5.
Syýasatçy özüniň gönüden-göni iş salyşýan adamlaryny örän oňat bilmeli. Olaryň gowşak hem güýçli taraplaryna bäş barmagy ýaly belet bolmaly. Çünki olar onuň öz elindäki jylaw. Syýasatçy ol jylawyň öz aýlan tarapyna edil wagtynda aýlanjagyna ynamly bolmaly. Jylawy çeken wagty ol çekilmeli, jylaw goýberilende, diňe syýasatçynyň öz isleýän hem göz öňünde tutýan depgininde jylaw gowşamaly. Syýasatçy jylawyň elden sypmajakdygyndan, ellerini kertmejekdiginden arkaýyn bolmaly.
Şeýle wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin, syýasatçy öz gujur-gaýratyndaky, şahsyýet gujur-gaýratyndaky ähli serhaly mümkinçilikleri ýüze çykarmaly, öz «içindäki menleri» doly hakykata öwürmeli bolýar. Onuň şahsyýetiniň kämilleşiş derejesi ýokary hem-de çylşyrymly häsiýete eýe bolmaly bolýar. Ol näçe köp «meni» öňe çykarsa, onuň şahsyýetiniň hökümdarlyk hem özygtyýarlyk derejesi-de şonça ýokary bolýar. Şonda ol özüni gurşap alan pursatyň talaplaryndan ugur almaly bolýar. Pursata laýyklykda-da onuň «meni» üýtgäp-özgerip durýar. Pursat öz oňyn çözgüdini tapandan soň, «men» özüniň adaty – tebigy ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Elbetde, şeýle öwrümler şahsyýetiň bitewüliginiň çäginde bolup geçýär. Bitewüligiň bozulmagy syýasatçynyň şahsyýet hökmünde ygtyýaryndaky zatlaryň elden giderilmegine, onuň syýasy meýdandan çykmagyna getirip biler. Bitewüligiň bozulmazlygy üçin şahsyýetiň öz-özüne göwnüýetijiligi, öz-özüni ykrar etmegi, öz-özüne hormaty zerurdyr.
Syýasatçynyň şahsyýetiniň bitewüligi islendik adamyň şahsyýeti ýaly, dört sany gatlakdan ybarat bolýar. Iň aşaky gatlagy aňlanylmadyk syzgylar, duýgular tutýar. Syýasatçynyň şahsyýetiniň şu derejedäki hereketi onuň dogabitdi serhaly aýratynlyklaryny alamatlandyryp, onuň itergisi boýunça hereket edende, syýasatçy «ykbalyň» hem-de duýuş başarnygynyň emrine boýun bolýar. Netijede, akylyň mantygyndan onuň beýle hereketlerini düşündirmek mümkin däl bolýar, hatda onuň özem muny düşündirip bilmeýär. Hut şu aýratynlyklary boýunça hakyky, Hudaý beren syýasatçy beýlekilerden tapawutlanýar. Soňraky gelýän gatlak şahsyýetiň akyl bilen aňlaýan aýry-aýry häsiýetleri hem hereketleridir. Bu ýerde ýagdaý, pursat esasy orny eýeleýär. Pursatyň talabyna hem mantygyna çalt düşünen syýasatçy derrew özüni alyp çykýar. Şondan soň ol bütinleý başga bir adam hökmünde çykyş edýär. Syýasy serhalyň inçeliklerinden bihabar adamlar syýasy şahsyýetiň şeýle agyp-dönmelerine düşünmekden ejiz gelýärler, onsoň olar şeýle özgermeleri «ikiýüzlülik», «sözünden dänmek» ýaly ýarlyklar bilen häsiýetlendirmäge çalyşýarlar. Emma beýle ýarlyklar syýasatçynyň düýp serhaly aýratyn-lyklaryny aňladyp bilmeýär. Eger syýasatçy olaryň aýdyşyndaky tersin sypatlara eýe bolsa, onda onuň syýasy ömrüniň, ýaşaýşa ukyplylygynyň sebäbini näme bilen düşündirjek?! Özüniň düýp tebigaty boýunça «ikiýüzlülik» bilen syýasy ömrüň uzaklygy, syýasy üstünlikler asla bir ýere sygyşmajak zatlardyr. Şu manyda syýasat ahlakdan hem adamkärçilikden mahrum, hapa aýtym däl-de, eýsem adam şahsyýetiniň bize nämälim syrlylygynyň inçelik başarnyklarynyň ýüze çykýan meýdanydyr.
Şahsyýetiň içindäki «menleriň» ýaşaýan üçünji gatlagy dürli sypatlaryň hem häsiýetleriň belli bir bitewülige eýe bolýan ýeri – ezeli bitewülikdir. Ondan soňra, iň ýokarda şahsyýetiň doly hem gutarnykly bitewüligi – onuň gymmatlyklarynyň umumy ulgamy, sözüň hakyky manysyndaky aň-düşünje şahsyýeti ýerleşýär. Bu gatlaklar özara baglanyşykly, şol bir wagtda-da hersiniň belli bir manyda özbaşdakdygyny bellemek gerek.
Atalara mahsus, atalarda bar zatlar ogullara geçýär. Atalaryň baýlygy hem ogla geçýär. Emma atada iki hili baýlyk bar, ol iki baýlygyň ogla geçişi-de biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Olar: mal baýlygy we akyl-paýhas baýlygy.
Birinji baýlygy ata ogluna öz elleri bilen geçirýär. Bisähet gün gurlan sowet hökümeti Annanyýaz baýyň ogluna, agtygyna geçirmeli baýlygyny onuň elinden kakyp alypdy.
Emma akyl-paýhas baýlygyny bolsa, sowet hökümeti kakyp alyp bilmändi. Sebäbi ol baýlyk Beýik Serdara atasyndan Allanyň eli bilen geçirilipdi.
Allanyň elindäki zady bolsa hiç kim, hatda hökümet hem kakyp alyp bilmeýär.
Akyl baýlygy tükenmeýän baýlykdyr, eýesi ýaşadykça köpelýän, eýesi sarp etdikçe azalman, gaýtam artýan baýlykdyr. Ol baýlyk daşky dünýäniň, durmuşyň, gün-güzeranyň garyplygynyň we gahatlygynyň öwezini dolup, dünýäni göz dokundyryjy baýa öwürýän baýlykdyr.
Ylym adamyň daşynda däl-de, içinde bolýar. Dünýä, daş-töwerek adamyň paýhasynyň derejesine baglylykda baý ýa-da garypdyr. Töwerek manylardan, akyldan doly. Asly zehinli, paýhasy Hudaý tarapyn berlen adam ýönekeýje, göräýmäge, iň ähmiýetsiz zatlardan we hadysalardan hem juda düýpli we uly manylary çykaryp, birgiden taglymatlary döredip bilýär. Olaryň bu ukyby gözbagçynyň hokgasyny ýada salýar: gözbagçy iller üçin içi boş, taňkyrap ýatan gapdan yzy üzülmeýän näçe çykarsaň, çykaryp oturmaly uzyndan uzyn lentalary şol çykaryp otyr – çykaryp otyr. Ýöne akyldar bilen gözbagçynyň arasynda bir tapawut bar: soňkynyňky ýalan, düýbi boş, diňe göze görünýän zat, akyldaryňky bolsa barypýatan hakykat, ýöne özgelere berilmedik ukyba daýanýan hakykat.
