AHLAK ŞAHSYÝETI
1.
Beýik şahsyýetiň ahlak sypatlary barada gürrüň etmek aňsat däl. Üstesine, bu beýik şahsyýet döwlet baştutany, syýasatçy bolsa beýle gürrüňiň kynlygy hem-de jogapkärligi hasam artýar. Çünki syýasatçynyň şahsy sypatlary, ahlak şahsyýeti mesaňa görnüp durmaýan, örän çylşyrymly hem-de köptaraply bolýar. Onuň syýasatçy, ýagny köpçülige erk ediji adam hökmündäki syry we gudraty belli bir manyda şol çylşyrymlylyga, aňsat göz ýetirip bolmaýanlygyna daýanýar. Syýasatçy özüniň şahsy ahlak sypatlary boýunça aňyrsy görnüp duran «durna göz» suw ýaly bir zat däl. Onuň şahsyýetiniň beýikligi, köplenç, şahsy ahlagynyň şol gözýetmezliginde, aňýetmezliginde saklanýar.
Emma, şol bir wagtda-da, döwlet baştutanynyň hut şahsy, hususy ahlagy köpçülige, halka aýdyň hem düşnükli bolmaly. Sebäp diýeniňde, halk onuň degişli şahsy tarapy babatda ynamly hem-de kesgitli bir pikirde bolmasa, syýasatçynyň syýasatçylygy uzaga gitmez. Şonuň üçinem hakyky syýasatçylar hemişe öz şahsyýetiniň halk, köpçülik nukdaýnazaryndan göze görnüşi barasynda alada edip ýörýärler. Bu meseläni öz işiniň möhüm bir ugry hökmünde iş edinip gezýärler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahlak şahsyýeti baradaky gürrüňden öňürti, ilki bilen, «ahlak» sözüniň düýp manysyna aň etmek gerek. Göwnümize bolmasa, biz, köplenç, bu sözüň aslyny unudyp, «ahlak» düşünjesini «adamkärçilik» bilen deňeşdirýäris. Munuň özi ýalňyşlykdyr. Adamkärçilik şahsyýetiň moral manyly oňyn sypatlarynyň jemini aňladýar. Şol sebäpden adamkärçilik etiki düşünjedir. «Ahlak» bolsa «gylyk» ýa-da, başgaça aýdylyşyny alsak, «hulk» sözüniň köplük sanda berlişidir. Bu ýerden ahlak – şahsyýetiň hiç hili moral ýokundysy bolmadyk tebigy gylyk-häsiýetleriniň jemidir diýen kesgitleme gelip çykýar. Adamkärçilik aňlatmasyndan tapawutlylykda, ahlak ruhy-serhaly manyly düşünjedir. «Adamkärçilikde» gürrüňsiz goldanylýan, gowy görülýän many bar, ahlaga bolsa şahsyýetiň kimdir birine ýaraýanlygyny ýa ýaramaýanlygyny hasaba almaýan ruhy-psihologik tebigylyk mahsusdyr. Şu manyda ol adamyň zandy, ýasawy diýen aňlatmalara barabar bolýar. Şonuň üçinem rus diliniň täsiri bilen dörän «ahlaksyz, ahlaksyzlyk» ýaly aňlatmalar düýbünden seredeniňde, manysyzlykdyr. Eýse, gylyk-häsiýetsiz adam bolmaýar ahyryn. Çünki islendik şahs – munuň özi gylyk-häsiýetleriň toplumy. Elbetde, belli bir, dar, emosional öwüşginli manyda «häsiýetsiz adam» hem diýlip ulanylýar, ýöne bu hili kesgitleme ylmy aňlatma däl.
Köne, nusgawy türkmen serhalynda şahsyň ahlak hususyýetini iki tarapa bölüpdirler: «Syrat» hem-de «surat». Syrat – adamyň içki gylyk-häsiýetlerini, surat bolsa onuň daşky hereketlerinde ýüze çykýan hulkuny aňladypdyr. Şahsyýetiň kämillik ölçegi diýip onuň syraty bilen suratynyň sazlaşygyna, tebigy barabarlygyna düşünipdirler. Beýik Jelaleddin Rumynyň «Bolşuň kibi görün ýa-da görnüşiň kibi bol» diýen pähimi-de şol sazlaşygy göz öňünde tutýar. Bu – syrat bilen suratyň arabaglanyşygyna nusgawy garaýşyň bir mysaly. Emma bu arabaglanyşyga başga bir hili garaýşyň hem biziň ruhy tejribämizde bolandygyny ýatlap geçmek gerek. Döwletmämmet Azady şahsyýetiň içki hem daşky ahlagy barasynda şeýle ýazypdyr: Zahyrynda gerti bolsa hyrkapuş, Batynydyr Taňrynyň yşkynda juş. Zahyrynda gerti arrykdyr teni, Batyny – genç, köňlüdir genç harmany. Zahyrynda gözlerinden ýaş akar, Batynynda Hak jemyga bakar. Zahyrdyr gerti halkullah bile, Batynydyr aklaryň Allah bile. Suraty adam, weli syratda ruh, Açylar olar sary fazzy-futuh. Sebäbi: Bilmek olmaz syryny bir kimseniň, Hak biler syryn weli her närsäniň.
Azady şahsyýetiň, ylaýta-da Hudaýa ýakyn duran weliniň batyny hem zahyry, ýagny görünýän we görünmeýän sypatlarynyň tapawutlanýandygyna ünsi çekipdir. Elbetde, bu ýerde şahsyýetiň bikemaldygyny görkezýän ýagdaý hakda aýdylmaýar. Gep Haka gulluk edýän welileriň öz ygtykaty bilen baglanyşykly içki moral düzgünleri barasyndadyr.
Bu gürrüňi häzirkizamanlaşdyryp, şahsyýetiň içki ruhy dünýäsiniň özbaşdaklygyny ykrar etmegiň moral taýdan maksadalaýyk bir zatdygyny aýdyp bolar. Adam juda çylşyrymly ruhy gurluş bolup, onuň düýp-teýkaryna, aňyrsyna ýetmek aslynda mümkin däldir. Azadynyň «Hak biler syryny her närsäniň» diýýän pikiriniň manysy-da şondan ybaratdyr.
Şeýlelikde, bize şahsyýetiň diňe daşyndan görünýän suraty ahlagy barasynda gürrüň etmek paýy galýar. Özüniň içki – syraty dünýäsi barasynda şahsyýet diňe Allanyň öňünde hasabat bermäge hukuklydyr.
Beýik Sararmyrat Türkmenbaşynyň ahlaky şahsyýeti sazlaşyklylygy, kämilligi bilen hatda ýekeje gezek ýüzbe-ýüz bolan adamyň hakydasynda ömürlik güýçli täsir bolup galýar. Onuň bilen bir däl, birnäçe gezek söhbetdeş bolmak miýesser eden adamda bolsa şahsyýetiň ahlaky belentligine barha anyk hem aýdyň göz ýetirmek mümkinçiligi döreýär.
Onuň şahsyýetiniň üýtgeşikligi her bir ýüzbe-ýüz bolan adama şobada aýan bolýar. Iň ilkinji täsir bolsa Beýik Serdaryň şahsyýetiniň adatdan daşary täsirliligidir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bir gezek ýüzbe-ýüz bolan, görşen, söhbetdeş bolan adamynda bütin ömrüne ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrýar.
Beýik Serdar söhbetdeşi bilen edil çagalykdan bäri gatnaşyp ýören ýegre dosty, ýakyn ýürekdeşi ýaly söhbet edýär. Prezident söhbetdeşiniň her bir sözüni üns berip diňleýär, ony howlukdyranok. Iki-üç minutlyk söhbetdeşlikden soň Beýik Serdaryň ýanyna gelen adam bütinleý özüni erkin, ýürekdeşiniň ýanynda ýaly duýýar. Ol Beýik Serdara edilýän gürrüň boýunça ýüregini açýar, oňa ähli zady aýdasy gelýär. Beýik Serdaryň mylaýymlygy, hoşamaýlygy, ýürekdeşligi gürrüňdeşiniň göwnüni göterýär, onuň şeýle bir joşup-joşup gürläsi, bilýän zatlarynyň ählisini aýdasy gelýär. Gete söhbetdeşimiň nähili adamdygyny bilmek üçin maňa on bäş minut ýeterlik diýip gaýtalamagy gowy görer eken, ýöne Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy üçin söhbetdeşiniň näjüre adamdygyny, «agramynyň» näçeräkdigini bilmek üçin 3-4 minut ýeterlik bolmaly. Biziň pikirimizçe, şeýle ýürekdeşlik, ýakymlylyk, özüne çekijilik Beýik Serdaryň şahsyýetinde jemlenen güýç-kuwwat bilen baglanyşyklydyr. Bu güýç-kuwwat bolsa 6 million adamdan ybarat türkmen milletiniň ruhy-psihologik güýç-kuwwatynyň, howalasynyň bir şahsyýetde toplanmagynyň we ýüze çykmagynyň netijesidir. Şol sebäpden onuň bilen duşuşmak her bir adam üçin hemişe tolgundyryjy, hatda ruhy-serhaly galagoply, şol bir wagtyň özünde biçak ýakymly bir zada öwrülýär. Onuň ýakynyna baran kişi özboluşly bir ruhy magnit meýdanyna girendigini syzýar.
