II.
Saparmyrat Türkmenbaşy ata-babadan döwletment, rysgally kişi, ol serdarlar neslinden. Edil şol bir wagtda-da onuň açyk, päkgöwünliligi onda türkmeniň öňden hormatlap gelýän sypatlarynyň jemlenendigini görkezýär. Ol adamlar bilen ýürekdeş gürleşmegi, adamyň içki pikirini okamagy başarýar. Ol adamlara çäksiz uly hormat goýýar. Her bir ýanyna gelen adamy ýerinden ör turup gadyrly, mähirli garşylaýar, onuň hal-ahwalyny soraýar. Ol söhbetdeş bolan adamynyň ýüzüne, gözlerine seredip, onuň bilen islendik zat hakda, gürleşip, içki dünýäsine girmegi we ony ýakyndan tanamagy başarýar. Gýote: «Meniň adam tanamagym üçin onuň bilen on bäş minut gürrüňdeş bolmagym ýeterlik» diýen bolsa, Beýik Serdar 4-5 minut gürrüňdeş bolan adamynyň içki dünýäsini doly anyklamagy, kesgitlemegi başarýar. Beýik Serdar bilen gürrüňdeş bolan her bir adam onuň diýseň ýönekeý, diýseň ýürekdeş adamdygyna haýranlar galýar. Onsoň her bir adam Beýik Serdarda öz ýürekdeşini, öz howandaryny görýär. Şeýle bolansoň, adamlar ýazylyp-ýaýrap Beýik Serdar bilen ýürekdeş gürrüň etmäge başlaýarlar. Beýik Serdar adamlary ünsli diňläp, olaryň isleg-haýyşlaryny ýerine ýetirmäge çalyşýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň keşbinde türkmeniň döwlet baştutany baradaky gadymy pikir-maksatlary jemlenýär. Asylzadalyk, tutanýerlilik, akyl belentligi, göwün sadalygy, görmegeýlik, oýlanyşyklylyk hem töwekgellik – eger siz Ýusup Has-Hajyp Balasagunlynyň, Ahmet Ýugnakynyň eserlerini, «Oguznamalary», «Seljuknamany», «Gorkut atany» we beýleki gadymy eserlerimizi okasaňyz, onda türkmeniň patyşa baradaky isleg-telwaslarynda şu hili häsiýetleriň jem bolanlygyny görersiňiz. Patyşanyň şahsy belentligi döwlet rowaçlygynyň, halk bagtynyň açylmagynyň baş girewi hasap edilipdir. Patyşanyň öz halky üçin açyklygy, olaryň arasynda hiç hili emeli diwaryň bolmazlygy halkyň söýgüsiniň güýçli hem tämiz bolmagyna getirýär. Özüniň gündelik zähmet pursatlaryny halkyna doly ýetirip duran, halky üçin ýakyn bir hossara öwrülip giden, telewizor arkaly günde-günaşa halkynyň, her bir öýüň töründe oturyp, döwlet aladalaryny onuň bilen deň paýlaşyp bilýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar, synçylar, syýasatçylar özlerinde dörän täsirleri buýsanç bilen beýan edýärler. Dogrudan hem halk bir syna öwrüldi: halk her gün agşam işden soň ähli aladalaryny unudyp, telewizor arkaly berilýän «Watan» habarlar gepleşigine seredýär. Beýik Serdar öz halkynyň içki küýseglerini duýýar, döwletdäki ýetmezçilikleri aç-açan aýdýar. Ol döwlet ýolbaşçylary babatda hem ýüz görüp, gapyrga syrjak bolmaýar. Kim işde düýpli kemçilikler goýberen bolsa, kim «Susak sapy elime ildi» diýip, gara nebsini şagladýan bolsa, Beýik Serdar onuň kemçiligini köpçüligiň içinde açyk aýdýar, oňa çäre görýär. Beýik Serdaryň anyk talaby bar:
– Halal işle;
– Ynanylan wezipäňden bilkastlaýyn peýdalanma;
– Özüňe ynanylan wezipäňi ýerine ýetir;
– Ýalan sözleme;
– Işiňe döredijilikli çemeleş;
– Ýaşlarda guramaçylyklygy, ýolbaşçylyk etmäge başarnyklylygy kämilleşdirmäge çalyş, ýolbaşçylyk edýän edaraňda her bir wezipä mynasyp işgärleriň bolmagyny gazan.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň ykdysady görkezijilerini ýatdan bilýär. Aslynda hem Beýik Serdar biçak ýatkeş şahsyýet. Ol öz çykyşlarynda sanlary, maglumatlary okap däl-de, ýatdan aýdýar. Çünki Beýik Serdar öz aýdýan zatlarynyň içinde ýaşaýar. Onuň her bir sözi, pikiri adamlara örän ýiti täsir edýär.
Halk Türkmenbaşa imrindi, Türkmenbaşy halka özüni aldyrdy. Halk bilen Prezidentiň şu hili köňül ýakynlygy barada oýlananyňda, meseläniň ruhy tebigatyna dahylly bir zat ýadyňa düşýär. Ruhumyzyň ýüze çykmagy bolan milli dilimizde soňky döwürlerde bir jümle, söz giňden ýaýrady. Olam «raýat» diýen sözdür. Biziň hemmämiz Türkmenbaşynyň, türkmen döwletiniň raýatlarydyrys. Raýatlar syýasy-ruhy bitewülik bolup duran döwletiň esasy şahs birlikleri, öýjükleridir. Raýatlar arasyndaky gatnaşyklar döwletiň baştutany bolan Prezidentde jemlenýär. Şonuň üçinem Prezident ol gatnaşyklary hukuk hem ruhy taýdan sazlaşdyryjy şahsyýetdir. Hezreti Magtymguly «Bir döwlete gulluk etsek» diýip, arzuw edip geçipdir. Raýatlar döwletiň gullugyndadyrlar, döwlet raýatlarynyň goragyndadyr. Göräýmäge, diňe syýasy manyly bu gatnaşygyň düýpli ruhy mazmuny hem ähmiýeti bardyr. Milli-döwlet degişliligi indi biziň üçin düýpli görkezijileriň birine öwrüldi. Ruhumyzyň giňişliginde öň esasy iki degişlilik bardy. Beýle diýmek bilen, şuny göz öňünde tutýaryn: biziň her birimiz Hudaýyň bendesi hem Muhammediň ymmatlarydyrys. Beýik Türkmenbaşynyň döremegi bilen bu ruhy ulgama ýene bir degişlilik goşuldy. Şonuň üçinem biz indi şeýle diýýäris:
– Biz Hudaýyň bendesidiris, Muhammediň ymmatydyrys, Türkmenbaşynyň raýatlarydyrys.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň getiren ruhy täzelikleri ylymdyr sungata-da gönüden-göni degişlidir. Ol ylym bile sungatyň düýp manysy, durmuşa gatnaşygy meselesinde bütinleý täze ruhy ýörelgeleri öňe sürdi. Türkmenbaşymyzyň talaby bilen ylymdyr sungat howaýylykdan hem türkmeniň durmuşydyr ýüreginden daşlykdan saplanyp ugrady. Halkyň, döwletiň durmuşy hajatlary bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, durmuşda netije bermeýän ylymdyr sungat indi türkmene gerek däl. Bu Beýik Türkmenbaşynyň ruhy pelsepesiniň esasy pursatlarynyň biridir. Özüniň dogrulygy boýunça ol türkmeniň öňden gelýän ýörelgelerine doly gabat gelýär. Döwletmämmet Azady halka, döwlete ruhy gujur berip bilmeýän alymlary üsti kitaply eşeklere deňäpdir. Nähili ýakymsyz hem gönümel, emma jaýdar hem hak meňzetme! Halkyň ruhuna dahyly bolmadyk ylym ýa sungat onuň üçin ýük, taryhyň çarkandakly ýollarynda onuň üçin asgynjaňlykdyr. Beýle artykmaç ýük milletiň kuwwatynam, ruhy gujurynam pese düşürýär. Şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen durmuşy, türkmen geljegi bilen baglanyşykly däl ylmy pudaklaryň döwlet derejesinde netijesiniň, geljeginiň ýokdugyny yglan etdi. Şunuň bilen jemgyýetiň ruhy üpjünçiliginiň çägindäki ruhy, ýagny ylmy hem medeni gymmatlyklaryň zerurdygyny hem ýeterlikdigini nygtady.
Adamzat hat ýazuwynyň iň gadymy görnüşi toýun kitaplar hasap edilýär. Ine, şol gadymy döwür bilen baglanyşykly bir täsin gürrüň saklanyp, bize gelip ýetipdir. Şeýle uly wagt aralygyndan geçip (bäş müň ýyl töweregi) bize gelmegine, elbetde, ruhy sebäpler bolupdyr. Şonda, aýdylyşyna görä, gadymy akyldardan «Haçan ahyrzaman bolar?» diýip sorapdyrlar. Akyldar näme jogap berendir öýdýärsiňiz: «Haçan-da ekmäge ýer gutaranda hem-de adamlaryň bary emeldar bolanda». Ýetmiş ýyllyk ylym hem medeniýetde ruhy telperlikden beter emeldarlyk ýokundysy bardy. Çünki olaryň işinde durmuş bilen medeniýeti baglaşdyrýan ruhy mazmundan beter halkyň hasabyna ýaşamagyň usuly bolan emeldarlyk emelleri bardy. Ol emel kereplerini ýolup, durmuş, millet, döwlet bilen ruhy baglanyşyklary talap edýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu meseledäki beýikligini, gaýtalanmazlygyny, erkinligini görüp haýran galýarsyň.
