5.
Beýik Serdaryň ahlaky pelsepesinde iki sany esasy pursaty tapawutlandyrmak gerek. Birinjiden, onuň ahlak baradaky oýlanmalary özüniň pelsepewi häsiýetliligi bilen etiki aňyň çuňňurlyk tebigatyna eýedir. Ol oýlanmalarda ahlak hem ahlaklylyk pelsepewi mesele hökmünde goýulýar we çözülýär. Ahlak jemgyýetiň maddy gatnaşyklaryndan özbaşdak, aýratyn, milletiň taryhy-medeni tejribesi tarapyndan kemala getirilýän gymmatlyklar ulgamy hökmünde göz öňüne getirilýär. Şonda ähli ahlaky ýörelgeleriň hem-de gymmatlyklaryň kesgitleýji esasy hökmünde Watan, Millet hem-de Hudaý düşünjeleri alynýar.
Ikinjiden, Beýik Serdaryň ahlaky pelsepeleri diňe bir ulgamlaýyn etika bolman, eýsem anyk öwüt-ündewleri, görkezmeleri özünde jemleýän özboluşly edepnamadyr. Onuň ahlak pelsepesiniň esasynda – nazary-taglymy häsiýetli pelsepe ulgamynyň esasynda-da sap amaly-öwredijilikli häsiýetde bolan adamkärçilik sargytlary we pentleri kemala gelýär. Diýmek, Mukaddes Ruhnamalarda ahlagyň aňyýeti-de, ahlagyň amalyýeti-de beýan edilendir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahlaky pelsepesinde-gözelliginde ähli ahlaky ölçegleri kesgitleýji iki sany baş düşünje – Watan hem-de Millet düşünjeleri çuňňur pelsepewi işlenilipdir. Bular özleriniň dünýägaraýyş ähmiýetliligi taýyndan Hudaý düşünjesi bilen deň işledilýär. Şeýle gymmatlyk özgerişinde türkmen edim-gylymynyň XXI asyrdaky dünýewileşiş hadysasyny görüp bolýar. Munda Millet hem-de Watan şahsyýetiň ahlaky-adamkärçilik gözükmelerini kesgitleýän ýokary ahlaky gymmatlyk derejesine ýetirilýär. Ol düşünjeleri ahlaky aňyň ulgamyna girizmek arkaly adamyň durmuşy we ömri berk hem çuňňur ahlaky mana we ölçeglere getirilýär. Şahsyýetiň ahlaky gymmatlyklary psihofiziologik şertlilik bilen däl-de, durmuşy-ruhy şertlilik bilen esaslandyrylýar. Munuň özi milli döwletiň berkarar edilen taryhy döwri üçin bütinleý tebigy hem-de maksadalaýyk täzelikdir.
Eger biz türkmen ahlaky dünýägaraýşynyň geçmişdäki durkuna tarap gitsek, XVIII – XIX asyrlarda özboluşly ahlaky-adamkärçilik aňyň ulgam hökmünde ýaşandygyny göreris. Ol ahlaky dünýägaraýşyň esasy iki sany ulgam dörediji esas – düşünjesi, esas – gymmatlygy bolupdyr. Bularyň birinjisi – Hudaý, ikinjisi bolsa – Halk, Il-gün düşünjesidir. Bu ikisi köne türkmen ahlagynda iň ýokary merkez, iň ýokary kesgitleýjidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahlaky pelsepesinde bularyň özara sazlaşykly gatnaşygy öňküliginde galýar. Ýöne olaryň içki mynasybeti doly üýtgeýär. Esasy orna, esasy ähmiýete Millet, Watan ýaly ahlaky gymmatlyklar getirilýär. Hatda biz Millet, Watan düşünjeleri belli bir manyda ylahylaşdyrylýar diýip hem aýdyp bileris. Ylahylaşmak – emosional-ruhy hadysa. Ylahylaşdyrmak bilen bir wagtda Watan, Millet gymmatlyklary paýhas-mantygy taýdan berk hem çuňňur esaslandyrylýar. Diýmek, bu düşünjeleriň uly ahlaky düşünjeler derejesine çykarylmagy iki ugurda – emosional-ruhy jähetde hem, intellektual-ruhy jähetde hem amala aşyrylýar. Watan, millet gymmatlyklary dini-ahlaky aňyň ýokary ölçeg kesgitlemesi bolan Hudaý aňlatmasyny aradan aýryp, onuň ornuny tutýan zatlar däl-de, eýsem bu ählumumy dünýewi aňlatmagyň anyk-jemgyýetçilik manylary hökmünde göz öňüne getirilýär.
