TARYHY ŞAHSYÝET
1.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, beýik adamlaryň şahsyýeti adaty adamlaryňkydan tapawutlanýar – adaty adam – bir adam, ýeke özi. Beýik adamyň şahsyýetinde bolsa birnäçe adam ýaşaýar. Onda öten ata-babalarynyň hususyýeti jemlenýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetine mahsus bolan Sezar fenomeni diňe giňişlik däl, eýsem wagt häsiýetine hem eýe bolýar. Ol diňe bir adam bolup, şol bir wagtda birnäçe işi ýerine ýetirmäge ukyply bolman, eýsem ol birnäçe adam bolup ýaşamaga ukyplydyr. Munuň özi has dogrusyny aýtmaly bolsa, aslynda Sezar fenomeni hem däl-de, hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy fenomenidir. Çünki şeýle täsin hadysa biz ilkinji gezek Beýik Serdaryň şahsyýetinde duş gelýäris.
Şonuň üçin hem baryp çagalyk döwründen bäri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy üçin eziz atasy, mährem kakasy hem merhumdy, emma şol bir wagtda-da olaryň ikisi-de onuň üçin ruhy diri adamlardy. Oňa şahyranalyk we şahyrlyk Hudaý tarapyn berlipdi. Şahyrana kalp bolsa aşa duýgur we duýguçyl bolýar. Şeýle duýgurlyk diňe bir daş-töweregindäki gizlin, iliň gözüne görünmeýän zatlary däl, eýsem öz hususyýetiňdäki syrlylygy-da duýmak ukybyny aňladýar. Oňa hemişe öz hususyýetiniň töründe öz «meninden» başga «menler» bar ýaly, ýaşaýan ýaly bolup görünýärdi. Durmuşyň çylşyrymly pursatlarynda kalbynyň jümmüşinden bir ýerden biri dogry ýoly görkezýän ýaly bolýardy. Şol ýol bilen gidibem ol gaty köp howplardan, belalardan halas bolupdy. Elbetde, mundan bihabar daşky dünýäde ýaşaýan adamlar üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň juda çarkandakly we kötelli ýollarda, aşa haýykdyryjy pursatlarda hem ýalňyşman, büdremän baş alyp çykmagy düşnüksiz zat bolup görünýärdi. Emma bu hadysa Beýik Serdaryň özi üçin hem täsinlikdi, şol bir wagtda-da ol munda näme syryň bardygyny güman edýärdi. Çünki oňa duýgurlygyň üstesine beýik paýhas, her bir zady we hadysany akyl eleginden geçirip, onuň änigine-şänigine ýetmek ukyby hem berlipdi.
Baryp institut ýyllaryndan bäri psihoanaliz, Freýd, Nisşe bilen içgin gyzyklanyp, olaryň eserlerini ilik-düwme öwrenen, ýeke bir öwrenmek hem däl, olara döredijilikli, tankydy garamagy başaran Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adamyň içki «menleriniň» san köplügi we hil dürlüligi meselesinde şeýle bir netijä gelipdi: Syzgyrlyk (intuisiýa) diýilýän hadysa düşündirip bolmaz ýaly bir üýtgeşiklik däl. Alymlaryň köpüsi syzgyrlyk diýip adamyň üýtgeşik, täsin duýgusyna, içki başarnygyna aýdýardylar we munuň ylmy düşündirmesini berip bilmeýärdiler. Serhalda (psihologiýada) syzgyrlyk bir zadyň düýp özenine bada-bat göz ýetirmegi aňladýardy. Ýöne kyn ýeri syzgyrlygy akyl, zehin ýaly ylmy esaslandyryp bolanokdy. Pelsepede bolsa syzgyrlyk diýip hakykata akyl ulanmazdan, pikir etmezden, gönümel göz ýetirmäge düşünýärdiler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pikiriçe, syzgyrlyk täsinlik däl-de, hakyda tejribesiniň hadysasydy. Hakyda – bir adamyň içinde onuň ata-babalarynyň gan we ruhy tejribesiniň toplanmagy. Onsoň adam, aýdaly, ýaş ýetginjek durmuşda öň görmedik zadyna gabat gelende, kürtdürjek ýaly edäýse, şol zady öz ömründe gören, indi bolsa tejribesi bilen nesliniň kalbynda oturan atasy oňa kömege gelýär we mesele bada-bat çözülip gidiberýär. Elbetde, hakydanyň şeýle «oýnundan» bihabar ýetginjege-de, daşyndaky adamlara-da bu geň-taňlyk bolup görünýär. Onsoň olar muňa intuisiýa – syzgyrlyk diýýärler-de oňaýýarlar.
Ruhy diri atalar bilen nesilleriň arabaglanyşygy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny köp gyzyklandyrypdy. Ol başda bu baglanyşyk birtaraplaýyn ýol ýaly birtaraplaýyn baglanyşykdyr diýip pikir edipdi we muňa gaty gynanypdy! Biz iki manyda-da diridigimiz mynasybetli atalaryň tejribesine, atalaryň huzuryna baryp bilýäris, olardan öwrenip bilýäris, emma merhumdyklary sebäpli olar biziň üstümize gelip bilmeýärler! Emma adam ruhunyň hiç kim tarapyndan açylmadyk täsinliklerine göz ýetirdigiçe, ol bu pikiriň nädogrudygyna – birtaraply pikirdigine akyl ýetirdi: atalar hem biziň ýanymyza gelýärler, ýöne olar bize biziň özümiz arkaly, biziň düşnüksiz duýgularymyz, gaýyby ukyplarymyz, aýdaly, syzgyrlyk diýilýäni arkaly gaýdyp gelýärler we bize aýtjak zatlaryny aýdyp bilýärler. Eger şeýle bolmasa, onda nesilden-nesle geçiş diýilýän kanun, gen hem ruh arkaly arabaglanyşyk diýilýän kanunlar asla mümkin bolmazdy. Onda adamzadyň ösüşi hem mümkin bolmazdy. Onda adamzat haýwanat ýaly, şol bir aýlawyň içinde ýaşamaga mejbur bolardy.
Şu ýerde hem Beýik Serdaryň ýiti paýhasy bir açyş etdi: Allatagala adamzady haýwanatdan ýokary götermek üçin oňa paýhasdan gatanç beripdir. Näme üçin haýwanat tebigaty üýtgemän, şol bir duran ýerinde dur, adamzat bolsa ähli tarapdan özgerip gidip otyr? Muňa Darwin jogap berip bilmeýär. Aslynda Darwiniňki dogry diýäýeniňde-de, näme üçin maýmyn adama öwrülipdir-de, başga jandarlar täze bir görnüşe geçmän galypdyrlar?
Çünki Alla adama gaýry tebigat ýaly diňe daşky şertlere görä däl-de, eýse içki esaslar boýunça ösmek, diňe daşky täsir bilen däl-de, öz-özünden üýtgemek ukybyny beripdir. Ol adama nesiller arasyndaky ikitaraplaýyn baglanyşyk usulyny beripdir. Şonuň üçin hem haýwandan tapawutlylykda adam diňe öz nesillerini däl, eýsem öz asyllaryny hem tanap bilýär. «Emma tanamalysyndan – Allanyň beren mümkinçiligindenem has erbet tanaýar» diýip, Beýik Serdar netije çykardy.
Beýik Serdaryň bu inçe hakykatlara meşgul bolmagyna ýigitlik ýyllarynda lükgeligi bilen ylma berilmegi sebäp bolupdy. Onuň paýhasyny şeýle meşgullyga gönükdiren zat bolsa, çagalykda babasynyň geçen ýagşyzadalar, pygamberler barada gürrüň beren rowaýatlarydy. Pygamberler baradaky hekaýatlar, köplenç, ene-atanyň gymmatyna, perzendiň ene-ata öňündäki borçlulygyna syrygýardy. Ol mollaçyr ýaşululardan eşiden gürrüňlerini ömürboýy ýadynda saklap gelipdi. Özi akyl kämilligine ýetenden soň, ol rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, hadyslaryň manysyny diňe özüçe, diňe özi bolup, başga hiç kimiň kellesine gelmez derejede tirip bilipdi. Şol hekaýatlaryň birinde «Adam dünýäden ötensoň, onuň alnyna diňe öz perzentleri tarapyndan edilen aýat-töwir, sadakanyň sogaby barjakdyr» diýlip aýdylýardy. Ine, şunda-da Beýik Serdar öz pikirine gönümel tassyknama görýärdi. Näme üçin diňe perzentleriň töwiri barjak? Çünki sen öz perzentleriň içinde galýarsyň ahyryn! Onsoň perzendiň eden haýry seniň hut öz eden haýryň bolýar duruberýär.