Beýik Serdaryň guşa meňzeýän paýhasynyň bir ganaty okumyşlykdy, beýleki ganaty bolsa öz-özünden pikir öndürýän hyýalatydy. Adatça, hatda akylly adamlarda hem şu iki ganatyň biri bolsa, beýlekisi ýokdy. Okumyş bolsa, öz-özünden pikir öndürip, okan zatlaryndan many çykaryp bilýän tebigy hyýalaty ýokdy, hyýalat bar bolsa, okumyşlyk – hyýalat üçin hereket giňişligi, çapyş meýdany bolan maglumatlar, habarlar, bilimler ýetenokdy. Şonuň üçin hem şeýle akylly adamlaryň akyly bir ganaty döwük guş kimin uçmaga, adamlary entek açylmadyk hakykat alyslygyna äkitmäge, olaryň gözüni açmaga ukypsyzdyr. Beýik Serdaryň paýhasy bolsa ganatly paýhasdyr. Onuň ganatlaryny herekete getirýän güýç Allanyň oňa beren ylhamydyr. Bu ylham onuň öz halkyna söýgüsi bilen birleşende onuň paýhasynyň tizligi tas ýagtylygyň tizligine eýe bolýardy. Onsoň Beýik Serdar öz iş kabinetinde kagyza güýmenip oturan ýerinde sanlyja zemin minutynyň içinde türkmeniň müňlerçe ýyllyk taryhynyň içinden parran geçip, onuň entek hiç kim tarapyndan açylmadyk garaňky böwürlerini ýagtyldyp bilýärdi.
Däp näme, dessur näme, Akademiýa ýüz tutup göreýin diýse-de, ol döwrüň alymlarynyň nämä ukyplydygyny ol gowy bilýärdi. Däbiň, dessuryň nämedigini ol beýle alymlardan has oňat bilýärdi.
Däp, dessur – milletiň taryhy ösüşde öz aýratynlyklaryny, öz millet hökmündäki ýüzüni saklap galmagynyň usulydy. Beýik Serdar milletiniň taryhyny hem oňat öwrenipdi, millet, taryh, däp-dessur, din baradaky pelsepewi taglymatlardan hem ýüküni tutupdy. Millet barasynda pikir ýöredende, ol, köplenç, milleti taryhy şahsyýet hökmünde göz öňüne getirýärdi. Ol milleti bitewüliginde açýardy. Şu manyda bolsa, millet hem edil aýratyn alnan adam ýaly «mendi».
Millet – taryhy «men».
Adam – durmuşy «men».
Adam öz «menini» saklamak, ony ykrar etmek üçin degişli durmuş ukyplaryny, durmuş endiklerini edinýär. Şahsyýetiň endikleri, ukyplary, gylyk-häsiýetleri – bularyň bary onuň «menini» düzýär. Şol zatlary aýyr, şahsyýetiň özündenem derek galmaz.
«Millet babatda hem şeýledir» diýip Beýik Serdar pikir edýärdi. Milletiň däp-dessury onuň döreden jemgyýetçilik-taryhy endikleridir. Milletiň däp-dessurlary onuň taryhy ýaşaýyş dilidir. Şol dili ýok etmek, milleti lal goýmakdyr. Däp-dessuryny ýok etmek, milletiň özüni ýok etmäge barabar bolup durýar.
6.
Özüniň tebigaty boýunça syýasatçynyň şahsyýeti dörediji şahsyýete, sungat adamynyň şahsyýetine meňzeş. Sungatyň düýp manysy bolsa adamyň ruhy döredijilik ukyplarynyň bähbitsiz, nepsiz oýnudygyndan ybarat. Syýasatyň serhaly tebigaty boýunça sungatyň serhalyna ýakyn. Dörediji şahsyýet nep, bähbit däl-de, ruhy lezzet almak üçin döredijilige baş urýar. Döredijilik onuň üçin ruhy ýaşaýşa ukyplylygyň serişdesi bolup durýar. Döredijilik nepsizlik manysynda hem, çeper hyýalyýet-toslama manysynda hem oýundyr. Birinji jähetde dörediji ruhy şahsyýetiniň ýaşamak ukybyny amala aşyrýar. Ikinji jähetde bolsa ol daşky dünýäni gaýtadan dikeltmek maksadyny amala aşyrýar. Syýasatçy hem öz ýaşaýan dünýäsinde – syýasatda ýaşaýyş ukybyny ykrar etmek ugrunda hereket edýär. Şeýle hereketiň düýp maksadyny bähbit aramak, nep görmek ýaly has oňyn iterijiler bilen baglanyşdyrmak asla mümkin däldir. Şonuň üçinem syýasatçynyň «mekir-aly», «haýýarlygy» barada däl-de, syýasatçynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykaryşy barada gürrüň etmek hakykata laýyk bolar. Onsoň onuň hereketleri döredijiniň çeper, döredijilik toslama ýaly «oýun» manysyna eýe bolýar.
Köpleriň pikir edişiniň tersine, syýasat pikiriň däl-de, ruhy çemeleşmäniň meýdanydyr. Sungatda akyl, öňden ölçerip-dökmek, bähbit aramak, nep görmek nähili orun tutýan bolsa, syýasatda hem olar şonçarak, megerem, ondanam az orun eýeleýändir. Ýöne, hakyky sungat bilen bir wagtda, döredijilikde ýasamalygyň, emelililigiň bolşy ýaly, hakyky syýasat bilen bir wagtda emeli, ýalan syýasat hem bolýar. Hut soňkynyň adamzat taryhynda köp bolandygy sebäpli, syýasat barasynda nädogry hem laýyk däl garaýyşlar we düşünjeler emele gelipdir. Ýöne, hakyky sungatyň, köplenç, öz döwründe däl-de, birnäçe wagt geçenden soň gadyrynyň bilnişi ýaly, çyn syýasatyňam manysyna we ähmiýetine soň düşünip galýarlar. Bu – birinjiden. Ikinjiden bolsa, çyn sungat ýaly, çyn syýasat hem örän seýrek hadysa.
Syýasatçynyň sungaty – adamlara jemgyýet bolup ýaşamagy öwretmek sungaty.
Gözellik sungaty bolsa adamlara adam bolup ýaşamagy öwretmek sungaty.
Syýasatçy adam erkiniň hökmürowany bolsa, dörediji şahsyýet ýüregiň hökmürowany.
Hakyky nakgaş üçin döredijilik özüniň şertli hem oýunçyl tebigatyna garamazdan, başga keşbe girmek däl-de, ykbaldyr. Hakyky syýasatçy üçinem syýasat edil şonuň ýalydyr, ykbaldyr.
Syýasatyň diňe şeýle ýokary, belent sungaty derejesine ýeten mahalynda, millet döwletli bolmak, döwlet bolup ýaşamak diýen taryhy başarnyga, taryhy ýaşaýyş ukybyna eýe bolýar. Türkmen milleti diňe XX asyryň ahyrynda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňe çykmagy bilen şeýle taryhy ýaşaýyş ukybyna eýe boldy. Türkmen milleti jemgyýetçilik aňynyň özi üçin täze bir görnüşine – syýasy aň görnüşine eýe boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetiniň gymmatyna we ähmiýetine düşünmek üçin bu taryhy hadysa esasy zat. Bir gaýry ýurtly taryhçynyň ýazmagyna görä, XVIII – XIX asyrlarda «Kaspi deňziniň günorta-gündogar taraplarynda öz täsirini ýöretmek üçin Eýranyň, Russiýanyň, şeýle hem Orta Aziýa hanlarynyň alyp baran syýasy göreşlerinde birnäçe türkmen aksakgallary oýunjaga öwrülipdi». XX asyrda bolsa olar SSSR imperiýasynyň bir özüniň bir elinden beýleki eline geçirip oýnaýan gurjagy bolupdylar. Şeýle taryhy pajyga milletiň syýasy aňdan mahrumlygy, hakyky milli syýasatçynyň öňe çykyp bilmänligi sebäpli bolup geçipdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetiniň gymmatyna, türkmen üçin syýasy aňyň gymmatyna düşünmek üçin biz syýasat babatda boýnumyza atylan bir pikirden – syýasat hapalygyň, erbetligiň üýşen mesgenidir diýen pikirden azat bolmalydyrys. Şu manyda milletiň ýaşaýyş gujurynyň bir ýüze çykmasy bolan syýasatyň hakyky oňyn manysy – biziň akyl-düşünjämizde hem hakyky oňyn mana öwrülmegi gerek.