Watan hem-de Millet düşünjeleri täze türkmen aňyýetiniň baş gymmatlyklary derejesine göterilýär. Olar özboluşly seždegählik gymmatlyklaryna, özboluşly iman delillerine öwrülýär. Iň esasy nygtamaly zat bolsa, olaryň ýöne bir boş, howaýy esasda yglan edilmän, çuňňur pelsepewi-mantygy serişdelilik arkaly akyl nukdaýnazaryndan doly esaslandyrylýanlygyndadyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahlak pelsepesi Mukaddes Ruhnamanyň, esasan, bäşinji bölüminde berlipdir. Ol ýerdäki «Ruhuňyz tug deýin belentde bolsun», «Atada Taňrynyň hukugy bar», «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar», «Perzent biziň dowamatymyzdyr», «Gülüp duran ýüzleriňizden çeken zähmetimiň miwelerini görýärin», «Dogan dost bolsun, dost – dogan», «Baýlyk erk terezisidir», «Maşgala aýaldan başlanýar» atly göwrümi uly bolmadyk, emma many çuňlugy düýpsüz bölümçelerde täze türkmen aňyýetiniň maşgala, ata-ene, baýlyk, dogan-dostluk, ruhubelentlik, bagt ýaly pelsepeleri beýan edilipdir. Ol pelsepeleri halk köpçüligi bada kabul etdi, alyp göterdi. Olar eýýäm maddylyk güýjüne eýe bolan ruhy gymmatlyklara öwrüldi. Köpüsi halk arasyna ganatly sözler bolup ýaýrady. Munuň aňyrsynda olaryň güýçli ruhy täsiri, intellektual-pelsepewi kuwwatlylygy ýatýar. Olarda baryp ezeli eýýamda beýik Aristotel tarapyndan ylmy taýdan rejelenen ähli suhangöýlük ussatlygynyň tärleriniň tebigy işledilişini taparsyňyz. Mazmunynda aşa köp paýhasy jemländigi üçin, olary öwran-öwran okamak, özleşdirmek zerur bolup durýar. Olarda paýhas arkalylygy, pelsepewi çuňňurlyk, akyl tagam-mazasy hem-de pikir-duýgy gözelligi bar. Olardaky pikir özboluşly owazlarda, heňlerde we sazlaşyklarda ýaşaýar. Olaryň jadylaýjy güýji-de, megerem, şol hili artykmaçlyklaryndan gelip çykýandyr.
Ýöne şu ýerde başga bir zada ünsüňizi çekmek isleýäris. Mukaddes Ruhnamadaky degişli parasatly sözler okyjylar jemgyýetçiligi tarapyndan «nakyllar» diýen ady aldy. Munuň sebäbi düşnüklidir – ol parasatly sözler özüniň çuňlugy we güýji bilen müňlerçe ýyl ýaşap, kämillige ýeten nakyllary ýada salýar. Ýöne ylmyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu ýerde «nakyl» adalgasyny girizmek o diýen dogry däldir. Olar ylymda kabul edilen kesgitlemä laýyklykda, pähimlerdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabynda ýerleşdirilen käbir pähimlere seredip göreliň: «Eneň seniň dadyňdyr, ataň – haraýyňdyr». «Ataň maly terekä salnar, emma abraýy ähli doganlaryňyza bölünmän, bitewüligine geçer». «Adam atasynyň bilinden, enesiniň bolsa ýüreginden önýändir». «Atasyzlyk – garnyň açlygydyr, Enesizlik – mähir ýetmezçiligidir». «Adamyň gany atadandyr, süňňi bolsa enedendir». «Alla ýaradandyr – ýaradyjydyr, Ene bolsa, döredijidir». «Eklemek – borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur». «Perzent edep görmese, edep görkezmez». «Mirasyň ýagşysy edepdir». «Ýagşylyk – öz bähbidiňden geçmäni başarmakdyr, ýamanlyk – iliň bähbidine hyýanat etmekdir». «Şübhe – ýüregiň kiridir». «Işiň höziri nagtdyr, ýaltalygyň höziri nesýedir».