Orta asyryň beýik yslam alymy hem aryfy Ibn Arabyda şeýleräk bir pikir bar: adamzat taryhy diýilýän yzy üzülmez Wagt dürli taryhy döwürlerden ybaratdyr. Her döwür bütin Wagt akabasynyň özboluşly öwrümidir. Ine, şol döwürleriň hersinde Biribaryň beýleki döwürlerde açylmaýan, dürli sebäplere görä açylyp hem bilinmejek bir sypaty äşgär bolýar, adamzadyň gözüne görünýär. Soň başga bir döwür gelýär, onsoň Biribaryň täze başga sypatlary açylýar. Adamzat jemgyýetinden – sosial wagtdan hem Allatagalanyň şeýle özara gatnaşygyndan aşakdaky kanunalaýyklyk gelip çykýar: dürli döwürlerde ýaşaýan adamlaryň Allanyň sypatlary baradaky garaýyşlary ýokarky döwür çalşygy sebäpli biri-birinden juda parhly, kämahal bolsa, hatda gapma-garşy gelýär. Şonuň üçinem adamzat bu meselede hemişe biri-biri bilen jedelleşip, biri beýlekiniňkini inkär edip gelýär.
Ibn Arabynyň şeýle ählumumy gollanma ähmiýeti bolan pikirini adamzat jemgyýetiniň öz çäginde bolýan hadysalar babatda-da ulanmak ýerlikli bolardy. Biz, hususanam, beýik şahsyýetleri göz öňünde tutýarys. Beýik şahsyýet diýmek – munuň özi wagt taýdan ähmiýetini ýitirmeýän, ähli döwürler üçin manyly hem ähmiýetli şahsyýet diýmekdir. Olaryň gabarasy bir döwre sygman, özlerinden soňky döwürlere agyp, geçip gidýär. Her döwür hem oňa öz garaýşyny, özüçe bahalandyrmasyny edinýär we aýan edýär. Her döwürde şahsyýetiň bir beýik sypaty ýa sypatlary açylýar.
Biz häzir Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut biziň ýaşaýan wagtymyzda şol wagtyň aýratynlyklary tarapyndan şertlendirilen aňymyza görünýän taryhy şahsyýetiniň asly we sypatlary hakynda gürrüň etmekçi. Wagt geçdigiçe, bu beýik şahsyýetiň barha täze we täze beýiklikleri açylyp, geljekki nesiller has düýpli we çuňňur sypatlaryň gürrüňini eder diýip pikir edýäris. Şonda biziň görşümizem olar üçin ýörelge esasy bolar diýip umyt edýäris.
Eýse, biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetiniň haýsy gözýetimleri göze gelýär? Bu esasy sowaly çözläp ugramazdan ozal, pikiriň we garaýşyň tutumly hem-de meseläniň düýpleýin, töwerekleýin aýdyňlaşmagy üçin, gürrüňi «Şahsyýet näme, taryhy şahsyýet kim?» diýen gyzyklanmalardan başlasak, dogry bolarmyka diýýäris.
Şu babatda biz ýene Ibn Araby bilen baglanyşdyrylan pikirimizi dowam etdireliň. Wagt – giňişlik, giňişlik hem wagtdyr. Şol bir asman jisimleriniň Ýer togalagynyň dürli iki arkasyndan dürlüçe görnüşi ýaly, her durmuşy wagtyň çäginde-de geçmiş ýa häzirki wagt hadysasy dürlüçe göz öňüne gelýär. Şu manyda döwür – adam ömri bilen çäklendirilen wagt bölegi-de serhetler bilen çäklendirilen giňişlik bölegi – dogduk mekan ýaly, biziň üçin sözüň hakyky manysynda watan bolup durýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwürdeşleri bolan biz onuň bilen bir wagt böleginde – bir Watanda ýaşaýarys. Şonuň üçinem onuň beýik şahsyýeti biziň üçin iki esse mähribandyr, iki esse eziz hem düşnüklidir. Mähribanlyk, ýagny özüňkilik, ezizlik hem-de düşnüklilik şahsyýete akyl ýetirmegiň esasy durmuşy-ruhy şertidir. Onsoň Ibn Arabyly pikiri ara getirip, şuny tekrarlamalydyrys: sözüň ontologik manysynda Alla Biribardyr. Ýöne dürli döwürlerde onuň ýaşaýşyň düýp manysynyň (ontologiýasynyň) dürli taraplary açylýar. Şol bir wagtda-da ýene bir hakykat bar: Allanyň zaty-asly we sypatlary başga hiç mahal hezreti Muhammet pygamberiň döwründäki ýaly açylýan däldir. Çünki ol döwür Allanyň öz iberen wekiliniň döwri bolup, ol wagt Biribaryň ontologiýasy bütin bitewüliginde aýan bolandyr.
Beýik taryhy şahsyýetler hem sözüň belli bir manysynda birdir, gaýtalanmazdyr, ýeke-täkdir. Olaryň düýp manysy, şahsyýeti-de hut ýaşan döwürlerinde, hereketlerini hem şahsyýetini gapdaldan synlap bolýan anyk wagtynyň çäginde ähli bitewüliginde aýan bolýandyr. Anyk wagt geçmişe gidip, soňkulara beýik şahsyýeti diňe wirtual barlyk arkaly tanamak paýy düşende, bu akyl ýetirmek babatda belli bir kynçylyklary döreder. Şol sebäpdenem beýleki dinler ýaly, yslamda-da esasy dini meselelere garalanda, pygamberiň hem onuň egindeşleri bolan sahabalaryň pikiri kesgitleýji ähmiýete eýe bolýar.
Akyl ýetiriş babatda wagtyň manysy şundan ybaratdyr: ilkinji nokatdan daşlaşdyrmak bilen wagt manylaryň hem hakykatlaryň üstüni açmak arkaly olaryň üstüni örtmek işine hem gümradyr. Maglumatlar we wakalar barha we barha köp açylar, emma düýp manylaryň weli barha üsti örtüler. Bu hakykata düşünmek üçin M.Haýdeggeriň barlyga garaýşynyň özboluşlylygyny ýada salmak gerek: maglumatlar we hadysalar bir zatdyr, barlyk, hakykat bolsa başga zatdyr.
Barlyk – taryhy ösüşiň dowamynda anyk wagt çäginde – döwürde ýüze çykýan düýp manydyr. Düýp manynyň manysy ýaşaýşyň içki energiýasy we hakykatydyr. Oňa diňe döwür bilen wagt taýdan ýüzbe-ýüz bolanyňda, şol döwrüň içindekäň göz ýetirmek mümkin. Soňky döwürleriň paýyna galýan maglumatlar we hadysalar bolsa bary-ýogy barlygyň gabyklary. Heýem, bir zadyň gabygy boýunça oňa akyl ýetirip bolarmy?!
Bu hakykaty başga bir akyldar K.Ýaspers şeýle teswirleýär: «Eger-de biz taryha ählumumy kanunlaryň nukdaýnazaryndan garasak, onda hiç mahal taryhyň özüne ýetip bilmeris. Sebäbi taryh indiwidual, bir gezeklik zatdyr... Gaýtalanýan zat, başga biri bilen çalşyryp bolýan zat – taryh däldir».
Geçmişi, öz aýdyşlary ýaly, hamana, obýektiw suratda öwrenýän taryhçylaryň gnoseologik pajygasy geçmişiň özi bilen däl-de, onuň gabyklary bilen iş salyşýandyklaryndadyr. Geçmişi obýektiw suratda öwrenmek – munuň özi taryhyň maglumatlaryny hem wakalaryny obýekt hökmünde öwrenmekdir. Şeýle edilende, howaýylyk emele gelýär. Öwreniji kölege bilen iş salyşýar. Geçmişi şeýle usulda öwrenýänleriň gollanma pajygasy olaryň ýeke gezek bolýan, soň asla gaýtalanmaýan, gaýtalanyp hem bilmejek taryhy ählumumy kanunlaryň nukdaýnazaryndan öwrenýänligindedir.
Şonuň üçinem sözüň täze manysynda geçmişi subýektiw suratda öwrenmek gerek. Subýektiw suratda öwrenmek – munuň özi geçmişe diňe howaýy, umumylaşdyryjy akylyň däl-de, eýsem öz içki dünýäň – ruhy-serhaly barlygyň bilen öwrenmekdir. Şonda sen geçmişi öz ýüregiňden, kalbyňdan, süňňüňden geçirýärsiň, ony edil öz ömrüň hadysasy hökmünde gaýtadan ýaşaýarsyň. Özem maglumatlara, wakalara hem adamlara daşky barlyk hökmünde däl-de, edil özüň, döwürdeşleriň ýaly janly içki barlyklar hökmünde çemeleşýärsiň. Şeýle bolanda, geçmiş jana gelýär, özboluşly ruhy ýagdaý ýüze çykyp, sen geçmiş bilen janly, has içgin gatnaşyga girýärsiň. Geçmişiň adamlary seniň köne tanyşlaryň, geçmişiň wakalary-da seniň öz ömrüň wakalary bolup dikelýär. Sen olary göýä ýitirip tapan ýaly bolýarsyň. Şonda sen ählumumy howaýy kanunlaryň däl-de, janly barlygyň, gaýybana bolsa-da, tebigy däl, eýse ruhy janly barlygyň içine düşýärsiň. Munuň özi öwreniji üçin taryhy geçmişiň ekzistensiýasynyň açylmagydyr. Hut şu hili usulyýet Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyndaky taryhy geçmişe garaýyşda örboýuna galýar.