Syýasatçynyň içki «menleriniň» tebigylygy hakynda gürrüň etdik. Bu, dogrudanam, tebigy «köplükdir». Ýöne şeýle köplügiň öz çägi bar. Bu çäk şahsyýet bitewüliginiň serhetleri bilen kesgitlenilýär. Amerikan fantast-ýazyjysy Reý Bredberiniň «Marsly» atly ajaýyp hekaýasy bar. Marsly daş-töweregindäki adamlaryň göwün isleglerine laýyklykda öz barlygyny üýtgedip bilýän jandar. Ol Ýere gelip, ogullaryny ýitiren är-aýalyň öňünden olaryň ölen oglunyň sypatynda çykýar. Soňra itini ýitiren zenanyň öňünden şol itiň sypatynda peýda bolýar. Şeýdip, marsly adamlaryň islegine görä islendik sypata girip, ýaşap ýör. Ýöne birden bir gezek marsly birgiden märekäniň öňünden çykmaly bolýar. Märekedäki her kişiniň bolsa beýlekileriňkä meňzemeýän islegi bar. Ine, şonda marsly jandar öz jany bilen hoşlaşmaly bolýar. Bu hekaýa özüniň manysy boýunça bir oňat syýasy tymsal bolup biler. Ondan bolsa şeýle many gelip çykýar: syýasatçy halkyň, köpçüligiň erk-islegine eýermeli, şol bir wagtda-da onuň öz şahsyýet bitewüliginden gelip çykýan taryhy ýörelgesi, belli bir maksady bolmaly. Kimiň nähili garaýandygyna garamazdan, ol öz ýörelgesini soňuna çenli alyp barmaly.
Biziň syýasy pelsepämiziň taryhynda degişli ýörelge dürli şekillerde, görnüşlerde göz öňüne getirilipdir. Döwletmämmet Azady patyşa Allanyň erkini amal etmeli hasaplapdyr. Şeýle pikiri dini gabyklardan saplap aýtsak, syýasatçy milletiň taryhy dowamatda ýüze çykýan erkini amala aşyryjy bolmalydyr.
Köpçüligiň erki syýasatçy üçin hemişe ahyrky maksat bolup bilmez. Eger köpçülik jemgyýetçilik-durmuş manysynda bir bitewülik bolsa, ýagny milleti alamatlandyrsa, onuň erki syýasatçy üçin kanundyr, ahyrky maksatdyr, emma köpçülik diýilýäni bölünmäge, ýeke-ýekeleşmäge, toparlaýynlaşmaga meýilli hem bolup biler. Munuň özi sazlaşygyň bozulmak hadysasydyr. Biz öz taryhymyzda XVIII – XIX asyrlarda muňa köp şaýat bolduk. Şonda köpçüligiň sazlaşykly jemagata öwrülmegi üçin, ýeke-täk baştutan öňe çykmaly bolýar. Şonda köpçülik – sazlaşygy bozulan toplum içki sazlaşykly ulgama öwrülýär. Çünki syýasy öňbaşçy bu ulgam üçin ulgam dörediji merkez bolup çykyş edýär. Syýasatçy şeýle merkezi alamatlandyrmak üçin köpçüligiň isleglerine laýyk gelýän sypatlara eýe bolmaly, olar onda ýok bolsa, ol şeýle sypatlary özünde döretmegi başarmaly. Syýasatyň döredijilikdiginiň, oňyn oýundygynyň, biygtyýar maksatdygynyň bar manysy-da şundadyr. Meşhur fransuz alymy W.Paskalyň şahsyýet hakynda, dünýä nädogry düşünilýändigi hakda şeýle oýlanmalary bar: «Men» diýilýän zat näme bolýar?
Penjiräniň öňünde biri gelen-geçen adamlara garap dur. Onuň deňinden geçip barşyma men ol meni görmek üçin penjiräň öňüne gelipdir diýip bilerinmi? Ýok. Çünki ol meniň bilen gaty bir gyzyklanybam baranok. Eger-de kimdir birini owadanlygy üçin gowy görýän bolsalar, bu hut şonuň gowy görülýändigini aňladýarmy? Ýok, sebäbi eger mama keseli degäýse, ol adam diri galar, ýöne onuň owadanlygy bilen bilelikde oňa bolan söýgini-de ýok eder. Eger-de men baradaky ýatlamany ýa-da paýhasymy söýýän bolsalar, bu meniň söýülýändigimi aňladarmy? Elbetde, ýok, sebäbi meniň özüm diri galyp, şol aýratynlyklarymy-da ýitirmegim mümkindir... Şeýlelikde, biz adamy däl-de, onuň häsiýetlerini, sypatlaryny söýýäris». Paskalyň şu pikirlerinde köpçülige mahsus endikler oňat açylyp görkezilipdir. Diýmek, syýasy şahsyýet öz pikirini, öz gursagynda gaýnap-joşan maksadyny amal etmelidir, ýöne syýasatda köpçüligiň uly orun tutýandygyny hasaba alyp, ol öz pikirini durmuşa geçirende, köpçüligiň endiklerinden, pikirlerinden, gowy hem erbet görýän zatlaryndan ugur almaly bolýar. Başgaça aýdylanda, ol köpçüligiň özüne bolan garaýşyny serişde, basgançak hökmünde ulanmagy başarmaly bolýar.
7.
Biziň her birimizde süýji, gyzykly hem hiç mahal hakydadan gitmeýän çagalyk we ýetginjeklik ýatlamalarymyz bar. Biz öz ýanymyzdan şol pursatlary we wakalary gün, wagt ölçegine geçirip görýäris. Biziň aňymyzda galan zatlar bolubilse, birnäçe günüň içine sygar. Emma çagalyk hem ýetginjeklik birnäçe gün-ä däl, birnäçe aý hem däl ahyryn, ol döwür birgiden ýyllar bilen ölçenýär. Gyzykly zat: näme üçin adam hakydasynda başga däl-de, ala-böle hut şol günler saklanyp galýarka?! Hany galan aýlar, ýyllar?! Olar näme sebäpden unudylýar, ýokluga öwrülýär? Adam hakydasyndaky «Saýlanan günleri» haýsy redaktor saýlaýar, kim hut şulary bütin aňly ömrüň mazmun bölegine öwürýär?!
Bu sowallar asla-da ýasama hem keýpine oýlanyp tapylan sowallar däldir, olar ruhy serhalyň (psihologiýanyň) gyzykly we entek barlanyp görülmedik meselelerini düzüp bilerler.
Adamyň kemala gelşi meselesinde giňden ýaýran bir garaýyş bar. Ýaş çaganyň şahsyýetini, kalbyny ak kagyza deňeýärler. Durmuş, daşky gurşaw şol kagyza öz manylaryny ýazýar, şeýdip, kagyz mazmundan dolýar.