Beýik Türkmenbaşynyň ruhy sapaklary türkmen milli dili baradaky garaýyşlarynyň täzeliginde hem görünýär. Öňki döwürde dile aragatnaşyk serişdesi diýmek ýoň bolupdy. Munuň özi dil ýaly beýik hadysa tüýs ýöntem garaýyşdy. Beýik Serdarymyz diliň milletiň ruhuny aýan etmegiň özüdigini, ruhuň ýüze çykmasydygyny nygtap görkezdi. Onuň ruhy garaýyşlarynda türkmen dili öz mynasyp ornuny tapdy. Bu meselede onuň ýöredýän syýasaty durmuşylygy we dogruçyllygy bilen tapawutlanýar. Türkmen diliniň taryhy birnäçe ýüzýyllyklar bilen ölçelýär. Emma onuň mertebesi, abraýy hiç mahalam Beýik Türkmenbaşy eýýamyndaky ýaly belent derejä ýetmändi. Çünki bu diliň taryhynda diňe Beýik Türkmenbaşy türkmen dilini döwletiň dili diýip yglan etdi. Hatda beýik Seljuklar döwletinde-de türkmen diliniň beýle mertebä ýüzi düşmän eken. Milli diliň döwlet derejesine çykarylmagy onuň ösmegi üçin, onuň içki kuwwatynyň, şiresiniň hem baýlygynyň ýüze çykmagy üçin doly mümkinçilikler açýar. Dile döwlet hossar çykanda, onuň ösüşi jedelsizdir, geljegi kepillendirilendir. Milli dilde döwletiň özi gürläp ugranda, ana, şonda ol sözüň doly manysynda taryhy durmuşyň belentligine çykýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dil taglymaty – munuň özi sözüň oňyn manysynda hem aňyýetdir, hem täze pelsepedir. Dil pelsepesi türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk many hem gurluş ösüşini özünde jemleýär. Döwlet diline öwrülende, edebi dil gutarnyklylyga hem giňlige eýe bolýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy göreldesi türkmen dilinde arassa, labyzly hem şirin gürlemegiň janly nusgasydyr.
Döwletiň öz gündelik ýaşaýşynda türkmen diline geçmegi, habar beriş serişdeleriniň, döwlet guramalarynyň, tutuş ykdysady, syýasy hem medeni edaralaryň türkmen dilinde sözläp başlamagy diliň ýaşaýşynda juda çylşyrymly özgerişleri, kämilleşmäni emele getirdi. Türkmen dili birnäçe ýyllap ýatyp-ýatyp, birdenem doly güýjünde işläp başlan bir enjamy ýada salýar. Bu ýerde meselelerem ýüze çykýar. Adalgalaryň saýlanyp alnyşynyň, ulanyşa girizmegiň düzgünleri, bu meselede bir çukura tüýkürmek ýaly meseleler bar. Beýik Türkmenbaşynyň taryhy aýgytlylygy bilen türkmen dili Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykýar. Daşary ýurtlardaky türkmen dil şiwelerini öwrenmek, olaryň türkmen diliniň taryhyny aýdyňlaşdyrmakdaky ornuny kesgitlemek ruhy meseleler bolup ör-boýuna galýar. Milli döwlet, milli dil, milli ruh – Beýik Türkmenbaşynyň ileri tutýan ugurlaryna öwrüldi, çünki bu ugurlar türkmen milletiniň güýç-kuwwatynyň ýüze çykýan pursatlarydyr. Heý-de biz garaşsyzlykdan öň, türkmen üçin şeýle taryhy mümkinçilikler açylmanka, bu hili belentlikleri göz öňüne getirip bilermidik?! Aýdylyşy ýaly, soragyň jogaby onuň özündedir. Jogabyň oňynlygy-da düşüniklidir. Beýle oňynlygyň aňyrsynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy hyzmatlary, şahsyýet belentligi durýar. Ruhy jähetdäki şeýle beýiklik indi Bitaraplyk binasynyň beýikliginiň üstünde Beýik Türkmenbaşynyň heýkeliniň goýulmagy bilen öz ruhy manysyny maddylaşdyrdy. Beýik Türkmenbaşynyň parasatlylygy bilen türkmeniň maddy durmuşy onuň ruhy hereketleriniň netijesi bolup durýar.
Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmen döwleti Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly ruhunyň perzendidir. Ol Beýik Türkmenbaşynyň ruhy-syýasy ylhamynyň önümidir. Bu döwlet Beýik Türkmenbaşynyň syýasy genisinden döredi we türkmen raýatlarynyň ruhunda täze syýasy aňy kemala getirdi. Munuň özi adamyň beden gurluşyndan mysal alyp deňeşdireniňde, üçünji gözüň açylmagy ýaly bir zatdyr. Türkmen halkynyň dünýä gatnaşygynyň täze ugry hem täze ölçegleridir. Pikir edip görüň, şahyr seniň ygtyýaryňa öz goşgularyny berýär, sen okaýarsyň, üýtgeşik ruhy ahwalatlary başdan geçirýärsiň, dünýäniň öň güman edilmedik täze taraplary açylýar. Edil şonuň ýaly biz – türkmenler dünýäni ruhy-syýasy görşi başdan geçirip, aňyň täze bir görnüşine eýe bolduk. Beýik Türkmenbaşy bize bitewülik berdi, özümizi bitewülik, birlik hökmünde duýmaga mümkinçilik berdi.
Beýik Türkmenbaşy – türkmen döwleti – türkmen milleti.
Bu üçburçluk ruhy gatnaşyklaryň täze türkmen ülňüsini berdi. Beýik Türkmenbaşynyň ajaýyp tahýalyja türkmen balalarynyň başyny sypalap duranyny görenimizde, kalba dolýan buýsanç, guwanç hem mertebe duýgusyndan ýaňa gözümize ýaş aýlanýar, ol duýgularymyz ýürekden gaýdyp, gözümizden nem bolup çykýar. Neneň buýsanmajak?! Sen söýginiň täze bir hilini – ruhy-atalyk söýgüsini synlaýarsyň ahyryn. Ata perzendiniň hossarydyr. Hossar bolsa daşyny goraglaýar, ejizligini duýduranok, seniň eliňden tutup, seni belentliklere alyp çykýar. Şonuň üçinem köneler atany Hudaýyň ornunda görüpdirler. Şonuň üçinem biziň dilimizde häli-şindi «Beýik Türkmenbaşynyň atalyk aladalary» diýen jümleler ýaňlanýar. Munuň özi howaýy ýa owadanlaşdyrylan sözler däldir. Çünki olaryň anyk hem çuňňur ruhy-pelsepewi esaslary bar. Türkmen ruhunda açylan syýasy gözýetimler atalyk aladalary, atalyk mähri, ata käýinji ýaly düşünjeleriň milletiň syýasy barlygy bolan döwlet bile ony dörediji şahsyýetiň aragatnaşygy babatda ulanmagyň ýerlikli hem anyk, gunt ýaly agramly, manyly boljakdygyny görkezýär.
Beýik Serdar ýetim çagalara çyn hossar çykdy, olara ýörite köşk gurup berip, ol köşgi «Döwletliler köşgi» diýip atlandyrdy. Onuň «Ýetim çagalara ýüzlenme» goşgusyny tolgunman okamak mümkin däl: Beýik Serdar bu şygrynda ýetim-ýesirlere özüniň atalyk aladasyny etjekdigini, olaryň özlerini ýetim-ýeke duýmaly däldigini nygtaýar. Ol käte «Döwletliler köşgüne» baryp, ýetim çagalaryň ýaşaýyşlary, okaýyşlary bilen ýakyndan tanyşýar. Olaryň orta mekdebi tamamlanlaryndan soň ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary, durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin uly alada edýär. Bu meseläni Beýik Serdar hiç wagt hem ünsden düşürenok.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuşy özgertmeleri ýylsaýyn has açyk görünýär. Jemgyýetiň keşbi özgerýär, ýaşaýyş täze akaba düşýär. Elbetde, bu durmuşy özgertmeleriň aňyrsynda Beýik Serdaryň ýiti pähim-parasaty, gije-gündizläp irginsiz çeken tagallasy ýatyr. Pýotr birinjiniň döwründe ykdysady, durmuşy hem hojalyk hajatlary halkyň öňden gelýän durmuşy, ruhy endikleri, pikir galyplary bilen ters düşüpdir. Eýsem-de bolsa, bu mesele beýik özgertmeleri amala aşyrýan ähli beýik şahsyýetleriň – döwlet işgärleriniň çaknyşan meselesi bolupdyr. Pýotr bu meselede çürt-kesik hereket edipdir, ol elini ýa aýagyny çykaran adama dözümli, gaty dözümli tebibiň çemeleşişi ýaly, aýgytly hem garadangaýtmaz bolupdyr. Çünki onuň şahsyýeti, ýasawy şeýle gömelteý eken.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuşy özgertmeleri babatynda ondan, ýene-de birnäçe döwlet işgärlerinden beýik artykmaçlyklary bar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda, bir tarapdan, hökman bolaýmaly güýçli syýasy erk bar. Onuň ahlak ynamyndan hem ahlak kuwwatyndan gaýdýan syýasy erki raýatlaryna diýenini etdirmäge, geljekki ýaşaýşyň maksatlaryna laýyklykda jemgyýeti täzeden gurnamaga ýol açýar. Şeýle syýasy hem ahlak erkiň bolmasa, iň derwaýys pikirleriňem, iň ýerine düşäýjek meýilleriňem bahasynyň kör köpükdigini taryhyň maglumatlary tassyklaýar. Pikiri, maksady amal etjek erkiň ýok ýerinde pikiriň bir özünden ne peýda?!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gaýtalanmazlygyny syýasy erkiň güýçlüliginden başga ikinji başarnyk üpjün edýär. Bu başarnyk onuň çeýeligi hem seresaplylygy, türkmençe aýdanyňda, arkalylygydyr. Hut şu sypatlary hem häsiýetleri mynasybetli, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen jemgyýetini durmuşy dartgynlyksyz täze ýörelgelere ýuwaşlyk bilen ugrukdyryp goýberdi. Aýdylyşy ýaly, ol hatda garynjanam ynjytmady. Halkyny ynjytman-agyrtman, şol bir wagtda-da onuň aňyny, köne durmuşa, möwriti öten jemgyýetçilik endiklerine ram eden edim-gylymyny üýtgedip goýbermek – her bir görnükli taryhy şahsyýet şunuň hötdesinden geläýermikä?! Tas mähelläniň derejesine çenli pese düşen köpçüligiň, «maňa azar berme» diýen terzde hereket edýän, oýlanýan köpçüligiň ýaşaýyş dünýäsini üýtgetmek – munuň özi durmuşy-syýasy gahrymançylykdyr.