Mukaddes Ruhnamadaky pähimleriň ähli çuňňurlygyna we tagamyna ýetmek üçin olary öwran-öwran okamak gerek.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy-intellektual dünýäsi onuň dünýä akyldarlarynyň arasynda mynasyp orny eýeländigine şaýatlyk edýär. Ol özüne çenli bolan adamzat hem milli parasady elekden geçiren, oňa özboluşly görnüş we tagam beren akyldardyr. Şeýle mazmun gymmatlygy olaryň anyk taryhy-amaly wezipä gönükdirilenliginden gelip çykýar.
Beýik Serdar ýaşlygyndan başlap özüni uly hem beýik ykbal üçin taýynlap başlady. Okady, öwrendi, akylly, dana sözleri diňläp, ýüregine ýazdy. Eýýäm Leningradda okap ýören wagtlary ol özüni şu günki oturan ýeri üçin taýynlap başlapdy. Halkyň öňüne düşmek üçin halkyňy bilmeli, ýurduň eýesi bolmak üçin ýurduňy öwrenmeli, taryhyny bilmeli! Ol gündeligini açyp, waraklap otyr:
«Taryh diýmek – aňyýet diýmekdir!» Aşaky senesine seretdi. 1964-nji ýyl. Beýik Serdar ol ýyllar ürç edip türkmeniň taryhyny okaýardy. Ol taryh türkmeniň gözünden daşdaky taryhdy. Ony ylmyň-bilimiň ojagy bolan Leningradyň hem Moskwanyň kitaphanalaryndan, soňam taryh bilen gyzyklanýan adamlaryň maşynkada köpeldilen golýazmalaryndan öwrenýärdi. Şol taryhy kitaplary öwrenip başlan wagtlaram, oňa aýdyň boldy: näme diýip SSSR-de halklara öz taryhynyň öwredilmeýändigi!
Taryhyny bilen adam oýanýar!
Adamlaryň oýanmagy bolsa döwlet üçin howply. Şol sebäpdenem SSSR-iň düzümindäki halklara taryhy ýok halklar diýip ynandyrylýardy. Oňa taryh diýip SSSR-iň, Orsyýetiň taryhy öwredilýärdi. Türkmenistanyň taryhy diýip bolsa, türkmeniň soňky ýedi-sekiz asyrda uçran bedibagtlyklary ýüzleý öwredilip, taryha bolan islegi öldürilýärdi.
Hiç haçan taryhy bolmadyk halk baknalyga razy bolaýmalydy!
Beýik Serdaryň türkmeniň taryhyna gaty ir höwrükmegi hem onuň taryhda eýelemeli üýtgeşik orny bilen baglanyşyklydy. Mekdep ýyllarynda hem onuň taryha teşneligi juda güýçlüdi. Soň-soňlar bolsa onda taryhy duýgy has hem güýçlenipdi. Türkmeniň gatbar-gatbar taryhynyň öz döwri üçin nämälimdigi bolsa onuň bilesigelijiligini has hem artdyrýardy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryha bolan gatnaşygyny adaty bir bilesigelijilik diýip atlandyrsak, juda bärden gaýtdygymyz bolar. Islendik zady ýöne bilip, düýbüne ýetip goýmak däl-de, eýsem her bir zatdan many almak onuň paýhasynyň esasy sypatydyr. Onuň irginsiz gözleýji paýhasy mana teşnedi. Onsoň ol diňe herki zadyň manysyny tapyp, biraz kanagatlanýardy. Many diýmek bolsa, iki sany pursady göz öňünde tutýar: many – pelsepedir. Ikinjiden hem many – zadyň ýa-da hadysanyň beýleki zatlar-u-hadysalaryň arasyndaky ornunyň, öz ähmiýetiniň göze gelmegidir. Şeýdip hem many gözlemekden başlan beýik paýhas taryha bitewi, ulgamlaýyn garaýşy kemala getirýärdi. Hemme zatlar we her bir zat öz manysyna gelip, öz ornuny tapyp, ýerbe-ýer bolup, taryh Alla tarapyn kemala getirilen bitewi hem janly ýaşaýşa, barlyga öwrülýärdi.