Şeýlelikde, ruhy-gaýybana däl-de, anyk-tebigy manyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň taryhy beýikligine akyl ýetirmek işinde biziň – onuň döwürdeşleriniň bagtly artykmaçlygymyz bar. Emma bu artykmaçlyk bize ykbalyň beren diňe hukugy däl, eýsem borjudyr hem. Bu diňe biziň ýüregimiziň paýyna düşen hukuk däl, eýsem bu biziň akylymyzyň paýyna berlen borçdur hem.
Ruhy-ahlak taýdan şu borjy aňlamak özümiziň öňki nesillerdenem, geljekki nesillerdenem parhymyzy göz öňüne getirmäge ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, aslynda bitewi wagt üç sany bitewülige – geçmiş, häzir hem geljek diýen bitewüliklerde adam aňynda böleklenýär. Geçmiş bilen geljegiň häzirki döwür bilen diňe bir arabaglanyşygy – ruhy-gaýybana arabaglanyşygy mümkindir. Munuň özi biziň döwrümiziň beýik taryhy hadysasy bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti babatda-da şeýledir. Geçmişdäki nesiller şeýle şahsyýeti diňe öz arzuw-isleglerinde, hyýallarynda şöhlelendiripdirler. Diýmek, olar üçin şeýle şahsyýet anyk däl-de, diňe aňdaky barlyk bolupdyr. Anyk taryhy ösüşiň dowamynda dörän beýik şahsyýetiň olaryň göz öňüne getirişinden has tapawutly, ýagny has beýik hem has özboluşly bolup ýüze çykandygy hakykatdyr. Şol bir wagtda-da olardan tapawutlylykda, geljekki nesiller üçin beýik şahsyýet, ýokarda görkezilen sebäplere görä, aňdaky däl-de, diňe durmuşy hadysa bolar. Şu iki nesildenem tapawutlylykda biz üçin beýik taryhy şahsyýet şol bir wagtda obýektiw-subýektiw hadysa bolup durýar. Öňküler diňe hyýal bilen ýaşan bolsalar, soňkularyň türkmen taryhynyň şeýle şahsyýetsiz dowam edýän geçmişini görmändikleri sebäpli, olara negatiw taryhy tejribe ýetmezçilik eder. Olar üçin beýik taryhy şahsyýet belli bir manyda öwrenilişen barlyk bolar. Öwrenilişen zadyň gadyry bolsa, adatça, ýeterlik bilinmeýär. Şonuň üçinem biz öz döwrümiziň ähli artykmaçlygyny bu taryhy şahsyýetiň beýikligini açmakda ulanmalydyrys. Biziň artykmaçlygymyz – iki döwri, iki – hem ähmiýetli, hem ähmiýetsiz taryhy tejribäni edinenligimizdedir. Çünki biz türkmeniň taryhy şahsyýetsiz döwrünem, beýik şahsyýetiniň dörän döwrünem gözümiz bilen gördük, başdan geçirdik. Geljekki nesillerden tapawutlylykda, biz çaprazlyk zamanasynda, geçmiş bilen şu günüň arasyna çaprazlyk düşüp, taryhy wagtyň ikä bölünen zamanynda ýaşaýarys. Bir taryhy döwür ýan berip, başga biriniň kemala gelen zamanynda ýaşaýarys. Geljekde beýle çaprazlyk, beýle tejribe bolmaz. Şol sebäpden biziň ygtyýarymyzda deňeşdirere, geljekki nesillere nämäniň nämedigini düşündirere akyl tejribesi bardyr. Islendik deňeşdirme bolsa bahalandyrmany – gowynyň gowudygyny, näme üçin we haýsy sebäplere görä gowudygyny tekrarlamagy aňladýar.
2.
Dünýä ylmynda şahsyýet barasynda beýan edilen garaýyşlary, esasan, üç ugra bölmek mümkin:
Şahsyýet barasyndaky serhaly ulgamlar.
Şahsyýetiň sosiologik ulgamlary.
Şahsyýetiň pelsepewi ulgamlary.
Olardan iň ähmiýetlileri hökmünde aşakdakylaryň gürrüňini etmek bolar.
Z.Freýdiň taglymatyna görä, şahsyýetiň psihikasy gelip çykyşy we wezipesi boýunça biri-birinden tapawutlanýan üç sany düzümi öz içine alýar. Olar «ol», «men» (ego) we «Menden Ýokary» (Super – ego). «Ol» aňasty psihiki ymtylmalaryň we impulslaryň dünýäsidir, ol psihiki energiýanyň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Ontogenez prosesinde şahsyýetde «Ego» – kemala gelýär. «Ego» – aňly-düşünjeli başlangyçdyr. Ol anyk, daşky durmuşdan ugur alýar we «Onuň» irrasional ymtylmalary bilen daşky dünýäniň talaplaryny sazlaşdyryjy bolup hereket edýär. Üçünji «Super-Ego» «Egonyň» esasynda döreýär we jemgyýetiň talaplary bolup durýan ahlaky kadalary we gadaganlyklary kemala getirýär. Şu üç düzümiň sazlaşykly gatnaşygy şahsyýetiň bitewüligini döredýär we ony adamzat jemgyýetinde ýaşamaga ukyply edýär. Gelip çykyşy boýunça «Ol» tebigatdandyr, galan ikisi bolsa jemgyýetçilik ýaşaýşynda ýüze çykýar.
Amerikan serhalçy M.Rozenberg adam şahsyýetiniň içinde san taýdan has köp «menleri» tapawutlandyryp görkezipdir. Olar: «hakyky Men» (şahsyýet häzirki pursatda özüni kim hökmünde görýär); «dinamiki Men» (şahsyýet özüni kim hökmünde görmek isleýär); «hyýalaty Men» (jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda kim bolmaly); «geljekki Men» ýa-da «mümkin bolan Men» (şahsyýet kim bolup bilerin öýdýär); «ideal Men» (özüňi kim hökmünde görmek ýakymly) hem-de «suratlandyrylýan Men» (hakyky özüni gizlemek üçin şahsyýetiň ýüzüne örtýän nikaby sebäpli ýüze çykýan «men»).
Başga bir amerikan serhalçy (psihology) we akyldary J.U.Jems şahsyýetiň düzümini şeýle düşünjelere bölýär:
1. tebigy şahsyýet;
2. durmuşy şahsyýet;
3. ruhy şahsyýet.
Bu ýerde görkezilenleriň birinjisi bize şeýle tanyş hem düşnükli görünýär. Tebigy şahsyýet – adamyň bedeni, egin-eşigi, umuman, durmuşdaky janly adamyň özi bolup durýar.
Durmuşy şahsyýet adamyň jemgyýetde tutýan ornuna we eýeleýän ähmiýetine görä, ýüze çykýan, beýleki adamlar bilen gatnaşyklarda emele gelýän şahsyýetdir.
Ruhy şahsyýeti U.Jems aňyň aýry-aýry ahwalatlarynyň, anyk ruhy ukyplaryň we sypatlaryň doly jemi hökmünde häsiýetlendirýär. Onuň aýtmagyna görä, biziň her birimiz özümizde bar bolan şu üç şahsyýeti goramaga hem kämilleşdirmäge çalyşýarys.
Şahsyýetiň sosiologik ulgamlarynyň bir umumylygy bar: olaryň hemmesi adam şahsyýetini ol ýa beýleki durmuşy, jemgyýetçilik ýagdaýlarynyň netijesinde döreýän birlik hasaplaýarlar. Munuň düýp manysy şahsyýet jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijesidir diýmek bolup, bu hili garaýyş tebigy-biologik esaslary gözden salýar. Galyberse-de, bu taryhyň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň çäginden daşarky metafiziki-ontologiki şertlenmesini-de inkär edýär. Şahsyýet adamyň durmuşy şertlendirilen «meniniň» esasynda döreýär diýýärler. Şahsyýetiň özeni, onuň öz-özüni aňlaýşy – durmuşy aragatnaşyklaryň netijesidir, şonda şahs öz-özüne barlyk hökmünde beýleki adamlaryň gözi bilen seretmegi öwrenýär. Munuň özi şahsyýetiň obýektiw hadysa hökmünde häsiýetlendirilmegidir. Jemgyýetde şahs şol jemgyýet tarapyndan hödürlenilýän durmuşy orny öz üstüne almak bilen şahsyýete öwrülýär. Diýmek, ol ýaşaýan gatlagynyň, gurşawynyň önümi. Jemgyýetiň bildirýän talaplary şahsyýetiň kemala gelmeginiň esasy we şerti bolup durýar. Şonda jemgyýetiň diňe bir daşky, aň-düşünje derejesindäki göze görnüp duran däl, eýsem aňasty dünýä täsir edýän talaplary-da şahsyýetiň kemala gelmegine getirýär. Dürli talaplary özleşdirip, adam şahsyýete öwrülýär. Jemgyýet ösdügiçe, täze hajatlar ýüze çykýar, bu bolsa şahsyýetiň täze hiliniň döremegine alyp barýar.