Erklilik hem ýumşaklyk – agyzlylyk hem polady ýumşaklyk – ine, biziň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy ýasawynda, göräýmäge biri-birini çürt-kesik inkär edýän şeýle sypatlar tebigy suratda jem bolandyr. Şol utgaşyk hem türkmeni köp howplardan aman gutardy, onuň ýaşaýyş gämisi taryhyň apy-tupanlaryndan sag-aman geçmäni başardy, çünki ol gäminiň dolandyryş guraly ynamly ellerdedir – Türkmenbaşynyň ellerindedir. Öz başy aman, malynyň başy tükel, öz aýdyşy ýaly, türkmeniň bitiniňem burny ganamady. Biz häzir Prezidentiň bu artykmaçlyklaryny diňe tekrarlap oňýarys, emma onuň düýp sebäplerini tapardan hem olary görkezerden entek ejizdiris. Şonuň üçinem bu ägirt şahsyýetiň köp ruhy sypatlary, ol sypatlaryň üýtgeşik utgaşygy biziň üçin geň-taňlyk derejesindäki hadysalar bolup durýar. Elbetde, hemme kişiniň göwnüne ýaranyp bolmaz. Jemgyýet özüniň ýasawy, ahlak kämilligi boýunça deň bolmadyk adamlardan durýar. Şonuň üçinem olaryň her birine deň täsir etjek hereketiň bolmagy mümkin däl.
Jemgyýetiň durmuşy hem ykdysady kämilligini, ösüşini gazanmak döwletiň gös-göni mümkinçiligindäki zatlar. Emma kämilligi iki hili topara bölmek mümkin: daşky kämillik hem içki kämillik. Ýokarky agzan ösüşlerimiz daşky kämillige girýär. Içki kämillik bolsa adamyň ruhy kämilligidir, öňküden tapawutlylykda içki kämilligiň amal bolmasyna döwlet gös-göni däl-de, gyýtaklaýyn täsir edip bilýär. Bu ýerde esasy işi adamyň özi etmelidir. Adam öz-özüni kämilleşdirmegiň ugrunda işlemelidir. Bu onuň döwletiň öňündäki raýatlyk, ahlak borjudyr. Ýöne döwletem içki kämilligiň özüne bagly daşky güýjüni-durkuny üpjün edip bilýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama kitaby şol üpjünçilikdir.
* * *
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamalarynyň birinji we ikinji kitaplarynda türkmeniň ruhy taryhynda işlenip düzülen ähli ruhy düşünjeler özleriniň bar pelsepewi çuňňurlygynda giňişleýin beýanyny tapdy. Ol düşünjeleriň içki ruhy, intellektual hem emosional mazmuny adamlar düşüner hem olara täsir eder ýaly derejede döwrüň ruhuna laýyklykda, taryhy gelejege laýyklykda açylyp görkezilýär. Ol düşünjeleriň baky hereketlendiriji ahlak güýji janly, hereketdäki energiýa görnüşine getirilipdir.
Bir akyldaryň aýdan sözi bar: adaty zehinleriň urýan nyşanasyny özlerem görýär, il hem görýär... Genileriň urýan nyşanasyny bolsa, diňe olaryň özi görýär. Ýogsam weli öňkülerem, soňkularam nyşanany gowy urýarlar. Men bu tymsaly ýöne ýere ýatlamadym. Beýik Serdaryň käbir Permanlarynyň düýp manysyna köpler ilkibada o diýen düşünip bilenoklar. Ýöne, aradan birnäçe wagt geçensoň, Beýik Serdaryň käbir ädimi näme üçin öňünden ädendigine, käbir Permany näme üçin öňünden çykarandygyna akyl ýetirip galýarlar. Beýik Serdar döwleti kämil sungat hökmünde dolandyrýar. Şeýle bolansoň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ykdysady görkezijileri dünýäde ösüp barýan döwletleriň arasynda birinji orunda durýar.
Geniler hakdaky şu ajaýyp hakykaty Türkmenbaşynyň ruhy genisi hakynda ulanmak mümkin. Sowukganlylyk, arkalylyk bilen ol indi birnäçe ýylyň dowamynda türkmeni geljege sary alyp barýar. «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer» diýipdir könelerimiz. Biziň käbirlerimiz howlugýarys, emma taryhy ýaşaýşyň ruhy tudanalarynyň haçan, näwagt, nä ýagdaýda bişjekdigini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy gaty oňat bilýär. Şonuň üçinem türkmen oňa öz ykbalyny doly ynandy, onuň şol ynamynda ýalňyşmandygyny bolsa parahatlykda, agzybirlikde hem süýjülikde geçen hem geçýän ýyllar aýdyňlygy bilen görkezip durlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly beýik taryhy şahsyýetler döwletiň ykdysadyýetiniň aladasyny gündelik işine öwürýärler. Çünki döwletiň ykdysadyýeti – milletiň beden gujurynyň görkezijisidir. Biz Beýik Türkmenbaşynyň öz ýurduna aýlanmany gowy görýändigini bilýäris. Çünki Watanymyzyň dürli künjeklerine barmak, görmek onuň aňynda geljek bilen dahylly, döwleti baýatmak hem gurplandyrmak bilen baglanyşykly maksatly pikirleri oýarýar. Türkmen gazyny dünýäniň çar tarapyna çekmek bilen baglanyşykly meýilnamalar şeýle hakykata mysal bolup biler. Bu işde ol öz egindeşleri bilen geljegiň onlarça ýyllyk meýilnamalaryny işledi. Geljegiň pikirini etmek, maksat tutmak – munuň özi hyýallaryňy şu günüňki ýaly hakykata öwürmek ahyryn. Ykdysadyýet hem Türkmenbaşyny beýik ruhy herekete getirýär. Bir adamyň ruhy kuwwaty müňlerçe kilometr ýerlere gaz çekýär – ine, ruhuň gudraty.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň taryhy ömründe täze eýýamy – Beýik Türkmenbaşy eýýamyny açdy, milletiň ömrüne ömür goşdy. Munuň özi, ilki bilen, ruhy eýýamdyr. Bu ruhy eýýamy dörediji Beýik Türkmenbaşy ony türkmeniň asylky, gadymky ruhy düşünjelerinden hem garaýyşlaryndan bejerdi. Ol asylky türkmen garaýyşlaryna ýokary derejede ruhulyk mahsusdyr, durmuşy, onuň ähli taraplaryny ruhy many-mazmuna uýdurmak mahsusdyr. Geçen ýetmiş dört ýylyň içinde diňe syýasy ýa hojalyk, ýa ykdysady manysy hem äheňi bolan zatlar indi çuňňur ruhy mazmuna eýe boldy. Mysal üçin, öňler «döwlet» sözüni syýasy bir ýokundyly düşünje diýip bilýärdik. Emma Beýik Türkmenbaşy eýýamynda döwlet hem döwletlilik özüniň asylky manysyna gaýdyp gelip, diňe syýasy däl, eýsem, çuňňur ruhy-pelsepewi manyly düşünjelere öwrüldi. Edil şonuň ýaly-da öň «azyk, iýmit» ýaly maddy, hojalyk ýokundyly düşünjeler biziň aňymyzyň tebigatyny hem häsiýetini kesgitleýärdi. Görnüşi ýaly, ol pes, maddy eklenjiň aladasynda, gün görmäniň, has türkmençe aýdylanda, gara garnyň ugrunda gezýän adamlaryň aňynyň ölçegleri hem çäklidir. Indi bolsa, köpümiziň özümiz bilmezden, dilimiziň gündelik ýaşaýşyna rysgal, döwlet, bereket ýaly sözler gaýdyp geldi. Aslynda aňladýan manylaryndan ugur alyp gaýtsaň, bularyň – öňküleriň hem soňkularyň şol bir zatlary aňladýandygyny görüp bolýar. Emma bularyň arasynda ägirt uly ruhy tapawut, ruhy aradaşlyk bar. Azyk ýa iýmit garny doýurmanyň serişdesidir, emma rysgal weli sözüň hakyky ruhy manysynda adam bolmanyň, özüňi adam diýip duýmanyň serişdesidir. Bu nämäni aňladýar?! Bu biziň ruhumyzyň beýgelendigini aňladýar.