Şeýle garaýyş edil ýalňyş bolmasa-da, birtaraplaýyndyr. Kagyza manylaryň ýazylýandygy hakykat weli, şeýle ýazgynyň jikme-jikligini nähili göz öňüne getirmeli? Biz «kagyzyň» ähmiýetini juda kiçeldýän-ä däldiris? Şu sowallary çözläp ýaş Saparmyrat adamyň genetiki keşbi hakyndaky meselä geldi. Alymlaryň tassyklamagyna görä, adam şahsyýetiniň kemala gelmeginde genetiki hökmürowanlygyň we adamy gurşap alýan jemgyýetçilik gurşawynyň arasyndaky hyzmat paýy şeýledir: şahsyýetiň 80 göterimi genler tarapyndan, diňe galan 20 göterimi bolsa daşky ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär. Bu maglumatlar «kagyzyň» gaty bir ak hem däldigini, boş ýeriň azdygyny, ýazmaga ýeriň bary-ýogy ýüzden ýigrimi böleginiň galandygyny aňladýar. Hut şu ylmy takyklama hem türkmeniň asyrlarboýy ýöredip gelen «Adamyň aslyna bak» diýen ýörelgesiniň gaty esaslydygyny görkezýän bolsa gerek.
Beýik Serdar adam hakydasynyň «Saýlanan günleriniň» takyk wakalaryny we mazmunyny hem şol genleriň hökmürowan emriniň kesgitleýändigini anyklady. Adam hakydasynda diňe oňa aslyndan geçen «meniniň» halaýan wakalary we pursatlary saklanyp galýar. «Meniň» halaýan wakalary we pursatlary – bular şol «mene» özüni doly açmaga hyzmat edýän wakalar. Diýmek, aslynda adamy daşky gurşaw kesgitlänok-da, içki kanunalaýyklyk daşdan özüne geregini alýar. Adam, Marksyň aýdyşy ýaly, daşky gatnaşyklaryň jemi däl-de, eýsem öz içiniň daşyna çöwrülmegidir. Daşky gurşaw adamy kemala getirenok-da, onuň asyl «meniniň» açylmagyna sebäp bolýar. Eger olar kemala getirmäge gatnaşýan bolanlarynda-da, bu gatnaşyk diňe gyýtaklaýyn täsir görnüşinde amala aşýandyr. Hem-de olaryň ikinji derejeli ähmiýeti bardyr.
Adamyň çagalyk ýa ýetginjeklik ýatlamalarynyň hakyda «senzory» onuň ata-babalaryndan miras alan genetiki maglumatlarydyr. Elbetde, entek gan, gen derejesinde «men» bolup bilmez. Emma «men» diňe we diňe gan esasynda bolup biler. Genler adam «meniniň» mazmunyny düzýär, daşky gurşaw bolsa oňa diňe görnüş berip biler.
Saparmyradyň çagalygynda ony gurşap alan adamlar onuň «meniniň» oňyn kemala gelmegine täsir edipdiler. Ylaýta-da, ejesiniň, soňra babasy Gurbangeldi Gurduň köneden söz açýan gürrüňleri nesilleriň arasyndaky baglaşdyryjy halka bolupdy. Megerem, bularyň hiç biri-de tötänlik däldi. Çünki bu gürrüňlerde ýüzýyllyklaryň baglanyşygy görünýär. Türkmen ruhunyň we jemgyýetçilik durmuşynyň asyrlarboýy dowam edip gelen kanunlary üzlem-saplam görnüşde bolsa-da, geljekki Beýik Serdaryň döwrüne çenli gelip ýetipdir. Şeýle Serdaryň döremegine taryhy ruhy esas bolmak üçin gelip ýetipdir.
Sungatyň kemala gelşiniň iki tapgyry bar: sungat döredijiniň döredijilik ussahanasynda kemala gelýär. Dörediji hyýal-oýun edýär: durmuşy öz hyýalyýetine laýyklykda üýtgedýär, özgerdýär. Bu birinji tapgyr. Soň taýýar sungat eseri köpçülige ýetýär we köpçülik tarapyndan çynyňam çyny hökmünde kabul edilýär, Çünki eseriň täsiri bilen adamlaryň durmuşy ruhy mana eýe bolýar, olaryň şatlanmagyna ýa gaýgylanmagyna sebäp bolýar, olaryň hemişelik hemrasyna öwrülýär. Şeýlelikde, «oýnuň» kanunlary boýunça döredilen eser çynlyk bolup çykýar. Oýnuň soňy çyna ýazýar. «Ýalan çynyň berçinidir» diýilmesi, hakykata ýalan goşulanda owadan bolýandygynyň tekrarlanmasy.
Syýasat hem edil şonuň ýalydyr. Senetkäriňki ýaly, syýasatçynyňam döredijiligi iki tapgyrdan ybarat: onuň döredijilik ussahanasy, syýasy pikirleriniň «garalamasy» bolýar. Bu tapgyrda ol öz tabynlygyndaky ýa-da hyzmatdaşlygyndaky belli-belli adamlar bilen iş salyşýar. Ol adamlaryň kömegi, ýardamy bilen ýa-da garşydaşlarynyň edýän işleriniň nädogrudygyny paş etmek, syndyrmak bilen ol öz döredijilik maksatlaryny ykrar edýär. Munuň özi syýasy sungatyň «oýun» bölegidir. Senetkäriň öz bütin döredijilik gujuryny, zehinini birinji tapgyrda herekete getirişi ýaly, syýasatçy hem garşylyk güýji ýüze çykaýjak birinji tapgyrda ähli syýasy ukyplaryny görkezmeli bolýar. Eýýäm ikinji tapgyrda bolsa ol köpçülige çykýar: syýasatyň meýdanyna çykýar. Özüniň birinjide ulanan «garalama» emellerini ol indi başga hili ýörelgeler – köpçüligiň düşünjek hem kabul etjek ahlaky-emosional, ahlaky-durmuşy gymmatlyklary bilen çalşyrýar. Çünki «oýun» bilen çynyň, hyýalyýet-toslama bilen hakykatyň, «garalama» bilen taýýar önümiň köpçülik üçin gyzyklylygy hem bähbitliligi asla deň däldir. Bu türgenleşikler köpçülige nämä gerek? Edil şonuň ýaly syýasatçynyňam içki, «perdeler aňyrsynda» döredijilik hereketleri gybatçylardan başga kişilere gyzyksyz hem ähmiýetsiz bolup görünýär. Köpçülik onuň syýasatynyň öz durmuşyny özgertjek «çynyna» mätäçdir.
Ýöne syýasatçynyň döredijiliginiň giň köpçülige dahylsyzlygy manysyndaky «garalamasy» we işjeň döredijilik prosesi manysyndaky «oýun tapgyry» öwreniji üçin, syýasatçynyň şahsy erkiniň ýüze çykyşy tarapyndan ähmiýetlidir. Öz gadymy şadessanlarymyzy ýatlalyň. Şu ýerde biz «Gorkut atanyň» kitabyndan iki sany kiçijik wakany getirmekçi. «Bugaç han Derse han oglunyň boýunda» şeýle setirler bar: «Baýandyr han bir gün ýerinden turup, köp ýerlere çadyrlar gurduryp, ýüpek halyçalar düşemegi buýurdy. Hanlaryň hany Baýandyr han ýylda bir gezek toý edip, hemme oguz beglerini myhmanlyga çagyrardy. Toýunda ýylky, düýe, goýun soýdurardy. Ol:
– Bir ýerde ak otag, bir ýerde gyzyl otag, bir ýerde hem gara otag gurduryp: «Ogly bolany ak otaga, gyzy bolany gyzyl otaga gonduryň, kimiň ogly, gyzy bolmasa, gara otaga gonduryň, aşagyna hem gara keçe düşäp, gara goýnuň ýahnasyndan öňüne getirip goýuň, iýse, iýsin, iýmese, goý, turup gitsin, ogly bolmadyga Allatagala gargapdyr, goý, ol biziň hem gargaýanymyzy bilsin» diýip buýruk berdi». Indi ikinji mysal: Salyr Gazanyň ýurduny duşmanlar talaýar. Ol ýurduna gaýdyp gelende, çopany Garajany görýär. Oturyp onuň bilen nahar edinýär. «Çopan tagarajygy çykardy, olar nahar edindiler. Şonda Gazan pikirlendi: «Eger çopan bolmadyk bolsa, Gazan duşmany ýeňip bilmezdi diýip, maňa tagn ederler» diýip, çopany bir agaja mäkäm sarady-da, gidiberdi».