Elbetde, jemgyýetiň şahsyýete täsirini birtaraplaýyn göz öňüne getirmek bolmaz. Adam has giň we has çylşyrymly hadysadyr. Galyberse-de, tersleýin täsiri-de göz öňüne tutmaly: şahsyýet hem, ylaýta-da, beýik şahsyýet öz gezeginde jemgyýetçilik ýaşaýşyna özgerdiji täsir edýär. Diýmek, şahsyýet diňe bir jemgyýetiň däl, eýsem ol jemgyýetden daşgary täsirleriňem netijesidir.
Dünýägaraýyş ylmy bolan pelsepede şahsyýet meselesi gaty öňden işlenip gelýär. Ylaýta-da, XIX we XX asyrlarda şahsyýete pelsepewi garaýyş has çuňlaşypdyr. N.Berdýaýew şahsyýete garaýşyny şeýle beýan edýär: «Şahsyýet meselesi ekzistensial pelsepäniň esasy meselesidir. «Men» özüni şahsyýete öwürmelidir, bu öwrülişik bolsa ýadawsyz göreşdir. Şahsyýet indiwiduum bilen bir zat däldir. Indiwiduum tebigy, biologiki düşünjedir. Diňe bir haýwan ýa ösümlik däl, eýsem almaz, käse, galam hem indiwiduumdyr. Şahsyýet bolsa ruhy düşünjedir... Adamyň nebsi hem bedeni bilen ruhuň göreşi ýok ýerinde, şahsyýet hem ýokdur. Adamda güýçli indiwiduallyk bolubam, şahsyýet bolman biler... Şahsyýeti köpdürlüligiň bitewüligi, çylşyrymly ruhy-kalby-bedeni bitewülik hökmünde kesgitläp bolar. Şahsyýet bitewüdir, oňa ruham, kalbam, bedenem girýär... Adam şahsyýetiniň älemi esaslary we mazmuny bardyr. Tebigat nukdaýnazaryndan şahsyýeti tebigatyň örän kiçijik, bimöçber kiçijik bölegi, sosiologik nukdaýnazardan bolsa ony jemgyýetiň bölejigi hasaplaýarlar... Emma şahsyýet dünýäniň bölegi däldir. Şahsyýet dünýäniň keşbidir».
Dünýä akyldarlarynyň beýik şahsyýetlere garaýşy-da biziň üçin möhüm we ähmiýetlidir. Gerodot, Plutarh, Platon ýaly gadymy akyldarlar taryhy wakalaryň merkezinde beýik şahsyýetleri – patyşalary, serkerdeleri goýupdyrlar. Nikkolo Makiawelli patyşa ähli serişdeler arkaly öz syýasy maksatlaryna ýetmelidir diýip ýazypdyr. Nisşe beýiklige ymtylyş adamyň «döredijilik instinktiniň» ýüze çykmasydyr diýip hasaplapdyr. Ol hatda beýik şahsyýet adaty adamlaryň ahlaky ýörelgelerini ret edip biler diýipdir. Fransuz akyldary Tard adamlaryň öňbaşçylaryň yzyna düşmegi jemgyýetçilik ýaşaýşynyň baş kanunydyr diýen pikiri öňe sürüpdir. Freýdiň pikiriçe, maşgalada atanyň gerek bolşy ýaly, köpçülige öňbaşçy zerurdyr. M.Weber öňbaşçynyň üç görnüşini belläp geçipdir:
1. Adaty öňbaşçy.
2. Býurokratik öňbaşçy.
3. Harizmatik öňbaşçy.
Soňky öňbaşçy Hudaýyň nazar salan öňbaşçysy hökmünde häsiýetlendirilýär. Öňbaşçynyň, beýik şahsyýetiň döremegini dürli akyldarlar dürlüçe düşündiripdirler. Birleri beýik şahsyýet doglanda beýik bolup dogulýar diýseler, başga birleri beýik şahsyýeti degişli jemgyýetçilik-taryhy şertler döredýär diýip hasaplaýarlar. Bularyň ikisini birikdirip, umumy taglymaty öňe sürýänler hem bar.
Şeýlelikde, ylymda ykrar edilişi ýaly, şahsyýetiň iki binýat esasy – genetiki-biologik hem-de sosial-durmuş esasy bar. Alymlar bu iki esasyň şahsyýetiň kemala gelmeginde haýsynyň has aýgytlaýjy, kesgitleýji ähmiýete eýedigi barada jedelleşýärler. Bu meseläni umumy suratda däl-de, megerem, anyklykda çözmeli bolsa gerek. Bir şahsyýetiňkide olaryň biriniň, başganyňkyda bolsa beýlekisiniň kesgitleýji orun eýeleýändigini tekrarlamak maksadalaýyk bolardy. Şonuň üçinem bu meselede umumy çözgüt bolup bilmese gerek. Ýöne, biziň aýtjak bolýan zadymyz başga: adam aňly-düşünjeli erke eýedir. Şonuň üçinem şahsyýetiň döremeginde genetiki-tebigy we durmuş-jemgyýetçilik ýagdaýlar bilen bir hatarda, ähmiýetliligi taýdan olardan pes bolmadyk üçünji möhüm zady – öz-özüňi şahsyýete öwürmek boýunça adamyň öz amala aşyrýan aňly-düşünjeli hereketini-de goşmalydyrys. Muňa indiwidiň kämilleşmäge bolan ukyby diýip bolardy. Gepiň gerdişine aýtsak, orta asyrlarda – adamyň içki ruhy dünýäsine has uly ähmiýet berilýän döwürlerde bu ýagdaýa aýratyn üns berlipdir. Ylaýta-da Gündogarda öz-özüňi kämilleşdirmegiň birgiden taglymat ulgamlary döredilipdir. Gündogaryň oňyn sopuçylygy bu meselede hasam uly üstünlikler gazanypdyr. Beýik türkmen sopulary Baýezid Bistamynyň, Nejmeddin Kubranyň, Bahaweddin Nagyşbendiniň, ýene-ýeneleriň ruhy-serhaly taglymatlary indiwidden şahsyýete çenli ösmegiň ýollaryny özünde saklaýar.
3.
Ýokarky gürrüňlerden mälim bolşy ýaly, şahsyýet hem özüniň jemgyýetçilik-taryhy durmuşdaky ähmiýeti we gabarasy taýdan iki hilidir: adaty şahsyýet we beýik şahsyýet. Bularyň biri-birinden hil tapawudyny aňlamak üçin aslynda şahsyýetiň nämedigini kesgitlemek gerek. Şahsyýet – munuň özi köpçüligiň, halkyň, milletiň gujur-gaýratynyň, hyjuwynyň, ymtylmalarynyň, taryhy ahmyrynyň, maksatlarynyň bir adamda jem bolmagydyr. Taryhy taýdan jemlenen ol gujur-gaýrat bir şahsyýeti kemala getirýär. Şeýle şahsyýet bolsa, özünde jemlenen şol güýç arkaly adaty jemgyýetçilik-taryhy ýaşaýşyň görnüşlerini düýpgöter üýtgetmäge we ýaşaýşyň täze görnüşlerini berkarar etmäge ukyply bolýar. Şonuň üçinem şahsyýetiň beýikligi onuň ähli beýleki adamlara mahsus güýji has aýdyň aňlatmaga, olaryň bilmeýän, düşünmeýän hem başarmaýan täzeliklerini açmaga ukyplylygynda ýüze çykýar. Şahsyýet – indiwidual aňladylan ählumumylyk güýjüne eýe bolmakdyr.
Şahsyýetiň gabarasy – onuň degişli bolan köpçüliginiň öňünde durýan taryhy wezipeleriň ululygy we möçberi bilen kesgitlenilýär. Şol taryhy wezipelere hem-de meselelere näçe köp adam dahylly bolsa, şahsyýet şonça-da beýikdir. Şahsyýet näçe beýik bolsa, onuň şonça-da dostlary we garşydaşlary bardyr. Şonuň üçinem beýik şahsyýete hiç kim biparh garap bilmeýär, ýeke adam hem oňa özüniň oňyn ýa-da tersin garaýşyny edinmän bilmeýär.