Beýik Türkmenbaşynyň eýýamy – rysgalyň hem bereketiň, döwletiň hem döwletliligiň eýýamydyr.
Beýik Türkmenbaşy eýýamynda ýürekden çykan pikirler durmuşymyzy kesgitläp ugrady hem biziň durmuşymyza belent ruhulyk manysyny berdi hem ruhy öwüşgin çaýdy.
Hatda diňe baýlyk meselesinde däl, eýsem garyplyk düşünjeleri babatda geçen döwürde ruhumyzyň näderejede ýöntemleşendigini, zatlaşandygyny görüp haýran galýarsyň. Garyplyk – maddy ýetmezçilik diýip düşünildi.
Garyplyk – pespällik, emma şol bir wagtda-da ruhubelentlikdir, çünki durmuşyň ýetmezçiliklerinden ýokary galmakdyr, öz ruhuňy dürli nogsanlardan azat etmekdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ruhy düşünjeleri biziň aňymyzda hem durmuşymyzda kesgitleýji güýje öwürdi. Ol bizi ruhy taýdan halas etdi, ruhumyzy ýöntemlikden, maddylykdan halas etdi. Indi görseň, ruhumyzam çuňlaşyp, dünýädir ömürlerem ýürek telwasladyjy manylaşyp, dilimiz labyzlaşyp, sözlerimiziň süýjüsi artyp, terligi açylyp barýandyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamy – türkmeniň gitdikçe türkmenleşýän eýýamydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamy – ruhumyzyň mazmunyny üýtgeden, has dogrusy, ruhumyzy jana getiren eýýamdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy täze aňyýeti we täze ruhyýeti döretdi. Türkmen aňyýetiniň çeşmeleri biziň edebi geçmişimizde ýatyr. Türkmeniň ýüzlerçe ýyllyk edebi ösüşi köp ruhy tejribeleri ýygnapdyr. Döwletmämmet Azady türkmeniň taryhy ykballary hakda aňly-düşünjeli pikir eden, ony öz döwrüniň ruhy hem ahlak telperleşmesinden alyp çykmagyň ýollaryny gözlän akyldarlaryň biridir. Şeýle akyldarlaryň öňe çykmagynyň özi milli öz-özüňi aňlaýşyň ýeten derejesini görkezýär. Döwletmämmet Azady özüni dini-ruhany şahsyýet hökmünde duýsa-da, onda örän güýçli taryhy paýhas bolupdyr. Onuň öňe sürýän pikirleriniň taglymy esaslylygy, pelsepewi binýatlylygy haýran galdyrýar. Azadynyň eserleriniň diliniň janly gepleşik dilinden düýpli tapawutlanýandygy aýdylýar. Dogry, emma bu onuň öz halkynyň dilini bilmändigini aňlatmaýar. Azady öz halkynyň ýüreginiň hem paýhasynyň dilini gaty gowy bilipdir, bu babatda onuň deňine ýetenler, şol sanda ony dil meselesinde tankytlaýan adamlaryň arasynda-da az-azdyr. Azadynyň eserlerindäki gahryman türkmen milli aňynyň nusgasydyr. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» atly baş ömür kitabyny okanyňda we şu günki döwlet gurluşymyzy hakydaňda aýlanyňda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň jöwher pähim-parasadynyň nähili belentdedigine has açyk göz ýetirýärsiň. Bu eserde biz türkmeniň döwlet hakyndaky milli pelsepesini görýäris. Eseriň eýýäm gurluşynyň özi onuň jemgyýete garaýşyny aňladýar. Dört babyň birinjisinde patyşa hakynda aýdylýar. Patyşa – döwletiň syýasy gurluşynyň ýolbaşçysy. Haýran galmaly, Azady bu ýerde patyşa bilen işleşmeli adamlary görkezipdir. Munuň özi biziň häzirki zaman mejlisimizi ýada salýar. Soňky baplaryň biriniň baýlara-garyplara bagyşlanmagy nämäni aňladýar? Munuň özi jemgyýetdäki durmuşy ylalaşygy, raýatlaryň asudalygy diýilýän häzirki düşünjäniň aňladylmasydyr. Soňra: alymlar – jemgyýetiň ruhy güýçleri, derwüşler – jemgyýetiň ahlak arkadaýançlary barada örän paýhasly pikirler öňe sürülýär. Azadynyň eserinde şeýle bir waka beýan edilýär: iki sany patyşa özara gürrüň edýärler. Biri ikinjisine aýdýar: «Näme üçin seniň döwletiňde alymlar, şahyrlar köp. Sen olaryň ýazan eserlerine uly ähmiýet berýäň. Bäsleşikler gurap, gymmatbaha baýraklar berýäň. Seniň munyň döwletiň baýlygyny ýele sowurmak, sen gowusy, goşunyňy, esgerleriňi köpelt, olar seniň döwletiňi has berk saklarlar». Beýlekisi şeýle jogap berýär: «Hawa, ýöne alymlar, şahyrlar meniň duşmanlaryma esgerlerden has uly zarba urup bilerler. Olar diňe ýerdäki däl, gökdäki duşmanlarymy-da ýok ederler» diýýär. Nähili ajaýyp döwlet pelsepesi! Beýik Serdar döredijilik ussatlarynyň işine uly üns berýär, olaryň kämil eserler döretmegini gazanmak maksady bilen giň mümkinçilikler döredýär. Her ýyl özara bäsleşikler yglan edip, onda üstün çykan, ilhalar, kämil eserler döreden döredijilik işgärlerini gymmat bahaly baýraklary, pul baýraklary bilen sylaglap, höweslendirip durýar. Döwürleýin metbugatda çap edilen eserler, aýratyn çap edilen eserler bilen içgin tanşyp, döredijä mynasyp baha berýär. Döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar gurnap, onda döredijilik işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýýar.
Bu uly mümkinçiligi, bagty bize Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy berdi!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taryhy gahrymançylygy bilen müňlerçe ýyllyk taryhly türkmeniň durmuşynda ikinji müňýyllygyň hem üçünji müňýyllygyň sepgidinde täze eýýam, täze zaman açyldy. Şol eýýamyň öňkülerden hil tapawudyny men şeýle göz öňüne getirýärin. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy aýgytlylygy bilen türkmen halky sözüň doly manysynda türkmen milletine öwrüldi. Munuň özi wagt taýdan seredeniňde onlarça ýa ýüzlerçe ýylyň däl, eýsem müňýyllygyň taryhy wakasy, müňýyllyk ähmiýetli wakadyr. Gep, çeper ulaltma barada däl-de, wakanyň taryhy gabarasy hem beýikligi barada gidýär.
Elbetde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň taryhy ýaşaýşyndaky bitiren ägirt uly, esasy ornuna dürli nukdaýnazarlardan, dürlüçe baha berip bolar, baha berilmelidir hem. Juda inçe syýasatçy, beýik ykdysatçy, parasatly döwlet işgäri, täsin ruhy lider hökmünde Beýik Serdaryň möçberinde tanalan sypatlary anyk işleri hem ädimleri bilen aýan boldy. Bu hakykatdyr. Emma bu günki gün, XXI Altyn asyrda, has takygy Beýik Türkmenbaşy asyrynda Beýik Serdaryň hyzmatlary barada has uly ölçegi – müňýyllyk ölçegini ulanmaga borçludyrys hem haklydyrys. Bu ölçegiň görkezijileri bolsa, şeýle diýýär: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkyny türkmen milletine öwürdi. Eýsem-de bolsa, munuň özi has durmuşy sözler bilen aýdylanda nämäni aňladýar?!
Munuň özi halkdan tapawutlylykda milletiň ykdysady, jemgyýetçilik, syýasy hem ruhy taýdan bitewileşendigini, bir göwrä öwrülendigini aňladýar. Halky bölüp bolýar, emma millet weli bölünmezdir.
Munuň özi türkmeniň taryhy ömrüniň, dowamatynyň ýüz däl, müň ýyllyk aralyga çenli uzandygyny aňladýar.
Munuň özi şu mahala çenli özge milletleriň kölegesinde ýaşap gelen, şonuň üçinem göze görünmedik türkmeniň taryhy ýaşaýşyň güneýine çykandygyny aňladýar.
Galyberse-de, munuň özi, türkmeniň indiki müňýyllyklara uzap gitmeginiň kepili bolan zady özüniň daýanç nokadyny, direnmäge söýgedini tapandygyny aňladýar. Taryhyň çarkandakly ýollarynda kän horlanan türkmen öz-özüni tapdy, öz «menini» tapdy.
Bu taryhy özgerişleriň binýadynyň esasynda anyk, inkär edip bolmajak taryhy hakykat – Beýik Serdaryň döreden Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwletiniň barlygy ýatýar.
Görogly beg ýüzlerçe duşmana garşy söweşip, onlarça ýerine ýara salynsa-da, ýyldyz gördügi gutulyp gidýär. Ýyldyz görmek onuň üçin ömrüň kepili. Üçünji müňýyllygyň bütin dowamynda türkmen üçin ömrüň kepili bolup Beýik Serdaryň guran milli döwleti hyzmat eder.