Iki ýerdenem görnüşi ýaly, köpçüligiň baştutany öz hereketlerinde ýaşaýşyň umumy kanunalaýyklygyny-da, köpçüligiň garaýşyny-da hasaba almaly bolýar. Şonda ol öz şahsyýetiniň köpçüligiň gözüniň alnynda üýtgeşik bir sypata eýe bolmagy üçin aňly-düşünjeli iş etmelidir. Salyr Gazan hut şol sebäpli Garaja çopanyň kömeginden ýüz dönderýär. Ol özüniň il arasyndaky mertebesiniň aladasyny edýär. Şeýle pursatlarda, daşyndan käbir kişilere beýle hereket nälaýyklyk bolup görünse-de, syýasatçy mundan gaýtmaly däl. Men bu mysallary getirip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasatynyň gadymy türkmen syýasaty, ýoly bilen sazlaşýandygyny nygtamak isledim.
8.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gujur-gaýratynyň egsilmezliginiň, çydamlylygynyň örän ýokarydygynyň, maksada okgunly hereketiniň dagdan inen sil kimin zarplydygynyň çeşmelerine göz ýetirmek we ony düşündirmek örän kyn.
Beýik Serdaryň Prezidentlige saýlanany bäri, ýadamany-ýaltanmany bilmän işleýändigini we näçe köp işlese-de, özünde argynlyk duýman, Anteý ýaly barha güýçlenýändigini görüp, onuň häsiýetiniň bu tarapyna haýran galmazlyk mümkin däl.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz Türkmenistana Prezident saýlanany bäri ömür ýoly, her bir sagady, hatda minudy il-ýurt bähbitli aladadan, irginsiz we jepakärlikli zähmetden, gözleglerden, oýlap tapyşlardan, üstünliklerden we ýeňişlerden doly. Beýik Türkmenbaşynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýolunyň islendik bölegini alyp, ony seljerip görseň, Serdaryň iş grafigine sygdyrylan wakalar juda köp. Geliň, Serdaryň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky zähmet ýolunyň bir bölegini bilelikde synlap göreliň. Goý, ol Garaşsyzlygyň 1995-nji ýyly, maý aýy bolsun! Ynha, biziň elimizde Beýik Türkmenbaşynyň gürrüňi edilýän döwürdäki iş tertibi. Dogrusyny aýtsak, eger-de ony sagat, minutsaýyn yzarlasak, onda biziň şu ýerdäki ýazgymyz özbaşyna birnäçe jiltlik kitap boljak. Şonuň üçin, biz Beýik Serdaryň bu döwürde çykaran permanlary, kararlary, beren görkezmeleri, geçiren duşuşyklary, ýygnaklary, kabul eden adamlary, okan hatlary we olara beren jogaplary, telefon gepleşikleridir soran hasabatlary, ýurduň ýagdaýy hakda alan habarlary we hökümet ýolbaşçylaryna beren tabşyryklary, ýene-de ençeme beýleki işleri hakda agzap durman, diňe halkara we örän uly döwlet möçberli işleri hakda gysgaça aýdyp geçeli. Şol sanawyň özi-de Beýik Türkmenbaşynyň iş-aladalarynyň bir adamy-ha däl, onlarça adamynyň hem lütüni çykaryp ýadatjakdygyny görkezýär.
Maý aýynyň 1-i güni. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şol aýyň 9-yna Moskwada geçiriljek ýeňiş paradyna gatnaşjak Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen duşuşdy. Olary gutlap, «1941-1945-nji ýyllarda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygy» diýen ýubileý medalyny, gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Aýyň 2-sinde. «Türkmenistanyň çägindäki eýeçilik subýektleriniň daşary ýurt firmalary bilen daşary söwda şertnamalaryny baglaşmaklary hakdaky» meselä garap, bu ugurdan karar kabul edýär. Soňra şol gün Ol Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.P.Çupruny kabul edýär. Onuň bilen ikitaraplaýyn we Russiýany hem goşmak bilen üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpsanly meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. Şol gün Ol Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, birek-biregi gyzyklandyrýan ençeme meseleler hakda gürrüň edýär.
Aýyň 3-5-inde. Türkmenbaşy Prezident Diwanyndaky degişli bölümiň işgärleri bilen daşary ýurtda gerekli boljak resminamalar bilen birin-birin tanyşýar. Käbir resminamalary özi taýýarlaýar. Bu taýýarlyk bilen baglanyşykly bäş sagatlap işleýär, şol bir wagtyň özünde ýurduň gündelik wakalary bilen baglanyşykly meseleleri çözýär. Beýik Ýeňşiň 50 ýyllygyny bellemek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berýär, kararlar kabul edýär.
Aýyň 6-synda. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Londona barýar. Ol uçardan düşüp, Beýik Britaniýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri D.Hogg bilen gepleşikler geçirýär. Soňra Ol dabaralara gatnaşmak üçin 50 ýurtdan gelen döwlet hem hökümet baştutanlarynyň hormatyna Londonyň lord-häkimi tarapyndan guralan kabul edişlige, bankete we agşamlyk naharyndaky dabaralara gatnaşýar.
Ertesi güni. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy korolewa Ýelizaweta II-niň adyndan Bukingen köşgünde guralan naharda bolýar hem-de korolewa tarapyndan kabul edilýär. Soňra ol Gaýd-parkda, ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 50 ýyllygynyň şanyna guralan dabaralara gatnaşýar. Ol ýerde hormatly myhmanlar kitabynda ýazgy galdyrýar, käbir döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyp, käbir meseleler boýunça olar bilen pikir alyşýar.
Agşam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Fransiýada şu senä bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Pariže uçýar.
Ertesi 8-ine. Ol Parižde 80 ýurduň döwletleriniň baştutanlary bilen birlikde bellenen dabaralara gatnaşýar. Näbelli esgeriň mazaryna gül çemenlerini goýýar, dabara gatnaşýan döwletleriň baýdak paradyny synlaýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Londonda we Parižde bolan gysga wagtynyň içinde ol dabaralara gatnaşmaga gelen ABŞ-yň wise-prezidenti A.Gor, Angliýanyň premýer-ministri Ž.Meýžor, Russiýanyň premýer-ministri W.Çernomyrdin, Gazagystanyň Prezidenti N.Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti A.Akaýew, Ermenistanyň Prezidenti L.Ter-Petrosýan, Azerbaýjanyň Prezidenti G.Alyýew, Rumyniýanyň Prezidenti I.Iliýesku we birnäçe beýleki uly döwlet işgärleri bilen gepleşikler geçirip, ençeme möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ýetişýär.
Aýyň 8-i güni agşam. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Parižden Moskwa uçýar.
9-y güni. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy faşizmden üstün çykylmagy – Beýik Ýeňşiň 50 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşýar. Bu ýerde türkmenistanlylaryň we öz adyndan näbelli esgeriň mazaryna gül dessesini goýýar, soňra uruşda ýeňijileriň Gyzyl ploşşaddaky we Poklonnaýa dagyndaky paradlaryna gatnaşýar. Onda Türkmenistandan gatnaşýan weteranlary gutlaýar. Şol günüň özünde ol Russiýanyň Prezidenti B.Ýelsin, premýer-ministri W.N.Çernomyrdin, Ermenistanyň, Slowakiýanyň, Çehiýanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirýär. Bu dabaralardan soň Türkmenbaşy Watana dolanýar we aeroporta gelip gonan badyna ol ýerde aýak üstünde Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary bilen ýygnak geçirip, olardan ýurtdaky ýagdaý barada hasabat alýar. Aeroporta gelen ministrlere, intelligensiýanyň wekillerine saparyň netijeleri barada gysgaça habar berýär. Telewideniýe üçin gysgaça çykyş edýär.