Bu ýerde meseläniň çuňluklaryna aralaşdygyňça, barha täze we täze sowallar ýüze çykýar: näme üçin milletiň taryhy güýç-kuwwaty ala-böle belli-belli anyk adamlarda jemlenýär-de, başga birlerinde jemlenenok? Beýik şahsyýetiň deregini başga biri tutup bilmezmi, eger tutup bilmeýän bolsa, näme üçin beýle bolýar? Bu ýerde taryhy ösüşiň zerurlygyndan başga haýsy kanunalaýyklyk hereket edýär? Ýa-da bu eýýäm tötänlik hadysasymy?
Eger adaty durmuşda biriniň ornuny beýleki tutup bilmeýän bolsa, taryhy şahsyýet babatda bu asla-da mümkin däldir. Beýle çalşyrgyçsyzlyk azyndan iki sany kanunalaýyklyga, iki sany hakykata esaslanýar. Birinjiden, milletiň taryhy döwürdäki güýç-gaýratyny özünde jemleýän şahsyýet tebigat-genetiki taýdan muňa laýykatly bolýar. Öz eždatlaryndan miras alan genetiki binýatlary onuň «meniniň» tebigat esasyny düzýär. Ilki bilen, ol şu tarapdan beýlekilerden tapawutly gelmelidir. Ikinjiden bolsa, özem esasan şol birinji tapawudy mynasybetli örän ir oýanan şahsyýetini kämilleşmäge şert döretjek hususy terjimehalyna eýe bolmalydyr. Ol özüne üýtgeşik ykbalyň, üýtgeşik taryhy wezipäniň berlenine düşünýär we bu ugurdan özüniň kämilleşmegini gazanmaga çalyşýar. Oňa gabat gelýän durmuş, oňa berlen ykbal şahsyýetiň ösmegi üçin daşky amatly şertler bolup durýar. Ahyrky netijede-de, şu üç kanunalaýyklygyň özboluşly hem amatly utgaşygy beýik şahsyýeti taryhyň sahnasyna çykarýar. Şu hili ýokary galyş işi bir ajaýyp bägülüň öz içinden açylyşyna çalym edýär. Munda bägülüň tohumy şahsyýetiň eždatlaryndan alan genetiki maksatnamasy, içinden açylyş işi şahsyýetiň üýtgeşik ykbaly, onuň güllemegine güýç berýän toprak bolsa köpçüligiň güýç-gaýraty pisint bir zatdyr.
Elbetde, biz beýik şahsyýetiň döremeginiň iň esasy, hökmany şerti bolan kanunalaýyklyklarynyň gürrüňini edýäris. Aslynda, reňbe-reň, çylşyrymly, gyşarmalara we täsinliklere baý anyk durmuş beýle görnüşden has janlydyr we köpöwüşginlidir. Ýöne, mälim bolşy ýaly, derňew olaryň hemmesini tutuşlygyna öz içine alyp bilmez. Asyl ylym muny öz öňünde maksat edinibem goýmaýar. Onuň wezipesi esasy kanunalaýyklyklary dogry kesgitlemek.
4.
Islendik sosial ýaşaýyş eýýäm durmuşdyr. Durmuş sosial ýaşaýşyň, ýagny jemgyýet bolup ýaşamagyň adaty, birsydyrgyn akymy. Ol hil taýdan üýtgeşikligi bolmadyk sosiallyk. Durmuş bilen taryh aýry-aýry tekizlikdäki barlyklar däl. Olar jemgyýetçilik ýaşaýşynyň öz işjeňligi bilen biri-birinden tapawutlanýan hallarydyr. Durmuşyň adaty gidişi belli bir mukdar çägine baranda, içki hil üýtgeşmeleri başlanýar. Sosial ýaşaýyş işi dürli sebäplere görä adatdan daşary işjeňleşip ugraýar. Durmuşy wagt has gyzgalaňly hem dartgynly gidip ugraýar. Munuň özi durmuşyň taryhy işe ýazýandygynyň alamatydyr. Taryh ýa-da taryhy iş – sosial ýaşaýşyň täze hile geçiş, özgeriş, täze sosial gözýetimleriň açylyş işidir. Muňa gadymy hytaý taryhçylary wagtyň reňkiniň üýtgemegi diýipdirler. Şonda öň durnugyp hem baslygyp ýatan ähli zatlar oýanýar hem güýçli herekete gelýär. Taryhyň meýdanynda aldym-berdimli gaýnap-joşma başlanýar. Gaýtgynlar hem daşgynlar wagty başlanýar. Munuň özi imi-sala ýaşaýşa öwrenişen adam ykballarynyň öwrülip-çöwrülmegine getirýär. Özboluşly jemgyýetçilik sarsgyny ýüz berýär. Sosial ýaşaýyşdaky ýaly adamlaryň şahsy durmuşynyň akymy işjeňligiň aňrybaş çägine ýetýär. Şonuň üçinem hut şeýle döwürlerde adam gatnaşyklarynda we garaýyşlarynda öň bolmadyk täzelikler, üýtgeşiklikler peýda bolýar. Aň täze-täze maksatlary öňe sürýär.
Şeýle taryhy döwürde-de beýik şahsyýetler döreýär. Olar taryhy işi tertipleşdirmek, ony köpçüligiň islegine hem maksat-hyýalyna laýyklyk ugra gönükdirmek, wagtyň sil kimin däli joşgunyny köşeşdirmek, bu döwürde dörän maksatlary hem gymmatlyklary ýaşaýyş görnüşlerine salmak, garaz, taryhyň täze daşgynyny kanunylaşdyrmak üçin öňe çykýarlar. Taryhy şahsyýetiň beýikligini-de bu taryhy böwsülmäniň möçberi hem çuňňurlygy kesgitleýär. Eger öňe çykan şahsyýet özüniň şahsy aýratynlyklary boýunça taryhyň öňde goýýan wezipelerine hötde gelip bilýän, taryhy wagtyň jylawyny ellerinde mäkäm saklap bilýän bolup çyksa, onda jemgyýet ýuwaş-ýuwaşdan adaty ýaşaýyş akymyna, ýöne indi hil taýdan bütinleý täze bir aýlawa çykýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen ruhunyň taryhy bäş sany hil eýýamyna bölünip görkezilýär. Munuň özi Beýik Serdaryň türkmen taryhyna beren pelsepewi bahalandyrmasydyr. Bu bahalandyrma özüniň çuňňur ylmy-mantyk esaslylygy, pelsepewi umumylaşdyrmasynyň anyklygy we kesgitliligi, taryha garaýşynyň özboluşlylygy hem aýdyňlygy, meseläni gutarnykly aýdyňlaşdyrýanlygy bilen haýran edýär. Şonuň üçinem akyl zähmeti bilen iş salyşýan alymlardan başlap ýönekeý adamlara çenli bu taryhy garaýşy bada-bat alyp göterdiler. Indi şeýle garaýyş türkmen taryhynyň esasy göz öňüne getirilmesine öwrüldi.
Biz dürli pikir öwürmeleri arkaly ahyrsoňunda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetine gelmek üçin, türkmeniň bäş eýýamynyň hersine taryhy şahsyýet nukdaýnazardan garap geçmekçi. Şeýle garaýyş Beýik Serdaryň taryhy-pelsepewi özeninden gözbaş alýar we özüniň delilleri taýyndan hut şoňa esaslanýar.
Şeýlelikde, türkmeniň bäş taryhy eýýamynyň hersi özüne laýyk şahsyýeti öňe çykardy. Hut öňe çykan taryhy şahsyýetiň aýratynlyklary-da degişli eýýamyň özboluşlylygyny kesgitledi.
5.
Birinji eýýam bolan Oguz han Türkmeniň eýýamy – şol beýik şahsyýetiň «reňkinden» reňk alypdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda aýdylyşy ýaly, Oguz han Türkmen biziň milletimiziň öňe çykaran ilkinji milli pygamberidir. Diýmek, onuň şahsyýetiniň birinji jäheti milli pygamberlikdir. Oguz hanyň pygamberligi oguznamalarda anyk taryhy-terjimehal wakalarda aýan edilipdir. Milli pygamber – täze bir milli ynanjy dörediji diýmekdir. Ýöne islendik täze ynanjy dörediji pygamber bolup bilmeýär, dünýäde ynanç kän. Pygamber şahsyýetli kişi hut anyk ynanjy – Hudaýa bolan ynanjy öňe süren adam bolmalydyr. Oguznamalarda Oguz hanyň bu sypaty giňişleýin beýan edilipdir. Eýýäm ilkinji ömür sahypalaryndan başlap, Oguz hanyň täze ynançly adamdygyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, onuň ata-babalary, şol sanda kakasy Gara han hem, ejesi-de kapyr – köphudaýlylyga uýýan adamlar eken. Rowaýat edilişine görä, Oguz doglandan ejesiniň süýdüni emmändir. Ejesi görgüli munuň sebäbini bilmän, elewräp ýörkä, birden bäbek dillenip: «Süýdüňi emerimi isleýän bolsaň, musulmançylyga geç» diýipdir. Şondan soň, enesi köne dinini – ynanjyny taşlap, musulman bolupdyr. Öz talaby ýerine ýetirilen Oguz şondan soň ene süýdüni emip başlapdyr.