Beýik Serdar diňe bir taryha däl, asyl bütin barlyga tutuş, bitewi we ulgamlaýyn seredip bilýän adamdyr. Onuň akylynyň giňligi, çuňňurlygy we belentligi barlygyň giňligine, çuňňurlygyna we belentligine barabar bir zat bolup durýardy. Paýhas barlygy tutuşlygyna öz içine dolap alyp bilýärdi. Onsoň bu ýerde hiç bir düşnüksizlik galman, ähli zat ýerbe-ýerleşýärdi, kanunalaýyklaşýardy. Şeýle paýhas adam eliniň tesbiniň hünjülerini ýekänme-ýekän barmaklardan geçirip sanaýşy ýaly, taryhyň bir ujundan başlap, ony gatma-gat, wakama-waka söküp, her bir wakanyň manysyny, ornuny we ähmiýetini tirip bilýärdi.
Paýhasynyň şeýle giňligi we çuňňurlygy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa taryhçylaryň başarmadyk işiniň hötdesinden gelmäge mümkinçilik berýärdi. Taryhçylaryň köpüsi haýsydyr bir wakanyň ýa-da döwrüň içinde bulaşyp galýardylar, öz ugrunyň derejesinden galyp bilmän, öz çäklerinden çykyp bilmän kösenýärdiler. Olaryň akyly ownukçyl, gyzyklanmalary çäkli, gözýetimleri hem dar gelýärdi. Ylmyň dürli resmilikleri olaryň akylyna gurlan gözegörünmez duzakdy. Olar taryhy öwrenýärdiler, munuň näme üçin we kime gerekdigini olaryň ýazanlaryndan hiç bilip bolmaýardy, olaryň muny özleri hem bilmeýärdiler, sebäbi, bu hakda asyl pikir hem edip ýörenokdylar. Çünki olarda uly bir maksat ýokdy. Uly maksadyň ýok ýerinde bolsa uly bir pelsepe ýa-da uly many döremeýär.
Bu hakykata ir göz ýetiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhda iň gowy görýän zady pelsepedi. Ony esasy özüne çekýän taryhyň pelsepesidi. Taryhyň pelsepesi taryhyň manysynyň nämedigini öwredýärdi. Many bu ýerde taryhyň şu gün üçin gerekliginiň ölçegi hökmünde öňe çykýardy. Manydan sapak gelip çykýardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hiç mahal hem taryhy diňe taryh üçin, ýöne bilesigelijiligini kanagatlandyrmak, beýniniň ýönekeý bir lezzeti üçin öwrenmändi. Ol halkynyň mundan beýläk nähili ýaşamalydygynyň sapagyny taryhdan agtarýardy. Muny bolsa taryhyň içki many özenini açyp bilýän taryhyň filosofiýasy öwredýärdi.
Taryhyň pelsepesi bilen gyzyklanmaga talyplyk ýyllarynda başlapdy. Ylym merkezi bolan Leningradda şol wagtlar hem ýarym açyk, ýarym gizlin suratda erkin pikirlenip bilýän taryhçylar, seýrek hem bolsa, gabat gelýärdi. Saparmyrat şol zehinli we okumyş professorlar bilen köp gürrüňdeş bolýardy. Olaryň özara gürrüňlerde aýdýan pikirleri kitapda ýazylan garaýyşlardan düýpgöter tapawutlanýardy. Olaryň taryha garaýyşlary marksistik dünýägaraýşyň dar galyplaryna asla sygmaýardy. Hut şol garaýyşlar hem Saparmyrady özboluşly taryhy pelsepäniň dünýäsine alyp geldi. Özüniň iň söýgüli taryh filosoflarynyň – N. Berdýaýewiň, O. Şpengleriň we Ibn Holdunyň atlaryny ol ilkinji gezek şol alymlaryň dilinden eşidipdi. Soň hem olaryň juda seýrek eserlerini irmän-arman gözläp, olary ürç edip öwrenipdi. Köpüsini bolsa tapman, diňe özgeleriň gürrüňleri esasynda bilýärdi.
Dürli alymlaryň taryh pelsepesinden ol özüne geregini alýardy. Şpengleriň pelsepesinde onuň üçin gyzykly hem ähmiýetli pikir – dünýäde biri-birinden kem bolmadyk birnäçe medeniýetleriň bolandygy we bardygy baradaky pikirdi. Şpengler ýewropalylaryň men-menliginiň düýbüne palta urupdy. Özlerini dünýäniň örki, älemiň merkezi hasaplaýan ýewropalylaryň döreden medeniýetiniň hiç bir jähetden gündogar, amerikan ýa-da afrika medeniýetinden asla üýtgeşik hem artyk bir zat däldigini dürli taraplardan subut eden Şpengleriň paýhasy we duýgulary Saparmyrat üçin juda tanyşdy. Hiç bir medeniýet başga bir medeniýetden, hiç bir din başga bir dinden artyk ýa-da kem, dogry ýa-da ýalňyş bolup bilmez. Her bir milletiň ýaşaýşy Allanyň şol milletiň ýasawynda goýan içki gymmatlyklaryň amala aşmasy ahyryn! Alla üçin bolsa olaryň hemmesi-de deň gymmatly. Şeýle pikirler Saparmyratda sowet zamanynda mertebesi basgylanan türkmen halkynyň taryhyny, milliligini ykrar etmegiň dünýägaraýyş esasy bolup hyzmat edipdi. Ol şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan öz täze dünýägaraýşyna ýol arçap başlady.
