düýpli baş çykarýan syýasatçydygyny dünýä aýan etdi. Şonda ol halkara ýaşaýşynyň täze pelsepesini we bütinleý täze ýörelgelerini esaslandyrdy. Olaryň gysgaça düýp manysy aşakdakylardan ybaratdyr:
– XX asyryň ahyrynda aňyýet gapma-garşylyga esaslanan iki dünýä ulgamynyň garşydaşlygy aradan aýryldy. Sosialistik lager diýilýäni dargap, «sowuk uruş» tamamlandy. Netijede, dünýäniň syýasy kartasynda indi dünýä ykbalyna barha güýçli täsir etjek özbaşdak döwletler peýda boldy;
– polýuslara bölünmeýän dünýä döredi. Bu dünýä höküm etmekden, maksatlary we ýaşaýyş şertlerini boýnuna almakdan azat ýurtlaryň deňhukukly bileleşigine öwrüldi;
– «sowuk urşuň» tamamlanmagy dünýäde ählumumy howpsuzlygy gazanmak hakdaky garaşylan netijeleri bermedi. Täze döwletleriň döremegi dürli ýerlerde täze dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna getirdi;
– adamzadyň başyna bela getirýän uruşlardan, agressiýalardan, zorlukdan halas bolmak üçin täze dünýägaraýşy we ahlaky ýörelgeleri dünýä syýasatyna ornaşdyrmak gerek. Birek-birekden nägile, kineli bolmagy ýeňip geçmek, hoşniýetli erk, töwerekleýin ölçerme, ynanyşmak, çeýelik, gepleşiklere we maslahatlara, akylly-başly ylalaşyklara taýýarlygyny bildirmek zerur.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1992-nji ýylyň iýul aýynyň 11-ne Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Helsinkidäki maslahatynda halkara gatnaşyklarynda ähli derdeseri döredýän zat tutan maksadyňa ýetmek üçin syýasy serişde hökmünde ikiýüzlüligiň hem hilegärligiň ulanylmagydyr diýip nygtady. Munuň özi elhenç heläkçiliklere, tutuş halklaryň we döwletleriň çaknyşmagyna, dogan dogany öldürýän uruşlara getirýär. Bu beladan dynmak XXI asyrda asuda dünýä ýaşaýşyny üpjün etmek diýmekdir. Hilegärlik pelsepesiniň düýp manysyny düşündirmek juda aňsatdyr – munuň özi güýç agdyklygyna, häkimiýete kowalaşmakdyr. Hilegärligiň Gündogarda duş gelýän bir nyşany bar, ol-da arkasynda gylyjyny gizläp, ýylgyryp duran erkek adamdyr ýa-da awy gatylan melhemli jam uzadyp, ýylgyryp duran zenandyr. Adamlar şeýle ýasama ýylgyryşy ýeňip geçmelidirler.
1995-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy almagy dünýäniň syýasy taryhynda hem, türkmen taryhynda hem täze ýaşaýyş pelsepesi bilen alamatlanan täze eýýamy açdy. – Bitaraplyk – munuň özi umumyplaneta meselelerini çözmekden gaçmak, diňe öz aladalaryň, dar milli bähbitleriň bilen gümra bolmak synanyşygy däldir. Biz halkara hyzmatdaşlygyndan gaça durmaýarys... Biz özümizi umumyadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä bileleşiginiň bir bölegi hökmünde duýýarys. Biziň bölünip aýrylmak, çetleşmek, öz syýasatymyzy milletçilik nukdaýnazaryndan gurmak niýetimiz ýok. Biz milli özboluşlylygy bolan bütewi halk hökmünde dünýä bileleşiginiň syýasatyna, ykdysadyýetine, medeniýetine goşulyşyp-garyşyp gitmäge jan edýäris – diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy baky Bitaraplyk taglymatynyň düýp manysyny düşündirýär.