Şu gürrüňde analitiki pikiri özüne çekýän birnäçe pursatlar bar. Şolaryň aýdyňlaşdyrylmagy Oguzyň hakyky-taryhy sypatyny açmaga, gürrüňiň çynlakaý akaba girmegine ýardam berer hasaplaýarys. Birinjiden, Oguznamanyň degişli gürrüňindäki «musulman» sözi pikirlenip okaýan adamyň ünsüni özünde egleýär. Eýse bäş müň ýyl mundan ozalky waka nire, musulmançylyk nire? Bize Oguznamalaryň, esasan, yslam gelenden soňky göçürmeleri gelip ýetipdir. Şonuň üçinem şol döwrüň göçürijileri – taryhçylary asyl tekstde ýekehudaýlylyk manysyny aňladýan öňki bir türkmen düşünjesini «musulmançylyk» aňlatmasy bilen çalşyrypdyrlar. Muňa ýoýulma däl-de, döwrüň dünýägaraýşyna, adalgalar ulgamyna laýyklykdaky aň kämilleşmesine esaslanýan täze beýan ediş hökmünde garamak bolar. Aňladylyş görnüşi üýtgese-de, Oguzyň täze ynanjynyň ýekehudaýlylyk mazmuny öňküligine galypdyr. Mundan şeýle bir kanunalaýyklyk gelip çykýar: dil üýtgemäge, özgermäge has meýillidir. Milletiň ynanjy onuň dilinden-de, aňladyş görnüşlerinden-de, has garrydyr, ýagny durnuklydyr.
Ikinjiden, Oguzyň ýaňy doglan badyna dil açmagynda, göräýmäge, hyýalatyň, hatda ertekiçiligiň gatanjy bar ýaly görünýär. Emma, bu diňe göräýmäge şeýledir. Has giňişleýin seretseň, munda hyýalbentligiň, ertekiçiligiň däl-de, dini aňyň, hyýaly taryhyň däl-de, mukaddes taryhyň maglumatyny göreris. Oguz han – milli pygamber. Pygamberiň şahsyýetinde hem ömründe bolsa beýle geň-taňlyklar barypýatan adatylykdyr. Iň bolmanda, Isa pygamberiň bäbekkä gepleýşini ýada salalyň. «Erteki-ow» diýip, muňa hiç bir kişi pitjiň atanok. Diýmek, islendik wakanyň içine gireniňde, onuň mantygy aýan bolýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, şu ýerde bir zady tekrarlamaly – Isa pygamber Oguzdan üç müň ýyl soň dünýä gelipdir. Eger şeýle gürrüňlere hyýalat gatyşykly zatlar diýip düşünäýeniňde-de, Isa baradaky rowaýatyň hut Oguz hanyň terjimehalynyň täsiri bilen dörändigini ykrar etmelidiris.
Oguz han ýekehudaýlylygy kabul etmegi halallyk diýip düşündirýär. Enesi täze ynanjy kabul edenden soň, onuň süýdi ogly üçin halal bolýar. Haçan-da ýigit çykanda, Oguza agasynyň – kakasynyň doganynyň gyzyny alyp berýärler. Oguz oňa-da täze dine geçmegi teklip edýär. Emma gyz hiç kime aýtmasa-da, mundan ýüz dönderýär. Gelinlik bolan ikinji gyz hem şeýdýär. Diňe üçünji gyz Oguzyň talap-teklibine boýun bolýar we täze ynanja geçýär. Onsoň ýigit ilkinji gezek şol gyza ýakynlyk edýär. Onuň düşünjesine görä, ýekehudaýlylyk dinine geçeni üçin gelni «halal maşgala» bolýar.
Oguzyň irki terjimehalynyň ýokarky iki wakasynda-da bir gymmatlyk – halallyk gymmatlygy bada-bat göze ilýär. Munuň özi eýýäm täze dini dünýägaraýşa esaslanýan täze ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ulgamlylyk häsiýetinden habar berýär. Iň ähmiýetli ýeri-de, müňlerçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, şol gymmatlyklaryň türkmen aňynda häzirem dowam edip gelýänligidir. «Ene süýdi ýaly halal» ýa-da «halal maşgala» düşünjeleri häzirem janly türkmen gymmatlyklarydyr. Bu hakykat ikinji bir, has içki kanunalaýyklygy açýar: ahlaky gymmatlyklar olara ilkibaşda esas bolan dünýägaraýyş gözýetimlerindenem durnuklydyr. Bäş müň ýyllykdaky gymmatlyklaryň häzirem diridigi bolsa bir zady – türkmeniň şol wagtam, häzir hem şol bir milletdigini aýan edýär. Çünki millet ilkinji nobatda ruhy-ahlaklylyk ulgamydyr, millilik daşky görnüşleriň däl-de, içki ruhy-ahlaky mazmunyň hadysasydyr.
Şeýlelikde, juda ýaş wagty Oguz han täze dini öňe sürüji, ýagny pygamber bolup çykyş edýär. Şeýle şahsyýetiň döremegi şol döwrüň türkmen jemgyýetiniň içki ýaşaýşynda taryhy işjeňligiň başlanandygyny habar berýär. Oguz han öz dinine Göktaňrylyk dini, öz Hudaýyna bolsa Gök, ýagny asman Taňrysy diýip at berýär. Bu gün ol Hudaýyň diňe ady hem ýeke-täklik sypaty aňymyzda saklanyp galypdyr, onuň beýleki anyklyklaryny, ulgamyny biz doly diýen ýaly unudypdyrys. Ýöne diňe şularam Oguzyň taryhy şahsyýetiniň ruhy jähetini göz öňüne getirmäge ýeterlikdir. Özi kapyr bolan Gara han ogluny öldürmegiň kül-külüne düşüpdir. Emma türkmen jemgyýetiniň aglaba bölegi, ylaýta-da ýaşlar täze dini ynanjy öz ruhy ýaşaýşynda zerurlyk hökmünde, özleriniň doly bişişen ruhy mätäçligi hökmünde oňlan bolmaly. Şonuň üçinem olar köne bilen täzäniň arasynda ýüze çykan darkaşda Oguzyň tarapyndan çykyş edipdirler. Täze dine, ogluna el göteren Gara han gazaply söweşlerde gurban bolýar. Onuň ornuna tagta çykan Oguz bolsa öz dinini indi gizlinlikde ündäp ýörmän, Göktaňrylygy döwlet dinine öwrüpdir. Ine, şu ýerdenem oguzyň millet hökmündäki şan-şöhraty başlanýar. Oguz han täze ynanç, täze dünýägaraýyş esasynda oguz jemgyýetini özgerdip başlaýar. Köphudaýlylyk geçmişe gidip, onuň ornuna ýekehudaýlylyk geçýär. Munuň özi jemgyýetiň gurluşy babatda nähili üýtgeşmäni aňladyp biler?
Munuň özi täze jemgyýetçilik ahlagyny döredýär.
Munuň özi maşgalanyň täze görnüşini döredýär.
Munuň özi jemgyýetiň täze durmuşy gurluşyny döredýär.
Bularyň barynyň jeminden bolsa täze döwlet – syýasy ulgam we netije hökmünde täze taryhy barlyk – türkmen milleti kemala gelýär.
Ýekehudaýlylyk dünýägaraýşyndan dörän täze milletiň baştutany Oguz hanyň ikinji bir şahsyýet sypaty – bu onuň beýik Serkerdeligidir. Milletiň ruhy gujur-gaýratynyň gözi açylmagy jemgyýetiň harby-syýasy, maddy kuwwatyny görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterýär. Oguz han özüniň täze dini ynanjy bilen şol wagtlar dünýäniň entek köphudaýlylyga uýup ýören halklary babatda öz taryhy maksadyna – birhudaýlylygy ýaýratmak, dünýäni ruhy hem maddy taýdan ele almak maksadyna girişipdir. Oguznamalarda Oguz hanyň özüniň agyr goşuny bilen dünýäniň haýsy ýurtlaryny nähili alandygy jikme-jik beýan edilýär. Bu harby-taryhy hereketiň bolup geçen ýerlerini yzarlanyňda, Oguzyň şol wagtky dünýäni dolulygyna ele alandygyny görýärsiň. Onuň uly goşunynyň düzümi, gurnalyşy hem-de harby tilsimleri Oguz hanyň döwrüň iň güýçli goşunyny döredip bilen beýik Serkerdedigini görkezýär.