Bu hili täsiri gysgaça şeýle deňeşdirme arkaly düşündirmek bolar: Beýik Serdaryň garşysynda duran kişi özüni bir şahsyň däl-de, giden bir köpçüligiň, bir adaty adamdan has uly subýektiň öňünde ýaly duýýar. Bu Beýik Şahsyýet özüniň adatdan daşary güýç-kuwwaty bilen adamy özüne imrindirýär, adam beýik Erkiň, beýik Paýhasyň hem-de intellektiň öňünde özüni erkin duýýar, bagtly duýýar. Şeýle täsirlilik adamzadyň taryhynda bolup geçen ähli beýik şahsyýetlere-de mahsus bolupdyr.
Onuň ýiti hem-de synçy gözleri bada-bat gürrüňdeşiniň içki barlygyna – hususyýetine gönügýär hem-de garşysynda duranyň «agramyny» derrew ölçäp goýberýär. Adamyň daşky görnüşinden, hereketlerinden oňa mahsus bolan, onuň mazmunyny düzýän bar aýratynlyklary şobada aňlaýar we oňa umumylaşdyryjy, kesgitli hem dogry baha kesmegi başarýar. Onuň ilkinji aýdan sözlerinden, äheňinden kimdigini we nämedigini öňli-soňly kesgitleýär. Beýik Serdaryň ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlikde söhbetdeşi üçin aýan bolýan esasy sypaty – şahsy mylakatlylygydyr.
Mylakatlylygy gürrüňdeşinde turuwbaşdan oňa ynam hem-de hormat-söýgi döredýär. Onsoň şonuň täsiri bilen gürrüňdeşinde onuň gaşynda ýüregini açmak, özüni soňuna çenli aýan etmek islegi döreýär. Netijede adam, megerem, başga hiç bir ýerde, hiç bir pursatda we başga hiç bir kişiniň öňünde ýüze çykarmaýan mazmunyny äşgär edýär. Ol Beýik Serdaryň şahsy mylakatlylygynyň öňünde özüniň düýp-teýkaryna çenli açylanynam duýman galýar. Hatda, eger gürrüňdeş adatdan daşary ýapyk, özüni dürli-dürli perdeler bilen basyrmak endigini we tejribesini edinen kişi bolaýanlygynda hem Beýik Serdaryň öňünde birhili, geň-taň müýnürgeýär. Bu-da özüni gizlemek isleýän kişiniň özüni özboluşly paş etmegi bolup galýar. Onsoň Beýik Serdaryň synçy nazary muňa kesgitli göz ýetirýär.
2.
Bu hili hulky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň zandy boýunça aşa tangyrdygyny, aşa synçydygyny, dogabitdi serhalçydygyny görkezýär. Gürrüňdeşiniň daşky sypatlaryndan – beden gurluşyndan, ýüzünden, endikli yşaratlardyr hereketlerinden, garaz, beýlekileriň we hatda onuň özüniňem aňlamaýan ownujak taraplaryndan onuň içki mazmunyny aýan görüp bilýär. Eger gürrüňdeşi özüni perdelejek bolup, her hili «oýundyr sapalaklara» ýüz ursa, ony öz ugruna kowýar, ony mazaly synlaýar, ony «görmediksireýär». Ýagny ony öz görkezişi ýaly gören bolýar. Birdenem, onuň garaşmaýan tarapyndan barýar-da, ähli perdelerini sypyryp goýberýär. Netijede, gürrüňdeş özüni gizlemegiň mümkin däldigine göz ýetirýär hem-de «gönelýär». Iş salyşýanynyň erkini doly ele almagy başarmak Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy serhaly rüstemliginiň esasy aýratynlygynyň biridir. Bu onuň öz-özi, öz endikleri babatda-da güýçli erkliliginden gelip çykýar. Ýöne ýere «Özüne erk edip bilen adam, dünýä-de erk eder» diýip aýdylmaýar. Güýçli erklilik oňa ata-babalaryndan geçen we çylşyrymly hem-de kynçylykly şahsy durmuşynda kämilleşdirilen häsiýetdir. Erklilik özüni gelşiksiz, bimany hem-de zyýanly hereketlerden saklap bilýänliginde we her hili amatsyz hem kynçylykly halatlara çydamlylygynda ýüze çykýar.
Adam üçin üç zat – ot, suw, ajal Allanyň iň ýowuz synagçylary bolmaly. Allatagala bendesini şu üç ýowuzlygyň üsti bilen synagdan geçirýär. Şu üç zada döz gelen kişi islendik synaglara-da, kynçylyklara-da, ýowuzlyklara-da döz gelip bilýär. Kürede ençe günläp bişen palçykdan edilen kerpiç daşa öwrülýär, berkeýär. Gyzyl otdaky polady birden suwa sokup taplaýarlar.
Allatagala ýalkajak adamyny, beýik derejä ýetirjek kişisini ýowuz synaglardan geçirýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny Allatagala otda hem suwda taplady, oňa biçak ýowuz darady. Şeýdibem ony beýik işlere taýýarlan bolmaly. Beýik Serdar ýaşlykda kakasyndan aýralyk oduna jyzar bolup ýörkä, birden ejesinden, iki doganyndan jyda düşüp, ýakynlarynyň ölümine ýanyp-bişýär. Ykbal ony otdan alyp suwa, suwdan alyp oda atýar. Her hili agyr sütemlerde-de ol ejizlemän, özüne erk etmegi, kynçylyklardan baş alyp çykmagy başarýar. Özüne özi hossar çykmaly bolýar.
Beýik Serdaryň erkliligini, gaýratlylygyny, şahsy mertligini onuň durmuşynda bolup geçen bir waka örän oňat görkezýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy oglanlyk ýyllaryndan bäri ýürek-damar keselinden ejir çekýärdi. Aýaklarynyň damary çişip, köp ýörän halatynda bu derdiň ejiri güýçli bildirýärdi. Aýak üstünde durup, uly ýygnaklarda birnäçe sagatlap çykyş edenden soň, aýaklarynyň agyrysy hasam artýardy. Şol sebäpli soňky döwürlerde aýak üstünde durup däl-de, oturan ýerinde gürlemegi adat edinipdi. Beýik Serdaryň bu derdiniň özboluşly taryhy bardy.
Bu kesel oňa oglanlykdan galypdy. Bu barada biz şu kitabyň birinji jildinde gürrüň beripdik. Ýöne şol hasratly taryhyň diňe ýaryny beýan edipdik. Häzir bolsa onuň galan ýaryny beýan etmekçi bolýarys.
Aýazly gyş gijesinde sowukda galan ýaş Saparmyradyň näzik bedeni sowuga çydaman essi aýylyp, özünden gidipdir. Näçe wagt aradan geçeni belli däl, ýöne ol özüne gelende ýat bir öýde ýatandygyny görüpdir. Gübürdäp ýanyp duran peçli ýylyjak öýde başdan geçiren aýazly meýdanyndan soň ýorgana basyrynyp ýatmak birbada ýakymly görünse-de, aňy-huşuna gelip, birden dikelipdir. Ol nämäniň-nämedigine, nämeleriň bolup geçendigine düşünmändir. Bu ýyly öý nire, ol nire! Ony bu ýere kim, nädip, haçan getiripdir?! Töweregine göz aýlanda, ol bir adamyň peje odun salyp duranyny görüpdir. Bu, megerem, öý eýesi bolmaly. Ol öý eýesini daşdan, çalarak tanaýan eken. Gypjakda oňa Ata kol diýýärdiler. Obanyň lukmany bolup, adamlar derman-däri, ukol edýändigi üçin oňa şeýle lakam galypdyr. Saparmyrat öý eýesinden nämeleriň bolup geçendigini sorapdyr. Ata kol gijäniň bir mahaly ukudan turup, Saparmyrady arkasyna alyp öýüne getirendigini aýdypdyr. Oglanyň «Meniň nirede, nädip ýatanymy sen nireden bilip ýörsüň?» diýen sowalyna lukman:
– Nädip bilmejek?! Uzak gije ejeň penjiräň aýnasyny kakyp ýatyrmady ahyryn. «Oglum garyň astynda ýatyr, turaweri, ýeteweri» diýip, özelendi durdy – diýen jogaby beripdir.