Berdýaýew bilen Ibn Holdunda bolsa oňa taryhy ösüşde ruha uly orun berilýänligi ýaraýardy. Adamzadyň umumy taryhy hem, her bir milletiň taryhy hem ruhuň özboluşly açylyşynyň hadysasy hökmünde düşündirilýärdi. Hemme zat ruhdan gelip çykýardy we hemme zat ruha baglydy. Her bir milletiň sözüň oňat manysynda öz ykbaly, öz ýazgydy bardy. Şol ykbal ýa-da ýazgyt doly amal bolýança milletiň taryhy ömri dowam edýär. Millet üçin taryhy ýaşaýyş öz-özüni tanatmak, öz-özüni ykrar etmek bolup durýar. Şunda millet hem adam şahsyýetini ýada salýar. Adam hiç kime meňzänok. Hiç kime meňzemeýän, gaýtalanmaýan şahsyýet dünýä özüni açmak, Allatagalanyň öz ýasawynda goýan syrly manylaryny ýaýmak üçin gelýär. Millet hem şonuň ýaly. Edil bir adama başga biriniň gözi bilen gutarnykly baha berip bolmaýşy ýaly, bir millete hem başga bir milletiň hususy düşünjeleri we gymmatlyklary arkaly gutarnykly baha berip bolmaz. Şonuň üçin hem haýsydyr bir manyda bir millet başgasy üçin elmydama düşnüksizliginde galýar. Düşnüksizligi ykrar etmek wajypdyr. Ýogsa bu düşnüksizligiň milletler arasyndaky bigäneligi, kesekiligi, sowuklygy döretmegi mümkin. Ýa-da özüni ikinji bir milletden artykmaç hasaplaýan milletiň oňa akyl öwredip, nähili ýaşamalydygyny öwredip başlamagy mümkin. Sebäbi ol özgäniň ýaşaýşyna öz gözi bilen seredip, onuňkyny nädogry, ýalňyş hasaplaýar.
Sowet döwründe şeýle hem bolupdy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adamdan tapawutlylykda milletiň gaýtadan ýigdelýändigini, täzeden gurbata gelýändigini açdy we ykrar etdi. Ol 80-nji ýyllarda döreýän taryhy geljek mümkinçiliginiň öz milleti üçin köp zatlary özünde saklaýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin hem milleti gaýtadan galkyndyrmagyň baş serişdeleriniň biri hökmünde ol taryhy hakydany alypdy. Türkmeniň taryhy bolsa onuň şol gününden müň esse baý we müň esse beýikdi. Muňa iň bolmanda türkmeniň juda az sanly milletleriňki ýaly ýazuwly taryhynyň bardygy hem güwä geçýärdi. Türkmenler müňlerçe ýyllar bäri öz milli taryhyny ýazyp gelýärdiler. Muňa olar Oguznama ýazmak däbi diýýärdiler. Has ozalky oguznamalar indi ýitip gidipdir. Bize diňe ikinji müňýyllygyň bütin dowamynda ýazylan oguznamalar gelip ýetipdir. Emma olaryň hem berýän gürrüňleri azyndan bäş müň ýyllyk taryhy öz içine alýar. Heý, şeýle uzak taryhly, özem hut ýazuw arkaly ýeten taryhly millet başga barmy näme? Şonuň üçin hem taryhy hakydany oýarmak gerek!
Mundan bäş müň ýyl ozal bütin halkyny daşyna jemläp, parlak tuguň astynda tutuş dünýä ýöriş kylan atamyz Oguz han nähili aňyýet-taglymat bilen şeýle netije gazanyp bildikä? Onuň ogullaryna tagma ýasap berip, şol tagmalar esasynda harp döretmesine nähili düşünmeli? Bu entek müň ýyllap öwrenilmelidi, ýöne Saparmyrat Ataýewiç bir zady takyklady.