Entek şol döwlet barka, türkmene hiç hili howp bolup bilmez. Biz nähili çylşyrymly, kyn pursatlarda bolsagam, bizi şol döwlete ynanç, Beýik Serdaryň şahsyýetine ynanç alyp çykar. Ine, biziň müňýyllyga ýeterlik daýanç nokady diýýänimiz hem şudur. Daýanç nokadyny tapan milletiň, adamyň ýetmejek menzili, almajak galasy bolmaz. Hatda durmuşyň her hili pursatlarynda-da türkmen täze müňýyllygyň dowamynda «Meniň Beýik Türkmenbaşym bar!» diýip, başyny belent tutup aýdar. Galan zatlaryň bary onuň üçin ownujak zatlar, ýeke pursatlyk aladalar bolup görner. Munuň özi, sözüň hakyky manysynda, Ruhuň belentligidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döredijilik işgärlerine uly üns hem alada bilen bakýar. Olaryň döredijilik zehininiň aňrybaş derejede açylmagy, türkmen milletine, döwletine hyzmat etmegi üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikleri döredýär. Çünki durmuş üçin, ýaşaýyş üçin, ruh üçin dörediji şahs aýgytlaýjy orun eýeleýär. Emma taryhyň gözi, nazary bilen seredeniňde, biziň iň uly Beýik döredijimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Beýik Serdar döwlet döretdi, onuň awtory boldy, Garaşsyzlygyň hem dünýäde ýeke-täk resmi Bitaraplygyň awtory boldy. Biziň – döredijilik ussatlarymyzyň saz, edebiýat, teatr hem gaýry çeper döredijiliklerimiz bolsa Beýik Serdaryň şol taryhy, baş, esasy, iň uly döredijiliginiň bölekleri hem kanunalaýyklygy, tebigy netijesi hökmünde ýüze çykýar. Beýik Serdar türkmeniň XXI Altyn asyrynyň awtory boldy, täze beýik-beýik binalaryň awtory boldy, ägirt uly ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik hem ruhy özgertmeleriň awtory boldy.
Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary – türkmeniň ýaşaýyş, dünýä, döwlet, adam, ömür ýaly baş pelsepeler baradaky ýörelgeleriniň hem duýgy-düşünjeleriniň jemidir. Halkyň taryhy tejribesi, ýaşaýyş sapaklary, onuň ruhy aladasy hiç mahal ýitip – ýok bolup ýa howada eräp gitmeýär. Ruh ýitmeýär, Ruh ýaşaýşyň ýer ýüzündäki iň güýçli görnüşidir. Şol sebäpden ruh gor görnüşinde jemlenip-jemlenip, halkyň ruhy hakydasyna gatlak-gatlak bolup siňip galýar. Ol Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy kimin ärleriň dörärine garaşyp, köp ýatýar. Ine, Beýik Serdar kibi ägirt taryhy şahsyýetler hem şol gordan döreýär. Taryhy şahsyýetleriň üsti bilen ruhuň şol tükenmez, kör galmaz çeşmesi ýuwaş-ýuwaşdan milletiň gündelik durmuşyna gaýtadan ornaşýar. Şeýdip, millete gaýtadan jan gelýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti – türkmen ruhunyň güýç-kuwwat, ylham çeşmesidir.
Diýmek, Mukaddes Ruhnamalarda türkmeniň müňlerçe ýyllyk ruhy ölçegleri beýanyny tapdy. Özem olar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanyna laýyklykda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy nukdaýnazaryna laýyklykda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyçylyk ölçeglerine laýyk beýan boldy. Şonuň üçinem biz umumylaşdyrma tertipde:
Mukaddes Ruhnamalar – munuň özi düýpli aňy-pelsepewi hem filosofik manyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr diýýäris. Ol Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň müňlerçe ýyllyk geçmişiniň beýikliginden şu gününe hem geljegine getiren beýik habarydyr, hoş habarydyr, baş kitabydyr.
Türkmeniň geçmişiniň çuňňurlygy bilen geljeginiň beýikligi Beýik Serdaryň belent şahsyýetinde sepleşýär. Mukaddes Ruhnamalar hem düýp manysy boýunça şol sepleşik taglymaty görnüşindäki beýan bolar.
Üçünji müňýyllygyň geljekki türkmeni Mukaddes Ruhnamalary ele alar-da: «Ine, meniň dünýä baradaky sözüm! Heý, onuň egsigi – kemi barmy?!» diýip, özge milletleriň ýüzüne buýsançly garar. Şu taryhy buýsanç üçin sag bol, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy!
Türkmeniň iň täze taryhynyň her aýy hem her ýyly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýet belentliginiň täze taraplaryny açyp gidip otyr. Giňişlik taýdan alanyňda, Beýik Serdar dünýä möçberindäki şahsyýete öwrüldi, munuň aýdyň subutnamasy – Bitaraplyk aňyýeti hem statusydyr. Taryhy wagt taýdan alanyňda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz handan bäri iň uly şahsyýetdir, munuň aýdyň subutnamasy – Garaşsyz türkmen döwletiniň döremegidir. Bir-ä Oguz hanyň, birem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwleti ähli türkmen taýpalaryny öz içine aldy. Iň arzyly, doly milli bitewülik diňe şu wagtlarda döredi. Galan ähli türkmen han-soltanlarynyň uçdantutma ähli taýpalary birikdirip bilmändigine, olardan närazy bolan taýpalaryň bolandygyna taryh şaýatlyk edýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda türkmeniň taryhynyň şular ýaly aýratynlyklary-da öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Halkyň öňbaşçysy bilen millet bolýandygyny, şol bolmasa onuň erkiniň ýitýändigini biziň geçmiş taryhymyz görkezdi. Tutuş millet möçberinde diňe Oguz han hem Beýik Türkmenbaşy öňbaşçy bolup bildiler. Galan onlarça döwletlerimiz diňe taýpa döwleti ýa-da taýpa birleşikleriniň döwletidi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy taglymatynyň düýp milli manysy hut şundan ybaratdyr. Oguz han atamyz, takmynan, 5 müň ýyl mundan owal ýaşap geçipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny Hudaý türkmene ikinji müňýyllygyň sepgidinde berdi. Diýmek, şeýle möçberdäki şahsyýetler müňlerçe ýyldan bir gezek berilýär. Olaryň şahsyýetinde halkyň müňlerçe ýyllyk ruhunyň jemlenmegi-de tebigy kanunalaýyklykdyr. Şonuň üçinem, Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary asyrdan asyra geçip gitjek namadyr, ýagny kitapdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji we ikinji kitaplary türkmeniň taryhynda wagt taýdan alanyňda bäşinji jemleýji namadyr, taglymatdyr. Ondan öň biziň taryhy durmuşymyzda Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň namalary, taglymatlary, kitaplary bolupdy.
Bu taglymatlaryň hersiniň özboluşlylygy Beýik Türkmenbaşy zamanasy üçin hem ähmiýetli bolan bir düýpli taryhy-pelsepewi meselede aýdyň görünýär. Ol mesele halk, döwlet hem şahsyýet we olaryň özara mynasybeti baradaky meseledir.
Gorkut ata biziň eýýamymyzyň ilkinji asyryndan başlap, tä yslama çenli döwrüň taryhy tejribesini jemleýär, ol yslamdan öňki gymmatlyklary yslam gymmatlyklary bilen sepleşdirýär. Gorkut ata döwletiň hem şahsyýetiň gymmatyny ykrar etmek bilen bir wagtda halky ileri tutýar.
Görogly ikinji müňýyllygyň başky ýarysyndaky taryhy-ruhy tejribäni jemleýär we döwlet bilen halkyň gymmatyny ykrar etmek bilen bir wagtda şahsyýeti ileri tutýar.
Soňky asyrlaryň tejribesini jemleýän Magtymguly şahsyýeti hem halky ykrar etmek bilen bir hatarda döwleti ileri tutýar.
Görnüşi ýaly, bu gymmatlyklaryň mynasybeti olarda deň däl. Şonuň üçinem milli bitewülige ýetmek kyn bolupdyr. Diňe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň taryhy hereketlerinde olaryň ählisini deň hatarda goýmagy hem millet möçberindäki bitewüligi gazanmagy başardy. Oguz hanyň döwründäki milli bitewülikden häzirki bitewülik taryhy şertleri hem manysy boýunça köp tapawutlanýar.
Beýik Serdaryň taryhy hereketleriniň, işleriniň ruhy beýany, jemlenmesi bolan Mukaddes Ruhnamalar soňky iki müňýyllygyň iň uly hem iň düýpli ruhy hadysasy boldy. Onuň mazmunynda ruh hem dünýä, ruh hem döwlet, ruh hem millet, ruh hem şahsyýet, ruh hem döredijilik, ruh hem Watan, ruh hem iman, ruh hem ahlak, ruh hem durmuş ýaly düýpli meseleler özüniň tüýs türkmençe beýanyny tapypdyr.
Mukaddes Ruhnamalar – Beýik Serdaryň pähiminiň, paýhasynyň, parasadynyň we irginsiz çeken zähmetiniň jemi.
Iň esasy zat – Mukaddes Ruhnamalaryň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymaty bolup dünýä inmegi hem asyrlar boýy ýaşajaklygydyr we gysga döwrüň içinde eýýäm dünýäniň köp dillerine terjime edilmegidir.