Şonda gaty geň galan Saparmyrat:
– O näme diýdigiň bolýar? Meniň ejem barmy näme, ol ýer titrände wepat boldy ahyryn – diýipdir. Ata kol bolsa:
– Ejeň bolmasa, gelip meni turuzmadyk, seniň halyňy ýetirmedik bolsa, başyňa düşen ýagdaýlary men nireden bileýin-aýt – diýip, biperwaý jogap beripdir hem-de peje odun salmasyny dowam etdiripdir. Şonda Saparmyrat ene ruhunyň, ene söýgüsiniň gudratyna haýranlar galypdy.
Bu dert bilen göreşip gelen tas 50 ýylynyň dowamynda mähriban käbesiniň ruhy oňa uly tekge bolup gelipdi. Ahyrsoňunda Beýik Serdar Amerikada öz aýagyny operasiýa etdirmeli bolupdy. Operasiýa şowly geçip, galan bejergini öz Watanynda almak kararyna gelen Serdaryň Amerikadan uçarly geljekdigi baradaky habar bütin Türkmenistana ýaýrap, türkmen halky ony garşylamaga uly taýýarlyk görüp başlady.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy uçardan düşen badyna adam üýşürmän, hiç bir artykmaç adamlara habar etmän, göni öýüne ugramagy niýetine düwüp gelýärdi. Emma Beýik Serdaryň geljegini eşidip, aeroporta märeke bary üýşüp, onuň gelerine garaşyp durupdy.
Uçar gelip gonanda, adamlaryň bar ünsi şoňa gönükdi. Olar eýýäm uçaryň daşyny gallap durdular.
Emma Beýik Serdaryň uçardan nähililik bilen düşjegi hiç kimiň oýuna gelmeýärdi. Ýaňy aýaklaryny operasiýa etdiren adam aýak üstünde durup, ýöräp gidip bilermikä? Bu oňa juda agyr düşmezmi? Eger ony nosilka salyp, adamlaryň arasyndan geçirip alyp gaýtsaň, gelşiksiz boljak. Eger-de, hiç kime görünmän, adamlaryň öňüne çykman, göni maşyna münüp gaýdyberse, olam birhili boljak. Şonda Beýik Serdar ýaňy operasiýa edilen aýaklary bilen adamlaryň arasyndan ýöräp gaýtmagy dogry tapypdy. Lukmanlar munuň örän howpludygyny aýdyp, kes-kelläm garşy çykypdylar. Şonda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: «Meniň hiç bir kynçylykdan gorkmaýandygymy siz bilmeýärsiňizmi?» diýipdi.
Beýik Serdar ýuwaşlyk bilen uçardan düşdi we başyny dik tutup, edil sap-sagat adam ýaly, hatara duran döwlet ýolbaşçylary bilen salamlaşyp, halkyň arasy bilen maşyna tarap gadam urup gaýtdy. Şol pursatlar sähelçe aralygy geçmek üçin onuň nähili erklilik, çydamlylyk görkezmeli bolandygyny bir özi bilýärdi. Soň-soňlar şol pursat hakynda onuň özi: «Nädip adamlaryň arasyndan geçip, maşyna ýetenimi bilemok. Aňymda ýeke-täk bir pikir – her etmeli-hesip etmeli, büdremän, ýykylman maşyna ýetmeli diýen pikir bardy. Munuň hötdesinden gelmek üçin, syzlap, agyryp duran aýaklaryma diýenimi etdirmeli bolupdym» diýip gürrüň beripdi.
Beýik Serdaryň şol aralygy arkaýyn ýöräp geçmegine adatdan daşary mertlik, erklilik, çydamlylyk mümkinçilik beripdi. Ol maşyna münensoň, aýaklaryny sähel gymyldadybam bilmändir. Soň şeýle agyryly ýagdaýda ýöräp gelenine onuň özem haýran galypdyr. Başgaça aýdylanda, onuň akyly öz erkiniň başarnygyna, gudratlylygyna haýran galypdyr.
Erk akyldan däl-de, ahlakdandyr.
Akyl diňe maksady aýdyňlaşdyrýar, çözgüt berýär, çözgüdi amala aşyrmak üçin hulk gerek. Hulkuň çözgüdi ýerine ýetirmek başarnygy bolsa erk. Magtymguly «Akylly baş päkdir, ýol kesen azdyr» diýýär. Erkli adamlar akylly adamlardan has azdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz şahsyýetinde akyl bilen erki tebigy utgaşdyryp bilmegi ony üýtgeşik, adatdan daşary şahsyýet edýär.
Beýik Serdaryň durmuş tejribesi öz-özüni kämil şahsyýet derejesine ýetirişiniň tejribesidir. Erklilik oňa öz-özüne diýenini etdirmegi, özüne berk daramagy, adamlara bolsa hoşgylaw bolmagy öwredipdir. Ony bilýän adamlaryň bary Serdaryň hoşgylawdygyny, aňsat-aňsat gaharlanmaýandygyny, gahary geläýende hem öz gaharyny basyp bilýändigini belleýärler. Ol töweregindäki adamlara gowy niýet, hoş umyt bilen garaýar. Hatda umydy, diýeni çykmadyk adama-da ýene ynam bildirmegiň hötdesinden gelip bilýär. Onda hoşniýetlilik talabedijilik bilen utgaşýar. Aldawçylygy, sapalak atmagy, gözboýagçylygy ýek ýigrenýär. Adamlary oňat tanap bilýänligi kimden nämäniň çykjagyny, nämäniň çykmajagyny, kimden nämä garaşyp boljakdygyny, nämä garaşyp bolmajakdygyny öňünden kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bir adama gutarnykly göz ýetirenden soň, oňa bolan garaýşyny we gatnaşygyny çürt-kesik aýdyňlaşdyrýar. Kime bir ýalňyşlykdan soňam ynam edip boljagyny ýa bolmajakdygyny gaty oňat bilýär. Şonuň üçinem kime ýene bir puryja berýär, kimi bolsa belli-külli işden daşlaşdyrýar.
Beýik Serdaryň esasy hulky bolan erklilik ýowuz hem-de kynçylykly çagalygynda kemala gelipdir we terbiýelenipdir. Entek sekiz ýaşly oglanjykka ene-atadan, hossarlaryndan aýra düşüp, ýeke galan Saparmyrat durmuşyň hem adamlaryň nämedigine ir akyl ýetiripdir. Onuň garawsyz durmuşyndan alan ilkinji sapagy erkli bolmak sapagydyr. Durmuşyň ejizleri, lellimleri, haýal-ýagallary, ýöwselleri halamaýandygyna, beýle häsiýetler bilen durmuşyň çarkandaklaryndan geçip bolmajakdygyna ol ir göz ýetiripdir. Onuň bilen bile çagalykda önüp-ösen adamlar Saparmyratda bir häsiýetiň dogabitdi aýratynlyk bolandygyny aýdýarlar: ol juda özdiýenli oglan bolupdyr. Bir-ä oňa özüniň islemeýän zadyny etdirip bolmaýan eken, näçe haýbat atyber, näçe gorkuzjak bol, berk darajak bol, eger özi islemese, ýekeje zadam etmändir. Çagadygyna garamazdan, onuň erkini syndyrmak hiç mümkin däl eken. Bir-de ony ýüregine düwen zadyndan asla gaýtaryp bolmaýan eken. Aýgytly bir pikire, niýete gelenden soň, ony öz pikirinden dändermek, ýolundan alyp galmak hiç kime başartmandyr. Käbir kişilere kejeňeklik, hatda dikdüşdülik bolup görnäýjek bu häsiýetde onuň dogumlylygy hem-de özerkliligi, garadangaýtmazlygy aýan bolupdyr. Il näme diýende-de, öz pikirini amala aşyrmak häsiýeti şahsyýetiň öz-özüni ykrar etmegi bolup durýar.