Oguz han – pygamber!
Onuň taglymaty, aňyýeti – din bolupdyr. Öz dini – Oguz han dini! Ol din bize gelip ýetmändir, belki, entek arhiwlerde, kitaphanalarda alymlaryň bararyna garaşyp ýatan golýazmalarda bardyr! Kim bilýär!
Emma ol dini halkymyz unutsa-da, başga bir zady din hökmünde tug edinip, biziň zamanamyza getiripdirler.
Oguz han – oguzlary-türkmenleri döredipdir! Oguzlar – diýdigiň tutuş halk göterilipdir! Oguz hanyň şu ýoluny soňky oguz begleri alyp göteripdirler. Gorkut atanyň kitabynda oguzlar sözi tug kimin, taglymat kimin ýaňlanýar. Ol halk adyndan has beýikde durýar!
Soňra bu usuly oguzyň kynyk taýpasy tug kimin göge göteripdir! Olar garry atalaryň adyny keramat kimin, birleşdiriji güýç kimin asmana göteripdirler! On birinji we on ikinji asyrlarda seljuk bolmagyň özi eýýäm beýik bolmak bilen bir!
Seljuklar külli oguzy bölüp, uly halky maýdalaýandygyna düşünse-de, seljuk adyny göteripdirler. Oguz adyndan seljuk ady mertebeli bolupdyr. Netijede, olar Oguz hança bolmasa-da, garaz, dünýäniň köp bölegini eýeläp, seljuk medeniýetini – türkmen medeniýetini dünýä ýaýradypdyr!
Seljuk soltanlarynyň köşgünde soltana, onuň beglerine meý paýlap teştdarlyk (sakylyk eden) Anyş Hökümdar Garaja olaryň penasynda Köneürgençde häkimlik edip başlaýar. Seljuklar döwleti gowşansoň, ol tuguny belent göterip, köneürgençliler ady bilen dünýä çykyp başlaýar. Köneürgençliler – türkmenler eýlesi Hytaý, beýlesi Müsür arada ullakan döwlet gurýarlar...
Nusaýda uly döwlet guran parlar hem öz atlaryny – parfiýany tug kimin göteripdirler. Nedir şa döwri awşarlar tas seljuklar ýaly uly ada-abraýa eýe bolýarlar, emma Nedir şanyň risalesi uzaga çekmäninden soň, awşarlar seljuklar ýa oguzlar, ýa parfiýaly ýaly tanymal bolup bilmeýärler. Olar şol atlary mukaddeslige çenli göterip, uly taglymyýete öwrüpdirler.
Bu ýol taryhda diňe türkmen ýoly däldi, ýöne türkmenler tarapyndan başlanan bu ýol dünýäniň köp halky tarapyndan kabul edilipdi. Hatda ýigriminji asyryň bedibagtlygy bolan kommunistler şol taryhy halkdan ýaşyryp kommunist sözüni mukaddeslige öwürmäge jan etdiler.
Taryhyň dowamynda türkmen taýpalarynyň aglabasy öz adyny belende göterip, tuga öwrüp, uly döwletler gurupdyrlar, emma ol aň taglymynyň daşy. Baryp-ha, Oguz han atamyzyň yzýany Erkil hoja dagy Oguz hanyň ýoluny göläniň hamyna ýazyp, özlerine ýol görkeziji – kanun-düzgün edinýärler. Ol Baş Kanundan oýnam setir galypdyr, şol Baş Kanun bilenem türkmen-oguz bäş müň ýyl ýol geçipdir. Entek dünýäniň taryhynda şonça uzyn ýola hemra bolan Baş Kanun ýokdur! Ynha şol, Baş Kanun, şol türkmen gurhany! Oguz hanyň permany bilen Oguz han elipbiýi esasynda haly dokalypdyr. Biz bu gün ol hala türkmen halysy diýýäris. Bu gün Oguz hanyň elipbiýiniň – türkmen halysynyň owadanlygyna külli dünýä ýüzi haýran galyp tomaşa edýär.
Ýyllar geçipdir, asyrlar çalşypdyr, döwletler synyp, täze döwletler gurlupdyr, ýöne Oguz han atamyzdan galan mukaddes sözlere, elipbiýe – hala weli, her zamanda keramat hökmünde uýlupdyr.