Eýse, baky Bitaraplyk hukugyny almaga bolan hereket haçan başlanypdy? 1995-nji ýylyň aprel aýynyň 15-nde Yslamabatda EKO-nyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň III maslahaty bolup geçdi. Şol maslahatda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ilkinji gezek Türkmenistanyň bitarap döwletiň halkara-hukuk statusyny almak maksadynyň bardygyny, sebitiň we tutuş Aziýanyň barlyşdyryjy merkezi bolmakçy bolýandygyny resmi suratda yglan etdi. Maslahata gatnaşyjylaryň bary bu pikiri goldadylar. Öz ýakyn goňşularynyň goldawyny gazanyp, Türkmenistan has uly dünýä jemgyýetçiligine – Goşulmazlyk hereketine we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasyna ýüz tutdy. BMG-niň ýarym asyrlyk taryhynda bu halkara guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň makullamasy esasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda resminama kabul etdi. Baş Assambleýa Türkmenistanyň jar eden bitarap daşary syýasatyny biragyzdan makullady, ony iş ýüzünde amala aşyrmaga ähli çäreler arkaly ýardam etmäge taýýardygyny bildirdi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny hem-de çäk-serhet bitewüligini hormatlamaga we goldamaga BMG-niň agza döwletlerini çagyrdy. Munuň özi bu halkara guramasynyň taryhynda ilkinji gezek bolan wakady. Türkmenistan iň uly we iň esasy halkara guramasynyň ýörite rezolýusiýasy esasynda baky Bitarap ýurduň halkara hukugyny alan dünýäde ilkinji we ýeke-täk döwletdir. Bu hukugyň alynmagy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden yglan eden «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesi boldy. Şol taryhy sessiýada öňe süren pelsepesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň içeri we daşary syýasatynyň maksatnamalaryny, halkara gatnaşyklarynyň häzirki emele gelen ulgamynda onuň orny we ähmiýeti baradaky garaýşyny beýan etdi. Bu pelsepe içgin öwrenilip, baky Bitaraplyk hukugynyň berilmegi arkaly dünýä syýasatçylary tarapyndan doly makullanyldy.
Bitaraplyk syýasatynyň düýp manysyny güýje baýrynmazlyk we hoşniýetlilik pelsepesi düzýär. Munuň özi türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryndan, ahlaky-ruhy ýörelgelerinden, adamkärçilik gymmatlyklaryndan gelip çykýar. Parahatçylyk, sabyrlylyk, arkalylyk we arkalaşyklylyk, mähribanlyk türkmen milletiniň süňňüne, ganyna siňip, onuň dünýägaraýşynyň we dünýäni duýuşynyň esaslaryny düzýändir.
«Bitaraplyk syýasatynyň ilkinji şerti biziň goňşularymyz bilen agzybir ýaşamagymyzdyr. Goňşularymyz bilen oňuşýan bolsak, onda bitaraplyk syýasatymyz dogry ýol bilen barýar... Biz, türkmenler, hiç mahal, hiç bir döwlete, hiç bir halka ýamanlyk etmeris. Emma hiç kimiň bize şikes ýetirmezligi üçin türkmen döwletiniň hem güýçli bolmagy gerekdir. Ine, şu şert bilen biz bitaraplyk syýasatyny yglan etdik» diýip, biziň Beýik Serdarymyz nygtaýar. Diýmek, baky Bitaraplyk türkmeniň güýçli bolmagyny üpjün etmek üçin gerekdir. Garaşsyzlyga şek hem şikes ýetirilmezligiň daşarky şerti bolan baky Bitaraplyk – Türkmenistan döwletini her hili dawalara, jenjellere sokjak bolmaga synanyşyklardan goranmagyň guralydyr.
Halk maslahatynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-sinde bolan mejlisinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy halkara-hukuk derejesi hökmünde Bitaraplygyň nämedigini düşündirdi.