Aýyň 11-12-sinde. Beýik Türkmenbaşy ýurduň içindäki dürli meseleleri çözýär. Soňra Ysraýylyň «Merhaw» firmasynyň başlygy Iosif Meýmany kabul edýär, onuň bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk hakda, hususan-da agrar senagaty toplumynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar.
Aýyň 13-ine we 14-ine. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýakyn günlerde Russiýa Federasiýasynda, Müsürde we Ysraýylda saparda bolup gelmek üçin zerur taýýarlyklary görüp ýetişýär.
Aýyň 15-i. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, onda döwletiň we iliň bähbitlerini kanagatlandyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giden meseleler toplumyna garaýar. Geljekki sapar bilen bagly resminamalar toplumy bilen Ministrler Kabinetiniň agzalaryny tanyşdyrýar. Şonuň yz ýanyndan ol Slowakiýa respublikasyndan gelen wekilleri we onuň ýolbaşçysy – wise-premýer, maliýe ministri Sergeý Kozligi, ykdysadyýet ministri Ýan Duskiýni, transport we aragatnaşyk ministri Aleksandr Rezaşy, Slowakiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roman Poldany kabul edýär we olar bilen iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşýar.
Soňra Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Kodzi Wantanabäniň baştutanlygyndaky ýapon diplomatlarynyň wekillerini kabul edýär. Olar bilen birnäçe wagta çeken duşuşykda Türkmenbaşy halkara häsiýetli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşýar. Türkmenistan, onuň içki-daşky syýasaty bilen myhmanlary tanyş edýär.
Aýyň 16-synda. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndüriji ministrlige barýar. Ol ýerde bu pudagyň öndürýän önümleriniň sergisini synlaýar, pudagy düýpli özgertmegiň zerurlygy hakynda ýolbaşçy işgärler bilen gürrüňdeş bolýar, pudakda işiň guralyşynyň garaşsyzlyk syýasatyna laýyklykda üýtgedilişiniň heniz gowşakdygy üçin ýolbaşçylary tankyt edýär.
Şol günüň özünde Türkmenbaşy bu ministrligi Dokma senagaty ministrligine öwürýär we ol hakda karar kabul edýär. Şu arada ol «Russiýa biziň strategik arkadaşymyzdyr we hyzmatdaşymyzdyr» diýen mowzug boýunça «Rossiýskaýa gazeta» üçin ITAR-TASS agentligine ýörite interwýu berýär we soň ol gazetde çap bolup çykýar.
Aýyň 17-si güni. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Russiýa sapara ugraýar. Ol Moskwadaky rezidensiýasynda nebit-gaz toplumynda bile hereket etmek meseleleri barada Russiýanyň premýer-ministri Wiktor Çernomyrdin bilen gepleşikler geçirýär. Şol ýerde hem iki ýurduň hökümetleriniň, bu mesele boýunça bellenen işleri alyp baryjy aksioner kompaniýasyny döretmek hakyndaky ylalaşygyna gol çekilýär.
Ertesi güni. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Moskwadaky näbelli esgeriň mazaryna gül desselerini goýýar we soňra Uly Kreml köşgüniň Georgiý zalynda Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsin bilen duşuşýar. Bu ýerde gepleşikler geçirilip bolnansoň, Kremliň Ýekaterina zalynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen B.N.Ýelsin garalan meseleler boýunça gelnen ylalaşyklara gol çekýärler. Ol ylalaşyklaryň sanawy örän uly bolany üçin, bu ýerde olary sanap oturmak artykmaç bolsa gerek, ýöne olaryň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň örän köp bölegini öz içine alýandygyny bellemek zerurdyr.
Şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Moskwadaky rezidensiýasynda «Rossiýskiý kredit» bankynyň ýolbaşçysy Witaliý Malkini kabul edýär. Agşamlyk bolsa Kremliň Granowit palatasynda Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hormatyna nahar berýär. Onda Prezidentler söz sözleýärler.
Aýyň 19-y. Saparmyrat Türkmenbaşy öz rezidensiýasynda Moskwada ýaşaýan türkmen azlygynyň wekillerini kabul edýär. Soňra Kremliň Georgiý zalynda we Wnukowo aeroportunda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ugradyş resmi dabaralary bolup geçýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Watana dolanyp gelen badyna aeroportda ýene ýygnak geçirýär we ol ýerde ýurduň içki ýagdaýy bilen tanşyp, saparyň jemleri hakda gysgaça habar berýär.
Aýyň 21-i. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň içki meseleleriniň ençemesini çözýär we Müsüre gitmäge taýýarlyk görýär.
Aýyň 22-si. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy resmi sapar bilen Müsür Arap respublikasyna uçýar we şol gün Müsüriň paýtagty Kairde resmi derejede garşy alynýar. Şondan soň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Müsür Arap respublikasynyň Prezidenti Hosni Mubarak bilen gepleşikler geçirýär. Agşam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz hormatyna guralan nahara gatnaşýar. Söz sözleýär.
Ertesi. Hosni Mubarak bilen gepleşikleri dowam etdirýär, ol ýerde ylalaşyklaryň dördüsine we bilelikdäki beýannama gol çekilýär. Soňra «Taki» hususy firmasynyň mebel kärhanasyna baryp görýär. Müsüriň milli muzeýinde bolýar. Müsüriň meşhur piramidalaryna we beýleki medeni-taryhy ýadygärliklerine syn edýär.
Aýyň 24-i güni. Ir bilen Müsüriň Prezidentiniň köşgünde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ugratmak dabarasy bolýar. H.Mubarak we resmi adamlar ony Kair aeroportundan ugradýar. Şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy uçar bilen Kairden Tel-Awiwe baryp düşýär. Soňra Ierasulimiň Prezident köşgünde Ysraýylyň Prezidenti Ezer Weýsman Beýik Türkmenbaşyny resmi dabara bilen garşy alýar. Şondan soň Beýik Türkmenbaşy Ysraýylyň premýer-ministri I.Rabin we daşary işler ministri Şimon Peres bilen duşuşýar.
Agşam Ysraýylyň Prezidenti Ezer Weýsman bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar we anyk meýilnamalar hakda gepleşikler geçirýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hormatyna agşamlyk nahary berilýär we ol ýerde iki Prezident söz sözleýär.
Maý aýynyň 25-i güni. Ikinji jahan urşunda pida bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Ýad Waşem» memorial toplumyna baryp görýär. Näbelli esgeriň hormatyna ot ýakýar we urşuň pidalarynyň ýadygärligine, olaryň ruhuna bagyşlap gül desselerini goýýar. Soňra Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Köne Ierasulimiň taryhy, medeni, dini ýadygärlikleri bilen tanyşýar.
Aýyň 26-sy. Ir bilen Ysraýylyň Prezidenti E.Weýsman we beýleki resmi adamlar Tel-Awiwiň aeroportundan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny Aşgabada ugradýarlar.
Şol gün Watana dolanyp gelýär we kada bolşy ýaly, özüni garşylan resmi adamlara saparyň jemleri hakda gysgaça habar berýär. Soňra şol ýerde aýak üstünde ýurtda başlanan däne oragynyň barşy we ony guramaçylykly geçirmek üçin görülmeli çäreler hakda tabşyryklar berýär.
Sapardan gelensoň iki günläp ýurduň içerki işleri bilen meşgul boldy we saparyň jemleri hakda hem-de olardan gelip çykýan netijeler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalmaly meseleleri taýynlady.