Türkmende «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýen pähim bar. Bu biziň şu günümiz üçin dörän pähime meňzeýär. Sebäbi XX asyryň ahyrynda türkmeniň soňy geldi. Türkmeniň bagty açyldy. Biziň owadan bagtymyzy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy açdy.
Her bir halk öz ýurdundaky bir ajaýyp zady bilen ýa-da bir beýik şahsyýeti bilen tanalýar. Eger, ýatda galar ýaly zady ýa-da şahsyýeti bolmasa, onda şol ýurt dünýä ýurtlarynyň arasynda ýatda galmaýar.
Dünýä halklarynyň arasynda şu güne çenli türkmen diýilse, ilki bilen halylarymyz, ahal-teke atlarymyz göz öňüne gelýärdi. Türkmenistan şu iki kämilligi bilen tanalýardy. Biziň kämilligimiziň üstüne ýene bir kämillik goşuldy. Ol kämillik – şahsyýet kämilligi. Özge ýurtlarda eýýäm Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hakda, türkmen halky hakda gürrüň gitse, bu ýurduň beýik şahsyýeti, beýik ýurt baştutany Saparmyrat Türkmenbaşy ilki bilen ýatlanýar.
Bu gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýä ýüzüne halkyny örän gysga döwürde bagta ýetirmegiň, abadançylygyň, agzybirligiň beýik nusgasyny görkezdi.
* * *
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sekiz asyrlap döwletsizlikden kösenen türkmen halkyna garaşsyzlygy, şeýle hem asuda, parahat ýaşaýşyň kepili bolan baky Bitaraplygy alyp bereninden başga-da, türkmen halkynyň türkmen döwletiniň, ata Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary çäksiz köpdür. Ýöne men bu ýerde Beýik Serdara şöhrat-şan, abraý, hormat-söýgi getiren hyzmatlarynyň diňe käbirini gysgaça nygtap geçmegi parz bilýärin.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy:
– öz bähbidinden il-günüň, Watanyň bähbidini ileri goýdy;
– garaşsyz Diýaryň raýatlarynyň asuda ýaşaýşyna, täze döwlet gurluşyna, täze jemgyýetiň döremegine ömrüni bagyş etdi; ol düýrmegi bilen şu mukaddes işe berildi. Ol bir gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 3-4 sagat dynç alyp, galan wagtyny türkmen halkynyň eşretli döwranda ýaşamagynyň üpjünçiligine bagyş etdi;
– «Men azmaryn, azjaklaram azdyrmaryn» diýip, halkyň öňünde çykyş edip, şu pikiriň hakykata öwrülmegine gulluk etdi: azmady, azjak bolýanlar bilen-de berk gürleşdi, tertibe çagyrdy, eden etmişi üçin jezasyny çekmegini gazandy;
– her gün daňdan sagat ýedilerde öz köşgüne işe geldi, giçlik sekizlerde-dokuzlarda hem öýüne gaýtdy. Ähli işgärlerine, orunbasarlaryna deň göz bilen garady, ol köşkdäki bolup geçýän her bir ýygnagy, maslahaty, kabul edilen Permanlary, kararlary telewideniýäniň, döwürleýin metbugatyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilmegini gurady. Halk bilen bir syna, bir jana öwrüldi;
– özüniň her bir tabşyrygynyň, Permanynyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etdi we olaryň ýerine ýetirilmegini gazandy;
– döwletiň bähbidini halkyň bähbidiniň hyzmatynda goýdy. Döwletiň esasy wezipesini halkyň bähbidine hyzmat etmäge, halkyň bähbidi bilen döwletiň bähbidini bitewileşdirmäge gönükdirdi;
– ýurtda ýaşaýyş eşretlerini döretmäge ünsi birjik-de gowşatmady: halkyň elektrik togundan, suwdan, gazdan (1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-nden bäri), nahar duzundan (1994-nji ýylyň fewral aýynyň 19-ndan bäri) mugt peýdalanmagy barada Perman çykardy. Zähmetkeş halk bilen aç-açan gürrüňler geçirip: «Mähriban türkmen halkym, işläň, baýaň! Baý ýaşaň!» diýdi. «Men siziň baý, bagtly ýaşamagyňyza ömrümi bagyş etmegi ýüregime düwdüm. Men siziň hyzmatyňyzdadyryn. Siziň baý, bagtly, ruhubelent ýaşamagyňyz meniň ömrümiň manysydyr! Siz baý, ruhubelent ýaşasaňyz, men öňümde goýan iň esasy maksatlarymyň birine ýetdim diýip hasap ederin. Siziň baýamagyňyz üçin gerekli ähli şertleri men mundan beýlägem dörederin» diýdi. Halkyň isleg-telwaslaryny yzygiderli öwrendi. Entek özüne ýüz tutan adamyň möhüminiň bitmedik ýeri ýok. Şonuň üçin hem raýatlar çäksiz minnetdar;
– halkyň şat gününde şat, agyr gününde hemaýatkär-arkadag boldy. Toý geçirýän adamlary toýdan bäş gün öň we bäş gün soň iş haky saklanylmazdan işden rugsat bermegi kada öwürdi. Edil şeýle amatlygy – kadany maşgalasynda ýakyny ýogalan adamlar üçin hem döretdi. Şeýle hem merhumlara kepeniň mugt berilmegini ýola goýdy;
– azyk önümleriniň elýeterli, arzan bahadan bolmagyny, azyk önümleriniň özüne düşýän gymmatynyň galan böleginiň tölegini döwletiň öz üstüne almagyny kada öwürdi;
– oba hojalyk, maldarçylyk pudagyny salgytdan boşatdy. Daýhanlaryň islegi boýunça ekerançylyk ýerleriniň mugt kärendesine berilmegini ýola goýdy. Mal saklamakdaky çägi aýyrdy, maldarlary ähli salgytlardan doly boşatdy;
– täze ýer eýeleriniň gurplanmagy üçin tehnika hyzmatynyň, döküniň bahasynyň ýarysyny döwletiň öz üstüne almagyny ýola goýdy;
– halkyň ykbalyna, geljegine degişli uly meseleleri halk bilen maslahatlaşykly çözmegi kada öwürdi. Halkyň öz pikirlerini aýtmagyny, her bir raýatyň öz döwleti üçin aladalanmagyny gazandy. «Täze oba», «Bilim», «Milli Galkynyş», «On ýyl Abadançylyk», «Saglyk», «Galla», «Mukaddes Ruhnama» syýasatlaryny halkyň giňden ara alyp maslahatlaşmagynda döretdi;
– etrap, welaýat, şäher merkezlerinde, şeýle hem Türkmenbaşy köşgünde ýurduň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa ýazylýan hatlaryň, arza-şikaýatlaryň atylýan ýörite sandygyny döretdi. Netijede, özi bilen Türkmenistanyň ähli raýatynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýdy. Ýerlerde raýatlar öz hal-ýagdaýy hakda, käbir ýolbaşçylaryň eden-etdiligi barada, şeýle hem arzy-hallaryny ýazdylar we ýazýarlar;
– halkdan gelen hatlary ünsli okady, öwrendi. Her bir gelen hatdaky arza-şikaýatyň, isleg-telwasyň ýerinde öwrenilmegini, adalatly seredilmegini, adalatly çözgüde gelinmegini gurnady;
– musulmanlaryň her ýylyň remezan aýynda bellenilýän «Gadyr gijesi» güni tussagda oturanlaryň toba gelenleriniň günäsini geçmegi gurnady, özem bu günä geçişligiň ömürlik dowam etmegini karar esasynda gazandy, «Gadyr gijesiniň» öňüsyrasy eden günäsine toba edendigi sebäpli günäsi geçilýän adamlaryň atlarynyň döwürleýin metbugatda çap edilmegini, radioda we telewideniýede habar berilmegini ýola goýdy, günäsi geçilenleriň ählisiniň «Gadyr gijesini» öz öýünde, ýakyn hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň arasynda geçirmegini gurnady;
– Sowet hökümeti ýyllarynda obalara, etraplara, şäherlere, welaýatlara, şeýle hem köçelere halkyň ruhy dünýäsine, taryhyna dahyly bolmadyk atlar dakylypdy, ana, şol atlary halkyň isleg-teklipleri esasynda türkmen halkynyň öz merdana ogullarynyň, gahrymanlarynyň atlary bilen çalşyrdy;
– türkmen halkynyň ýeňil bolmadyk taryhynda ýurduň garaşsyzlygyny, azatlygyny gahrymanlarça gorap wepat bolanlary hatyralap, her ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sine «Hatyra güni», 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesinde wepat bolan adamlary hatyralap, ýatlap, her ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 6-syny «Milli matam güni» diýip, resmi taýdan yglan etdi. Şol gün Türkmenistanyň ähli ýerlerinde sadakalaryň berlip, aýat-töwirleriň okalmagyny ýola goýdy. «Hatyra güni» Gökdepe metjidinde, «Milli matam güni» hem Gypjakda külli türkmene her ýyl sadaka berýär;