Türkmenistanyň bitaraplygy:
– gelip çykyşy boýunça – ykrar edilen bolup durýar. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» rezolýusiýasy (1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Üçünji duşuşygynyň jemleri boýunça Yslamabat memorandumynyň (1995-nji ýylyň aprel aýynyň 15-i) Goşulmazlyk hereketiniň ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň konferensiýasynyň jemleýji resmi namasy (1995-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-si, Kartahena, Kolumbiýa) bilen tassyk edilýär;
– görnüşi boýunça – hemişelik;
– mazmuny boýunça – oňyn, konstruktiw;
– özeni boýunça – prinsipial
bolup durýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Bitaraplyk hukugy «diňe türkmenler üçin däl-de, eýsem biziň ähli goňşularymyz, dünýäniň ähli halklary üçin täsirlidir. Hiç kim türkmen topragyna çozup, onuň baýlyklaryna göz gyzdyryp bilmez», «BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky rezolýusiýasyny kabul etmeginiň biziň üçin täsin mümkinçilikdigine hem örän gowy düşünýäris. Biz şol mümkinçilikleri halkymyzyň aňrybaş derejede durmuş-ykdysady taýdan peýdalanmagy üçin, biziň goňşularymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň netijeliligini duýmaklary üçin, umumydünýä bileleşiginiň şu örän möhüm işde bizi goldap, ýalňyşmandygynyň hakyky tassyklamasyny alandygy üçin, ondan doly derejede peýdalanmalydyrys» diýip, Beýik Serdar geljekki maksatnamalary kesgitledi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukugynda berkidilen ylalaşdyryjylyk merkezi hökmündäki işi tiz wagtdan öz anyk miwesini berdi. BMG Türkmenistana täjigara gepleşikleriniň üç tapgyryny geçirmegiň ýeri bolmaga ygtyýar berdi. Muňa Täjigistanyň hökümeti hem, täjik oppozisiýasynyň wekilleri hem razy boldular. Gepleşikler 1995-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda başlandy, 1996-njy ýylyň Türkmenbaşy-Baýdak aýlarynda dowam etdi we şol ýylyň iýul aýynda-da tamam boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Täjigistanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
1997-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Aşgabatda Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Halkara forumy geçirildi. Bu hem anyk durmuşy netijeleri berdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşular bilen ylalaşykly, oňşukly we arkalaşykly gatnaşyk etmekdir. Iň uly goňşularyň biri bolan Russiýa Federasiýasy bilen ykdysady hyzmatdaşlyk giňden ýola goýuldy. Nebit-gaz pudagyny ösdürmekde, Hazar ýalpaklygyndaky känleri özleşdirmekde, beýleki meselelerde Russiýa bilen uzak möhletleýin we oňyn, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soýuz döwründäkiden tapawutlylykda bu ýurt bilen Türkmenistanyň aragatnaşyklary doly deňhukuklylyk häsiýetine eýe boldy. Munuň özi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň garaşsyz, şol bir wagtda-da çeýe hem inçe diplomatiýasynyň miwesidir. Şeýle oňyn gatnaşyklar Özbegistan, Owganystan, Gazagystan, Eýran ýaly goňşy ýurtlar bilen hem ýola goýuldy. Türkmenistanyň goňşular bilen gatnaşygyndaky esasy ýörelgeleri arkalaşyk we halallyk bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Türkiýe bilen ykdysady we medeni gatnaşyklary has hem rowaçlandy. Munuň aňyrsynda bolsa iki halkyň gan, din, dil we ruhy birligi ýatýar. Diýmek, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasatynyň esasynda diňe rasional aňlanylan bähbitler däl, eýsem ruhy-ahlaky, emosional iterijiler hem ýatýandyr. Bu bolsa daşary syýasata adamkärçilik, ýürekdeşlik öwüşginini berýär. Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda türk firmalarynyň we kompaniýalarynyň 110-danam köpüsi işleýär. Türkmenistanda zähmet çekýän türk hünärmenleriniň sany 10 müňe golaýdyr. Olar, esasanam, düýpli gurluşyk hem-de dokma senagatlarynda işleýärler. Sowet häkimiýeti ýyllarynda ýüz müňlerçe tonna pagta öndürýän Türkmenistan diňe çig mal bazasy bolupdy. Garaşsyzlygyň sanlyja ýyllary içinde 100-den gowrak dokma fabrigi guruldy. Diňe 2,5 ýylyň içinde türk gurluşykçylary Türkmenistanda 2,5 milliard dollarlyk işi ýerine ýetirdiler.