Aýyň 29-y. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň saparlarynyň jeminden başga-da, Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Minskide bolan duşuşygyna gatnaşan türkmen wekilleriniň hasabaty diňlendi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halysynyň güni mynasybetli halyçylaryň bir toparyny kabul edip, olara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
Şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ABŞ-yň Russiýadaky ilçisi Tamas Tikkeringi we ABŞ-yň Türkmenistandaky ilçisi Žozef S.Hýulingsi kabul etdi. Olar bilen iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.
Şonuň yzysüre Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türki dilli ýurtlaryň Medeniýet Ministrleri Sowetiniň (TÜRKSOÝ-yň) Aşgabatda bolan VI maslahatyna gatnaşyjylar bilen duşuşyp, olar bilen bu guramanyň işi hakda söhbetdeşlik geçirdi.
Maý aýynyň 30-31-i. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurtda däne ýygnalyşynyň birnäçe meselelerini çözdi we bu ugur boýunça «1995-nji ýylda güýzlük däne ekinlerini ýygnamagy guramak hakynda» karar kabul etdi.
Şol gün Sahalinde bolan ýer titremesine gynanç bildirip, Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsine we premýer-ministri W.S.Çernomyrdine hat iberdi.
Ine, gysgaça bir aýyň gazet maglumaty. Bu resmi işler. Gazet sahypalarynda çap edilmedik gündelik işler, özem döwlet ähmiýetli işler gazetdäkilerden, gör, näçe esse köp!
Görüp geçişimiz ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diňe maý aýynyň dowamynda daşary ýurtlaryň altysynda resmi saparda bolupdyr. Ol öz sapary wagtynda ýigrimi töweregi döwlet ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirip, onlarça ylalaşyklara gol çekişipdir. Onuň beýleki resmi adamlar bilen geçiren duşuşyklaryna gatnaşan adamlaryň sany hem ýüzlerçedir. Resmi saparlaryň ýolda, uçarlarda geçýän surnukdyryjy bölegi barada aýtmanyňda hem, aeroportlarda, köşklerde, kabul edişliklerde, ugradyşlarda, gül goýuşlyklarda, sergilere, muzeýlere, firmalara, kärhanalary baryp görülen, ýadygärliklere tomaşa edilen we söz sözlenen wagtlarynda resmi şertlere, nerw dartgynlygy ýagdaýynda aýak üstünde geçirilen wagtyň özüniň ýüzlerçe sagatdan geçip gidýändigini hasaba alsaň, onda bir aýyň dowamynda Beýik Türkmenbaşynyň nähili güýçli fiziki we serhaly täsiriň astynda bolandygyna göz ýetirmek kyn däldir.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Prezidentiň Içeri işler ministrini wezipesinden boşatmagy köp adam üçin sapak boldy. Ministriň işinden boşadylmagynyň sebäbi, göräýmäge ýönekeýje ýaly welin, aslyna seretseň, bolup geçen wakada uly sapak alarlyk ähmiýet bardy. Halk arasyndaky gürrüňlere görä, Içeri işler ministriniň ýakynlarynyň birini neşe bilen tutupdyrlar. Aslynda neşäni onuň maşynyndan tapanmyşlar. Ol daşarda maşynyny gulplaman goýanmyş we pursatdan peýdalanyp, neşäni maşyna oklap, soňam bu hakda milisiýa habar berenmişler. Onuň özi welin, bu zatlardan bihabarmyş. Milisiýa işgärleri telefonda aýdylan «habary» eşidip, derrew barlag geçiripdirler we berlen habar dogry bolup çykypdyr.
Ähli zatlar bolmalysy ýaly resmileşdirilip hasaba alnypdyr, maşynyň eýesi hem tussag edilipdir. Soň görüp otursalar, ol tussag edilen kişi ministriň ýakyny bolup çykypdyr. «Ministriň öz adamy neşe bilen tutulypdyr» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ile ýaýrapdyr we gürrüň Prezidente hem ýetipdir. Beýik Türkmenbaşy çagyryp, bu hakda soranda, ministr bularyň barynyň ýörite guralandygyny aýdyp, özüni aklajak bolupdyr. Beýik Türkmenbaşy oňa şeýle diýipdir: «Eger aýdýanlaryň çyn bolaýanda hem men ynjalyp bilemok. Sen Içeri işler ministri hökmünde, her hili howpdan halky, döwlet işgärlerini, Prezidenti goramaga borçly adam. Sen beýlekileri goramakdan geçen, öz-özüňi gorap bileňok. Uly il seni aýyplap gürrüňiňi edýär. Sen bolsaň, bu wakadan sapak alman, özüňi aklamaga çalyşýaň! Öz-özüni goramagy başarmaýan adamlara men halkyň asuda ýaşamagyny üpjün etmegi, dynçlygyny goramagy neneň ynanaýyn. Men seni, ine, şunuň üçin işden aýyrýan.»
9.
Döredijiniň ruhy dünýäsi döredýän eserine siňýär, şeýle bolansoň döredijiniň nähili adamdygyny, ruhy dünýäsini döreden eserlerinden tanaýarlar. Şu nukdaýnazardan, senetkäriň öz eserleri arkaly iş edinip, sünnäläp öz şahsyýetiniň keşbini döredişi ýaly, syýasatçynyň hem esasy üns merkezinde durýan zatlaryň biri – onuň şahsy mertebesi. Çünki taryhyň belli-belli pursatlarynda baştutanyň şahsyýeti bilen milletiň bitewi bähbitleri özara laýyklaşýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň abraýy we şöhraty diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem bütin dünýäde-de has ýokarlanýar. Beýik Serdar hakynda öwgüli aýdymlaryň, edebi eserleriň köpdügini bilýäris. Muňa bir taraplaýyn düşünmek juda ýöntemlik, onuň syýasy şahsyýetiniň aýratynlygyna ýüzleý garamak bolardy. Akylly-başly islendik adam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şöhrata hem öwgä juda biperwaý, sowukganly garaýandygyny aňyp bilendir. Onda bu ýerde nähili fenomen bolup biler? Beýik Serdar öz şahsyýetiniň tekrarlanmagyna döwletiň hem milletiň ykrar edilmeginiň bir subutnamasy hökmünde garaýar. Bu halkyň onuň syýasatyny makullamagyndan başga hiç bir zat däldir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda şahsyýetiň mazamlanmagy däl-de, döwlet baştutanynyň erkiniň tekrarlanmasy bar. Bu ýerde, has dogrusy, indiwid däl-de, nyşan bar. Baştutanyň nyşandygy bolsa şu gün edilmeli açyş däldir.
Syýasatçynyň döwlet başynda oturmagynyň özi-de eýýäm onuň şahsyýetiniň üýtgeşikligini, köpçüligiň oňa nyşany garaýşyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglanyşykly bir amerikan serhalyň geçiren täsin tejribesini ýada salmak manyly bolardy. Bu synag şahsyýetiň abraýa öwrülişiniň serhaly usulyýetini görkezýänligi bilen ähmiýetlidir.
Amerikan psihology P.Uilson öz işleýän ýokary mekdebiniň dürli synplarynyň okuw otaglaryna gezekli-gezegine girip, ähli synplarda okaýan talyplara şol bir adamy görkezip çykypdyr. Şol adamy bolsa şertli «jenap Inglend» diýip atlandyrypdyr. Bir synpyň okuwçylaryna bu adam «Kembrijiň talyby» diýip, ikinji synpda «mugallym» hökmünde, üçünjide «psihologiýa mugallymy» diýip, dördünji synpda «Kembrijiň dosenti, doktor Inglend» diýip, bäşinji synpyň okuwçylaryna bolsa «professor Inglend» diýip tanyşdyrylypdyr. Ol adam mekdepden çykyp gidenden soň, talyplardan «jenap Inglendiň» boýuny mümkingadar anyk kesgitlemegi haýyş edipdirler. Netije şeýle bolupdyr: «Jenap Inglendiň» wezipesi «ýokarlandygyça», onuň boýy-da ulalyp gidipdir we iň soňky tanşan talyplaryň bellän boýy ilkinji talyplaryňkydan 5 santimetr ýokary bolup çykypdyr. Özem şol bir wagtda «jenap Inglend» bilen okuw otaglaryna aýlanyp çykan başga bir mugallymyň boýy hemme synplaryň okuwçylary tarapyndan deňje derejede kesgitlenipdir. Bu synag köpçüligiň öňüne düşen şahsyýeti adamlaryň näderejede üýtgeşik görýändiginiň subutnamasydyr.