– ýolbaşçy wezipä mynasyp adamlary saýlap-seçip almak barada ýörite karar çykardy, ol kararda ynam bildirilip, ýokary wezipä çekilen adamlaryň öz şahsy jogapkärçiligini duýmagyny, jemgyýetiň öňünde hasabat berip durmagyny, Watana, halka, jemgyýete ak ýürek bilen halal hyzmat edip, altyn ruhly altyn ýaşaýşyň, jemgyýetiň döremegine we kämilleşmegine goşant goşmagyny kanun esasynda berkitdi. Ýokary wezipä çekilen adamlar özlerine bildirilen ynamy ödäp bilmeseler, onda olaryň bildirilen ynamy ödäp bilmändigi hakda açykdan-açyk halka ýetirilmegini ýola goýdy. Ýolbaşçy wezipä çekilýän adamyň üç arkasyna seredip wezipä çekmegi ýola goýdy, üç arkasyna seredip, Oguz han Türkmenden bäri gelýän ýokary wezipä çekmek däbini has kämilleşdirdi. Bu babatda Oguz hanyň süňňi halal, süňňi haram diýen düşünjesinden ugur aldy;
– döwlet öňünde uly tabşyrygy bitirmäge söz berip, şol beren sözünde durup bilmedik ýolbaşçylary ýygnaklarda başarmajak zadyny söz berip, öz sözüniň jogapkärçiligini duýmandyklary üçin işden boşatmagy ýola goýdy;
– ýurdy bagy-bossana öwürmek boýunça çagyryş bilen çykyş etdi, her ýyl nahal ekmäge döwlet ýolbaşçylaryny, häkimleri, arçynlary borçly edýän ýörite Perman çykardy we her ýyl güýz-bahar aýlary her bir edaranyň, her bir raýatyň nahal ekmegini ýola goýdy. Döwletiň, welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň daşyna gök guşak guşamak maksady bilen, «Gök guşak» paýdarlar jemgyýetini döretdi. Netijede, her ýyl on-ýigrimi million ýaş nahal ekilmegini gazandy;
– özüniň günä geçmek Permanyna laýyklykda eden günäsine toba edýän tussaglaryň tussaglykdan boşadylýan wagty bir elini Mukaddes Gurhany Kerime, bir elini türkmen saçagyna – duzuna goýup, gaýdyp jenaýat-günä iş etmejekdigine ant içmegi düzgüne girizdi. Eger şu düzgün esasynda gaýdyp jenaýat etmejekdigine ellerini türkmen mukaddesliklerine goýup ant içen adam antyndan, beren ähtinden dänse, ýene jenaýata ýüz ursa, bu adamy halkyň näletlemegi, şeýle hem ata-enesiniň, dogan-garyndaşynyň, obadaşlarynyň arasyna eltip, ony ähtinden dänen bimessep hökmünde näletlemegi, jenaýata çekmegi we ikinji gezek her ýylyň remezan aýynyň «Gadyr gijesi» mynasybetli günä geçişligine goşmazlygy düzgün etdi;
– il-günüň ýakyndan tanaýan adamy, ýokary wezipede işlän kişi jenaýat iş etse, ol kişiniň telewideniýe arkaly çykyş etmegini, halkdan öz etmişi üçin günäsiniň geçilmegini haýyş etmegini, gaýdyp hiç wagt jenaýat iş etmejekdigine ant içmegini kada öwürdi, ol kişi hakykatdan hem eden işine ökünip, toba edýän bolsa, onda ol kişiniň günäsini ýeňletmek hakynda Perman çykarmagy ýola goýdy;
– Watan wepadarlygyny beýan etmek, Watany söýmek we goramak babatda borçlandyrýan ählihalk Kasamyny döretdi we bu kasamyň her bir tutumly başlangyçlarda ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde, dabaralarda, ýygnaklarda, harby goşunda gaýtalamagyny kada girizdi. Türkmen halkynyň wepadarlyk Kasamynyň her gün ertir irden we agşam «Watan» habarlar gepleşiginiň soňunda gaýtalanmagyny ýola goýdy;
– kabulhanasynda türkmen halkyna tanyş bolan Aýaz hanyň çarygyny asyp goýdy. Aýaz han, Aýaz hanyň çarygy hakda türkmen halkynda ýörgünli bir rowaýat bar. Şol rowaýata görä, Aýaz atly bir garyp kişi patyşa göterilende: «Garyplykda ýaşan günlerimi maňa ýatladyp dursun, bolçulykda ýaşap birden agyr geçen durmuşymy unudaýmaýyn, ýurtda garyp kişileriň bardygyny, olara mydama kömek-tekge edip durmalydygymy ýatladyp dursun, azaýmaýyn» diýip, garypka geýen çarygyny köşgünden asyp goýupdyr. Bu çaryk Aýaz hany azmakdan saklapdyr. Türkmen rowaýatyndaky Aýaz hanyň çarygyny-da Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň altyn ýaşaýşynda, ýetimlik, hor-homsulykda geçen günlerimizi ýatladyp dursun diýen niýet bilen asyp goýdy;
– ähli döredijilik işgärlerini türkmeniň taryhynyň dördünji eýýamynyň milli pygamberi Magtymguly Pyragynyň Eýrandaky guburyna zyýarata äkitdi. Gubura baryp, beýik şahyryň ruhuna aýat-doga okatdy. Mazaryň başynda şahyryň ruhuna arzuw eden Garaşsyz Diýar islegine ýetilendigini, bu gün türkmen halkynyň «Aşynyň bir suprada taýýar kylynýandygyny», «Kän garaşan ajap eýýamynyň gelendigini» mälim etdi, ähli döredijilik işgärleriniň, tutuş türkmen halkynyň beýik Magtymguly atamyza goýýan gadyr-hormatyna gadyr-hormat goşdy, adamlaryň kalbynda guwanç, buýsanç oýardy;
– öz ýakyn egindeşlerini, orunbasarlaryny Mekgä äkitdi, haj etdi. Şol keramatly ýerde ähli egindeşleriniň ýanynda bütin ömrüni türkmen halkynyň bagtly ýaşaýşy üçin göreşmäge, zähmet çekmäge, halal, wepaly bolmaga kasam içdi;
– her ýyl Mekgä haja iki ýüze golaý türkmen ýaşulusynyň hökümetiň hasabyna mugt gidip-gelmegini kada öwürdi;
– türkmen halkynyň bäş müň ýyl mundan aňyrdan başlanýan taryhynyň bardygyny, nesilbaşymyzyň Oguz han Türkmendigini türkmen halkyna açyp berdi;
– bäş müň ýyllyk taryhly türkmen halkynyň geçmişde gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik sypatlaryny tug edinip, her bir kynçylyklara döz gelmegi başarandygyny, merdi-merdana bolandyklaryny halkyň kalbyna guýdy, geçmişde beýik diýen derejä ýeten türkmen halkynyň Garaşsyz, baky Bitarap döwlet gurup, geçmişdäki asylly ahlak sypatlaryny has ösdürmelidigini, garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny bilmelidigini her bir türkmene wesýet etdi;
– türkmen halkynyň nurdan dörändigini, türkmen sözüniň türk – iman diýen sözden, ýagny asly nurdan diýen sözden dörändigini mälim etdi;
– «Goňşokara», «Suw damjasy – altyn dänesi», Türkmen gawunynyň baýramy, Nowruz baýramy ýaly ýigrimiden gowrak Garaşsyz döwletimiziň milliliginden gelip çykýan baýramçylygy döretdi;
– baýramçylyklaryň uludan tutulmagyny ýola goýdy; baýramçylyk mynasybetli geçirilýän aýdym-saz konsertlerine gatnaşmagy däbe öwürdi;
– «Ýaňlan, Diýarym», «Merjen däneler», «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşikleri yglan etdi; bu bäsleşikde üstün çykan ýaş ýerine ýetirijilere, ýazyjylara, şahyrlara öz eli bilen baýraklary gowşurmaklygy gurady;
– daşary ýurtlara gidende we daşary ýurtlara eden saparlaryndan dolanyp gelende uçaryň ýanynda «Ýene-de seni görmek nesip etsin!», «Baky senden aýyrmasyn!» diýen pikir bilen, mejimä salnan bir gysym türkmen topragyny maňlaýyna sylmagy parz hasaplady;
– güneşli ülkämiziň haýsy welaýatyna, etrabyna barsa, ilki bilen, şol ýeriniň ýaşululary bilen duşuşmagy, olardan hal-ahwal soramagy, olaryň duz-çöreginden datmagy düzgüne girizdi;
– güneşli diýarymyzda halk döredijiligini ösdürmäge aýratyn üns berdi, täze-täze folklor toparlarynyň döremegine ýol açdy, täze dörän halk döredijilik toparlarynyň öz dörän ýeriniň – welaýatynyň, etrabynyň milli aýratynlyklaryny ýüze çykarmagyna aýratyn üns berdi. Öz ýaşaýan ýerleriniň folklorlaryny ýerlikli peýdalanyp, olary täze döwrüň ösen talaplaryna görä kämilleşdirip, ussatlyk bilen ýerine ýetiren döredijilik toparlaryny yzygiderli höweslendirip – pul baýraklaryny berip durmagy adata öwürdi. Ýerlerde bolanda garşylanyş dabarasynda ýerine ýetirilen çeper çykyşlar üçin ýerinde höweslendiriji pul baýraklaryny bermegi ýola goýdy. Netijede, ýerli döredijilik-folklor toparlarynyň saz gurallaryny edinmegine, milli egin-eşikleri edinmegine, şeýle hem ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklaryna giň ýol açdy;
– Aşgabat şäherinde ýörite halk döredijilik merkezini döretdi, bu merkeziň türkmen halkynyň gadymy milli egin-eşiklerini owadan biçüwlerde tikmegini ýöriteleşdirdi;
– daşary ýurtlara gidende ýany bilen döredijilik işgärlerini-de äkitmegi adata öwürdi, döredijilik ussatlarynyň daşary ýurtlardaky ýaşaýyş bilen öz güneşli ülkämizdäki ýaşaýyş derejäni deňeşdirip görmeklerine, olaryň dünýä derejesinde oýlanmaklaryny gazanmaga, sapardan soň döwürleýin metbugatda, radioda we telewideniýede öz täsirleri barada çykyş etmeklerine giň mümkinçilikleri döretdi;