Oguz han Türkmeniň şahsyýetiniň üçünji sypaty – onuň ökde Syýasatçylygydyr. Özüniň çeýe syýasatçydygyny Oguz han ýaş wagtlary hem, şahsyýet hökmünde kämillige ýeten döwründe hem aýan edipdir. Oguznamalar onuň oýlanyşykly, akylly, parasatly hereket edendigini aýdýarlar. Ol haýsy ýurda barsa, ilki gylyjyny gynyndan çykarman, hoş söz, syýasat bilen iş görüpdir. Özüniň ýagşy parahatçylykly niýetler bilen gelendigini düşündiripdir. Hatda gerek ýerinde sylag-serpaýyny hem gaýgyrmandyr. Ýaraga diňe başga ýol galmadyk wagtynda ýapyşypdyr.
Oguzyň beýik taryhy şahsyýet hökmündäki dördünji sypaty – durmuşy barlygy gurnaýjylygydyr. Ol jemgyýetde zähmet bölünişigini geçiripdir. Şonuň netijesinde bolsa synplar, täze gatlaklar kemala gelip, olar türkmen milletiniň durmuş binýadyny tutupdyr.
6.
Türkmen taryhynyň ikinji eýýamynyň öňe çykaran şahsyýetiniň aýratynlyklary Gorkut atanyň keşbinde aýan bolýar. Şonuň üçinem biz bu eýýamda, esasan, iki sypatly şahsyýet öňe çykdy diýip aýdyp bileris. Gorkut ata welilik hem-de keramatlylyk sypatlaryna eýe bolan kişidir. Eger Oguzyň adynyň yzyna «han» sözi goşulan bolsa, Gorkuda türkmenler-oguzlar «ata» diýip hormat bilen ýüzlenipdirler.
Bu oguz-türkmenlerde iň ýokary ruhy abraýy aňladypdyr. Diýmek, ondan öňki eýýam bilen deňeşdirilende, öňe çykan şahsyýet meselesinde bu ýerde uly üýtgeşikligiň bolup geçendigi görünýär. Ruhy abraýlylyk Oguz hanyň şahsyýetiniň diňe bir jäheti bolup, ol millet üçin doly hem baky abraýdy. Gorkut ata munuň diňe bir jäheti ýetipdir. Munuň özi ikinji eýýamda türkmen üçin syýasy-harby abraýyň öz wajyplygyny ýitirendigini, netijede, milletiň barlygynyň öz ozalky belentligini hem giňişligini gözden salandygyny aňladýar. Emma bu şol bir wagtda-da milli ruhuň görlüp-eşidilmedik derejede çuňlaşandygynyň alamatydyr. Hol ýokarda – tagtynda oturan ýerinden öz yşaratlary bilen milleti dünýäni almaga tarap äkidýän Oguz handan tapawutlylykda Gorkut ata ýönekeý adamlaryň arasynda ýaşapdyr. Indi pikirlenip otursaň, täze dünýä dini-yslam kabul etmek üçin Gorkut ata ýaly şahsyýeti hut taryhyň özi öňe iteklän ýaly bolup dur. Yslamy ilki kabul edenem bolsa, Gorkudyň dünýäni duýşunda Göktaňrylygyň gymmatlyklary gaty aýdyň görünýär. Onda soňky monoteistik dünýägaraýşa mahsus bolan tebigat baradaky hökmürowanlyk ýokdur. Türkmen tebigatyň içinde ýaşaýar, millet diňe ruhuň däl, eýsem hut tebigatyňam bir bölegi. Munuň özi Göktaňrylyk ruhunyň ýere düşmegi, ýönekeý adamlaryň ýüreklerinde mazaly kök urmagydyr. Gorkut atanyň ruhy abraýy iki eýýamyň içki sazlaşygyny, yslama uly ýitgisiz geçilmegini üpjün etdi.
Eger milletiň başynda ruhy abraýy bolmadyk patyşa ýa ýene bir hili şahsyýet duran bolsady, onda türkmeniň yslama gelşi juda pajygaly bolup bilerdi. Gorkut atanyň weliligi taryhy geljegi açdy, onuň keramatlylygy bolsa bu açyşy kanunlaşdyrdy we halkyň kabul etmegini gazandy. Geljek uzalyp gidýän milli taryh bolup göz öňüne geldi. Hezreti Muhammediň maksady şol wagtky dünýäniň iki tarapa – kapyr hem musulman taraplaryna bölünmegine getiren bolsa, Gorkut ata öz hereketi bilen türkmeniň bu taraplaryň güýçlüsinde bolmagyny gazandy. Türkmen beýleki tarapy kabul edip biljek däldi, eger ol öňki Göktaňrylykda galan bolsa, onda bu millet üçin ösüşi däl-de, tesişi aňlatjakdy. Gorkut ata Weli hökmünde şuňa oňat düşünipdir.
7.
Türkmen taryhynyň üçünji eýýamy – Mukaddes Ruhnamadan mälim bolşy ýaly, Görogly beg eýýamy. Biz kämahal ýakyn manydaş sözleriň arasyndaky tapawut anyklyklaryny aradan aýryp, manylary şol bir zat hökmünde kabul etmäge endik edipdiris. Munuň özi sözlerimiziň many anyklyklaryny ýitireňkirlän döwri bolan sowet zamanynyň ters täsirinden bolsa gerek. Bu Göroglynyň şahsyýetiniň atlandyrylyşynda-da bildirýär. Görogly Jygalybeg soltanyň agtygy, Adybeg soltanyň bolsa ogludyr. Diýmek, ol aslynda «beg» däl-de, soltandyr. Onuň eýýamy-da sözüň hakyky manysynda türkmen taryhynda soltanlaryň döwri bolupdy. Şonuň üçinem Göroglynyň baş şahsyýet sypaty Soltan diýip aýdyp bileris. Özüniň derejesi, syýasy häkimliginiň ähmiýeti we möçberi boýunça soltan handanam, begdenem (bu sözleriň häzirki manysynda) ýokarda durýandyr. Şundan ugur alyp umumylaşdyrsak, Göroglynyň taryhy şahsyýeti syýasy abraýynyň doly agalygynyň alamatydyr. Diýmek, bu eýýam şahsyýet babatda ikinji eýýamdan düýpgöter tapawutlanýar. Bu tapawudyň, taryhy meýdana hut syýasy şahsyýetiň çykmagy öz eýýamy üçin oňyn ähmiýeti bilen bir wagtda, soňky taryhy döwür üçin zyýanly netijesi-de boldy. Soltan diýlende bir kiçeňräg-ä däl, eýsem uly döwletiňem däl-de, birgiden döwletleriň syýasy baştutany göz öňüne gelýär. Soltan – uly hem kuwwatly döwletiň baştutany. Degişli eýýamda birgiden kuwwatly türkmen döwletleri döräp, olaryň başynda onlarça türkmen soltanlary durupdylar. Syýasy erkiň şeýle güýçli ýüze çykmagy netijesinde türkmen dünýäde syýasy agalygy gazandy, bu hem öz gezeginde milletiň dünýä giňişliklerine ýaýramagyna alyp bardy.
Emma milletiň göwresi diňe dünýä giňişliklerine ýaýraman, eýsem onuň ruhy barlygy-da medeni giňişliklere pytrady. Ine, şu ýerde-de milletiň ýeke-täk ruhy abraýynyň – öňbaşçysynyň bolmandygynyň zyýany özüni bildirdi. Türkmeniň iň esasy güýçleri ata Watandan çykyp gitdi, wagtyň geçmegi bilen özi duýmazdan özgeler bilen garyşyp-gatyşyp gitdi. Millet bir bitewi göwrelilikden mahrum boldy. Wagtlaýyn (elli, ýüz ýyl bolsun – bu millet üçin wagtlaýyn bolýar) syýasy maksatlaryň yzyna düşüp, türkmen öz özenini düzýän ruhy-etniki barlygyň jaýryk atanyny-da duýman galdy. Bu ruhy abraýyň ýoklugyndandy diýýäris. Emma ruhy abraý ýüze çykybam biljek däldi. Çünki yslamyň çägindekä milletde bitewülik salgymy döräpdi. Hatda belli-belli pursatlarda soltanlar dini-yslamy gymmatlyklary millet gymmatlyklardan ýokary hem goýupdylar. Munuň sebäbi-de olaryň bütin yslam dünýäsini syýasy taýdan dolap almak maksatlaryndandy. Galyberse-de, olar aňly-düşünjelilik bilen ruhy-dini abraýy Bagdat halyflaryna tabşyrypdylar. Netijede, bu günki gün bize olardan janly taryhy mirasdan-da beter türkmen adynyň beýikligi miras galypdyr.
8.