Saparmyrat eýýäm çagalykda ýolbaşçy, öňbaşçy bolmak islegini öz bolşy hem-de hereketleri arkaly ýüze çykarypdyr. Öňbaşçy bolmak islegi – häkimlige dalaş etmek, adamlaryň durmuşyna-hereketlerine we oý-pikirlerine erk etmek isleginden gelip çykýar. Isleg bolsa howaýy akylyň, etsem-petsemiň däl-de, hut erkiň mahsusyýetidir. Ol durmuşdaky adamlaryň erklilik meselesinde güýçlülere hem-de gowşaklara, zorlara hem-de ejizlere bölünýändigini görüpdir. Dünýäde zor bolmasaň, güýçli bolmasaň, göwün maksadyňa ýetip bolmajakdygyny görüpdir. Akyl öz ýanyndan her hili hyýallara münüp biler, göwün her hili etsem-petsemlere ulaşyp biler, emma olary amala aşyrmagyň serişdesi bolan erkiň bolmasa, akylyň hem göwnüň diýýänleri boş, howaýy zatlygyna galar. Saparmyrat adamlaryň aglaba köpçüliginiň öz durmuşyny ilkibaşda göz öňüne getirişi ýaly amal edip bilmeýändiklerine düşünip, muny garadangaýtmaz dogumyň, ot ýaly häsiýetiň, päsgelçilikleri hem amatsyzlyklary howy basylmazdan, sowukganlylyk bilen ýeňip geçiji erkiň ýoklugyndan görüpdir. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin akylyň, göwnüň hem-de erkiň ylalaşykly işi gerek diýip ol hasap edipdir. Şol işde-de esasy söz, aýgytlaýjy söz erke degişli bolmalydy.
Erksizlikden-de beter, adamlaryň ençemesiniň akyl-paýhasy diňe öz hususy durmuşyna ýeterlik derejede bolup durýar. Tutuş jemgyýetiň, köpçüligiň nähili hem-de nädip ýaşamalydygyna jogap berip bilýän akyl-paýhas gaty az sanly adamlara berilýär. Özünde erk, hyjuw bilen bir hatarda hemmelere ýetjek, hemmäniň ýaşaýşyny gurnap biljek akyl-paýhasyň bardygyny duýan Saparmyrat adamlara ýaşamagyň ýoluny görkezmelidigine düşünipdir. Dünýäniň guralyşy şeýle: adamlar güýçlini, zory hormatlaýarlar. Çünki ýaşaýyş meselesinde olar güýçlä bagly, garaşly bolup durýarlar. Özlerinden rüstemdigi üçin adamlar güýçlä öz durmuşyny ynanýarlar. Ýöne, munuň şeýle bolmagy üçin, sen öz güýçlüdigiňi, erklidigiňi subut etmegi başarmaly.
Hut şeýle başarnyk zeruryýeti Saparmyrada öz-özüni terbiýelemäge, öz häkimlik dalaşgärligini kämilleşdirmäge itergi beripdi. Kämillige hereket arkaly ýetilýär. Şonuň üçinem akyl-paýhasyň, göwnüň hemişe hereketde bolmaly. Hereketsizlik, bir ýerde durmak ölüm bilen barabar zat.
Köpçüligiň öňbaşçysy bolmak üçin özüňe gazaply bolmagy, hemmeden artyk we hemmeden netijeli işlemegi başarmaly. Öňbaşçy bolmak hyjuwy onda aşa köp we öndümli işlemek başarnygyny döredipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň iş güni ir sagat altydan öň başlap, gije sagat birden hem soň tamam bolýar. Dört-bäş sagatlyk uky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň doly dynç almagy üçin ýeterlik. Ýöne, köplenç, onda dört-bäş sagat dynç almaga hem wagt bolmaýar. Şeýle ägirt, adatdan daşary işjanlylyk we işjeňlik milletiň baştutany hökmünde ýerine ýetirilmeli işleriň baryna ýetişmäge fiziki mümkinçilik berýär. Şunça möçberdäki işi ýerine ýetirmäge oňa milletine bolan söýgüsi, öňde goýan maksatlaryna ýetmek hyjuwy itergi berýär. Onuň elinde işleýän ýolbaşçylar Beýik Serdaryň okgunly hereketiniň yzyna zordan eýerip ýetişýändiklerini aýdýarlar. Haýal-ýagal işleýänleri halamaýar. Onuň hereketleriniň çakganlygy ýaryş meýdanyna goýberilen ylgawçynyň okgunlylygyna meňzeýär. Milletiň baştutany hökmünde özüne berlen taryhy pursatda milli geljegiň örän uzak döwrüni esaslandyrmaga, gutarnykly amal etmäge çalyşýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň her güni ägirt uly işlerden ybaratdyr. Işjanlylyk esasy sypaty bolandygy üçin, işde ömrüniň manysyny görýär. Işlemek üçin gerek bolan içki şertler juda ýönekeýdir: bary-ýogy 3-4 sagat ýatyp, oňat ukusyny alyp bilýär. Nahar iýende, üýtgeşik naz-nygmata garaşyp oturanok. Nahar dannamaýar, iň ýönekeý hem adaty owkat bilen oňňut edip, şondan rahatlyk we bedenine berklik edinip bilýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy TKP MK-da, Aşgabat şäherkomynda işlän ýyllary iş sapary bilen Moskwa ýygy-ýygydan gatnamaly bolýardy.
Her gezek iş saparynda bolanda nirede düşlemeli? Boş wagtlary şäherde näme işleri etmeli? Bu babatda Saparmyrat Nyýazowyň özüniň berk düzgüni bardy. Ol hiç mahal partiýanyň kaşaň daçalarynda bolmaga we dynç almaga dyzamady. Ol köplenç şäheriň «Moskwa» myhmanhanasynda ýerleşýärdi. Ol naharlanmak üçin restoranlara hem barmaýardy. Ol öz otagynda naharlanýardy.
Saparmyrat Nyýazow Moskwa ugramazyndan bir sagat öň Aşgabadyň bazarlarynyň birinden saparda näçe gün boljak bolsa, şol boljak günlerine doly ýeter ýaly mukdarda türkmen çöregini, süzme, gök-sök satyn alardy. Onsoň her gün myhmanhanada Aşgabatdan getiren zatlary bilen naharlanardy. Ol Moskwanyň azyk dükanlarynyň birine baryp, «Doktor» kolbasasyndan hem satyn alyp gelerdi. Ine, Saparmyrat Nyýazow Moskwada näçe gün iş saparynda bolsa, diňe şu zatlar bilen oňňut ederdi. «Doktor» kolbasasy türkmen çöregi bilen iýlende üýtgeşik bir lezzeti bar. «Doktor» kolbasasy ýumşak hem tagamly. Bu zatlaryň üstesine, Beýik Saparmyrat Türkmebaşy Aşgabatdan alyp gaýdan süzmesinden goýy çal ýasaýar. Goýy çalyň üstüne maýdaja edip, gök sogan, hyýar, pomidor atýar. Ana onsoň Beýik Serdaryň bütin ömrüne mädesine degmedik owkady taýýar bolýar. Ine, şu zatlar bilen Beýik Serdarymyz üç wagtyna naharlanýar. Nahar iýip otyrka radiodan Bahyň ýa-da Glinkanyň sazlary ýaňlanyp dursa, onda hasam gowy. Beýik Serdar gowy naharlanandan soň şähere aýlanyp, gezelenç etmegi, Halk Hojalygynyň Gazananlarynyň sergisine baryp görmegi endik edinipdi. Onuň egindeşleri restoranlarda agyr meýlisler guranlarynda ol haýsydyr bahana bilen şol meýlisden gaça durmaga çalyşýardy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kömekçileri onuň etmekçi bolýan işlerini bir günüň çägine sygdyryp bilmän kösenýärler. Köplenç halatda, umumy işiň bähbidi diýip, onuň ähli wagtyny iş bilen doldurýarlar. Netijede bolsa, Beýik Serdara dynç almaga wagt hem galmaýar. Şeýdip, ony aýamagyň deregine, surnukdyryjy iş meýilnamasyny taýýarlaýarlar. Emma, iş her näçe köp bolsa-da, Beýik Ruhata işlemekden ýadamaýar, gaýtam edilmeli işleriň üstesine-de birgiden işleri goşup, has agyrlaşdyrýar.
Prezident işleýän wagty onuň bilen baglanyşykly ähli gulluklar, goragçylar, kömekçiler, orunbasarlar, umumy bölümiň işgärleri, aragatnaşyk gullugy, ýol howpsuzlygy gullugy, Prezident diwanynyň işgärleriniň köpüsi onuň gullugyna häzir bolup durmaly. Ýöne, Beýik Ruhata özüni aýamasa-da, öz gullugyndaky işgärleri aýaýar, olara rugsat berýär.