Emma syýasat ýöne bir gezeklik serhaly tejribeden has uly zat. Maksada okgunly syýasatçy bir däl, ýüzlerçe synagdan geçýär. Diňe şondan soň ol ykrar edilýär we ýönekeý şahsyýetliginden beýik şahsyýete hem-de döwletiň nyşanyna öwrülýär. Elbetde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydan hem kemçilik tapjak bolup ilki-ilkiler baý jan edilip-dä. Haýran galmaly ýeri, Beýik Ruhata kemçilige, bahana ýer goýanok. Her bir meseläni edil şänik döwen ýaly nagt etmegi halaýar. Her bir zadyň anyk bolmagyny adamlardan talap edýär. Özi hem her bir eden işine ähli türkmen halkynyň düşünmegini isleýär. Buýtar-suýtarlyk edip, ät galdyryp bolmaýar. Ol mydama, ajy bolsa-da, hakykatyň aýdylmagyny talap edýär. Beýik Ruhata özünde kemçilik bolsa-da, ýaşyrman göni aýdýar.
Syýasatçy öz döredijiliginiň birinji – «garalama» tapgyrynda çeýelik, maýyşgaklyk, töweregindäkileriň oslamaýan hereketlerine hem sypatlaryna ukyplylyk sypatlaryny görkezýän bolsa, ol milletiň öňüne çykyp, döwletiň adyndan gürleýän we hereket edýän nyşany şahsyýete öwrülende, onuň syýasatlary kemala gelýär. Döredijiligiň taýýar önümlerine halkyň ýüzi düşýär. Bu ýerde eýýäm gönümellik, açyklyk, mantyk taýdan yzygiderlilik hem-de halka düşnüklilik kanunlary hereket edýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet baştutany hökmünde ýöredýän syýasatlary san taýdan örän köp bolup, olar döwletiň ýaşaýşynyň, döwletiň jemgyýeti edara ediş işiniň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçinem olary sanap oturmagyň, mazmunyny gaýtadan gürrüň bermegiň Beýik Serdaryň syýasy şahsyýetini açmakda uly ähmiýetiniň bolmajakdygy düşnüklidir. Olar şonsuzam adamlara mälimdir. Bu ýerde ol syýasatlaryň taryhy manysyna ünsi çekmek has manyly bolar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet syýasatlary bir taryhy wezipäni – türkmen halkyny bir jemgyýetçilik gurluşdan beýleki bir gurluşa – hökmürowanlykdan demokratiýa geçirmegi çözmäge gönükdirilendir. Şonuň üçinem olar düýp manysy boýunça geçiş döwrüniň syýasatydyr. Geçiş döwrüni bolsa iki bölege – öňküden saplanyş hem täzäni guruş döwürlerine bölüp bolar. Geçişiň umumy möhletini Beýik Serdar 2020-nji ýyla çenli diýip kesgitledi. 1991-nji ýyldan hasaplanyňda, bu möhlet 30 ýyly öz içine alýar. Başky 9-10 ýylyň dowamynda türkmen jemgyýeti SSSR-den galan alamatlardan saplandy. Galan 20 ýyla golaý wagtyň hemmesi guruşa bagyşlanylyp, bu meselede ähli syýasatlary üç uly ugra – ykdysady syýasata, sosial-durmuş syýasata hem-de medeni-ruhy syýasata bölmek bolar.
Ykdysady syýasatyň düýp manysy Türkmenistany çig maly öndürýän döwletden ösen industrial senagatly ýurda öwürmekdir. Bu öwrülişik oba hojalygynda täze pudagyň – gallaçylygyň döredilmeginde hem-de pagtaçylygyň hil taýdan täze görnüşe geçmeginde amal boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ummasyz köp maliýe serişdelerini gallaçylygy döretmäge gönükdirdi. Şonça serişdä daşardan taýýar galla almak hem bolardy diýen pikir nädogrudyr. Gep diňe şu gün ýa ertir dok ýaşamakda däl-de, eýse millet hökmünde öz rysgal çeşmäňi edinmekdedi. Şeýdip, galla öndürilişi SSSR döwründäki ýylda 70 müň tonnalykdan 2 million 500 müň tonna ýetirildi. Galla diňe iýmit däl, galla adamyň rysgaly.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy pagtanyň öndürilişini köpeltmek bilen bir wagtda täze pudagy – pagtany gaýtadan işläp, taýýar önüm öndürýän dokma senagatyny döretdi. Dünýä taýýar önüm bilen çykmak – munuň özi dünýä «men baý» diýip çykmakdyr. Dünýä çig mal bilen çykmak – bu öz baýlygyňy deger-degmezine satyp, yzyndan ýene eliňi sermekdir.
Beýik Serdaryň milleti döredijilik syýasatynyň rowanlygy nebit-gaz syýasatynda hem oňat aýan boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň birgiden toplumy guruldy, olaryň täzeleriniň gurluşygy häzirem dowam edýär.
Sosial-durmuş syýasatynyň düýp manysy geçiş döwründe, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary we täze jemgyýetçilik gatlaklary emele gelip ýetişmänkä, halk köpçüligi babatdaky aladany döwletiň öz elinde saklaýanlygyndan ybaratdyr. Dünýä boýunça ýeke-täk Türkmenistanda gazyň, toguň, suwuň hem-de nahar duzunyň mugt edilmegi Beýik Türkmenbaşy fenomeniniň haýran galdyryjy aýratynlyklarynyň biridir. Munuň özi islendik adamyň aýaga galýança, öz-özüni tutýança, oňa döwletiň kepillendiren ykdysady-durmuşy tekgesidir. Galanyny adamyň özi alyp çykmalydyr. Beýle syýasat özüniň adyllygy hem adamkärçiligi bilen derrew özüni ykrar etdirýär. Şeýle mugtlugyň döwlete düşýän gymmaty döwletiň näderejede adamkärçilikli bolup biljekdigi hakda oýlandyrýar. Munuň özi umumy adamzadyň döwletlilik taryhynda bütinleý täze bir hadysa.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öňdengörüji syýasatçy hökmünde milletiň garaşsyzlygyny ykdysady tarapdanam ozal ruhy taýdan berkitmelidigine ir düşündi. Şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy medeni-ruhy syýasatynyň özeni Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplaryny öz halkyna bagyş etdi. Aň garaşsyz bolmasa, maddy garaşsyzlygyň uzaga gitjek däl eken. Adamlaryň diňe garnyny hem gözüni däl, eýsem aňyny-da dok etmeli, ilki bilen, hut aňyny dok etmeli. Aňyň iýmiti bolsa ynamdyr. Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary aň rysgalynyň çeşmesidir. Ol türkmeni ata-babalaryna buýsanç, özüne hem geljegine ynam bilen ýaraglandyrdy. Şonuň üçinem Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary ynam çeşmesidir. Ynam bolsa aňsat gazanylmaýar. Adamyň garnyny doýurmak aňsat, ýöne adamyň aňyny, paýhasyny doýurmak weli çylşyrymly hem kyn. Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary şuňa hyzmat etdi we häzirem hyzmat edýär.
Osman ÖDE.
Publisistika