Türkmen taryhynyň dördünji eýýamynyň ruhy-taryhy mazmuny şol negatiw taryhy netijeden belli-belli sapaklary edinmekde ýüze çykýar. Bu eýýama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasyndaky taryhy-pelsepewi bahalandyrmalarynda takyk baha berdi. Bu örän dogrudyr. Çünki ondan öňki eýýamlar bilen deňeşdirilende, dördünji eýýamda milletiň maddy we ruhy derejesi pese düşdi. Milli ruhy barlyk özüniň taryhy ululygyndan mahrum boldy.
Dördünji eýýam Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi taryhyň belentligine Şahyryň hem Akyldaryň şahsyýetiniň çykmagy boldy. Sebäbi türkmene öz geçen ýolunyň taryhy tejribesini özleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy. Ol eýýamda umumymilli möçberde syýasy abraý döremedi. Döwletsizlik, syýasy dagynyklyk şertlerinde beýle bolmagy mümkin hem däldi. Syýasy abraýy aňladýan «han» sözüniň manysy şeýle bir kiçeldi hem ownady weli, bir bölejik obanyň baştutanyna-da han diýildi. Bir obada üç-dört kişi hem han adyny göterdi. Her kellede han döredi. Şonuň üçinem milleti gutarnykly dargamakdan diňe ruhy abraý halas edip biljekdi. Netijede, eýýamyň mazmunyny kesgitleýji hökmünde Şahyr hem Akyldar sypatlaryny özünde jemlän şahsyýet – Magtymguly döredi. Akyldarlyk oňa türkmeniň taryhy geçmişini pelsepewi taýdan özleşdirmek, ondan geljek babatda netije çykarmak üçin, Şahyrlyk bolsa milletiň ruhuny belentlikde saklamak üçin gerek boldy.
Bu eýýamyň esasy aýratynlyklarynyň biri türkmen milletiniň taryhy barlygynyň belli bir ýere degişliligi, garaşlylygy boldy. Orta asyrlardaky beýik şalyklary guran millet bir kiçijik bölejik bolup galdy. Magtymgulynyň taryhy maksady şu bölejigiň içki ruhy bitewüliginiň ýitirilmeginiň öňüni almakdan ybarat boldy. Ol bu maksadynyň hötdesinden geldi we Türkmenistanda (edil häzirki geografik çäklerinden has giňräk çäk göz öňünde tutulýar. Russiýa döwründe Magtymguly zamanynyň Türkmenistany üçe – Russiýa imperiýasyndaky, Owganystandaky hem Eýrandaky Türkmenistana bölünipdi) ýaşaýan türkmenleriň milli ruhy pygamberi derejesine ýetdi. Onuň şahsyýeti we maksatlary täze lokallaşan – belli bir ýere degişli edilip çäklendirilen türkmen halkynyň ruhy barlygynyň özenine öwrüldi. Emma döwlet-syýasy bitewüligi bolmansoň, türkmen daşyndan gelýän ýaramaz täsirlere hem basybalyjylyga garşy durup bilmedi. Ýöne türkmeniň türkmen bolup galmagy üçin Magtymgulynyň şahsyýeti ýeterlik boldy.
Magtymgulynyň pikir mirasy bilen tanşanyňda, bir aýratynlyk gözüňe dürtülip dur: barlyk bilen akyldaryň arasynda aňyrsyna çykyp bolmaýan ýowuz gapma-garşylyk bar. Ol barlygy «pelek», «dünýä» diýip, ruhy-ahlak taýdan doly inkär edýär. Şeýle ýowuz ruhy hadysa öňki ruhy abraýlarda, hususanam, Gorkut atada ýokdur. Munuň Magtymgulynyň döwri bilen gönüden-göni baglanyşygy bar.
Şahyr hökmünde Magtymguly öz zamandaş şahsyýetleriniň dürli-dürli keşplerini berýär. Şolaryň içinde onuň ýek ýigrenýäni «bedasyl adam», «bedasyl beg» ýa-da «namartdyr». Şeýle şahsyýetiň bitewi keşbini şahyryň şygyrlaryny çuňňur okap yzarlanyňda, döwrüň ähli sosial-taryhy hem ruhy nogsanlygyny özünde göterýän ýaramaz, betpäl kişileriň toplumy dikeldýär. Olar milletiň bir bölejiginiň – tiräniň, neberäniň ýa-da obanyň öňüne düşýän adam bolup, diňe öz beýnijigi, öz dünýäjigi bilen ýaşaýar. Magtymguly ony hut milletiň bähbitlerini, haýryny bilmeýändigi, milleti kiçeldýändigi üçin ýigrenýär. Şeýle adamlar iliň öňüne düşüp, ony taryhy nämälimlige, hatda taryhy ýokluga tarap alyp barýarlar.
Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul.
Ýa-da:
Müň nesihat aýtsaň, birini tutmaz,
Agzybir bolmagan ile baş bolmaň.
Şahyryň ýangynlylygyna sebäp bolan şahsyýet eýýamyň öňe çykaran esasy ýaramaz şahsyýetidir. Şeýle şahsyýetleriň biri hakynda Wamberi öz kitabynda ýazypdyr. Ol Buhara bazarynda gul satyp duran türkmeni görüpdir. Aňyrdan gelen bir ulama: «Allaň bendesini satmaga utanaňokmy?» diýse, ol türkmen gapdalda Gurhan satyp oturany görkezip, «Aýdýanyň näme, hana, Allanyň gudratly sözüni satýarlar, adam nämejik» diýip, içýakgyç jogap beripdir. Şol döwürde Nedir şa, Ahmet şa ýaly şahsyýetlere hezil bermedik, milletiň gözgyny ýagdaýyna sebäp bolanlar hem şeýle adamlardyr. Ýogsam Nedir şa-da, Ahmet şa-da türkmen bitewüligini biçak küýsäpdirler.
Şonuň üçin Magtymguly öz eýýamynyň türkmeni üçin şeýle düýpli taryhy sapagy sargyt hökmünde tekrarlaýar:
Gargyş gurduň zürýadyny azaldar,
Goýun kibi çar tarapa il bolgul.
Bu taryhy ýaşaýyş üçin esasy sapak – sargytdyr. XIX asyryň ortalaryna türkmen muny özleşdirenem ýaly boldy. Emma içki ýowuz belanyň ýaňy agyzdyryklanyp başlanan wagty uly bela daşardan – Orsýet tarapdan geldi. Ana, şonda türkmen erkinlik bilen kakabaşlygyň bir zat däldigine düşündi. Ýöne indi giçdi.
Gökdepe urşy milletiň müňlerçe ýyllyk umumy taryhy üçinem, hatda gaýtgynly eýýam bolan Magtymguly eýýamy üçinem beýik pajyga boldy. Bu uruş gaçdy-kowdy, «bir gün sen aldyň, başga gün men basdym» diýilýän adaty uruş däldi. Onuň netijesinde millet doly taryhy baknalyga düşdi, taryhyň kakabaşam bolsa, garaz, subýektiwliginden mahrum boldy, öz taryhy erkini we ýüzüni ýitirdi.
Tä XX asyryň ahyrlaryna çenli dowam eden bu döwrüň iň aýylganç tarapy-da onuň milli şahsyýeti öňe çykaryp bilmänligidir. Şahsyýet babatda Magtymguly eýýamynyň bu içki ikinji döwründe bolan esasy betbagtçylyk millet derejesinde şahsyýetsizleşmek hadysasynyň bolup geçenligindedir.
Diňe patyşa döwründe däl, eýsem sowet zamanynda-da türkmenden öňe çykan şahsyýet bolmady. Şahsyýetsizleşmek türkmeniň başyndan iň aýylganç bela bolup indi. Munuň rasional düşündirip bolýan sebäplerini-de tapsa bolar. Emma gep onda däl. Gep taryhy şahsyýetiň döremeginiň has çylşyrymly irrasional esaslarynyň barlygynda. Taryh diýilýän hadysa diňe adamyň erki bilen kesgitlenýän bolsady, onda bu ýerde rasional düşündiriş meseläni tükelläbem bilerdi. Ýöne, çatak ýeri, taryhda ýene bir kesgitleýjiniň – adam erkinden has göze görünmez, ýöne şol bir wagtda-da hiç bir zada bakman öz isleýşi boýunça ýa eýläk, ýa beýläk edýän çözüji Hudaý erkiniň hereket edýänligidir. Hudaýyň nämedigini bolsa müňlerçe ýyllar bäri edilýän çytraşmalara garamazdan, rasional düşündirmek başa barman gelýär. Tebigat babatda ýene, garaz, elhal. Tebigatyň gözelliginiň, kämilliginiň hem ummasyz giňliginiň aňyrsynda Hudaýyň eli görünýän ýaly bolýar. Emma taryhda weli... bir görseň-ä bar zady adamyň özi amal edýän ýaly, şol bir wagtda-da adamyň hut özi amalyň guraly, serişdesi ýaly. Gural, serişde diýilýäni bolsa kimdir, nämedir biriniň elindäki zat bolmaly-da!
(Dowamy bar)...
Publisistika