Onuň işeňňirligini hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Onuň çensiz-çaksyz işeňňirligine, näçe işlese-de ýadamaýandygyna, gaýtam işden gujur-gaýrat alýandygyna haýranlar galýarsyň. Beýik Ruhata daşary ýurtlardan sapardan gelenden soň iş kagyzlaryny, gelen hatlary öýüne äkidip işleýär. Bir gezek Beýik Ruhata öýüne äkiden 200-ýe golaý iş kagyzyny daňdana çenli işläp getiripdir. Onuň diňe düzediş girizen sahypalary 170 töweregi bolupdyr. Şonça haty okap, düzedip çykmak üçin azyndan 5-6 sagat gerek. Şeýle ýagdaýda Beýik Serdarymyzyň gijesine näçe sagat uklandygyny göz öňüne getirmek hem kyn. Özem bu ýagdaý bir däl, iki däl, üç däl, birsyhly gaýtalanyp duran adaty ýagdaý.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy durmuşda hereket edende, hereket üçin daşarky ýagdaýlaryň amatlylygyna garaýar. Eger şertler göni, garadangaýtmaz, okgunly herekete mümkinçilik berýän bolsa, haýal-ýagallyga salyp durmaýar. Eger-de ýagdaýlar şeýle herekete mümkinçilik bermeýän bolsa, onda amatly pursata garaşyp, başga has anyk işler bilen meşgullanýar. Onsoň durmuşyň tebigy akymy netijesinde, amatly pursatyň özi onuň üstüne gelýär.
3.
Beýik Serdar ir kämillige ýetdi. Adamlary, ýagdaýlary, pursatlary ir öwrenip ýetişdi. Onuň durmuşda gaýnap, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hökmünde toplan durmuş tejribesi – adamlar bilen işleşmek, olary islän ugruna gönükdirmek, maksada barýan ýolda päsgelçilik bolup durýanlary aradan aýyrmak, erkiňi ykrar etmek tejribesi onuň sada hem çuňňur durmuş pelsepelerini kemala getirdi. Ol durmuş-ahlak pelsepeleriň käbiri barada gürrüň etmek ýerlikli bolsa gerek.
Birinjiden, adamlaryň arasynda iň güýçlüsi, iň erklisi, iň zory bolmaly. Güýçlüden güýçli bolup, güýçlüleri erkiňde saklamagy başarmaly. Özüňem güýçsüzleri goldamaly, güýçlüleriňem olara hemaýat etmegini gazanmaly. Şonda güýçlüler seniň tabynlygyňda bolar, güýçsüzler bolsa seniň tarapyňda bolar. Güýçsüzleriň tarapdarlygyny gazanmak – sözüň hakyky, gutarnykly manysynda iň güýçli bolmakdyr.
Ikinjiden, «Degmedige degmeli däl, pitjiň atanyň almytyny bermeli, gaýdyp dagy-duwara saňa het edip bilmez ýaly etmeli». Garawsyz, hossarsyz önüp-ösenligi üçin ol adamlaryň käbiriniň pikir edişinden has mojuk aýlawlara, sapalaklara ukyplydygyny, olar bilen açyk hem göni darkaşa girmegiň arkaňda direg ýok ýagdaýynda howpludygyny görüpdi. Şonuň üçinem ýaramaz adamlardan has akylly bolmaly, çeýe, aýlawly bolmaly. Bu ýerde diňe erkiň güýçlüligi däl, eýsem akyl-üşügiň hem güýçlüligi gerek. Akylyň diýýänini amala aşyrmak üçin göwnüň kanagatly, sabyrly bolmagy, öz akylyňa ynanmagy, bil baglamagy gerek. Şahsyýet – içki ruhy-serhaly ulgam. Bu ulgamyň bir bitewülik hökmünde şertleýji herekete girmegi üçin, akyl bilen göwnüň, paýhas bilen erkiň gapma-garşylygy, biri-biriniň çagyryşyndan gijä galmagy däl-de, sazlaşykly hyzmatdaşlygy zerurdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň üçünji durmuşy-ahlak pelsepesi «Hemişe halal bol!» diýen pelsepedir. Köpçüligiň öňüne çykmak üçin iň gerekli zat – adamlaryň ýüzüne müýnsüz bakyp bilmek hukugydyr. Bu hukuk taýýar berilmeýär, bu hukuk gazanylýar. Ol diňe halallyk hem-de gönümellik, dogruçyllyk bilen gazanylýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy müýnsüzlige içki ahlaky azatlyk diýip at berýär. Ony daşyndan synlanyňda, bir häsiýet aýratynlygy bada-bat gözüňe ilýär we bu ömürlik ýadyňda galýar: Beýik Serdar gürrüňdeşiniň ýüzüne göni seredip bilýär. Onuň müýnsüzligine, arkalylygyna, özüne ynamlylygyna göz ýetirýär. Gözleri göni, dikanlap, garşydaşynyň gözleriniň içine bakýar. Käbir ýurt ýolbaşçylarynyň gözleri oýnaklap dur, käbiriniňki tegelenip dur, käbirleri edil müýni bar ýaly, gabagyny galdyrman, ýere bakyp gürlemäge endik edipdir. Beýik Serdaryň başyny dik tutuşy, bir gepliligi, bir sözlüligi, eger şeýle aýtmak mümkin bolsa – bir ýüzlüligi onuň içki ahlak azatlygyndan gelip çykýar. Mukaddes Ruhnamada şahsyýetde şeýle zerur hulkuň ýoklugynyň nähili erbet zatdygy barada pikir ýöredilýär. «Galplyk – ikiýüzlülik, öz asyl keşbini gizlemekden ötri, başga biri bolup görünmekdir». Adamyň ahlak çüýrükligi şundan başlanýar, haramylyk şundan başlanýar. Näme üçin adam özüniň asyl ýüzüni gizlemäge mejbur bolýar? Sebäbi onuň içki mazmuny – ýüregi we edýän işleri köpçülik tarapyndan makullanylan ýörelgelere ters gelýär. Milletiň we jemgyýetiň ahlak kanunlaryna ters ýaşaýan adam özüniň paş bolaryndan gorkup, özüni gizlemäge, özüniň hakyky ýüzünden başga bir ýüz edinmäge çalyşýar... Beýle adam ahlaky taýdan betbagt kişidir. Ol adam iň beýik gymmatlykdan – içki ahlak azatlygyndan mahrumdyr.
Allatagala adamy şeýle ýaradypdyr: hakyky azatlyk hem, hakyky gulçulyk hem adamyň içindedir.
Soňra bolsa şu pikir ösdürilip, müýnlüligiň, ikiýüzlüligiň emele gelşi görkezilýär: «Ýaramaz kişi bir ýaman iş eder, ilden gizlejek, üstüni örtjek bolar, birhililik bilen şeýden ýaly hem bolar. Emma özüne bildirmezden, içinde bir müýn galar. Soň endige öwrülen häsiýetine laýyk ýene bir ýaramazlyk eder, gizlän ýaly bolar, emma bu gezek öz öňündäki müýni has güýçli bildirer. Endigine laýyk ýaramazlygy näçe köp etse, müýni, yzasy şonça-da aýdyň ýüze çykar».
Halallyga eýerip ýaşamagy Beýik Serdaryň ýaramaz kişileriň aýbyny görmäge we öz başyny dik tutup, adamyň ýüzüne göni bakmaga mümkinçilik beripdir.
Beýik Serdaryň üýtgeşik hulkunyň akyl-ruhy esasy bolan dördünji durmuş-ahlaky pelsepesi – dogruçyllykdyr. Dogruçyllyk hem şahsyýetiň içki azatlygyny kepillendirmeginiň esasy şertleriniň biridir. Käbir kişiler dogruçyllyk adama zyýan getirýär diýip hasaplaýarlar. Beýik Serdaryň ömrüniň görkezişi ýaly, ol pikir nädogrudyr. Dogruçyllykdan gelýän zyýan, zelel wagtlaýyndyr, dogruçyllygyň nepi bolsa hemişelikdir. Durmuş özboluşly göreş bolup, bu göreşe giren adamlar hemişe garşydaşynyň gowşak, ejiz, aýyply tarapyny ýüze çykarmaga, şeýdibem, ony aradan aýyrmaga çalyşýarlar. Eger adam dogruçyl, hakykatçyl bolsa, onuň öňünde garşydaşlar gaty ejizdirler. Olar dogruçyllyga garşy hiç hili çäre, alaç tapmaýarlar. Dogruçyllyk – şahsyýetiň ýüzüniň tuwagydyr. Dogruçyllyk hiç mahal tersine, çöwresine öwrüp bolmaýan zorlukdyr, güýçlülikdir. Garşydaşlar edibilseler, adamyň dogruçyllygyna göz ýumup, ony görmediksiräp bilerler, emma olar hiç mahal dogruçyllygy aradan aýryp, ýoga çykaryp bilmezler, Beýik Serdar «Adamy iň soňunda halas etjek dogruçyllykdyr» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Bu pähim Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen sözleri bilen äheňdeş gelýär, emma olardan has güýçli ýaňlanýar. Çünki gözelligiň ikinji bir tarapy bolup, ol adamy azgynçylyga-da eltip bilýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bäşinji durmuş-ahlak pelsepesi – iliň bähbidini öz bähbidiňden ileri tutmagy başarmak gerek diýen pelsepedir. Milletiň öňbaşçysy bolmak isleýän şahsyýet üçin bu esasy ýörelgeleriň biridir. Adamlar diňe öz isleglerini we bähbitlerini kepillendirýän şahsyýetiň yzyna düşmäge razy bolýarlar. Iliň bähbidi diýilýänem, adamlaryň bähbididir. Adama şolaryň bähbidine eýermek asla aňsat iş däldir. Sebäbi adam diýeniň «mendir». «Men» bolsa durşuna nebis, hususyýetdir. Özüniňkini kör etmek, iliňkini bitirmek üçin nebsiňi jylawlamany, hatda gerek bolsa, agyzdyryklamany başarmaly. Munuň üçin göwnügiňlik, öz «meniňi» aňryk itermäni, oňa ümsüm otur diýmäni oňarmaly. Bu çylşyrymly zat, muňa diňe Hudaýtarapyn özboluşly hulk berlen adamlar ukyply bolýar. Ol ukybyň düýp manysy şuňa syrygýar: adamyň «meni» iliň bähbidiniň ileri tutulmagyny özüni kemsitmek, özüni äsgermezlik etmek hökmünde däl-de, muny özgeleriň elinden gelmeýän artykmaçlygy hökmünde aňlamalydyr. Muňa öz artykmaçlygy diýip, ondan lezzet almagy başarýan «men» iliň bähbidini amal edip biler.