Şol oýnam setir ojak bolup oguzy – türkmeni daşyna jem edip gelipdir. Şol oýnam setir türkmeni saçak kimin daşyna jem edip gelipdir. Ençeme asyrlap uýlan mukaddes, halal sözler oguzyň – türkmeniň zandyna halallyk bolup giripdir.
Oguz han atamyzdan galan şol mukaddes sözleri – türkmeniň ýüregine ýazylan şol sözleri Türkmenistanyň iň görnükli ýerlerinde ýazyp goýmak gerekdir! Sebäbi şol sözler gurhan bolup bäş müň ýyllap oguzy – türkmeni ýeňişden ýeňşe ýar eýledi.
Şol keramata tokunylan günem türkmen – oguz çaşmak bilen boldy. Ony Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tapdy.
Taryhda öwrülişik pursatlary bolýar. Şol düýpli öwrülişiklere bolsa Gorkut atanyň kanuna öwrülen üç pendiniň haýsam bolsa biriniň berjaý edilmezligi sebäp bolýar. Beýik Serdar türkmeniň dagamagyna näme sebäp bolandygyny taryhdan tapyp, hawa, taryhdan tapyp hyrçyny dişledi. Beýik Serdar Oguz hanyň şol üç pendi esasynda «Watana howp etjek üç apat» atly ajaýyp ündew şygryny döretdi.
Ine, şol sebäp!
Oguz şalarynyň biri Aly şa öz ýalňyz ogly Şa Mäligi Köneürgenje häkim belleýär, ýaş oglana akyl berip, ýol öwredip oturar ýaly goja Begdüzem oňa atabeg belleýär. Köşkde diýse diýeni bitip dur! Ýaş oglan azyp, haramylyga ýüz urmaga başlaýar. Ol günleriň bir güni bir begiň gyzyny zor bilen getirip, keýpi-sapa kyljak bolýar. Ogurlanan gyzyň yzyny çalan ýigitler onuň köşge getirilendigini anyklaýarlar. Şa haramylyk etse, oňa türkmen çydajakmy? Türkmen haramylygy göterip bilmeýär. Häkim şa Mälik gaçyp atasynyň ýanyna barýar. Oguzlaryň gozgalaň tapyşyndan gorkup atabeg Begdüzem gaçyp Aly şanyň huzuryna barýar.
Aly şa kethudalaryny, wezir-wekillerini çagyryp geňeş edýär. Ogluny ýaňadan Köneürgenje iberse, ony begler öldürjekler! Ýerli ürgençlilerden ýat kişini dikme goýsaňam boljak däl. Garasaý, olar «Aly şa ogly Şa Mälige temmi berdi, indi arkaýyn boluň» diýip, ilaty köşeşdirip, ýigrimi müň goşun bilen gozgalaň eden begleriň üstüne duýdansyz çozuş edip, gyryp, jeza berip, göz görkezip tabyn kyljaklar. Emma olaryň syry aýan bolýar. Köneürgençliler on alty müň goşun bilen öňünden çykyp, Aly şanyň goşunyny derbi-dagyn edýärler. Şeýdibem, uly oguz döwleti dargap başlaýar. Köneürgençden taýpa yzyna taýpa göterilip Müňgyşlaga, Sumbara, Merwe, Tejene türkmen göçleri başlanýar. Kynyk taýpasy hem şol ýerden göçüp gelen taýpa bolmaly!.. Beýik Serdar türkmen taryhyny düýpli öwrenip, özi üçin şeýle bir açyş etdi: halkyň bäş müň ýyllyk taryhynda halka nähili bela-betbagtlyk gelse, diňe üç zatdan gelipdir. Ol bela-betbagtlygyň birinjisi – men-menlik, ikinjisi – agzalalyk, üçünjisi – haramylyk.
Lukmanyň ilki näsagyň derdini anyklap, soň bejermäge başlaýşy ýaly, Beýik Serdar öz halkynyň ähli artykmaçlyklaryny hem-de kemçiliklerini düýpli öwrendi, bu gün bolsa halky bela-beterlere eltjek nogsanlyklaryň öňüni almaga, halky röwşen ýaşaýşa, ruhubelentlige alyp barjak çäreleri durmuşa geçirmäge ulgamlaýyn çemeleşýär. Bu çemeleşmäniň oňyn netijeleri halkyň ruhyýetindäki galkynyşlarda has açyk görünýär.
Osman ÖDE.
Publisistika