BIRTÖWRA ADAMLAR / kökenli hekaýatlar
I.Ýoldaş Goturow
■ Sözbaşy.
...Seredip otyryn welin biz aklymyzy bilelimiz bärem meniň obadaşlarymdan, tanyş-bilişlerimden tapgyr-tapgyr nijembir janlar geçipdir. Ýüz keşpleriniň meňzeş bolmaýşy ýaly, olaryň hüý-häsiýetlerem biri-birlerine meñzemeýärdi. Hersiniň öz içki dünýäsi, dünýägaraýşy, durmuşda öz alyp barýan ýörelgejikleri bardy. Hersem özüniňkini dogry hasap edýärdi.
Şolardan öňi bilen meniň ýadyma obadaşymyz ýoldaş Goturow düşýär. Onuň öz ady Goturmy, kakasynyň ady goturmy ýa bu at onuň lakamymy, men ony takyk aýdybiljek däl. Öz ilen çalanlary-ha oňa “Gotur kaka” ýa-da: “Gotur däde” diýip ýüzlenýärdiler, deň-duş ýaşulylaram: “Gotur” diýýärdiler. Özi welin, özi hakda berýän gürrüňleriniň arasynda özüni “ýoldaş Goturow...” diýip atlandyrýardy. Şonuň üçinem, onuň oba arasyndaky ýörgünli ady Goturowdy. Biz ýaly ýaş oglanlaryň biri öňünden çykyp: “Salawmaleýkim ýoldaş Goturow!..” diýse-de ol gaty görüp durmazdy. Gaýtam gowy görerdi. Begenerdi.Şondan soň yzyndan seretseň birhili öňküsine görä ýigdelen ýaly, ökjesem ýeňlän ýaly, tüňňerip duran ýagyrnysam gönelen ýaly bolubererdi.
Şol wagtlar ol segsenden geçen ýaşulydy. Meniň şol wagtlar diýýänim baryp-ha, ellinji ýyllaryň aýaklary. Mahlasy, mundan otuz ýyl gowrak öň. Biziň ýaňy bir düýşümizde gyz görüp ugran wagtlarymyz.
Ine, şo döwürler biri ogluny öýlendirse, jaý toýy ýa sünnet toýy etse, garaz bir üýşmeleň bolsa ýoldaş Goturowyň gürrüňlerine muşdaklar bagşa-da barmazdylar-da, ýörite bir jaýa üýşerdiler. Onuň eýlesinden bir baryp, beýlesinden bir baryp gürrüňe gižželärdiler. Gyzykdyrmak üçin her dürli soraglar bererdiler.
Ýöne Gotur aga-da öz sungatynyň gadryny bilýän adamdy. Sähel-mähel dürtgüläniň bilen dagy gürrüňe başlabermezdi. Diş galmadyk agzyny müňküldedip, her kimiň ýüzüne bir bakyp, gözlerini güldürip oturardy. Özüni gepletmek üçin tam doly märekäniň jan çekip oturşyna keýp ederdi. “Aý, ýok, öňem telim gezek aýtdyg-a o gürrüňleri, zol-zol gaýtalap oturanyňda nä şah çykýamy” diýerdi-de, özi üçin iň bir lezzetli pursalary sähelçejigem bolsa uzaltmak üçin “näzini” çekdirerdi. Diňe daş-töwerekden biz ýaly ýaş oglanlar barmaklaryny çommaldyşşyp: “Ýa, he-eý, ýoldaş Goturow, seň o-ol, eşitdi diýýänleriň sakgaly-sarmykly adamlar bolup gitdiler-ä. Ine, indi bi, ýetişip gelýän ýaş ösdürimlerem eşitmel-ä, ýitip gitmeli däl-ä seň o gürrüňleriň...” diýşenlerinden soň ol çalaja gozganjyrardy-da: “Ol-a şeýle öz-ä” diýip gürrüňe başlardy.
Ony gürletmegiň ýene bir usuly bardy. Özem şu usul –iň esasy usuldy. Ýagny, alaga-da ýanynda Mýunhauzeni öwübermeli. Şony öwdügiň durubilmezdi. Elini sererdi-de: “Goýuň how, goýuň! Şoň gürrüňini bir goýuň! Oň gürrüňlerinden gürrüň bolmaz. Oň barsy ýalan. Ol zypdyrun! Oňa ynanybam oturmaň. Oň aýdýan zatlarynyň barsy bolmajak zatlar. Ine, meň atam pahyryň başyndan geçirlerini ýa-da meň öz başymdan geçirenlerimi eşitseňiz welin, “hä” diýersiňiz” diýerdi. Şonuň üçinem onuň gürrüňleri esasan iki tapgyrdan ybarat bolýardy. Birinji tapgyr-a, atasymy ýa atasynyň atasymy – öz-ä “atam pahyr” diýip aýdýardy, - Käbil aganyň ir döwürlerde başyndan geçirenlerinden ikinji tapgyry bolsa özüniň uruş döwürleri başdan geçiren wakalaryndan ybaratdy. Şol tapgyrlaryň ikisem baron Mýunhauzeniň garşysyna gönükdirilendi.
Ýöne, ol gürrüň berende gülmeli däl. Ynanmazçylyk etmeli däl. Biderek içýakgyç soraglar berip kejikdirmeli däl. Oýnajagam bolmaly däl. Garaçynyň bilen diňlemeli. Ynansaň-ynanmasaň diňlemeli. Diňläsiň gelmese “buşugyp geljek” bahanasy bilen çykyp gidibermeli. Soň gel, gelme, bagşa bar ýa oduň başyndaky wäşileriň ýanyna bar, ol öz işiň.
Ýoldaş Goturowyň gürrüňleri ýeke bir biziň obamyzyň ýa etrabymyzyň däl, asyl Türkmenistanyňam çäklerlerinden çykyp, bütin dünýä ýaýrapdyr diýsegem lap etdigimiz bolmaz. Çünki men ondan oglankam eşiden gürrüňlerime Karpat daglarynda surat çekip ýörkämem, Daşkentde, Moskwada, Kiýewde hatda Kanadada, Kubada gezip ýörkämem gabat geldim. Dogrusy şonda içimden: “Ýa ýoldaş Goturowyň özem şu gürrüňleri uruş döwürlerinde şu töwereklerden eşidip eltäýdimikä oba” diýibem oýlandym. Emma geň ýeri hemme ýerde-de baş gahrymanyň ady ýa-ha Goturowyň öz ady bilen ýa-da onuň atasy Käbil bilen bagly bolup gelýärdi. Şolaryň türkmendikleri telim gezek tekarlanýardy.
Goturowyň gürrüňleriniň folklor hökmünde Ylymlar akademiýasyna düşenlerem, ertekidir öýdülüp – esasanam Käbiliň başdan geçirenleriniň –Halk döredijiligi öýüne tabşyrylanlaram bar. Iki-ýeke çap edilenlerem bar.
Menem öz kökenli hekaýatlarymyň başyny ine, şol täsin adamdan başlamaklygy makul bildim.
(Dowamy bar)...
Hekaýalar