Daşary aragatnaşygyň esasy usuly hökmünde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy saýlap aldy. Munuň özi GDA babatda hem şeýledir. Türkmenistanyň Arkalaşyga garaýşy we onda eýeleýän anyk garaýşy diňe milli bähbitler bilen şertlenendir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Arkalaşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ileri tutmagyň tarapdary bolup çykyş etdi. GDA dolandyryjy, edara ediji, ýokardan garaýjy gurama däl-de, döwletleriň arasyndaky derwaýys meseleleri ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn suratda çözmegi üpjün edýän maslahat beriji gurama bolmalydyr. Esasy zat – milli garaşsyzlyga hiç hili zeperiň ýetirilmezligidir. Beýik Serdarymyz «Türkmenistan reglamentirlenýän wezipeleri, berk borçnamalary, döwletiň üstünden garaýan gurluş ýa-da dolandyryş guramalary bolan bir gurluşa hem girmez» diýip kesgitli aýtdy. Türkmenistan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara Ykdysady komitetiniň agzasy däldir. Ol Arkalaşygyň kollektiw howpsuzlyk baradaky şertnamasyna gol çekmekdenem ýüz dönderdi. Bu diňe GDA babatda şeýle däldir.
1992-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-31-inde Ankarada türki dilli döwletleriň maslahaty boldy. Duşuşykda türkidilli döwletleriň syýasy-ykdysady merkezini döretmegiň zerurlygy barada teklip edildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şonda bu teklibe tutanýerli garşy çykdy, çünki, munuň özi döwletiň Garaşsyzlygyna çapraz gelýärdi.
Ine, EKO babatda welin, Beýik Serdarymyz hemişe oňyn garaýyşda boldy. Çünki, EKO sebitiň ýurtlarynyň sap ykdysady bileleşigi bolup, onuň işinde syýasat kesgitleýji ähmiýeti eýelemeýär. Şonuň üçinem oňa agza bolup giren ýylyndan başlap, Türkmenistan bu guramanyň çäginde özi hem goňşulary üçin ykdysady bähbitli onlarça işleri ýerine ýetirdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasaty onuň ömrüniň taryhy, şahsyýet ýasawy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hossarsyzlykda önüp-ösen adamyň daşky dünýä bilen gatnaşygy beýlekileriňkiden gaty parhlanýar. Ene-atanyň elinde ulalan adam köplenç maddy, ruhy we hatda kämahal akyl taýdanam olara garaşlylyk ýagdaýynda bolýar. Emma hossarsyzlykda ulalanyň häsiýetinde esasy üç sany aýratynlyk – garaşsyzlyk, güýçli bolmaga dalaş etmek we öz güýjüň bilen halal ýaşamak we işlemek ýörelgesi terbiýelenýär. Hut şu üç aýratynlygam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasatyny kemala getirýär. Özüniň mekdep ýyllary barada Beýik Serdar şeýle ýatlaýar: «Ýokary synplarda okaýarkak, mekdepden boş wagtlarymyz Teke bazara işlemäge giderdik. Alma, armyt, kişmiş, hoz satýan söwdagärleriň ýüküni daşaşardyk. Şonda deň-duşlarym hojaýynyň gözüni güýdüşip, kişmişdir hozdan biraz «çilerdiler». Men weli beýtmezdim. Söwdagärlerem samsyk däl, oglanlaryň bu garagollugyny görüp durardylar. Şonuň üçinem iş tamamlanansoň, olaryň paýyny az bererdiler. Maňa weli halallygym üçin iki-üç esse köp bererdiler. Hawa, halallygyň öz rysgaly bar. Halallygyň öz gudraty bar». Beýik Serdaryň daşary syýasaty şeýle müýnsüz halallyga esaslanýar. Şol halallykdan bolsa özüňe göwnüýetijilik bolan garaşsyzlyk