Bu durmuş sapaklarynyň bary ýene-de erklilige syrygýar. Erklilik – men-menlik derdiniň dermanydyr. Özünde adatdan daşary erklilik bolany üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy beýik şahsyýet derejesine ýeten ynsandyr.
Adamzadyň dana mugallymlary adamzady bagtly ýaşaýşa ýetirmegiň ýollary barasynda köp kelle düwüpdirler. Olar munuň üçin kämilleşmek gerek diýen netijä gelipdirler. Emma nämäni kämilleşdirmeli diýen meselede olar iki topara bölünipdirler. Bir topar bagtly durmuşa ýetmek üçin jemgyýeti kämilleşdirmeli diýse, ikinji bir topar munuň üçin adamyň özüni kämilleşdirmeli, adam öz-özüni kämilleşdirmeli diýip hasaplapdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy akyldar hökmünde bu iki toparyň hersiniň aýdýanynyň jany bar hasaplaýar. Ýagny bagta iki taraplaýyn kämilleşmek arkaly ýetip bolar diýýär. Ýöne olaryň möhümlik mynasybeti deň däldir. Jemgyýeti kämilleşdirmek, ilki bilen, adamy kämilleşdirmeklige daýanmalydyr. Adamy bolsa daşyndan däl, içinden kämilleşdirip bolýar, ýagny onuň kämilleşmegi diňe onuň öz elindäki zatdyr.
Ynsan kämilleşiginiň esasy guraly-da erklilikdir. Erk – belli bir maksada sygynmak, belli bir maksady zerurlyk hökmünde aňlamak we ony amala aşyrmak üçin içki tijeniş ukybydyr. Erk akyla bagly däldir. Akyl hem, moral hem erkiň, bolubilse, ýardamçylarydyr. Erkde esasy zat maksadyň gymmatlygyna göz ýetirmek, onuň zerurlygyna göz ýetirmekdir. Erklilik islegiň däl-de, zerurlygyň yzyna düşmegi başarmakdyr. Ol şonda nebsi ret etmegiň hötdesinden gelýär. Amala aşyrylmaly çözgüt – maksady tapmagyň özi eýýäm erkiň başlangyjydyr, ony ýerine ýetirmek bolsa erkiň gutarnykly ykrarydyr. Erkiň amaly gymmaty daşky zeruryýetiň talabyna laýyklykda şahsyýetiň öz-özüni – endiklerini, başarnyklaryny we ukyplaryny üýtgedip gurmagyň hötdesinden gelip bilýänliginde ýüze çykýar. Diýmek, erklilik öz-özüňi döretmek sungaty diýip aýdyp bolar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy erklilik meselesinde adamlara beýik şahsy görelde bolup biljek sapaklary görkezdi. Onuň şahsy hulkunyň taryhy erklilik arkaly özüňi döretmek taryhydyr. Muňa onuň şöhratly durmuşyndan näçe diýseň mysal getirip bolardy.
Bu meselede onuň ahlaky şahsyýetine mahsus bolan käbir saglyga zyýanly endiklerinden el çekmek başarnygyndan başlap, daşky hem içki zeruryýetiň talabyna görä özünde derwaýys häsiýetdir ukyby kemala getirmek başarnyklaryny ýatlap bolar. Bilşimiz ýaly, ozallar biziň Serdarymyz çilim çekýärdi. Munuň saglyga zyýanlydygyna göz ýetirenden soň, ol köp wagtlap endigine öwrülen çilimini ymykly taşlamagy başardy. Biziň durmuşdan bilşimize görä, muny başarmak dilde aňsat. Çilim çekmek adamyň bütin barlygyna ornaşýan zat bolup, adamlar, köplenç, hiç bir ýagdaýda-da bu endikden saplanmagyň hötdesinden gelip bilmeýärler. Olaryň käbirleri hatda her hili netijä garamazdan, kes-kelläm çilimi taşlamakdan boýun gaçyrýarlar. Käbirleri bolsa hem çilim çekjek, hem lukmanyň tabşyrygyny etjek bolup, aralyk çözgüt gözläp, alasarmyk, kyn günde galýarlar. Bularyň ikisi-de, erksizlikden, ejizlikden, özüňe diýeniňi etdirip bilmezlikden alamatdyr. Beýik Serdar çilimi taşlamak bilen diňe beýlekilere däl, eýsem özüne-de erk edip bilýändigini görkezdi. Ýöne, bu, belki, gorkaklykdandyr, ölümden gorkmak duýgusynyň hökmürowanlygydyr?! Elbetde, ýok. Çünki endik şeýle bir güýçli zat, ol hatda adamy ölüme-de göz ýummaga iterip bilýär. Ölüm – şahsyýet üçin howaýylyk, endik bolsa ölüme alyp barýan hakykylykdyr. Bu ýaramaz ýagdaýyň dermany-da howaýy duýgy däl-de, ondan has anyk içki güýç – erkdir.
Başga bir mysal. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Sowet Soýuzy diýilýän eýýamda döwlet-ýolbaşçy işine goşulan adam. Ol döwürde bolsa ýokary wezipeli adamlar-a däl, hatda ýönekeý ýolbaşçylaram rus dilinde gürlemäge endik edinýärdiler. Köplenç, haýsy dilde gürleýän bolsaň, munuň özi uly endik bolýar, onsoň haýsydyr bir başga dile geçmek mümkin däl zada öwrülýär. Başga dile geçmek adam üçin onuň intellektual gurluşynyň dargamagyny, ol adamyň akyl, pikir ukyplarynyň we endikleriniň bozulmagyny aňladýar. Dil bozulsa, pikirem bozulýar. Şol sebäpden sowet döwründe rusça gürläp, rusça pikirlenen adamlaryň köpüsiniň Garaşsyzlyk eýýamynda sahnadan düşüp, öz-özünden ýatdan çykyp galandyklaryny bilýäris. Olarda täzeden dogulmaga, täzeden aň bolup döremäge intellektual erk ýetmedi.
SSSR zamanynda orta çykan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem ýolbaşçy hökmünde rus dilinde gürlemäge öwrenişen adamdy. Elbetde, ol çagalykdan türkmen dilini oňat bilipdi, onuň baýlyklaryny ele alypdy. Ýöne soňky iş-durmuş ýolunda türkmen diliniň ornuna rus dilini geçirmeli bolupdy. Bu meselede ol özüni gaýtadan üýtgedip gurdy. Özüniň çagalykda, oglanlykda hem soňky ýyllarda suwara bilen ene diline gaýdyp geldi. Ýöne bir gaýdyp gelmegem däl, ol türkmen diliniň ähli inçeliklerinden, syrlaryndan, şireliliginden baş çykarýan adam hökmünde tanaldy. Ilki-ilkiler çykyşlaryny ýazyp, soňra şol ýazgyny okap aýdan bolsa, soňra hiç hili ýazgysyz-zatsyz, baý, manyly hem kämil türkmen dilinde giden halkyň öňünde çykyş etmek endigini özünde terbiýeläp bildi. Ol öz çykyşlarynda çuňňurdan çuňňur nakyllary, pähimleri, rowaýatlary şeýle bir gyzykly edip gürrüň bermegi başarýar weli, ilkibaşda onuň rusça çykyşyna öwrenişen adamlar beýik şahsyýetdäki beýle özgerişi görüp, haýran galypdylar. Onuň öz aslynda, zandynda mekan tutan ene dili gaýtadan joş urup, köňlüne ylham berip, häzirki türkmen diliniň iň beýik nusgalary bolan eserleri döretmäge iterdi. Onuň Mukaddes Ruhnamalary, şahyrana diwanlary türkmen diliniň ýeten iň beýik kämillik derejesi boldy.