– döwürleýin metbugata, radio, telewideniýä aýratyn üns berýär, olaryň haýsy ugur bilen gitmelidiklerini salgy berdi. Olardan halky ruhubelentlige, gaýduwsyzlyga hyjuwlandyrýan çykyşlary köpräk bermegi talap etdi, käbir daşary ýurtlaryň wejera eserlerinden, hapa eserlerden, ahlaksyzlykdan gaça durmagy wesýet etdi;
– türkmen halkynyň milli medeni-taryhy mirasy bilen içgin tanyşmagy, öwrenmegi üçin milli medeni muzeý döretdi, ol muzeýiň halkyň hyzmatynda bolmagyny gazandy;
– türkmen halkynyň golýazma mirasyny çuň öwrenmek, ýygnalan golýazmalary saklamak meselesine aýratyn üns berdi. Ermenistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Angliýadan, Hindistandan, Türkiýeden we başga-da birnäçe döwletlerden türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşykly golýazmalaryň Türkmenistana getirilmegini gurnady, türkmen taryhy, medeni mirasy bilen baglanyşykly golýazmalary agtarmak, tapmak maksady bilen daşary ýurtlara türkmen alymlaryny, taryhçylary, türkmen medeni mirasyny öwrenijileri iberdi. Aşgabat şäherinde uly Milli golýazmalar institutyny döretdi, bu instituta döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän golýazmalar saklar ýaly köşgi bina etdirdi;
– türkmeniň gadymy edebi mirasyny düýpli öwrenmek we gadymy edebi gymmatlyklarymyzy, daşary ýurtlardan özüne iberilen türkmen taryhyna degişli kitaplary neşir etmek we halka ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň «Miras» medeni merkezini döretdi;
– Amyderýanyň üstünden köpri gurdurýar;
– ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň iki ýyl nazaryýeti öwrenmegi, 2 ýyl hem öwrenen nazaryýetlerini önümçilikde özleşdirmeklerini gurady;
– Anuşirwan Adylyň, Mahmyt Gaznalynyň, Soltan Sanjaryň keşbini üýtgedip, gizlin ile çykmak we ili diňlemek, ýurduň ýagdaýy hakda halkdan öz gulagy bilen eşitmek däplerine eýerip, keşbini üýtgedip mahal-mahal adamlaryň arasynda boldy, bazarlara aýlandy, netijede köpsanly nogsanlyklaryň üstüni açdy we ol nogsanlyklaryň düzedilmegini gazandy;
– türkmen halkynyň altyn ruhly altyn ýaşaýyşda ýaşamaklary üçin gollanma boljak, ruhy şamçyragyny – Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplaryny döretdi;
– «Türkmen ilim aman bolsun», «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy», «Ruhubelentlik bahary» ýaly şygyrlar bossany bilen halkyň şahyrana galkynyşyny gazandy we halkyň şahyrana dünýäsini baýlaşdyrdy;
– ýurtda agalyk eden kommunistik partiýa ulgamyny ýatyrdy we täze döwlet gurluşynyň gan döküşiksiz, pidasyz bolmagyny ussatlyk bilen gurnady;
– adalat ministrligini döretdi we jemgyýetiň adalat jemgyýeti bolmagyny gazandy;
– Garaşsyz döwleti gurandan soň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany özbaşdak döwlet hökmünde gysga döwür içinde ykrar etmegini we Türkmenistana Bitarap döwlet statusyny bermegini gazandy;
– «Türkmen halky özüni galla bilen üpjün etmeli!» diýen şygar bilen çykyş etdi we maksada ýetilmegini gazandy. Sowet döwründe bary-ýogy 70 müň tonna galla öndürýän türkmen halkynyň bu gün 2,5 million tonnadan-da artyk galla öndürmegini gazandy. Bu gün türkmen halky üçin ýylda 1 400 000 tonna galla gerekdigini, galan gallany türkmen daýhanlarynyň baýamak maksady bilen daşary ýurtlara satmaga haklydyklaryny yglan etdi;
– ýurduň ilatynyň şeker bilen üpjün edilmegini we şekeriň mundan beýläk daşary ýurtlardan getirilmän, öz ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmak maksady bilen Maryda şeker zawodyny gurdurdy.
– Tejen – Serhetabat – Maşat, Türkmenabat – Atamyrat demirýollaryny gurdurdy, Aşgabat – Daşoguz demirýolunyň gurluşygyny başlatdy;
– Garagum çölünde Türkmen kölüni gurdurýar;
– ýetimlere howandar, Ata hökmünde seredýär, ýörite ýetimler öýüni gurdurdy we ony Döwletliler köşgi diýip atlandyrdy. Ýetim çagalar bilen mahal-mahal duşuşyp durýar. Her täze ýyl olara sowgatlar ugradýar. Ýetim çagalaryň okaýyşlary bilen gyzyklanýar, olaryň durmuşa gözükmekleriniň aladasyny edýär;
– her ýyl welaýatlarda bolup, galla we gowaça ekişlerini we hasyl ýygymyny başlap berýär, daýhanlara üstünlikler arzuw edýär. Daýhanlaryň ýerden bol hasyl almaklaryny höweslendirmek maksady bilen sap tylladan ýasalan «Altyn zynjyr» atly ýörite öz baýragyny döretdi we bu baýragy toprakdan ýokary hasyl alan babadaýhanlara öz eli bilen dabaraly ýagdaýda gowşurýar;
– saglyk ýollaryny döretdi we bu ýoluň halkyň saglygyny berkitmek üçin köp barýan ýerine öwürmegi gurnady;
– halk arasyna çykanda, adamlar bilen duşuşanda oýlanyp-ölçerip ýören her bir pikirini, etmek isleýän işlerini we taslamalaryny gysgaça ýaňzydýar we özüniň bu pikirine adamlaryň garaýyşlaryny öwrenýär. Her täze pikir aýdanda adamlaryň ýüz keşplerinden öz pikirine garaýyşlarynyň nähilidigini anyklamagy başarýar. Adamlaryň sözleýşinden we ýüz keşbinden çynyny aýdýandygyny ýa-da ýalan sözleýändigini takyk kesgitleýär;
– halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça zähmet çekýän hünärmenleri dünýäniň ösen ýurtlarynyň iş tejribelerini öwrenmek, sapak almak maksady bilen daşary ýurtlara iberip durmagy kada girizdi, özge halklaryň önümçiliginiň dürli pudaklary boýunça gazanan tejribelerini sapardan gelenlerinden soň hünärmenleriň önümçilige ornaşdyrmagyny gazanmagy, öwrenip, tejribe alyp gelen hünärmenleriň öwrenenlerini kärdeşlerine öwretmegini adata öwürdi;
– Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, orta mekdebi tamamlan ýaşlaryň dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa gitmegini gurnady, ýaşlara: «Geljek siziňkidir. Siz daşary ýurtlardan ylym-bilim öwrenip geliň we öwrenen zatlaryňyzy güneşli ülkämiziň Altyn asyrda pajarlap ösmegine bagyş ediň!» diýip wesýet etdi.
Elbetde, biziň bu nygtanlarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň amala aşyran il-ýurt bähbitli işleriniň diňe bir ülşüdir. Hakykatynda Beýik Serdaryň öz mähriban il-güni üçin bitiren ajaýyp işleriniň diňe sanawy hem birnäçe galyň kitaby emele getirer.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly bolmagy we olary öz ýurdunyň pajarlap ösmegine, baýamagyna gönükdirmegi ussatlarça başarýar. Ýeri gelende, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň birnäçe ylmy derejelere eýe bolandygyny-da aýtmak gerek.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ykdysady we syýasy ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigidir. Beýik Serdar daşary ýurtlaryň ençemesiniň ylymlaryň dürli ugurlary boýunça akademiýalarynyň hormatly agzasydyr, ençeme döwletleriň örän abraýly baýraklarynyň eýesidir. Beýik Serdar 1992-nji ýylyň maý aýynyň 18-nde ilkinji Halkara Magtymguly baýragynyň eýesi boldy.
Beýik Serdaryň başda durmagynda biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüp barýan döwletleriň arasynda içerki ykdysady ösüş boýunça dünýäde indi birnäçe ýyl bäri birinji orunda barýar. Önümçilikdäki, ykdysadyýetdäki, medeniýetdäki we syýasatdaky netijeler, üstünlikler biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde iň ösen döwletleriň hatarynda tanaljakdygyna berk ynam döredýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ikinji müňýyllygyň soňunda, üçünji müňýyllygyň başynda dünýäde döwleti edara etmegiň, dolandyrmagyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ulgamyny döretdi. Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde halky altyn ruhly altyn ýaşaýşa, ösen ykdysadyýete, medeniýete we syýasata ýetiren bu täze ulgam günsaýyn dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne barha köp çekýär.
Osman ÖDE.
Publisistika