we güýçlülik gelip çykýar. Daşary syýasatda sapalak atmak däl-de, açyklyk, hilegärlik däl-de, gönümellik iň öndümli ýörelgeler bolup durýar. Munuň özi hyzmatdaşlarda ynam hem ynanyşmak ruhuny döredýär. Diňe sylaýan adamyňdan sylaga garaşyp bolýar. Bu hakykat döwletara gatnaşyklarda hem hakykatlygyna galýar. Daşary syýasatynda şu hakykaty ýörelge edinen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň işleri hemişe rowaç alýar. Onuň dostlary barha köpelýär, öňki dostlary bolsa doganlara öwrülýär. Munuň şeýledigine dürli döwlet baştutanlarynyň Türkmenistanyň Baştutanyna berýän bahalary-da güwä geçýär:
Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demirel:
«Saparmyrat Nyýazow ata Watanymyz Türkmenistany gysga döwrüň içinde ajaýyp döwlete öwürdi. Saparmyrat Nyýazowyň bu başarnygy dünýäde meşhur syýasatçy hökmünde tanalmagyna getirdi. Men Saparmyrat Nyýazowa aýratyn sarpa goýýaryn. Onuň ady türkmen halkynyň dilleriniň senasyna öwrülipdir, bu hemişe-de şeýle bolar».
Ermenistanyň öňki Prezidenti L.Ter-Petrosýan:
«Biziň ähli ýurtlar bilen gatnaşygymyz edil Türkmenistan bilen gatnaşygymyz ýaly bolaýan bolsady, onda Ermenistanyň hiç hili kösençligi bolmazdy».
BMG-niň Baş Sekretary:
«Bu forum (EKO-nyň sammiti) – sebitiň ösmegi we güllemegi ugrunda Prezident Nyýazowyň aýgytly tagallalarynyň ýene bir tassyklamasydyr».
Eýranyň öňki Prezidenti Haşemi-Rafsanjany:
«Türkmenistan we onuň baştutany dünýäde uly hormatdan peýdalanýar... Saparmyrat Nyýazow geljegi azyndan 20 ýyl öň anyk görýär».
Russiýanyň öňki Prezidenti B.Ýelsin:
«Hemişelik Bitaraplyk derejesi – munuň özi Türkmenistanyň dünýä ýüzünde gazanan ägirt uly üstünligidir, Saparmyrat Türkmenbaşynyň uly abraýynyň şaýatnamasydyr».
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň aňynda mukaddeslik bolup orun aldy. Bu gün Beýik Serdar halkyň ýüreginde beýik söýgi, nusgalyk şahsyýet bolup ýaşaýar. Bu gün Beýik Serdary türkmen halky, gysgaça aýdanyňda, şeýleräk göz öňüne getirýär: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy – örän parasatly, öňdengörüji, eserdeň we sowukganly syýasatçy; ol tüýs Il ogly, Watan ogly, halk bilen juda ysnyşykly Beýik milli Serdar; halkara derejesinde uly syýasy at-abraýa eýe; onuň ýeke-täk maksady türkmen halkyny erkana durmuşda bagtyýar ýaşatmak; ol özi we Türkmenistan bilen akgöwünli hyzmatdaşlyk etmek isleýän her bir adama, özüniňkiden-de zyýat akgöwünlilik bildirýär; sabyrly, her bir işi oýlap-ölçerip edýär. Çylşyrymly meseleleri çözmäge, kyn işleri amal etmäge howlukmaýar, ýedi ölçäp, bir kesýär; halkyň geçmiş taryhyny, milli däp-dessurlary gowy bilýär we döwleti dolandyrmak işinde olardan ugur almagy hem-de köne bilen täzäni jaýdar utgaşdyrmagy başarýar; şahsy taýdan ýakymly, her gören adamda turuwbaşdan özüne ynam döredýär; gepleýiş äheňi mylaýym, salykatly we özüne çekiji; ýokary medeniýetli, sypaýy, türkmeniň ähli gowy adamkärçilik sypatlaryna eýe; keşbi syratly hem-de hoşroý, ýüz-keşbi nurana; dilewar, geplände islendik derejedäki adamyny aýdýanlaryna ynandyrmagy başarýar, dili obrazly; hereketinde hiç hili ýakymsyz, ýaramaz endikleri ýok; söhbetdeşini sabyr-takatly, üns berip diňlemegi