Elbetde, bu hili az wagtyň içinde bolup geçen düýpli ösüş Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daş ýarýan zehini bilen bir hatarda onuň çäksiz erkliliginiň netijesidir. Şu manyda ol öz-özüni döreden, öz-özüni amal eden Beýik Şahsyýetdir. Döretmek üçin onuň gijelerine ýatman, okap, ýazyp, öwrenip geçendigini bilýäris. Ol iň bir galyň kitaplary-da birdemde okap çykýar, esasy zadam onuň mazmunyny düýp-teýkaryna çenli özleşdirip bilýär. Şeýle erklilik, irginsiz zähmet netijesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy gaty uly tizlikde şahsyýet kämilligine, döredijilik kämilligine ýetmegi başardy.
Diňe bir eserlerini okap däl, onuň täsirli hem manyly çykyşlaryny diňläp, Beýik Serdaryň taýsyz dilewar, hakyky suhangöýdügine göz ýetirýärsiň. Ol türkmen sözlerini şeýle jaýdar, hakyky manysynda ulanmagy başaryp, bu meselede söz sungaty bilen iş salyşýanlara beýik nusga bolup durýar.
4.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahlaky şahsyýetiniň esasy sypatlarynyň biri-de suhangöýlügidir. Onuň çykyşlary gadymy ýunan suhangöýleriniňki ýaly, köne türkmen suhangöýleriniňki ýaly täsirlidir we jadylaýjydyr. Olardan dogabitdi suhangöýlük zehini-de, munuň üstesine dünýä suhangöýlük sungatynyň ähli kanunlaryny özleşdirenligi-de görünýär. Birinjiden, ol türkmen diliniň çäksiz söz baýlygyny kämil suratda ele alypdyr. Onuň çykyşlarynda-da, ýazan kitaplarynda-da bir mahal ulanyşdan galan türkmen sözleriniň gaýtadan janlandyrylyşyny görüp bolýar. Munuň özi özbaşyna bir uly gürrüňdir. Ikinjiden, ol sözleri ähli anyk hem inçe manylary, öwüşginleri bilen juda ussatlarça ulanýar. Sözleriň many inçeliklerini kinaýany, ýaňsyny, duzlamagy aňlatmak üçin ulanýar. Üçünjiden, ol türkmen diliniň ähli uslyplaryny hem-de äheňlerini doly ele alypdyr. Geplände, ýazanda türkmen diliniň tebigy sazlaşygyny gaýtadan dikeldip, äheňiň hem sazlaşygyň üsti bilen okyjynyň üşügini jadylap bilýär. Kä sözleri belent, käsini pessaý aýdyp, kä sözlemlere basym, agram berip, käsini nygtap öz pikiriniň diňleýjä doly ýetmegini gazanyp bilýär. Bu hili uslyp Beýik Serdaryň gepleýşine özboluşly owazlylyk berýär. Çykyşynyň mazmunyna, niýetine görä, diňleýjä laýyklykda, dürli uslyplarda gürläp bilýär. Onuň öz keýpi bilen gürrüňiniň sazlaşygynyň arasynda tebigy baglanyşyk bolýar. Döwlet maslahatlarynda kesgitli, agras hem goýazy manyly nutuk bilen, käbir döredijilik duşuşyklarynda, dabaralarynda howalaly, belent, şähdaçyk ruhdaky nutuk bilen çykyş edýär. Dördünjiden, Beýik Serdar gürlände ýa-da ýazanda, onuň ähli okumyşlygy, bilimdarlygy ýüze çykýar. Mylaýym, mylakatly we gyzykly gürläp, diňleýjiniň bada-bat göwnüni awlaýar. Çykyşlarynda, edil ýazan kitaplaryndaky ýaly, örän köp rowaýatlary, hekaýatlary, şorta sözleri, gürrüňleri ulanyp hem gürrüňi gyzykly, täsirli edýär, hem pikirini diňleýjä ap-aýdyň we düşnükli ýetirýär. Beýik Serdar Injiliň, Gurhanyň rowaýatlaryny, dürli dünýä akyldarlarynyň pähimlerini hut orta atylýan meseleler bilen baglanyşdyryp, gürrüňi ýokary intellektual-pelsepewi derejede alyp barýar.
Ylaýta-da, onuň taryhy hem-de pelsepäni çuňňur bilşi haýran galdyrýar. Onda ösen intellektuallyk bilen giň sowatlylyk, okumyşlyk tebigy suratda utgaşýar. Şonuň üçinem, islendik meseleden söz açanda, pikirini hertaraplaýyn delillendirmegi, gürrüňdeşini doly ynandyrmagy başarýar. Beýik Serdarda juda kämil, islendik meseläniň düýbüne ýetip, ony doly derňew etmegiň hötdesinden gelýän pikirleniş ukyby bar. Okan, eşiden maglumatlaryny, habarlaryny çalt özleşdirip, bütinleý täze maksatlary gurnamaga ukyply, täze-täze maksatlary, taglymatlary orta atyp bilýän ylymdar pikirleniş endigi bar. Gürrüňdeşiniň orta atýan meselesini çalt tutmaga, meseläniň düýp manysyny onuň özünden has çuňňur aýdyňlaşdyrmaga ukyplydyr.
Şeýle akyl ukyplary Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adatdan daşary ýatkeşligine daýanýar. Bir okan kitabynyň mazmunyny birnäçe ýyldan soňam bütin dolulygynda we terliginde ýada salyp bilýär. Şeýle-de, bir gören adamynyň ýüz keşbini ýüzlerçe adamlaryň içinden saýgaryp, onuň bilen baglanyşykly bolup geçen wakalaryň ähli jikme-jikligini, anyklyklaryny gaýtadan dikeldip bilýär.
Onuň pikirleri her hili täsirden halaslygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Okan kitaplarynyň täsirine berlenok. Gaýtam, olary hertarapdan derňew edip, gerekli pikirlerini almaga, olary tanalmaz derejede özgerdip, öz maksatlarynyň ulgamyna girizmäge ukyply. Onuň pikirlenişine öýkünjeňlik, iliňkini gaýtalamak, köre-kör uýmaklyk bütinleý ýat. Munuň özi bu Beýik Şahsyýetiň sözüň hakyky manysynda döredijilikli paýhasa eýediginiň subutnamasydyr. Öz pikirleniş, intellektual ukyplary esasynda ylmyň, sungatyň, pelsepäniň, edebiýatyň islendik meselesi boýunça hiç kimiňkä meňzemeýän pikiri öňe sürmegi başarýar. Gürrüňdeşiniň hüý-häsiýetine, pikirleniş ukybyna, ylymdarlyk derejesine laýyk söhbetdeşligi alyp barmagy başarýar. Onuň hereketlerinden, yşaratlaryndan näme diýjek bolýanyna ol dile getirmänkä düşünip bilýär we gürrüňiň ýeňil, ynanyşykly, ýürege ýakyn bolmagyny gazanýar. Gürrüňdeşiniň kemçiliklerine, gelşiksiz hereketlerine, gowşaklygyna ünsi çekip durmaýar. Olary aýlawly sözler bilen duýdurýar ýa-da görmediksireýär. Onuň oňat, artykmaç taraplaryny gözleýär we olary nygtap görkezmäge çalyşýar. Ýöne wagt tygşytlamak üçin, gürrüňdeşiniň hemmä belli zatlar barada gep nokatlap oturmagyna ýol bermän, gepiň arasyny sypaýylyk bilen bölüp, gürrüňiň ugruny has derwaýys meselelere gönükdirip goýberýär.
Ösen akyl-paýhas ukyby Beýik Serdara ýurda gündelik ýolbaşçylyk etmek işinde arkaly, ýeňil hem-de çalt hereket etmäge mümkinçilik berýär. Ol haýsydyr bir amaly manyly işi ýerine ýetirmezden ozal, meseläni köp wagtlap akyl-paýhasdan geçirýän, ony hemmetaraplaýyn ölçäp-dökýän, belli bir çözgüde gelibem, işe ýapyşýan bolmaly. Ylymdar-taglymy pikirleniş ukyby onuň amaly çözgütleriniň esasy çeşmesidir. Ýöne, şol bir wagtda-da, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa içki duýga eýerip, hereket etmek hem mahsusdyr. Ol hatda iň çylşyrymly, dartgynly we köpmanyly görünýän pursatlarda hem haýdan-haý hereket edip, meseläni känbir ýöwselläp durmazdan çözüp goýberýär. Şeýle çözgüt dogry bolup hem çykýar. Dürli döwlet maslahatlarynda, duşuşyklarda adamlar seredilýän mesele boýunça anyk teklipleri girizýärler, şonda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «oýlanmaly-ölçermeli» diýip, meseläni soňa goýup durman, şol oturan ýerinde derrew kesgitli karara gelýär. Eger karar Permandyr beýleki resminamalar arkaly resmileşdirilmeli bolsa, şol pursatyň özünde adamlaryň gözüniň alnynda resminamalar taýýarlap, olara gol çekip goýberýär. Munuň özi hem-ä onuň başarnygynyň netijesidir, şol bir wagtda-da meselä öňden beletliginiň, ony gozgan adamdan has oňat baş çykaryp bilýänliginiň subutnamasydyr.
Şeýle iş uslybynyň aňyrsynda Beýik Serdaryň tutanýerlilik, işjanlylyk häsiýetleri ýatýar. Ol her bir maslahatyň meselesini, çözgüdini, onuň netijelerini – baryny öňünden aňynda aýlap ýörene çalym edýär. Kämahal maslahatyň gidişinde öňünden kömekçileriniň, golastyndaky ýolbaşçylaryň habarly bolmadyk kararlaryny-da işläp düzýär we şol ýerde-de ýerine ýetirmäge idin berýär. Şeýle uslyp oňa bütin işi we ýagdaýy elde saklamaga, çözgütlerde hem kararlarda hiç bir kişä garaşsyz bolmaga mümkinçilik berýär. Elbetde, şeýle artykmaçlyk onuň üçin uly zähmete we adatdan daşary akyl işine durýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy ahlagyny, ýagny gylyk-häsiýetlerini, durmuş pelsepesini görkezýän zatlar köp. Onuň öz kabulhanasynyň girelgesinde türkmen çarygyny asyp goýandygyndan hemmeleriň, belki, habary ýokdur. Bu hereketinde onuň hulkunyň bir aýratynlygy – halkynyň öňden gelýän ynançlaryna ýüregi bilen berlendigi ýüze çykýar. Halka häkimlik, ýolbaşçylyk etmek isleýän adam halky dilde gürlemegi, onuň ýazylmadyk kanunlaryny kabul etmegi başarmalydyr. Gaty gadymy döwürden bäri gelýän türkmen rowaýatyna görä, bir ýetim ýigidi patyşa tagtyna saýlapdyrlar. Ol ýigit patyşalygyň, häkimligiň özüni azdyrmazlygy üçin, ýetimlikde geýen çarygyny köşgünde asyp goýupdyr. Her gezek men-menligi artyberende, çarygyna seredýär weli, päli dogurlanyp, öňki kaddyna gelýärmiş. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu nyşany diňe özüne däl, eýsem özgelere-de sapak bolsun diýip ulanýar – çaryk onuň «Men azmaryn, azjagy-da azdyrmaryn» diýen meşhur, ganatly söze öwrülip giden jümlesini ýada salyp dur.
Ol kabulhanasynyň girelgesinde, hökümet münberinde, Köşgünde «gözüň» çüýşeden ýasalan şekilini asyp goýdy. Munuň serhaly-ruhy täsiri we çuňňur pelsepewi manysy bar. Göz – göreçdir. Adamyň içindäki alasyny adamlar görmese-de, Taňry görýär. Şonuň üçinem mukaddes Döwlet edaralaryna baranlar ýürek-niýetini päkläp, edil metjide giren ýaly, pikirlerini arassalap, gadam goýmalydyrlar. Galyberse-de, türkmenlerde gözüň şekili gadymdan bäri ýaman gözden goranmagyň serişdesi hökmünde ulanylyp gelýär. Bu iki nyşany manynyň üstesine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «göze» gelejek bilen baglanyşykly many berýär: «Kimiň-kimdigini wagt görkezer!» Şeýle-de türkmençilikde «göz görkezmek» jümlesi-de bolup, bu nyşan bet pälliler üçin öňünden duýduryş bolup durýar.
Beýik Serdaryň hulky endikleri milletiniň maksatlary hem simwollaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Olaryň içinde duz-çörek aýratyn orun eýeleýär. Prezidenti hemişe duz-çörek bilen garşylaýarlar. Munuň rysgallylyk manysy bardyr. Prezident bir ýurda sapara gidende we dolanyp gelende, bir gysym türkmen topragyna togap edýär. Hereketleriň birgiden ulgamyny düzýän şeýle iş endikleri mazamlama-da, resmilik hem däldir. Olaryň aňyrsynda Beýik Serdaryň ynançlylygy, şahsy hulky, göwün sypatlary görünýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň täze taryhynda dörän ilkinji syýasatçydyr. Ol döwlet maslahatlaryny, Ministrler Kabinetiniň mejlislerini telewideniýe arkaly giňişleýin görkezmegi öz işiniň esasy uslybyna öwürdi. Munuň taýsyz ruhy ähmiýeti we serhaly netijeliligi bar. Çünki halk şeýle görkezişlik arkaly döwletiň gündelik işini ýakyndan görmäge, Prezidentden başlap dürli döwlet, pudak ýolbaşçylarynyň işini ýakyndan synlamaga hem-de baha bermäge mümkinçilik alýar. Şu iş uslyby bilen Beýik Serdar her bir raýatyň döwlet işine gaýybana gatnaşmagyny, her bir adamda döwlet işine gyzyklanmak, öz pikirini edinmek endigini döretmegi gazanyp bildi. Döwlet işi tutuş halkyň elýeterindäki we gözýeterindäki bir zada öwrüldi. Munuň özi açyklygyň we demokratizmiň aýdyň ýüze çykmasydyr.
5.
Beýik Serdaryň çuňňur adamkärçiligini görkezýän hereketleriniň biri-de günä geçmek kanunydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy juda seýrek duşýan geçirimli Şahsyýetdir. Beýle gylyk oňa dogabitdi mahsus bolmaly. Üstesine, agyr çagalyk onda ýukaýürekligi, adamlaryň gowşaklygyny, günäsini, ýalňyşlygyny bagyşlamak häsiýetini terbiýeläpdir. Bagyşlamak – günä ýa ýalňyş iş eden adama edil onuň öz düşünişi ýaly düşünip bilmek ukybydyr. Beýle ukyp juda seýrek berilýär. Diňe pygamberler şeýle sypata eýe bolup bilipdirler. Şonuň üçinem olar adama toba etmäge mümkinçilik berilmeginiň zerurdygyny öwran-öwran gaýtalapdyrlar. Olaryň düşünjesinde iň ýokary kazy, iň ýokary höküm kesiji Ýaradanyň özüdir. Bu dünýäde kesilýän höküm bolsa şertlidir, diňe günä edeniň özi üçin sapak, duýduryş bolmak manysy bardyr.
Şeýle ajaýyp adamkärçilik duýgusyna eýe bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy köp geçirimlilik edýär. Hatda başga islendik bir kişiniň gözi bilen seredilende, aşa köp geçirimlilik edýän ýaly bolubam görünýär. Emma bu hulkuň aňyrsynda ýokarky belent moral-ahlak esasy ýatandyr. Dünýäde kemçiliksiz, ýalňyşsyz adam ýok. Özüňden özgäni gönertlemek, aýyplamak aňsat, birden özüne gezek geläýende weli, adamlar diňe şonda geçirimliligiň haýsydyr bir duýguçyllyk däl-de, beýik adamkärçilik kanunydygyna we adamçylyk zeruryýetidigine göz ýetirýärler.
Şeýle üýtgeşik, öňýetene ýetdirmeýän adamçylyk duýgusyna eýe bolan Beýik Serdar her ýyl musulmanlaryň Gadyr gijesine gabatlap bendilikdäki toba gelenleriň günäsini geçýär we olary jeza çekmekden azat edýär. Türkmenistanyň şu sebitde ölüm jezasyny ýatyran ýeke-täk döwletdigini ýatlatmagyň özi köp zatdan habar berýär.
Beýik Serdar sowet hökümetiniň dargamazynyň öň ýanyndaky ýyllarda hem geçirimlilik nusgasyny görkezipdi. Pagtada artdyryp ýazmak bahanasy bilen goňşy döwletlerde nähili tut-ha-tutluklaryň bolandygy hemmämiziň ýadymyzdadyr. Moskwadan berilýän görkezmeler esasynda edilen ol masgaraçylyk milletiň abraýyna şek ýetiripdi. Bizi bu masgaraçylykdan Beýik Serdaryň geçirimliligi halas etdi. Elbetde, artdyryp ýazanlar bizde-de bardy. Ýöne Beýik Serdar olary ryswalykdan aman saklady. Onuň beýik ahlak şahsyýetiniň düýp manysy-da bir zada – milletini kynçylyklardan hem betnamlyklardan gorap saklamaga syrygýardy.
Publisistika