başarýar; köp okamagy halaýar we başarýar. Ylmyň dürli ugurlaryndan, edebiýatdan, sungatdan oňat başy çykýar; ýiti synçy; ägirt uly gujur-gaýrata, çydamlylyga eýe; täzelikçi. Islendik täze pikirler toplumyndan öz halkyna bähbitlisini we durmuşa ornaşdyrmak mümkin bolanyny saýlap almaga ökde; ylalaşyga geliji, göwünjeň, hoşgylykly; geçirimli; jepakeş, her bir başlan işini ahyryna çenli alyp gitmegi başarýar, aýdanyny bitirýär; aňsat gaharlanmaýar, gahary gelen pursaty hem tiz özüni ele almagy başarýar; rehimli, ol hatda jenaýat eden adamlara-da hossar gözi bilen garaýar we halky olaryň eden ýamanlygyna hem ýagşylyk bilen jogap bermäge çagyrýar; töwereginde bolup geçýän wakalara, hadysalara gowy niýet bilen garaýar; geljege umytly we ynamly seredýär; örän haýyr-yhsanly, gadyr edeniň gadyryny bilýär; ata-enesine halk görelde alarlyk derejede gadyr we hormat goýmagy başarýar; keramatly, mukaddes hasaplanýan zatlara belent sarpaly, arassa çemeleşýär we beýlekilerdenem şony talap edýär; özi arassa ahlakly bolmak bilen, tutuş halky, ähli adamlary arassa ahlaklylyga çagyrýar; özüni halk köpçüliginiň içinde sada, ynamly we ýakymly alyp barýar; çagalary gowy görýär, olaryň arassa kalbyndan joşup çykýan sözlerini, aýdymlaryny diňläp, uly lezzet alýar; örän talabediji; aldawçylygy, gözboýagçylygy halamaýar; özüne wepalylyk bildirýän adamlary çalt tanaýar; batyrgaý hereket edýär, belli bir karara gelensoň, şony gaýduwsyzlyk bilen berjaý etmäge çalyşýar; mydama mertebesini belent, başyny buýsançly tutmagy başarýar; Watanyň bähbidini öz şahsy bähbidinden ileri tutmagy başarýan adamlary halaýar; adalatly, dogruçyl, aňsat bir sözi beýlekisini bozmaýar; iň bir galagoply ýagdaýlarda hem aljyramaýar, howsala düşüp, töwereginde başagaýlyk döretmeýär; söhbetdeşiniň sözläp başlan äheňinden we pikirlerini beýan edip ugraýşyndan onuň näme hakda aýtmak isleýändigini öňünden aňmaga ukyply; örän duýgur, käbir wakalaryň öz ösüşinde nähili netijelere getirip biljekdigini öňünden kesgitläp bilýär; islendik zat hakdaky pikirini ýokary ynamlylyk bilen delillendirmäge, esaslandyrmaga ukyply; ýiti ýatkeşligi bar, bir gören ýüz keşbini ençeme ýyldan soň hem, ýüzlerçe adamlaryň arasyndan saýgaryp,tanaýar; garaýyşlary erkin, dürs pikirlenýär; juda kämil ösen, her zadyň aslyna ýetmek we her bir wakanyň, hadysanyň döreýiş sebäplerine jikme-jik göz ýetirmek islegini aňryýany bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän pikirleniş ukyby bar; aňy beýnisiniň kabul eden dürli häsiýetli maglumatlaryny çalt rejeläp, ulgamlaşdyryp hem-de olar hakda pikir öwrüp, netijeler çykaryp ýetişýär; netijeli pikirleri gep arasyndan-da saýlap tutup alyp galmaga, olary çalt özleşdirmäge, şol esasda täze pikirler ýasamaga, pikirler, garaýyşlar döretmäge hem-de taglymatlary kemala getirmäge haýran galarlyk derejede ukyply; tebigy berlen döredijilik zehinine eýe; juda diýeni gelginli, köplenç edeni şowuna, aýdany ugruna bolýanlardan.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa mahsus hasaplanýan şu we beýleki häsiýetler hakda Beýik Serdaryň syýasy terjimehalyna bagyşlanan bu kitabyň ikinji babynda giňişleýin gürrüň ediler.
■ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ
ŞAHSYÝET KÖPGYRAŇLYLYGY
Biz birinji bapda, esasan, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň terjimehalyny taryhy yzygiderlilikde beýan etdik. Munuň özi şahsyýetiň jemgyýetçilik durmuşynda kemala gelşini we ösüşiniň barşyny yzarlamaga, ösüşiň mantygyny hem dinamikasyny mümkingadar dolulygynda hem çuňlugynda göz öňüne getirmäge synanyşykdyr. Biziň ikinji bapda öňümizde goýýan esasy wezipämiz şahsyýeti töwerekleýin göz öňüne getirmek. Munuň özi giňişlik garaýşy bolup, onda şahsyýetiň durnukly hem doly kemala gelen hadysa hökmündäki ähli kämillik, ahlak aýratynlyklaryny mümkingadar gözedoly açmaga synanyşyk ediler. Biziň pikirimizçe, şu iki – dikligine hem keseligine göz öňüne getirişiň jeminden Beýik Şahsyýetiň iň esasy sypaty – onuň şahsyýet bitewüligi aýan bolar diýip ynanýarys.
Taryhy dowamatda uly orun eýeleýän beýik şahsyýetleriň esasy aýratynlyklarynyň biri – olaryň adatdan daşary beýikligini amal edýän zatlaryň biri şeýle şahsyýetleriň köpgyraňlylygydyr. Köpgyraňlylyk bu ýerde şahsyýetiň köptaraplylygy, köpjähetliligi manysynda gelýär. Bu hili baş aýratynlyk degişli şahsyýetiň taryhy durmuşda örän düýpli hem çuňňur hadysadygyndan gelip çykýar. Adam şahsyýeti öz gurluşy boýunça aňyrsy göze görnüp duran bolsa, onuň taraplary-da az bolýar. Netijede, oňa akyl ýetirmek işi-de ýönekeý pikirlenme usulyýeti bilen tükellenýär. Onuň gaty basym aňyrsyna çykyp bolýar. Emma beýik taryhy şahsyýetiň nämedigine we kimdigine akyl ýetirmek işi, munuň tersine, örän çylşyrymly we köpugurly pikirlenme işini talap edýär. Ýöne, hatda şonda-da, beýik şahsyýetde, gürrüňsiz, akyl ýetirip, soňuna çenli baryp bolmaýan täsinlikler bar. Elbetde, munuň özi beýiklige akyl ýetirmek hyjuwynyň hem isleginiň öňünde kynçylyklary döretse-de, ol islegi bütinleý baglap goýýan päsgelçilik bolup bilmez. Çünki bu durmuşda bolup geçen ýa bolup geçýän çuňňur hadysalara akyl ýetirmek aňyň tebigy borjudyr.
Biz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň bitewüligini göz öňüne getirmek üçin, oňa alty sany nukdaýnazardan seretmegi makul bildik. Munuň özi bu beýik şahsyýetiň alty sany esasy jähetini, tarapyny kemala getirýär. Şolaryň hersi boýunça doly hem esasly gürrüň edip, biz şahsyýetiň ähli sypatlaryny hem gymmatly taraplaryny göz öňünde dikeldip bileris. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň beýiklik ähmiýetine we janly bitewüligine göz ýetirip bileris.
(Dowamy bar)...
Publisistika